Bu kitap Ybraýymyň ogly bolan Dawudyň ogly Isa Mesihiň nesil şejere kitabydyr. Ybraýym Yshagyň atasydy. Yshak Ýakubyň atasydy. Ýakup Iuda we onuň doganlarynyň atasydy. Iuda Tamaradan doglan Peresiň we Zerahyň atasydy. Peres Hesronyň atasydy. Hesron Ramyň atasydy. Ram Aminadabyň atasydy. Aminadap Nahşonyň atasydy. Nahşon Salmonyň atasydy. Salmon Rahawdan doglan Boazyň atasydy. Boaz Rutdan doglan Obediň atasydy. Obed Ýessäniň atasydy. Ýesse Dawut patyşanyň atasydy. Dawut Uriýanyň aýalyndan bolan Süleýmanyň atasydy. Süleýman Rehawamyň atasydy. Rehawam Abiýanyň atasydy. Abiýa Asanyň atasydy. Asa Ýehoşafatyň atasydy. Ýehoşafat Ýoramyň atasydy. Ýoram Uziýanyň atasydy. Uziýa Ýotamyň atasydy. Ýotam Ahazyň atasydy. Ahaz Hizkiýanyň atasydy. Hizkiýa Manaşäniň atasydy. Manaşe Amonyň atasydy. Amon Ýoşiýanyň atasydy. Ýoşiýa Babyl sürgüni wagtynda doglan Ýehoniýanyň we onuň doganlarynyň atasydy. Ýehoniýa Babyl sürgüninden soň doglan Şealtiýeliň atasydy. Şealtiýel Zerubabeliň atasydy. Zerubabel Abihudyň atasydy. Abihud Elýakimiň atasydy. Elýakim Azoryň atasydy. Azor Sadokyň atasydy. Sadok Ahimiň atasydy. Ahim Elihudyň atasydy. Elihud Eliýazaryň atasydy. Eliýazar Mattanyň atasydy. Mattan Ýakubyň atasydy. Ýakup Meremiň adamsy Ýusubyň atasydy. Meremden hem Mesih diýlen Isa doguldy. Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr. Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Meremiň Ýusup bilen adaglyka, biri-birleri bilen ýassykdaş bolmazlaryndan öň, Mukaddes Ruhdan göwreli bolanlygy äşgär boldy. Onuň adamsy Ýusup bir dogry adam bolansoň, ony utanja goýmak islemän, ýaşyrynlyk bilen boşatmagy ýüregine düwdi. Emma ol bu zatlar hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Meremi özüňe aýallyga almakdan gorkma, çünki onuň göwresinde dörän zat Mukaddes Ruhdandyr. Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi. Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly aýdan şu sözüniň ýerine ýetmegi üçin boldy: «Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emmanuýel dakarlar». Bu ― «Hudaý biziň bilendir» diýen manyny berýär. Ýusup ukudan oýananyndan soň, Rebbiň perişdesiniň tabşyryşy ýaly, aýalyny aldy. Aýaly ilkinji ogluny dogurýança, onuň ýanynda ýatmady, çaganyň adyna bolsa Isa dakdy. Hirodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde Isa eneden doglanynda, ine, Iýerusalime gündogardan müneçjimler gelip: «Ýehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede? Biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler. Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagopluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylary, halkyň kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Ýahudanyň Beýtullahamynda, çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr: „Eý, Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlary arasynda asla iň kiçisi dälsiň. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr\». Onsoň Hirodes müneçjimleri ýaşyryn ýanyna çagyryp, ýyldyzyň haçan görnenini çintgäp sorady. «Baryň, çaga hakda ýagşyja sorag-ideg ediň, tapaňyzda maňa hem habar beriň, men hem baryp, Oňa sežde etjek» diýip, olary Beýtullahama iberdi. Olar patyşany diňläp, ýola rowana boldular. Ine, gündogarda gören ýyldyzlary öňlerine düşüp, çaganyň bolan ýeriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp, juda begendiler. Öýe girip, çaga bilen ejesi Meremi gördüler. Dyzlaryna çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler. Hirodesiň ýanyna öwrülmezlik hakda düýş üsti bilen duýduryş berlensoň, olar öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar. Müneçjimler ugranlaryndan soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur, çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç, saňa aýdýançam şol ýerde gal, çünki Hirodes çagany öldürmek üçin Ony agtarjak bolup ýör» diýdi. Ýusup turdy-da, çaga bilen Onuň ejesini alyp, gije Müsüre gitdi. Rebbiň pygamber arkaly: «Men Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip aýdany ýerine ýeter ýaly, Hirodesiň ölümine deňeç şol ýerde galdy. Müneçjimleriň aldanyny bilensoň, Hirodes gaty gaharlanyp, Beýtullahama we onuň etrabyndaky ähli obalara adam iberdi-de, müneçjimlerden sorap anyklan wagtynda bolan oglanlaryň iki ýaşlysyna çenli hemmesini öldürtdi. Şeýlelikde, Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan şu söz ýerine ýetdi: «Ramadan bir ses eşidildi, agy we çuň matam sesi. Çagalary üçin aglaýan Rahel özüne teselli berilmegini islemeýär, çünki olar ýok». Hirodes ölende, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip: «Tur, çaga bilen Onuň ejesini al-da, Ysraýyl ýurduna gaýt, çünki çaganyň janynyň kastyna çykanlar öldi» diýdi. Ol turdy, çagadyr ejesini alyp, Ysraýyl ýurduna gaýtdy. Ýöne Arhelasyň öz atasy Hirodesiň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy, düýş bilen duýduryş berlensoň bolsa, Jelile etraplaryna ýola düşdi. Gelip, Nasyra diýen bir şäherde mesgen tutdy, şeýdip, pygamber arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz ýerine ýetdi. Şol günlerde Ýahudanyň çölünde wagyz edip, çokundyryjy Ýahýa peýda boldy. Ol: «Toba ediň, çünki Gögüň Patyşalygy golaýlady» diýýärdi. Sebäbi ol Işaýa pygamberiň: «Çölde gygyrýanyň sesi: „ Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň\ diýýär» diýenidir. Ýahýanyň düýe ýüňünden geýimi, bilinde gaýyş guşagy bardy, iýmiti bolsa ýabany bal bilen çekirtgedi. Şonda Iýerusalim, tutuş Ýahuda we bütin Iordan etraby onuň ýanyna eňdi. Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy. Ýahýa köp fariseýleriň we saddukeýleriň -de çokundyrylmaga gelýändiklerini görüp, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi? Indi toba mynasyp hasyl beriň. Içiňizden: „Biziň atamyz Ybraýymdyr\ diýip oýlanmaň. Çünki men size aýdýaryn, Hudaý bu daşlardan-da Ybraýyma perzent ýaratmagy başarýandyr. Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taşlanar. Men sizi toba üçin suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem-de ot bilen çokundyrar. Onuň küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy Öz ammaryna ýygnap, samany sönmez otda ýakar». Onsoň Isa Ýahýa tarapyndan çokundyrylmak üçin, Jelileden Iordana, Ýahýanyň ýanyna geldi. Emma Ýahýa Ony saklap: «Meni Sen çokundyrmaly welin, Sen meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi. Isa oňa: «Häzir, goý, şeýle bolsun, çünki bize hak zady berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi. Isa çokundyrylyp, derrew suwdan çykdy. Ine, Gök açyldy, Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi. Şonda Gökden bir ses: «Bu Meniň söýgüli Oglum. Men Ondan köp razydyryn» diýdi. Onsoň, Ruh Isany iblisiň synamagy üçin, çöle äkitdi. Isa kyrk gije-gündizläp oraza tutansoň ajykdy. Synagçy ýanyna gelip, Oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur» diýdi. Emma Isa: «Adam diňe bir çörek bilen däl-de, eýsem, Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. Onsoň iblis Ony mukaddes şähere getirip, ybadathananyň küňresinde oturtdy-da, Oňa şeýle diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak zyň. Sebäbi: „Ol Öz perişdelerine Sen hakda buýruk berer, olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler\». Isa oňa: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama\ diýip-de ýazylgydyr» diýdi. Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezip, Oňa: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin» diýdi. Şonda Isa oňa: «Ýanymdan aýryl, şeýtan! „Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et\ diýip ýazylgydyr» diýdi. Onsoň iblis Ony terk edip gitdi. Perişdeler gelip, Oňa hyzmat etdiler. Isa Ýahýanyň tutulanyny eşidende, Jelilä gitdi. Ol Nasyradan aýrylyp, Zebulun we Naftaly etrabyna bardy, deňiz ýakasynda bolan Kapernaumda mekan tutdy. Şeýdip, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözler ýerine ýetdi: «Zebulun ýurdy we Naftaly ýurdy, Iordanyň aňyrsynda, Deňiz ýakasyndaky ýolda, Milletleriň Jelilesinde, Garaňkyda oturan halk Bir uly yşyk gördi. Ölüm ýurdunda we kölegesinde Oturanlara yşyk ýalpyldady». Şondan soň Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Patyşalygy golaýlaşdy» diýip, wagyz etmäge başlady. Ol Jelile kölüniň ýakasyndan geçip barýarka, iki doganyň ― Petrus diýilýän Simun bilen dogany Andreýasyň deňze torlaryny zyňyp duranlaryny gördi. Olar balykçydylar. Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. Olar-da derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. Isa ol ýerden öňräk gidensoň, başga bir iki doganyň ― Zebedeýiň ogly Ýakup bilen onuň dogany Ýahýanyň öz kakalary Zebedeý bilen gaýykda torlaryny bejerip oturanlaryny görüp, olary çagyrdy. Olar hem derrew gaýykdyr kakalaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. Isa Jeliläniň her tarapyna aýlanyp, ol ýerlerdäki sinagogalarda sapak bererdi. Patyşalygyň Hoş Habaryny wagyz ederdi, halkyň arasyndaky her hili syrkawlary, hassalary bejererdi. Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli syrkawlygy, keseli bar hassalary, jynly, tutgaýly we oturalary Onuň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy. Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýahuda we Iordanyň aňyrsyndan uly märekeler Onuň yzyna düşdi. Isa märekäni görüp, daga çykdy, oturanynda şägirtleri Onuň ýanyna geldiler. Ol söze başlady, olara sapak berip, şeýle diýdi: Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Patyşalygy olaryňkydyr. Ýaslylar bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler. Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar. Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar. Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler. Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler. Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler. Dogrulyk ugrunda yzarlananlar bagtlydyr, çünki Gögüň Patyşalygy olaryňkydyr. Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatyňyz edilen mahaly siz bagtlysyňyz! Şat boluň, begeniň, Gökde aljak sylagyňyz uludyr, çünki sizden öňki pygamberler-de şeýle yzarlandylar». Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşaryk taşlanmakdan we aýak astynda depelenmekden başga hiç bir zada ýaramaz. Siz dünýäniň yşygysyňyz. Dagyň depesinde gurlan şäher gizlin galyp bilmez. Çyrany ýakyp-da, gabyň aşagynda goýman, çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir. Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle bir parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, Gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar». Meni Mukaddes Kanuny ýa pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary berjaý etmäge geldim. Çünki size dogrusyny aýdýaryn, Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyň bir harpy-da, bir nokady-da kemelmez. Muňa görä, kim şu iň kiçi tabşyryklardan birini bozsa we şeýle etmegi öwretse, Gögüň Patyşalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý etse we öwretse, ol Gögüň Patyşalygynda uly saýylar. Çünki Men size aýdýaryn: dogrulygyňyz kanunçylaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Patyşalygyna asla girmersiňiz». Siz gadymkylara: „Adam öldürme, kim adam öldürse, höküme sezewar bolar\ diýlenini eşidensiňiz. Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna nähak gaharlanan kişi hökümine sezewar bolar. Kim öz doganyna „Raka\ diýse, mejlisiň hökümine sezewar bolar. Kim „Samsyk\ diýse, dowzahyň oduna sezewar bolar. Şonuň üçin gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýere alyp baranyňda, doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, gurbanyňy şol ýerde, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş, onsoň gelip gurbanyňy bagyş et. Dawagäriň bilen entek ýoldakaň derrew ýaraş, dawagäriň seni kaza, kazy hem seni garawula berip, zyndana salaýmasyn. Saňa dogrusyny aýdýaryn, iň soňky köpügi töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň». Siz: „Zyna etme\ diýlenini eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir. Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla, saňa bir synaň ýok bolmagy bütin göwräň dowzaha zyňylmagyndan gowudyr. Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes-de taşla, saňa bir synaň ýok bolmagy bütin göwräň dowzaha gitmeginden gowudyr. Şeýle hem, „Kim aýalyny goýberse, oňa talak hatyny bersin\ diýlendir. Men welin size diýýärin, zynadan başga sebäp bilen aýalyny aýyran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir». Siz ýene-de gadymkylara: „Ýalan ýere ant içme, antlaryňy Rebbiň öňünde berjaý et\ diýlenini eşidensiňiz. Men welin size asla ant içmäň diýýärin ― Gökden ant içme, çünki ol Hudaýyň tagtydyr. Ýerden ant içme, çünki ol Onuň aýaklarynyň basgançagydyr. Iýerusalimden ant içme, çünki ol beýik Patyşanyň şäheridir. Öz başyňdan hem ant içme, sebäbi sen onuň bir gylyny-da ak ýa gara edip bilýän dälsiň. Siziň ― „Hawa\ diýen sözüňiz „Hawa\, „Ýok\ diýeniňiz „Ýok\ bolsun. Mundan artygy iblisdendir». Siz: „Göze ― göz, dişe ― diş\ diýlenini eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, ýamana garşy durma. Gaýta, kim seniň sag ýaňagyňa ursa, ol ýaňagyňy-da oňa öwür. Seniň bilen dawalaşyp köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber. Kim seni özi bilen bir çakrym ýol ýöremäge mejbur etse, onuň bilen iki çakrym ýol ýöre. Saňa dileg salana ber, karz dilejek bolýandan ýüzüňi öwürme». Siz: „Goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren\ diýlenini hem eşidensiňiz. Men welin size diýýärin, Gökdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňize gargaýanlara alkyş okaň, ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, size zulum edýänler, sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň. Çünki Gökdäki Ataňyz Öz Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar. Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylagyňyz bolar? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi? Diňe öz gardaşlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda, näme artykmaç iş edýärsiňiz? Milletler -de şeýle etmeýärmi? Şeýlelikde, Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň». Sak boluň, etjek dogry işleriňizi göz üçin adamlaryň öňünde etmäň, ýogsa, Gökdäki Ataňyzdan aljak sylagyňyz bolmaz. Şonuň üçin, sadaka bereniňde ikiýüzli adamlaryň il arasynda taryplanjak bolup, sinagogalarda, köçelerde edişi ýaly, öňüňde surnaý çaldyrma. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar. [3-4] Sadakaň gizlin bolar ýaly, bereniňde sag eliň näme edýänini sol eliň bilmesin. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer». *** Doga edeniňde ikiýüzlüler ýaly bolma, çünki olar göz üçin sinagogalarda, köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýarlar. Men size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar. Emma sen doga edeniňde, öz otagyňa girip, gapyny ýap-da, gizlinlikdäki Ataňa doga et. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer. Siz doga edeniňizde milletler ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň, çünki olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler. Olar ýaly bolmaň, çünki Ataňyz size nämeleriň gerekdigini, Ondan dilemänkäňiz bilýändir. Şonuň üçin, şeýle doga ediň: „Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun. Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn. Gündelik çöregimizi Bize şu gün ber. Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny $geçişimiz ýaly, Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç. Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et. Çünki patyşalyk, gudrat we şöhrat Ebedilik Seniňkidir. Omyn\. Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz». Oraza tutanyňyzda ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi çytmaň, çünki olar adamlara oraza tutýanyny görkezjek bolup, ýüzlerini çytýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar. [17-18] Emma sen oraza tutanyňda adamlara däl-de, gizlinlikdäki Ataňa oraza tutýanyňy görkezer ýaly, başyňa ýag çal, ýüzüňi ýuw. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer». *** Ýer ýüzünde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde güýe bilen pos iýýändir, bu ýere ogrular girip ogurlaýandyr. Özüňize Gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr. Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar. Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sag bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar. Gözüň şikesli bolsa, bütin bedeniň garaňky bolar. Şeýlelik bilen, eger sendäki yşyk garaňky bolsa, ol garaňky nähili goýy bolar! Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez, çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona hyzmat edip bilmersiňiz». Munuň üçin size diýýärin, näme iýip, näme içerin diýip, janyňyzy, näme geýerin diýip, teniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, ten egin-eşikden ýokary dälmidir? Gögüň guşlaryna serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara üýşürýärler. Gökdäki Ataňyz onda-da olary iýmitlendirýär. Siz olardan gymmatly dälmisiňiz? Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz? Näme üçin egin-eşik hakda gaýgy edýärsiňiz? Meýdan liliýalarynyň ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma size diýýärin, Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň biri ýaly-da geýinmändi. Ýöne şu gün bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar? Şoňa görä, „Näme iýeris?\, „Näme içeris?\, „Näme geýeris?\ diýip, gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar, ýöne Gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär. Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. Şonuň üçin, ertiri gaýgy etmäň, çünki ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir». Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmaň. Çünki nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar; haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? Ýa-da öz gözüňde agaç barka, doganyňa nädip: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn\ diýjek? Eý ikiýüzli, ilki öz gözüňden agajy çykar, onsoň doganyň gözünden çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň. Mukaddes zady itlere bermäň, dürdäneleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň, olary aýaklary bilen depeläp, öwrülip, sizi tike-tike edäýmesinler». Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Çünki dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. Sizden haýsy adam ogly çörek dilände, oňa daş berer? Ýa balyk dilände, oňa ýylan berer? Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, onda Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp oňat zatlar berer! Şoňa görä, adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň, çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyň özeni şudur». Dar gapydan giriň, çünki heläkçilige getirýän gapy giň, ýol inli, ol gapydan girýänler köpdür. Ýöne ýaşaýşa getirýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr». Ýalan pygamberlerden ägä boluň. Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma içi ýyrtyjy möjekdirler. Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa gyzgandan injir ýygylýarmy? Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir. Oňat agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez. Oňat miwe bermeýän her bir agaç kesilip, oda taşlanýandyr. Şeýlelik bilen, ýalan pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz. Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!\ diýen her bir adam Gögüň Patyşalygyna girmez, diňe Gökdäki Atamyň islegini berjaý eden girer. Şol günde köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz seniň adyň bilen welilik etmedikmi? Seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy? Seniň adyň bilen köp mugjyzalar etmedikmi?\ diýerler. Şonda Men olara: „Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!\ diýip, açyk aýdaryn». Şeýlelikde, Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin. Ýagyş ýagyp siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, çünki ol gaýanyň üstünde gurlupdy. Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik kişi öýüni çägäniň üstünde salan akmak adam ýaly bolar. Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy; öý ýykyldy, onuň ýykylyşy hem gorkunç boldy». Isa bu sözleri aýdyp bolanyndan soň, märeke Onuň taglymatyna haýran galdy. Çünki Isa olara kanunçylar ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi». Isa dagdan inende, uly märeke Onuň yzyna eýerdi. Ine, heýwere keselli bir adam gelip: «Ýa Reb, eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip, Oňa sežde etdi. Isa hem elini uzadyp, oňa degirdi-de: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol hem şol bada heýwere keselinden tämiz boldy. Isa oňa şeýle diýdi: «Ägä bol, muny hiç kime aýtma, ýöne git-de, özüňi ruhana görkez, hemmelere güwälik bolar ýaly, Musanyň tabşyran gurbanyny bagyş et». Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip: «Reb, meniň hyzmatkärim öýde ysmaz bolup ýatyr, gaty yza çekýär» diýip, Oňa ýalbardy. Isa oňa: «Baryp, ony sagaldaryn» diýdi. Ýüzbaşy şeýle jogap berdi: «Ýa Reb, Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl, diňe birje söz aýt, hyzmatkärim sagalar. Çünki men-de bir gol astyndaky adam, meniň gol astymda hem esgerler bar. Birine „Git\ diýsem, gidýär, ýene birine „Gel\ diýsem, gelýär, hyzmatkärime „Şuny et\ diýsem, edýär». Isa muny eşidende haýran galdy, yzyna düşüp gelýänlere şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem beýle imany hiç kimde göremok. Size diýýärin, gündogardan, günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen birlikde Gögüň Patyşalygynda oturarlar. Patyşalygyň mirasçylary bolsa daşaryk garaňkylyga taşlanar, ol ýerde agy we diş gyjama bolar». Isa ýüzbaşa: «Git, saňa iman edişiň ýaly bolsun» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy. Isa Petrusyň öýüne baranda, onuň gaýynenesiniň gyzzyrma tutup ýatanyny gördi. Onuň eline elini degirdi. Şol bada aýalyň gyzzyrmasy aýryldy, turup, Isa hyzmat etmäge durdy. Agşam düşende, jyn-arwah uran köp adamlary Onuň ýanyna getirdiler. Ol hem bir söz bilen erbet ruhlary çykardy, syrkawlaryň hemmesini sagaltdy. Bularyň hemmesi Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçin boldy: «Biziň ejizliklerimizi Öz üstüne aldy, syrkawlyklarymyzy Öz gerdeninde çekdi». Isa töweregindäki uly märekäni görüp, beýleki kenara geçmekligi buýurdy. Şol wagt bir kanunçy gelip, Oňa: «Mugallym! Sen nirä gitseň, men-de Seniň yzyňa düşjek» diýdi. Isa oňa: «Tilkileriň süreni, Gök guşlarynyň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny ýassyga goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. Başga bir şägirdi Isa: «Ýa Reb! Rugsat et, öňürti gidip kakamy jaýlaýyn» diýdi. Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar» diýdi. Isa gaýyga münende, şägirtleri Onuň yzyna eýerdiler. Onsoň kölde bir uly tupan turup, gaýyk tolkunlara büreldi. Isa bolsa ýatyrdy. Şägirtleri baryp, Ony oýaryp: «Bizi halas et, ýa Reb, heläk bolup barýarys» diýdiler. Isa olara: «Eý, imany azlar, näme üçin gorkýarsyňyz?» diýdi. Ol turup, ýele, köle käýänsoň, imi-salalyk boldy. Hemmeler: «Bu nähili adam, ýel-de, köl-de Onuň sözüne gulak asýar!» diýip geňirgenişdiler. Isa beýleki kenara ― gadaralylaryň ýurduna baranda, Oňa mazardan çykan iki sany jynly adam gabat geldi. Bular gaty howpludy, hiç kim bu ýoldan geçip bilmezdi. Olar: «Eý Hudaýyň Ogly Isa, biziň bilen näme işiň bar? Bu ýere wagtyndan öň bizi gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşdylar. Olardan uzagrakda otlap ýören bir doňuz sürüsi bardy. Jynlar Isa: «Bizi kowjak bolsaň, doňuz sürüsine gönder» diýip ýalbardylar. Isa hem olara: «Gidiň» diýdi. Olar hem çykyp doňuzlara girdiler. Onsoň tutuş süri uçutdan kölüň içine paýyrdaşyp, suwda gark boldy. Çopanlar bolsa şähere gaçyp gelip, ähli zady, jynlylaryň başyna düşen işi hem habar berdiler. Onsoň bütin şäher Isany garşylamaga çykdy we Ony görenlerinde, ülkelerini terk etmegi üçin, Oňa ýalbardylar. Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, öz şäherine geldi. Ine, Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdiler. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, batyr bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. Şonda kanunçylardan käbirleri öz içlerinden: «Bu adam Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler. Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz? Haýsysy aňsat: „Günäleriň ötüldi\ diýmekmi ýa-da „Tur, ýöre\ diýmek? Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň bardygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi. Ol-da turup, öýüne gitdi. Märeke muny görüp haýran galdy. Olar adama beýle ygtyýar beren Hudaýy şöhratlandyrdylar. Isa şol ýerden geçip barýarka, Matta atly bir adamyň salgythanada oturanyny görüp, oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi. Isa öýde saçak başynda otyrka, ine, köp salgytçylar, günäkärler gelip, Isa we Onuň şägirtleriniň ýanynda oturdylar. Fariseýler muny görüp, Onuň şegirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar. Isa muny eşidip, şeýle diýdi: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Ýöne siz gidiň-de: „Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin\ diýen sözüň manysyny öwreniň, çünki Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim». Onsoň Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Näme üçin biz we fariseýler oraza tutýarys-da, Seniň şägirtleriň oraza tutmaýarlar?» Isa olara şeýle jogap berdi: «Giýew ýanlaryndaka, toýa çagyrylanlar ýas tutup bilermi? Ýöne giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar oraza tutarlar. Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, çünki salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk has erbet bolar. Şonuň ýaly, täze şerap-da köne meşiklere guýulmaz. Şeýle edilse, meşikler ýarylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýlelikde, ikisi hem aýawly saklanýandyr». Bu zatlary olara aýdyp durka, ine, bir sinagoga başlygy geldi, Onuň aýagyna ýykylyp: «Meniň gyzym ýaňyja öldi. Muňa garamazdan, gel-de, eliňi onuň üstünde goý, ol direler» diýdi. Isa turup, şägirtleri bilen bile onuň yzyna düşüp gitdi. Ine, on iki ýyldan bäri gan akma keselinden ezet çekýän bir aýal Isanyň ýeňsesinden gelip, Onuň geýiminiň syýyna elini degirdi. Çünki ol aýal öz içinden: «Diňe geýimine-de elimi degirsem, sagalaryn» diýýärdi. Isa-da yzyna öwrülip, ony gördi-de: «Batyr bol, gyzym, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol sagadyň özünde sagaldy. Isa başlygyň öýüne gelende, tüýdükçileri, galmagal edişip duran märekäni görüp, olara: «Aýrylyň, gyz ölenok, diňe uklap ýatyr» diýdi. Olar Isa gülüşdiler. Märeke daşaryk çykarylanda, Isa içerik girip, gyzyň elinden tutdy, gyz hem aýaga galdy. Bu habar ol ýurduň ähli ýerine ýaýrady. Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Bize rehim et, eý Dawut Ogly» diýip gygyryşdylar. Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olara: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýdi. Olar hem Oňa: «Hawa, ýa Reb» diýdiler. Onsoň Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun» diýdi. Olaryň hem gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy. Emma olar çykan batlaryna, Onuň at-owazasyny ýurduň ähli ýerine ýaýratdylar. Olar çykyp barýarka, ine, jyn uran bir lal adamy Onuň ýanyna getirdiler. Jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Märeke geň galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdiler. Emma fariseýler: «Ol jynlary jynlaryň hany arkaly kowup çykarýar» diýişdiler. Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, olaryň sinagogalarynda sapak bererdi, Patyşalygyň Hoş Habaryny wagyz edip, her syrkawlygy, her hassalygy bejererdi. Isa märekäni görüp, olara haýpy geldi, çünki olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy. Şonda, Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işçi az. Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň». Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara al-arwahy kowmaga, her hili syrkawlygy, her hili hassalygy bejermäge ygtyýar berdi. On iki resulyň atlary şular: birinjisi Petrus diýlen Simun we dogany Andreas, Zebedeýiň ogly Ýakup we dogany Ýahýa, Filipus, Bartolomeus, Tomas we salgytçy Matta, Alfeusyň ogly Ýakup we Taddeus lakamly Lebbeus, Watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot. Isa bu Onkileri ýollap, olara şeýle buýruk berdi: «Özge milletlere degişli ýerlere gitmän, samariýalylaryň şäherleriniň hiç birine barman, Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlarynyň ýanyna baryň. Barýarkaňyz Gögüň Patyşalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň. Syrkawlary sagaldyň, heýwere kesellileri tämiz ediň, ölüleri direldiň, jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň. Guşagyňyzda ne altyn, ne kümüş, ne-de mis saklaň. Ýol üçin ne torba, ne-de iki köýnek, ne çaryk, ne-de taýak alyň. Çünki işgär öz azygyna mynasypdyr. Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, ol ýerde kimiň mynasypdygyny sorap-idäň-de, gaýdýançaňyz şol ýerde boluň. Bir öýe gireniňizde, şol öýe salam beriň. Öýdäkiler salama mynasyp bolsa, salamyňyz olaryň üstüne geler. Öýdäkiler mynasyp bolmasa, salamyňyz özüňize döner. Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa şäherden çykyp barýarkaňyz aýaklaryňyzyň tozanyny kakyň. Size dogrusyny aýdýaryn, magşar güni Sodom we Gomorra şäherleriniň ýagdaýy ol şäheriň ýagdaýyndan has ýeňil bolar». Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar ýaly ýollaýaryn, şonuň üçin ýylanlar ýaly akylly, kepderi ýaly sada boluň. Adamlardan ägä boluň, çünki olar sizi mejlislere tabşyrarlar, sinagogalarynda ýenjerler. Siz olara we milletlere güwälik bolar ýaly, Men sebäpli hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna eltilersiňiz. Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, nähili ýa näme diýjegiňizi gaýgy etmäň, çünki näme diýilmelidigi şol sagatda size berler. Çünki gepleýän siz däl-de, siz arkaly gepleýän Ataňyzyň Ruhudyr. Dogan dogany, ata çagasyny ölüme tabşyrar, çagalar hem ata-enelerine baş göterip, olary öldürderler. Meniň adym sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar. Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine asla aýlanyp bilmersiňiz. Şägirt öz mugallymyndan, gul öz agasyndan ýokary däldir. Şägirde öz mugallymy ýaly, gula öz agasy ýaly bolmak ýeterlikdir. Öý eýesine Beýelzebul diýen bolsalar, onuň içerisindäkilere ondan hem beter diýerler». Şonuň üçin olardan gorkmaň. Çünki üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur. Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza çakylan çawuşy tamlaryň üstünden yglan ediň. Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkman, eýsem, dowzahda hem teni, hem jany ýok etmäge gudraty bar bolan Hudaýdan gorkuň. Iki serçe bir köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir. Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Munuň üçin gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz. Kim meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin. Kim-de Meni adamlaryň öňünde inkär etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde inkär ederin». Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim. Çünki Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýyn enesinden aýyrmaga geldim. Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar. Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir. Janyny goran ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar. Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ýollany kabul eder. Kim bir pygamberi pygamberligi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar. Kim şu kiçileriň birine şägirtligi üçin, içmäge diňe bir käse sowuk suw berse hem, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz». Isa on iki şägirdine öwüt-nesihat berip bolanyndan soň, ol ýerden olaryň şäherlerine sapak bermäge, wagyz etmäge gitdi. Ýahýa hem Mesihiň işlerini zyndanda eşidip, şägirtlerini iberdi. «Sen şol geljek Mesihmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip, olara soratdy. Isa şeýle jogap berdi: «Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. Men sebäpli büdremedik bagtlydyr». Olar gidende, Isa Ýahýa hakda halaýyga gürrüň bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýeliň yraýan gamşynymy? Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir. Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn, ol pygamberden hem artykdyr. Ol hakda: „Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin, ol öňden gidip, Seniň ýoluňy taýýarlar\ diýip ýazylan şoldur. Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan ulusy bolan däldir, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr. Çokundyryjy Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Patyşalygy güýç-gaýrat bilen gazanylýar, ony güýç-gaýratlylar ele salýarlar. Bütin pygamberler we kanun Ýahýa çenli welilik etdi. Ony kabul etmek isleýän bolsaňyz, gelmegine garaşylýan Ylýas oldur. Gulagy barlar eşitsin! Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaşlaryna: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy etdik, aglamadyňyz\ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. Çünki Ýahýa geldi, ol iýenogam, içenogam. Olar bolsa, onuň jyny bar diýýärler. Ynsan Ogly geldi, hem iýýär, hem içýär we olar: „Ine, horan, arakhor, salgytçy we günäkärleriň dosty\ diýýärler. Ýöne akyldarlyk öz işleri bilen tassyklanar». Onsoň, Isa mugjyzalarynyň köp ýüze çykan şäherlerine käýemäge durdy, çünki olar toba etmändiler. Waý saňa, eý Horazin! Waý saňa, eý Beýtsaýda! Sizde ýüze çykan mugjyzalar Sur we Saýdada ýüze çykan bolsady, onda, olar eýýäm jul hem külüň içinde toba ederdiler. Men size diýýärin, magşar güni Sur we Saýdanyň ýagdaýy siziň ýagdaýyňyzdan has ýeňil bolar. Eý, arşa göterilen Kapernaum! Sen dowzaha çenli aşak taşlanarsyň, çünki sende ýüze çykan mugjyzalar Sodomda ýüze çykan bolsady, onda ol şu güne çenli galardy. Saňa diýýärin, magşar güni Sodomyň ýagdaýy seniň ýagdaýyňdan has ýeňil bolar». Şol wagt Isa sözüni dowam edip diýdi: «Saňa şükür edýärin, eý, Ýeriň-Gögüň Rebbi Atam! Çünki Sen bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden gizläp, şu kiçijik çagalara aýan etdiň. Hawa, eý Atam, Seniň islegiň şeýledi. Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir, Atany-da Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir. Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň, çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir». Şol wagtlarda Isa bir Sabat güni bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Şägirtleri ajygyp, bugdaý başlaryny ýolup iýmäge başladylar. Muny gören fariseýler Oňa: «Ine, Seniň şägirtleriň Sabat güni etmesiz zady edýärler» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç galanlarynda, Dawudyň näme edenini okamadyňyzmy? Ol Hudaýyň öýüne baryp, Hudaýa hödürlenip goýlan çöreklerden iýdi. Bu bolsa oňa-da, ýanyndakylara-da gadagandy, diňe ruhanylara gadagan däldi. Ýa-da ybadathanada Sabat gününiň kadalaryny bozsalar-da, ruhanylaryň ýazyksyz bolýandyklary hakda Mukaddes Kanundan okamadyňyzmy? Men size diýýärin, bu ýerde ybadathanadan-da uly Biri bar. Siz „Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin\ diýen sözüň manysyny bilsediňiz, ýazyksyzlara höküm etmezdiňiz. Çünki Ynsan Ogly Sabat gününiň hem Rebbidir». Isa ol ýerden gitdi, olaryň sinagogasyna bardy. Ine, ol ýerde eli gurap inçelen bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Sabat güni şypa etmek bolarmy?» diýip soradylar. Isa olara şeýle diýdi: «Sizden haýsy adam bir goýny bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, goýny alyp çykarmaz? Ynsan goýundan näçe gymmatlydyr! Munuň üçin Sabat güni ýagşylyk etmek bolar». Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat» diýdi. Ol hem uzatdy, eli beýlekisi ýaly sagaldy. Fariseýler daşaryk çykyp, Isany nähili heläk etmelidigi barada maslahatlaşdylar. Emma Isa muny bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdi, Isa hem olaryň hemmesini sagaltdy. Özüniň kimligini mälim etmesinler diýip, olara tabşyrdy. Bu bolsa Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçindi: «Ine, Meniň seçen Gulum, Söýenim, janym Ondan razydyr. Men Ruhumy Onuň üstünde goýaryn, Ol hem adalaty milletlere yglan eder. Ol ne çekeleşer, ne gygyrar, Ne-de biri köçelerde Onuň sesini eşider. Adalaty ýeňşe ýetirýänçä, Epilen gamşy döwmez, Tütän peltäni söndürmez. Milletler Onuň adyna umyt baglarlar». Onsoň jyn uran bir kör hem lal adamy Isanyň ýanyna getirdiler. Isa ony sagaltdy. Şeýlelikde, ýaňky adam hem gepledi, hem gördi. Hemme halk geň galyp: «Bu Dawudyň Ogly dälmi?» diýişdiler. Muny eşiden fariseýler: «Bu adam diňe jynlaryň hany Beýelzebul arkaly jynlary kowýar» diýdiler. Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan islendik patyşalyk, şäher ýa-da öý berk durmaz. Şeýtan şeýtany kowýan bolsa, onda içinde bölünişik bardyr, onsoň onuň patyşalygy nähili durar? Men jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şoňa görä-de, olar size kazylyk ederler. Men jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Patyşalygy size-de gelendir. Biri bir güýçli adamyň öýüne girip, nähili onuň malyny talap biler? Öňürti ony baglamaly bolar, onsoň öýüni talar. Meniň bilen bile bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen bile ýygmadyk dagadar. Şonuň üçin size şuny diýýärin: ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, ýöne Mukaddes Ruha dil ýetirmeklik bagyşlanmaz. Ynsan Ogluna garşy aýdylan söz bagyşlanar, ýöne Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde -de bagyşlanmaz. Ýa-ha agajy-da oňat, miwesini-de oňat ediň, ýa-da agajy-da erbet, miwesini-de erbet ediň, çünki agaç miwesinden tanalýandyr. Eý, alahöwrenler nesli, siz özüňiz erbetkäňiz, nähili oňat zatlar sözläp bilersiňiz? Çünki agyz ýüregiň dolulygyndan sözleýändir. Oňat adam oňat hazynasyndan oňat zat çykarar, erbet adam erbet hazynasyndan erbet zat çykarar. Men size diýýärin, adamlar aýdan her bir boş sözi üçin höküm gününde hasap berer. Çünki siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz». Şonda käbir kanunçylar we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir alamat görmek isleýäris» diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Erbet, zynahor nesil bir alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. Çünki Ýunusyň üç gije-gündiz bir balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar. Ninewiýa halky magşar güni bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder, çünki olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem uly Biri bar. Günorta tarapyň aýal patyşasy magşar güni bu nesil bilen bile galyp, ony höküm eder, çünki ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, Ýeriň ol ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar. Al-arwah adamdan çykansoň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, ýöne tapmaýar. Onsoň: „Çykan öýüme öwrüleýin\ diýip gelende, öýüň boş, süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär. Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de şeýle bolar». Isa halaýyga entek gürrüň berip durka, ine, ejesi bilen doganlary Onuň bilen gepleşjek bolup, gelip, daşarda durdular. Biri Isa: «Ejeň bilen doganlaryň Seniň bilen gepleşjek bolup, daşarda durlar» diýdi. Emma Isa muny aýdana şeýle jogap berdi: «Meniň ejem kim? Doganlarym kimler?» Elini Öz şägirtlerine tarap uzadyp, şeýle diýdi: «Ine, Meniň ejem, Meniň doganlarym. Çünki kim Meniň Gökdäki Atamyň islegini berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam we ejemdir». Şol gün Isa öýden çykyp, kölüň ýakasynda oturdy. Onuň ýanyna şeýle uly märeke ýygnandy welin, Ol gaýyga münüp oturdy, bütin märeke hem kenarda durdy. Isa olara tymsallar bilen köp zatlar aýtdy: «Ine, bir daýhan ekin ekmäge gitdi. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň kenaryna düşdi. Guşlar-da gelip, ony iýdiler. Birnäçesi topragy az daşlyk ýere düşüp, tiz gögerip çykdy, çünki toprak galyň däldi. Gün galanda bolsa, kökleriniň ýoklugy zerarly ýanyp, gurap gitdiler. Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşdi. Tikenler ösüp, olary basdy. Birnäçe tohum bolsa gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berdi. Kimiň eşitmäge gulagy bar bolsa eşitsin». Onsoň şägirtler Isa: «Näme üçin olara tymsallar bilen gürrüň berýärsiň?» diýdiler. Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Patyşalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar. Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şu. Çünki olar gözläp görmeýärler, diňläp eşitmeýärler, düşünmeýärler. Işaýa pygamberiň aýdan şu welilik sözleri olarda ýerine ýetýär: „Gulagyňyz bilen eşidip, düşünmersiňiz; Gözleriňiz bilen gözläp, görmersiňiz; Çünki bu halkyň ýüregi gatady, Gulagy agraldy, Gözlerini-de ýumdular. Beýle bolmadyk bolsady, Gözleri bilen görüp, Gulaklary bilen eşidip, Ýürekleri bilen düşünip, Maňa tarap öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim\. Siziň gözleriňiz ne bagtly, çünki olar görýär, gulaklaryňyz ne bagtly, çünki olar eşidýär. Size dogrusyny aýdýaryn, köp pygamberler, dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler. Indi daýhan hakdaky tymsalyň manysyny diňläň: Biri Hudaýyň Patyşalygy hakdaky sözi eşidip, oňa düşünmäninde, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň kenarynda ekilen budur. Daşlyk ýere ekilen bolsa, sözi eşidip, ony derrew şatlyk bilen garşylaýandyr. Ýöne onda kök ýokdur, çydamsyzdyr; bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz dönderer. Tikenler arasyna düşenler bolsa budur: ol sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy sözi bogýar we söz hasylsyz bolýar. Gowy topraga ekilen bolsa budur: ol sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri-de otuz esse hasyl getirýär». Isa olara başga bir tymsal-da aýdyp berdi: «Gögüň Patyşalygy öz ekin meýdanynda oňat tohum eken adam ýalydyr. Emma her kes ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär. Ekin ösüp hasyl berende, haşal ot hem peýda bolýar. Öý eýesiniň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: „Aga, sen ekin meýdanyňa oňat tohum sepmänmidiň? Onda haşal ot nireden çykdy?\ diýip, ondan soraýarlar. Ol hyzmatkärlerine: „Muny bir duşman edendir\ diýýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary ýygmagymyzy isleýärsiňmi?\ diýip, ondan soraýarlar. Emma ol şeýle jogap berýär: „Ýok, haşal oty ýygjak bolup, gaýtam, bugdaýy köki bilen sograýmaň. Goý, oraga çenli ikisi bile össün. Orak wagty men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, desseläp ýakar ýaly ediň, bugdaýy hem meniň ammaryma üýşüriň diýerin\». Isa olara başga bir tymsaly-da aýdyp berdi: «Gögüň Patyşalygy bir adamyň alyp, öz mellegine eken gorçisa tohumy ýalydyr. Ol tohumlaryň iň ownugydyr, ýöne öseninden soň, beýleki ösümliklerden belent bolup, agaç bolýar. Şeýlelikde, Gögüň guşlary gelip, onuň şahalarynda höwürtgeleýärler». Isa olara başga bir tymsaly-da aýtdy: «Gögüň Patyşalygy bir aýalyň alyp, bütin hamyr turşaýança, üç çanak una goşan hamyrmaýasy ýalydyr». Isa bu zatlaryň baryny halaýyga tymsallar bilen aýdardy. Tymsalsyz olara hiç zat aýtmazdy. Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçindi: «Agzymy tymsallar bilen açaryn, dünýä gurlaly gizlin galan zatlary beýan ederin». Onsoň Isa halaýygy taşlap öýe girdi. Şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Ekin meýdanyndaky haşal otlar hakdaky tymsaly bize düşündir» diýdiler. Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr. Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Hudaýyň Patyşalygynyň ogullary, haşal otlar bolsa iblisiň ogullarydyr. Olary eken duşman iblisdir, orak döwrüň soňudyr, orakçylar perişdelerdir. Şeýlelik bilen, haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, bu döwrüň soňunda hem şeýle bolar. Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä sebäpkär bolýan ähli zatlary, nähak iş edýänleri Onuň Patyşalygyndan ýygnap, küräniň oduna taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar. Onsoň dogry adamlar Gökdäki Atalarynyň Patyşalygynda Gün kimin parlar. Gulagy barlar eşitsin». Gögüň Patyşalygy bir ekin meýdanynda gizlengi hazyna ýalydyr. Bir adam ony tapyp, gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdanyny satyn alýar. Ýene, Gögüň Patyşalygy owadan dürdäne agtaran täjir ýalydyr. Ol gymmatbaha bir dürdänäni tapýar we baryp, ähli zadyny satýar-da, ony satyn alýar». Ýene Gögüň Patyşalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnan tor ýalydyr. Tor dolanda, ony kenara çekýärler-de, oturyp, oňat balyklary gaplara salýarlar, erbetlerini hem taşlap goýberýärler. Döwrüň soňunda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp, küräniň oduna taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar». Isa olara: «Bu zatlaryň baryna düşündiňizmi?» diýdi. Olar hem oňa: «Hawa» diýdiler. Isa olara: «Şeýlelik bilen, Gögüň Patyşalygy hakda tälim alan her bir kanunçy hazynasyndan hem täze, hem köne zatlar çykarýan öý eýesi ýalydyr» diýdi. Isa bu tymsaly aýdyp bolandan soň, ol ýerden gitdi. Ol Öz ýurduna gelip, ybadathanalarynda halka şeýle oňat sapak berdi welin, olar geň galyp diýişdiler: «Bu Adam bu akyldarlygy, bu mugjyzalary nireden aldyka? Bu neçjaryň Ogly dälmi? Ejesiniň ady Merem dälmi? Doganlary Ýakup, Ýusup, Simun we Iuda dälmi? Hemme aýal doganlary biziň ýanymyzda dälmi? Onda bu Adam bütin bu zatlary nireden aldyka?» Ony öýke-kine bilen ret etdiler. Emma Isa olara: «Pygamber öz ýurdundan, öýünden başga ýerde gadyrsyz däldir» diýdi. Isa olaryň imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp mugjyza etmedi. Şol wagt Isanyň owazasy tetrarh Hirodesiň gulagyna ýetdi. Ol öz nökerlerine: «Bu çokundyryjy Ýahýadyr. Ol ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryň ondan çykmagynyň sebäbi şeýledir» diýdi. Çünki Hirodes Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyň aýaly Hirodiýas sebäpli edipdi. Çünki Ýahýa Hirodese: «Seniň ony almagyň dogry däl» diýipdi. Hirodes Ýahýany öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan gorkýardy, çünki halk Ýahýany pygamber hasaplaýardy. Emma Hirodes öz doglan güni mynasybetli toý tutanda, Hirodiýasyň gyzy ortada tans edip, Hirodesiň göwnüni çaglady. Şoňa görä, Hirodes gyza näme dilese, bererin diýip, ant içip, söz berdi. Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Çokundyryjy Ýahýanyň başyny bir tabakda goýup, şu ýerde maňa ber» diýdi. Patyşa gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa berilmegini buýurdy. Adam iberip, zyndanda Ýahýanyň başyny kesdirdi. Onuň başy bir tabakda getirilip, gyza berildi, ol hem ejesine getirdi. Ýahýanyň şägirtleri gelip, jesedi äkitdiler-de jaýladylar. Onsoň baryp, Isa habar berdiler. Isa muny eşidende, ol ýerden ýeke Özi gaýyga münüp bir çola ýere çekildi. Halaýyk muny eşidip, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdiler. Ol gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi, syrkawlaryny sagaltdy. Agşam düşende şägirtler Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, märekäni goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler. Emma Isa olara: «Olara gitmegiň geregi ýok, siz iýmäge zat beriň» diýdi. Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler. Ol hem: «Olary şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi. Şonda Isa märekä otuň üstünde oturmagy buýurdy. Bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp şükür etdi-de, çörekleri bölüşdirip, şägirtlere berdi, şägirtler hem olary märekä paýladylar. Hemmeler iýip doýdular. Artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Iýenler aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy. Märekäni ugradyp durka, Isa şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenara geçmegi buýurdy. Märekäni ugradanyndan soň, Onuň ýeke Özi doga etmek üçin daga çykdy. Ol agşam düşende hem şol ýerde ýekedi. Gaýyk bolsa şol wagt kölüň ortasyndady, tolkunlarda eýläk-beýläk zyňylýardy. Gijäniň dördünji nobatynda Isa kölüň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi. Emma şägirtler Onuň deňziň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde: «Bu bir gözümize görünýän zatdyr!» diýşip aljyradylar, gorkudan ýaňa gygyryşdylar. Emma Isa derrew: «Batyr boluň, bu Men, gorkmaň» diýip, olara söz gatdy. Petrus Oňa jogap berip: «Ýa Reb, bu Sen bolsaň, maňa suwuň ýüzi bilen ýanyňa barmagy buýur» diýdi. Isa: «Gel» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzi bilen ýöremäge başlady. Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, ýaňy gark bolup ugranda: «Ýa Reb, meni halas et» diýip gygyrdy. Isa derrew elini uzadyp ony tutdy-da: «Eý, az imanly adam, näme üçin şübhelendiň?» diýdi. Olar gaýyga münenlerinde, ýel ýatdy. Gaýykdakylar: «Sen, dogrudan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler. Olar deňziň aňyrsyna geçip, Jenesaret ýurduna bardylar. Ol ýeriň adamlary Isany tanap, tutuş şol töwereklere adam iberip, syrkawlaryň baryny Onuň ýanyna getirdiler. Olar diňe geýiminiň syýnyna elini degirmäge rugsat sorap, Oňa ýalbardylar. El degrenleriň hemmesi-de sagaldy. Onsoň fariseýler bilen kanunçylar Iýerusalimden Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata -babalaryň adatyny bozýarlar? Çünki olar nahar iýenlerinde ellerini ýuwmaýarlar». Ol bulara şeýle jogap berdi: «Siz näme üçin adatyňyzyň hatyrasyna Hudaýyň tabşyrygyny bozýarsyňyz? Çünki Hudaý: „Ataňy, eneňi syla\, „Atasyna ýa enesine ýokuş söz aýdan hökman öldürilsin\ diýip tabşyrypdyr. Ýöne siz: „Kim atasyna ýa enesine menden görjek peýdaň Hudaýa peşgeşdir diýse, atasyny ýa enesini sylamaly däl\ diýýärsiňiz. Şeýdip, adatyňyzyň hatyrasyna Hudaýyň tabşyrygyny bozýarsyňyz. Eý ikiýüzlüler! Işaýa pygamber: Bu halk dilinde Meni sylaýar, ýöne olaryň ýürekleri Menden uzakda. Biderek ýere Maňa sežde edýärler, çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary\ diýip, siz hakda oňat welilik edipdir». Isa märekäni ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Diňläň, düşüniň! Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, agyzdan çykan zat adamy murdar edýändir». Onsoň şägirtler gelip: «Bu sözi eşidenlerinde, fariseýleriň gaharynyň gelenini bilýärsiňmi?» diýip, Ondan soradylar. Ol şeýle jogap berdi: «Gökdäki Atamyň ekmedik her ösümligi köki bilen sogrular. Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör köri itse, olaryň ikisi hem guýa gaçar». Petrus Oňa: «Bize bu tymsaly düşündir» diýdi. Isa hem şeýle diýdi: «Siz henizem düşüneňzokmy? Agza giren her bir zadyň garna baryp, daşaryk taşlanýandygyna düşünmeýärsiňizmi? Ýöne agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär. Çünki erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk, ogrulyk, ýalan güwälik, sögünç ýürekden çykýar. Adamy şu zatlar murdar edýär, ýuwulmadyk el bilen nahar iýmek adamy murdar etmeýär». Isa ol ýerden çykyp, Sur we Saýda etrabyna çekildi. Ine, şol jelagaýda bolýan bir kenganly aýal gelip: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, maňa rehim et, jyn uranlygy sebäpli, gyzym ejir çekýär» diýdi. Emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Şägirtleri ýanyna gelip: «Ony ugrat, çünki yzymyzdan gygyryp gelýär» diýip ýalbardylar. Ol bolsa: «Men diňe Ysraýyl öýüniň ýitirim bolan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi. Emma aýal gelip, Onuň öňünde ýere ýykylyp: «Ýa Reb, maňa kömek et» diýdi. Isa: «Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýip jogap berdi. Aýal: «Hawa, ýa Reb, Ýöne itler hem eýeleriniň saçagyndan gaçan çörek owuntyklaryny iýýändir» diýdi. Şonda Isa oňa: «Eý aýal, seniň imanyň uly! Saňa isleýşiň ýaly bolsun» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy. Isa ol ýeri terk edip, Jelile kölüniň golaýyna geldi, bir dagyň üstüne çykyp, şol ýerde oturdy. Onuň ýanyna bir uly märeke geldi, olaryň ýanlarynda agsaklar, körler, lallar, çolaklar we ýene-de bir topar syrkawlar bardy. Olary getirip, Isanyň öňünde duruzdylar. Ol bulary sagaltdy. Halk lallaryň gepleýändigini, çolaklaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ýöreýändigini görüp haýran galdy, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyrdy. Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Meniň bu märekä haýpym gelýär! Bular indi üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge-de hiç bir zatlary ýok. Ýolda ysgyndan gaçaýmasynlar diýip, olary aç goýberesim gelenok». Şägirtler Oňa: «Beýle uly märekäni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler. Isa olara: «Näçe çöregiňiz bar?» diýdi. Olar: «Ýedi, birnäçe hem maýda balygymyz bar» diýdiler. Isa märekä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýladylar. Hemmeler iýip doýdular, artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar. Iýenler aýallardyr çagalardan başga dört müň adamdy. Isa märekäni ugradanyndan soň, gaýyga münüp, Magdala etrabyna gitdi. Fariseýler bilen saddukeýler gelip, Isany synamak üçin, Ondan özlerine Gökden bir alamat görkezmegini haýyş etdiler. Ol şeýle jogap berdi: «Agşam bolanda siz: „Howa gowy boljak, çünki asmanyň ýüzi gyzyl\ diýýärsiňiz. Ertir hem: „Bu gün gaý turjak, çünki asmanyň ýüzi gyzyl hem tutuk\ diýýärsiňiz. Siz asmanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi? Erbet we zynahor nesil bir alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunusyňkydan başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi. Şägirtleri ol tarapa geçenlerinde, çörek almagy unudan ekenler. Isa olara: «Sak boluň, fariseýleriň, saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýdi. Olar bolsa özara çekişip: «Çörek almandyrys» diýişýärdiler. Emma Isa muny bilip, şeýle diýdi: «Eý imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekişýärsiňiz? Bäş müň adam üçin bäş çörege we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygyňyza entek hem düşünmeýärmisiňiz, ol ýadyňyza düşmeýärmi? Dört müň adam üçin ýedi çörek we näçe sebedi dolduryp ýygnanlygyňyz-da ýadyňyza düşmeýärmi? Men size: „Fariseýleriň, saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň\ diýenimde, çörekden gürrüň etmeýänligime näme üçin düşünmeýärsiňiz?» Şägirtler özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan ägä boluň diýýänine şonda düşündiler. Isa Kaýsariýa-Filipi etrabyna gelende şägirtlerinden: «Maňa ― Ynsan Ogluna adamlar kim diýýärler?» diýip sorady. Olar: «Käbirleri çokundyryjy Ýahýa, käbirleri Ylýas, başgalary-da Ýeremiýa ýa pygamberleriň biri diýýärler» diýdiler. Isa olara: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi. Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi. Isa Oňa şeýle diýdi: «Sen bagtlysyň, eý, Ýunus ogly Simun, çünki muny saňa aýan eden ynsan däl-de, Gökdäki Atamdyr. Men saňa diýýärin, sen Petrussyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, dowzahyň derwezeleri oňa garşy durup bilmez. Gögüň Patyşalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde baglan her zadyň Gökde bagly bolar. Ýer ýüzünde açan her zadyň Gökde açyk bolar». Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Isa şondan beýläk şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigini, ýaşulularyň, baş ruhanylaryň we kanunçylaryň elinden görgi görmelidigini, öldürilip, üçünji güni direlmelidigini düşündirmäge başlady. Petrus Ony bir çete çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykdy. Ol öwrülip, Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa päsgel berýärsiň, çünki sen Hudaý işlerini däl-de, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýdi. Onsoň Isa şägirtlerine şeýle ýüzlendi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün. Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim öz janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bolar? Ýa-da adam janyna derek näme berip biler? Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer. Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryň arasynda Ynsan Oglunyň Öz Patyşalygynda gelýänini görmezden öň, ölümi datmajak käbir adamlar bar». Isa alty günden soň, diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýahýany ýanyna alyp, olary bir beýik dagyň üstüne çykardy. Olaryň gözleriniň alnynda Onuň görnüşi üýtgedi, ýüzi Gün kimin parlady, egin-eşigi yşyk ýaly agardy. Birdenkä, olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. Petrus Isa şeýle diýdi: «Ýa Reb! Bize bu ýerde bolmak ýakymly. Eger Sen isleseň, men üç çadyr guraýyn: biri ― Saňa, biri ― Musa, biri ― Ylýasa». Ol entek gepläp durka, nurly bir bulut olara kölege saldy. Bulutdan şeýle bir owaz geldi: «Bu Meniň söýgüli Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Ony diňläň». Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar. Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turuň, gorkmaň» diýdi. Olar gözlerini galdyranlarynda, diňe Isadan başga hiç kimi görmediler. Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, göreniňizi hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy. Şägirtleri Ondan: «Eýse näme üçin kanunçylar öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. Ol hem jogap berip diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas gelip, hemme zady düzetmelidir. Emma Men size aýdýaryn, Ylýas eýýäm geldi, ony tanamadylar, oňa halanlaryny etdiler. Şonuň ýaly, Ynsan Ogly-da olaryň elinden görgi görer». Şonda şägirtler Onuň özlerine Çokundyryjy Ýahýa barada gürrüň berýändigine düşündiler. Märekäniň ýanyna baranlarynda, bir adam gelip, Isanyň öňünde dyza çöküp, şeýle diýdi: Ýa Reb! Meniň ogluma rehim et, sebäbi ol tutgaýly, köp ezet çekýär, ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar. Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, ýöne olar sagaldyp bilmediler». Isa şeýle jogap berdi: «Eý ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere Maňa getiriň». Isa jyna käýedi, jyn hem oglandan çykdy. Oglan şol sagadyň özünde sagaldy. Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, öz-özlerikä Oňa: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýdiler. Isa hem olara diýdi: «Imanyňyzyň ýoklugy üçin. Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç\ diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz. Bu hili jynlary doga we orazadan başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir». Jelilede gezip ýörkäler Isa olara şeýle diýdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler. Ony öldürerler, Ol üçünji güni direler». Şägirtler gaty gynandylar. Kapernauma gelenlerinde iki drahma ýygnaýanlar Petrusa gelip: «Siziň Mugallymyňyz iki drahma bermeýärmi?» diýdiler. Petrus: «Hawa, berýär» diýdi. Öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrük ýa salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerdenmi?» diýdi. Petrus Oňa: «Kesekilerden» diýende, Isa oňa şeýle diýdi: «Onda, ogullar erkindir. Ýöne olary büdretmezlik üçin köle git-de, çeňňek taşla. Oňa ilkinji ilen balygy alyp, agzyny açsaň, bir teňňä gözüň düşer. Ony al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem olara ber». Şol wagt şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Gögüň Patyşalygynda iň uly kim?» diýdiler. Isa-da bir çagany çagyryp, ony olaryň ortasynda duruzdy-da, şeýle diýdi: Size dogrusyny aýdýaryn, toba edip, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Patyşalygyna asla girip bilmersiňiz. Kim özüni şu çaga ýaly pes göwünli tutýan bolsa, Gögüň Patyşalygynda iň uly şoldur. Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Maňa iman eden bu çagalardan biriniň günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbünde gark bolmak onuň üçin has gowy bolar. Ynsanlaryň günä etmegine sebäp bolan zatlardan ötri, waý, bu dünýäniň gününe! Beýle zatlaryň gelmegi zerurdyr, ýöne bularyň gelmegine sebäp bolýan adamyň gününe waý! Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes-de, özüňden taşla. Saňa çolak ýa agsak bolup ýaşaýşa girmek, iki elli ýa iki aýakly bolup, ebedi oda zyňylmakdan gowudyr. Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla. Saňa ýeke gözli bolup ýaşaýşa girmek, iki gözli bolup dowzah oduna zyňylmakdan gowudyr. Bu körpelerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň, çünki size aýdýaryn, bularyň Gökdäki perişdeleri Meniň Gökde bolan Atamyň elmydam ýüzüni görýärler. Ynsan Ogly ýitirim bolanlary halas etmäge gelendir». Siz näme diýýärsiňiz? Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda galdyryp, azaşanyň gözlegine çykmazmy? Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol munuň üçin azaşmadyk togsan dokuzysyna begenenden hem gaty begener. Şeýlelikde, bu körpelerden biriniň heläk bolmagy Gökdäki Ataňyzyň islegi däldir». Doganyň saňa garşy günä etse, bar-da, ikiçäk gürleşip, aýbyny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr. Sözüňe gulak asmasa, her söz iki ýa üç şaýadyň agzyndan tassyklanar ýaly, bir ýa iki adamy ýanyňa al. Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy bolsun. Size dogrusyny aýdýaryn, ýer ýüzünde daňan zadyňyz Gökde-de daňylgy bolar. Ýer ýüzünde çözen zadyňyz Gökde-de çözülgi bolar. Ýene size aýdýaryn, eger sizden iki adam dilejek her bir zady hakda özara ylalaşsa, Gökdäki Atam dilegleri bitirer. Çünki iki ýa üç adam Meniň adymdan haýsy ýerde üýşüşse, Men-de şol ýerde, olaryň arasynda bolaryn». Onsoň Petrus gelip, Isa şeýle diýdi: «Ýa Reb, doganym maňa garşy näçe gezek günä etse, men ony bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» Isa oňa şeýle jogap berdi: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş ýola ýedi gezek diýýärin. Şonuň üçin Gögüň Patyşalygy öz hyzmatkärleri bilen haklaşmak islän bir patyşa meňzeýär. Ol hasaplaşmaga duranda, oňa on müň talant borçly birini ýanyna getirýärler. Ol bergisini töläp bilmäninde, agasy onuň özüniň, aýalynyň, oglan-uşagynyň we bütin mallarynyň satylyp, bergisiniň berilmegini buýurýar. Hyzmatkär ýüzin ýykylyp, oňa ýalbaryp: „Eý agam, sabyr et! Baryny töläýin\ diýýär. Agasynyň rehimi inip, ol hyzmatkäri boşadýar, algysyny geçýär. Ýaňky hyzmatkär daşaryk çykanda, özüne ýüz dinar borçly bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: „Bergiňi ber\ diýip, bokurdagyndan tutýar. Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: „Sabyr et, bergimi bereýin\ diýip oňa ýalbarýar. Ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar, bolan ähli zady baryp, agalaryna habar berýärler. Onsoň agasy ony çagyryp diýýär: „Eý, erbet hyzmatkär! Maňa ýalbaranyň üçin men şol algynyň baryny geçdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?\ Agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline berýär. Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder». Isa bu sözleri tamamlanyndan soň, Jelileden çykyp, Ýahudanyň çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna gitdi. Uly märeke Onuň yzyna düşdi, Isa hem şol ýerde olary sagaltdy. Fariseýler geldiler we Ony synap: «Her bir sebäp bilen aýaly aýyrmak dogrumydyr?» diýip soradylar. [4-5] Ol hem şeýle jogap berdi: «Ýaradanyň olary başda erkek we aýal edip ýaradandygyny, „Şol sebäpden hem erkek ata -enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar\ diýenini siz okamadyňyzmy? *** Şoňa görä, indi olar iki däl-de, bir ten hasaplanarlar. Hudaýyň goşanyny bendesi aýyrmasyn». Olar Isa şeýle diýdiler: «Onda näme üçin Musa aýaly aýranda, onuň talak hatyny bermekligi tabşyrypdyr?» Isa olara şeýle jogap berdi: «Doňýürek adamlar bolanyňyz üçin, Musa size aýalyňyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, ýöne owal-başda beýle däldi. Men size aýdýaryn, kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen hem zyna edýändir». Şägirtler Oňa: «Erkek bilen aýal arasynda ýagdaý şeýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler. Emma Isa olara şeýle diýdi: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, diňe özlerine berlenler kabul edip bilerler. Çünki dogabitdi agtalar, adamlar tarapyndan agta edilenler we Gögüň Patyşalygy ugrunda özlerini agta edenler hem bardyr. Muny kabul edip bilen kabul etsin». Onsoň olaryň üstüne elini goýup doga etsin diýip, Isanyň ýanyna çagalary getirdiler. Şägirtler çagalary getirenlere käýediler. Emma Isa: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Gögüň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi. Isa olaryň üstüne elini goýanyndan soň, ol ýerden gitdi. Ine, biri Onuň ýanyna gelip: «Eý, ýagşy Mugallym, ebedi ýaşaýşym bolar ýaly, men näme ýagşy zat etmeli?» diýdi. Isa şeýle diýdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýagşy bolan täk Biri ― Hudaý. Ýöne ebedi ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, tabşyryklary berjaý et». Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklary?» diýip sorady. Isa şeýle jogap berdi: «Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, ene-ataňy syla, goňşyňy özüň ýaly söý». Ýaş ýigit: «Men bularyň hemmesini berjaý etdim, ýene näme kemim bar?» diýip, Isadan sorady. Isa oňa: «Kämil bolaýyn diýseň, git, nämäň bar bolsa, sat-da, garyplara ber, Gökde hazynaň bolar, onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, çünki onuň köp mal-mülki bardy. Isa şägirtlerine diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, barly adam Gögüň Patyşalygyna çetinlik bilen girer. Size ýene aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr». Muny eşidenlerinde şägirtleri: «Onda kim halas bolup biler?» diýip, çakdanaşa geňirgenişdiler. Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, ýöne Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi. Onsoň Petrus Oňa şeýle diýdi: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük, onda biziň nämämiz bolar?» Isa-da olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenjek wagty, Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykararsyňyz. Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýaşaýşyň mirasçysy bolar. Ýöne köp ilkinjiler iň soňkular, iň soňkular hem ilkinjiler bolar». Gögüň Patyşalygy üzümliginde işlär ýaly, ertir ir bilen işçi tutmaga giden ýer eýesi ýalydyr. Ol işçiler bilen günde bir dinara razylaşyp, olary öz üzümligine ýollaýar. Gündiz sagat dokuzlarda daşaryk çykanda, bazarda başgalaryň boş duranyny görýär. Olara-da: „Siz hem üzümlige gidiň, hakyňyz näme bolsa bererin\ diýýär. Olar hem gidýärler. Günortan we gündiz sagat üçlerde ýene daşaryk çykýar-da, ýene şeýle edýär. Gündiz sagat bäşlerde daşaryk çykanda, başga boş duranlary görüp, olara: „Näme üçin günuzyn bu ýerde boş dursuňyz?\ diýýär. Olar hem: „Çünki hiç kim bizi tutmady\ diýýärler. Olara: „Siz-de üzümlige gidiň\ diýýär. Agşam düşende, üzümligiň eýesi öz iş dolandyrýanyna şeýle diýýär: „Işçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle\. Şeýlelikde, gündiz sagat bäşlerde gelenleriň her biri bir dinar alýar. Ilkinjiler gelende köp alarys öýdýärler, ýöne olaryň-da her biri bir dinar alýar. Muny alan wagtlary olar ýer eýesine hüňürdeşip, „Bu iň soňkular diňe bir sagat işlediler, sen bolsaň olary günüň ýüküni, yssysyny çeken biziň bilen deň etdiň\ diýýärler. Ýer eýesi olaryň birine jogap berip, şeýle diýýär: „Eý dost! Men saňa adalatsyzlyk edemok; sen meniň bilen bir dinara razylaşmadyňmy? Öz hakyňy al-da git. Men bu iň soňka-da saňa berenimi bermek isleýärin. Öz malym bilen islänimi etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?\ Şeýlelikde, iň soňkular ilkinji, ilkinjiler hem iň soňkular bolar, çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr». Isa Iýerusalime barýarka, on iki şägirdi ýolda çete çekip, olara şeýle diýdi: Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly baş ruhanylara, kanunçylara tabşyrylar, olar hem Ony ölüme höküm ederler. Oňa gülsünler, gamçylasynlar, haça çüýlesinler diýip, Ony başga milletlere tabşyrarlar, ýöne Ol üçünji güni direler». Onsoň Zebedeý ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna gelip, ýere ýykyldy-da, Ondan bir zat diledi. Isa hem oňa: «Näme isleýärsiň?» diýdi. Ol-da Isa: «Tabşyr, Patyşalygyňda meniň bu iki oglumyň biri Seniň sagyňda, biri hem soluňda otursyn» diýdi. Emma Isa şeýle jogap berdi: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Meniň çokundyryljak çokunyşym bilen çokundyrylyp bilermisiňiz?» Olar-da Oňa: «Muny edip bileris» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz, Meniň çokundyryljak çokunyşym bilen çokundyrylarsyňyz. Ýöne size Meniň sagymda ýa solumda oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýynlan bolsa, şolar üçindir». Beýleki on şägirt muny eşidip, ýaňky iki dogana gaharlandylar. Emma Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Siz bilýärsiňiz, milletleriň başlyklary olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär. Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun. Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi». Olar Erihadan çykanlarynda, uly märeke Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ýoluň kenarynda oturan iki kör adam Isanyň geçip barýanyny eşidenlerinde: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyryşdylar. Märeke seslerini çykarmasynlar diýip, olara käýedi, ýöne olar: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, öňküden hem gaty gygyryşdylar. Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýdi. Olar-da Oňa: «Ýa Reb, gözümiz açylsyn» diýdiler. Isanyň haýpy gelip, olaryň gözlerine elini degirdi welin, derrew gözleri açyldy, onsoň Onuň yzyna düşüp gitdiler. Olar Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaja gelip ýetenlerinde, Isa iki şägirde: Öňüňizdäki oba baryň, salym geçmänkä, daňylgy duran ýany taýharly bir eşegi taparsyňyz, olary çözüň-de, Maňa getiriň. Biri size bir zat diýse: „Bular Rebbe gerek, ynha, yzyna iberer\ diýiň» diýip, ýollady. Bu-da pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçindi: «Sion gyzyna diýiň: Ine, seniň patyşaň bir eşege münüp, eşegiň balasy taýhara münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär». Şägirtler hem gidip, Isanyň tabşyryşy ýaly etdiler. Eşek bilen taýhary getirdiler-de, egin-eşiklerini olaryň üstüne atdylar, Isa-da taýharyň üstüne mündi. Märekäniň köpüsi öz egin-eşiklerini ýola ýazýardy, käsi-de agaçlardan şahalar kesip, ýola düşeýärdi. Onuň öňünden barýan we yzyndan gelýän märeke: «Dawut Ogluna hosanna! Rebbiň adyndan gelýän gutly bolsun, iň ýokarlarda hosanna!» diýip gygyryşýardylar. Isa Iýerusalime girende, bütin şäher: «Bu kim?» diýip titreýärdi. Märeke hem: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi. Isa Hudaýyň ybadathanasyna girip, içerdäki satyjylary, alyjylary daşaryk kowdy. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. Olara şeýle diýdi: «„Meniň öýüme doga öýi diýler\ diýip ýazylgydyr, siz muny garakçylaryň sürenine öwürdiňiz». Ybadathanada körler, agsaklar Onuň ýanyna geldiler, Ol hem olary sagaltdy. Baş ruhanylar bilen kanunçylar Onuň eden täsinliklerini, ybadathanada: «Dawut Ogluna hosanna!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gaharlandylar. Oňa: «Bularyň näme diýýänini eşidýärsiňmi?» diýdiler. Isa-da olara şeýle diýdi: «Hawa, siz: „Ýaşajyk balalaryň, süýt emýänleriň agzyndan alkyşlar aldyň\ diýen sözi asla okamadyňyzmy?» Isa olaryň ýanyndan gitdi, şäherden çykyp hem Beýtaniýa geldi, gijäni şol ýerde geçirdi. Ertesi şähere dolanyp gelýärkä ajykdy. Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, ýöne ondan ýapraklardan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk senden asla iýmiş önmesin!» diýdi. Injir agajy bolsa şol pursatyň özünde gurady. Şägirtler muny görüp: «Injir agajy şol pursatyň özünde nähili gurady?» diýşip haýran galdylar. Isa şeýle jogap berdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edileni etmek bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl\ diýseňiz-de, bu bolar. Iman edip, doga bilen her näme dileseňiz, alarsyňyz». Isa ybadathana gelip, sapak berip durka, baş ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýdiler. Isa olara jogap berip diýdi: «Men-de sizden bir zat sorajak, Maňa jogap berseňiz, Men hem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn. Ýahýanyň çokundyrmasy niredendi? Gökdenmi ýa ynsandan?» Olar-da özara pikir alşyp diýdiler: «Biz: „Gökden\ diýsek, Ol bize: „Onda, näme üçin oňa iman getirmediňiz?\ diýer. „Ynsandan\ diýmäge-de halkdan gorkýarys, çünki hemmeler Ýahýany bir pygamber saýýar». Olar Isa şeýle jogap berdiler: «Biz bilmeýäris». Isa-da olara şeýle diýdi: «Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaýaryn». Siz näme diýýärsiňiz? Bir adamyň iki ogly bar eken. Ol birinjisine baryp: „Oglum, bu gün git-de, üzümlikde işle\ diýýär. Ol hem jogap berip: „Gitjek däl\ diýýär. Ýöne soň ökünip gidýär. Ýaňky adam ikinjisine baryp şol sözi aýdýar; ol: „Bolýar, aga\ diýýär, ýöne gitmeýär. Bularyň ikisinden kakasynyň islegini ýerine ýetiren haýsysy?» Olar: «Birinjisi» diýdiler. Isa olara diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylardyr kemçinler Hudaýyň Patyşalygyna sizden öň girer. Çünki Ýahýa siziň ýanyňyza dogrulyk ýoly bilen geldi, siz oňa ynanmadyňyz, ýöne salgytçylar, kemçinler oňa ynandylar. Siz muny göreňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz». Ýene bir tymsala gulak asyň: Öý eýesi bolan bir adam bar eken. Ol üzüm agaçlaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar we bir üzüm sykylýan çukur gazýar, bir diň salyp, üzümligi bagbanlara ekerine berýär-de, uzak ýola gidýär. Hasyl wagty golaýlanda, miwesini almak üçin hyzmatkärlerini bagbanlara iberýär. Bagbanlar onuň hyzmatkärlerini tutup, birini ýençýärler, birini öldürýärler, beýlekisini-de daşlaýarlar. Üzümligiň eýesi öňküden köp hyzmatkär iberýär. Bagbanlar olara-da öňkülere edenlerini edýärler. Soňunda üzümligiň eýesi: „Oglumy sylarlar\ diýip, öz ogluny iberýär. Bagbanlar onuň ogluny görenlerinde, biri-birlerine: „Mirasdar şu, geliň, muny öldüreliň, miras bize galar\ diýişýärler. Ony tutup, üzümlikden daşaryk taşlap öldürýärler. Indi üzümligiň eýesi gelende bu bagbanlara näme eder?» Olar Isa diýdiler: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar edip, üzümligi möwsüminde miwesini özüne berjek bagbanlara ekerine berer». Isa olara şeýle diýdi: «Siz Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy. Bu Rebbiň edenidi, biziň gözümize bir täsinlik\ diýen sözi asla okamadyňyzmy? Munuň üçin size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler. Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar, ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar». Baş ruhanylardyr fariseýler Onuň tymsallaryny eşidenlerinde, özleri hakda gürrüň edýänini aňdylar. Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, çünki halk Isany pygamber saýýardy. Isa olara ýene-de tymsallar bilen gürrüň berip, şeýle diýdi: Gögüň Patyşalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa ýalydyr. Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, ýöne çagyrylanlar gelmek islemeýärler. Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara şeýle diýýär: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men naharymy taýýarladym, öküzler, semiz mallar soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler\. Emma olar ähmiýet bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna, ýene biri öz söwdasynyň ugruna çykýar. Beýlekiler-de onuň hyzmatkärlerini tutup, horlaýarlar, olary öldürýärler. Şeýlelikde, patyşa gazaplanyp, goşun ýollaýar-da, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar. Onsoň hyzmatkärlerine diýýär: „Toý taýýar, ýöne çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken. Ýol çatryklaryna baryň-da, kimi tapsaňyz, toýa çagyryň\. Bu hyzmatkärler hem ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmandan dolýar. Patyşa myhmanlara seretjek bolup içerik girende, toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär. Oňa diýýär: „Eý dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nähili girdiň?\ Ýöne ol sesini çykarmaýar. Onsoň patyşa hyzmatkärlere diýýär: „El-aýagyny baglaň-da, ony daşaryk, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar\. Çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr». Onsoň fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat geçirdiler. Hirodesçiler bilen öz şägirtlerini Isanyň ýanyna iberip diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýändigiňi, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyňy bilýäris, çünki Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň. Indi bize aýt, Sen näme diýýärsiň, kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi?» Isa olaryň ýaman niýetlerini bilip diýdi: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý ikiýüzlüler? Maňa salgyt puluny görkeziň». Olar hem Oňa bir dinar getirdiler. Isa olara: «Şu surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Kaýsaryňky» diýdiler. Şonda Isa olara: «Onda, kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar muny eşidenlerinde haýran galyp, Onuň ýanyndan gitdiler. Ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler şol gün Isanyň ýanyna gelip, Oňa sorag berdiler: Mugallym, Musa: „Eger bir adamyň zürýady bolman ölse, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir\ diýipdir. Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmansoň, aýalyny doganyna galdyrdy. Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli şeýle boldy. Olaryň hemmesinden soň hem aýal öldi. Indi, ölüler direlende, bu aýal ol ýedi doganyň haýsysynyň aýaly bolar? Çünki hemmesi ony alypdy». Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary, Hudaýyň gudratyny bilmän ýalňyşýarsyňyz. Ölüler direlenlerinde öýlenmän, äre çykman, Hudaýyň Gökdäki perişdeleri ýaly bolarlar. Ölümden direlmä gelenimizde bolsa, siz Hudaýyň özüňize: „Men Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy, Ýakubyň Hudaýydyryn\ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýydyr». Märeke muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy. Fariseýler Isanyň saddukeýleriň sesini çykartmanlygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar. Olardan bir kanunçy Isany synamak üçin: «Mugallym, kanunda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady. Isa oňa şeýle diýdi: «„Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý\. Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr. Ikinji hem şonuň ýaly: „Goňşyňy özüň ýaly söý\. Bütin kanun we pygamberler ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr». Fariseýler ýygnanyşyp durkalar, Isa olardan: «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň Ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň Ogly» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Onda, näme üçin Dawut Ruhdan ylham alyp, Oňa Reb diýip: „Reb meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, Meniň sagymda otur\ diýýär? Eger Dawut Oňa Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» Hiç kim Isa jogap berip ýekeje söz hem aýdyp bilmedi, şol günden beýläk hiç kim Ondan bir zat soramaga ýürek etmedi. Onsoň Isa halka, Öz şägirtlerine şeýle gürrüň berdi: Kanunçylar bilen fariseýler Musanyň ornunda otyrlar. Şonuň üçin olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetiriň, berjaý ediň, ýöne olaryň edenlerini etmäň, çünki aýdyp-da, özleri edýän däldirler. Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin bir barmaklaryny hem gymyldatmak isleýän däldirler. Olar edýän ähli zatlaryny göz üçin edýändirler. Doga gutularyny giňeldip, geýimleriniň pürçügini uzaldýandyrlar. Zyýapatlarda töri, sinagogalarda baş kürsüleri, bazar ýerinde salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym\ diýmegini söýýändirler. Siz özüňize „mugallym, mugallym\ diýdirmäň, çünki siziň Mugallymyňyz birdir, siziň baryňyz dogansyňyz. Ýer ýüzünde hiç kime „ Ata \ diýmäň, çünki siziň Ataňyz birdir, Ol Gökdedir. Özüňize „Ýolbaşçy\ diýdirmäň, çünki siziň Ýolbaşçyňyz birdir, Ol Mesihdir. Ulyňyz hemmäňize hyzmatkär bolsun. Çünki özüni beýgelden peseler, özüni peselden beýgeler. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz Gögüň Patyşalygyny adamlara baglaýarsyňyz, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýarsyňyz. Şonuň üçin siz has agyr jeza sezewar bolarsyňyz. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki birje adamy öz diniňize girizjek bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Girizeniňizde bolsa, ony özüňizden iki esse dowzah ogly edýärsiňiz. „Biriniň ybadathanadan ant içmegi möhüm däl, ýöne kim ybadathananyň gyzylyndan ant içse, öz antyna daňylgy bolar\ diýýän kör ýol görkezijiler, waý günüňize! Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gyzylmy ýa gyzyly mukaddes edýän ybadathana? Ýene: „Biriniň gurbanlyk edilýän ýerden ant içmegi möhüm däl, ýöne kim onuň üstündäki gurbandan ant içse, öz antyna daňylgy bolar\ diýýärsiňiz. Eý, akmaklar we körler! Haýsysy uly, gurbanmy ýa gurbany mukaddes edýän gurbanlyk ýeri? Gurbanlyk edilýän ýerden ant içýän ondan hem onuň üstündäki zatlaryň hemmesinden ant içýändir. Ybadathanadan ant içýän ondan we onuň içinde mekan tutan Hudaýdan ant içýändir. Gökden ant içýän Hudaýyň tagtyndan we onuň üstünde Oturandan ant içýändir. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz narpyzdan, anisden we zireden zekat berip, kanunyň wajybrak işlerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany taşladyňyz. Bu zatlary etmeli, beýlekileri-de taşlamaly däldiňiz. Eý çybyny süzüp aýryp, düýäni ýuwudýan kör ýol görkezijiler! Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, olaryň içi bolsa ogurlyk hem nebisjeňlikden doly. Eý, kör fariseý! Käsedir gap-çanagyň daşy-da arassa bolar ýaly, öňinçä içini arassala. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, ýöne içi ölüleriň süňkleri we her tüýsli murdarlykdan doly mazarlarsyňyz. Siz hem daşyňyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiňiz, ýöne içiňiz ikiýüzlülikden, erbetlikden doly. Waý günüňize, eý, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Çünki siz pygamberlere mazarlar salyp, dogry adamlaryň ýadygärliklerini bezäp: „Biz atalarymyzyň günlerinde bolan bolsak, pygamberleriň ganyny dökmekde olara şärik bolmazdyk\ diýýärsiňiz. Şeýlelik bilen, pygamberleri öldürenleriň ogullarydygyňyza özüňiz güwä geçýärsiňiz. Onda, atalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň! Eý ýylanlar we alahöwrenler nesli! Dowzah höküminden nähili gaçjak? Şoňa görä, ine, Men size pygamberler, akyldarlar we kanunçylar ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini-de sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere kowalarsyňyz. Şeýlelikde, dogry adam bolan Habylyň ganyndan tä ybadathana bilen gurbanlyk edilýän ýer arasynda öldüreniňiz Berekýanyň ogly Zekerýanyň ganyna çenli, her dogry adamyň ýer ýüzünde dökülen ganyna siz jogapkärsiňiz. Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir. Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz. Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar. Çünki size aýdýaryn, siz „ Rebbiň adyndan gelen gutly bolsun\ diýene deňeç Meni gaýtadan görmersiňiz». Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ýanyna gelip, Oňa ybadathananyň jaýlaryny görkezjek boldular. Emma Isa olara şeýle jogap berdi: «Bütin bu zatlary görýärmisiňiz? Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar». Isa Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri ýekelikde Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, sizi aldaýmasynlar. Çünki köpler: „Men Mesih \ diýip, Meniň adym bilen gelerler, köp adamlary aldarlar. Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habarlar eşidersiňiz. Ägä boluň, gorkmaň, çünki bularyň bary bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir: Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar, Ýer titrär. Emma bular burgularyň başlangyjydyr. Onsoň sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener. Şonda köpler imandan dänip, biri-birlerine haýynlyk eder, biri-birlerini ýigrenerler. Birentek ýalan pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. Şer işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar. Emma soňa çenli çydan halas bolar. Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzamana şonda geler. Şeýlelik bilen, Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny göreniňizde (okyjy düşünsin), Ýahudadakylar daglara gaçsyn. Öýüň üçegindäki ― öýünden bir zat almak üçin aşak inmesin. Ekin meýdanyndaky ― donuny almak üçin yzyna öwrülmesin. Ol günlerde göwreli, çaga emdirýän aýallaryň gününe waý! Gaça-gaçlygyňyz gyş ýa Sabat güni bolmasyn diýip doga ediň. Çünki şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli bolanam däldir, bolmazam. Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda, hiç kim halas bolmazdy, ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar. Şonda biri size: „Ine, Mesih şu ýerde\ ýa-da „Ine, ol ýerde\ diýse ynanmaň. Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça, saýlananlary-da azdyrjak bolup, uly alamatlar, gudratlar görkezerler. Ine, Men size öňünden aýtdym. Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde\ diýseler-de çykmaň, „Ine, içki otaglarda\ diýseler-de ynanmaň. Çünki ýyldyrym nähili gündogardan turup, günbatarda hem görünýän bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar. Maslyk nirede bolsa, garaguşlar şol ýere üýşüşýändir. Ol günleriň muşakgatynyň yzysüre Gün garalar, Aý yşygyny bermez, ýyldyzlar Gökden gaçyp, Gök gudratlary titrär. Onsoň Gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner, şonda ýer ýüzüniň bütin taýpalary perýat eder, Ynsan Oglunyň Gökdäki bulutlarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görer. Ol Öz perişdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, Gögüň bir ujundan ol ujuna çenli ýygnarlar. Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňiz. Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň. Men size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez. Emma ol güni hem ol sagady hiç kim, Gökdäki perişdeler-de bilýän däldir, diňe Ata bilýändir. Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar. Çünki adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli, tupandan öňki günlerde iýip, içip, öýlenip, äre çykýardylar. Tupan turup, hemmesini äkidýänçä, olar hiç zady bilmeýärdiler. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar. Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. Degirmen başynda galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar. Oýa boluň, çünki siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz. Emma muny biliň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy. Munuň üçin, siz hem taýýar boluň, çünki Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler. Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Agasy gelende, şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri nähili bagtlydyr! Size dogrusyny aýdýaryn, agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar. Bu ýaramaz hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler\ diýip, ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlasa, ol hyzmatkäriň agasy onuň oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip, ony iki bölüp, paýyny ikiýüzlüleriňki bilen deň eder. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar». Şonda Gögüň Patyşalygy çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyz ýaly bolar. Olaryň bäşisi akylsyz, bäşisi-de akylly eken. Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, ýöne ýanlaryna ýag almaýarlar. Akyllylar çyralary bilen birlikde gaplarda ýag äkidýärler. Giýew gijä galanda, hemmesi irkilip uklaýarlar. Ýarygije: „Ine, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!\ diýen batly ses eşidilýär. Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi turup, çyralaryny taýýarlaýarlar. Akylsyzlar akyllylara: „Bize ýagyňyzdan biraz beriň, çyralarymyz sönüp barýar\ diýýärler. Emma akyllylar jogap berip: „Bize-de, size-de ýetmezlik edäýmesin, gowusy, satyjylara baryň-da, özüňiz üçin alaýyň\ diýýärler. Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, giýew gelýär, taýýar bolup duranlar onuň bilen toýhana girýärler welin, gapy ýapylýar. Beýleki gyzlar hem soň gelip: „Aga! Aga! Gapyny aç\ diýýärler. Emma ol jogap berip: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi tanamok\ diýýär. Şeýlelik bilen, oýa boluň, çünki siz Ynsan Oglunyň ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz». Gögüň Patyşalygy uzak ýola çykmakçy bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyran adam ýalydyr. Bu adam her haýsynyň başarnygyna laýyk: birine ― bäş, birine ― iki, birine ― bir talant berip, derrew ýola düşýär. Bäş talant alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişýär, ýene bäş talant gazanýar. Iki talant alan-da şonuň ýaly, ýene iki talant gazanýar. Bir talant alan bolsa baryp, topragy gazýar-da, agasynyň puluny gizleýär. Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň agasy gelip, olardan hasabat soraýar. Bäş talant alan gelip, ýene bäş talant getirip: „Eý aga! Sen maňa bäş talant beripdiň, ine, men ýene bäş talant gazandym\ diýýär. Agasy oňa: „Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men saňa köp zatlary ynanaryn, agaň şatlygyna şärik bol\ diýýär. Iki talant alan hem gelip: „Eý aga! Sen maňa iki talant beripdiň, ine, men ýene iki talant gazandym\ diýýär. Agasy oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men seni köp zatlara bellärin, agaň şatlygyna şärik bol\ diýýär. Bir talant alan hem gelip: „Eý aga, men seniň gaty adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň. Şonuň üçin gorkdum, gidip, talantyňy toprakda gizledim, ine, puluňy al!\ diýýär. Emma agasy oňa şeýle diýýär: „Erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň? Onda, pulumy pul işledýänlere bermelidiň, men-de gelip, ony peýdasy bilen alardym. Indi bir talanty ondan alyň-da, on talantla beriň. Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. Peýdasyz hyzmatkäri daşaryk garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar\». Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Ähli milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar. Onsoň Patyşa sagyndakylara diýer: „Eý, Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly beri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň. Çünki açdym ― iýmäge zat berdiňiz, teşnedim ― suw berdiňiz, ýatdym ― myhman aldyňyz, ýalaňaçdym ― geýindirdiňiz, syrkawdym ― idetdiňiz, zyndandadym ― görmäge geldiňiz\. Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, naharladyk ýa haçan teşne görüp, suw berdik? Haçan Seni ýat görüp, myhman aldyk ýa ýalaňaç görüp geýindirdik? Haçan Seni syrkaw ýa-da zyndanda görüp, ýanyňa geldik?\ Patyşa jogap berip olara diýer: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz\. Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda gidiň. Çünki açdym ― iýmäge zat bermediňiz, teşnedim ― suw bermediňiz, ýatdym ― myhman almadyňyz, ýalaňaçdym ― geýindirmediňiz, syrkawdym we zyndandadym ― ýanyma gelmediňiz\. Şonda olar şeýle jogap bererler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, teşne, ýat, ýalaňaç, syrkaw ýa zyndanda görüp-de, Saňa hyzmat etmedik?\ Şonda olara şeýle jogap berer: „Size dogrusyny aýdýaryn, bu iň kiçilerden birine etmedigiňizi, Maňa eden dälsiňiz\. Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa giderler». Bu sözlerden soň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Ýene iki günden Pesah baýramydygyny bilýärsiňiz. Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar». Şol wagt baş ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp, Isany hile bilen tutup öldürmek üçin maslahat geçirdiler. Olar: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişdiler. Isa Beýtaniýada heýwere keselli Simunyň öýündekä, bir aýal içinde gaty gymmat atyr ysly ýag bolan ak mermer gap bilen Isanyň ýanyna gelip, Ol saçak başynda otyrka, ýagy Onuň depesinden guýdy. Şägirtler muny görenlerinde gaharlanyp: «Beýle isrip etmek nämä gerek? Bu ýagy köp pula satyp, garyplara berip-de bolardy» diýişdiler. Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin aýaly ynjadýarsyňyz? Ol Maňa ýagşylyk etdi. Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda, ýöne Men hemişe siziň ýanyňyzda bolmaryn. Ol bu ýagy Meniň bedenime guýmak bilen, Meni jaýlanmaga taýýar etdi. Size dogrusyny aýdýaryn, şu Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar». Onsoň Onkilerden Iuda Iskariot atly biri baş ruhanylaryň ýanyna baryp, olara: «Eger men Ony size tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýdi. Olar hem Iuda otuz bölek kümüş çekip berdiler. Ol şondan beýläk Isany tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi. Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Pesah naharyny iýmegiň üçin, nirede taýýarlyk görmegimizi isleýärsiň?» diýdiler. Ol şeýle diýdi: «Şähere gidiň-de, pylanynyň ýanyna baryp: „Mugallym: wagtym golaý, Pesahy şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde geçirjek\ diýýär diýiň». Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesahy taýýarladylar. Agşam düşende, Isa on iki şägirdi bilen bilelikde saçak başynda oturdy. Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri Maňa haýynlyk eder» diýdi. Olar gaty tukatlanyp, yzly-yzyna Oňa: «Ýa Reb, men-ä däldirin?» diýmäge başladylar. Ol hem şeýle jogap berdi: «Elini Meniň bilen bile tabaga batyran Maňa haýynlyk eder. Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy». Oňa haýynlyk eden Iuda: «Mugallym, men-ä däldirin?» diýdi. Isa hem oňa: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýdi. Olar naharlanyp otyrkalar, Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi we: «Alyň, iýiň, bu Meniň tenimdir» diýdi. Onsoň käsäni aldy, şükür edeninden soň, olara berip, şeýle diýdi: «Şundan hemmäňiz içiň. Çünki bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň ganydyr. Size diýýärin, Atamyň Patyşalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli üzüm şiresini gaýtadan içmerin». Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar. Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Bu gije siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz, çünki: „Çopany uraryn, sürüdäki goýunlar dagar\ diýip ýazylgydyr. Emma Men ölümden direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn». Petrus Oňa jogap berip: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men asla döndermerin» diýdi. Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. Petrus Oňa: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler. Onsoň Isa şägirtleri bilen Getsemani diýen ýere gitdi. Ol olara: «Men hol ýere baryp, doga edip bolýançam, şu ýerde oturyň» diýdi. Petrus bilen Zebedeýiň iki ogluny ýanyna aldy-da, tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady. Onsoň olara: «Meniň janym öler ýaly tukat, bu ýerde galyp, Meniň bilen bile oýa boluň» diýdi. Biraz öňe gidip, ýüzin ýatdy-da: «Eý Atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir; ýöne Meniň isleýşim ýaly däl, Seniň isleýşiň ýaly bolsun» diýip doga etdi. Isa şägirtleriň ýanyna gelse, olar uklap ýatan eken. Ol Petrusa şeýle diýdi: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi? Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň. Ruh islegli, ýöne ten ejizdir». Isa ikinji gezek gidip: «Eý Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda, Seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi. Ýene gelende, şägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryň gözleri ýumlup gelýärdi. Isa olary galdyryp, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek doga etdi. Onsoň şägirtleriň ýanyna gelip, olara diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrmysyňyz? Dynjyňyzy alýarmysyňyz? Ine, sagat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. Turuň, gideliň, ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady». Ol entek gepläp durka, ine, Onkileriň biri bolan Iuda, onuň bilen bilelikde baş ruhanylar we halkyň ýaşululary tarapyndan gylyçly, taýakly bir uly märeke geldi. Oňa haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Şoldur, Şony tutuň» diýip, alamat beripdi. Ol derrew Isanyň ýanyna baryp: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi. Isa hem oňa: «Näme üçin geldiň, dostum!» diýdi. Onsoň olar Isa golaý gelip, el urup, Ony tutdular. Ine, Isanyň ýanyndakylardan biri elini uzadyp, gylyjyny syrdy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, gulagyny kesdi. Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, çünki gylyç çekenleriň hemmesi gylyç bilenem öldüriler. Ýa Men on iki legiondan köp perişdäni derrew ibersin diýip, Atama ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Onda, bu şeýle bolmalydyr diýen Mukaddes Ýazgylar nähili ýerine ýeter?» Şol sagat Isa märekä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldiňizmi? Her gün ybadathanada oturyp, sapak berenimde, Meni tutmandyňyz. Ýöne bularyň hemmesi pygamberleriň ýazgylarynyň ýerine ýetmegi üçin boldy». Şonda şägirtleriň hemmesi Ony taşlap gaçdylar. Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, kanunçylar bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar. Petrus bolsa baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Içerik girdi-de, işiň soňuny görjek bolup, hyzmatkärler bilen bile oturdy. Baş ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny berjek bolup, Oňa garşy ýalan şaýatlar agtardylar. Köp ýalançy şaýatlar geldi, ýöne onda-da tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki ýalançy şaýat gelip, şeýle diýdi: «Bu Adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günüň içinde salyp bilerin\ diýdi». Baş ruhany ýokaryk galyp: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän güwäligi näme?» diýdi. Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly Mesih Senmi?» diýdi. Isa oňa: «Seniň aýdyşyň ýalydyr, ýöne size diýýärin, mundan soň Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, Gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz» diýdi. Şonda baş ruhany öz egin-eşigini ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýat nämä gerek? Ine, Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz. Näme diýýärsiňiz?» diýdi. Olar hem jogap berip: «Ol ölüme mynasyp» diýdiler. Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa: «Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony şapbatladylar. Petrus bolsa daşarda howluda otyrdy. Bir keniz onuň ýanyna gelip: «Sen-de jelileli Isa bilen bilediň» diýdi. Emma ol hemmäniň ýanynda inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi bilmeýärin» diýdi. Derwezä tarap barýarka, başga bir keniz ony görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam hem Nasyraly Isa bilen biledi» diýdi. Petrus ýene-de inkär edip: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip ant içdi. Az salymdan soň, ol ýerde duranlar gelip, Petrusa: «Dogrudan hem, sen-de olardan, çünki gepleýşiň muny bildirip dur» diýdiler. Şonda Petrus: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy. Edil şol wagt horaz gygyrdy. Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady-da, daşaryk çykyp, möňňürip aglady. Ertir irden ähli baş ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek üçin maslahat geçirdiler. Ony baglap, eltip, häkim Pontius Pilatusa tabşyrdylar. Onsoň Oňa haýynlyk eden Iuda Isanyň höküm edilenini görüp ökündi, otuz bölek kümşi yzyna ― baş ruhanylara, ýaşululara getirip, «Men ýazyksyz gana haýynlyk edip günä etdim» diýdi. Olar-da: «Bu bize näme, özüň bilýärsiň» diýdiler. Iuda kümüşleri ybadathana zyňdy-da, çykyp gitdi, baryp hem, özüni dardan asdy. Baş ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Hun bolany üçin, bulary ybadathananyň hazynasynda goýmak bolmaz» diýdiler. Şeýlelikde, maslahat geçirip, ýatlara gonamçylyk etmek üçin, ol pul bilen küýzegäriň ýerini satyn aldylar. Şonuň üçin ol ýere şu güne çenli «Gan ýeri» diýilýär. Şonda Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan bu söz ýerine ýetdi: «Ysraýyl ogullarynyň ol Baha Kesilene kesen bahasyny, ýagny otuz bölek kümşi alyp, Hudaýyň maňa buýruşy ýaly, küýzegäriň ýeri üçin berdiler». Isa häkimiň öňünde durdy. Häkim Ondan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýdi. Ýöne baş ruhanylar, ýaşulular Ony aýyplanlarynda, hiç bir jogap bermedi. Onsoň Pilatus Oňa: «Saňa garşy, gör, näçe güwälik berilýär, eşitmeýärsiňmi?» diýdi. Isa onuň ýekeje sözüne hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy. Pesah baýramynda halkyň dilän bir tussagyny boşatmagy häkim adat edinipdi. Şol wagtlar Barabbas atly bir belli tussag bardy. Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilatus olara: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýdi. Çünki ol Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. Pilatus höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry Adam bilen seniň işiň bolmasyn, çünki men şu gün düýşümde Ol zerarly köp ezetler çekdim» diýip, habar ýollapdy. Baş ruhanylar, ýaşulular Barabbasyň boşadylmagyny we Isanyň öldürilmegini islesinler diýip, halky yrdylar. Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden haýsynyň boşadylmagyny isleýärsiňiz?» diýdi. Olar hem: «Barabbasy» diýdiler. Pilatus olara: «Onda, men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýdi. Olaryň hemmesi: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler. Häkim: «Ol näme ýaman iş etdi?» diýdi. Emma olar: «Ol haça çüýlensin!» diýip, has beter gygyryşdylar. Pilatus gep peýda bermän, gaýtam, galmagalyň barha artýandygyny görüp, suw aldy-da, märekäniň öňünde elini ýuwup: «Bu dogry Adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz, galanyny özüňiz bilýärsiňiz» diýdi. Hemme halaýyk hem jogap berip: «Onuň ganyna biz, biziň çagalarymyz jogapkär!» diýdiler. Şonda Pilatus Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi. Onsoň häkimiň esgerleri Isany hökümet köşgüne äkitdiler-de, bütin goşun bölümini Onuň daşyna üýşürdiler. Egin-eşigini çykaryp, egnine gyrmyzy don geýdirdiler. Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline bir gamyş berdiler. Öňünde dyza çöküp: «Salam, eý ýehudylar patyşasy» diýip, Ony masgaraladylar. Onuň üstüne tüýkürdiler, gamşy alyp, başyna urdular. Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge alyp gitdiler. Daşaryk çykanlarynda, Simun atly kireneli bir adama sataşdylar. Olar bu adamy Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere gelenlerinde, Oňa içirjek bolup, öt gatylan şerap berdiler, ýöne Isa dadanyndan soň, ony içmek islemedi. Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar. Onsoň ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler. Depesinde bolsa: «BU ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny goýdular. Onuň bilen bile iki garakçy haça çüýlendi. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady. Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isa sögüp: «Ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen Özüňi halas et! Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak in!» diýişýärdiler. Şunuň ýaly, baş ruhanylar-da kanunçylar we ýaşulular bilen Ony masgaralap, şeýle diýişýärdiler: Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy bolsa, goý, häzir haçdan aşak insin, biz-de Oňa iman edeli. Hudaýa sygynýardy. Hudaý Ony halaýan bolsa, goý, häzir Ony halas etsin, çünki Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn\ diýýärdi». Onuň bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa edil şonuň ýaly sögýärdiler. Günortandan başlap, öýlän sagat üçe çenli bütin ýurda garaňky düşdi. Öýlän sagat üçlerde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eli, Eli, lama sabaktani», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. Ol ýerde duranlaryň käbiri muny eşidenlerinde: «Bu Adam Ylýasy çagyrýar» diýişdiler. Olaryň biri derrew ylgap, bir gubkany aldy-da, ony sirkeden dolduryp, içirjek bolup Isa uzatdy. Beýlekiler-de: «Duruň, göreliň, Ylýas Ony halas etmäge gelýärmi?» diýişdiler. Isa ýene gaty ses bilen gygyryp jan berdi. Ine, ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy. Mazarlar açylyp, uka giden ençeme mukaddesleriň jesedi direldi. Olar mazarlardan çykyp, Isanyň direlmeginden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler. Ýüzbaşy we onuň bilen bile Isa garawullyk edip duranlar bolsa ýer titremegini, bolan beýleki zatlary görenlerinde: «Dogrudan-da, bu Hudaýyň Ogly eken» diýşip, gaty gorkdular. Isa hyzmat edip, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen bir topar aýallar-da ol ýerdediler we uzakdan seredişip durdular. Magdalaly Merem, Ýakupdyr Ýusubyň ejesi Merem we Zebedeý ogullarynyň ejesi olaryň arasyndady. Agşam bolanda, Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam geldi, onuň özi-de Isanyň şägirtlerindendi. Ol Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. Şonda Pilatus jesediň oňa berilmegini buýurdy. Ýusup-da meýidi alyp, Ony tämiz kepene dolap, gaýanyň içinde gazan täze mazarynda jaýlady, mazaryň agzyna bolsa bir uly daşy togalady-da, gitdi. Magdalaly Merem bilen beýleki Merem hem şol ýerde mazaryň garşysynda otyrdylar. Ertesi, ýagny Taýýarlyk gününden soňraky gün baş ruhanylar we fariseýler Pilatusyň ýanyna ýygnanyşyp, şeýle diýdiler: «Jenap, ol aldawçynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin\ diýeni biziň ýadymyzda. Şonuň üçin, mazaryň üçünji güne çenli saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi\ diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden erbet bolar». Pilatus olara: «Siziň garawullaryňyz bar, gidiň-de, mazary bilşiňiz ýaly sakladyň» diýdi. Olar hem baryp, daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary saklatdylar. Sabat güni geçenden soň, hepdäniň ilkinji güni daň bilen magdalaly Merem we beýleki Merem mazary görmäge gitdiler. Ine, birden ýer güýçli titredi, çünki Rebbiň bir perişdesi Gökden indi we gelip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy. Onuň görnüşi ýyldyrym kimin, eginbaşy gar ýaly akdy. Garawullar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýykyldylar. Perişde aýallara şeýle diýdi: «Gorkmaň, çünki men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin. Ol bu ýerde däl, aýdyşy ýaly, direldi. Geliň, Rebbiň ýatan ýerini görüň. Tiz gidip şägirtlerine: „Isa direlipdir, ine, sizden öň Jelilä barýar. Ony ol ýerde görersiňiz\ diýiň. Ine, men size aýtdym». Aýallar gorky hem şatlyk bilen tiz mazaryň ýanyndan aýrylyp, habary Isanyň şägirtlerine bildirmek üçin ylgaşdylar. Onuň şägirtlerine habar berjek bolup barýarkalar, Isa olara sataşyp: «Salam!» diýdi. Olar hem ýakyna gelip, Onuň aýagyna ýapyşdylar, Oňa sežde etdiler. Onsoň Isa olara: «Gorkmaň, baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi. Olar barýarkalar, garawullaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary baş ruhanylara habar berdiler. Olar-da ýaşulular bilen ýygnanyşyp maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip, şeýle diýdiler: «Halka: „Şägirtleri gije gelip, biz ýatyrkak, Onuň jesedini ogurlapdyrlar\ diýiň. Bu söz häkimiň gulagyna baryp ýetse, biz ony ynandyryp, sizi ünjüden dyndararys». Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýehudylaryň arasynda şu güne çenli dowam edip gelýär. Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä ― Isanyň aýdan dagyna gitdi. Isany görüp, Oňa sežde etdiler, ýöne olaryň käbiri şübhelendi. Isa hem ýanlaryna gelip, olara şeýle diýdi: «Ähli ygtyýar ýerde-Gökde Maňa berildi. Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn. Omyn». Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr. Pygamberleriň kitabynda şeýle ýazylgy: «Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol Seniň ýoluňy taýýarlar». «Çölde gygyrýanyň sesi: Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň diýýär». Şeýlelikde, Ýahýa peýda boldy. Ol çölde çokundyrýardy, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi. Bütin Ýahuda ýurdy, iýerusalimlileriň bary onuň ýanyna çozuşýardylar. Olar günälerini boýun alýardy, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy. Ýahýanyň düýe ýüňünden geýimi, bilinde gaýyşdan guşagy bardy we çekirtge bilen ýabany bal iýerdi. Ol wagyz edip: «Menden soň menden has güýçli Biri geler. Men egilip, Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Men sizi suw bilen çokundyrdym, emma Ol sizi Mukaddes Ruh bilen çokundyrar» diýýärdi. Şol günlerde Isa Jeliläniň Nasyra şäherinden geldi, Ýahýa Ony Iordan derýasynda çokundyrdy. Isa suwdan çykyp gelýärkä, Gögüň ýarylyp açylanyny, Ruhuň kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi. Gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi. Ruh Isany derrew çöle ýollady. Ol kyrk günläp çölde boldy; şeýtan Ony synady. Isa wagşy haýwanlaryň arasynda boldy, perişdeler Oňa hyzmat etdiler. Ýahýa tutulandan soň, Isa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip, Jelilä geldi. Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» diýýärdi. Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, Simun bilen onuň dogany Andreýasyň köle torlaryny zyňyp duranlaryny gördi. Bular balykçydylar. Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. Olar-da derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. Biraz ýöränlerinden soň, Isa Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen onuň dogany Ýahýany gördi. Olar gaýygyň içinde torlaryny bejerip otyrdylar. Isa derrew olary çagyrdy. Olar-da kakalary Zebedeýi öz günlükçileri bilen gaýykda galdyryp, Isanyň yzyna düşdüler. Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Onuň taglymatyna haýran galdylar. Çünki Isa olara kanunçylar kimin däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi. Şol wagt olaryň sinagogasynda arwaha sataşan bir adam bardy. Ol: «Biziň bilen Seniň näme işiň bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy. Isa arwaha käýäp: «Sem bol-da, ondan çyk!» diýdi. Arwah hem ol adamy sandyratdy-da, bagyryp, ondan çykdy. Hemmeler geňirgenişip, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu täze taglymat näme? Ol al-arwahlara-da ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da aýdanyna gulak asýarlar!» diýişdiler. Şeýlelikde, Isa hakdaky gürrüňler tiz Jeliläniň bütin etrabyna ýaýrady. Sinagogadan çykan batlaryna, Ýakup we Ýahýa bilen bilelikde Simun we Andreýasyň öýüne gitdiler. Simunyň gaýynenesi gyzzyrma tutup ýatyrdy. Muny derrew Isa aýtdylar. Ol-da syrkawyň ýanyna bardy, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy aýrylyp, olara hyzmat etmäge durdy. Gün ýaşyp, agşam düşende, ähli syrkawlary, arwah-jyn uran adamlary Onuň ýanyna getirdiler. Bütin şäher halky gapynyň agzyna ýygnanyşypdy. Isa dürli syrkawçylyklara ýolugan ençeme adamy sagaltdy, ençeme jyny kowup çykardy. Ol jynlary gepletmeýärdi, çünki olar Onuň kimdigini bilýärdiler. Ertir irden, şapak entek gyzarmanka, Isa turup, daşaryk çykdy, bir çola ýere baryp, doga etmäge durdy. Simun bilen ýanyndakylar Ony gözlemäge gitdiler. Ony tapanlarynda: «Her kes Seni gözläp ýör» diýdiler. Isa olara: «Başga ýere, golaýdaky şäherlere gideliň, Men ol ýerlerde-de wagyz etjek, çünki şonuň üçin geldim» diýdi. Şeýlelikde, sinagogalarynda wagyz edip, jynlary kowup, bütin Jeliläni gezdi. Isanyň ýanyna heýwere keselli bir adam geldi, dyza çöküp: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip, Oňa ýalbardy. Isanyň ýüregi awady, elini uzatdy-da: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, oňa elini degirdi. Heýwere keseli ondan derrew aýrylyp, ol adam tämiz boldy. Isa oňa berk tabşyryk berip, ony derrew ugradyp: «Seret, hiç kime aýtma, ýöne bar, özüňi ruhana görkez-de, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligiň üçin Musanyň tabşyran gurbanlaryny bagyş et» diýdi. Emma ol adam çykdy, köp gürrüň berip, bolan zatlary ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin, Isa, artykmaç, hiç bir şähere aç-açan girip bilmän, daşarda, çola ýerlerde bolýardy. Halk hem her tarapdan Onuň ýanyna çozýardy. Bir näçe gün soň ýene Kapernauma gelende, Isanyň öýdedigi eşidildi. Üýşüşen adamlar şeýle bir köpdi welin, gapynyň agzynda-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň sözüni aýdyp durdy. Şonda Onuň ýanyna dört adam tarapyndan göterilip getirilen bir ysmazy alyp geldiler. Märeke zerarly Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmän, Onuň duran jaýynyň üçegini açyp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak düşürdiler. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. Ol ýerde oturan kanunçylaryň käbiri bolsa: «Bu Adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýalňyz Hudaýdan başga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletdiler. Isa derrew beýle oýlanýandyklaryny ruhunda syzyp, olara şeýle diýdi: «Näme içiňizi beýle gepledýärsiňiz? Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi\ diýmekmi ýa-da „Tur, düşegiňi al-da ýöre\ diýmek? Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň barlygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Saňa diýýärin: tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi. Ol hem ýokaryk turdy-da, derrew düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Bary haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyryp: «Biz beýle zady asla görmändik» diýişdiler. Isa çykyp, ýene kölüň ýakasyna gitdi. Bütin halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara sapak berdi. Ol geçip barýarka, gümrükhanada oturan Alfaýyň ogly Lewini görüp oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi. Ol Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, Isa we Onuň şägirtleri bilen birlikde birentek salgytçylar we günäkärler-de otyrdylar. Çünki Onuň yzyna düşüp gidenleriň sany köpdi. Fariseýler we kanunçylar Isanyň günäkärdir salgytçylar bilen bile nahar iýip oturanyny görenlerinde, şägirtlerinden: «Ol näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen bile iýip-içýär?» diýip soradylar. Isa muny eşideninde olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Men dogry adamlary däl, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýdi. Ýahýanyň şägirtleriniň we fariseýleriň agyzlary orazaka, käbir adamlar gelip, Oňa: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri, fariseýleriň şägirtleri oraza tutýarlar-da, Seniň şägirtleriň oraza tutmaýarlar?» diýdiler. Isa olara şu gaýtargyny berdi: «Giýew ýanlarynda barka, toýdakylar oraza tutup bilermi? Giýew ýanlaryndaka, oraza tutup bilmezler. Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda, şol gün olar oraza tutarlar. Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz. Ýogsa, täze ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk has hem erbet bolar. Hiç kim-de täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa, şerap meşikleri ýaryp döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr». Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý başlaryny ýolmaga başladylar. Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärler?» diýdiler. Isa olara şeýle gaýtargy berdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, Dawudyň näme edenini asla okamadyňyzmy? Ol baş ruhany Abiýataryň zamanynda Hudaýyň öýüne bardy, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi». Ýene olara: «Adam Sabat güni üçin däl, eýsem, Sabat güni adam üçin döredildi. Şonuň üçin, Ynsan Ogly Sabat gününiň-de Rebbidir» diýdi. Isa ýene sinagoga bardy. Ol ýerde eli gurap inçelen bir adam bardy. Käbirleri Isany aýyplajak bolup, «Sabat güni şypa edermikä?» diýip aňtaýardylar. Isa eli gurap inçelen adama: «Orta çyk!» diýdi. Onsoň olardan sorady: «Sabat güni haýsysy dogry, ýagşylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?» Olardan ses çykmady. Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynanyp, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy, eli sagaldy. Fariseýler daşaryk çykyp, Ony nähili heläk etmek barada Hirodesiň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler. Isa şägirtleri bilen bile kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly märeke hem Onuň yzyna düşüp barýardy. Onuň eden ähli işlerini eşidip, Ýahudadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Saýda töwereklerinden-de uly märeke ýanyna çozuşdy. Isa märekäniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy. Bir toparlaryny sagaldany üçin hemme syrkawlar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler. Al-arwahlar Ony görenlerinde, Öňünde ýere ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar. Emma Ol Özüniň kimdigini mälim etmezligi olara berk tabşyrdy. Onsoň Isa daga çykyp, Öz islän adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar-da Onuň ýanyna bardylar. [14-16] Ol Özi bilen bile bolar ýaly on iki adamy belledi. Onuň wagyz etmäge iberen, syrkawlary sagaldyp, jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki adamy şulardyr: *** *** [17-19] Petrus lakamyny bereni Simun, Beni-Regoş, ýagny «Gök gürrüldisiniň Ogullary» lakamyny bereni Zebedeýiň ogly Ýakup bilen onuň dogany Ýahýa, Andreas, Filipus, Bartolomeus, Matta, Tomas, Alfeusyň ogly Ýakup, Taddeus, watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot. *** *** Onsoň bir öýe bardylar. Ýene şeýle uly märeke ýygnandy welin, Isa bilen şägirtleriniň nahar iýmäge-de eli ýetmedi. Isanyň ýakynlary muny eşidip, Ony alyp gaýtmaga bardylar. Çünki Oňa üýtgäpdir diýýärdiler. Iýerusalimden gelen kanunçylar bolsa: «Ony Beýelzebul eýeläpdir, Ol jynlary jynlaryň hany arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler. Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, olara tymsal bilen şeýle diýdi: «Şeýtan şeýtany nähili kowup çykarsyn? Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez. Bir öýüň içinde bölünişik bolsa, ol öý berk durup bilmez. Şeýtan öz-özüne garşy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onuň soňunyň geldigidir. Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony baglamaly bolar, onsoň öýüni talar. Size dogrusyny aýdýaryn, ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Ol ebedi höküme sezewar bolar». Isa muny: «Ol arwahly» diýenleri üçin aýtdy. Onsoň Onuň ejesi bilen doganlary geldi. Daşarda durup, ýanyna adam iberip, Ony çagyrdylar. Märeke Isanyň daşyny alyp otyrdy. Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň, uýalaryň daşarda Seni soraýarlar» diýdiler. Isa olara jogap berip: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi. Onsoň daşyny alyp oturanlara seredip, şeýle diýdi: «Ine, Meniň ejem, Meniň doganlarym! Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam we ejemdir». Isa ýene-de kölüň ýakasynda halka sapak bermäge başlady. Daşyna üýşüşen märeke şeýle uludy welin, Ol köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Bütin märeke bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. Olara tymsallar bilen köp zatlar öwretdi. Olara öwredip otyrka, şeýle diýdi: «Gulak asyň! Ine, bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň kenaryna düşýär. Guşlar hem gelip, ony iýýärler. Birnäçesi topragy az, daşlyk ýere düşüp, tiz gögerip çykýar, çünki toprak çuň däl eken. Ýöne olar Gün galanda, kökleriniň ýoklugy zerarly, ýanyp, gurap gidýär. Birnäçe tohumlar tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Şeýlelikde, olar hasyl bermeýär. Birnäçesi bolsa gowy ýere düşýär. Ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär». Isa onsoň olara: «Gulagy barlar eşitsin!» diýdi. Ol ýeke galanda, Onkiler bilen daşyndakylar Ondan bu tymsallaryň manysyny soradylar. Isa olara şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň syry size berildi, ýöne daşardakylara hemme zat tymsallar bilen aýdylýar. Bu bolsa gözleýänler gözleri bilen seredip görmesinler, eşidýänler gulaklary bilen eşidip düşünmesinler diýlip edilýär. Beýle bolmasa, Hudaýa tarap öwrülip bagyşlanarlar». Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda bütin tymsallara nähili düşünjek? Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir. Sözüň ekilen ýerinde, ýoluň kenaryndakylar sözi eşiden, ýöne ýüreklerine ekilen bu sözi tiz şeýtana aldyran adamlardyr. Şonuň ýaly-da, daşlyk ýere ekilenler sözi eşidip, ony derrew şatlyk bilen garşylan adamlardyr. Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyrlar. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz döndererler. Tikenler arasyna düşen beýlekiler bolsa, sözi eşiden adamlardyr. Emma dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy, başga höwesler ara girip, sözi bogýar, ol hasylsyz bolýar. Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, kabul eden, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berenlerdir». Isa olara şeýle diýdi: «Çyra galla ölçeginiň ýa çarpaýanyň aşagynda goýmak üçin getirilýärmi? Çyradanyň üstünde goýmak üçin dälmi? Gizlin bolup-da, belli bolmajak zat ýokdur, ýaşyryn bolup-da, üsti açylmajak zat ýokdur. Gulagy barlar eşitsin!» Isa olara ýene şeýle diýdi: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Siz ― üns berýänler hatda köpräk hem alarsyňyz. Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar». Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr. Gije-gündiz ýatar, turar; tohum biter, öser. Ol munuň nähili bolýanyny bilmez. Toprak öz-özünden hasyl berer. Öňürti baldagy, soňra başy, soňra-da başdaky doly däneleri berer. Hasyl bişende, ýaňky adam derrew oragy işe salar. Çünki orak wagty gelendir». Olara ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzedeli ýa ony haýsy tymsal bilen düşündireli? [31-32] Hudaýyň Patyşalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Ýer ýüzünde topraga ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolan bu tohum ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Şeýle uly şahalar çykarýar welin, gögüň guşlary kölegesinde höwürtgeläp bilýärler». *** Isa sözi olara eşidip biljek möçberlerinde şunuň ýaly köp tymsallar bilen aýdardy. Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirerdi. Şol gün, agşam bolanda şägirtlerine: «Beýleki kenara geçeliň» diýdi. Märekäni ugradyp, Ony şol oturyşyna gaýyk bilen alyp gitdiler. Ýanynda beýleki gaýyklar-da bardy. Bir güýçli ýel turup, tolkunlar gaýyga şeýle urdy welin, gaýyk eýýäm suwdan dolup ugrady. Ol bolsa gaýygyň artky tarapynda bir ýassygy ýassanyp, uklap ýatyrdy. Şägirtler Ony oýaryp: «Mugallym, heläklenip barýarys! Seniň perwaýyňa-da dälmi?» diýdiler. Isa turup, ýele käýäp, köle: «Sem bol, dek otur!» diýdi. Şeýlelikde, ýel ýatyp, imi-salalyk boldy. Isa şägirtlere: «Näme üçin gorkýarsyňyz? Näme üçin imanyňyz ýok?» diýdi. Olar gaty gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kim? Ýel-de, köl-de Onuň sözüne gulak asýar!» diýişdiler. Olar kölüň beýleki kenaryna, gadaralylaryň ýurduna geldiler. Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa mazarlardan çykan bir arwahly adam gabat geldi. Bu adam mazarlaryň içinde ýaşardy. Ony, artykmaç, hiç kim zynjyr bilen-de baglap bilmezdi. Telim gezek kündelenip zynjyrlanypdy, ýöne ol zynjyrlary gyryp, kündeleri bölek-bölek ederdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi. Hemişe ― gije-gündiz mazarlar arasynda, daglarda gygyryp, özüni daşlar bilen ýaralar ýörerdi. Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Oňa sežde etdi. Batly ses bilen gygyryp: «Eý Isa! Hemmeden beýik bolan Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Hudaýyň haky üçin Saňa ýalbarýaryn, meni gynama!» diýdi. Çünki Isa oňa: «Eý arwah, bu adamdan çyk» diýipdi. Onsoň ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Legion, çünki biz köpdüris» diýip jogap berdi. Özlerini ol ýurtdan kowup goýbermezligi üçin Isa köp ýalbardy. Şol ýerde dagyň eteginde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi. Arwahlar: «Bizi bu doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýip, Isa ýalbardylar. Isa olara rugsat berdi. Al-arwahlar çykyp, doňuzlara girdiler. Iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy. Çopanlar bolsa gaçyp, şäherdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk hem näme bolanyny görmäge geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir legion jyn tarapyndan eýelenen adamyň egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. Wakany görenler jynlaryň eýelän adamyna hem doňuzlara näme bolanyny olara aýtdylar. Onsoň halk öz ülkelerinden gitmegi üçin Isa ýalbarmaga başlady. Ol gaýyga münende, jynlardan halas bolan adam Onuň bilen bile gitmek üçin Isa ýalbardy. Ol muňa rugsat bermän, ol adama: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň saňa edenleriniň baryny, saňa nähili rehim edenini olara aýt» diýdi. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenleriniň baryny Dekapolisde jar etmäge başlady. Hemme adamlar muňa haýran galdy. Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly märeke üýşdi. Isa kölüň kenaryndady. Sinagoga başlyklaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy. Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalsyn, ýaşasyn!» diýdi. Isa bu adam bilen gitdi. Uly märeke-de yzyna düşüp, Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy. Şol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal bardy. Ol ençeme tebibiň elinden köp ezetler çekip, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç bir peýda görmän, gaýtam, haly has erbetleşipdi. Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, märekäniň içi bilen Onuň ýeňsesinden gelip, geýimine elini degirdi. Çünki ol öz içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de, sagalaryn» diýýärdi. Şol bada-da gan akmasy kesilip, derdinden açylandygyny endamynda duýdy. Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny derrew aňyp, märekäniň içinde öwrülip: «Meniň geýimime kim el degirdi!» diýdi. Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän märekäni görýärsiň, ýene-de: „Maňa kim el degirdi?\ diýýärsiň» diýdiler. Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi. Ýaňky aýal özüne näme bolandygyny bileninden soň gorkup, titräp geldi. Isanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa hemme zadyň dogrusyny aýtdy. Isa oňa: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» diýdi. Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň aýryldy. Näme üçin Mugallyma artykmaç zähmet berýärsiň?» diýdiler. Isa muny eşiden badyna, sinagoga başlygyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi. Isa Petrus, Ýakup we Ýakubyň dogany Ýahýadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi. Sinagoga başlygynyň öýüne gelenlerinde, Isa galmagaly, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi. Içerik girip, olara: «Näme üçin galmagal edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi. Olar Oňa gülüşdiler. Emma Isa hemmesini daşarda goýup, çaganyň ata -enesi bilen Öz ýanyndakylary ýanyna alyp, çaganyň ýatan ýerine bardy. Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kumi!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa gal diýýärin» diýmekdir. Gyz derrew galyp, ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Ol ýerdäkileriň ählisi gaty geň galdylar. Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar berilmelidigini aýtdy. Isa ol ýeri terk edip, Öz önüp-ösen mekanyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşüp gitdiler. Sabat güni gelende, sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Onuň aýdýanlaryny eşiden köp adamlar geňirgenişip: «Bu Adam bu zatlary nireden aldy? Muňa berlen bu akyldarlyk näme? Beýle mugjyzalary nähili edýärkä? diýdiler. Bu agaç ussasy dälmi? Bu Meremiň ogly, Ýakup, Ioses, Iuda we Simunyň dogany dälmi? Munuň aýal doganlary biziň ýanymyzda dälmi?» Şeýlelikde, öýke-kine bilen Ony ret etdiler. Isa olara: «Pygamber öz ýurdundan, garyndaşlarynyň arasyndan, öz öýünden başga hiç ýerde gadyrsyz däldir» diýdi. Ol birnäçe syrkawy üstlerine ellerini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza edip bilmedi. Olaryň imansyzdygyna geň galdy. Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp sapak bererdi. Ol Onkileri ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga başlady, olara al-arwahlary kowmaga ygtyýar berdi. Ýol üçin ýanlaryna bir taýakdan başga hiç bir zat almazlygy tabşyrdy. Ne çörek, ne torba, ne-de guşaklarynda pul bolmalydy. Olar diňe çaryk geýmelidiler, iki köýnek geýmeli däldiler. Isa olara şeýle diýdi: «Haýsy ýerde bir öýe barsaňyz, ol ýerden gidýänçäňiz şol öýde boluň. Haýsy ýer sizi kabul etmese, sizi diňlemese, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy güwälik bolar ýaly, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň». Şunluk bilen, olar ýola düşüp, adamlaryň toba etmek gerekdigini wagyz etmäge başladylar. Olar köp jynlary kowup çykardylar, köp syrkawlary ýag çalyp sagaltdylar. Hirodes patyşa-da bolup-geçýän zatlary eşitdi. Çünki Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Hirodes hem: «Çokundyryjy Ýahýa ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryň ondan çykmagynyň sebäbi budur» diýýärdi. Beýlekiler bolsa: «Bu ― Ylýas», käbirleri-de: «Bu şol öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler. Hirodes bulary eşidip: «Meniň başyny kesen Ýahýam direlipdir!» diýdi. [17-18] Çünki Hirodesiň özi adam iberip Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, ony zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyň aýaly Hirodiýanyň hatyrasyna edipdi. Çünki Hirodes bu aýala öýlenende, Ýahýa oňa: «Seniň öz doganyňyň aýalyny almagyň dogry däl» diýipdi. *** Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi. Çünki Hirodes Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder ederdi, ony gorardy. Ony diňledigiçe, howsala düşerdi, muňa garamazdan, guwanç bilen Ony diňlärdi. Ýöne welin Hirodes öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň uly adamlaryny çagyryp, toý tutanda, amatly pursat hem gelip ýetdi. Hirodiýanyň gyzy içerik girip, tans edip, Hirodesiň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Näme dileseň dile, saňa bereýin» diýdi. Oňa: «Menden näme dileseň, patyşalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýip ant içdi. Gyz hem daşaryk çykyp ejesine: «Näme diläýin?» diýdi. Ol hem: «Çokundyryjy Ýahýanyň başyny» diýip jogap berdi. Gyz derrew patyşanyň ýanyna ylgap geldi-de: «Häziriň özünde Çokundyryjy Ýahýanyň başyny bir tabakda goýup, maňa bermegiňi isleýärin» diýdi. Patyşa gaty gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, gyzyň dilegini yzyna gaýtarmak islemedi. Derrew bir jellady ýollap, Ýahýanyň başyny getirmegi buýurdy. Jellat-da baryp, zyndanda Ýahýanyň başyny kesdi. Kesilen başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine berdi. Ýahýanyň şägirtleri muny eşidip geldiler-de, onuň jesedini äkidip, bir mazarda jaýladylar. Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, öz eden işleriniň, öwreden zatlarynyň baryny Oňa habar berdiler. Isa olara: «Siziň ýeke özüňiz bir çola ýere geliň-de, biraz dem-dynç alyň» diýdi. Çünki gelip-gidýänleriň köpdüginden ýaňa, nahar edinmäge-de elleri ýetmeýärdi. Olar-da ýeke özleri gaýyga münüp, bir çola ýere gitdiler. Gidip barýanlaryny görenlerinde, köp adamlar olary tanap, bütin şäherlerden paý-pyýada ylgaşyp, olaryň özlerinden öň ol ýere bardylar we Isanyň öňünden çykdylar. Isa gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi. Çünki olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin, olara köp zatlary öwretmäge başlady. Wagt gijigenden soň, şägirtleri Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi. Märekäni goýber, töwerekdäki ekin meýdanlaryna, obalara gidip, özlerine iýere zat satyn alsynlar». Emma Isa: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Oňa: «Biz gidip, iki ýüz dinara çörek satyn alyp-da, olara iýdirelimi?» diýdiler. Isa: «Näçe çöregiňiz bar? Gidiň-de, görüň» diýdi. Görenlerinden soň: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler. Şonda olara halaýygy topar-topar edip, gök otuň üstünde oturtmagy buýurdy. Şunluk bilen, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar. Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp şükür etdi-de, märekäniň öňünde goýar ýaly, bölüşdirip şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady. Hemmeler iýip doýdular. Şägirtler artyp galan çöregiň döwümlerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Çörekleri iýenler bäş müň adamdy. Isa märekäni urgadyp durka, şägirtlerine derrew gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenardaky Betsaýda geçmegi buýurdy. Märeke bilen hoşlaşanyndan soň, Ol doga etmäge daga çykdy. Agşam düşende, gaýyk kölüň ortasynda, Ol bolsa, ýeke Özi ýerdedi. Isa olaryň kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi. Çünki ýel olaryň garşysyndandy. Gijäniň dördünji nobaty uçurlarynda kölüň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy. Emma olar Onuň kölüň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, gözlerine görünýändir öýdüp gygyryşdylar. Çünki hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa derrew olara söz gatyp: «Batyr boluň! Bu ― Men, gorkmaň!» diýdi. Onsoň olaryň ýanyna gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar has beter geňirgenişip, haýran galdylar. Çünki çörekli mugjyza düşünmändiler, sebäbi ýürekleri gataşypdy. Kölüň aňyrsyna geçensoň, Jenesaret ýurduna baryp, ol ýerde labyr taşladylar. Gaýykdan inen batlaryna halk Isany tanap, Ylgaşyp şol jelegaýlara uçdantutma aýlandylar. Isanyň nirededigini eşidenler syrkawlary düşekleri bilen bile şol ýere getirmäge başladylar. Oba bolsun, şäher ýa düz bolsun, Ol nirä barsa, syrkawlary bazar ýerinde ýatyryp, diňe geýiminiň syýnlaryna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. El degrenleriň hemmesi-de sagaldy. Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe kanunçylar Onuň daşyna üýşüşdiler. Olar Onuň şägirtlerinden käbirleriniň hapa eli bilen, ýagny dini adat boýunça elini ýuwman, nahar iýýänini gördüler. Fariseýler we bütin ýehudylar ata -babalarynyň adatlaryny saklap, ellerini ýagşy ýuwman nahar iýmeýärler. Bazardan gelenlerinde ýuwunman, nahar iýmeýärler. Başga-da käse, gap-çanak, mis gaplary ýuwma ýaly adatlary saklaýarlar. Fariseýler bilen kanunçylar Oňa sorag berip: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyna görä gezmän, hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «„Bu halk dilinde Meni sylaýar, emma ýürekleri Menden uzakdyr. Biderek ýere Maňa sežde edýärler, çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary\ diýip ýazylyşy ýaly, Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda oňat welilik edipdir. Siz Hudaýyň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz, küýzedir käsäni ýuwmak ýaly köp zatlary edip, adamlaryň adatlaryny berjaý edýärsiňiz». Ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyň buýruklaryndan ýüz dönderýärsiňiz! Musa: „Ataňy, eneňi syla\, „Atasyna ýa enesine ýokuş söz aýdan hökman öldürilsin\ diýip aýdypdyr. Emma siz: Eger bir adam atasyna ýa enesine: „Menden görjek peýdaň gurbandyr, Hudaýa peşgeşdir\ diýse, siz oňa artykmaç ata ýa enesine hiç hili kömek etmäge rugsat etmeýärsiňiz. Şeýdip, nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyz arkaly Hudaýyň sözüni bozýarsyňyz. Şunuň ýaly zatlary köp edýärsiňiz». Ol märekäni ýene ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Hemmäňiz Meni diňläň, düşüniň: adamyň içine daşardan girip-de, ony murdar edip biljek hiç bir zat ýokdur, ýöne adamy murdar edýän adamdan çykýan zatlardyr. Kimiň eşitmäge gulagy bar bolsa, eşitsin!» Ol märekäniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. Isa-da olara şeýle jogap berdi: «Eýsem siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine daşardan giren hiç bir zadyň ony murdar edip bilmejegine düşünmeýärsiňizmi? Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşaryk çykýar». Şeýlelik bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini aýdypdyr. Ol ýene şeýle diýdi: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatdyr. [21-22] Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, zynahorluk, ogrulyk, adam öldürme, azgynlyk, açgözlülik, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, bahyllyk, sögünç, tekepbirlik we akylsyzlyk çykýar. *** Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär». Isa ol ýerden aýrylyp, Sur we Saýda etrabyna gitdi. Bu ýerde bir öýe bardy. Ol muny hiç kimiň bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi. Kiçijik gyzyna arwah ýolugan bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Bu aýal grek, siriýa-finikiýalydy. Ol gyzyndaky jyny kowup çykarmagy üçin, Isa ýalbardy. Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp-da, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. Aýal hem: «Hawa, ýa Reb! Ýöne itler hem saçagyň aşagynda çagalaryň çöreklerinden gaçan owuntyklary iýýändir» diýdi. Isa oňa: «Bu sözüň üçin bar, gidiber, jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi. Aýal öýüne baranda, jyn çykyp, gyzy düşeginde ýatan eken. Onsoň Isa Sur we Saýda etrabyndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi. Onuň ýanyna hem ker, hem peltek adamy getirip, onuň üstünde elini goýmagy üçin Isa ýalbardylar. Isa ol adamy märekäniň içinden bir çete çekip, barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy, tüýkürip, onuň diline elini degirdi. Onsoň Göge bakyp, ah çekdi-de: «Effata!», ýagny: «Açyl» diýdi. Ýaňky adamyň gulaklary derrew açylyp, dili dogry geplemäge başlady. Isa olara muny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma ol näçe tabşyran bolsa, olar habary şonça köp ýaýratdylar. Olar çakdanaşa geňirgenişip: «Ol hemme zady ýagşy edýär. Kerleriň gulagyny açýar, dilsizleri gepledýär» diýişýärdiler. Şol günlerde ýene bir uly märeke ýygnanypdy. Iýmäge hiç bir zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: Bu märekä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç bir zatlary ýok. Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar, çünki käbiri uzak ýerden gelipdir». Şägirtleri: «Bu çola ýerde bu adamlary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolar?» diýip, Ondan soradylar. Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi» diýip jogap berdiler. Ol märekä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlasynlar diýip, şägirtlerine berdi. Olar hem märekä paýladylar. Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, bulary-da paýlamagy buýurdy. Olar iýip doýdular, artyp galan döwümleri hem ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar. Iýenler dört müňe golaý adamdy. Onsoň Isa olary ugratdy. Özi bolsa derrew şägirtleri bilen gaýyga münüp, Dalmanuta etrabyna gitdi. Fariseýler gelip, Onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, Gökden bir alamat görkezmegini talap etdiler. Ol hem ruhundan ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi. Isa olary ol ýerde taşlady-da, gaýyga münüp, beýleki kenara geçdi. Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy. «Sak boluň! Fariseýleriň hamyrmaýasyndan, Hirodesiň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, Isa olara duýduryş berdi. Olar bolsa özara çekişip: «Çöregimiz ýok» diýişýärdiler. Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekişýärsiňiz? Entek-de, akyl ýetirmeýärsiňizmi, düşünmeýärsiňizmi? Ýürekleriňiz entek-de gatymy? Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi? Bolup geçenler ýadyňyza düşmeýärmi? Men bäş çöregi bäş müň adama bölenimde, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» Olar: «On iki» diýdiler. «Ýedi çöregi dört müň adama bölenimde, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» Olar: «Ýedi» diýdiler. Isa: «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» diýdi. Onsoň Betsaýda geldiler. Ol ýerde bir kör adamy Onuň ýanyna getirip, oňa elini degirsin diýip ýalbardylar. Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Onuň gözlerine tüýkürip, ellerini üstünde goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady. Ol hem ýokaryk seredip: «Adamlary görýärin, olar ýöräp barýan agaçlar ýaly bolup görünýär» diýdi. Onsoň Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýyl-saýyl gördi. Isa: «Oba barma, muny obada hiç kime aýtma» diýip, ony öýüne iberdi. Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filipi etrabyndaky obalara gitdi. Ýolda şägirtlerinden: «Adamlar Maňa kim diýýärler?» diýip sorady. Olar-da: «Çokundyryjy Ýahýa, käbiri Ylýas, käbiri-de pygamberleriň biri diýýärler» diýip jogap berdiler. Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesih» diýip jogap berdi. Onsoň Isa olara Özi hakda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy. Ynsan Oglunyň köp görgi görmelidigi, ýaşulular, baş ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi, üç günden soň direlmelidigi hakda olara sapak bermäge başlady. Ol bu sözleri açyk aýtdy. Petrus bolsa Ony bir çete çekip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady. Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seredip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaý işlerini däl, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýip, Petrusa käýedi. Isa märeke bilen Öz şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün. Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder. Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, öz janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bar? Adam öz janyna derek näme berip biler? Bu zynahor, günäkär nesliň içinde kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly -da mukaddes perişdeleri bilen bilelikde Atasynyň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar». Ol olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryň arasynda Hudaýyň Patyşalygynyň gudrat bilen gelenini görmezden öň ölümi datmajak käbir adamlar bar». Isa alty günden soň Petrusy, Ýakuby we Ýahýany ýanyna alyp, aýratyn olary bir beýik dagyň üstüne çykardy. Şol ýerde olaryň gözleriniň alnynda Onuň görnüşi üýtgedi. Egin-eşigi ýaldyrap, şeýle bir agardy welin, ýer ýüzünde hiç bir ýuwujynyň ony beýle agardyp biljek gümany ýokdy. Olara Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri Saňa, biri Musa, biri Ylýasa» diýdi. Ol näme diýjegini bilmeýärdi, çünki gaty gorkupdylar. Bir bulut gelip, olara kölege saldy. Bulutdan: «Bu Meniň söýgüli oglum! Ony diňläň» diýen owaz geldi. Birden, töwereklerine seredenlerinde, ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi. Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy. Olar bu sözi ýüreklerinde saklap, Onuň näme diýmek isleýänini biri-birlerinden soraşýardylar. Olar Isadan: «Näme üçin kanunçylar öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. Ol hem olara şeýle diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas öňürti gelip, hemme zady düzeder, ýöne näme üçin Ynsan Oglunyň köp görgi görüp-de, ret edilmegi ýazylypdyr? Men size aýdýaryn: Ylýas geldi, ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa halanlaryny etdiler». Beýleki şägirtleriň ýanlaryna gelenlerinde, olaryň daşyny alyp duran märekäni, olar bilen jedelleşip duran kanunçylary gördüler. Isany görende, märeke gaty geňirgendi, hemmeler derrew ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler. Isa olardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady. Märekäniň içinden biri Oňa şeýle jogap berdi: «Mugallym, Saňa oglumy getirdim, oňa bir dilsiz ruh ýolugypdyr. Ony tutan ýerinde ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp, gatap galýar. Seniň şägirtleriňden ruhy çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmadylar». Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siz bilen bile bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi. Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Ruh Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýykylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady. Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle. Ruh ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Eliňden bir zat gelse, bize haýpyň gelsin, kömek et!» diýdi. Isa oňa: «Imanyň bar bolsa, iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi. Şol bada oglanyň kakasy aglap gygyrdy: «Iman edýärin, imansyz bolmazlygym üçin maňa kömek et!» Isa märekäniň ylgaşyp gelýänini görüp: «Eý, güň hem lal ruh! Saňa buýurýaryn, oglandan çyk, oňa gaýdyp girme!» diýip, arwaha käýedi. Arwah-da gygyryp, oglany has beter silterläp, daşyna çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin märekäniň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi. Emma Isa onuň elinden tutup galdyrdy, ol hem ör turdy. Isa öýe girenden soň, şägirtleri öz-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ruhy çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. Isa olara: «Bu hili ruhlary dogadan, orazadan başga hiç bir zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi. Ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa muny hiç kimiň bilmegini islemeýärdi. Ol şägirtlerine sapak berýärkä şeýle diýipdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç gün soň Ol direler». Emma olar bu söze düşünmediler, soramaga-da çekindiler. Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady. Emma olaryň hiç birinden ses çykmady. Çünki ýolda biri-birleri bilen kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler. Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyrdy. Olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy, hemmäniň hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi. Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara şeýle diýdi: «Kim şunuň ýaly çagalaryň birini Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni däl, Meni Ýollany kabul eder». Ýahýa Oňa şeýle diýdi: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen jynlary çykarýan, ýöne biziň yzymyza eýermeýän bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol biziň yzymyza eýerenok». Isa oňa şeýle diýdi: «Ony bökdemäň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza edip-de, derrew yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur. Kim bize garşy bolmasa, biziň tarapdarymyzdyr. Size dogrusyny aýdýaryn, Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, ol asla sylagsyz galmaz». Kim Maňa iman eden bu çagalardan biriniň günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňylmak onuň üçin has gowy bolar. Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup sönmez oda, dowzaha gitmekden gowudyr. Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir. Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Saňa agsak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr. Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir. Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Patyşalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr. Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir. Çünki hemmeler ot bilen duzlanar, hemme gurbanlar duz bilen duzlanar. Duz gowy zatdyr, ýöne duz şorlugyny ýitirse, onda oňa näme bilen tagam berler? Içiňizde duz bolup, araňyzda parahatlyk bolsun». Isa ol ýerden gidip, Ýahuda çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna bardy. Onuň daşyna ýene-de bir topar märeke ýygnanyşyp, Ol ýene-de adaty boýunça olara sapak bermäge durdy. Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýalyny aýyrmagy dogrumydyr?» diýip sorady. «Musa size nähili tabşyryk beripdir?» diýip, Isa olaryň özlerinden sorady. Olar-da: «Musa talak hatyny ýazyp, aýyrmaga ygtyýar beripdir» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Musa bu tabşyrygy siziň doňýürekdiňiz zerarly ýazdy. Emma ýaradylyşyň başynda Hudaý olary „erkek we aýal edip ýaratdy\. Şonuň üçin erkek adam ata -enesini terk edip, aýalyna goşular. Onsoň ikisi bir ten bolar\. Şunluk bilen, olar indi iki däl, bir tendir. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny adam aýyrmasyn». Şägirtleri Oňa öýde bu barada ýene sorag berdiler. Isa olara: «Kim aýalyny aýryp, başga aýala öýlense, oňa garşy zyna edýändir. Aýal-da ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, zyna edýändir» diýip jogap berdi. Olara elini degirsin diýip, çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Şägirtleri bolsa olary getirenlere käýediler. Isa muny görende, gaharlanyp, olara şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr. Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez». Ol çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi. Isa ýola düşüp barýarka, bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp: «Eý, ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras alar ýaly näme etmeli?» diýip, Ondan sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Sen tabşyryklary bilýänsiň: „Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, hiç kimi talama, ataňy, eneňi syla\». Ýaňky adam Oňa: «Men ýaşlygymdan bäri bularyň baryny berjaý edip gelýärin» diýdi. Isa oňa söýgi bilen seredip: «Seniň bir zadyň kem, bar, nämäň bar bolsa sat-da, garyplara ber, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Bu sözlere ýaňky adamyň mazasy gaçyp, ol ýerden tukat bolup gitdi. Çünki onuň köp mal-mülki bardy. Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!» diýdi. Şägirtler Onuň sözlerine geňirgenişdiler. Isa ýene olara şeýle diýdi: «Oglanlar, baýlyga bil baglaýanlara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin! Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr». Şägirtler çakdanaşa geňirgenişip, biri-birlerine: «Onda, kim halas bolup biler?» diýişdiler. Isa olara seredip: «Ynsanlaryň muňa mümkinçiligi ýok, ýöne Hudaý üçin beýle däl ― Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi. Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip başlady. Isa şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň hatyram üçin, Hoş Habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, enesini, atasyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlap-da, şindi, bu zamanda çekjek azaplary bilen birlikde, ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-uşaklar, ýerler we geljek döwürde ebedi ýaşaýyş almajak ýokdur. Ýöne köp ilkinjiler iň soňkular, iň soňkular hem ilkinjiler bolar». Olar ýola düşüp, Iýerusalime bakan barýardylar. Isa öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler geňirgenişýärdi, yzyna düşüp barýanlar hem gorky içindediler. Ol ýene-de Onkileri bir çete çekdi-de, Özüne näme boljagy hakda gürrüň bermäge başlap, Şeýle diýdi: «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly baş ruhanylara, kanunçylara tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, milletlere tabşyrarlar. Oňa gülerler, üstüne tüýkürerler, Ony gamçylap, öldürerler we üçünji günde Ol direler». Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biz Senden näme dilesek, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler. «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip, Isa olardan sorady. Olar hem: «Öz şöhratyňda birimiziň sagyňda, birimiziň çepiňde oturmagymyza rugsat et» diýdiler. Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Ýa Meniň çokunyşym bilen çokunyp bilersiňizmi?» diýdi. Olar-da Oňa: «Muny edip bileris» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň çokunyşym bilen çokunarsyňyz. Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu kimler üçin taýynlanan bolsa, şolar üçindir». Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýahýa gaharlanmaga başladylar. Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Özüňiz bilýärsiňiz, milletleriň arasynda başlyk saýylýanlar olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär. Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun. Çünki Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi». Onsoň Eriha geldiler. Isa şägirtleri we uly märeke bilen Erihadan çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimaý atly bir kör ýoluň kenarynda dilegçilik edip otyrdy. Ol bu gelýäniň nasyraly Isadygyny eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip, gygyrmaga durdy. Köp adamlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, emma ol öňküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köri çagyryp oňa: «Batyr bol, tur, seni çagyrýar» diýdiler. Ol hem donuny taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi. Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Ussat, gözüm görsün» diýdi. Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Onuň gözleri derrew görüp, ýol bilen Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa gelip ýetenlerinde, Isa öz şägirtlerinden ikisini ýollap, olara şeýle diýdi: «Öňüňizdäki oba baryň. Obanyň içine giren badyňyza daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, alyp geliň. Eger biri size: „Näme üçin beýle edýärsiňiz?\ diýse, „Bu taýhar Rebbe gerek, ynha yzyna iberer\ diýip aýdyň». Olar gitdiler. Köçede bir gapynyň ýanynda daňylgy duran bir taýhary tapyp, ony çözdüler. Ol ýerde duranlaryň käbiri olara: «Näme üçin taýhary çözýärsiňiz?» diýdiler. Olar-da Isanyň aýdanyny aýtdylar. Onsoň ýaňky adamlar olary goýberdiler. Taýhary Isanyň ýanyna getirip, öz egin-eşiklerini onuň üstüne atdylar. Isa-da taýharyň üstüne mündi. Köp adamlar egin-eşiklerini, käbirleri-de baglardaky agaçlardan kesen şahalaryny ýola düşediler. Öňden barýanlar, yzdan gelýänler: «Hosanna! Rebbiň adyndan gelýän gutly bolsun! Atamyz Dawudyň golaýlap gelýän patyşalygy gutly bolsun! Iň ýokarlarda hosanna!» diýip gygyryşýardylar. Isa Iýerusalime baryp, ybadathana girdi. Daş-töweregindäki ähli zatlara göz aýlaşdyrandan soň, wagt hem gijigeni üçin, Onkiler bilen bilelikde Beýtaniýa gitdi. Ertesi gün Beýtaniýadan çykanlarynda, Isa ajykdy. Uzagrakda ýaprakly bir injir agajyna gözi düşende, ondan bir zat tapmazmykam diýip, agaja tarap gitdi. Onuň ýanyna gelende, ýapraklardan başga hiç zat tapmady. Çünki injiriň wagty däldi. Isa agaja: «Mundan beýläk hiç kim senden asla iýmiş iýmesin!» diýdi. Şägirtleri hem muny eşitdiler. Iýerusalime geldiler. Isa ybadathana girip, içerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga durdy. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. Hiç kimiň ybadathananyň içinden goş gatnatmagyna rugsat etmedi. Olara sapak berip, şeýle diýdi: «„Meniň öýüme bütin milletleriň doga öýi diýler\ diýip ýazylgy dälmi? Emma siz muny garakçylaryň sürenine dönderdiňiz». Baş ruhanylar we kanunçylar muny eşidip, Ony heläk etmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, çünki bütin halk Onuň taglymatyna täsin galýardy. Agşam düşende, Isa şäherden çykyp gitdi. Ertir ir bilen geçip barýarkalar, injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler. Petrus bolup geçeni ýatlap: «Mugallym! Ine, Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi. Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa imanyňyz bolsun. Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl\ diýse-de, onuň diýeni bolar. Munuň üçin size diýýärin: doga bilen dilän ähli zadyňyzy aljagyňyza iman ediň, ol size berler. Gökdäki Ataňyz siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar ýaly, birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, doga etmäge duran mahalyňyz siz-de ony bagyşlaň. Siz bagyşlamasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz». Olar ýene Iýerusalime geldiler. Isa ybadathanada gezmeläp ýörkä, baş ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular ýanyna gelip, Oňa: «Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsiň? Ýa bulary etmäge Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýdiler. Isa-da olara şeýle diýdi: «Men sizden bir zat sorajak. Maňa jogap beriň, Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn: Ýahýanyň çokundyrmasy Gökdenmidi ýa ynsandan?» Olar-da özara pikir alşyp, şeýle diýdiler: «Biz: „Gökden\ diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa iman getirmediňiz?\ diýer. Emma ynsandan diýsek...» Olar halkdan gorkýardylar. Çünki hemmeler Ýahýany çyn pygamber saýýardy. Olar Isa jogap berip: «Biz bilmeýäris» diýdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaryn» diýdi. Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge durdy: «Bir adam üzüm agaçlaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Üzümi sykmak üçin bir çukur gazýar, bir-de diň salyp, üzümligi bagbanlara ekerine berýär-de, uzak ýola gidýär. Möwsümi gelende, üzümligiň miwesinden alyp gel diýip, bir hyzmatkärini bagbanlara iberýär. Emma olar ony tutup ýenjip, boş kowup goýberýärler. Üzümligiň eýesi ýene başga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onuň kellesini ýaryp, biabraý edýärler. Ýene birini iberýär, muny öldürýärler. Ýene köp hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini hem öldürýärler. Üzümligiň eýesiniň ýene bir adamy bar eken, ol-da özüniň söýýän ýekeje ogly eken. „Oglumy sylarlar\ diýip, iň soňy bagbanlara ogluny iberýär. Emma bagbanlar biri-birlerine: „Mirasdar şu, geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar\ diýişýärler. Ony tutup öldürýärler-de, üzümlikden daşaryk taşlaýarlar. Indi üzümligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bu bagbanlary heläk eder-de, üzümligi başgalaryna berer. Siz bu Ýazgyny okamadyňyzmy? „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy. Bu Rebbiň edenidi, biziň gözümize bir täsinlik\». Ony tutjak boldular, çünki bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Ýöne halkdan gorkup, Ony taşlap gitdiler. Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň, hirodesçileriň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar hem gelip, Oňa şeýle diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyňy bilýäris, çünki Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýärsiň. Kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi? Tölälimi ýa tölemälimi?» Isa olaryň ikiýüzlüligini bilip, şeýle diýdi: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa bir dinar getiriň, göreýin». Olar hem getirdiler. Isa olara: «Bu surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar-da Oňa: «Kaýsaryňky» diýdiler. Isa olara: «Kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa aňka-taňka boldular. Isanyň ýanyna ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: Mugallym! Musa bize, bir adamyň dogany zürýatsyz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir diýip ýazypdyr. Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal aldy, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi. Ikinjisi şol aýaly aldy, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryň üçünjisi hem şeýle boldy. Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan soň aýal hem öldi. Ölüleriň direlen mahaly, olar direlenlerinde, ol haýsysynyň aýaly bolar? Çünki ýedisi hem ony aýal edinipdiler». Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary we Hudaýyň gudratyny bilmän ýalňyşmaýarsyňyzmy? Çünki ölümden direlen mahallary olar öýlenmän, äre çykman, Gökdäki perişdeler ýaly bolarlar. Ölüleriň direlişine gelenimizde bolsa, Musanyň kitabynyň ýanan çaly baradaky babynda siz Hudaýyň oňa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn\ diýip ýazanyny okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz». Golaýa gelip, olaryň çekişmelerini eşiden kanunçylardan biri Isanyň olara gowy jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabşyryk ähli tabşyryklaryň birinjisidir?» diýip sorady. Isa şeýle jogap berdi: «Birinji tabşyryk şu: „Diňle, eý Ysraýyl! Hudaýymyz Reb ýalňyz Rebdir. Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!\ Ikinjisi şu: „Goňşyňy özüň ýaly söý!\ Bulardan uly tabşyryk bolmaz». Kanunçy Oňa şeýle diýdi: «Eý, ýagşy Mugallym! Sen „Ol birdir, Ondan başgasy ýokdur\ diýip, dogry aýtdyň. Ony bütin ýürek bilen, bütin düşünje bilen, bütin güýç bilen söýmeklik, goňşyňy özüň ýaly söýmeklik ýakylýan sowgatlaryň, kesilýän gurbanlaryň hemmesinden artykdyr». Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyndan uzak dälsiň» diýdi. Şondan soň Ondan bir zat soramaga hiç kim ýürek etmedi. Isa ybadathanada sapak berip otyrka, şeýle diýdi: «Kanunçylar nähili Mesih Dawudyň Ogludyr diýýärler? Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Reb Meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda basgançak edip goýýançam, Meniň sagymda otur\. Dawudyň özi Oňa Reb diýýär. Ol nähili onuň ogly bolýar?» Uly märeke Ony hezil edip diňleýärdi. Isa öwredip diýýärdi: «Kanunçylardan ägä boluň! Olar uzyn geýimler geýnip gezmegi, bazar ýerinde salam almagy, sinagogalarda baş kürsüleri, zyýapatlarda töri halaýandyr. Olar dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Bular has agyr jeza sezewar bolarlar». Isa hazynanyň garşysynda hazyna pul atýan halky synlap otyrdy. Köp baý adamlar kän pul atdylar. Bir garyp dul hatyn gelip, hazyna iki lepta, ýagny bir kodrant atdy. Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, şu garyp dul hatyn hazyna pul atýanlaryň hemmesinden kän atdy. Çünki olaryň hemmesi özlerinden artany atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, bütin elde baryny, bütin çörek puluny atdy». Isa ybadathanadan çykanda, şägirtleriniň biri Oňa: «Mugallym! Gör, ne ajap daşlar, ne ajap jaýlar!» diýdi. Isa oňa: «Bu uly jaýlary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar» diýdi. Ol Zeýtun dagynda ybadathananyň garşysynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýahýa we Andreas dagy ýekelikde Ondan: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Bularyň ählisiniň ýerine ýetjek mahaly näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar. Isa-da olara gürrüň bermäge durdy: «Habardar boluň, sizi aldaýmasynlar! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men ― Ol\ diýer. Olar köp adamy aldarlar. Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habar eşideňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir. Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar we belalar ýüze çykar. Bu wakalar burgularyň başlangyjydyr. Emma siz özüňize habardar boluň! Sebäbi sizi mejlislere tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Olara güwälik üçin Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň alnynda durzarlar. Öňürti Hoş Habar bütin milletlere wagyz edilmelidir. Sizi suda tabşyrjak bolup alyp barýarkalar, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol sagatda size näme berilse, şony diýiň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur. Dogan ― dogany, ata ― çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ata-enelerine garşy bolup, olary öldürderler. Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener, ýöne soňuna çenli çydan halas bolar. Weýrançylyk getirýän, Daniýel pygamberiň aýdan ýigrenjisiniň bolmaly däl ýerinde duranyny göreniňizde, (okyjy düşünsin) Ýahudadakylar daglara gaçsyn. Öýüň üçegindäki aşak inip, bir zat almak üçin, içerik girmesin. Ekin meýdanyndaky donuny almak üçin, yzyna öwrülmesin. Ol günlerde göwreli, çaga emdirýän aýallaryň gününe waý! Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip doga ediň. Çünki ol günlerde şeýle bir muşakgat bolar welin, beýle muşakgat Hudaýyň bar eden ýaradylyşynyň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar. Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Ol saýlan saýlantgylarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy. Şonda biri size: „Ine, Mesih şu ýerde\ ýa „Ine, ol ýerde\ diýse, ynanmaň. Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary -da azdyrjak bolup, alamatlar, mugjyzalar görkezer. Ägä boluň. Men hemme zady size öňünden aýtdym». Şol günlerde ol muşakgatdan soň, Gün garalar, Aý yşygyny bermez. Ýyldyzlar Gökden gaçar, Gökdäki güýçler titreşer. Şonda Ynsan Oglunyň bulutlar içinde uly gudrat hem şöhrat bilen gelýänini görerler. Şonda Ol perişdelerini ýollap, Öz saýlanlaryny dört tarapdan Ýeriň ujundan tä Gögüň ujuna çenli ýygnar». Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňiz. Şonuň ýaly-da, bu zatlaryň bolýanyny göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň. Size dogrusyny aýdýaryn, bütin bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim ötmez». Emma ol güni hem ol sagady hiç kim bilýän däldir, ne Gökdäki perişdeler, ne-de Ogul, diňe Ata bilýändir. Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiz. Bu uzak ýola çykan adam kimindir. Ol öýünden aýrylyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar, her haýsyna-da öz işini berip, gapynyň garawulyna-da oýa bolmagy tabşyrýandyr. Şeýlelikde, oýa boluň, çünki siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, ertir irdenmi ― haçan geljegini bilmeýärsiňiz. Ol birden gelip-de, ukuda üstüňizi basaýmasyn. Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa boluň!» Pesaha ― Petir baýramyna iki gün galypdy. Baş ruhanylar, kanunçylar Isany hile bilen tutup öldürmegiň ýoluny agtarýardylar. Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler. Isa Beýtaniýada heýwere keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal içi gymmatbaha sap-arassa nard ýagly ak mermer gap bilen gelip, gaby döwdi-de, ýagy Onuň depesinden guýdy. Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag beýle isrip edildi? Bu ýagy üç ýüz dinardan ýokara satyp, garyplara-da paýlap bolardy» diýşip, aýala igendiler. Emma Isa şeýle diýdi: «Oňa degmäň, näme üçin ony ynjydýarsyňyz? Ol Maňa ýagşylyk etdi. Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda, olara halan mahalyňyz ýagşylyk edip bilýärsiňiz, ýöne Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn. Ol elde baryny etdi, jaýlanmagyma taýýarlyk hökmünde bedenimi öňünden ýaglady. Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar bütin dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar». Onsoň Onkileriň biri bolan Iuda Iskariot Isa dönüklik etmek üçin, baş ruhanylaryň ýanyna bardy. Olar hem muny eşidip begenişdiler, oňa pul bermäge söz berdiler. Ol-da Isany olara tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi. Pesah gurbanynyň kesilýän wagty bolan Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isa: «Pesah gurbanlygyny iýmegiň üçin, nirä baryp taýýarlyk görmegimizi isleýärsiň?» diýdiler. Isa şägirtleriniň ikisini ýollap, olara şeýle diýdi: «Şähere baryň, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz, şonuň yzyna düşüp gidiň. Ol baryp nirä girse, şol öýüň eýesine: „Mugallym: 'Şägirtlerim bilen Pesah baýramyny geçirer ýaly, Meniň myhman otagym nirede?' diýip soraýar\ diýiň. Ol hem ýokarky mertebede düşek düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer, şol ýerde bize taýýarlyk görüň». Şägirtler ýola düşüp, şähere geldiler, ähli zady Isanyň özlerine aýdyşy ýaly, tapyp, Pesahy taýýarladylar. Agşam düşende, Isa Onkiler bilen bilelikde geldi. Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: siziň biriňiz ― Meniň bilen nahar iýip oturan biri Maňa haýynlyk eder» diýdi. Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Oňa: «Menmi?» diýmäge başladylar. Isa olara şeýle diýdi: «Onkilerden biri ― Meniň bilen tabaga çörek batyryp oturanyň biri. Çünki Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy». Nahar iýip otyrkalar, Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi we: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. Onsoň bir käse alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdiler. Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Bu Meniň ganym, Täze ähtiň köp adamlar üçin dökülen ganydyr. Size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygynda täzesini içjek günüme deňeç, üzüm şiresini gaýtadan içmerin». Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar. Isa olara şeýle diýdi: «Siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz, çünki: „Çopany uraryn, goýunlar dagar\ diýip ýazylgydyr. Emma Men ölümden direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn». Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men döndermerin» diýdi. Isa-da oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: şu gün, şu gije horaz iki gezek gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Hemmesi-de şeýle diýdiler. Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men doga edip bolýançam, siz şu ýerde oturyň» diýdi. Petrusy, Ýakuby we Ýahýany Özi bilen äkitdi, uly galagopluga düşüp, gaýgylanmaga başlady. Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat, siz şu ýerde galyň-da, oýa boluň» diýdi. Isa biraz öňe gidip, ýere ýykylyp: «Mümkin bolsa, şu sagat Menden geçsin» diýip doga etdi. Ol: «Abba, Ata, Seniň üçin hemme zat mümkin. Bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýdi. Gaýdyp gelse, şägirtleri uklap ýatan eken. Petrusa şeýle diýdi: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi? Synaga düşmez ýaly, oýa boluň, doga ediň. Ruh islegli, ýöne beden ejizdir». Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp doga etdi. Ýene gelende, şägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryň gözleri gaty ýumlup gelýärdi. Oňa näme diýjeklerini bilmediler. Üçünji gezek gelip, olara şeýle diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Bu ýeterlik, sagat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. Turuň, gideliň, ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady». Edil şol pursatda, Isa entek gepläp durka, Onkileriň biri bolan Iuda we onuň bilen bilelikde baş ruhanylardan, kanunçylar we ýaşulular tarapyndan gylyçly, taýakly bir märeke geldi. Oňa haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Şoldur. Ony tutuň-da, seresap alyp gidiň» diýip gepleşipdi. Ol gelip, derrew Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym» diýip, Ony öpdi. Olar hem el urup, Ony tutdular. Ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syrdy, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi. Isa olara şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldiňizmi? Her gün ybadathanada, siz bilen bile bolup sapak berenimde, Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun». Şägirtleriniň bary Ony taşlap, gaçyp gitdiler. Ýalaňaç bedenini diňe bir kendir mata bilen bürän bir ýaş ýigit Onuň yzyna düşdi, ony hem tutdular. Emma ol kendir matany taşlap, ýalaňaç halda olardan gaçyp gitdi. Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Hemme baş ruhanylar, ýaşulular we kanunçylar ýygnanypdylar. Petrus baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi, baryp hem hyzmatkärler bilen bile oda çoýunyp oturdy. Baş ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy güwäler agtardylar, ýöne tapyp bilmediler. Köpler Oňa garşy ýalan güwälik berseler-de, olaryň güwälikleri bir çykmady. Käbirleri turup, Oňa garşy ýalan güwälik berip, şeýle diýdiler: «Biz Onuň: „Men el bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde, el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn\ diýenini eşitdik». Barybir, olaryň güwälikleri bir çykmady. Baş ruhany mejlisiň ortasynda ýokaryk galyp, Isa sorag berip, şeýle diýdi: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän güwäligi näme?» Ol dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Mübärek Hudaýyň Ogly Mesih Senmi?» diýip sorady. Isa: «Mendirin, siz Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, Gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz!» diýdi. Baş ruhany şonda öz egin-eşigini ýyrtyp: «Bize başga güwä nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz. Näme diýýärsiňiz?» diýdi. Olaryň hemmesi höküm edip, Ony ölüme laýyk bildiler. Käbirleri hem Onuň üstüne tüýkürip başladylar, ýüzüni örtüp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Hyzmatkärler-de Oňa şapbat urýardylar. Petrus howluda aşakda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi. Çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa seredip: «Sen-de şo-o-l Nasyradan dörän Isa bilen bilediň» diýdi. Emma ol muny inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi ne bilýärin, ne-de oňa düşünýärin» diýip, daşaryk, howlynyň öň tarapyna gitdi. Şol wagt hem horaz gygyrdy. Ony gören keniz ol ýerde duranlara ýene-de: «Bu şolardan» diýip başlady. Emma ol muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan soň, ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Dogrudan-da, sen hem şolardan, çünki sen jelileli, gepleýşiňden bildirip dur» diýdiler. Emma ol: «Men siziň aýdýan bu Adamyňyzy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy. Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady-da, möňňürip aglady. Ertir irden baş ruhanylar, ýaşulular, kanunçylar we bütin mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilatusa eltip tabşyrdylar. Pilatus Ondan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Ol jogap berdi: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Baş ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar. Pilatus ýene-de Oňa: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar» diýdi. Emma Isa başga hiç hili jogap bermedi. Pilatus geň galdy. Pilatus her Pesah baýramynda halkyň dilän tussagyny boşadardy. Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussaga salnan Barabbas atly biri bardy. Halk Pilatusdan hemişeki edýän zadyny özleri üçin ýerine ýetirmegini gygyryşyp haýyş etdi. Pilatus bolsa olara: «Ýehudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi. Çünki ol baş ruhanylaryň Ony göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. Emma Munuň ýerine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, baş ruhanylar halky dürtgülediler. Pilatus ýene olara: «Onda, men siziň ýehudylaryň patyşasy diýýän Adamyňyzy näme edeýin?» diýdi. Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip, ýene gygyryşdylar. Pilatus olara: «Ol näme ýaman iş etdi?» diýdi. Emma Olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar. Şonda Pilatus halky kanagatlandyrma kararyna gelip, Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi. Esgerler Ony Pretorium diýen hökümet köşgüne eltip, bütin goşun bölümlerini çagyrdylar. Onuň egnine gyrmyzy don, başyna hem tikenden täç geýdirdiler. «Salam, eý, ýehudylaryň patyşasy» diýip, Oňa salam beren boldular. Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular. Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler. Isgender bilen Rufusyň kakasy kireneli Simun meýdandan gelşine, şol ýerden geçip barýardy. Ony Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. Isany Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere eltdiler. Oňa mür gatylan şerap berdiler, ýöne Ol almady. Ony haça çüýlediler, kim näme alarka diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar. Ony haça çüýlänlerinde günortan bolmaga üç sagat wagt galypdy. Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy. Isa bilen bile iki garakçyny haça çüýlediler, olaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady. Şeýlelik bilen, «ol şer iş edýänlerden saýyldy» diýen Ýazgy berjaý boldy. Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Oňa sögüp: «Päheý-de welin, ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen, haçdan aşak in-de, Özüňi halas et!» diýişýärdiler. Şonuň ýaly, baş ruhanylar bilen kanunçylar-da Isany masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Biz görüp iman eder ýaly, Ysraýylyň Patyşasy Mesih häzir haçdan aşak insin» diýişýärdiler. Onuň bilen bile haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler. Günortan bütin ýurda garaňky düşüp, üç sagatlap dowam etdi. Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lama sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. Ol ýerde duranlaryň käbiri muny eşidenlerinde: «Ine, Ylýasy çagyrýar» diýişdiler. Biri ylgap, bir gubkany sirkeden dolduryp, gamşyň başyna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzadyp: «Duruň göreliň, Ylýas Ony aşak indermäge gelermikä?» diýdi. Emma Isa gaty gygyryp jan berdi. Ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi. Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle gygyryp jan berenini görende: «Bu Adam, dogrudan hem, Hudaýyň Ogly eken» diýdi. Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Hem magdalaly Merem hem-de kiçi Ýakupdyr Iosesiň ejesi Merem we Salome olaryň arasyndady. Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edýärdiler. Ol ýerde Onuň bilen bile Iýerusalime gelen başga köp aýallar hem bardy. Agşam düşende, Taýýarlyk güni, ýagny Sabatdan bir gün öň bolany üçin, Mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Patyşalygyna garaşyp ýören arimatiýaly Ýusup Pilatusyň ýanyna barmaga batyrlyk edip, ondan Isanyň jesedini diledi. Pilatus Onuň eýýäm ölenine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady. Muny ýüzbaşydan bilensoň, jesedi Ýusuba berdi. Ol hem kepen mata satyn aldy, jesedi aşak inderip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlap, mazaryň agzyna hem bir daş togalady. Magdalaly Merem bilen Iosesiň ejesi Merem Onuň nirede jaýlananyny gördüler. Sabat güni geçenden soň, magdalaly Merem, Ýakubyň ejesi Merem we Salome dagylar gidip, Isanyň meýidini ýaglamak üçin, ýakymly ysly ýaglar satyn aldylar. Hepdäniň ilkinji güni daň bilen, Gün doganda, mazaryň başyna geldiler. Olar biri-birlerine: «Daşy mazaryň agzyndan bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler. Gabaklaryny galdyranlarynda, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy. Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak don geýnip oturan bir ýaş ýigidi görüp geňirgenişdiler. Ol olara şeýle diýdi: «Geňirgenişmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Ol direldi. Ol bu ýerde däl. Ine, Onuň jaýlanan ýeri. Ýöne baryň-da, Onuň şägirtlerine, Petrusa: „Ol sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz\ diýiň». Olar mazardan çykyp gaçdylar. Olara sandyrama hem aljyraňňylyk aralaşypdy, hiç kime-de hiç zat aýtmadylar, çünki gorkýardylar. Isa hepdäniň ilkinji güni ir bilen direlip, ilki magdalaly Mereme göründi. Isa onuň içinden ýedi jyny kowup çykarypdy. Ol hem muny Isa bilen bile bolanlara habar berdi. Olar ýas tutup, aglaşyp otyrdylar. Isanyň diridigini, Mereme görnendigini eşidenlerinde, Olar ynanmadylar. Şondan soň Isa olaryň ikisi oba barýarka, başga keşpde göründi. Olar-da yzlaryna öwrülip, beýlekilere habar berdiler, ýöne bulara-da ynanmadylar. Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň gatydygy üçin olary ýazgardy. Çünki olar Onuň direlendigini görenlere ynanmandylar. Olara şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň. Kim iman edip çokundyrylsa, halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler. Şu alamatlar iman edýänleriň hemrasy bolar: Meniň adym bilen jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler. Ýylanlary tutarlar, öldürýän zäher içseler-de, olara zyýan ýetmez. Syrkawlaryň üstüne ellerini goýarlar, olar hem sagalar». Reb olara gürrüň bereninden soň, Göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy. Olar-da çykyp, hemme ýerde wagyz edýärdiler, Reb hem olar bilen işläp, olara hemralyk edýän alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy. Omyn. Gadyrly Teofilus, aramyzda ýüze çykan wakalaryň taryhyny köp adamlar başdan öz gözleri bilen görenleriň we Sözüň hyzmatçysy bolanlaryň bize aýdyşy ýaly edip ýazmaga girişdiler. Muňa görä men-de tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp, seniň özüňe öwredilenleriň dogrudygyny bilmegiň üçin, ählisini bolşy ýaly, birin-birin saňa ýazmaklygy maslahat bildim. Ýahuda patyşasy Hirodesiň zamanynda Abiýa bölüminden Zekerýa atly bir ruhany bardy. Onuň aýaly hem Harunyň neslinden bolup, ady Elizabetdi. Bularyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogry bolup, Rebbiň bütin buýruk hem tabşyryklaryny kemsiz berjaý ederdiler. Olaryň perzendi ýokdy, çünki Elizabet önelgesizdi. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdiler. Bir gün Zekerýa öz bölüminiň nobatynda Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edip ýörkä, ruhanylyk adaty boýunça, buhur ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi. Ähli jemagat buhur ýakylýan sagatda daşarda doga edip durdy. Rebbiň buhurdanyň sagynda duran bir perişdesi Zekerýa göründi. Zekerýa ony görende, gorkup aljyrady. Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý Zekerýa, gorkma, çünki dogaň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dograr, onuň adyna Ýahýa dakarsyň. Sen şatlanarsyň, begenersiň, onuň dogulmagyna köp adamlar şatlanar. Çünki ol Rebbiň nazarynda uly bolar, şerap, içgi içmez. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruh bilen dolar. Ysraýyl ogullarynyň köpüsini öz Hudaýlary Rebbe tarap öwrer. Ol atalaryň ýüreklerini ogullara, günälileri dogrulara tarap öwürmek we Rebbe taýýar halk taýynlamak üçin, Rebbiň huzurynda Ylýasyň ruhy we gudraty bilen gezer». Zekerýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Çünki men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi. Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Men Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşmek, saňa bu hoş habary gowşurmak üçin iberildim. Ine, diliň tutulyp, bu zatlar bolýança, gepläp bilmersiň. Çünki sen meniň bellenen wagtda ýerine ýetjek sözlerime ynanmadyň». Şol wagt halk Zekerýa garaşýardy, onuň ybadathanada eglenenine geňirgenýärdiler. Zekerýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Halk onuň ybadathanada görnüş görenini bildi. Çünki Zekerýa olara üm bilen yşarat edip, lal galdy. Ol hyzmat günleri dolanda, öýüne gaýtdy. [24-25] Şu günlerden soň, onuň aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäş aýlap gözden-ilden çekilip: «Adamlar arasyndaky utanjymy aýyrjak bolup, Reb şu günler maňa nazaryny saldy, meni şeýle etdi» diýýärdi. *** Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Jebraýyl perişde Hudaý tarapyndan Jeliläniň Nasyra atly şäherine, Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir çykmadyk gyzyň ýanyna iberildi. Bu gyzyň ady Meremdi. Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, merhemete sezewar bolan! Reb seniň bilendir, sen aýallar arasynda mübäreksiň!» diýdi. Merem bu sözlere gaty aljyrap, «Bu nähili salam?» diýip içini gepletdi. Perişde oňa şeýle diýdi: «Gorkma, Merem, sen Hudaýdan merhemet tapdyň. Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz». Merem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok» diýdi. Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljaga Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler. Ine, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrylygynda göwresinde oglany bar. Önelgesiz diýilýäniň eýýäm altynjy aýy. Çünki Hudaýyň ýanynda bolmajak zat ýokdur». Merem: «Ine, men Rebbiň gyrnagy. Maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Perişde onuň ýanyndan gitdi. Merem şol günlerde turup, gyssanmaç daglyga, Ýahuda ülkesiniň bir şäherine gitdi. Ol Zekerýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi. Elizabet Meremiň salamyny eşidende, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruh bilen doldy. Ol batly gygyryp, şeýle diýdi: «Sen aýallar içinde bagtlysyň, seniň göwräňiň miwesi-de bagtlydyr! Bu nähili boldy-da, Rebbimiň enesi meniň ýanyma geldi. Ine, salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden gymyldady. Iman getiren aýal bagtlydyr! Çünki Reb tarapyndan oňa aýdylanlar ýerine ýeter». Merem şeýle diýdi: «Janym Rebbi öwgi bilen beýgeldýär, Halasgärim Hudaýa ruhum şatlanýar. Çünki Ol Öz gyrnagynyň ejizligini gördi. Mundan beýläk bütin nesiller maňa bagtly diýer. Çünki Gudratygüýçli maňa uly işler etdi. Onuň ady mukaddesdir. Onuň rehimi nesilden-nesle Özünden gorkýanlaryň üstündedir. Ol goly bilen güýçli işler etdi, öz ýürek pikirleri bilen magtanýanlary dargatdy. Güýçlüleri tagtlaryndan düşürip, ejizleri galdyrdy. Açlary nygmatlar bilen doýrup, baýlary boş gaýtardy. [54-55] Atalarymyza beren sözi boýunça, Ybraýym bilen onuň nesline mydamalyk rehim etmegi unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi». *** Merem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy. Elizabetiň güni-sagady dolup, bir ogul dogurdy. Goňşulary hem-de dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa uly rehimdarlyk edenini eşidip, onuň bilen bile şatlandylar. Sekizinji güni oglany sünnetlemäge gelenlerinde, onuň adyna kakasynyň ady ýaly Zekerýa dakjak boldular. Ýöne ejesi garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi. Oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atly adam ýok» diýdiler. Olar oglanyň kakasyna üm bilen düşündirip, onuň näme at dakmakçydygyny soradylar. Ol hem bir kiçiräk tagta isläp, «Ady Ýahýadyr» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdylar. Şol bada Zekerýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady. Bütin goňşular gorkdular. Ýahuda daglygynyň ähli ýerinde bütin bu wakalaryň gürrüňi edildi. Muny eşidenleriň bary bu zatlary ýüreklerinde saklap: «Bu çaga näme bolarka?» diýişýärdiler. Çünki Rebbiň eli onuň bilendi. Oglanyň kakasy Zekerýa Mukaddes Ruh bilen dolup, welilik edip diýdi: Ysraýylyň Hudaýy Reb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrdy. [69-71] Ol gadymdan Öz mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdyşy ýaly, bize bendesi Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykaryp, duşmanlarymyzdan, bizi ýigrenýänleriň ählisiniň elinden gutular ýaly etdi. *** *** Ol muny atalarymyza rehim etjek, Öz mukaddes ähtini, biziň atamyz Ybraýyma eden kasamyny ýatlajak bolup etdi. Ol bizi duşmanlarymyzyň elinden halas edip, takwalyk hem dogrulyk bilen, öňünde ömürboýy Özüne ybadat etmäge bize mümkinçilik berjekdigini aýdypdy. Eý çaga, sen hem hemmelerden beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň! Çünki sen Onuň ýollaryny taýýarlamak, Onuň halkyna günäleriniň ötülmegi bilen gutuljakdyklaryny bildirmek üçin, Rebbiň öňünden ýörärsiň. Sebäbi Hudaýymyz ýüreginiň rehimliligine görä, garaňkyda, ölüm kölegesinde oturanlara yşyk bermek üçin, aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün kimin ýokarlardan bizi idemäge geler». Oglan bolsa ulalyp, ruhy güýçlenýärdi. Ol Ysraýyla görünmeli günlerine çenli çöllerde boldy. Şol günlerde kaýsar Awgust bütin dünýäde ilat ýazuwyny geçirmeli diýen buýrugy çykardy. Bu Kiriniusyň Siriýa häkimlik edýän wagtynda geçirilen ilkinji ýazuwdy. Hemmeler ýazylmak üçin öz şäherlerine gitdiler. Ýusup-da Dawudyň öýünden we neslinden bolansoň, ol ýerde adyny ýazdyrmak üçin, Jeliledäki Nasyra şäherinden ýola düşüp, Dawudyň Ýahudadaky Beýtullaham diýen şäherine gitdi. Göwreli adaglysy Merem hem ýanyndady. Olar Beýtullahamdakalar, Meremiň dogurmaly güni-sagady geldi. Ol ilkinji ogluny dogrup, gundaga dolady-da, Ony bir ahyrda ýatyrdy. Çünki olara myhmanhanada ýer ýokdy. Şol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar. Ine, Rebbiň perişdesi olara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara şeýle diýdi: «Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz». Birdenkä perişde bilen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!» Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: «Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbiň bize bildiren zadyny göreliň» diýişdiler. Şeýlelikde, ylgap baryp, Meremi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler. Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar. Merem bolsa bu zatlar hakda ýagşy oýlanyp, bularyň baryny ýüreginde saklaýardy. Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler. Sekizinji gün dolup, çagany sünnetleme wagty ýetende, enesiniň göwresine düşmezden öň, perişdäniň aýdyşy ýaly, Onuň adyna Isa dakdylar. Musanyň kanunynda beýan edilen çile döwri tamam bolanda, Rebbe bagyşlamak üçin, Isany Iýerusalime getirdiler. Çünki Rebbiň kanunynda: «Ilkinji doglan her bir erkek çaga Rebbe bagyşlanmalydyr» diýip ýazylypdyr. Ýene Rebbiň kanunynda aýdylyşyna görä, olar bir jübüt gumry ýa-da iki kepderi çagasyny gurban etmek üçin gitdiler. Iýerusalimde Simun atly bir adam bardy. Ol dogry hem dindar bolup, Ysraýylyň teselli tapjak wagtyna garaşýardy we Mukaddes Ruh onuň üstündedi. Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölüm garasyny görmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýdylypdy. Ol Ruhuň ýol görkezmesi bilen ybadathana geldi. Isanyň ene-atasy kanunda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, çagany içerik getirenlerinde, Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkyş okap, şeýle diýdi: Ýa Reb, beren sözüňe görä, indi hyzmatkäriňi sag-aman goýber. Çünki Seniň bütin halklaryň gözüniň alnynda taýýarlap goýan, milletleri ýagtyltjak yşygyňy, halkyň Ysraýylyň şöhraty bolan gutaryşyňy gözüm gördi». Ýusup bilen çaganyň enesi Ol hakda aýdylýan sözlere haýran galdylar. Simun olara ak pata berip, ejesi Mereme şeýle diýdi: «Ine, bu çaga Ysraýylda köpleriň ýykylmagy we galmagy üçin, çekişmeler turuzjak alamat bolmak üçin bellenendir. Ençeme ýürekleriň pikirleri äşgär bolar ýaly, seniň hem janyňa bir gylyç sokular». Aşer taýpasyndan bolan Fanuiliň welilik edýän gyzy Anna-da şol ýerdedi. Onuň ýaşy garrylyga ýetipdi. Gyzlygyndan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşap, indi bolsa ýaşy segsen dörde ýeten bu dul hatyn ybadathanadan çykman, gije-gündiz oraza tutup, doga edip, ybadat bilen meşguldy. Ol hem edil şol wagt gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň baryna bu çaga hakda gürrüň berdi. Ýusup bilen Merem Rebbiň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soň, Jeliledäki şäherleri Nasyra dolandylar. Çaga ulalýardy, güýçlenip akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi. Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime giderdiler. Ol on iki ýaşyndaka, baýram adaty boýunça Iýerusalime gitdiler. Olar baýram günlerini ötürip, yzlaryna dolananlarynda, ýetginjek Isa Iýerusalimde galdy. Ýusup bilen çaganyň ejesi muny bilmeýärdiler. Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly ýörediler. Onsoň, Ony dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň arasyndan gözläp başladylar. Tapmansoňlar, Ony gözläp, yzlaryna Iýerusalime dolandylar. Üç günden soň, Ony ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi. Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar. Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar, ejesi Oňa: «Oglum! Näme beýtdiň? Ine, kakaň ikimiz Seni gaty gaýgy edip gözledik» diýdi. Isa olara: «Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi. Emma olar Onuň aýdan bu sözüne düşünmediler. Onsoň Isa ene-atasy bilen bile Nasyra gaýtdy, olaryň tabynlygynda galdy. Onuň ejesi bütin bu zatlary ýüreginde saklaýardy. Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy. Kaýsar Tiberiusyň häkimliginiň on bäşinji ýylynda, Pontius Pilatus Ýahudanyň häkimikä, Hirodes Jelile tetrarhy, onuň dogany Filipus Iturea we Trahonitis welaýatynyň tetrarhy, Lisaniýas Abiliniň tetrarhydy. Hanna bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda çölde Zekerýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi geldi. Ol Iordanyň töweregindäki bütin ýurtlara aýlanyp, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi. Şonuň ýaly-da, Işaýa pygamberiň kitabynda ýazylgydyr: «Çölde gygyrýanyň sesi: Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň. Her dere doldurylar, her dag, depe peseldiler, egri ýollar dograldylar, çarkandakly ýollar tekizlener. Bütin adamzat Hudaýyň gutaryşyny görer». Ýahýa çokundyryljak bolup ýanyna gelýän halaýyga şeýle diýýärdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi? Indi, toba mynasyp miweler öndüriň. Içiňizden: „Biziň atamyz Ybraýymdyr\ diýip başlamaň. Çünki men size aýdýaryn: Hudaý Ybraýyma şu daşlardan-da perzent ýaratmagy başarýandyr. Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taşlanar». Halaýyk ondan: «Onda, biz näme etmeli?» diýip sorady. Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Azykly hem şonuň ýaly etsin» diýdi. Salgytçylar-da çokundyrylmak üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli!» diýdiler. Ýahýa olara: «Özüňize bellenenden artyk almaň» diýdi. Esgerler-de: «Onda, biz näme etmeli?» diýip, ondan soradylar. Olara: «Hiç kimi talamaň, hiç kime töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi. Halk garaşyp durka, hemmesi Ýahýa hakda öz içlerinden: «Bu Mesihmikä?» diýip oýlanýardylar. Ýahýa hemmesine şeýle diýdi: «Men sizi suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden güýçli Biri geler. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem ot bilen çokundyrar. Onuň küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürip, samany sönmez otda ýakar». Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi. Emma Hirodes tetrarh doganynyň aýaly Hirodiýa üçin we öz eden ähli erbet işleri üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar bolany zerarly, bu ähli erbetlikleriň üstüne Ýahýany zyndana salmaklygy hem goşdy. Bütin halk çokundyrylyp ýörkä, Isa-da çokundyryldy. Ol doga edip otyrka, Gök açylyp, Mukaddes Ruh jan-ten bolup, kepderi kimin Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň. Men senden köp razydyryn» diýen owaz geldi. Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady, çak edilişine görä, Ýusup ogly, Eli ogly, Mattat ogly, Lewi ogly, Melki ogly, Ýannaý ogly, Ýusup ogly, Mattatýa ogly, Amos ogly, Nahum ogly, Esli ogly, Naggaý ogly, Maat ogly, Mattatýa ogly, Semeýn ogly, Ýoseh ogly, Ýoda ogly, Ýoanan ogly, Risa ogly, Zerubabel ogly, Şealtiýel ogly, Neri ogly, Melki ogly, Addi ogly, Kosam ogly, Elmadam ogly, Er ogly, Ýeşu ogly, Elizer ogly, Ýorim ogly, Mattat ogly, Lewi ogly, Simun ogly, Iuda ogly, Ýusup ogly, Ýonam ogly, Elýakim ogly, Melea ogly, Menna ogly, Mattata ogly, Natan ogly, Dawut ogly, Ýesse ogly, Obed ogly, Boaz ogly, Salmon ogly, Nahşon ogly, Aminadap ogly, Ram ogly, Hesron ogly, Peres ogly, Iuda ogly, Ýakup ogly, Yshak ogly, Ybraýym ogly, Teraz ogly, Nahor ogly, Seruh ogly, Reu ogly, Peleg ogly, Eber ogly, Şela ogly, Kainan ogly, Arfakşad ogly, Sam ogly, Nuh ogly, Lamek ogly, Metuşelah ogly, Hanok ogly, Ýared ogly, Mahalaleýel ogly, Kainan ogly, Enoş ogly, Şit ogly, Adam ogly, Hudaý ogludy. Isa Mukaddes Ruh bilen dolup, Iordandan yzyna öwrüldi. Ruh ony çöle äkitdi. Iblis Isany kyrk günläp synady. Ol bu günleriň dowamynda hiç bir zat iýmän, olar ötende bolsa ajykdy. Iblis Oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşa çörek bol diýip buýur» diýdi. Isa oňa şeýle jogap berdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyň her sözi bilen hem ýaşaýandyr \ diýip ýazylgydyr» diýdi. Iblis Ony bir belent ýere çykaryp, bir salymyň içinde dünýäniň bütin patyşalyklaryny görkezip, şeýle diýdi: «Men Saňa şularyň hemmesiniň ygtyýaryny hem şöhratyny bereýin, çünki bular maňa tabşyryldy. Men olary islänime berip bilýärin. Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar». Isa oňa şeýle jogap berdi: «Meniň ýanymdan güm bol, şeýtan! Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et diýip ýazylgydyr». Iblis Ony Iýerusalime eltdi, ybadathananyň küňresinde oturdyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak zyň. Sebäbi: „Ol Sen hakda Öz perişdelerine Seni gorasynlar diýip buýruk berer\. „Olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler\ diýip ýazylgydyr». Isa oňa: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama\ diýlendir» diýdi. Iblis bütin synaglary gutarandan soň, birnäçe wagtlap Onuň ýanyndan aýrylyp gitdi. Isa Ruhuň güýji bilen Jelilä öwrüldi. Ol hakdaky gürrüňler bütin şol töwereklere ýaýrady. Ol hemmeler tarapyndan hormatlanyp, olaryň sinagogalarynda sapak berýärdi. Isa Öz önüp-ösen ýeri bolan Nasyra geldi. Endigi boýunça Sabat güni sinagoga bardy we Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin, ýokary turdy. Oňa Işaýa pygamberiň kitaby berildi. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy: «Rebbiň Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi». Onsoň kitaby ýapyp, yzyna ― hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň hemmesiniň gözi Oňa dikildi. Ol bolsa olara gürrüň bermäge durdy: «Siziň eşiden bu ýazgyňyz şu gün berjaý boldy». Hemmeler Ony taryplap, Onuň agzyndan çykýan mähirli sözlere täsin galyp: «Bu Ýusubyň Ogly dälmi?» diýişýärdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz, hökman, Maňa „Tebip, özüňe em et!\ diýen nakyly aýdarsyňyz, „Kapernaumda bolanyny eşiden zatlarymyzy şu ýerde, Öz ýurduňda-da et\ diýersiňiz». Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilýän däldir. Size dogrusyny aýdýaryn: Ylýasyň zamanynda Ysraýylda birtopar dul hatyn bardy. Gök üç ýyl alty aýlap baglanyp, bütin ýurda açlyk düşende, Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Saýdadaky Sarepta şäherinde bolan bir dul hatynyň ýanyna iberildi. Elişa pygamberiň zamanynda-da Ysraýylda birtopar heýwere keselli adam bardy. Ýöne siriýaly Naamandan başga olaryň hiç biri tämiz bolmady». Bu sözleri eşidenlerinde, sinagogadakylaryň hemmesi gahar-gazaba mündüler. Turup, Ony şäherden kowdular, şäherleriniň ýerleşen dagynyň başyna eltip, şol ýerden aşak zyňjak boldular. Emma Isa olaryň arasyndan geçip, ýola rowana boldy. Isa Jeliläniň bir şäheri bolan Kapernauma geldi. Sabat günlerinde halka sapak bererdi. Halk Onuň taglymatyna haýran galdy. Çünki Onuň sözi erk-ygtyýarlydy. Sinagogada arwah-jynly bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: «Goý, biziň bilen näme işiň bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň». Isa oňa käýäp: «Sesiňi çykarma-da, çyk!» diýdi. Jyn hem ol adamy sinagoganyň ortasynda ýere ýykdy-da, hiç bir zyýan ýetirmän, ondan çykdy. Hemmeler haýran galyşyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen al-arwahlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler. Ol hakdaky gürrüň şol töwerekleriň hemme ýerine ýaýrady. Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini agyr gyzzyrma tutup ýatyrdy. Ol hakda Isa haýyş etdiler. Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi. Gyzzyrma ondan aýrylyp, ol derrew ör turdy-da, olara hyzmat etmäge durdy. Gün ýaşanda, dürli syrkawçylyklary bar adamlary Onuň ýanyna getirdiler. Isa hem ellerini her biriniň üstüne goýup, olary sagaltdy. Köpüsinden jynlar: «Sen Hudaýyň Ogly Mesihsiň!» diýip, gygyryşyp çykýardy. Isa hem käýäp, olary gepletmeýärdi. Çünki Onuň Mesihdigini bilýärdiler. Daň atanda, Isa çykyp bir ýere gitdi. Ýöne halaýyk Ony gözläp, ýanyna geldi, ol ýerden gitmez ýaly, olar Isany alyp galjak boldular. Isa olara şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim». Şeýdip, Ol Jeliläniň sinagogalarynda wagyz edýärdi. Bir gün halaýyk Hudaýyň Sözüni diňlejek bolup, Isanyň daşyny alyp durka, Ol Jenesaret kölüniň kenarynda durdy. Şonda Isanyň gözi kölüň ýakasynda duran iki gaýyga düşdi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular. Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň gaýykda oturan ýerinden halka sapak bermäge durdy. Sözüni gutaranda Simuna: «Çuň ýere gidiň-de, aw üçin torlaryňyzy suwa zyňyň» diýdi. Simun Oňa şeýle diýdi: «Ussat! Bütin gije zähmet çekip, hiç bir zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary zyňaýyn». Muny edenlerinde, şeýle köp balyk tutdular welin, torlary ýyrtylyp ugrady. Beýleki gaýykdaky ýoldaşlaryna gelip kömekleşmekleri üçin ellerini bulap yşarat etdiler. Olar hem gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. Simun Petrus muny görende: «Ýa Reb, meniň ýanymdan aýryl, çünki men bir günäkär adam!» diýip, Isanyň dyzyna ýykyldy. Sebäbi tutan balyklarynyň köpdügine ol we ýanyndakylaryň hemmesi ― Simunyň ýoldaşlary bolan Zebedeýiň ogullary, Ýakup bilen Ýahýa hem haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyň» diýdi. Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler. Isa şäherleriň birindekä, tutuş endamy heýwere keselli bir adam geldi. Ol Isany görende, ýüzüni ýere berip, Oňa: «Ýa Reb, isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip ýalbardy. Isa hem elini uzadyp: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi-de, oňa elini degirdi. Heýwere keseli derrew ol adamdan aýryldy. Isa oňa: «Muny hiç kime aýtma» diýip tabşyrdy-da: «Ýöne bar-da, özüňi ruhana görkez, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligiň üçin Musanyň tabşyrygy boýunça gurban bagyş et» diýdi. Isa hakdaky gürrüňler barha ýaýraýardy. Isany diňlejek, syrkawlyklaryndan açyljak bolup, Onuň ýanyna uly märekeler ýygnanýardy. Emma Ol çöllere çykyp doga edýärdi. Bir gün Isa sapak berip otyrdy. Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen kanunçylar -da şol ýerde otyrdylar. Rebbiň gudraty Onuň syrkawlara şypa berşinde özüni görkezýärdi. Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdiler. Ony içerik salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular. Emma märeke zerarly içerik salmak üçin ýol tapman, öýüň üstüne çykyp, üçegiň arasyndan ony düşegi bilen orta ― Isanyň öňüne düşürdiler. Ol hem olaryň imanyny görüp: «Eý adam, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. Kanunçylar bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri Hudaýdan başga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletmäge başladylar. Emma Isa olaryň nämä oýlanýanyny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme içiňizi gepledýärsiňiz? Haýsy aňsat, „Günäleriň ötüldi\ diýmekmi ýa-da „Tur, ýöre\ diýmek? Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň bardygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi. Ol hem derrew olaryň gözleriniň alnynda ör turup, düşegini aldy-da, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gitdi. Hemmeler haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar, gorky bilen dolup: «Bu gün geň zatlar gördük» diýişdiler. Isa daşaryk çykanda, gümrükhanada oturan Lewi atly salgytçyny gördi. Ol oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem bar zady taşlap, turdy-da, Onuň yzyna düşdi. Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly zyýapat berdi. Saçagyň başynda olar bilen oturan birtopar salgytçy we başga köp adam bardy. Fariseýler bilen olaryň kanunçylary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler. Isa olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi. Olar hem Oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan oraza tutup, doga edýärler, fariseýleriňki hem şeýle, ýöne Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler?» Isa şeýle jogap berdi: «Giýew ýanlaryndaka, siz toýdakylara oraza tutduryp bilersiňizmi? Emma giýewiň olaryň ýanyndan alynjak günleri geler, olar şonda, şol günlerde oraza tutarlar». Isa olara bir tymsal aýtdy: «Hiç kim täze eşikden bir bölek ýyrtyp alyp, köne eşige ýamalyk etmez. Ýogsa, ol täzäni ýyrtar hem-de täzeden alnan ýamalyk köne eşige gelişmez. Hiç kim-de täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa, täze şerap meşikleri ýaryp, daşary döküler, meşikler zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr. Şeýlelikde, ikisi-de aman galar. Hiç kim-de köne şeraby içensoň täzäni küýsemez, çünki „Könesi oňat\ diýer». Pesahyň ikinji gününden soňky ilkinji sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýarka, şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup, aýalarynda owup iýýärdiler. Fariseýleriň käbirleri olara: «Näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärsiňiz?» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç galanlarynda, Dawudyň näme edenini okamadyňyzmy? Ol Hudaýyň öýüne bardy-da, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi we ýanyndakylara hem berdi». Olara: «Ynsan Ogly sabat gününiň hem Rebbidir» diýdi. Ýene bir sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Ol ýerde sag eli gurap, inçelen bir adam bardy. Kanunçylar bilen fariseýler Ony aýyplajak bolup, «Sabat güni şypa edermikä?» diýip, Ony aňtadylar. Isa olaryň pikirlerini bilip, eli gurap, inçelen adama: «Ýokary gal-da, ortada dur» diýdi. Ol hem ýokary galyp durdy. Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Sizden soraýaryn: Sabat güni näme etmek dogry, ýagşylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?» Onsoň töweregindäkileriň hemmesine seretdi-de, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem şeýle etdi we eli beýlekisi ýaly sagaldy. Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isa näme etmelidigi barada öz aralarynda gürrüňe başladylar. Şol günleriň birinde Isa doga etmäge daga çykyp, uzyn gijäni Hudaýa doga etmek bilen geçirdi. Gündiz bolanda şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on ikisini saýlap, resullar adyny dakdy. Saýlanlary şulardyr: Petrus adyny bereni Simun we onuň dogany Andreas, Ýakup we Ýahýa, Filipus we Bartolomeus, Matta we Tomas, Alfeusyň ogly Ýakup we Watançy diýilýän Simun. Ýakubyň ogly Iuda we soňra Oňa haýynlyk eden Iuda Iskariot. Isa olar bilen aşak inip, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde şägirtlerinden ybarat bir uly märeke we bütin Ýahudadan, Iýerusalimden, Saýdanyň we Suruň kenar ýakalaryndan Ony diňlemäge, syrkawlygyndan açylmaga gelen uly halk köpçüligi bardy. Al-arwahlardan yza çekýänler-de şypa tapýardylar. Bütin märeke Oňa el degirjek bolup dyrjaşýardy. Çünki Ondan güýç çykyp, hemmesine şypa berýärdi. Isa şägirtlerine garap, şeýle diýdi: «Eý garyplar, siz bagtlysyňyz, çünki Hudaýyň Patyşalygy siziňkidir. Häzirki açlar, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Häzirki aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki gülersiňiz. Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagtlary, size sögüp, adyňyzy ýamana çykaran wagtlary siz bagtlysyňyz! Şol gün şatlanyň, begençden böküň, çünki Gökde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň atalary-da pygamberlere şeýle edendirler. Emma waý size, eý baýlar! Çünki siz öz teselliňizi alansyňyz. Waý size, eý, häzirki doklar! Çünki siz aç galarsyňyz. Waý size, eý, häzirki gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz. Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza! Çünki olaryň atalary ýalan pygamberlere-de şeýle edendirler». Emma, eý, Meni diňleýänler, size diýýärin, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň. Özüňize gargaýanlar barada ýagşy dilegde boluň, özüňizi ynjydýanlara doga ediň. Bir ýaňagyňa urana ol ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma. Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna dileme. Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň. Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler. Siz özüňize ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärler-de muny edýärler. Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýärler. Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almagy umyt etmän karz beriň. Şeýlelikde, baýragyňyz uly bolup, Hemmelerden Beýik Bolanyň ogullary bolarsyňyz. Çünki Ol gadyr bilmezlere-de, ýamanlara-da mähribandyr. Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz-de rehimdar boluň». Başgalaryň üstünden höküm çykarmaň, siziň-de üstüňizden höküm çykarylmaz. Iş kesmäň, size-de iş kesilmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz. Beriň, size-de berler. Gujagyňyza basylyp silkelenip, pürepür, oňat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler». Isa olara bir tymsal hem aýtdy: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem guýa gaçaýmazmy. Şägirt öz mugallymyndan ýokary däldir, ýöne kämilleşensoň, her kes öz mugallymy ýaly bolar. Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? Ýa-da öz gözüňdäki agajy görmän, doganyňa nädip: „Dogan! Gel, seniň gözüňdäki çöpi çykaraýyn\ diýjek? Eý ikiýüzli! Ilki öz gözüňden agajy çykar. Şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň». Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez. Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ne tikenden injir alynýandyr, ne-de çalydan üzüm ýygylýandyr. Oňat adam ýüreginiň oňat hazynasyndan oňat zat çykarýandyr. Erbet adam-da ýüreginiň erbet hazynasyndan erbet zat çykarýandyr. Çünki onuň agzy ýüreginden joşanyny sözleýändir. Näme üçin Maňa „Ýa Reb! Ýa Reb!\ diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz? Meniň ýanyma gelýän, Meniň sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän adamyň kim ýalydygyny Men size aýdaýyn. Ol bir öý salan adam ýalydyr. Bu adam ýeri çuň gazyp, binany bir gaýanyň üstünde tutdy. Sil gelende bolsa derýa ol öýe urup, ony gymyldadyp bilmedi. Çünki onuň binasy gaýanyň üstünde tutulypdy. Ýöne Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa ol öýe uran badyna, öý ýykylyp, onuň dargaýşy gorkunç boldy». Isa bu sözleri halka eşitdirip bolandan soň, Kapernauma bardy. Bir ýüzbaşynyň eziz görýän hyzmatkäri syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ýüzbaşy Isa baradaky gürrüňleri eşidende, baryp, hyzmatkärini sagaltmagy Ondan haýyş etsinler diýip, ýehudylaryň birnäçe ýaşulusyny Onuň ýanyna iberdi. Olar hem Isanyň ýanyna gelenlerinde, Oňa çyny bilen ýalbaryp, şeýle diýdiler: «Ol muny etmegiňe mynasypdyr. Çünki ol biziň milletimizi söýýär, sinagogany -da bize şol salyp berdi». Isa olar bilen bile gitdi. Ol onuň öýüne golaýlanda, ýüzbaşy dostlaryny iberip, Oňa şeýle diýdi: «Ýa Reb, zähmet çekme. Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa gelmäge mynasyp görmedim, ýöne bir söz aýt, meniň hyzmatkärim sagalar. Çünki men bir gol astyndaky adam, meniň gol astymda hem esgerler bar, birine: „Git\ diýýärin, gidýär, ýene birine: „Gel\ diýýärin, gelýär, hyzmatkärime: „Şuny et\ diýýärin, edýär». Isa muny eşidende, oňa haýran galdy, yzyna düşüp gelýän halaýyga ýüzlenip, şeýle diýdi: «Size diýýärin: Men hatda Ysraýylda-da beýle imany göremok». Iberilenler öýe gaýdyp gelenlerinde, syrkaw hyzmatkär sagalan eken. Ertesi Isa Nain diýen şähere gitdi. Şägirtleriniň köpüsi we uly märeke hem Onuň bilen bile gitdi. Isa şäheriň derwezesine golaýlanda, ine, bir ölini ugradyp barýardylar. Ol dul galan ejesiniň ýalňyz ogludy. Şäher halkynyň birtopary hem aýalyň ýanyndadylar. Reb enäni görende, oňa haýpy gelip: «Aglama!» diýdi. Baryp tabyda elini degirdi, gölegçiler hem durdular. Ol diýdi: «Eý, ýaş ýigit! Saňa diýýärin, tur!» Öli ýerinden galyp oturdy-da, geplemäge başlady. Isa ony enesine gowşurdy. Hemmelere gorky aralaşdy. Olar: «Aramyzda bir uly pygamber peýda bolupdyr, Hudaý Öz halkyny idemäge gelipdir» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Isa hakdaky bu gürrüň bütin Ýahuda, dumly-duşa ýaýrady. Ýahýanyň şägirtleri bularyň ählisini oňa habar berdiler. Ýahýa-da öz şägirtlerinden ikisini ýanyna çagyryp, Rebden: «Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy!» diýip soramaga Onuň ýanyna iberdi. Olar Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Çokundyryjy Ýahýa bizi Seniň ýanyňa: „Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy?\ diýip soramaga iberdi». Edil şol wagt Isa birtopar adamlary syrkawlyklardan, dertlerden we erbet ruhlardan sagaltdy. Köp körleriň gözüni açdy. Şeýlelikde, Ol olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň: körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. Men sebäpli büdremedik bagtlydyr!» Ýahýanyň iberen adamlary gidenden soň, Isa halaýyga Ýahýa hakda gürrüň bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýeliň yraýan gamşynymy? Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Nepis eşikler geýnip, zowky-sapada ýaşaýanlar patyşalaryň köşklerindedir. Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn: ol pygamberden hem artykdyr. „Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol öňden gidip, Seniň ýoluňy taýýarlar\ diýip ýazylan şudur. Size diýýärin: aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan uly pygamber ýok, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr». Ony diňlän bütin halaýyk hem salgytçylar Hudaýyň ýoluny oňladylar. Sebäbi Ýahýa tarapyndan çokundyryldylar. Ýöne fariseýler bilen kanunçylar onuň tarapyndan çokundyrylman, Hudaýyň özleri hakdaky niýetinden boýun gaçyrdylar. Şonda Isa olara şeýle diýdi: «Bu nesliň adamlaryny Men kime meňzedeýin? Olar kime meňzeýär! Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaşlaryna: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz, agy etdik, aglamadyňyz\ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. Çünki Çokundyryjy Ýahýa geldi, ol ne çörek iýýär, ne-de şerap içýär, siz bolsa oňa „jynly\ diýýärsiňiz. Ynsan Ogly geldi, iýýär hem içýär, siz: „Ine, horan, arakhor, salgytçy, günäkärleriň dosty\ diýýärsiňiz. Ýöne akyldarlyk özüniň ähli çagalary tarapyndan tassyklandy». Fariseýlerden biri Isadan özi bilen bile nahar iýmegini haýyş etdi. Ol hem ýaňky fariseýiň öýüne baryp, saçak başynda oturdy. Ol şäherde bir günäkär aýal bardy. Ol Isanyň fariseýiň öýünde saçak başynda oturandygyny eşidende, bir ak mermer gapda atyr ysly ýag getirdi. Ol aýal yzda, Isanyň aýagyna ýakyn durup, aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýagyny ýuwmaga durdy. Onsoň öz saçy bilen süpürip, aýaklaryndan öpüp, ysly ýag bilen ýaglady. Isany öýüne çagyran fariseý muny görende: «Bu Adam pygamber bolsa, onda Özüne elini degirýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal bir günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi. Isa oňa: «Simun! Saňa bir aýtjak zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi. Isa şeýle diýdi: «Iki adam bir karz berijä bergilidi. Biriniň bäş ýüz dinar, biriniň hem elli dinar bergisi bardy. Olaryň bermäge zatlary bolmansoň, karz beriji ikisiniň hem bergisini geçdi. Indi Maňa aýt, olaryň haýsysy ony köp söýer?» Simun: «Meniň pikirimçe, köpräk karzy geçilen bolsa gerek» diýdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi. Onsoň aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen Maňa aýagym üçin suw-da bermediň. Emma ol Meniň aýagymy gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi. Sen meni öpmediň, emma bu aýal gelelim bäri, yzyny üzmän aýaklarymdan öpüp otyr. Sen Meniň başymy zeýtun ýagy bilen-de ýaglamadyň, emma bu aýal aýaklarymy ysly ýag bilen ýaglady. Şonuň üçin saňa aýdýaryn: onuň köp bolan günäleri geçildi. Onuň köp söýýändiginiň sebäbi, ine, şunda. Emma kimiň az günäsi geçilse, ol az söýer». Aýala bolsa: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi. Onuň bilen bile saçak başynda oturanlar: «Günäleri-de geçýän bu kimkä?» diýşip, içlerini gepletmäge başladylar. Isa bolsa aýala: «Imanyň seni halas etdi. Sag-aman git» diýdi. Şundan soň, Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi. On iki şägirt we erbet ruhlardan hem syrkawlyklardan gutulan käbir aýallar, içinden ýedi jyn çykan Magdalaly diýilýän Merem, Hirodesiň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýuhanna, Suzanna we başga-da birtopar aýallar Onuň ýanyndady. Olar öz emläkleri bilen Oňa gulluk edýärdiler. Köp halaýyk üýşüp, her şäherden Isanyň ýanyna ýygnananlarynda, Ol tymsal bilen gürrüň berdi: Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň ýakasyna düşýär, olar depelenýär we guşlar gelip, olary çokalaýarlar. Birnäçesi hem daşlyga düşüp, gögeren badyna guraýar, çünki yzgar ýok eken. Birnäçesi tikenleriň arasyna düşýär, tikenler olar bilen ösüp, olary basýar. Birnäçesi-de gowy ýere düşensoň, gögerip, ýüz esse hasyl berýär». Bulary aýdansoň: «Gulagy barlar eşitsin!» diýip gygyrdy. Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň syrlaryna düşünmek ukyby size berildi, ýöne başgalaryna gözläp görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, tymsallar bilen aýdylýar. Tymsalyň manysy şeýle: Tohum Hudaýyň sözüdir. Ýoluň ýakasyna düşen däneler sözi eşidýän adamlary aňladýar. Ýöne soň gutulmazlyklary üçin şeýtan olaryň kalbyndan sözi sogrup alar. Daşlyk ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde şatlyk bilen kabul edýän adamlary aňladýar. Ýöne olar kökleriniň ýoklugy üçin, az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler. Tikenler arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänleri aňladýar, ýöne bu ýaşaýşyň gaýgylary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler. Gowy topraga düşenler bolsa, Sözi eşidip, ony ýagşy hem ak ýürekde saklap, sabyr bilen miwe berýänleri aňladýar. Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni bir gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içerik girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr. Çünki belli bolmajak gizlin zat ýokdur, bilnip üsti açylmajak ýaşyryn zat ýokdur. Şonuň üçin, eşidişiňize üns beriň, çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ýöne kimde ýok bolsa, özünde bardyr diýip güman edýäni hem ondan alnar». Isanyň ejesi bilen doganlary Ony görmäge geldi, ýöne märeke zerarly, olar Onuň ýanyna baryp bilmediler. Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň daşarda durlar, Seni görmek isleýärler» diýip habar berildi. Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym ― Hudaýyň Sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýdi. Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Kölüň aňyrsyna geçeliň» diýdi. Şeýlelikde, ugradylar. Barýarkalar, Ol uka gitdi. Kölde birden güýçli ýel turup, gaýyga suw dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler. Şägirtler baryp, Ony oýaryp: «Ussat, Ussat, heläklenip barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem çaýkanýan suwa käýedi, olar-da ýatdy, şeýle imi-salalyk boldy. Ol şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýdi. Olar bolsa geňirgenişip, gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kim? Bu ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da gulak asýar» diýişdiler. Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşen gadaralylaryň ýurduna geldiler. Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa şol şäherden bolan we kän wagt bäri jyny bar bir adam gabat geldi. Bu eginbaş geýmän, öýde ýaşaman, mazarlaryň içinde ýaşardy. Ol Isany görende gygyryp, Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý Isa! hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Saňa ýalbarýaryn, meni gynama». Çünki Isa arwaha ol adamdan çykmagy buýrupdy, sebäbi arwah ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, kündeläp saklardylar. Emma ol baglary gyrardy, jyn ony çöllere çekerdi. Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Legion» diýip jogap berdi. Çünki oňa köp jyn giripdi. Jynlar özlerine dowzah çukuryna gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar. Şol ýerde dagyň üstünde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi. Jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat bermegi üçin, Oňa ýalbardylar. Ol hem rugsat berdi. Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Süri bolsa uçutdan kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy. Çopanlar bolan zady görenlerinde gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler. Halaýyk-da bolan zady görmek üçin çykyp, Isanyň ýanyna geldi. Olar içinden jynlaryň çykan adamynyň geýnip, Isanyň aýaklarynyň düýbünde oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. Bu wakany görenler bolsa jyn uran adamyň nähili sagalanyny olara gürrüň berdiler. Onsoň gadaralylar ýurdunyň bütin ilaty Isadan ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olara uly gorky aralaşypdy. Isa-da gaýyga münüp, yzyna gaýtdy. Emma içinden jynlar çykan adam Onuň ýanynda bolmak üçin, Isa ýalbardy. Isa-da: «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa edenlerini gürrüň ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini bütin şähere jar etdi. Isa yzyna öwrülip gelende, halk Ony garşylady, çünki hemmeler Oňa garaşýardy. Ine, sinagoganyň başlygy bolan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykylyp, Ondan öýüne barmagy haýyş etdi. Çünki onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere barýarka, halaýyk her ýandan Ony gysýardy. Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy tutup, bar-ýoguny tebiplere harç etse-de, hiç birisinden şypa tapmadyk bir aýal bardy. Ol Isanyň ýeňsesinden baryp, Onuň geýiminiň syýyna elini degirdi welin, şol bada onuň gan akmasy kesildi. Isa: «Maňa kim el degirdi!» diýdi. Hemmeler inkär edende, Petrus bilen ýanyndakylar: «Ussat! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsaň: „Maňa kim el degirdi?\ diýýärsiň» diýdiler. Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, çünki Men Özümden bir güýjüň çykanyny aňdym» diýdi. Aýal gizlin galyp bilmänini görüp, titräp, Onuň öňünde ýere ýykyldy. Bütin halkyň öňünde näme üçin Oňa elini degrenini, şol bada hem şypa tapanyny aýtdy. Isa oňa: «Gyzym! Imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git» diýdi. Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden biri gelip: «Gyzyň aýryldy, Mugallymy azara goýma» diýdi. Emma Isa muny eşidende, oňa: «Gorkma, diňe iman et, ol gutular» diýdi. Öýe gelip ýetenlerinde bolsa, Petrus, Ýahýa, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içerik girmäge rugsat etmedi. Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Isa: «Aglamaň, ol ölenok, ol uklap ýatyr» diýdi. Gyzyň ölüdigini bilýändikleri üçin, Oňa gülüşdiler. Emma Isa hemmeleri daşaryk kowup, gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, gal!» diýdi. Onuň ruhy yzyna gelip, gyz şolbada ýokary galdy. Isa oňa nahar berilmegini buýurdy. Gyzyň ene-atasy geň galdy. Isa bolsa näme bolanyny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Isa on iki şägirdini bir ýere çagyryp, olara bütin jynlary kowmaga, syrkawlyklara em etmäge, güýç hem ygtyýar berip, olary Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge, syrkawlara şypa bermäge ýollady. Olara şeýle diýdi: «Ýol üçin hiç zat almaň: ne taýak, ne torba, ne çörek, ne pul, ne-de iki köýnek. Haýsy öýe barsaňyz, şol ýerde galyp, şol ýerden hem ýola çykyň. Sizi nirede kabul etmeseler, şol şäherden çykyp barýarkaňyz, olara güwälik bolar ýaly, aýagyňyzyň tozuny kakyň». Olar-da ýola düşüp, obama-oba aýlandylar, Hoş Habary yglan edip, hemme ýerde şypa berdiler. Tetrarh Hirodes bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Çünki käbirleri: «Ýahýa ölümden direlipdir», käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr», başgalary hem: «Gadym pygamberleriň biri direlipdir» diýişýärdiler. Hirodes bolsa: «Men Ýahýanyň başyny kesdim, ýöne bu habarlaryny eşidýän Adamym kimkä?» diýip, Ony görjek bolýardy. Resullar yzlaryna öwrülip gelenlerinde, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şäheriň golaýynda bir çola ýere çekildi. Halaýyk muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Patyşalygy hakda gürrüň berip, şypa mätäçleri sagaltdy. Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Halky goýber, töwerekdäki obalara, meýdanlara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar. Çünki biz bir çola ýerde». Emma Ol: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Olar hem: «Gidip, bütin bu halaýyga iýmit satyn almasak, biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler. Sebäbi olar bäş müňe golaý adamdy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar bölüň-de oturdyň» diýip tabşyrdy. Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar. Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp, olar üçin şükür etdi-de, halka paýlar ýaly, bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Hemmeler iýip doýdy, artyp galan çöregiň döwümlerini bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Bir gün Isa ýekelikde doga edýärdi, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Çokundyryjy Ýahýa diýýärler. Käbirleri-de Ylýas, käbirleri hem gadym pygamberleriň biri direlipdir diýýär». Olara: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesihisiň» diýdi. Isa bolsa muny hiç kime aýtmaň diýip, olara berk tabşyrdy. Ol ýene şeýle diýdi: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, baş ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we ölenden üç günden soň direlmelidir». Hemmelere şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün. Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, özüni ýogaltsa ýa özüne zyýan ýetirse, oňa näme peýdasy bar? Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar. Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň arasynda Hudaýyň Patyşalygyny görmezden öň ölümi datmajak käbir adamlar bar». Bu sözleri aýdanyndan sekiz güne golaý wagt geçensoň, Isa Petrusy, Ýahýany we Ýakuby ýanyna alyp, doga etmäge daga çykdy. Doga edip otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy ýaldyrap agardy. Ine, iki adam Onuň bilen gürrüň edip durdular. Bu Musa bilen Ylýasdy. Olar şöhrat bilen peýda bolup, Onuň Iýerusalimde amala aşjak aýrylyşy hakda gürrüň edýärdiler. Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, ýöne ukudan açylanlarynda, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler. Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini bilmän Oňa: «Ussat, Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri ― Saňa, biri ― Musa, biri ― Ylýasa» diýdi. Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olara kölege saldy. Olar buluda girenlerinde gorkdular. Bulutdan: «Meniň söýgüli Oglum Bu! Ony diňläň» diýen owaz geldi. Bu owaz gelen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler. Şol günüň ertesi dagdan inenlerinde, bir uly märeke Isany garşylady. Märekäniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Saňa ýalbarýaryn, meniň ogluma bir seret, çünki ol meniň ýalňyz çagam. Ine, ony bir ruh tutýar-da, çaga birden çygyrýar. Ruh silterläp, onuň agzyndan ak köpük getirip, pagyş-para edenden soň, ondan zordan aýrylýar. Ony çykarmaklary üçin, Seniň şägirtleriňe ýalbardym, ýöne olar başarmadylar». Isa oňa: «Eý, ýoldan çykan imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi. Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwaha käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy. Hemmeler Hudaýyň beýikdigine geň galdylar. Hemmeler Isanyň bütin işlerine geň galyşyp durkalar, Ol Öz şägirtlerine: «Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsan eline berler» diýdi. Emma olar bu söze düşünmediler. Söz olar akyl ýetirmez ýaly ýaşyryndy, olar hem bu barada Isadan soramaga çekindiler. Şägirtleriň arasynda olaryň haýsynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy. Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. Onsoň olara şeýle diýdi: «Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar». Ýahýa şeýle diýdi: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen jynlary çykarýan bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol biziň bilen birlikde Seniň yzyňa eýerenok». Isa oňa: «Ony bökdemäň! Çünki kim size garşy bolmasa, siziň tarapdaryňyzdyr» diýdi. Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime tarap aýgytly ýola düşdi. Ol Özünden öň birnäçe çapary ýollady. Olar hem Oňa taýýarlyk görmek üçin baryp, samariýalylaryň bir obasyna girdiler. Emma Ony ol ýerde kabul etmediler, çünki ugry Iýerusalime tarapdy. Şägirtleri Ýakup bilen Ýahýa muny görüp: «Ýa Reb! Olary heläk etsin diýip, Ylýasyň edişi ýaly, Gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýdiler. Isa öwrülip, olara käýedi: «Siz haýsy ruhdandygyňyzy bilmeýärsiňiz. Ynsan ogly adamlary heläk etmäge däl-de, halas etmäge geldi». Onsoň başga oba gitdiler. Ýol bilen barýarkalar, bir adam Oňa: «Ýa Reb! Sen nirä gitseň, men-de yzyňa düşerin» diýdi. Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Ýa Reb! Rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. Emma Isa oňa: «Goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar, ýöne sen git-de, Hudaýyň Patyşalygyny wagyz et» diýdi. Ýene birisi: «Ýa Reb! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti öz maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi. Isa oňa: «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» diýdi. Şundan soň Reb başga ýetmiş adamy belläp, olary Öz gitjek bolup ýören ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady. Olara şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň. Gidiň! Ine, Men sizi möjekler arasyna guzular ýaly ýollaýaryn. Ýanyňyza ne halta, ne torba, ne-de çaryk alyň. Ýolda hiç kime salam bermäň. Haýsy öýe barsaňyz, öňürti: „Bu öýe parahatlyk!\ diýiň. Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, salamyňyz onuň üstüne gonar, ýok-da bolsa, ýene özüňize öwrüler. Ol öýde galyp, olaryň berenlerini iýip-içiň, çünki işgär öz muzduna mynasypdyr. Öýden-öýe gitmäň. Bir şähere baryp, kabul edileniňizde, öňüňizde näme goýulsa, şony iýiň. Ol ýerdäki syrkawlara şypa beriň-de: „ Hudaýyň Patyşalygy size golaýlady\ diýiň. Emma bir şähere baryp, kabul edilmäniňizde, onuň köçelerine çykyň-da, şeýle diýiň: „Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Ýöne Hudaýyň Patyşalygynyň özüňize golaýlaşanyny biliň\. Men size şol günde Sodomyň ýagdaýynyň ol şäheriň ýagdaýyndan has ýeňil boljagyny aýdýaryn. Waý saňa, eý Horazin! Waý saňa, eý Betsaýda! Sizde ýüze çykan mugjyzalar Surda we Saýdada ýüze çykan bolsady, onda olar eýýäm jul hem külüň içinde oturyp toba ederdiler. Emma magşar güni Suruň we Saýdanyň ýagdaýy siziň ýagdaýyňyzdan has ýeňil bolar. Sen, eý Kapernaum, arşa göterilersiňmi? Ýok, dowzaha çenli aşak taşlanarsyň. Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa, Meni Ýollany ret eder». Ol ýetmiş şägirt şatlyk bilen öwrülip: «Ýa Reb! Seniň adyňy agzanymyzda, jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Men şeýtanyň Gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm. Ine, size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zyýan ýetirmez. Ýöne ruhlaryň size boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň Gökde ýazylmagyna begeniň». Şol sagatda Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp, şeýle diýdi: «Eý, Ýeriň-gögüň Rebbi Atam, Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, kiçijik çagalara aýan edeniňe şükür edýärin! Hawa, Ata! Çünki Seniň halaýşyň şeýledi». Onsoň şägirtlerine şeýle ýüzlendi: «Hemme zady Maňa Atam tabşyrdy, Ogluň kimdigini Atadan başga hiç kim bilmez. Atanyň hem kimdigini Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim bilmez». Ýörite şägirtlere ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler ne bagtly! Size aýdýaryn: köp pygamberler, patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler». Ine, bir kanunçy turup, Isany synamak üçin: «Mugallym! Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin, meniň näme etmegim gerek?» diýip. Ondan sorady. Isa oňa sorag bilen ýüzlendi: «Kanunda näme ýazylypdyr? Sen nähili okaýarsyň?» Ol: «Hudaýyň Rebbi bütin kalbyň, bütin janyň, bütin güýjüň we bütin düşünjäň bilen söý, goňşyňy özüň ýaly söý» diýdi. Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, şuny et, ýaşarsyň» diýdi. Emma ol özüni aklajak bolup: «Meniň goňşym kim?» diýip, Isadan sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Eriha barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini egninden sypyryp alýarlar-da, ony ýenjip, çalajan taşlap gidýärler. Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görende, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär. Onsoň bir lewili -de şol ýere gelip, ony görende, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär. Ýöne şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly onuň üstünden gelýär, ony görüp ýüregi awaýar. Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerap guýup, ýaralaryny saraýar. Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär. Şol günüň ertesi çykaryp myhmanhanaça iki dinar berip: „Muňa garaşyk et, artykmaç harajadyňy öwrülip gelýärkäm bererin\ diýýär. Seniň pikiriňçe, bu üç adamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň goňşusy bolýar?» Kanunçy: «Oňa rehim eden adam» diýip jogap berdi. Isa hem oňa: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýdi. Isa bilen şägirtleri ýollaryna dowam edip barýarkalar, Ol bir oba girdi. Ol obada Marta atly bir aýal Ony öýüne myhman aldy. Bu aýalyň Merem atly bir gyz dogany bardy. Ol Isanyň aýagyna ýakyn oturyp, Onuň sözlerine gulak asýardy. Marta hyzmat bilen başagaý bolup ýörşüne, Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Ýa Reb! Gyz doganymyň meniň ýeke özüme hyzmat etdirip ýörmegi seniň perwaýyňa dälmi? Oňa aýt, maňa kömekleşsin». Isa oňa şeýle diýdi: «Marta, Marta! Sen köp zatlara aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň. Ýöne diňe bir zat gerek. Merem özünden alynmajak oňat paýy saýlady». Günleriň birinde Isa bir ýerde doga edýärdi. Dogasyny gutaranda, şägirtleriniň biri Oňa: «Ýa Reb! Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize doga etmegi öwret» diýdi. Olara şeýle diýdi: «Doga edeniňizde şeýle diýiň: Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun. Patyşalygyň gelsin, Gökde bolşy ýaly, Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn. Gündelik çöregimizi bize günde ber. Günälerimizi geç. Çünki biz hem özümize garşy günä edenleriň barynyň günäsini geçýäris. Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et». Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň bir dostuňyz bar. Ol ýarygije oňa baryp, şeýle diýýär: „Dost! Maňa üç çörek karz ber. Çünki bir dostum ýoldan meniňkä geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok\. Ol hem içerden şeýle diýýär: „Maňa zähmet berme, gapy eýýäm ýapyldy, çagalarym meniň bilen bile düşekde ýatyr, men turup, saňa zat berip biljek däl\. Size diýýärin, ýaňky dostluk hatyrasyna turup, oňa çörek bermese-de, onuň höçjetligi üçin näçe islese berer. Size diýýärin, diläň, size berler. Agtaryň, taparsyňyz. Gapyny kakyň, size açylar. Çünki her dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana gapy açylar. Sizden haýsy ata ogly çörek dilände, oňa daş berer? Ýa-da balyk dilände, balyk ýerine oňa ýylan berer? Ýa-da ýumurtga dilände, oňa içýan berer? Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!» Bir gezek Isa bir lal jyny kowýardy. Jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halaýyk muňa geňirgendi. Ýöne olaryň käbiri: «Ol jynlaryň hany Beýelzebul arkaly jynlary kowýar» diýdiler. Beýlekiler hem Gökden bir alamat görkezmegini talap edip, Ony synamakçy boldular. Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölnen öý ýykylar. Şeýtan öz içinden bölünse, onuň patyşalygy nähili durar? Muny siziň „Jynlary Beýelzebul arkaly kowýar\ diýýäniňiz üçin aýdýaryn. Men jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýar? Munuň üçin, olar size kazylyk ederler. Men jynlary Hudaýyň barmagy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Patyşalygy size gelendir. Doly ýaraglanan bir güýçli adam öz öýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzlykdadyr. Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny alyp, oljasyny paýlar. Meniň bilen bile bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen bile ýygmadyk dagadar. Al-arwah adamdan çykanda, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, ýöne ony tapmanda: „Çykan öýüme öwrüleýin\ diýýär. Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär. Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy ozalkysyndan hem erbet bolýar». Isa bu zatlary aýdyp durka, halaýygyň arasyndan bir aýal sesini gataldyp: «Seni dogran, Seni emdiren ene ne bagtly!» diýdi. Ol bolsa şeýle jogap berdi: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony ýerine ýetirýänler has hem bagtlydyr!» Halaýyk ýygnanyberende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesil, ol alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. Ýunus Ninewiýa halkyna nähili alamat bolan bolsa, şonuň ýaly-da, Ynsan Ogly bu nesle alamat bolar. Günortanyň aýal patyşasy höküm gününde bu nesliň adamlary bilen bilelikde galyp, olary höküm eder. Çünki ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, Ýeriň ol ujundan geldi, ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar. Ninewiýa halky höküm gününde bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder, çünki olar Ýunusyň wagzy bilen toba etdiler, ine, bu ýerde Ýunusdan-da uly Biri bar». Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da galla ölçeginiň aşagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr. Seniň bedeniň çyrasy gözüňdir. Gözüň sag bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar, gözüň şikesli bolsa, bütin bedeniň hem garaňky bolar. Şeýlelikde, ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn. Seniň bütin bedeniň ýagty bolup, hiç bir garaňky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz şöhlesi bilen ýagtyldýan ýaly, bedeniň bütinleý ýagty bolar». Isa bu zatlary aýdyp durka, bir fariseý Ony öýüne nahara çagyrdy. Ol baryp, saçak başynda oturdy. Fariseý Onuň nahardan öň ýuwunmanlygyny görende geňirgendi. Emma Reb oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, ýöne içiňiz ogrulyk hem ýamanlykdan doly. Akmaklar! Daşaryny ýaradan içerini-de ýaratmadymy? Bar zadyňyzdan sadaka beriň, ine, hemmesi siziň üçin arassa bolar. Waý günüňize, eý fariseýler! Çünki siz narpyzdan, sadap otundan, her hili gök önümden zekat berýärsiňiz, ýöne adyllyk we Hudaýyň söýgüsini äsgermezlik edýärsiňiz. Siz bulary etmeli, beýlekileri-de äsgermezlik etmeli däldiňiz. Waý günüňize, eý fariseýler! Çünki siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazar ýerlerinde salam almagy söýýärsiňiz. Waý günüňize! Çünki siz belgisiz gabyrlar ýalysyňyz. Bu gabyrlaryň üstünde gezýän adamlar olaryň barlygyny bilýän däldir». Kanunçylaryň biri Oňa: «Eý Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi. Isa hem şeýle diýdi: «Waý siziň hem günüňize, eý kanunçylar! Çünki siz götermegi kyn ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere bir barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz. Waý günüňize! Çünki siz pygamberleriň guburlaryny salýarsyňyz, olary öldürenler bolsa siziň atalaryňyz. Şeýdip hem, atalaryňyzyň eden işlerine güwälik berip, olar bilen ylalaşýarsyňyz. Olar pygamberleri öldürdiler, siz hem olaryň guburlaryny salýarsyňyz. Şu sebäpden hem Hudaýyň hikmeti aýdypdyr: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar\. Şonuň üçin, dünýä gurlaly dökülen bütin pygamberleriň gany şu nesilden soralar. Hawa, Men size aýdýaryn: Habylyň ganyndan başlap, tä gurbanlyk edilýän ýer bilen ybadathana arasynda öldürilen Zekerýanyň ganyna çenli dökülen ganlar şu nesilden soralar. Waý günüňize, eý kanunçylar! Çünki siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz, ne özüňiz girdiňiz, ne-de girjeklere ýol berdiňiz». Isa ol ýerden gidensoň, kanunçylar bilen fariseýler Ony gaty gyssap, birentek zatlara jogap bermegini islediler. Şeýlelikde, Onuň agzyndan bir zat gapjak bolup, duzak gurdular. Bu aralykda halkdan müňlerçe adam üýşüşip, biri-birlerine gysylyşyp durkalar, Isa öňürti Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň. Üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur. Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz tamlaryň üstünden yglan ediler. Emma Men, eý dostlarym, size aýdýaryn, teni öldürip-de, başga zat etmegi başarmaýanlardan gorkmaň. Kimden gorkmalydygyňyzy Men size aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga gudraty güýçli Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň. Bäş serçe iki köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar. Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz. Size diýýärin, kim Meni adamlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder. Kim Meni adamlaryň öňünde inkär etse, ol Hudaýyň perişdeleriniň öňünde inkär ediler. Kim Ynsan Ogluna garşy bir söz aýtsa, bagyşlanar, ýöne kim Mukaddes Ruha dil ýetirse, bagyşlanmaz. Sizi sinagogalara, başlyklaryň, hökümdarlaryň öňüne getirenlerinde, nähili, näme jogap berjegiňizi, näme diýjegiňizi gaýgy etmäň. Çünki Mukaddes Ruh näme diýmelidigiňizi şol sagadyň özünde size öwreder». Halaýygyň arasyndan biri Oňa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen bölüşsin» diýdi. Isa oňa: «Eý adam, kim Meni siziň kazyňyz ýa miras bölüjiňiz edip belledi?» diýdi. Onsoň olara: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi. Olara bir tymsal aýtdy: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär. Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga jaýym ýok\ diýip içini gepledýär. Onsoň şeýle diýýär: „Şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, bütin gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnap, özüme: Eý janym, köp ýyl üçin ýygnalan birtopar zadym bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek\ diýerin. Emma Hudaý oňa: „Eý akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň senden alnar. Onsoň taýýarlan zatlaryň kime galar?\ diýýär. Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir». Onsoň Isa şägirtlerine şeýle nesihat berdi: «Şonuň üçin size diýýärin: näme iýerkäm diýip janyňyzy, näme geýerkäm diýip teniňizi gaýgy etmäň. Jan ― iýmitden, ten egin-eşikden ýokarydyr. Gargalara serediň, olar ne ekýär, ne-de orýar. Olaryň ne ammarlary, ne-de azyk saklanýan jaýlary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe gymmatlysyňyz! Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz? Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda nämä galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? Liliýalaryň ösüşine serediň, olar ne zähmet çekýär, ne-de ýüp egirýär. Emma size diýýärin: Süleýman özüniň bütin şan-şöhratynda hem bularyň biri ýaly-da geýinmändi. Bu gün meýdanda bolup, ertir ojaga taşlanýan oty Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi nähili artyk geýindirer, eý, imany azlar! Siz-de näme iýjegiňizi, näme içjegiňizi agtarmaň, gaýgy etmäň. Çünki dünýäniň milletleri bularyň hemmesini agtarýarlar, Ataňyz hem bularyň size gerekdigini bilýär. Hudaýyň patyşalygyny agtaryň, bu zatlaryň hem bary size onuň üstüne goşulyp berler. Gorkma, eý kiçijik süri! Çünki Ataňyz Patyşalygy size bermäge razy boldy. Nämäňiz bar bolsa satyň, sadaka beriň. Özüňize Gökde könelmeýän kiseler, tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe degýän däldir. Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar». Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. Agalary toýdan gelip, gapyny kakanda, tiz oňa açmak üçin garaşýan adamlar ýaly boluň. Agasy gelende, oýadygyny görjek hyzmatkärleri nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, ol bilini guşap, olary saçak başynda oturdyp, geler-de, olara hyzmat eder. Ikinji nobatda ýa-da üçünji nobatda gelip-de, olaryň oýadygyny görse, ol hyzmatkärler bagtlydyr. Emma muny biliň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa galardy we öýüni ýardyrmazdy. Siz hem taýýar boluň. Çünki Ynsan Ogly oslamaýan sagadyňyzda geler». Şonda Petrus: «Ýa Reb! Bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýdi. Reb şeýle diýdi: «Onda, wagtly-wagtynda hyzmatkärlere nahar paýlaryny bermek üçin, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Agasy gelende, onuň şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri ne bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn: agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar. Bu hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler\ diýip, hyzmatkärleri, kenizleri urmaga, iýip-içip serhoş bolmaga başlasa, Ol hyzmatkäriň agasy onuň oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip, ony iki böler-de, paýyny imansyzlaryňky bilen deň eder. Agasynyň islegini bilip, taýynlanmadyk, onuň islegini ýerine ýetirmedik hyzmatkär köp ýenjiler. Ýöne bilmän, taýaga mynasyp iş eden az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp hem islener. Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim, artykmaç tutaşyp ýanmagyny nähili arzuw edýärin! Meniň ýerine ýetirmeli bir çokunmam bar, bu bolýança nähili darygýaryn! Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, size aýdýaryn: tersine, bölünişik getirmäge geldim. Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adam bölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar. Ata ogla garşy, ogul ata garşy, ene gyza garşy, gyz hem enä garşy, gaýynene gelne garşy, gelin hem gaýynenä garşy bolar». Isa halaýyga hem şeýle diýdi: «Siz bir buludyň günbatardan galanyny gören badyňyza: „Ýagyş gelýär\ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. Ýel ilerden öwsende: „Yssy boljak\ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. Eý ikiýüzlüler! Ýeriň, Gögüň ýüzüni tanap bilýän siz, nähili bolýar-da, häzirki wagty tanap bilmeýärsiňiz? Näme üçin öz ýanyňyzdan dogryny saýgaryp bilmeýärsiňiz? Dawagäriň bilen häkime barýarkaň, ýolda onuň bilen ýaraşjak bol, ol seni kazynyň öňüne sürmesin, kazy hem seni nobatçynyň eline bermesin, nobatçy hem seni zyndana salmasyn. Saňa aýdýaryn, soňkuja köpügiňi berýänçäň, ol ýerden çykmarsyň». Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatusyň gurbanlaryny öz ganlaryna garan jelilelileri hakda Oňa gürrüň berdiler. Isa şeýle jogap berdi: «Bu görgüleri görendikleri üçin, siz ol jelilelileri beýleki bütin jelilelilerden günäkärdir öýdýärsiňizmi? Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şeýle heläk bolarsyňyz. Ýa-da üstlerine Siloam minarasy ýykylyp ölen ol on sekiz adamy Iýerusalimde ýaşaýan ähli adamlardan ýazyklydyr öýdýärsiňizmi? Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz». Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne tapmaýar. Bagbana: „Ine, üç ýyldyr, men gelip, bu agaçdan miwe agtarýaryn, emma tapmaýaryn. Ony kes, nämä ýeri biderek tutup otyr?\ diýýär. Emma bagban oňa şeýle diýýär: „Aga, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökünläýin. Miwe bersä oňat, bermese-de, geljek ýyl kesäýersiň\». Isa Sabat güni sinagogalaryň birinde sapak berip otyrdy. Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde ejizlik ruhy bolan bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla gönelip bilmeýärdi. Isa ony görende, ýanyna çagyryp, oňa: «Naçar! Sen öz ejizligiňden halas edildiň» diýdi. Onsoň elini onuň üstünde goýdy welin, aýal derrew göneldi-de, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady. Sinagoganyň başlygy Isanyň Sabat güni şypa berenine gahary geldi, halaýyga ýüzlenip: «Iş etmek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, şol günlerde geliň» diýdi. Reb hem oňa şeýle diýdi: «Ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküz ýa eşegini ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýär? Bu bolsa Ybraýymyň on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan gyzy. Ol Sabat güni bu daňydan halas edilmeli dälmi?» Isa bu sözleri aýdanda, Oňa garşy çykýanlaryň hemmesi utandylar, Onuň edýän dabaraly işlerine bütin halaýyk begendi. Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy nämä meňzeýär? Men ony nämä meňzedeýin? Ol bir adamyň alyp, öz bagynda eken gorçisa tohumy ýalydyr. Ol ösüp, bir uly agaç boldy, gögüň guşlary şahalarynda höwürtgelediler». Ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzedeýin? Ol bir aýalyň alyp, bütin hamyr turşaýança üç çanak una goşan hamyrmaýasy ýalydyr». Isa Iýerusalime tarap barşyna, şäherleriň, obalaryň içinden geçip, sapak berýärdi. Bir adam Oňa: «Ýa Reb! Halas boljaklar azmy?» diýdi. Isa olara şeýle diýdi: Dar gapydan girmäge çalşyň, çünki size diýýärin: birentekler girjek bolar, ýöne başarmaz. Öý eýesi turup, gapyny ýapanda, siz daşarda galyp: „Ýa Reb, gapyny bize aç\ diýip, gapyny kakmaga durarsyňyz. Emma Ol size: „Men sizi tanamaýaryn, nireden gelendigiňizi bilmeýärin\ diýip jogap berer. Şonda siz şeýle diýersiňiz: „Biz Seniň öňüňde iýip-içdik, Sen biziň köçelerimizde sapak berdiň\. Emma Ol: „Men sizi tanamaýaryn, niredendigiňizi bilmeýärin diýip aýdýaryn ahyryn. Baryňyz ýanymdan aýrylyň, eý, nähak iş edenler\ diýer. Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Patyşalygynda, özüňiziň bolsa daşaryk kowulanyňyzy göreniňizde, ol ýerde aglama we diş gyjama bolar. Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Patyşalygynda saçak başynda oturarlar. Ine, ilkinjiler boljak ahyrkylar bar we ahyrkylar boljak ilkinjiler bar». Şol wagt käbir fariseýler gelip, Oňa: «Bu ýerden aýryl, git, Hirodes Seni öldürmek isleýär» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir jynlary kowup, şypa bererin, üçünji güni işimi bitirerin. Ýöne Men bu gün, ertir we birigün ýol ýöremeli. Çünki bir pygamberiň Iýerusalimden daşarda ölmegi bolup biljek zat däldir. Eý Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne iberilenleri daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem näçe gezek seniň çagalaryňy üýşürjek boldum, emma siz islemediňiz! Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar. Men size aýdýaryn: siz: „ Rebbiň adyndan gelen gutly bolsun\ diýene deňeç Meni görmersiňiz». Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Olar hem Ony göz astyna alýardylar. Ine, suw ýygnanma keselli bir adam Onuň garşysyna geldi. Isa kanunçylara, fariseýlere ýüzlenip: «Sabat güni şypa bermek dogrumy ýa dogry dälmi?» diýdi. Olar seslerini çykarmadylar. Isa hem ýaňky adamy ýanyna çekip, ony sagaldyp goýberdi. Onsoň olardan: «Sabat güni sizden biriniň eşegi ýa-da öküzi guýa gaçsa, ony derrew çykarmazmy?» diýip sorady. Olar bu soraglara jogap berip bilmediler. Isa çagyrylanlaryň töri saýlaýandyklaryny görüp, olara bir tymsal aýtdy: Biri seni toýa çagyranda, baryp, töre geçme, ol senden has gadyrly birini hem çagyran bolaýmasyn. Seni çagyran gelip, saňa: „Ýeriňi muňa ber\ diýäýmesin. Onsoň sen utanyp, iň pes ýerde oturmaly bolarsyň. Çagyrylanyňda, seni çagyran ýanyňa gelip: „Eý dost! Töre geç\ diýer ýaly, baryp, iň pes ýerde otur. Onsoň saçak başynda özüň bilen oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar. Çünki kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler». Onsoň Isa Özüni çagyrana şeýle diýdi: «Öýlänlik ýa-da agşamlyk naharyny bereňde dostlaryňy, doganlaryňy ýa garyndaşlaryňy, ýa-da baý goňşularyňy çagyrma. Çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, öwezini dolar. Zyýapat bereňde garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr. Olar saňa öwezini dolup bilmedikleri üçin, sen bagtly bolarsyň, çünki dogrularyň direlen wagty, saňa onuň öwezi berler». Isa bilen bile saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende Oňa: «Hudaýyň patyşalygynda çörek iýjek ne bagtly!» diýdi. Ol hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly zyýapat berip, birtopar adamy çagyrýar. Nahar wagty bolanda çagyrylanlara: „Geliň, ähli zat taýýar\ diýip, hyzmatkärini iberýär. Emma olaryň bary, dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Ilkinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, gidip şony görmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla\ diýýär. Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, meni bagyşla\ diýýär. Ýene biri: „Men ýaňy öýlendim, şonuň üçin gelip bilmeýärin\ diýýär. Hyzmatkär gelip, bulary agasyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Tiz şäheriň köçelerine, ýollaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary, şu ýere getir\ diýýär. Hyzmatkär: „Aga! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar\ diýýär. Onsoň aga hyzmatkärine: „Ýollara, haýatlara bar-da, adamlary güýç bilen getir, öýüm dolsun\ diýýär. Size aýdýaryn, çagyrylan adamlaryň ýekejesi hem Meniň zyýapat naharymdan datmaz». Uly märeke Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip, olara şeýle diýdi: Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny, doganyny, uýasyny hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. Sizden biri bir minara saljak bolýar diýeli. Ol: „Muny tamamlamaga pulum ýetermikä?\ diýip, ilki oturyp, harjyny hasaplamazmy? Çünki binany tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa gülüp: „Bu adam salmaga başlady welin, ýöne tamamlap bilmedi\ diýer. Ýa-da bir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýar diýeli. On müň esger bilen üstüme gelýän ýigrimi müňe garşylyk görkezmegi başararynmy diýip, ilki oturyp maslahatlaşmazmy? Başarmajak bolsa, ol duşman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar. Şeýlelikde, siziň her biriňiz bar zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz. Duz gowy zatdyr, ýöne ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa näme bilen tagam berler? Ol ne ýere, ne-de döküne ýarar, ony daşaryk zyňarlar. Gulagy barlar eşitsin!» Bütin salgytçylardyr günäkärler Isanyň aýdýanlaryny diňlejek bolup, Onuň daşyna üýşüşýärdiler. Fariseýler bilen kanunçylar bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen bile nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler. Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: Sizden biriniň ýüz goýny bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol togsan dokuzysyny düzde goýup, tapýança, ýiteniň yzyndan gitmezmi? Tapanda bolsa ony begenç bilen gerşine alyp, öýüne geler. Onsoň dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýiten goýnumy tapdym\ diýer. Size aýdýaryn: şunuň ýaly, toba eden ýeke günäkär üçin, Gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin bolan şatlykdan uly bolar». Ýa-da bir aýalyň on sany kümüş puly bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, tapýança, dykgat bilen ony gözlemezmi? Tapanda bolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýitiren pulumy tapdym\ diýer. Şonuň ýaly, Men hem size aýdýaryn: toba eden ýeke günäkär üçin Hudaýyň perişdeleriniň arasynda şatlyk bolar». Isa ýene-de şeýle diýdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken. Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden maňa ýetenini ber\ diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölýär. Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir daş ýurda gidýär, ol ýerde aýşy-eşretde ýaşap, mal-mülküni sowurýar. Baryny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol mätäçlik çekmäge başlaýar. Şeýlelikde, baryp, şol ýurtlularyň birine günlükçi bolýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga ýollaýar. Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýär, ýöne oňa hiç kim bermeýär. Ol ahyrsoňy aýňalyp, öz-özüne şeýle diýýär: „Kakamyň günlükçilerinden birenteginiň artykmaç çörekleri bar, men bolsam bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün! Kakamyň ýanyna baryp oňa: kaka, Men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl, meni öz günlükçileriňden biri ýaly et\ diýeýin. Turup, kakasynyň ýanyna gidýär. Entek daşdaka, kakasy ony görüp, oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar. Ogly oňa: „Kaka, men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl\ diýýär. Emma kakasy hyzmatkärlerine şeýle tabşyryk berýär: „Derrew iň gowy dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük, aýaklaryna çaryk beriň. Baga bakylan göläni getiriň-de, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň! Çünki meniň bu oglum ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy\. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar. Onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Gelip, öýe golaýlanda, aýdym-saz hem tans sesi gulagyna ilýär. Hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuň nämedigini soraýar. Ol hem oňa: „Doganyň geldi. Kakaň ony sag-aman yzyna alany üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy\ diýýär. Ol gaharlanyp, içerik girmejek bolýar. Kakasy daşaryk çykyp, oňa ýalbarýar. Emma ol kakasyna jogap berip diýýär: „Ine, näçe ýyldyr men saňa hyzmat edýärin, seniň buýruklaryňa hiç haçan garşy çykamok. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şatlyk eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş hem bermediň. Emma bütin baýlygyňy ahlaksyz aýallara ýoklan bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çalýarsyň\. Kakasy oňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda, meniň bar zadym seniňki. Ýöne şatlyk edip, begenişmek gerek, çünki doganyň ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy\» diýýär. Isa şägirtlerine ýüzlenip şeýle diýdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Oňa: „Iş dolandyryjyň seniň mal-mülküňi dargadýar\ diýip şikaýat edýärler. Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen barada meniň bu eşidýänlerim näme! Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, çünki sen indi iş dolandyryjy bolup bilmeýärsiň\ diýýär. Iş dolandyryjy öz-özüne şeýle diýýär: „Näme ederkäm? Agam meniň işimi elimden alýar. Gazy gazmagy başarmaýaryn, dilenmäge utanýaryn. Işimi elden beremde, halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin\. Şeýlelikde, agasyna bergili adamlary ýekän-ýekän çagyryp, birinjisine: „Meniň agama näçe bergiň bar?\ diýýär. Ol: „Ýüz çanak zeýtun ýagy\ diýýär. Oňa: „Borçnamaňy al, derrew otur-da, şony elli edip ýaz\ diýýär. Onsoň başga birine: „Seniň näçe bergiň bar?\ diýýär. Ol hem: „Ýüz çanak bugdaý\ diýip jogap berýär. Oňa-da: „Borçnamaňy al-da, şony segsen edip ýaz\ diýýär. Agasy bu hilegär iş dolandyryjyny paýhasly hereket edeni üçin öwýär. Çünki bu döwrüň ogullary öz nesline garşy hereket etmekde nur ogullaryndan paýhaslydyr. Size aýdýaryn: mal-mülküňiz tükenende, olar sizi ebedi mesgenlere kabul eder ýaly, dünýäniň hileli baýlygy bilen dost gazanyň». Az zatda ynamly bolan köp zatda hem ynamlydyr, az zatda hilegär bolan köp zatda hem hilegärdir. Şeýlelikde, dünýäniň hileli baýlygynda ynamly bolmadyk bolsaňyz, çyn baýlygy size kim ynanar? Kesekiniň maly barada ynamly bolmadyk bolsaňyz, özüňiziňkini size kim berer? Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Çünki ol ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem mammona hyzmat edip bilmersiňiz». Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isa güldüler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, ýöne Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlar arasynda ýokary saýylýan zat Hudaý ýanynda ýigrenjidir. Kanun we Pygamberler ýazgylary Ýahýanyň zamanyna çenli bildirildi. Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habary şondan bäri wagyz edilip gelinýär, her kim zor bilen oňa girýär. Emma Gök bilen Ýeriň geçip gitmegi Mukaddes Kanundan ýekeje nokadyň gaçyp galmagyndan aňsatdyr. Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen her kes zyna edýändir, ärinden aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir». Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy we nepis keteniden tikilen eşikler geýnip, her gününi toý-meýlisde geçirer eken. Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini baş tutan Lazar atly bir gedaý ýatar eken. Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwynda eken. Itler hem gelip, onuň başyny ýalar eken. Gedaý ölende, perişdeler ony Ybraýymyň gujagyna äkidýärler. Soň baý hem ölüp, jaýlanýar. Ol dowzahda gynalyp ýörkä, gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy, onuň gujagyndaky Lazary görýär. Şonda gygyryp: „Eý, Ybraýym ata! Maňa rehim et, Lazary iber, barmagynyň başyny suw bilen ölläp, meniň dilimi sowatsyn. Çünki bu ýalynda azap çekýärin\ diýýär. Emma Ybraýym şeýle diýýär: „Eý ogul! Sen öz ýaşaýşyňda oňat zatlar alanyňy, Lazaryň bolsa erbet zatlar alanyny ýadyňa sal, indi ol bu ýerde rahatlyk görýär, sen azap çekýärsiň. Mundan başga hem, bu ýerden siz tarapa geçjek bolýanlar, ol ýerden hem biz tarapa geçjek bolýanlar geçip bilmez ýaly, biz bilen siziň araňyzda uly uçut goýlupdyr\. Ol-da şeýle diýýär: „Eý ata! Haýyş edýärin, ony meniň atamyň öýüne iber. Çünki meniň bäş doganym bar. Olar bu gynalýan ýere gelmez ýaly, Lazar baryp habar etsin\. Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň, pygamberleriň ýazgylary bar, şolara gulak assynlar\ diýýär. Ol hem: „Ýok, eý Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna barsa, toba ederler\ diýýär. Ybraýym oňa şeýle diýýär: „Olar Musa hem pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar\». Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlaryň günä etmegine sebäp bolýan zatlaryň gelmezligi mümkin däl, ýöne olary getiren adamyň gününe waý! Bu çagalaryň biriniň günä etmegine sebäp bolmakdan boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanmak onuň üçin oňat bolardy. Habardar boluň! Doganyň günä etse, oňa käýe, toba etse, ony bagyşla. Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä etse, ýedi gezek-de ýanyňa gelip: „Toba edýärin!\ diýse, ony bagyşla». Resullar Rebbe: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýdiler. Reb şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Şu ýerden goparyl-da, deňizde göger!\ diýsediňiz, ol size gulak asar. Emma sizden kim ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäri bolup, ol düzden öýe gelende: „Tiz gel-de, saçak başyna geç\ diýer? Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa gulluk et, sen onsoň iýip-içersiň\ diýmezmi? Buýruklaryny berjaý edeni üçin, ol hyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi? Güman etmeýärin. Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz dereksiz hyzmatkärlerdiris, biz diňe öz wezipämizi berjaý etdik\ diýiň». Isa Iýerusalime tarap barýarka, Samariýa bilen Jelile arasyndaky serhediň boýy bilen gitdi. Baryp bir oba girende, Oňa endamy pis açan on adam sataşdy. Olar daşda durup, gaty ses bilen: «Isa Ussat, bize rehim et!» diýdiler. Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden gutuldylar. Olaryň biri sagalanyny görende, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp yzyna öwrüldi. Ol Isanyň aýagyna ýüzin ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy. Isa şeýle diýdi: «Keselden gutulanlar on dälmidi? Galan dokuzy hany? Bu ýat adamdan başga yzyna öwrülip, Hudaýy şöhratlandyran bolmadymy?» Onsoň oňa: «Tur, git, imanyň seni halas etdi» diýdi. Fariseýler Hudaýyň Patyşalygynyň haçan geljegini ondan soranlarynda, Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Patyşalygy ne göze görnüp geler, ne-de „Ine, bu ýerde!\ ýa-da „Ine, ol ýerde!\ diýerler. Çünki Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir». Onsoň şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Oglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyz gelýär, ýöne ony görmersiňiz. Size: „Ine, şu ýerde\ ýa-da „Ine, ol ýerde\ diýerler. Gitmäň, olaryň yzyna düşmäň! Çünki ýyldyrym Gögüň bir ujundan çakyp, ol ujuny-da nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar. Ýöne Ol öňürti köp görgi görmeli, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir. Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar. Adamlar Nuhuň gämä münen gününe deňeç iýýär, içýär, öýlenýär we äre çykýardylar. Soň tupan turup, hemmesini dargatdy. Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýýär, içýär, alýar, satýar, ekýär we dikýärdiler. Emma Lutuň Sodomdan çykan güni Gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini dargatdy. Ynsan Oglunyň görünjek gününde hem şeýle bolar. Şol gün özi öýüň üçeginde bolup, zatlary öýüň içinde bolan adam olary aljak bolup, aşak inmesin. Şonuň ýaly, ekin meýdanyndaky hem yzyna öwrülmesin. Lutuň aýalyny ýada salyň! Kim janyny saklamaga çalyşsa, ony ýitirer, kim janyny ýitirse, ony diri saklar. Size aýdýaryn: ol gije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. Bilelikde galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, ol biri goýlar. Ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar». Oňa ýüzlenip: «Ýa Reb, nirede?» diýdiler. Ol hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşüşýändir» diýip jogap berdi. Hemişe doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda hem Isa Öz şägirtlerine bir tymsal aýtdy: Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary äsgermeýän bir kazy bar eken. Şol şäherde bir dul hatyn hem bar eken. Ol gelip: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber\ diýýär. Kazy birnäçe wagtlap etmeýär. Soň bolsa öz-özüne şeýle diýýär: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, üznüksiz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul hatynyň hakyny alyp bereýin. Çünki maňa köp ezet berýär\». Reb şeýle diýdi: «Adalatsyz kazynyň aýdýanyna gulak asyň. Hudaý gije-gündiz Özüne ýüz tutup, perýat edýän saýlananlarynyň hakyny almazmy? Olaryň hakyny almagy gijikdirermi? Size diýýärin: haklaryny tiz alar. Emma Ynsan Ogly gelende ýeriň ýüzünden iman taparmy?» Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly aýtdy: Iki adam doga etjek bolup, ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, biri-de salgytçy eken. Fariseý durup, öz içinden şeýle doga edýär: „Eý Hudaý! Men başga adamlar kimin talaňçy, egri, zynagär we bu salgytçy ýaly-da däldigime şükür edýärin. Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn, bütin girdejimden zekat berýärin\. Salgytçy bolsa daşda durýar. Ol gabagyny Göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, ýöne gursagyna urup: „Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!\ diýýär. Size aýdýaryn, fariseý däl, şu adam aklanyp, öýüne gidýär, çünki her kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler». Kiçijik çagalara elini degirsin diýip, olary Isanyň ýanyna getirýärdiler. Şägirtleri muny görenlerinde olara käýediler. Emma Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň. Çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr. Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez». Bir başlyk Ondan: «Ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Sen tabşyryklary bilýänsiň: zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, ataňy, eneňi syla». Ol: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi. Isa muny eşidende oňa: «Seniň ýene bir zadyň kem. Nämäň bar bolsa, baryny sat-da, garyplara paýla, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel, Meniň yzyma düş» diýdi. Ol bu sözleri eşidende, gaty tukat boldy, çünki çakdanaşa baýdy. Isa onuň tukatlygyny görüp, şeýle diýdi: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin! Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi, barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr». Muny eşidenler: «Onda kim gutulyp biler?» diýdiler. Ol: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar, Hudaý üçin mümkindir» diýdi. Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýdi. Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Patyşalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny ýa-da oglan-uşagyny taşlap, bu zamanda köp essesini we geljek döwürde ebedi ýaşaýşy almajak ýokdur». Isa on iki şägirdi çete çekip, şeýle diýdi: «Ine, biz Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly hakda pygamberler arkaly ýazylanlaryň hemmesi berjaý bolar! Çünki Ol milletlere tabşyrylar. Olar Oňa gülerler, masgaralarlar, Onuň üstüne tüýkürerler we Ony gamçylap öldürerler. Ýöne ölenden üç günden soň Ol direler». Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenipdi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler. Isa Eriha golaýlanda, ýoluň kenarynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy. Ol halaýygyň gapdalyndan geçip barýanyny eşidip: «Bu näme?» diýip sorady. Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler. Ol hem: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. Öňden barýanlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, ýöne ol öňküden hem gaty: «Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. Isa durdy-da, ol adamy getirsinler diýip, buýruk berdi. Ol golaý gelende, Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýa Reb! Gözüm görsün» diýdi. Isa oňa: «Gözüň görsün! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Onuň gözleri derrew görensoň, Hudaýy şöhratlandyrdy-da, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Bütin halaýyk muny görüp, Hudaýa alkyş okady. Isa Eriha girip, onuň içinden geçip barýardy. Ine, ol ýerde baş salgytçy bolan Zakkaý atly bir baý adam bardy. Zakkaý Isanyň kimdigini görjek boldy, ýöne märeke zerarly görüp bilmedi, çünki boýy gysgady. Şeýlelikde, Ony görmek üçin ylgap, öňe geçdi-de, bir ýabany injir agajynyň üstüne çykdy, çünki Isa şol ýoldan gelýärdi. Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş, çünki Men bu gün seniň öýüňde galmaly» diýdi. Ol hem tiz aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi. Halaýyk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başladylar. Zakkaý bolsa galyp, Rebbe: «Ine, ýa Reb! Men baýlygymyň ýarysyny garyplara berýärin. Kimiň-de zadyny aldaw bilen alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bereýin» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Bu gün bu öýe gutulyş geldi, çünki bu adam hem Ybraýymyň ogullarynyň biri. Ynsan Ogly ýitenleri agtaryp, halas etmäge gelendir». Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Çünki Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halaýyk hem Hudaýyň Patyşalygy tiz görner diýip güman edýärdi. Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir asylzada özüne patyşalyk alyp geljek bolup, bir uzak ýurda ýola düşýär. Ol hyzmatkärlerinden onusyny çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň\ diýip, on mina pul berýär. Emma ildeşleri ony ýigrenýän eken. Onuň yzyndan ilçiler iberip: „Bu adamyň biziň üstümizden patyşalyk etmegini islemeýäris\ diýýärler. Ol patyşalygy alyp, yzyna gelende, kimiň näme gazananyny biljek bolup, pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyrýar. Birinjisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Seniň bir minaň ýene on mina gazandy\. Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin, on şähere häkim bol\ diýýär. Ikinjisi gelip: „Aga! Seniň bir minaň ýene bäş mina gazandy\ diýýär. Muňa hem: „Sen-de bäş şähere häkim bol\ diýýär. Onsoň beýlekisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Ine, seniň bir minaň, men ony elýaglyga düwüp sakladym. Çünki hyrsyz adamdygyň üçin senden gorkdum. Sen goýmadygyňy alýarsyň, ekmedigiňi orýarsyň\. Agasy oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyň bilen höküm ederin! Sen meniň hyrsyz adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň? Onda öwrülip gelenimde, peýdasy bilen alar ýaly, pulumy näme üçin pul işledýänlere bermediň?\ Onsoň ol ýerde duranlara diýýär: „Minany ondan alyň-da, on minala beriň\. Oňa: „Aga, onuň özünde on mina bar!\ diýýärler. Ol jogap berýär: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň\». Isa bulary aýdyp bolansoň, öňe düşüp, Iýerusalime tarap ugrady. Zeýtun diýen dagyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, şägirtlerinden ikisini ýollap, şeýle diýdi: Öňüňizdäki oba baryň. Oba gireniňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Şony çözüň-de, alyp geliň. Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?\ diýip sorasa: „Bu taýhar Rebbe gerek\ diýiň». Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar. Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar. Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler. Taýhary Isanyň ýanyna getirip, öz egin-eşiklerini onuň üstüne atdylar-da, Isany oňa mündürdiler. Ol gidip barýarka, halk öz eginbaşlaryny ýola düşeýärdi. Isa Zeýtun dagynyň eňňidine golaýlanda, şägirtleriň bary gören bütin mugjyzalaryna begenip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar. Olar: «Rebbiň adyndan gelýän Patyşa gutly bolsun! Gökde parahatlyk, iň ýokarlarda şöhrat!» diýýärdiler. Halaýygyň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňe käýe!» diýdiler. Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi. Isa Iýerusalim şäherine golaýlanda, ony görüp aglady. Diýdi: «Wah, sen, hawa, sen nämäniň özüňe parahatlyk getirjegini şu günüňde bir bilseňdiň! Ýöne ol entek seniň gözleriňden gizlin. Seniň başyňa şeýle günler geler: duşmanlaryň daşyňa garymlar gazyp, seni gurşar, her ýandan gysyp-gowrar. Seni, içiňdäki çagalary ýere ýegsan eder, içiňde daş üstünde daş goýmaz, çünki sen Hudaýyň özüňe gelen wagtyny bilmediň». Onsoň Isa ybadathana girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady. Olara: «„Meniň öýüm doga öýüdir\ diýip ýazylgydyr, siz muny garakçylaryň sürenine öwürdiňiz» diýdi. Ol her gün ybadathanada sapak berýärdi. Baş ruhanylar, kanunçylar we halkyň baştutanlary bolsa Ony heläk etmegiň küýündediler. Ýöne munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, çünki bütin halk Onuň agzyna garaýardy. Günleriň birinde Isa ybadathanada halka sapak berip, Hoş Habary wagyz edip otyrka, baş ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular Onuň üstüne gelip, Oňa: «Bize aýt, göreli, Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsiň? Bu ygtyýary Saňa kim berdi?» diýdiler. Ol şeýle diýdi: «Men-de sizden bir zat sorajak. Maňa aýdyň, göreýin, Ýahýanyň çokundyrmasy Gökdenmidi ýa-da ynsandan?» Olar hem özara pikir alşyp, şeýle diýişdiler: «Eger: „Gökden\ diýsek, Ol bize: „Onda, näme üçin oňa iman getirmediňiz?\ diýer. Eger-de: „Ynsandan\ diýsek, bütin halaýyk bizi daşlar, çünki Ýahýanyň pygamberdigine halkyň ynamy bar». Şeýlelikde: «Biz onuň niredendigini bilmeýäris» diýip jogap berdiler. Isa hem: «Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaryn» diýdi. Soňra halka şu tymsaly aýtmaga durdy: «Bir adam üzümlik gurap, ony bagbanlara ekerine berip, uzak wagtlaýyn ýola gidýär. Möwsümi gelende, üzümligiň miwesinden bersinler diýip, bagbanlara bir hyzmatkärini iberýär. Emma bagbanlar ony ýenjip, boş kowup goýberýärler. Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, bagbanlar ony-da ýenjip, biabraý edip, boş kowup goýberýärler. Ol üçünjini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, daşaryk taşlaýarlar. Onsoň üzümligiň eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söýgüli oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar\ diýýär. Bagbanlar bolsa ony görenlerinden, özara pikir alşyp: „Mirasdar şu, şuny öldüreliň, miras bize galar\ diýişýärler. Şeýlelikde, ony-da üzümlikden daşaryk taşlaýarlar we öldürýärler. Indi üzümligiň eýesi bulara näme eder? Ol gelip bu bagbanlary heläk eder-de, üzümligi başgalaryna berer». Halk muny eşidip: «Hernä, beýle bolmasyn!» diýdi. Isa olara bakyp, şeýle diýdi: «Onda, „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy\ diýen ýazgynyň manysy näme? Kim bu daşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar, ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar». Kanunçylar bilen baş ruhanylar Ony şol sagatda tutmagyň ýoluny agtardylar, çünki bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Ýöne halkdan gorkýardylar. Ony göz astyna aldylar we gepde tutup, häkimiň höküm hem ygtyýaryna bersinler diýip, dogrusyraýan birnäçe içalyny Onuň yzyna saldylar. Şeýlelikde, içalylar Oňa sorag berip, şeýle diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady aýdyp öwredýäniňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýäniňi bilýäris. Biziň kaýsara salgyt tölemegimiz dogrumy ýa dälmi?» Isa olaryň hilesine düşünip: «Maňa bir dinary görkeziň. Onuň ýüzündäki surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Kaýsaryňky» diýip jogap berdiler. Ol: «Onda, kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna geňirgenişip, seslerini çykarmadylar. Ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany zürýatsyz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir diýip ýazypdyr. Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp, zürýatsyz öldi. Ikinjisi we üçünjisi hem şol aýaly aldy. Şeýdip, ýedisi hem yzlarynda zürýat galdyrman öldüler. Ahyrsoňy aýal hem öldi. Indi ölüler direlende, bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Çünki ýedisi hem ony aýal edinipdiler». Isa olara şeýle diýdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, äre çykýandyr. Ýöne ol döwre, ölülerden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de äre çykar. Artykmaç, ölüp hem bilmez, çünki olar perişdeler ýalydyr. Direlişiň ogludyklary üçin Hudaýyň ogludyrlar. Musa-da ölüleriň direlýändigini ýanan çaly baradaky bapda görkezýär. Ol şol ýerde Rebbi „Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy we Ýakubyň Hudaýy\ diýip atlandyrýar. Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, çünki Onuň ýanynda hemmeler diridir». Kanunçylaryň käbirleri: «Mugallym, gowy aýtdyň!» diýdiler. Oňa gaýtadan sorag bermäge ýürek etmediler. Onsoň Isa olara diýdi: «Nämüçin Mesih Dawudyň Ogludyr diýýärler? Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär: „ Reb meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm, Meniň sagymda otur\. Dawut Oňa Reb diýýär. Ol nähili onuň ogly bolýar?» Bütin halk Oňa gulak asyp otyrka, Isa şägirtlerine şeýle diýdi: Kanunçylardan ägä boluň! Olar uzyn geýimler geýnip gezmegi halaýandyr, bazar ýerinde salam almagy, sinagogalarda baş kürsüleri, zyýapatlarda töri halaýandyr. Olar dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyr. Bular has agyr jeza sezewar bolar». Isa gabagyny galdyranda, baý adamlaryň öz peşgeşlerini ybadathananyň hazynasyna atyp duranyny gördi. Ol bir garyp dul hatynyň hem pul atanyny görüp, şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul hatyn hemmeden kän atdy. Çünki olaryň hemmesi Hudaýyň sandygyna özlerinden artany atdylar, bu hatyn bolsa garyplygyna garamazdan, bütin çörek puluny atdy». Şägirtleriniň käbiri ybadathananyň gymmatbaha daşlar hem peşgeşler bilen bezelgidigini aýdanlarynda, Isa: «Şeýlelikde, günler geler welin, şonda bu ýerde görýän zatlaryňyzdan daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar» diýdi. Ondan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar. Ol şeýle jogap berdi: «Habardar boluň, sizi aldaýmasynlar! Çünki köpler Meniň adym bilen gelip, „Men ― Ol\ we „Wagt golaýlady\ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň. Uruşlar hem gozgalaňlar barada habar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürti bolmalydyr, ýöne dünýäniň soňy tiz gelmez». Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylyk, gorkunç wakalar, Gökden uly alamatlar bolar. Ýöne bulardan öň, Meniň adym üçin size el urarlar, yzarlarlar, eltip sinagogalara, zyndanlara tabşyrarlar, patyşalaryň, hökümdarlaryň alnyna getirerler. Bu bolsa güwälik etmek üçin size bir pursat bolar. Munuň üçin berjek jogabyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň. Çünki Men size dil hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler. Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler. Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener. Ýöne kelläňizden bir gyl hem kemelmez. Siz çydamak bilen, janyňyzy halas edersiňiz. Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň. Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin. Çünki şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir. Şol günlerde göwreli we çaga emdirýän aýallaryň gününe waý! Çünki ýurtda uly horluk bolup, bu halk gazaba sezewar bolar. Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, bütin milletleriň arasyna sürgün ediler. Olar möwritleri dolanýança, Iýerusalimi basgylar. Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar. Ýer ýüzünde bolsa deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly, aljyraňňy ýagdaýdaky milletler galagopluga düşdüler. Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän belalara garaşmakdan ýaňa huşlaryny gaçyrar, çünki gögüň gudratlary titrär. Şonda olar Ynsan Oglunyň bulut içinde gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görerler. Bu zatlar bolmaga duranda, ýokaryk galyp başyňyzy galdyryň, çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir». Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň. Olaryň ýapraklandyklaryny görüp, tomsuň golaýdygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz. Şonuň ýaly hem bu zatlaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny biliň. Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez. Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn. Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne duzak kimin geler. Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, doga ediň». Isa gündizleri ybadathanada sapak berip, gijelerini bolsa daşaryk çykyp, Zeýtun dagynda geçirerdi. Bütin halk Onuň aýdýanlaryny diňlejek bolup, ertir ir bilen ybadathana gelerdiler. Pesah, ýagny Petir baýramy golaýlapdy. Baş ruhanylar bilen kanunçylar Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, ýöne halkdan gorkýardylar. Şeýtan Onkileriň biri bolan Iskariot diýilýän Iudanyň ýüregine girdi. Iuda baş ruhanylar we serkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nähili tabşyrjagy barada olar bilen gürrüň etdi. Olar hem begenişip, oňa pul bermäge razy boldular. Iuda ylalaşdy. Halk ýokka, Isany olara tabşyrmak maksady bilen, pursat peýläp gezdi. Pesah gurbanynyň kesilmeli güni bolan Petir güni geldi. Isa: «Gidiň-de, Pesah baýramyny geçirer ýaly, taýýarlyk görüň» diýip, Petrus bilen Ýahýany iberdi. Olar: «Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. Olara şeýle diýdi: «Ine, şähere gireniňizde, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz. Girjek öýüne barýança onuň yzyna düşüp gidiň-de, öý eýesine baryp: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, myhman otagy nirede diýip soraýar\ diýiň. Ol hem size ýokarky mertebede düşek düşelgi giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň». Olar gitdiler, ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar. Sagady gelende, Isa resullary bilen birlikde saçak başynda oturdy. Olara şeýle diýdi: «Men bu Pesahy görgi görmezimden öň, siziň bilen birlikde iýmegi gaty arzuw edipdim. Çünki size diýýärin: Pesahyň maksady Hudaýyň Patyşalygynda amala aşýança, Men ony gaýdyp iýmerin». Bir käse alyp, şükür etdi-de, şeýle diýdi: «Muny alyň-da, özara paýlaşyň. Çünki size diýýärin: Hudaýyň Patyşalygy gelýänçä, men gaýtadan üzüm şiresini içmerin». Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin berlen bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Şonuň ýaly, agşamlyk naharyndan soň hem, bir käsäni alyp, şeýle diýdi: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen Täze ähtdir. Ýöne, ine, Maňa haýynlyk etjegiň eli Meniň elim bilen birlikde saçak başynda dur. Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly gidýär, ýöne Oňa haýynlyk edeniň gününe waý!» Olar bu işi etjegiň öz aralaryndan kim bolup biljegini biri-birlerinden sorap başladylar. Şunluk bilen, aralarynda haýsysynyň uly saýylmalydygy barada jedel turdy. Isa olara şeýle diýdi: «Milletleriň patyşalary olara agalyk edýär, hökümdarlary özlerine haýyr ediji diýýär. Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçi kimin bolsun, ýolbaşçylyk edýän hyzmat edýän kimin bolsun. Haýsysy has uly, saçak başynda oturanmy ýa-da hyzmat edýän? Saçak başynda oturan dälmi? Ýöne Men siziň araňyzda bir hyzmat edýän kimindirin. Synaglarymda Meniň bilen birlikde durnuklylyk görkezenler sizsiňiz. Siz Meniň Patyşalygymda saçagymyň başynda oturyp, iýip-içer ýaly, tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykarar ýaly, Atamyň Maňa belleýşi kimin, Men-de size bir patyşalyk belleýärin. Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi diledi. Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin doga etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber». Ol: «Ýa Reb! Men Seniň bilen hem zyndana düşmäge, hem-de ölüme gitmäge taýýar» diýdi. Isa: «Petrus, saňa diýýärin, sen bu gün horaz gygyrmazdan öň Meni tanaýanlygyňy üç gezek inkär edersiň» diýdi. Onsoň Isa olardan: «Men sizi haltasyz, torbasyz we çaryksyz ýollanymda, kem zadyňyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler. Olara şeýle diýdi: «Indi haltaňyz bar bolsa, ýanyňyza alyň, bir torba hem alyň. Gylyjyňyz ýok bolsa, egin-eşigiňizi satyň-da, bir gylyç ediniň. „Ol şer iş edýänlerden saýyldy\ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar». Şägirtler: «Ýa Reb! Ine, bu ýerde iki gylyç bar» diýdiler. Ol hem olara: «Şol ýeterlik» diýdi. Isa çykyp, hemişekisi ýaly, Zeýtun dagyna gitdi, şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly, doga ediň!» diýdi. Özi bolsa olardan bir daş atyma golaý aňryk çekildi-de, dyza çöküp: «Eý Ata! Isleýän bolsaň, bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýip, doga etmäge durdy. Gökden bir perişde Isa görnüp, Ony güýçlendirdi. Ol agyr ynja düşüp, gaty yhlas bilen doga etdi. Isanyň deri ýere daman gan damjalary ýalydy. Dogadan soň turup, şägirtleriň ýanyna gelse, olar tukatlykdan ýaňa uklap ýatan eken. Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, doga ediň!» diýdi. Ol entek gepläp durka, ine, bir märeke göründi. Iuda atly Onkileriň biri märekäniň öňüne düşüp gelýärdi. Iuda Isany ogşajak bolup, Onuň golaýyna geldi. Isa oňa: «Iuda! Sen Ynsan Ogluna ogşuk bilen haýynlyk edýärsiňmi?» diýdi. Onuň ýanyndakylar näme boljagyny görüp: «Ýa Reb! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler. Olaryň biri baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi. Emma Isa jogap berip: «Bolýar, bes ediň!» diýdi. Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy. Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen baş ruhanylara, ybadathananyň serkerdelerine, ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, gylyç hem taýak bilen geldiňizmi? Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, maňa el uzatmandyňyz, ýöne indi siziň sagadyňyz, garaňkylygyň höküm sürýän sagadydyr». Isany tutup, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryň yzyna düşüp gitdi. Olar howlynyň ortasynda ot ýakyp, bile otyrkalar, Petrus-da olaryň arasynda oturdy. Petrusyň oduň ýagtysynda oturanyny görüp, bir keniz oňa siňe seretdi-de: «Bu adam hem Onuň bilen biledi» diýdi. Emma Petrus: «Men ony tanamaýaryn, aýal» diýip inkär etdi. Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen-de şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Olardan däl, aga» diýdi. Aradan bir sagada golaý wagt geçende, başga bir adam hötjetlik bilen: «Dogrudan-da, bu adam Onuň bilen bile bolandyr, çünki bu jelileli» diýdi. Emma Petrus: «Eý aga, men seniň näme aýdýanyňy bilmeýärin» diýdi. Edil şol wagt ― Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy. Reb öwrülip, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady. Daşaryk çykyp, möňňürip aglady. Isany saklap duran adamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar. Gözüni daňyp: «Welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar. Ýene-de Oňa ençeme hapa sözler aýtdylar. Daň atanda, halkyň ýaşululary, baş ruhanylar we kanunçylar ýygnanyşyp, Ony öz mejlislerine getirdiler. Oňa: «Sen Mesih bolsaň, bize aýt» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Aýtsam, ynanmarsyňyz. Sorasam, jogap bermersiňiz, Meni goýbermersiňiz. Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar». Hemmeler: «Onda, Sen Hudaýyň Oglumy?» diýdiler. Ol hem olara jogap berdi: «Hudaýyň Ogludygymy siz aýdyp otyrsyňyz». Olar bolsa: «Bize artykmaç güwälik nämä gerek? Biz muny Onuň Öz agzyndan eşitdik» diýdiler. Olaryň mejlisindäkileriň ählisi turup, Isany Pilatusyň huzuryna eltdiler-de: «Biz bu Adamy milletimizi azdyrmakda ýazykly tapdyk. Ol kaýsara salgyt bermäge garşy çykyp, Özüne Mesih, ýagny bir patyşa diýýär» diýip, Ony aýyplamaga durdular. Pilatus Ondan sorady: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» Isa jogap berdi: «Seniň aýdyşyň ýalydyr». Onsoň Pilatus baş ruhanylar bilen halka: «Men bu Adamdan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi. Emma olar hötjetlik edip: «Bu Adam Öz taglymaty bilen bütin Ýahudadaky halky öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler. Pilatus muny eşidende: «Bu Adam jelilelimi?» diýip sorady. Isanyň Hirodesiň welaýatyndandygyny bilende, Ony Hirodesiň ýanyna iberdi, çünki şol günlerde onuň özi hem Iýerusalimde bolýardy. Hirodes Isany görüp, gaty begendi, çünki köp wagt bäri Ony görmek isleýärdi. Sebäbi Ol barada köp zatlar eşidipdi, Ondan bir alamat görerin diýen umydy bardy. Hirodes Ondan köp soraglar etdi, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Baş ruhanylar bilen kanunçylar bolsa ol ýerde durup, Ony gaty aýyplaýardylar. Onsoň Hirodes esgerleri bilen birlikde Ony kemsidip, masgaralap, egnine bir nepis geýim geýdirip, yzyna, Pilatusyň ýanyna iberdi. Şol gün Pilatus bilen Hirodes dost boldy; ozal aralarynda duşmançylyk bardy. Pilatus baş ruhanylary, başlyklary hem halky üýşürip, olara şeýle diýdi: «Siz maňa bu Adamy halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Ine, men siziň gözüňiziň alnynda barlag geçirip, Ondan hiç bir ýazyk tapmadym. Hirodes hem tapmandyr, çünki men Ony Hirodesiň ýanyna iberipdim. Siziň görşüňiz ýaly, Onuň ölüme laýyk eden hiç bir zady ýok. Munuň üçin, men Ony jezalandyryp boşatjak». Pilatus baýram mynasybetli halka bir adamy boşatmalydy. Emma bütin halk: «Bu Adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar. Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşany we adam öldüreni üçin zyndana salnypdy. Pilatus Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi. Emma olar: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilatus üçünji gezek olara: «Bu Adam näme ýaman iş etdi? Men Ondan ölüme laýyk hiç bir zat tapmadym. Munuň üçin, Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi. Emma olar seslerini gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler. Şeýlelikde, olaryň we baş ruhanylaryň sesi üstün çykdy. Şunluk bilen, Pilatus olaryň islegini ýerine ýetirme kararyna geldi. Olaryň islän adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşadyp, Isany olaryň erkine berdi. Olar Isany alyp barýarkalar, düzden öwrülip gelýän kireneli Simuny tutup, Isanyň yzyndan göterip äkitsin diýip, arkasyna haç ýüklediler. Halkdan uly märeke, Onuň üçin zarynlap aglaýan aýallar hem yzyna düşüp gitdiler. Isa öwrülip, olara diýdi: «Eý Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglaman, özüňiz, çagalaryňyz üçin aglaň. Çünki, ine, „Önelgesiz aýallar, çaga dogurmadyk göwreler, çaga emdirmedik göwüsler ne bagtly!\ diýiljek günler geler. Şonda daglara: „Biziň üstümize ýykylyň!\ Depelere: „Biziň üstümizi örtüň!\ diýerler. Çünki gök agaja bu zatlar edilse, onda gury agaja näme ediler?» Iki jenaýatçyny hem dardan asjak bolup, Isa bilen bile alyp barýardylar. Kelleçanak diýen ýere gelenlerinde Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady. Isa: «Ata! Olary bagyşla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler» diýdi. Onuň egin-eşigini bolsa bije atyşyp paýlaşdylar. Halk Oňa bakyşyp durdy. Başlyklar hem gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Hudaýyň saýlan Mesihi bolsa, Özüni halas etsin» diýişýärdiler. Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip: «Ýehudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et» diýişýärdiler. Onuň depesinde bolsa grekçe, latynça we ýewreýçe «BU ADAM ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýen ýazgy bardy. Asylan jenaýatçylaryň biri Oňa sögüp: «Sen Mesih dälmi? Özüňi hem-de bizi halas et!» diýdi. Beýlekisi bolsa oňa käýäp, şeýle diýdi: «Onuňky bilen bir höküme sezewar bolanyň üçin Hudaýdan gorkmaýarsyňmy? Biz adalatlylyk bilen, öz etmişimize laýyk jeza aldyk. Bu Adamyň bolsa hiç bir eden etmişi ýok». Onsoň: «Isa, Patyşalygyňa baryp gireniňde, meni ýatla!» diýdi. Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýdi. Wagt günortana golaýdy, şondan soň üç sagatlap ýurda garaňky düşdi. Gün garaldy, ybadathananyň tutusy ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi. Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eý Ata! Ruhumy Seniň eliňe berýärin!» diýdi, muny aýdandan soň jan berdi. Ýüzbaşy bolan wakany görende, Hudaýy şöhratlandyryp: «Bu, hakykatdan-da, dogry Adam eken!» diýdi. Bu tomaşa üçin üýşüşen halaýygyň bary bolan wakalary görüp, gursaklaryna ura-ura yzlaryna gaýtdylar. Isany tanaýan adamlaryň bary, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen aýallar daşrakda durup, bu wakalara syn etdiler. Ine, mejlis agzalaryndan Ýusup atly biri bardy. Ol gowy hem dogry adamdy. Özi-de mejlisiň kararyna we işine razyçylyk bermändi. Ýahudanyň Arimatiýa şäherinden bolan bu Ýusup Hudaýyň Patyşalygyna garaşýardy. Bu adam Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we şol wagta çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady. Ol güni taýýarlyk güni bolup, sabat güni başlanmaga golaýdy. Isa bilen bile Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp, baryp, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler. Onsoň öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly ýag, atyrlar taýýarlap, sabat güni Hudaýyň buýrugy boýunça dynç aldylar. Hepdäniň ilkinji güni ertir ir bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly ýaglaryny alyp, mazara bardylar; ýanlarynda başga aýallar hem bardy. Ine, mazaryň agzyndaky daş bir çete togalanan eken. Olar içerik girenlerinde, Reb Isanyň jesedini tapmadylar. Muňa geňirgenişip durkalar, birdenkä, garşylarynda ýalkym salýan eşikli iki sany adam peýda boldy. Aýallar gorkup, ýüzlerini ýere egenlerinde, ýaňky adamlar olara şeýle diýdiler: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz? Ol bu ýerde däl, direldi! Onuň entek Jeliledekä size aýdanlaryny ýatlaň. Ol: „ Ynsan Ogly günäkär adamlara tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli, ölenden üç günden soň direlmelidir\ diýipdi». Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýatlaryna düşdi. Aýallar mazardan öwrülip gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler. Resullara bu habary ýetirenler Magdalaly Merem, Ýuhanna, Ýakubyň ejesi Merem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy. Bu sözler resullaryň göwnüne manysyz geldi, olar aýallaryň gepine ynanmadylar. Onsoň Petrus turup, mazara ylgady-da, egilip, kepen matalaryň boş ýatanyny görende, bolan waka geňirgenip, yzyna gaýtdy. Ine, şol gün olaryň ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu obanyň Iýerusalimden on bir kilometre golaý aralygy bardy. Olar bolan bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler. Şeýlelikde, gürleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi ýakyna gelip, olar bilen bile ýöräberdi. Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy. Isa olardan sorady: «Bu barşyňyza näme hakda gürrüň edişýärsiňiz?» Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler. Olaryň Kleopas atlysy: «Iýerusalimde bolup-da, şu günler ol ýerde bolan wakalary bilmeýän keseki ýeke Senmi?» diýdi. Isa olardan: «Haýsy wakalary?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalary. Ol Hudaýyň we bütin halkyň ýanynda sözde hem işde güýçli pygamberdi. Baş ruhanylar bilen başlyklarymyz ölüm jezasy berilsin diýip, Ony häkime tabşyrdylar, haça çüýlediler. Biz Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt ederdik. Mundan başga hem, bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy. Üstesine-de, aýallarymyzyň käbiri hem bizi geňirgendirdi. Olar şu gün ir bilen mazara baryp, Onuň jesedini tapmandyrlar. Gelip, gözlerine perişdeleriň görnenini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmiş. Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, ýöne Isany görmändiler». Isa olara şeýle diýdi: «Eý akmak adamlar, pygamberleriň ähli aýdanlaryna giç ynanýanlar! Mesih bu görgüleri görüp, şöhratyna girmeli dälmidi?» Onsoň Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi. Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi. Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, çünki agşam golaýlap, Gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy. Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi. Şonda olaryň gözleri açylyp, Ony tanadylar, emma Ol gözlerinden gaýyp boldy. Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» diýişdiler. Turup, şol sagadyň özünde Iýerusalime öwrüldiler. Görseler, on bir resul bilen olaryň ýanyndakylar üýşüşip oturan eken. Bular: «Çyn! Reb direlipdir, Simuna görnüpdir» diýişýärdiler. Onsoň olar-da ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny aýtdylar. Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýdi. Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler. Isa olara şeýle diýdi: «Näme üçin aljyraşýarsyňyz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär? Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, ýöne siziň görşüňiz ýaly, Meniňki bar». Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi. Olar şatlykdan ýaňa entek ynanman, geňirgenişip durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýdi. Oňa bişirilen balygyň bir bölegi bilen biraz bal berdiler. Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi. Olara şeýle diýdi: «Men hakda Musanyň Kanunynda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň bary berjaý bolmalydyr diýip, entek siziň ýanyňyzdakam aýdan sözlerim şulardyr». Onsoň Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy. Isa olara şeýle diýdi: «Şeýle ýazylgydyr: Mesih görgi görüp, ölenden üç günden soň direljekdir. Iýerusalimden başlap, bütin milletler günäleriň geçilmegi üçin, Onuň adyndan toba çagyryljakdyr. Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz. Ine, Men Atamyň wada edenini size ýollaryn. Siz özüňize ýokardan güýç geýdirilýänçä, Iýerusalim şäherinde boluň». Onsoň olary daşaryk çykaryp, Beýtaniýanyň golaýyna getirdi, ellerini galdyryp, olara ak pata berdi. Ak pata berip durşuna olardan aýrylyp, Göge göterildi. Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime tarap öwrüldiler. Elmydama ybadathanada bolup, Hudaýa öwgi aýdyp, alkyş okaýardylar. Omyn. Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy. Bu nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk ony öçürip bilen däldir. Hudaý tarapyndan iberilen bir adam bardy, onuň ady Ýahýady. Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi. Onuň özi nur däldi, ol diňe nur hakda güwälik etmelidi. Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky nur dünýä geldi. Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler. Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi. Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar. Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük. Ýahýa Ol hakda güwä geçip gygyrdy: «Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýenim, ine, Şudur». Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk. Çünki Musa arkaly Mukaddes Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa merhemet we hakykat peýda boldy. Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Ogly tanatdy. Ýehudylar Iýerusalimden ruhanylary, lewileri iberip, Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soranlarynda, onuň güwäligi şeýle boldy. Ol ykrar etdi, inkär etmedi. «Men Mesih däl» diýip ykrar etdi. Onsoň olar: «Onda, sen Ylýasmy?» diýip soradylar. Ol: «Ýok» diýdi. «Şol geljek pygambermi?» diýdiler. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. «Onda sen kim? Biz özümizi bu ýere ýollanlara näme jogap bereli, sen özüň hakda näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Men, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Rebbiň ýoluny dogrulaň diýip, çölde gygyrýanyň sesi» diýdi. Iberilen adamlar fariseýlerdendiler. Olar ondan: «Eger sen Mesih, Ylýas ýa-da şol pygamber däl bolsaň, onda näme üçin çokundyrýarsyň?» diýip soradylar. Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Men suw bilen çokundyrýaryn, ýöne siziň araňyzda biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz. Menden soňra geljek Şoldur. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin». Bu Iordan derýasynyň aňyrsynda, Beýtaniýada, Ýahýanyň çokundyrýan ýerinde boldy. Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr» diýdi. Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýip aýdanym, ine, Şudur. Men Ony tanamaýardym, ýöne Ol Ysraýylda aýan bolsun diýip, suw bilen çokundyrmaga geldim». Ýahýa güwä geçip, şeýle diýdi: «Men Ruhuň Gökden kepderi ýaly inip, Onuň üstünde duranyny gördüm. Men Ony tanamaýardym, ýöne meni suw bilen çokundyrmaga ýollan Hudaý maňa Ruhuň inip, kimiň üstünde duranyny görseň, Mukaddes Ruh bilen çokundyrjak Şoldur diýdi. Men görüp, Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýat boldum». Ertesi gün Ýahýa ýene öz şägirtleriniň ikisi bilen durdy. Ol gezip ýören Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi. Onuň aýdanlaryny eşiden iki şägirt Isanyň yzyna eýerdi. Isa yzyna garap, arkasyndan gelýänleri gördi we olara: «Näme gözleýärsiňiz?» diýdi. Olar Ondan: «Mugallym, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. Isa olara: «Geliň, görüň» diýdi. Olar baryp, Isanyň nirede ýaşaýanyny gördüler we şol gün Onuň ýanynda galdylar. Gündiz sagat dördüň töweregidi. Ýahýanyň aýdanlaryny eşidip, Isanyň yzyndan giden iki adamyň biri Simun Petrusyň dogany Andreasdy. Ol ilki öz dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi (ýagny Hristosy) tapdyk» diýdi. Ony Isanyň ýanyna alyp bardy. Isa oňa garap: «Sen ― Ionanyň ogly Simun. Seniň adyň Kefas (terjime edilende Petrus, ýagny Gaýa diýmekdir) bolar» diýdi. Ertesi gün Isa Jelilä gitjek bolup, Filipusy tapdy, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Filipus hem Andreas we Petrus ýaly Betsaýda şäherindendi. Filipus Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň kanunynda, pygamberleriň ýazgysynda ýazylan Ýusubyň ogly nasyraly Isany tapdyk» diýdi. Natanaýel oňa: «Nasyradan oňly zat çykarmyka?» diýdi. Filipus hem oňa: «Gel-de, gör» diýdi. Isa Natanaýeliň Özüne tarap gelýänini görüp, ol hakda: «Ine, hilesiz, hakyky ysraýylly» diýdi. Natanaýel Oňa: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýdi. Isa oňa: «Filipus seni çagyrmazyndan öň, men seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm» diýip jogap berdi. Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň, Sen Ysraýylyň Patyşasysyň» diýdi. Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm diýip aýdanym üçin Maňa iman edýärsiňmi? Sen mundan uly zatlary görersiň» diýdi. Onsoň oňa şeýle diýdi: «Men size, hakykatdan-da, dogrusyny aýdýaryn, mundan beýläk siz Gögüň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň üstüne inip-çykyşyny görersiňiz». Şondan iki gün soň, Jeliläniň Kana şäherinde nika toýy boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi. Isa we Onuň şägirtleri-de toýa çagyrylypdylar. Şerap ýetmezlik edende, Isanyň ejesi Oňa: «Şeraplary ýok» diýdi. Isa oňa: «Eý hatyn, Meniň işimiň saňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelip ýetenok» diýdi. Ejesi hyzmatkärlere: «Size näme diýse, şony ediň» diýdi. Şol ýerde ýehudylaryň täret kylmak üçin ulanylýan, her biri iki ýa üç ölçeg tutýan alty sany daşdan ýasalan suw küýzesi bardy. Isa hyzmatkärlere: «Küýzeleri suw bilen dolduryň» diýdi. Olary agyzlaryna çenli doldurdylar. Onsoň hyzmatkärlere: «Indi şulardan guýup, toýuň guramaçysyna äkidiň» diýdi. Olar hem äkitdiler. Toýuň guramaçysy şeraba öwrülen suwy dadyp görende, onuň nireden gelenini bilmän, (muny diňe suw guýan hyzmatkärler bilýärdi) öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Her kes öňi bilen gowy şeraby, köp içenlerinden soň bolsa erbedini berýändir, emma sen gowy şeraby henize çenli saklap goýupsyň». Şeýlelikde, Isa ilkinji alamatyny Jeliläniň Kana şäherinde ýüze çykaryp, Öz şöhratyny görkezdi. Şägirtleri Oňa iman etdiler. Şondan soň Isa ejesi, doganlary we şägirtleri bilen Kapernauma gitdi. Ol ýerde birki gün galdylar. Ýehudylaryň Pesahy ýakynlaşanda, Isa Iýerusalime gitdi. Ol ybadathanada sygyr, goýun, kepderi satýanlary, pul çalşyp oturanlary gördi. Ýüpden bir dürre örüp, goýunlardyr sygyrlary bilen birlikde baryny ybadathanadan kowdy, pul çalyşýanlaryň pullaryny dökdi, öňlerindäki tekjelerini ýykdy. Kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden äkidiň, Atamyň öýüni dükana öwürmäň» diýdi. Şonda şägirtleriň ýadyna Mukaddes Ýazgydaky «Seniň öýüňe bolan yhlasym Meni iýer» diýlen sözler düşdi. Ýehudylar garşy çykyp, Ondan: «Sen şeýle etmäge ygtyýaryň barlygyna bize näme alamat görkezersiň» diýip soradylar. Isa olara: «Siz şu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günüň içinde dikelderin» diýip jogap berdi. Ýehudylar Oňa: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda salyndy, Sen ony üç günde dikeldersiňmi?» diýdiler. Ýöne Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy. Isa direlenden soň, şägirtleri Onuň aýdanyny ýatlap, Ýazga, Isanyň sözlerine iman etdiler. Pesah baýramynda Iýerusalimdekä Isanyň görkezen alamatlaryny görenleriň köpüsi Onuň adyna iman etdiler. Emma Isa ähli adamlary tanaýanlygy üçin, olara Özüni ynanmaýardy. Ol adam babatda hiç kimiň güwäligine mätäç däldi, çünki ynsanda näme bardygyny Özi bilýärdi. Fariseýleriň arasynda Nikodimos atly bir adam bardy, ol ýehudylaryň başlyklaryndandy. Bu adam gijäniň içinde Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Mugallym, biz Seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris, çünki Hudaý Özi bilen bolmasa, hiç kim Seniň görkezen alamatlaryňy görkezip bilmez». Isa oňa: «Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi. Nikodimos Oňa: «Garran adam gaýtadan nähili doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip doglup bilermi?» diýdi. Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, suwdan we ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez. Bedenden doglan bedendir, ruhdan doglan ruhdur. Saňa gaýtadan dogulmalysyňyz diýýänime geň galma. Ýel islän ýerinde öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Ruhdan doglanlaryň ählisi hem şeýledir». Nikodimos Ondan: «Bu nähili bolup biler?» diýip sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolup-da, bulary bilmeýärsiňmi? Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny diýýärin, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize güwä geçýäris, ýöne siz biziň güwäligimizi kabul etmeýärsiňiz. Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda Gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarsyňyz? Hiç kim Göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan Ynsan Ogly çykandyr. Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr. Şeýlelikde, Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar. Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi. Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem, dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň ýekeje Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir. Höküm şundan ybarat: dünýä nur indi, ýöne adamlar garaňkylygy nurdan gowy gördüler, çünki olaryň işleri ýamanlykdy. Şer iş edýän nury ýigrenýändir, ol işleriniň äşgär bolmazlygy üçin nura gelýän däldir. Emma hak iş edýän işleriniň Hudaý arkaly edilýändigi äşgär bolsun diýip nura gelýändir». Şundan soň Isa şägirtleri bilen Ýahuda ülkesine gidip, birnäçe wagtlap olar bilen şol ýerde galyp çokundyrdy. Ýahýa hem Salymyň golaýyndaky Enonda çokundyrýardy, çünki ol ýerde suw boldy, adamlar hem baryp çokundyrylýardylar. Çünki Ýahýa entek zyndana atylmandy. Ýahýanyň şägirtleri bilen käbir ýehudylar arasynda täret meselesinde jedel çykdy. Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Mugallym, Iordanyň aňyrsynda seniň ýanyňda bolan, seniň güwälik eden adamyň, ine, çokundyrýar, hemmeler Oňa barýarlar» diýdiler. Ýahýa olara jogap berip, şeýle diýdi: «Adam Gökden berilmedik hiç bir zady alyp bilmez. „Men Mesih däl, ýöne Ondan öň iberildim\ diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz. Kimiň gelinligi bar bolsa, ol giýewdir. Emma giýewiň dosty onuň ýanynda durup, sesini eşidip, onuň owazyna gaty şatlanýandyr. Meniň bu şatlygym-da häzir ýerine ýetdi. Ol beýgelmelidir, men peselmelidirin. Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäkiler ýaly gepleýändir. Gökden gelen hemmeden ýokarydyr. Ol görenine, eşidenine güwälik edýär, ýöne Onuň güwäligini hiç kim kabul etmeýär. Emma Onuň güwäligini kabul eden Hudaýyň hakykatdygyny tassyklaýandyr. Çünki Hudaý tarapyn Ýollanan Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Ruhy ölçeg bilen bermeýär. Ata Ogly söýýär we Ol ähli zady Onuň eline berendir. Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Ol Hudaýyň gazabyna sezewar bolar». Ýahýa garanda, Özüniň köp şägirt edinenligi we çokundyrýanlygy barada fariseýlere habar ýetendigini Isa bildi. (Hakykatda, Onuň Özi däl-de, şägirtleri çokundyrýardy.) Ýahudany terk edip, Ol ýene Jelilä gitdi. Onuň Samariýadan geçmegi gerekdi. Şeýlelikde, Ol Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýeriniň golaýyndaky Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi. Bu ýerde Ýakubyň guýusy bardy. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy; günortana golaýdy. Samariýaly bir aýal suw çekmäge geldi. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýdi. Isanyň şägirtleri iýmit satyn almak üçin şähere gidipdiler. Samariýaly aýal Oňa: «Sen ýehudy bolup, men samariýaly aýaldan içmäge suwy nähili dileýärsiň?» diýdi. Çünki ýehudylar samariýalylar bilen gatnaşyk etmeýärdiler. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Hudaýyň peşgeşiniň nämedigini, özüňe „Maňa içmäge suw ber\ diýýäniň kimdigini bilsediň, onda suwy seniň özüň Ondan dilärdiň, Ol-da saňa dirilik suwuny bererdi». Aýal Oňa şeýle diýdi: «Eý Aga, Seniň suw çeker ýaly gowaň ýok, guýy-da çuň, dirilik suwuny nireden aljak? Bu guýyny bize beren, mundan özi-de, çagalary we dowarlary-da suw içen atamyz Ýakupdan Sen ulumy?» Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bu suwdan içen ýene-de suwsar. Ýöne Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz, tersine, Meniň oňa berjek suwumyň içinde ebedilik ýaşaýyş çeşmesi bolar». Aýal Oňa: «Eý Aga, maňa şol suwdan bersene, suwsamaýyn, suw çekmäge bu ýere gelmäýin» diýdi. Isa oňa: «Onda, git-de, äriňi çagyryp gel» diýdi. Aýal Oňa: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa-da oňa: «Ärim ýok diýip, dogry aýtdyň. Seniň bäş äriň bardy, ýöne häzirkiň öz äriň däl, muny dogry aýtdyň» diýdi. Aýal Oňa şeýle diýdi: «Eý Aga, görýärin welin, Sen pygamber öýdýän. Biziň atalarymyz şu dagda sežde etdiler, ýöne siz ýehudylar, sežde edilmeli ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz». Isa oňa şeýle diýdi: «Naçar, Maňa ynan, wagt geler, Ata ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz. Siz tanamaýanyňyza sežde edýärsiňiz, biz tanaýanymyza sežde edýäris, çünki gutulyş ýehudylardan gelýär. Emma hakyky sežde edijileriň Ata ruhda, hakykatda sežde etjek wagtlary geler, eýýäm geldi hem, çünki Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar. Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir». Aýal Oňa: «Hristos diýilýän Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady bildirer» diýdi. Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şol» diýdi. Şu pursatda Isanyň şägirtleri geldiler, Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna olar haýran galdylar. Ýöne olaryň hiç biri «Näme isleýärsiň?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýmedi. Onsoň ýaňky aýal küýzesini goýdy-da, şähere baryp, halka: «Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn» diýdi. Olar şäherden çykyp, Isanyň ýanyna bardylar. Şu aralykda şägirtleri Ondan: «Mugallym, iý!» diýip haýyş etdiler. Ýöne Isa olara: «Mende iýere zat bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi. Onsoň şägirtleri: «Oňa biri iýere zat getiren däldir-ä?» diýişdiler. Isa olara: «Iýmitim ― Meni Ýollanyň islegini berjaý etmek, Onuň işini ýerine ýetirmekdir diýdi. Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size gözüňizi galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar diýýärin. Eken-de, oran-da bilelikde şatlanar ýaly, oran hakyny alýar, ebedi ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar. Çünki bu ýerde „Biri eker, biri orar\ diýilýän söz dogrudyr. Men sizi zähmet çekmedik hasylyňyzy ormaga iberdim; başgalar zähmet çekdiler, siz bolsa olaryň zähmetiniň hasylyna girdiňiz». «Meniň ähli eden işlerimi aýdyp berdi» diýip, güwälik eden aýalyň sözi sebäpli, ol şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler. Şonuň üçin-de samariýalylar Isanyň ýanyna gelenlerinde, Ondan öz ýanlarynda galmagyny haýyş etdiler. Ol şol ýerde iki gün galdy. Onuň sözüni diňlän ýene-de köp adamlar Oňa iman etdi. Ol aýala bolsa olar: «Biz indi seniň aýdanlaryň sebäpli iman etmeýäris; özümiz eşitdik, Onuň dünýäniň çyn Halasgäri, Mesihdigini bilýäris» diýdiler. Iki günden soň Isa ol ýerden Jelilä gitdi. Çünki Ol pygamberiň öz ýurdunda gadyrynyň ýoklugyna güwälik edipdi. Jelilä baranda, Isanyň Iýerusalimdäki baýramda eden ähli işlerini gören jelileliler Ony kabul etdiler, çünki olaryň özleri-de şol baýrama gidipdiler. Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwdan şerap ýasan ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Kapernaumda patyşanyň bir gullukçysynyň ogly syrkaw ýatyrdy. Bu adam Isanyň Ýahudadan Jelilä gelenini eşidende, Onuň ýanyna baryp, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagy Ondan haýyş etdi. Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi. Patyşanyň gullukçysy Oňa: «Eý Aga, oglum ölmänkä barsana!» diýdi. Isa oňa: «Gidiber, ogluň sagaldy» diýdi. Ol hem Isanyň sözüne ynanyp gitdi. Ol entek ýoldaka, hyzmatkärleri öňünden çykyp: «Ogluň sagaldy» diýdiler. Ol hyzmatkärlerinden oglunyň gowulanyp başlan sagadyny anyklamak isledi. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler. Şeýlelikde, munuň Isanyň «Ogluň sagaldy» diýen sagadynda bolandygyny bilip, ol bütin içersi bilen birlikde Oňa iman etdi. Bu Isanyň Ýahudadan Jelilä gelenden soň görkezen ikinji alamatydy. Şundan soň ýehudylaryň bir baýramy bardy. Isa hem Iýerusalime gitdi. Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda iwritçe Beýtesta diýilýän bäş eýwanly bir howuz bardy. Şol ýerde gaty köp syrkawlar, körler, agsaklar, oturalar suwuň çaýkanmagyna garaşyp ýatyrdylar. Çünki wagtal-wagtal Rebbiň bir perişdesi şol howza girip, suwy çaýkaýardy, suwuň çaýkanmagynyň yzysüre ilkinji bolup suwa giren öz keselinden saplanýardy. Şol ýerde otuz sekiz ýyl bäri dert çekip ýatan bir adam bardy. Isa onuň ýatanyny görende, uzak wagtdan bäri keseldigini bilip oňa: «Sagalmak isleýärsiňmi?» diýdi. Syrkaw Oňa şeýle jogap berdi: «Eý Aga, suw çaýkanan wagty meni howza saljak adam ýok, men barýançam, başga biri menden öň howza giräýýär». Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi. Ýaňky adam derrew sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka ýehudylaryň ybadat edýän güni ― Sabat güni boldy. Munuň üçin ýehudylar sagalan adama: «Bu gün Sabat güni, saňa düşegiňi götermek bolmaz» diýdiler. Sagalan: «Meni sagaldan Adam maňa „Düşegiňi al-da, git\ diýdi» diýip, olara jogap berdi. «Saňa „Düşegiňi al-da, git\ diýen Adam kim?» diýip, ondan soradylar. Ýöne sagalan adam Onuň kimdigini bilmeýärdi, çünki Isa şol ýerdäki märekäniň arasyna girip gidipdi. Soňra Isa ybadathanada oňa gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, saňa has ýaman zat bolaýmasyn» diýdi. Şeýlelikde, ýaňky adam baryp, özüni sagaldanyň Isadygyny ýehudylara aýtdy. Bu işi Sabat güni edenligi üçin ýehudylar Isany yzarladylar, Ony öldürjek boldular. Emma Isa olara: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýip jogap berdi. Şu sebäpden ýehudylar öňküden-de beter Ony öldürmegiň küýüne düşdüler, çünki Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi. Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Özünden hiç zat edip bilmez, çünki Ata näme etse, Ogul-da şony edýändir. Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Sizi haýran galdyrjak has beýik zatlary-da Ol Oňa görkezer. Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamlaryny direlder. Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli hökümi Ogla tabşyrandyr. Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony ýollan Ata-da hormat goýýan däldir. Men size hakykatyny aýdýaryn, Meniň sözümi diňläp, Meni Ýollana iman edene ebedi ýaşaýyş bardyr, onuň üstünden höküm çykarylmaz. Ol ölümden ýaşaýşa göçendir. Men size hakykatyny aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar. Çünki Ata Özünde ýaşaýyş bolşy ýaly, Ogla-da ýaşaýyş ojagy bolmaklygy berendir. Ol höküm çykarmak ygtyýaryny-da Oňa berdi, çünki Ol Ynsan Ogludyr. Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary geler. Haýyr iş edenler ýaşamak üçin, şer iş edenler bolsa höküm üçin direler. Men Öz-Özümden hiç bir zat edip bilmeýärin; eşidişime görä höküm çykarýaryn. Meniň hökümim hakdyr, çünki Men Öz islegimi däl-de, Meni ýollan Atanyň islegini amala aşyrmaga dyrjaşýaryn. Eger Men Özüm hakda güwälik bersem, onda bu güwäligim hak däldir. Men hakda güwälik berýän başga biri bar, onuň Özüm hakdaky güwäliginiň dogrudygyny Men bilýärin. Siz Ýahýanyň ýanyna adamlar ýolladyňyz, ol-da hakykata güwälik etdi. Emma Men ynsan güwäligini kabul etmeýärin, Men diňe siziň halas bolmagyňyz üçin bulary aýdýaryn. Ol ýanyp duran, nur saçýan çyradyr. Siz az salym onuň yşygyna guwanmak islediňiz. Emma Mendäki güwälik Ýahýadakydan has uludyr, çünki ýerine ýetirmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny Meniň edýän işlerim Meni Atanyň iberenligine güwä geçýär. Men hakda Meni iberen Atanyň Özi güwälik etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz. Onuň sözi sizde galmaýar, çünki siz Onuň Iberenine iman etmeýärsiňiz. Siz Mukaddes Ýazgylary agtaryşdyrýarsyňyz, çünki ebedi ýaşaýyş şolardadyr öýdýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda güwälik edýärler. Ýöne siz ömrüňiz bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz. Men ynsanlardan öwgi kabul etmeýärin. Sizi-de tanaýaryn. Sizde Hudaýyň söýgüsi ýok. Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz. Ýeke-täk Hudaýdan öwgi gözlemän, biri-biriňizden öwgi kabul edýärkäňiz, siz nähili iman edip bilersiňiz? Atanyň öňünde Men sizi aýyplar öýtmäň. Sizi aýyplajak öz umyt baglaýanyňyz Musadyr. Siz Musa iman eden bolsadyňyz, onda Maňa-da iman ederdiňiz, çünki ol Men hakda ýazdy. Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdýanlaryma nähili iman edersiňiz?» Şundan soň Isa Jelilä, ýagny Tiberiýa kölüniň aňyrsyna gitdi. Onuň syrkawlar barada eden alamatlaryny gören halaýyk Onuň yzyna düşdi. Isa daga çykyp, şägirtleri bilen oturdy. Ýehudylaryň Pesah baýramy ýakyndy. Isa töweregine gözüni aýlady we Öz ýanyna köp halaýygyň gelýänini görüp, Filipusa: «Bular iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi. Ol muny Filipusy synamak üçin sorapdy, çünki näme etjegini Özi bilýärdi. Filipus Oňa: «Iki ýüz dinarlyk çörek olaryň her biriniň bir döwüm almagyna-da ýetmez» diýdi. Şägirtleriň biri, Simun Petrusyň dogany Andreas Oňa şeýle diýdi: «Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar, ýöne şeýle köp märekä bu näme bolar?» Isa: «Halaýygy oturdyň» diýdi. Ol ýerde ot köpdi, bäş müňe golaý adam oturdy. Isa çörekleri alyp, şükür edeninden soň, olary oturanlara paýlady. Balyklardan-da näçe isleseler, olara berdi. Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Artan döwümleri ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi. Şeýlelikde, bäş sany arpa çöreginden iýen adamlardan artyp galan döwümleri ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Isanyň bu alamatyny gören halaýyk: «Hakykatdan-da, dünýä geljek pygamber Şudur» diýişdiler. Isa olaryň gelip, patyşa etmek üçin Özüni zor bilen tutjak bolýandyklaryny aňansoň, ýene-de ýeke Özi daga çykyp gitdi. Agşamara Onuň şägirtleri köle geldiler. Bir gaýyga münüp, kölüň aňyrsyndaky Kapernauma ugradylar. Garaňky düşse-de, Isa entek olaryň ýanyna gelmändi. Güýçli ýel turup, köl tolkun atyp başlady. Gaýyk bilen, takmynan, bäş-alty kilometr ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp, olar gorkdular. Emma Isa olara: «Bu ― Men, gorkmaň» diýdi. Olar Ony gaýyga mündürjek boldular, ýöne gaýyk şol pursatda kenara gelip ýetdi. Ertesi gün kölüň beýleki kenarynda galan halaýyk Isanyň şägirtleriniň münen gaýygyndan başga hiç bir gaýygyň ýokdugyna we Isanyň Öz şägirtleri bilen şol gaýyga münmändigine, şägirtleriň ýeke gidendiklerine göz ýetirdiler. Şu aralykda, Rebbiň şükürinden soň çörek iýen ýerleriniň golaýyna Tiberiýadan gaýyklar geldi. Isanyň-da, şägirtleriň-de ol ýerde ýokdugyny gören halaýyk gaýyklara münüp, Isany gözlemäge Kapernauma bardy. Ony kölüň aňyrsyndan tapyp: «Mugallym, bu ýere haçan geldiň?» diýip soradylar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, siz Meni alamat göreniňiz üçin däl, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz. Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, ebedi ýaşaýşa çenli galýan iýmit üçin çalşyň. Ony size Ynsan Ogly berer, çünki Oňa Ata Hudaý Öz möhürini basandyr». «Biz Hudaýyň işlerini berjaý etmek üçin näme etmeli?» diýip, Ondan soradylar. Isa olara: «Hudaýyň işi şu: Onuň Iberenine iman ediň» diýip jogap berdi. Olar şeýle diýdiler: «Biz görüp, Saňa iman eder ýaly, Sen nähili alamat görkezersiň? Sen näme edersiň? „Ol Gökden iýer ýaly çörek berdi\ diýip, Ýazgyda ýazylyşy ýaly, biziň atalarymyz manna iýdiler». Isa olara şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, size Gökden çörek beren Musa däl, hakyky çöregi Gökden size Atam berýär. Çünki Gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýän Hudaýyň çöregidir». Olar Oňa: «Ýa Reb, şol çöregi bize hemişe ber» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla aç bolmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz. Aýdyşym ýaly, siz Meni gördüňiz, ýöne Maňa iman etmeýärsiňiz. Atamyň Maňa berenleriniň bary Maňa geler, Men Özüme gelenleri asla kowmaryn. Çünki Men Öz islegimi däl-de, Meni Ibereniň islegini berjaý etmek üçin Gökden indim. Meni Ibereniň islegi bolsa Maňa tabşyranlarynyň hiç birini ýitirmän, olary ahyretde gaýtadan direltmegimdir. Atanyň islegi Ogly görüp, Oňa iman eden her kesiň ebedi ýaşaýşynyň bolmagydyr. Men ahyret güni ony gaýtadan direlderin». Onuň «Gökden inen çörek ― Men» diýeni üçin, ýehudylar garşy çykyp, hüňürdeşdiler. «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň kakasyny-da, ejesini-de tanaýarys. Ol nähili „Men Gökden indim\ diýýär?» diýişdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Özara hüňürdeşmäň. Meni iberen Atam Maňa tarap çekmese, hiç kim Meniň ýanyma gelip bilmez. Men ony ahyret güni direlderin. Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesine Hudaý tarapyndan tälim berler\ diýilýändir. Atamdan eşidip, Ondan tälim alan her kes Maňa geler. Bu ― biri Atany görendir diýildigi däldir. Atany diňe Hudaýdan Gelen görendir. Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman edeniň ebedi ýaşaýşy bardyr. Ýaşaýyş çöregi Mendirin. Siziň atalaryňyz çölde manna iýip öldüler. Bu çörek bolsa ondan iýen ölmez ýaly, Gökden inendir. Gökden inen diri çörek Mendirin. Bu çörekden iýen adam ebedi ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin Meniň berjek çöregim Öz tenimdir». Onsoň ýehudylar: «Bu Adam Öz tenini bize iýmäge nähili berip biler?» diýşip, özara jedelleşdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Oglunyň tenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz. Meniň tenimi iýip, ganymy içeniň ebedi ömri bolar. Ahyret güni Men ony direlderin. Çünki Meniň tenim hakyky iýmit, ganym hakyky içgidir. Meniň tenimi iýip, ganymy içen Mende galar, Men hem onda. Diri Atanyň Meni iberişi, Meniň hem Ata arkaly ýaşaýşym ýaly, Meni iýen-de Men arkaly ýaşar. Gökden inen çörek budur. Ol atalaryňyzyň iýen mannalary ýaly däldir, olar öldüler, bu çöregi iýen bolsa ebedi ýaşar». Ol bu sözleri Kapernaumda sinagogada sapak berýärkä aýtdy. Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim diňläp biler?» diýişdiler. Isa şägirtleriň muňa hüňürdeşýänini Öz içinden bilip, olara şeýle diýdi: «Bu sizi aljyradýarmy? Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny göräýseňiz näme diýerkäňiz? Ýaşaýyş berýän ruhdur, bedeniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim ruh hem ýaşaýyşdyr. Ýöne siziň araňyzda käbir iman etmeýänler bar». Çünki Isa iman etmeýänleriň kimdigini, Özüni kimiň tutup berjekdigini öňünden bilýärdi. Ol: «Atanyň gönükdirmedik adamy Maňa gelip bilmez diýip, Men size şonuň üçin aýdypdym» diýdi. Şol wagtdan başlap, şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz öwürdiler, Onuň bilen tirkeşmegi goýdular. Şondan soň Isa Onkilerden: «Siz hem Meni terk edersiňizmi?» diýip sorady. Simun Petrus Oňa şeýle jogap berdi: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn. Biz Seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik, muny açyk bilýäris». Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, siziň biriňiz şeýtan» diýip jogap berdi. Ol muny Simunyň ogly Iuda Iskariota kakdyryp aýdýardy, çünki Ol Onkileriň biridi. Soňra ol Isa haýynlyk etdi. Şondan soň Isa ondan-oňa gatnap, Jelilede gezdi. Ýehudylar Ony öldürmegiň kastynda bolansoňlar, Ol Ýahudada gezmek islemeýärdi. Ýehudylaryň Çatma baýramy ýakynlapdy. Doganlary Oňa şeýle diýdiler: «Bu ýerden aýrylyp, Ýahuda git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün. Özüni açyk tanatmak isleýän adam gizlin iş edýän däldir. Sen bu zatlary edýän bolsaň, Özüňi dünýä görkez». Çünki doganlary-da Oňa iman etmeýärdiler. Isa olara jogap berdi: «Meniň wagtym entek gelenok, ýöne siziň üçin elmydama wagtdyr. Sizi dünýä ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, çünki Men onuň işleriniň erbetdigine güwä geçýärin. Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl, çünki Meniň wagtym entek dolanok». Ol bu zatlary olara aýdyp, Jelilede galdy. Emma doganlary baýrama gidenlerinden soň, Ol-da gitdi, ýöne aç-açan däl-de, gizlin gitdi. Ýehudylar baýramda Ony agtaryp: «Ol nirede?» diýişýärdiler. Halaýygyň arasynda Ol hakda köp gürrüň boldy. Käbirleri «Ol gowy adamdyr» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdi. Ýöne ýehudylardan gorkup, hiç kim Ol hakda açyk gürrüň edip bilmeýärdi. Baýramyň ýarysy geçende, Isa ybadathana baryp, sapak bermäge durdy. Ýehudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamazdan, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki. Biri Hudaýyň islegini berjaý etmek isleýän bolsa, onda Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyny ýa-da Özümden sözleýändigimi ol biler. Özünden sözleýän özi üçin şöhrat agtarýandyr. Özüni Iberen üçin şöhrat agtarýan bolsa dogruçyldyr, onda nädogrulyk ýokdur. Mukaddes Kanuny size Musa bermedimi? Muňa garamazdan, siziň hiç biriňiz kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?» Halaýyk Oňa: «Sen jynly, kim Seni öldürjek bolýar?» diýdi. Isa olara şeýle jogap berdi: «Men bir iş etdim, oňa hemmäňiz haýran galdyňyz. Musa size sünneti berdi, ýöne bu Musadan däl-de, ata -babalardandyr ― siz Sabat güni adam sünnetleýärsiňiz. Musanyň kanuny bozulmasyn diýip, Sabat güni sünnet edilýän bolsa, onda Sabat güni bir adamy büs-bütin sagaldandygym üçin Meni ýazgarmaňyz näme? Daş görnüşe görä höküm çykarman, adyllyk bilen höküm çykaryň». Bu ýerde iýerusalimlileriň käbiri: «Öldürjek bolýanlary bu Adam dälmi? Bu, ine, açyk gürrüň berip dur, Oňa hiç zat diýmeýärler, biziň başlyklarymyz Munuň Mesihdigini, hakykatdan hem bilýän bolaýmasynlar?! Ýöne biz bu Adamyň nirelidigini bilýäris. Mesih gelende bolsa Onuň nirelidigini hiç kim bilmez» diýişdiler. Onsoň Isa ybadathanada sapak berip durka, şeýle diýip gygyrdy: «Siz Meni hem tanaýarsyňyz, hem nirelidigimi bilýärsiňiz. Ýöne Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz. Men Ony tanaýaryn, çünki Men Ondandyryn. Meni iberen Oldur». Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el uzatmady, çünki Onuň wagty entek gelmändi. Halaýygyň köpüsi Oňa iman edip, şeýle diýdi: «Mesih gelende, Şunuňkydan köp alamat görkezermi?» Fariseýler Isa hakda halk arasyndaky bu pyşyrdylary eşitdiler. Onsoň baş ruhanylar, fariseýler Ony tutmak üçin serkerdeleri ýolladylar. Isa şeýle diýdi: «Men ýene az salym siziň ýanyňyzda galyp, soňra Özümi Iberene giderin. Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz». Onsoň ýehudylar biri-birine: «Bu Adam, biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dagap gidenleriň ýanyna baryp, greklere sapak berjekmikä? Munuň „Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, Meniň barjak ýerime baryp bilmersiňiz\ diýýäni nämekä?» diýişdiler. Baýramyň soňky uly gününde Isa ör turup gygyrdy: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelsin, içip gansyn. Kim Maňa iman etse, Ýazgyda aýdylyşy ýaly, onuň içinden dirilik suwunyň bulaklary akar». Ol muny Özüne iman edenleriň soňra aljak Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, çünki Isa entek şöhratlandyrylmandy. Halaýykdan käbirleri bu sözi eşidip: «Bu, hakykatdan hem, şol geljek pygamberdir» diýdiler. Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Mesih Jelileden gelmelimidi? Ýazgyda „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň obasy Beýtullahamdan geler\ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler. Şeýlelikde, halaýygyň arasynda Isa barada agzalalyk döredi. Olardan käbirleri Ony tutmak islediler, ýöne hiç kim Oňa el degirmedi. Serkerdeler gaýdyp gelenlerinde, baş ruhanylar, fariseýler olardan: «Näme üçin Ony getirmediňiz?» diýip soradylar. Serkerdeler: «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler. Fariseýler olara şeýle diýdiler: «Siz-de aldandyňyzmy? Başlyklardan ýa fariseýlerden Oňa iman eden barmy? Mukaddes Kanuny bilmeýän bu halka nälet!» Içlerinden biri, ozal Isanyň ýanyna baran Nikodimos olara: «Kanunymyz bir adamy öňürti diňlemän, onuň näme edenini bilmän, höküm edýärmi?» diýdi. Oňa: «Sen-de jelilelimi? Mukaddes Kitaba seret: Jelileden hiç wagt pygamber çykmaz» diýdiler. Soňra hemmesi öýli-öýüne gitdi. Isa Zeýtun dagyna gitdi. Daňdan ýene ybadathana bardy. Ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara sapak bermäge başlady. [3-4] Kanunçylar bilen fariseýler zyna üstünde tutulan bir aýaly alyp geldiler. Olar ony ortada duruzdylar we Isa ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Mugallym, bu aýal zyna üstünde tutuldy. *** Musa kanunda bular ýalylary daşlap öldürmegi buýrupdyr. Sen näme diýýärsiň?» Olar muny Isany synap, aýyplamak üçin bir tutaryk tapjak bolup aýtdylar. Emma Ol eglip, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazýardy. Ondan soramagy dowam etdirenlerinde, Isa dikelip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn» diýdi. Ol ýene-de eglip ýere ýazmaga durdy. Muny eşidenlerinde, wyždanlary ynjalyksyzlandy, ýaşulusyndan başlap soňkusyna çenli ýeke-ýekeden gitdiler. Isa ýeke galdy, aýal hem şol ýerdedi. Isa dikelende, aýaldan başga hiç kimi görmänsoň oňa: «Naçar, ýaňkylar hany? Saňa hiç kim jeza bermedimi?» diýdi. Aýal: «Eý Aga, hiç kim» diýdi. Isa: «Onda, saňa Men hem jeza bermeýärin, gidiber, ýöne indi günä iş etme» diýdi. Isa ýene-de halka ýüzlenip şeýle diýdi: «Men dünýäniň nurudyryn. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar». Fariseýler Oňa: «Sen Özüň hakda güwälik edýärsiň, Seniň güwäligiň hak däl» diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Özüm hakda güwälik edýän hem bolsam, Meniň güwäligim hakdyr, çünki Men nireden gelip, nirä barýanymy bilýärin, ýöne Meniň nireden gelenimi ýa nirä barýanymy siz bilmeýärsiňiz. Siz tene ― bedene garap höküm çykarýarsyňyz, Men hiç kimiň üstünden höküm çykarmaýaryn. Men höküm çykaraýsam-da, hökümim hakdyr, çünki Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin. Iki adamyň güwäliginiň hakdygy bolsa siziň kanunyňyzda ýazylgydyr. Men Özüm hakda güwälik edýärin, Meni iberen Ata-da Men hakda güwälik edýär». Onsoň Oňa: «Seniň Ataň nirede?» diýdiler. Isa olara jogap berip: «Siz ne Meni, ne-de Meniň Atamy tanaýarsyňyz. Meni tanaýan bolsaňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi. Ol bu sözleri ybadathanada sapak berip durka, sadaka sandygynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Oňa ýapyşmady, çünki Onuň wagty entek gelmändi. Isa olara ýene: «Men barýaryn, siz Meni agtararsyňyz, günäňiziň içinde ölersiňiz, ýöne Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi. Ýehudylar: «Ol Özüni öldürjekmikä? Çünki Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz diýýär» diýişdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bu dünýäden däldirin. Munuň üçin Men size „günäli ölersiňiz\ diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäli ölersiňiz». «Sen kimsiň?» diýip, Ondan soradylar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ozal-başdan size näme aýdan bolsam, Şolduryn. Siz hakda aýtjak, höküm etjek zatlarym köp. Meni Iberen hakdyr, Men Ondan eşidenlerimi dünýä aýdýaryn». Olar Onuň Ata barada aýdýandygyna düşünmediler. Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Ynsan Ogluny ýokaryk galdyran mahalyňyz, şonda Onuň Mendigimi we Meniň Öz-Özümden hiç zat etmän, diňe Atanyň Maňa öwredenlerini aýdandygymy bilersiňiz. Meni Iberen Meniň bilendir; Ol Meni ýalňyz goýmady, çünki Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin». Bulary aýdanda köp adamlar Oňa iman etdiler. Onsoň, Isa Özüne iman eden ýehudylara şeýle diýdi: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan hem Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder». «Biz Ybraýymyň perzentleridiris, hiç haçan hiç kime gul bolan däldiris. Seniň „Azat bolarsyňyz\ diýýäniň näme?» diýip, olar Onuň Özünden soradylar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr. Gul öýde hemişelik galmaz, ýöne Ogul hemişelik galar. Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem azat bolarsyňyz. Siziň Ybraýymyň perzentleridigiňizi bilýärin, ýöne siz Meni öldürmegiň kastynda, çünki Meniň sözüm siziň içiňizde ýer tutmaýar. Men Atamyň ýanynda görenlerimi aýdýaryn, siz hem öz ataňyzdan görenleriňizi edýärsiňiz». Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz. Emma siz Meni, Hudaýdan eşiden hakykatyny aýdýan Adamy öldürmäge synanyşýarsyňyz. Ybraýym beýle zady etmändi. Siz öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz». Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň diňe bir Atamyz bar, Ol hem Hudaý» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Hudaý siziň ataňyz bolsady, onda, siz Meni söýerdiňiz, çünki Men Hudaýdan çykyp geldim, Öz-Özümden gelemok, Meni Ol iberdi. Näme üçin Meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz? Çünki siz Meniň sözümi diňläp bilmeýärsiňiz. Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmady, çünki onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlän mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy. Maňa bolsa hakykaty aýdýanlygym üçin iman etmeýärsiňiz. Siziň haýsyňyz maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz? Hudaýdan gelen Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, çünki siz Hudaýdan däl». Ýehudylar Oňa: «Sen samariýalysyň, Sen jynly diýýänimiz dogry dälmi?» diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Men jynly däl, Men diňe Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz. Men Özüme şöhrat agtarmaýaryn, muny agtarýan we höküm çykarýan Biri bar. Men size hakykatyny aýdýaryn, Meniň sözümi tutan adam asla ölüm görmez». Ýehudylar Oňa şeýle diýdiler: «Seniň jynlydygyňy indi bildik. Ybraýym-da öldi, pygamberler-de; ýöne Sen: „Meniň sözümi tutan adam asla ölümden datmaz\ diýýärsiň. Sen atamyz Ybraýymdan ulumy? Ol öldi, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň?» Isa olara şeýle jogap berdi: «Men Özümi şöhratlandyrsam, onda bu şöhrat puç bolar. Meni şöhratlandyrýan Meniň Atamdyr; siz Oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz. Ýöne Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Men Ony tanaýaryn, Onuň sözüni tutýaryn. Siziň ataňyz Ybraýym Meniň günlerimi görjekdigine şatlanýardy; ol gördi we şatlandy». «Heniz elli ýaşa-da barmadyk halyňa Sen Ybraýymy gördüňmi?» diýip, ýehudylar Ondan soradylar. Isa olara: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň hem Men bardyryn» diýdi. Şonda Oňa zyňmak üçin daş aldylar, emma Isa gizlendi we ybadathanadan çykyp gitdi. Geçip barýarka, Isa bir doga kör adamy gördi. Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär, munuň özümi ýa ene-atasy?» diýip soradylar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ne munuň özi günä etdi, ne-de ene-atasy; bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy. Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez. Men dünýädekäm, dünýäniň nurudyryn». Ol şeýle diýip, ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasady, palçygy bolsa körüň gözüne sürtdi. Onsoň oňa: «Git-de, Siloam howzunda ýuwun» diýdi. Ol gidip ýuwundy, yzyna gaýdyp gelende, onuň gözi açykdy. Goňşulary we onuň dilegçilik edip ýörenini ozal görenler: «Şu ýerde oturyp, dilegçilik edýän şu dälmidi?» diýdiler. Käbirleri: «Şol» diýdiler; käbirleri: «Ýok, bu diňe şoňa meňzeş» diýdiler. Ýöne onuň özi: «Men» diýdi. Oňa: «Onda gözleriň nähili açyldy?» diýdiler. Ol: «Isa diýilýän adam palçyk ýasap, gözüme sürtdi-de: „Siloama git-de, ýuwun\ diýdi. Men hem gidip ýuwundym, gözlerim açyldy» diýip jogap berdi. Oňa: «Ol nirede?» diýdiler. Ol: «Bilmeýärin» diýdi. Ozal kör bolan bu adamy fariseýleriň ýanyna getirdiler. Isanyň palçyk ýasap, onuň gözüni açan güni Sabatdy. Fariseýler-de onuň gözüniň nähili açylanyny soradylar. Ol olara: «Ol meniň gözüme palçyk sürtdi, onsoň ýuwundym. Indi men görýärin» diýip jogap berdi. Fariseýleriň käbirleri: «Ol adam Hudaýdan däl, çünki Sabat gününi tutmaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Bir günäkär adam beýle alamatlary nähili görkezip biler?» diýdiler. Olaryň arasyna agzalaçylyk düşdi. Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi. Ýehudylar gözleri açylan adamyň ejesi bilen kakasyny çagyryp soraýançalar, onuň ozal kör bolup, indi gözleriniň açylandygyna ynanmadylar. Olardan: «Kör doguldy diýýän ogluňyz şumy? Indi bu nädip görýär?» diýip soradylar. Onuň ejesi bilen kakasy olara şeýle jogap berdi: «Munuň öz oglumyzdygyny, kör doglandygyny bilýäris. Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, özi aýdyp bersin». Onuň ejesi bilen kakasy ýehudylardan gorkularyna şeýle diýdiler, çünki ýehudylar Onuň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler. Şonuň üçin onuň ejesi bilen kakasy: «Ol bir ýetişen ýigit, özünden soraň» diýdiler. Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýy şöhratlandyr, biz ol adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler. Ol: «Onuň günäkärdigini ýa däldigini bilmeýärin. Men bir zady bilýärin: ozal kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi. «Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip, ondan ýene soradylar. Ol bulara şeýle jogap berdi: «Men ýaňy aýtdym, diňlemediňiz; näme üçin ýene eşitmek isleýärsiňiz? Ýa siz-de Onuň şägirtleri bolmakçymy?» Oňa sögüp, şeýle diýdiler: «Onuň şägirdi ― sen, biz Musanyň şägirtleridiris. Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris; bu Adamyň bolsa nirelidigini-de bilmeýäris». Ýaňky adam olara şeýle jogap berdi: «Haýran galaýmaly! Siz Onuň nirelidigini-de bilmeýärsiňiz, Ol bolsa meniň gözümi açdy. Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, ýöne biri hudaýhon bolsa, Onuň islegini berjaý etse, Hudaý ony diňleýär. Doga körüň gözüniň açylmagy henize çenli eşidilen zat däl. Bu Adam Hudaýdan bolmadyk bolsa, onda hiç bir zat edip bilmezdi». Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize sapak berjek bolýarsyňmy?» diýdiler. Şeýlelikde, ony kowup goýberdiler. Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Hudaýyň Ogluna iman edýärmisiň?» diýdi. Ol hem Oňa jogap berip: «Eý aga, Oňa iman eder ýaly, Ol kim?» diýdi. Isa oňa: «Sen Ony gördüň, Ol seniň bilen gepleşip dur» diýdi. Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi. Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm etmäge geldim» diýdi. Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Oňa: «Onda biz-de körmi?» diýdiler. Isa olara: «Kör bolan bolsaňyz, günäňiz bolmazdy, ýöne görýäris diýýäniňiz üçin günäňiz aýrylmaýar» diýdi. «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän ogrudyr, garakçydyr. Gapydan girýän goýunlaryň çopanydyr. Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändir. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary daşaryk çykarýandyr. Goýunlaryny daşaryk çykarandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa onuň yzyna düşýändir. Olar kesekiniň yzyna düşýän däldir, ondan gaçýandyr, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler». Isa olara tymsal aýtdy, ýöne olar onuň manysyna düşünmediler. Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Men size hakykatyny aýdýaryn, Men goýunlaryň agylyna gapydyryn. Menden öň gelenleriň ählisi ogrudyr, garakçydyr; ýöne goýunlar olary diňlemediler. Men gapydyryn. Menden giren halas bolar. Ol girer, çykar, öri tapar. Ogry diňe ogurlap öldürmek, heläk etmek üçin gelýändir. Emma Men olarda ýaşaýyş bolsun, gurply ýaşaýyş bolsun diýip geldim. Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir. Çopan däl-de, diňe hakyna tutulan adam bolsa möjegiň gelýänini görüp, goýunlar özüniňki bolmansoň, olary taşlap gaçýandyr. Möjek-de olary gapyp dargadýandyr. Çünki ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlaryň gamyny iýmez. Men gowy çopandyryn; Özümiňkileri tanaýandyryn, olar-da Meni tanaýandyr. Atamyň Meni, Meniň-de Atany tanaýşym ýaly tanaýandyrlar. Men goýunlar üçin janymy pida edýärin. Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşider. Onsoň bir süri, bir çopan bolar. Janymy gaýtadan almak üçin pida edýänligim sebäpli Ata Meni söýýär. Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň ony pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym». Bu sözler sebäpli, ýehudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk aralaşdy. Olaryň köpüsi: «Ol jynly, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdiler. Başgalary bolsa: «Bular jynly adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler. Iýerusalimde ybadathananyň açylyşynyň ýyllyk baýramy boldy. Gyşdy. Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwanynda gezmeläp ýördi. Ýehudylar Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip ýörjek? Mesih bolsaň, açygyny aýt» diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Maňa güwälik edýär. Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, çünki size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl. Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler. Men olara ebedi ýaşaýyş bererin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. Olary Maňa beren Atam hemmeden uludyr. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez. Atam Ikimiz birdiris». Ýehudylar Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar. Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin siz Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi. Ýehudylar Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «„Men aýtdym, siz taňrylarsyňyz\ diýip, siziň kanunyňyzda ýazylgy dälmi näme? Mukaddes kanun özlerine Hudaýyň sözleri gelenleri taňrylar diýip atlandyran bolsa, şonuň bilen Ýazgy bozulmaýar ahyryn. Şeýle bolsa, Men Hudaýyň Ogly diýýänim üçin siz Atanyň saýlap, dünýä iberen Adamyna näme üçin Hudaýa dil ýetirýär diýýärsiňiz? Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda Maňa iman etmäň. Eger-de ol işleri edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, Atamyň Mendedigini we Meniň Atadadygymy bilip, oňa göz ýetirer ýaly, edýän işlerime ynanyň». Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, ýöne Isa olaryň ellerinden sypyp gitdi. Isa ýene-de Iordanyň aňyrsyna, Ýahýanyň ozallar çokundyrýan ýerine baryp, şol ýerde galdy. Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili alamat görkezmedi, ýöne onuň bu Adam hakda aýdanlarynyň bary çyn eken» diýişdiler. Şeýlelikde, köp adamlar ol ýerde Oňa iman etdi. Merem bilen onuň uýasy Martanyň obasy bolan Beýtaniýadan Lazar atly bir adam syrkawdy. Merem Rebbiň üstüne atyr ysly ýag çalyp, Onuň aýagyny öz saçy bilen süpürip guradan aýaldy. Onuň dogany Lazar syrkawdy. Şeýlelikde, uýalar: «Ýa Reb, Seniň söýýän adamyň syrkaw ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar. Isa muny eşidende: «Bu syrkawlyk ölüm üçin däl-de, Hudaýyň Ogly ol arkaly şöhratlanar ýaly, Hudaýyň şöhraty üçindir» diýdi. Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi. Onuň syrkawdygyny eşidende, Isa şol bolýan ýerinde iki gün galdy. Onsoň şägirtlerine: «Ýene Ýahuda gideliň» diýdi. Şägirtleri Oňa: «Mugallym, ýehudylar Seni ýaňy daşlamaga synanyşdylar, Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?» diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Gündizde on iki sagat bar dälmi? Gündiz gezýän adam büdremez, çünki ol bu dünýäniň nuruny görýändir. Ýöne adam gije gezse, büdrär, çünki onda nur ýokdur». Soňra Isa olara: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr, diňe şony oýarmak üçin barýaryn» diýdi. Şägirtleri Oňa: «Ýa Reb, uklan bolsa sagalar» diýdiler. Isa onuň ölendigi hakda gürrüň edýärdi, ýöne olar adaty ukudyr öýdýärdiler. Şeýlelikde, Isa olara açygyny aýtdy: «Lazar ölüpdir. Men siz iman edersiňiz diýip, şol ýerde bolmanlygyma siziň üçin şat, ýöne indi onuň ýanyna gideliň». Didimos (Ekiz) diýilýän şägirt Tomas ýoldaşlaryna: «Onuň bilen öler ýaly, biz-de gideliň» diýdi. Isa gelende, Lazaryň gabyrda ýatanyna dört gün bolan eken. Beýtaniýa Iýerusalimden üç kilometre golaý uzakdady. Doganlarynyň ölümi zerarly, Marta bilen Mereme göwünlik berjek bolup, bu ýere köp ýehudy gelipdi. Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga gitdi, Merem bolsa öýde galdy. Marta Isa: «Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi. Häzir hem Hudaýdan näme dileseň, Onuň dilegiňi bitirjegini bilýärin» diýdi. Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi. Marta bolsa: «Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar. Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez. Sen muňa ynanýarsyňmy?» Ol Oňa: «Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim» diýdi. Ol muny aýdyp, gitdi-de, uýasy Meremi ýaşyrynlyk bilen çagyryp: «Mugallym şu ýerde, seni çagyrýar» diýdi. Merem muny eşiden badyna tiz ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi. Isa entek oba barmandy, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi. Öýde Meremiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ýehudylar onuň howul-halat ýerinden turup, çykyp gidenini görenlerinde, aglamak üçin gabra tarap barýandyr öýdüp, onuň yzyndan gitdiler. Merem Isanyň duran ýerine gelende, Ony gördi, Onuň aýagyna ýykylyp: «Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýdi. Isa onuň we onuň bilen bile gelen ýehudylaryň aglaýanyny görende, çuňňur gynanyp, ýüregi gyýyldy. Ol: «Ony nirede jaýladyňyz?» diýip sorady. Oňa: «Ýa Reb, bar-da, Özüň göräý» diýdiler. Isa aglady. Ýehudylar: «Ol ony, gör, nähili söýýän eken!» diýişdiler. Käbirleri bolsa: «Körüň gözüni açan bu Adam munuň-da ölmezligi üçin bir zat edip bilmezmidi?» diýişdiler. Şol wagt Isa ýene-de gynanyp, gabryň ýanyna bardy. Gabyr bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar. Isa: «Daşy aýryň» diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: «Ýa Reb, ol indi porsandyr, onuň gabyrda ýatanyna dört gün boldy» diýdi. Isa oňa: «Men saňa „Iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň\ diýmedimmi?» diýdi. Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni Göge dikip, şeýle diýdi: «Eý Ata, dilegimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin, ýöne Men muny töwerekdäki halaýyk sebäpli, Meni Seniň iberendigiňe ynansynlar diýip aýtdym». Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyrdy. Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan öli gabyrdan çykdy. Isa olara: «Onuň daňylaryny çözüň-de, goýberiň, gitsin» diýdi. Şeýlelikde, Meremiň ýanyna gelen, Isanyň eden işini gören ýehudylaryň köpüsi Oňa iman etdiler. Birnäçesi bolsa baryp, Isanyň edenlerini fariseýlere aýtdylar. Onsoň baş ruhanylardyr fariseýler mejlis çagyryp, şeýle diýdiler: «Näme etmeli? Bu Adam köp alamat görkezýär. Oňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder, rimliler hem gelip, ýurdumyzy-da, halkymyzy-da eýelär». Olaryň biri, şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz. Ähli halkyň heläk bolmagynyň deregine bir adamyň halk üçin ölmeginiň bize peýdalydygyna düşünmeýärsiňiz» diýdi. Ol muny öz-özünden aýtman, eýsem, şol ýyl baş ruhany bolanlygyndan, Isanyň halk üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy. Ol diňe halk üçin hem däl-de, Hudaýyň dagynyk perzentlerini birleşdirmek üçin hem ölmelidi. Şeýlelikde, şol günden başlap, Ony öldürmegi ýüreklerine düwdüler. Şondan soň Isa ýehudylaryň arasynda aç-açan gezmän, ol ýerden çöllügiň gyrasyndaky Efraim diýen şähere gidip, şägirtleri bilen bile şol ýerde galdy. Ýehudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň özlerini tämizlemek üçin Iýerusalime gelipdiler. Olar Isany agtarýardylar, ybadathanada durkalar biri-birlerine: «Näme diýýärsiňiz, Ol baýrama gelmezmikä?» diýişýärdiler. Baş ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, görkezsin diýip buýruk beripdiler. Isa Pesahdan alty gün öň Beýtaniýa bardy. Ölen we Isa tarapyndan direldilen Lazar şol ýerde ýaşaýardy. Ol ýerde Isanyň hatyrasyna nahar berildi. Marta hyzmat edýärdi, Lazar bolsa Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biridi. Onsoň Merem bir gadak gymmat bahaly nardyň sap-arassa ýagyny alyp, Isanyň aýagyna çaldy, saçy bilen süpürip guratdy. Öýüň içi ýagyň ýakymly ysyndan doldy. Şol wagt Onuň şägirtleriniň biri, Oňa haýynlyk etmegi ýüregine düwen Simunyň ogly Iuda Iskariot: «Näme üçin bu ýag üç ýüz dinara satylyp, garyplara berilmedi?» diýdi. Ol muny garyplaryň gamyny iýýänligi üçin däl-de, öz ogrulygy üçin aýdýardy. Çünki olaryň pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi. Emma Isa şeýle diýdi: «Naçara degmäň, ol muny Meniň jaýlanjak günüm üçin saklady. Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, ýöne Men hemişe siziň ýanyňyzda bolmaryn». Ýehudylardan bir uly märeke Isanyň ol ýerdedigini eşidip, diňe bir Isany däl, eýsem, Onuň ölümden direlden Lazaryny-da görmäge geldiler. Baş ruhanylar Lazary-da öldürmegi maslahatlaşypdylar. Çünki ol sebäpli köp ýehudylar Isa iman edýärdiler. Ertesi gün baýrama gelen köp halaýyk Isanyň Iýerusalime gelýänini eşidende, hurma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdy. Adamlar: «Hosanna! Rebbiň adyndan gelýän Ysraýyl patyşasy gutly bolsun!» diýip gygyryşdylar. [14-15] «Gorkma, eý Sion gyzy! Ine, seniň patyşaň taýhara münüp gelýär» diýip, Ýazgyda ýazylyşy ýaly, Isa bir taýhar tapyp, oňa mündi. *** Şägirtleri ilki bu zatlara düşünmediler, ýöne bularyň Ol hakda ýazylandygy we bu zatlary Oňa özleriniň edendigi Isa şöhratlandyrylandan soň ýatlaryna düşdi. Indi Isanyň Lazary gabyrdan çagyryp, ony ölümden direlden mahaly ýanynda bolan halaýyk güwä geçýärdi. Onuň bu alamaty görkezenini eşiden halaýyk-da, bu sebäpden Ony garşylamaga çykdy. Şeýlelikde, fariseýler: «Görüň, hiç zada peýdaňyz degmeýär, ine, ähli dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler. Baýramda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grek-de bardy. Olar Jeliläniň Betsaýda şäherinden bolan Filipusyň ýanyna gelip: «Eý aga, biz Isany görmek isleýäris» diýip, ondan haýyş etdiler. Filipus hem muny Andreasa aýtdy. Onsoň Andreas bilen Filipus ikisi baryp, Isa aýtdylar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi. Men size hakykatyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýalňyz galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer. Janyny söýýän ony ýitirýändir, bu dünýäde janyny ýigrenýän bolsa ony ebedi ýaşaýyş üçin saklaýandyr. Maňa hyzmat etjek adam yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat edeni Atam hormatlar. Häzir Meniň ýüregim gysýar. Men näme diýeýin? „Eý Ata, Meni şu pursatdan halas et\ diýeýinmi? Men bu pursata şonuň üçin geldim ahyryn. Eý Ata, adyňy şöhratlandyr». Şonda Gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi. Muny eşiden ol ýerdäki halaýyk: «Gök gürledi» diýdi; başgalary bolsa: «Onuň bilen bir perişde gepleşdi» diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu ses Meniň üçin däl-de, siziň üçin geldi. Indi bu dünýäniň höküm wagty boldy. Bu dünýäniň Hökümdary indi kowlup çykarylar. Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin». Isa muny nähili ölüm bilen öljegine yşarat edip aýtdy. Indi: «Biz Mesihiň ebedi galjagyny Mukaddes Kanundan eşitdik, Sen nähili „ Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir\ diýýärsiň? Bu Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip, halaýyk Ondan sorady. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ýene bir az wagtlap nur siziň araňyzda bolar. Nur barka, geziň, üstüňizi tümlük basaýmasyn, çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir. Nuruň ogullary bolmak üçin nuruňyz barka nura iman ediň». Isa bulary aýdansoň, olaryň ýanyndan gidip gizlendi. Ýöne Isa olaryň gözleriniň alnynda şunça alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler. Çünki Işaýa pygamberiň: «Ýa Reb, biziň beren habarymyza kim ynandy? Rebbiň gudratly goly kime göründi?» diýen sözleri berjaý bolmalydy. Olar şu sebäpden iman edip bilmeýärdiler, çünki Işaýa ýene-de şeýle diýipdi: «Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Beýle bolmadyk bolsa, olar görerdiler, ýürekleri bilen syzardylar we Maňa tarap öwrülerdiler. Men bolsa olara şypa bererdim». Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bulary Ol hakda aýdypdyr. Muňa garamazdan, başlyklaryň köpüsi Oňa iman etdiler, ýöne welin sinagogadan kowulmazlyk üçin, fariseýler zerarly, Ony ykrar etmediler. Çünki olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler. Isa bolsa gygyryp şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir. Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir. Maňa iman edýänleriň garaňkylykda galmazlary ýaly, Men dünýä nur bolup geldim. Sözlerimi eşidip, olary tutmadyk adamyň üstünden hem Men höküm çykarmaryn. Çünki Men dünýäniň üstünden höküm çykarmaga däl-de, ony halas etmäge geldim. Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäniň üstünden höküm çykarjak bardyr; Meniň aýdan sözüm ahyret güni ony höküm eder. Çünki Men Öz-Özümden geplemedim. Näme aýtmalydygymy, näme sözlemelidigimi Özümi iberen Ata Maňa buýurdy. Onuň buýrugynyň ebedi ýaşaýyşdygyny Men bilýärin. Şoňa görä, Ata Maňa näme buýuran bolsa, Men diňe şony aýdýaryn». Pesah baýramynyň öň ýanyndaky gündi. Özüniň bu düne bilen hoşlaşmaly we Atanyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini Isa bilýärdi. Özüniňkileri bu dünede nähili söýen bolsa, Ol olary iň soňky deme çenli hem hut şonuň ýaly söýdi. Agşam nahary çagydy. Isa haýynlyk etmegi Simunyň ogly Iuda Iskariotyň ýüregine iblis eýýäm guýupdy. Atanyň ähli zady Öz eline berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gaýtjakdygyny Isa bildi. Nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen Ol bilini guşady. Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen olary süpürmäge durdy. Ol Simun Petrusyň ýanyna gelende, Petrus Isa garap: «Ýa Reb, meniň aýagymy Sen ýuwmaly bolduňmy?» diýdi. Isa oňa: «Meniň edýän işimi sen entek bilmersiň, oňa sen soň düşünersiň» diýdi. Petrus Oňa: «Men aýagymy Saňa asla ýuwdurmaryn» diýdi. Emma Isa oňa: «Men seni ýuwmasam, onda Meniň bilen üleşigiň bolmaz» diýip jogap berdi. Simun Petrus Oňa: «Ýa Reb, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, başymy-da ýuw» diýdi. Isa oňa: «Ýuwnan adamyň diňe aýagyny ýuwmakdan başga hajaty ýokdur, ol bütinleý tämizdir. Siz hem tämizsiňiz, ýöne hemmäňiz däl» diýdi. Çünki Ol Özüne haýynlyk etjegiň kimdigini bilýärdi. Şonuň üçin-de «Hemmäňiz tämiz däl» diýipdi. Olaryň aýaklaryny ýuwup bolanyndan soň, donuny geýdi-de, Ol ýene saçak başynda oturdy we olara şeýle diýdi: «Size näme edenime düşünýärsiňizmi? Siz Maňa „Mugallym\ we „Reb\ diýip, dogry edýärsiňiz, sebäbi Men şolduryn. Men Reb we Mugallym bolup, siziň aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyny ýuwmalysyňyz. Çünki siz-de Meniň size edişim ýaly edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim. Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, gul agasyndan uly däldir, iberilen-de ony iberenden uly däldir. Bu zatlary bilýändigiňize görä, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz. Siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn, Men Öz saýlap-seçenlerimi bilýärin, ýöne „Meniň bilen çörek iýen maňa el galdyrdy \ diýen Ýazgy berjaý bolmalydyr. Men muny size boljak wakadan öňinçä, şol waka ýüze çykan wagtynda Meniň şol aýdýanymdygyma iman etmegiňiz üçin aýdýaryn. Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn. Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir». Isa bu zatlary aýdandan soň, ýüregi gyýlyp, güwälik edip: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, siziň içiňizden biri Maňa haýynlyk eder» diýdi. Şägirtleri Onuň muny kime kakdyryp aýdýanyny bilmän, aljyraňňylyk bilen biri-birlerine seredişdiler. Şägirtlerden biri saçak başynda Isanyň döşüne ýaplanyp ýatyrdy. Isa ony gowy görýärdi. Simun Petrus Onuň kime kakdyryp aýdýanyny soramagy ýaňky şägirde ümledi. Isanyň döşüne ýaplanyp ýatan Oňa: «Ýa Reb, ol kim?» diýdi. «Şu çöregi tabaga batyryp kime bersem, şoldur» diýip, Isa jogap berdi. Onsoň Ol çöregi tabaga batyrdy-da, ony Simunyň ogly Iuda Iskariota berdi. Çöregi alan badyna, Iudanyň içine iblis girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tiz et» diýdi. Muny Isanyň oňa näme üçin aýdanyna oturanlaryň hiç biri düşünmedi. Pul torba Iudada bolansoň käbirleri Isa oňa «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa «Garyplara biraz paýla» diýýändir öýtdüler. Iuda çöregi aldy-da, derrew daşaryk çykdy. Gijelikdi. Ol çykanda, Isa şeýle diýdi: «Ine, indi Ynsan Ogly şöhratlandyryldy, Ol arkaly Hudaý-da şöhratlandyryldy. Hudaý Onda şöhratlansa, Hudaý-da Ony Özünde şöhratlandyrar, hawa, Ony derrew şöhratlandyrar. Çagalar, Men indi siziň bilen uzak wagt bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýehudylara: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz\ diýenimi indi size-de aýdýaryn. Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler». Simun Petrus Oňa: «Ýa Reb, Sen nirä barýarsyň?» diýdi. Isa oňa: «Sen Meniň bilen häzir gidip bilmersiň, ýöne soň baryp bilersiň» diýip jogap berdi. Petrus Oňa: «Ýa Reb, näme üçin men Seniň bilen häzir gidip bilmerin? Men Seniň üçin janymy-da pida ederin» diýdi. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Meniň üçin janyňy pida edersiňmi? Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň. Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň. Atamyň öýünde mesgenler köpdür; şeýle bolmasa, Men size „Ýer taýýarlamaga barýaryn\ diýermidim? Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin. Siz Meniň nirä barýanymy, ýoly bilýänsiňiz». Tomas Oňa: «Ýa Reb, biz Seniň nirä barýanyňy bilmeýäris, ýoly nädip bileli?» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Men ― ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez. Meni tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Siz mundan beýläk Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz». Filipus Oňa: «Ýa Reb, Atany bize görkez, bize şol bolýar» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Eý Filipus, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez\ diýmäň näme? Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Men size aýdýan sözlerimi Öz-Özümden aýtmaýaryn, Mende ýaşaýan Ata Öz işlerini edýär. Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, eden işlerim üçin Maňa iman ediň. Men size hakykatyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, bulardan has ulularyny-da eder, çünki Men Atama barýaryn. Atam Ogulda şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. Meniň adym bilen bir zat dileseňiz, berjaý ederin. Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Men sizi ýetim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz. Şol gün Meniň Atamdadygymy, siziň hem Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigimi bilersiňiz. Meniň buýruklarymy tutup, olary berjaý edýän Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men-de ony söýerin we oňa görnerin». «Ýa Reb, Sen Özüňi dünýä däl-de, bize görkezmek isleýärsiň welin, bu nähili bolýar?» diýip, Iuda (Iskariot däl) Ondan sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi tutar. Atam-da ony söýer, biz oňa baryp, ýanynda mesgen tutarys. Meni söýmeýän Meniň sözümi tutmaz. Siziň bu eşidýän sözleriňiz Meniňki däl-de, Meni iberen Atanyňkydyr. Men bu zatlary size Özüm ýanyňyzdakam aýdýaryn. Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi ― Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar. Men size parahatlyk goýup barýaryn, Öz parahatlygymy size berýärin. Men muny, dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gysmasyn, gorkmaň. „Men barýaryn, ýöne ýanyňyza öwrülip gelerin\ diýenimi eşitdiňiz. Meni söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýänligime şatlanardyňyz, çünki Ata Menden beýikdir. Men muny size bolan wagty iman edersiňiz diýip, bolmazyndan öň aýtdym. Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, çünki bu dünýäniň hökümdary gelýär. Onuň Men barada erk-ygtyýary ýokdur. Ýöne Meniň Atany söýýänligimi, Ata Maňa nähili tabşyryk beren bolsa, şony berjaý edýänligimi dünýä bilmelidir. Turuň, bu ýerden gideliň. Men hakyky üzüm agajydyryn, Atam bagbandyr. Mendäki miwe bermeýän her bir şahany Ol keser, miwe berýänini bolsa has-da köp miwe bersin diýip timarlar, tämizlär. Meniň size aýdan sözüm arkaly siz indi tämizsiňiz. Siz Mende galyň, Men hem sizde galaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şahanyň öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz. Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende galýan bolsa we Men kimde galýan bolsam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz. Kim Mende galmasa, şaha kimin kesilip taşlanar, gurar. Olary ýygnaşdyryp, oda atarlar, olar hem ýanar. Siz Mende galsaňyz, Meniň sözlerim sizde galsa, islän dilegiňiz biter. Siziň köp miwe bermegiňiz bilen Atam şöhratlanar. Şeýlelikde, siz Meniň şägirtlerim bolarsyňyz. Atamyň Özümi söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň. Meniň Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsinde galyşym ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgimde galarsyňyz. Size bu zatlary Meniň şatlygym sizde bolsun we şatlygyňyz doly bolsun diýip aýtdym. Meniň buýrugym şu: biri-biriňizi Meniň sizi söýşüm ýaly söýüň. Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur. Meniň özüňize buýranymy berjaý etseňiz, Maňa dostsuňyz. Mundan beýläk Men size gul diýmerin, çünki gul agasynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýdim, çünki Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym. Siz Meni saýlamadyňyz, Men sizi saýladym, gidip, miwe öndüriň we miwäňiz uzak galsyn diýip, sizi wezipä belledim. Şeýlelikde, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Meniň size buýrugym şu: biri-biriňizi söýüň. Dünýä sizi ýigrense, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň. Dünýäden bolan bolsaňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Ýöne dünýäden däldigiňiz üçin, Meniň sizi dünýäden saýlap alanlygym üçin, ine, şunuň üçin dünýä sizi ýigrenýär. Meniň size „Gul öz agasyndan uly däldir\ diýen sözümi ýada salyň. Olar Meni yzarlan bolsalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi tutan bolsalar, siziňkini-de tutarlar. Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym sebäpli ederler, çünki olar Meni Ibereni tanamaýarlar. Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, onda günäleri bolmazdy, ýöne indi günäleri üçin ötünçleri ýokdur. Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir. Men başgasynyň etmedik işlerini olaryň arasynda etmedik bolsam, onda günäleri bolmazdy, ýöne indi görüp, hem Meni, hem-de Atamy ýigrendiler. Kanunlarynda: „Meni nähak ýigrendiler\ diýip ýazylan söz berjaý bolmalydyr. Atadan size iberiljek Göwünlik Berijim, ýagny Atadan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda güwälik eder. Siz-de güwälik edersiňiz, çünki başdan Meniň bilen bilediňiz. Bu zatlary size aldanyp, ýoldan çykmazlygyňyz üçin aýtdym. Sizi sinagogalardan kowarlar. Hawa, sizi öldüren her kesiň şeýtmek bilen Hudaýa hyzmat edýändirin öýtjek wagty geler. Bu işleri ederler, sebäbi olar ne Atany, ne-de Meni tanaýarlar. Ýöne Men bulary özüňize aýdandygymy wagty gelende ýatlarsyňyz diýip aýtdym. Özüm ýanyňyzda bolanym üçin size bu zatlary başda aýtmandym. Indi bolsa Men Özümi Iberene barýaryn. Sizden hiç kim „Nirä barýarsyň?\ diýip soramaýar. Ýöne bu zatlary aýdanym üçin siziň ýüregiňiz gaýgydan dolandyr. Muňa garamazdan, Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim size peýdadyr, Men gitmesem, Göwünlik Beriji size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin. Ol gelende, günä, dogrulyk we höküm babatda dünýäniň ýalňyşandygyny aýan eder. Günä babatda olaryňky nädogry, çünki Maňa iman etmeýärler. Dogrulyk babatda-da olaryňky nädogry, çünki Men Atama barýaryn, mundan beýläk Meni görmersiňiz. Höküm babatda-da olaryňky nädogry, çünki bu dünýäniň hökümdary höküm edilendir. Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, ýöne häzir siz olary göterip bilmersiňiz. Emma Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap ýol görkezer, çünki Ol Öz-Özünden aýtmaz, näme eşitse, şony aýan eder, geljek zatlary size bildirer. Meni şöhratlandyrar, çünki Ol Meniňkiden alyp, size bildirer. Atamyň nämesi bar bolsa Meniňkidir. Şuňa görä-de, Meniňkiden alyp, size bildirer diýýärin. Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz, çünki Men Atama barýaryn». Şonda Isanyň şägirtleriniň käbirleri biri-birine şeýle diýdiler: «Onuň „Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz\, „Atama barýaryn\ diýenine nähili düşünmelikä? Az wagtdan soň diýdigi nämekä? Onuň aýdýanyna biz düşünmeýäris». Isa Özüne sorag bermek isleýändiklerini bilip şeýle diýdi: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, ýene az wagtdan soň Meni görersiňiz diýýänim üçin biri-biriňize sorag berýärsiňizmi? Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, siz möňňürip aglarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýgylanarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler. Aýal dogurjak wagty gam-gussa çekýändir, çünki sagady gelendir, ýöne dogranyndan soň, ol bir adamyň dünýä inendiginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar. Siz barada hem şeýle, siziň-de häzir gaýgyňyz bar, emma Men sizi ýene görerin, göwnüňiz galkynar, hiç kim şatlygyňyzy sizden almaz. Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, Atadan näme dileseňiz, Meniň adymyň hatyrasyna Ol ony size berer. Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar. Men bu zatlary size tymsallar bilen aýtdym, ýöne wagt geler, Men tymsallar bilen geplemän, Ata barada aç-açan gürrüň bererin. Şol gün Meniň adym bilen dilärsiňiz. Men siziň üçin Atadan dilärin diýmeýärin. Çünki Atanyň Özi sizi söýýär, sebäbi, siz Meni söýýärsiňiz, Meniň Atadan gelendigime iman edýärsiňiz. Men Atadan çykyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni terk edip, Ata barýaryn». Onuň şägirtleri şeýle diýdiler: «Ine, indi Sen hiç bir tymsalsyz, açyk sözleýärsiň. Biz Seniň ähli zatlary bilýändigiňi indi bilýäris, hiç kimiň Senden soramagyna zerurlyk ýok. Şoňa görä-de, Seniň Hudaýdan gelendigiňe iman edýäris». Isa olara şeýle diýdi: «Indi iman edýärsiňizmi? Ine, wagt geler, hawa, geldi hem, ähliňiz öýüňize-iliňize dagap gidersiňiz, Meni ýeke galdyrarsyňyz. Ýöne Men ýeke däldirin, çünki Ata Meniň bilendir. Bu zatlary Mende parahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, emma mert boluň. Men dünýäni ýeňendirin». Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini Göge dikip, şeýle diýdi: «Eý Ata, pursat geldi, Ogluň-da Seni şöhratlandyrar ýaly, Ony şöhratlandyr. Çünki Seniň Oňa berenleriňiň ählisine ebedi ýaşaýyş bersin diýip, Sen Ogla bütin adamzat üstünden häkimiýet berdiň. Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr. Maňa tabşyran işiňi berjaý etmek bilen, Seni Ýer ýüzünde şöhratlandyrdym. Eý Ata, dünýä döremezden öň huzuryňda Maňa bolan şöhrat bilen indi Meni huzuryňda şöhratlandyr. Men dünýäden Maňa beren Öz adamlaryňa Seniň adyňy tanatdym. Olar Seniňkidir, olary Maňa Sen berdiň, olar Seniň sözüňi tutdular. Indi olar Maňa beren ähli zatlaryňyň Sendendigini bilýärler. Çünki Maňa tabşyran sözleriňi olara ýetirdim. Olar kabul etdiler, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler. Olar üçin ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir. Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym. Indi Men bu dünýäde däl, ýöne olar entek dünýäde. Men Saňa gaýdyp barýaryn. Eý Mukaddes Ata, Maňa berenleriňi Öz adyň bilen gora, olar-da biziň ýaly bolsunlar. Men olar bilen bile bolan wagtym Maňa berenleriňi Seniň adyň bilen gorap sakladym. Ýazgy berjaý bolar ýaly, heläkçilik oglundan başga olaryň hiç biri heläk bolmady. Men indi Saňa barýaryn. Men bu zatlary dünýädekäm şatlygym olarda doly bolsun diýip aýdýaryn. Men olara Seniň sözüňi berdim, dünýä olary ýigrendi, çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler. Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin. Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler. Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň hakykatdyr. Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men-de olary dünýä iberdim. Men Özümi olar üçin niýetleýärin, olar-da hakykat bilen mukaddes bolsun. Men diňe olar üçin däl, eýsem, olaryň sözi bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin. Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar-da bizde bolsun, şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman eder. Maňa beren şöhratyňy Men-de olara berdim, biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun. Men olarda we Sen Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütinleý birlikde bolsun. Eý adyl Ata, Seniň Maňa berenleriň-de, bolan ýerimde Meniň bilen bile bolup, Maňa beren şöhratyňy görmeklerini isleýärin, çünki Sen Meni dünýä döremezden öň söýüpdiň. Eý dogry Ata, dünýä Seni tanamady, emma Men Seni tanadym, bular hem Meni Seniň iberendigiňi bildiler. Seniň Maňa bolan söýgiň olarda bolsun, Men-de olarda bolaýyn diýip, adyňy olara bildirdim we bildirerin». Bu zatlary aýdansoň, Isa şägirtleri bilen bile Kidron çaýynyň aňyrsyna gitdi. Ol ýerde bir bag bardy. Isa şägirtleri bilen bile şol baga girdi. Oňa haýynlyk eden Iuda-da ol ýeri bilýärdi, çünki Isa şägirtleri bilen, köplenç, şol ýerde duşuşardy. Şonuň üçin-de Iuda bir topar esger bilen birlikde, baş ruhanylardan we fariseýlerden serkerdeler alyp, panusly, çyraly we ýaragly şol ýere bardy. Isa Öz başyna düşjek ähli zady bilensoň, öňe çykyp, olara: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýdi. Olar Oňa: «Nasyraly Isany» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Ol ― Men» diýdi. Oňa haýynlyk eden Iuda-da olar bilen bile durdy. Isa olara «Ol ― Men» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar. Isa olardan ýene: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar-da: «Nasyraly Isany» diýdiler. Isa olara: «Men size „Ol ― Men\ diýdim ahyryn, Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň, gitsinler» diýdi. Isa muny «Maňa berenleriňiň hiç birini ýitirmedim» diýen sözi berjaý bolsun diýip aýtdy. Şol wagt Simun Petrus ýanyndaky gylyjy syrdy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi. Ol hyzmatkäriň ady Malhusdy. Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren käsesini içmäýinmi?» diýdi. Onsoň esgerler, olaryň baştutany we ýehudylaryň nökerleri Isany tutdular we daňdylar. Ony ilki Hannanyň ýanyna alyp bardylar. Hanna şol ýylky baş ruhany Kaýafanyň gaýynatasydy. Halk üçin bir adamyň ölmegi ýagşydyr diýip, ýehudylara maslahat beren hem Kaýafady. Simun Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdiler. Ýaňky şägirt baş ruhany bilen öňden tanyş bolansoň, ol Isa bilen bile baş ruhanynyň howlusyna girdi. Ýöne Petrus daşarda gapynyň agzynda durdy. Onsoň baş ruhany bilen tanyş şägirt daşaryk çykdy-da, gapyny saklaýan aýala bir zatlar aýdyp, Petrusy içerik saldy. Gapyny saklaýan aýal Petrusa: «Sen-de bu Adamyň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýdi. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. Howanyň sowuklygy üçin hyzmatkärler we nökerler ot ýakyp, çoýunyp durdular. Petrus hem olaryň ýanynda ýylnyp durdy. Baş ruhany Isadan Onuň şägirtleri, taglymaty hakda sorag edýärdi. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Men dünýä aç-açan aýtdym. Hemişe ýehudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda, ybadathanada sapak berdim, gizlin zat aýtmadym. Näme üçin Menden soraýarsyň? Näme aýdanymy eşidenlerden sora, ine, olar Meniň näme aýdanymy bilýändir». Bu zatlary aýdanda, şol ýerde duran nökerleriň biri: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýip, Isanyň dulugyna urdy. Isa oňa: «Men nädogry aýdan bolsam, nädogrydygyny subut et, eger-de dogry aýdan bolsam, onda, näme üçin Meni urýarsyň?» diýdi. Onsoň Hanna Isanyň elini daňdyryp, Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi. Simun Petrus ol ýerde ýylynyp durdy. Oňa: «Sen hem Onuň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýdiler. Emma ol: «Ýok» diýip inkär etdi. Petrusyň gulagyny kesen adamynyň garyndaşy, baş ruhanynyň hyzmatkärlerinden biri: «Men seni bagda Onuň bilen görmedimmi?» diýdi. Petrus ýene inkär etdi, edil şol wagt horaz gygyrdy. Onsoň Isany Kaýafanyň ýanyndan hökümet köşgüne alyp bardylar. Daňdandy. Arassaçylyk düzgünini berjaý etmek hem-de Pesah naharyny düzgün boýunça iýmek üçin, ýehudylar hökümet köşgüne girmediler. Şeýlelikde, Pilatus olaryň ýanyna gelip: «Bu Adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler. Pilatus olara: «Beýle bolsa, Ony alyň-da, öz kanunyňyz boýunça höküm çykaryň» diýdi. Ýehudylar Pilatusa: «Biziň kimdir birini ölüme höküm etmäge hakymyz ýok» diýdiler. Şeýlelik bilen, Özüniň nähili ölüm bilen öljegi barada Isanyň yşarat edip aýdan sözleri berjaý bolmalydy. Pilatus ýene hökümet köşgüne girdi-de, Isany çagyryp Oňa: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýdi. Isa oňa: «Muny özüňden aýdýarsyňmy ýa Men hakda başgalar saňa aýtdymy?» diýdi. Pilatus Isa şeýle diýdi: «Eýsem men ýehudymy? Seni Öz halkyň bilen baş ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme etdiň?» Isa şeýle jogap berdi: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl. Eger-de Meniň patyşalygym bu dünýäden bolan bolsa, onda hyzmatkärlerim Meni ýehudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler, ýöne Meniň patyşalygym bu ýerden däl». Pilatus Oňa: «Onda, Sen patyşamy?» diýdi. Isa şeýle jogap berdi: «Meniň patyşadygymy özüň aýdýarsyň. Men hakykata güwälik etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir kişi Meniň sesimi eşider». Pilatus Oňa: «Hakykat näme?» diýeninden soň, ýene ýehudylaryň ýanyna baryp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym. Ýöne adatyňyz boýunça, Pesahda men bir tussagy boşatmalydyryn. Siz ýehudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi. Olar ýene gygyryşyp: «Ony däl, Barabbasy!» diýişdiler. Barabbas bolsa bir garakçydy. Soňra Pilatus Isany ýençmekligi buýurdy. Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don geýdirdiler. Ýanyna baryp: «Salam, eý, ýehudylaryň patyşasy!» diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar. Pilatus ýene daşaryk çykyp, olara: «Onda hiç bir ýazyk tapmanlygymy bilmegiňiz üçin, ine, Ony siziň ýanyňyza getirýärin» diýdi. Isa başy tikenden täçli, gyrmyzy donly daşaryk çykdy. Pilatus olara: «Ine, ol Adam!» diýdi. Baş ruhanylar we nökerler Isany görüp: «Haça çüýläň, haça çüýläň!» diýip gygyryşdylar. Pilatus olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň, çünki men Onda hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi. Ýehudylar oňa şeýle jogap berdiler: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, çünki Ol Özüne Hudaýyň Ogly diýýär». Bu sözleri eşiden Pilatus has-da gorkdy. Ol ýene hökümet köşgüne girip, Isadan: «Sen nireli?» diýip sorady. Emma Isa oňa jogap bermedi. Pilatus Oňa: «Sen meniň bilen gepleşmeýärsiňmi? Seni boşatmaga-da, haça çüýlemäge-de meniň ygtyýarymyň bardygyny bilýärsiňmi?» diýdi. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Saňa ýokardan berilmedik bolsa, Maňa hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin-de, Meni seniň eliňe bereniň günäsi has-da uludyr». Şondan beýläk Pilatus Isany boşatmaga synanyşdy, ýöne ýehudylar gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen kaýsaryň dosty dälsiň, kim-de kim özüni patyşa etse, ol kaýsara garşydyr» diýdiler. Pilatus bu sözleri eşidende, Isany daşaryk çykaryp, Daşly Meýdançada, iwritçe Gabbata diýilýän ýerde höküm kürsüsinde oturdy. Pesah baýramyna taýýarlyk güni günortana golaý Pilatus ýehudylara: «Ine, patyşaňyz!» diýdi. Olar: «Ýok et, ýok et, Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilatus olara: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýdi. Baş ruhanylar: «Biziň kaýsardan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler. Onsoň Pilatus haça çüýlemek üçin Isany olaryň ygtyýaryna berdi. Olar Isany alyp gitdiler. Isa Öz haçyny göterip, Kelleçanak ― iwritçe Golgota diýilýän ýere çykdy. Ol ýerde Ony we Onuň ýanynda ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri Onuň bu tarapynda, beýlekisi ol tarapyndady, Isa bolsa ortadady. Pilatus bir tagtanyň ýüzüne: «NASYRALY ISA, ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazdy-da, haçdan asdy. Ýehudylaryň köpüsi bu ýazgyny okadylar, çünki Isanyň haça çüýlenen ýeri şähere ýakyndy. Bu ýazgy iwritçe, grekçe we latynça ýazylypdy. Ýehudylaryň baş ruhanylary Pilatusa: «„Ýehudylaryň patyşasy\ diýip ýazma-da, „Bu Adam: Men ýehudylaryň patyşasydyryn diýdi\ diýip ýaz» diýdiler. Pilatus olara: «Ýazjagymy eýýäm ýazdym» diýip jogap berdi. Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini alyp, her esger üçin bir paý edip dört böldüler. Ýene bir köýnek bardy. Bu köýnek tikilgi däl-de, tutuşlygyna dokalgydy. «Egin-eşigimi özara paýlaşdylar, eşigim üçin bije atdylar» diýen Ýazgy berjaý bolar ýaly, esgerler: «Muny ýyrtman, bije atyşalyň, kime düşse, şonuňky» diýişdiler. Şeýle hem etdiler. Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi we ejesiniň aýal dogany, Kleopasyň aýaly Merem we magdalaly Merem durdy. Isa ejesini, onuň ýanynda Özüniň gowy görýän şägirdiniň duranyny görüp, ejesine: «Eý hatyn, ine, seniň ogluň» diýdi. Onsoň şägirde: «Ine, seniň ejeň» diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy. Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi. Şol ýerde sirkeden doly bir gap durdy. Esgerler bir gubkany sirkä batyrdylar-da, naýza dakyp, Onuň agzyna tutdular. Isa sirkäni dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi-de, başyny egip jan berdi. Sabadyň öň ýanyndaky taýýarlyk güni bolansoň, jesetler Sabat güni haçda galmasyn diýip, (çünki Sabat güni möhüm gündi) ýehudylar Pilatusdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler. Şeýlelik bilen, esgerler baryp, birinjiniň we onuň bilen bile haça çüýlenen beýlekiniň injiklerini döwdüler. Ýöne Isanyň ýanyna gelip, eýýäm ölendigini görenlerinde, olar Onuň injiklerini döwmediler. Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şol bada-da gan we suw çogduryldy. Gören şaýat boldy, onuň şaýatlygy hakdyr. Ol siz iman eder ýaly, özüniň dogry aýdýanyny bilýändir. Çünki bu iş «Onuň hiç bir süňki döwülmez» diýen Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin boldy. Başga bir Ýazgyda bolsa «Bedenini dilen Adamlaryna serederler» diýilýär. Onsoň Isanyň şägirdi bolan, ýöne ýehudylardan gorkup, muny ýaşyrýan arimatiýaly Ýusup Onuň jesedini haçdan aýyrmaga Pilatusdan rugsat sorady. Pilatus muňa rugsat berdi. Ol baryp, Isanyň jesedini haçdan aýyrdy. Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodimos-da ýüz gadaga golaý garyşyk mür we sarysabyr ýagyny alyp geldi. Olar Isanyň jesedini alyp, ýehudylaryň jaýlama adaty boýunça, Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar. Isanyň haça çüýlenen ýerinde bir bag we bagda heniz hiç kim jaýlanmadyk bir täze mazar bardy. Ýehudylaryň Sabada taýýarlyk güni bolany üçin Isany şol ýerde goýdular, çünki mazar ýakyndy. Hepdäniň ilkinji güni, entek garaňkyka, Magdalaly Merem irden mazara baranda, daşyň mazardan aýrylandygyny gördi. Ol derrew ylgap, Simun Petrusa we Isanyň gowy görýän beýleki şägirdiniň ýanyna bardy-da, olara: «Rebbi mazardan çykaryp äkidipdirler, Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi. Petrus bilen beýleki şägirt derrew çykyp, mazara tarap gitdiler. Olaryň ikisi-de ylgaýardy, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara ondan öň bardy. Ol eglip seredende, mazaryň içinde kepen matalaryň ýatandygyny gördi, ýöne içerik girmedi. [6-7] Şol wagt onuň yzyndan Simun Petrus hem geldi. Ol mazara girip, kepeniň ýerde ýatanyny, ýöne Isanyň başyna oralan ýaglygyň kepen bilen bir ýerde bolman, aýry bir ýerde saralgy ýatanyny gördi. *** Soňra mazara ondan öň baran şägirt hem mazaryň içine girdi-de, ony görüp iman etdi. Çünki olar Isanyň direljekdigi hakdaky Mukaddes Ýazga henize çenli düşünmändiler. Soňra şägirtler öýlerine gaýtdylar. [11-12] Merem bolsa mazaryň ýanynda aglamaga durdy. Ol aglap durka, eglip mazaryň içine seredende, iki sany ak eşikli perişdä onuň gözi düşdi. Olaryň biri Isanyň jesediniň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi-de aýagujunda otyrdy. *** Olar oňa: «Eý naçar, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýdiler. Ol-da olara: «Rebbimi mazardan çykaryp äkidipdirler, Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi. Muny aýdansoň, yzyna seredende, ol Isanyň durandygyny gördi, ýöne Ony tanamady. Isa oňa: «Eý naçar, sen näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý aga, mazardan Ony sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi. Isa oňa: «Merem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp, iwritçe: «Rebbuni!» diýdi. Bu «Mugallym» diýmekdir. Isa oňa: «Maňa galtaşma, çünki Men entek Atamyň ýanyna çykamok, ýöne doganlarymyň ýanyna bar-da, olara Meniň Atamyň we siziň Ataňyzyň, Meniň Hudaýymyň we siziň Hudaýyňyzyň ýanyna çykyp barýanymy aýt» diýdi. Magdalaly Merem baryp, Rebbi görendigini, Rebbiň özüne aýdanlaryny şägirtlere habar berdi. Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri ýehudylardan gorkularyna gapylary gulplap, bir öýde üýşüşip otyrkalar, Isa geldi. Isa olaryň ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýip, olara ýüzlendi. Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. Isa olara ýene: «Size parahatlyk! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men-de sizi iberýärin» diýdi. Soňra bolsa olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: «Mukaddes Ruhy alyň. Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, ol bagyşlanar, kimiň günäsini geçmeseňiz, ol geçilmez» diýdi. Onkileriň biri bolan Ekiz diýilýän Tomas Isa gelen mahaly olaryň ýanynda däldi. Beýleki şägirtler oňa: «Rebbi gördük» diýdiler. Ýöne ol: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüne elimi degirmesem, asla ynanmaryn» diýdi. Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýdekäler, Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa gelip, olaryň ortasynda durdy-da: «Size parahatlyk!» diýdi. Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerimi gör, eliňi uzat-da, böwrüme degir, imansyz bolma, imanly bol» diýdi. Tomas Oňa: «Rebbim, Hudaýym!» diýdi. Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Meni görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi. Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp alamatlar görkezdi. Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy. Bulardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň kenarynda peýda bolup, ýene şägirtlerine göründi. Ol Özüni şeýle görkezdi: Simun Petrus, Ekiz diýilýän Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bilelikdediler. Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga gidýärin» diýdi. Olar-da oňa: «Biz-de seniň bilen gitjek» diýdiler. Baryp, gaýyga mündüler, ýöne ol gije hiç zat tutup bilmediler. Ertir ir bilen Isa kenarda durdy, ýöne şägirtleri Onuň Isadygyny bilmediler. Isa olara: «Eý balalar, iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýdi. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyndan sallaň, tutarsyňyz» diýdi. Olar tory salladylar, balygyň köplüginden ýaňa tory çekip çykaryp bilmediler. Şonda Isanyň gowy görýän şägirdi Petrusa: «Bu ― Reb!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna geýimini biline orap, (ol ýalaňaçdy) özüni köle oklady. Beýleki şägirtler bolsa balyk toruny çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler, olar kenardan uzak bolman, onuň iki ýüz arçyn çemesi ýakynyndadylar. Olar gury ýere çykanlarynda, kömür odunyň ýanyp durandygyny gördüler, közüň üstünde bolsa balyk bilen çörek bardy. Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi. Simun Petrus gaýyga münüp, ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy. Isa olara: «Geliň, nahar ediniň» diýdi, ýöne şägirtleriň hiç biri Ondan «Sen kim?» diýip soramaga ýürek edip bilmedi, çünki Onuň Rebdigini olar bilýärdiler. Isa geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy-da şeýtdi. Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi. Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýdi. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Guzularymy otlat» diýdi. Isa ikinji gezek ýene oňa: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýdi. Ol-da Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi. Isa oňa üçünji gezek: «Eý, Ýahýanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýdi. Petrus Onuň üçünji gezek «Meni söýýärsiňmi?» diýip soranyna gaýgylandy, Oňa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Goýunlarymy otlat. Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, halan ýeriňe gidýärdiň, emma garranyňda elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, halamaýan ýeriňe alyp gider». Ol muny Petrusa onuň nähili ölüm bilen Hudaýy hormatlajakdygyna yşarat edip aýtdy. Muny aýdandan soň, oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Petrus-da öwrülip, Isanyň gowy görýän şägirdiniň, ýagny agşam nahary wagtynda Isanyň döşüne ýaplanyp Oňa: «Ýa Reb, Saňa haýynlyk etjek kim?» diýeniň-de, yzlaryna düşüp gelýänini gördi. Petrus ony görüp, Isa: «Ýa Reb, bu näme bolar?» diýdi. Isa oňa: «Men Özüm gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýdi. Şeýlelikde, doganlar arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa oňa «Ölmez» diýmän, diňe «Men Özüm gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi. Bu zatlara şaýat bolup, şulary ýazan şägirt şoldur. Biz onuň şaýatlygynyň hakdygyny bilýäris. Isanyň başga-da eden işleri gaty köpdür. Olar birin-birin ýazylsa, onda ýazylan kitaplar dünýä sygmaz diýip pikir edýärin. Omyn! [1-2] Eý Teofilus! Men ilkinji kitabymy Isanyň Öz saýlan resullaryna Mukaddes Ruh arkaly buýruk bereninden soň, Onuň tä Göge alnan gününe çenli etmäge we öwretmäge başlan ähli zatlary hakda ýazdym. *** Ol görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi. Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: «Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň. Siz ol wadany menden eşitdiňiz. Çünki Ýahýa suw bilen çokundyrdy, ýöne siz ýene birnäçe günden Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz». Indi bular özara ýygnanyşanlarynda Ondan soradylar: «Ýa Reb, Ysraýyl üçin patyşalygy gaýtadan şu wagt berkarar etjekmi?» Isa olara şeýle diýdi: «Atanyň Öz ygtyýaryna tabyn eden wagt ýa möwsümlerini bilmek siziň işiňiz däl. Ýöne Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz». Isa bulary aýdandan soň, olaryň gözleriniň alnynda ýokary galdyryldy, bir bulut Ony olaryň nazaryndan gizledi. Ol barýarka, olar hem Göge bakyşyp durkalar, ine, ýanlarynda egni ak eşikli iki adam durup, şeýle diýdiler: «Eý, jelileli adamlar! Nämä bu ýerde Göge bakyşyp dursuňyz? Isa Göge alyndy. Ol gidişi ýaly, gaýdyp hem geler». Ine, şonda olar Zeýtun dagy diýen dagdan Iýerusalime öwrüldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir sabat günlük ýoldur. Şähere girenlerinde Petrus, Ýahýa, Ýakup, Andreas, Filipus, Tomas, Bartolomeus, Matta, Alfeusyň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubuň ogly Iuda öz bolýan balahanalaryna çykdylar. Bularyň bary aýallar, Isanyň ejesi Merem we Onuň doganlary bilen bile bir adam ýaly bolup, üznüksiz doga we dileg edýärdiler. Şol günlerde Petrus sany ýüz ýigrimä golaý bolan doganlaryň ortasynda ýokary turup, şeýle diýdi: «Eý doganlar! Isany tutanlara ýolbaşçylyk eden Iuda hakda Mukaddes Ruhuň Dawudyň agzy bilen ozaldan bildiren ýazgysy berjaý bolmalydy. Çünki ol bizden saýylyp, bu gullukdan paý aldy. Bu adam ýamanlyk muzdy bilen bir ekin meýdanyny satyn aldy. Soň ýere ýüzin ýykylyp, ortadan iki ýaryldy, bütin içegeleri döküldi. Bu ähli Iýerusalim ilatyna belli boldy; şoňa görä-de ol ekin meýdanyna öz dillerinde „Hakeldama\, ýagny „Gan meýdany\ diýdiler.) Çünki Zebur kitabynda: „Onuň mesgeni çolarsyn, içinde ýaşan bolmasyn, wezipesini başga biri alsyn\ diýip ýazylgydyr. Munuň üçin Reb Isanyň biziň aramyzda girip-çykan bütin zamanynyň dowamynda, Ýahýanyň çokundyrmasyndan başlap, tä Onuň bizden ýokary alnan gününe çenli bize hemra bolan adamlaryň biri Onuň direlişine biziň bilen birlikde güwä geçsin». Şeýlelikde, iki adamy, lakamy Ýustus bolup, Barsaba diýilýän Ýusup bilen Mattiýasy teklip etdiler. Onsoň doga edip diýdiler: «Eý hemmäniň ýüregini bilýän Hudaý! Bu ikisinden haýsysyny saýlan bolsaň, görkez; ol Iudanyň öz ýerine gitmek üçin terk eden bu gulluk we resullyk paýyny alsyn». Olar üçin bije atdylar; bije Mattiýasa düşüp, ol on bir resuluň hataryna girdi. Pentikost güni gelende, olaryň bary bir ýere ýygnanyşdylar. Birden asmanda güýçli ýeliň sesine çalymdaş ses peýda bolup, ol olaryň oturan öýlerini bütinleý doldurdy. Olara oduň ýalynlary kimin bölnen diller aýan bolup, olaryň her biriniň üstüne gondy. Olaryň bary Mukaddes Ruhdan dolup, Ruhuň gepledişine görä, başga dillerde gepläp başladylar. Iýerusalimde ýehudylar, Gök astyndaky her milletden bolan Hudaýdan gorkýan adamlar galýardy. Bu ses gelende, halaýyk bir ýere ýygnandy. Olar haýran galdylar, çünki resullaryň aýdýan sözlerini olaryň hersi öz dilinde eşidýärdi. Hemmeler haýran galdylar we geňirgenişip, biri-birlerine şeýle diýdiler: «Bu gepleýänleriň hemmesi jelileli dälmi näme? Onda biziň her birimiz nähili öz ene dilimizi eşidýäris? Biz ― parfiýalylar, midiýalylar, eýlamlylar, Mesopotamiýada, Ýahudada, Kappadokiýada, Pontusda we Aziýada, Firikiýada we Pamfiliýada ýaşaýanlar, şeýle hem Müsüriň, Libiýanyň we Kirinäniň töwereginde ýaşaýanlar, rimli myhmanlar, ýehudylar we ýehudy dinine geçenler, kiritliler, araplar bolup, olaryň öz dilimizde Hudaýyň uly işlerini gürrüň berişlerini eşidýäris». Olaryň bary haýran galdylar we aljyrap: «Bu näme boldugy?» diýişdiler. Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar täze şerapdan julk bolupdyr» diýdi. Ine, şonda Petrus Onbirler bilen birlikde ýokary turdy-da, sesini gataldyp, olara ýüzlendi: «Eý ýahudaly adamlar we bütin Iýerusalim ilaty! Bu size belli bolsun, meniň sözlerime gulak asyň. Bular siziň güman edişiňiz ýaly, serhoş däl, sebäbi heniz gün guşluk hem bolanok. Ýöne bu Ioel pygamberiň aýdanydyr: „Hudaý diýýär: soňky günlerde şeýle bolar, Men Ruhumdan bütin adamzat üstüne dökerin. Siziň ogullaryňyz, gyzlaryňyz pygamberlik eder, ýaşlaryňyz görnüşler, garrylaryňyz düýşler görer. Şol günlerde Ruhumdan gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüne dökerin, olar hem pygamberlik eder. Ýokarda ― Gökde gudratlar, aşakda ― ýer ýüzünde alamatlar, gan, ot we tüsse buguny görkezerin. Rebbiň uly, dabaraly güni gelmezden ozal, Gün ― tümlüge, Aý gana döner. Onsoň Rebbi çagyran adam gutular\. Eý ysraýyllylar, bu sözleri diňläň! Nasyraly Isa Özi arkaly Hudaýyň araňyzda döreden gudratlary, mugjyzalary we alamatlary bilen size Hudaý tarapyndan tassyklanan bir adamdy. Öz bilşiňiz ýaly, Hudaýyň berk islegi, öňünden bilmegi bilen eliňize berlen bu adamy siz kanunsyzlaryň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz. Emma Hudaý ölüm agyrylaryny çözüp, Ony direltdi, sebäbi ölümiň Ony saklamagy mümkin däldi. Çünki Dawut Ol barada şeýle diýýär: „Rebbi elmydama garşymda gördüm, çünki men endiremez ýaly, Ol sagymdadyr. Şonuň üçin göwnüm galkyndy, dilim şatlandy; tenim hem umytda ýaşar. Çünki Sen janymy ölüler diýarynda goýmarsyň, Öz Mukaddesiň çüýremegine razy bolmarsyň. Sen Maňa ýaşaýyş ýollaryny görkezdiň. Meni Öz huzuryňda şatlykdan doldurarsyň\. Doganlar! Men uly atamyz Dawut hakda size açygyny sözlesem, ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa şu güne çenli aramyzda dur. Ýöne ol pygamber bolanlygy üçin we Hudaýyň oňa beden boýunça öz zürýadyndan bolan Mesihi çykaryp, tagty üstünde oturtjakdygyna ant içip, wada edendigini bilenligi üçin, muny öňden görüp, Mesihiň direlişi barada şeýle diýdi: „Ol ne ölüler diýarynda goýuldy, ne-de teni çüýredi\. Isany Hudaý direltdi; muňa biziň barymyz şaýatdyrys. Isa Hudaýyň sagyna galdyrylandan we wada edilen Mukaddes Ruhy Atadan alandan soň, siziň bu görýän, eşidýän zatlaryňyzy dökdi. Çünki Dawut Göge çykanok; onuň özi şeýle diýýär: „ Reb Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm, Meniň sagymda otur\. Şeýlelik bilen, bütin Ysraýyl öýi siziň haça çüýlän bu Isaňyzy Hudaýyň hem Reb, hem-de Mesih edenini äşgär bilsin». Muny eşidenlerinde, ýüreklerinde sanjy döräp, Petrus we beýleki resullara: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýdiler. Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz. Çünki wada siziň özüňiz, çagalaryňyz, uzakda bolanlaryň ählisi, şeýle hem Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň hemmesi üçindir». Ýene-de köp sözler bilen şaýatlyk etdi we: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip öwüt berdi. Onuň sözüni begenç bilen unanlar çokundyrylyp, şol günde olara üç müňe golaý adam goşuldy. Resullaryň nesihatlaryny diňlemek, çörek bölmek, ýakyn aragatnaşykda bolmak we doga okamak bilen olar wagtlaryny geçirýärdiler. Hemmeleriň janyna gorky aralaşypdy. Resullar arkaly köp gudratlar, alamatlar görkezilýärdi. Iman edenleriň bary bilediler, olaryň ähli zatlary ortadady. Olar mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä, öz aralarynda bölüşerdiler. Bir adam ýaly bolup, her gün ybadathana ýygnanardylar, öýden-öýe çörek bölüşip, guwanç, akýüreklilik bilen nahar edinerdiler. Hudaýa alkyş okap, bütin il ýanynda eziz görlerdiler. Hudaý hem gutulanlaryň sanyny günsaýyn köpelderdi. Bir gün günortandan üç sagat soň ― doga wagtynda Petrus bilen Ýahýa ikisi ybadathana gitdi. Dogabitdi otura birini her gün göterip, ybadathananyň Owadan diýen gapysynyň agzynda oturdýardylar. Ol ybadathana girýänlerden sadaka dileýärdi. Bu adam Petrus bilen Ýahýanyň ybadathana girip barýanyny görüp, olardan sadaka diledi. Petrus bilen Ýahýanyň oňa gözleri düşdi. Petrus oňa garap: «Bize seret!» diýdi. Ýaňky adam olardan bir zat hantama bolup, olara çiňerilip seretdi. Petrus oňa şeýle diýdi: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne öz barymy saňa berýärin: Nasyraly Isa Mesihiň adyndan: Ýöre!» Onsoň sag elinden tutup, ol ony galdyrdy. Şobada hem ýaňky adamyň aýaklaryna, topuklaryna ysgyn geldi. Ol ýokary towusdy-da, dik durup, ýöräp başlady. Gezmeläp, towsup, Hudaýa alkyş okap, olar bilen birlikde ybadathana girdi. Bütin halk onuň ýöräp, Hudaýa alkyş okap ýörenini gördi. Onuň sadaka dilemek üçin ybadathananyň Owadan diýen gapysynyň agzynda oturýan adamdygyny tanadylar, onuň başyndan geçen işe haýran galdylar. Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýahýany goýbermän durka, bütin halk geňirgenişip, olara tarap, Süleýmanyň Eýwany diýen ýere ylgaşyp geldi. Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, Ysraýyl adamlary! Näme üçin muňa geňirgenişýärsiňiz? Biz muny öz güýjümiz ýa takwalygymyz bilen ýöreden ýaly, näme üçin bize bakyşyp dursuňyz? Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy, biziň atalarymyzyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Ony siz ölüme tabşyrdyňyz, Pilatus Ony boşatmagy ýüregine düwende, onuň öňünde siz Ony inkär etdiňiz. Mukaddes we dogry Adamy inkär edip, bir adam öldürijiniň özüňize bagyşlanmagyny talap etdiňiz. Ýaşaýyş Başlygyny öldürdiňiz; ýöne Hudaý Ony direltdi, muňa biz güwä geçýäris. Siziň görýän, tanaýan şu adamyňyz Isa bolan öz ynamy arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Bu adama kuwwat beren zat onuň Isa bolan ynamydyr. Eý doganlar, men siziň-de öz başlyklaryňyz ýaly, muny bilmezlikden edendigiňizi bilýärin. Ýöne Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi baradaky ähli pygamberler arkaly öňünden aýdanlaryny şeýle ýerine ýetirdi. Indi günäleriňiziň geçilmegi üçin toba ediň, dönüň. Şeýlelikde, Rebbiň huzuryndan täzelenme pursatlary geler, Ol siziň üçin bellenen Mesih Isany ýollar. Hudaýyň gadymdan mukaddes pygamberler arkaly aýdanlarynyň barynyň gaýtadan tertip-düzgüne salynjak wagtyna çenli Gök Ony kabul etmelidir. Çünki Musa atalarymyza şeýle diýipdi: „ Reb Hudaý size öz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber döretjekdir. Onuň ähli diýjeklerine gulak asyň. Şol Pygambere gulak asmadyk her jan halk arasyndan ýok ediler\. Samuýelden başlap, ähli pygamberler, geplänleriň bary şu günleri habar berdiler. Siz pygamberleriň ogullarysyňyz, Hudaýyň Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli uruglary seniň nesliňden bereket tapar!\ diýip, ata -babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň ogullarysyňyz. Hudaý Öz saýlan guly Isany siziň her biriňizi ýaman päliňizden gaýtarsyn, size bereket bersin diýip direltdi, Ony ilki bilen size ýollady». Olar halka gürrüň berip durkalar, ruhanylar, ybadathananyň serkerdesi we saddukeýler olaryň üstüne döküldiler. Olar gaharlydylar, sebäbi resullar halka sapak berip, Isanyň (mysalynda) ölüleriň direlişini yglan edýärdiler. Olara el urdular, ertire çenli tussaga saldylar; çünki eýýäm agşam bolupdy. Emma sözi eşidenleriň köpüsi iman etdi; iman edenleriň sany bäş müňe golaýlady. Şol günüň ertesi olaryň başlyklary, ýaşululary we kanunçylary Iýerusalime ýygnandylar. Baş ruhany Hanna we Kaýafa, Ýahýa we Isgender hem-de baş ruhanynyň urugyndan bolanlaryň bary şol ýerdediler. Olary ortada durzup: «Siz muny haýsy güýç, haýsy at bilen etdiňiz?» diýip soradylar. Şonda Petrus Mukaddes Ruh bilen dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň başlyklary, Ysraýyl ýaşululary! Biz bu gün bir maýyp adama edilen ýagşylyk üçin we onuň şypa tapanlygy üçin soraga çekilýän bolsak, onda siziň hemmäňiz we bütin Ysraýyl halky bilsin: bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň direldeni Nasyraly Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur. Siz ussalar tarapyndan äsgerilmedik bu Daş burçbaşy bolup çykdy. Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur». Petrus bilen Ýahýanyň gaýratyny görenlerinde, olaryň okuwsyz, garamaýak adamlardygyny saýgaranlarynda, olar geňirgenişdiler, olaryň Isa bilen bile bolandyklaryna göz ýetirdiler. Şypa tapan adamyň hem olar bilen duranyny görüp, munuň garşysyna hiç zat aýdyp bilmediler. Şeýlelikde, olara mejlisden daşaryk çykmagy buýurdylar-da, özara geňeşip, şeýle diýdiler: «Bu adamlara näme edeli? Çünki bular arkaly göze ilginç alamatyň ýüze çykanyny bütin Iýerusalim ilaty bilýär, biz muny inkär edip bilmeris. Ýöne munuň halk arasyna mundan artyk ýaýramazlygy üçin, mundan beýläk bu at bilen hiç kime hiç zat aýtmazlary ýaly, olara haýbat atalyň». Onsoň olary çagyryp, Isanyň adyndan geplemezligi we öwretmezligi tabşyrdylar. Emma Petrus bilen Ýahýa olara şeýle gaýtargy berdiler: «Size Hudaýa gulak asandan hem artyk gulak asmak Hudaýyň ýanynda dogrumydyr? Özüňiz oýlanyp görüň! Çünki görenimizi, eşidenimizi sözlemezlik biziň üçin mümkin däl». Olar ýene-de haýbat atyp, ýöne halk zerarly temmi bermegiň çäresini tapman, olary boşatdylar, çünki hemmeler bolan iş üçin Hudaýy şöhratlandyrýardylar. Sebäbi bu şypa keramaty ýaşy kyrkdan agan bir adamda ýüze çykypdy. Olar boşadylandan soň, özleriniňkilere gelip, baş ruhanylaryň, ýaşulularyň özlerine aýdanlarynyň baryny habar berdiler. Muny eşidenlerinde, olar agzybirlik bilen seslerini gataldyp, Hudaýa, ine, şeýle diýdiler: «Eý Baýar! Gögi, Ýeri, deňzi we onuň içindäki ähli zady ýaradan Hudaý Sensiň, Sen Öz guluň Dawudyň agzy bilen şeýle diýdiň: „Näme sebäpden milletler bulagaýçylyk turuzdy, halklar puç zatlaryň küýüne düşdi? Näme sebäpden ýer ýüzüniň patyşalary aýaga galdylar, hökümdarlar Rebbe garşy, Onuň Mesihine garşy ýygnanyşdylar?\ Çünki, hakykatdan-da, şu şäherde Hirodes we Pontius Pilatus özge milletler we Ysraýyl halky bilen bilelikde Seniň wezipä bellän mukaddes Guluň Isa garşydyr. Olar Seniň eliňiň, islegiňiň ýüze çykmagyny öňünden bellänleriniň baryny amala aşyrmak üçin ýygnanyşdylar. Ýa Reb, indi olaryň howp salyşlaryna seret, gullaryňa batyrlyk bilen Öz sözüňi sözlemäge gaýrat ber. Öz mukaddes Guluň Isanyň ady bilen şypalaryň, alamatlaryň we gudratlaryň döremegi üçin eliňi uzat!» Doga edip bolanlarynda, olaryň üýşüp duran ýerleri titredi, hemmeler Mukaddes Ruh bilen dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar. Iman eden halaýyk bir ýürek we bir jandy, biri-de öz malyndan bolan bir zada meniňki diýmeýärdi, bar zatlary ortakdy. Resullar uly güýç bilen, Reb Isa Mesihiň direlişine güwä geçýärdiler. Barynyň üstünde uly merhemet bardy. Aralarynda mätäç kişi ýokdy. Sebäbi ýerli, öýli bolanlaryň ählisi olary satýardylar. Satylan zatlaryň bahasyny bolsa getirip, resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy. Resullaryň Barnabas («Göwünlik Ogly») lakamyny bereni, kiprli lewili Ýusubyň hem bir mellegi bardy. Ýusup ony satdy-da, puluny getirip, resullaryň öňünde goýdy. Hananýa atly bir adam aýaly Safira bilen bir mülki satyp, onuň bahasyndan bir bölegini özüne aldy we onuň diňe bir bölegini getirip, resullaryň öňünde goýdy. Onuň bu hilesinden aýalynyň-da habary bardy. Petrus oňa şeýle diýdi: «Hananýa, şeýtanyň „ Mukaddes Ruhy alda-da, satylan ýeriň bahasynyň bir bölegini özüňe al\ diýen päline näme üçin ýüregiňden ýer berdiň? Ol satylman galanda-da seniňki, satylandan soň hem seniň erkiňde dälmidi? Näme üçin bu zady ýüregiňe düwdüň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň». Hananýa bu sözleri eşidip, ýykyldy we jan berdi. Muny eşidenleriň barynyň üstüne uly gorky abandy. Ýaşlar turup, ony kepene doladylar-da, äkidip jaýladylar. Üç sagat çemesi geçenden soň, Hananýanyň bolan zatdan habarsyz aýaly içerik girdi. Petrus oňa: «Maňa aýt, ýeri şunça satdyňyzmy?» diýdi. Ol hem: «Hawa, şunça» diýdi. Petrus oňa şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synamak üçin dilleşdiňiz? Ine, seniň äriňi jaýlanlar gapyda dur, olar seni hem äkiderler». Edil şol pursat aýal Petrusyň aýagyna ýykylyp, jan berdi. Ýaşlar içeri girenlerinde, onuň ölendigini görüp, äkitdiler-de, äriniň ýanynda jaýladylar. Bütin ýygnak we bulary eşidenleriň barynyň üstüne uly gorky abandy. Resullar il içinde köp alamatlar, gudratlar görkezýärdiler we hemmeler bir adam ýaly bolup, Süleýmanyň Eýwanynda bolardylar. Beýlekilerden hiç kim olara birikmäge ýürek etmeýärdi, ýöne halk olary juda sylaýardy. Ýene-de Rebbe iman eden köp adamlar, topar-topar erkekdir aýallar olara goşulýardy. Şeýlelikde, Petrus geçende, hiç bolmanynda, onuň kölegesi syrkawlaryň biriniň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, düşek hem çarpaýa üstünde ýatyrýardylar. Iýerusalimiň töweregindäki şäherlerden-de halaýyk ýygnanyşyp, syrkawlary, murdar ruh uranlary getirdiler, olaryň bary şypa tapdy. Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndakylaryň ählisi, ýagny saddukeýler mezhebi göriplikden ýaňa aýaga galdylar. Olar resullara el urdular, olary halk tussaghanasyna saldylar. Ýöne gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp: «Baryň, ybadathanada durup, halka bu täze ýaşaýşyň ähli sözlerini wagyz ediň» diýdi. Resullar muny eşidenlerinde, säher bilen ybadathana baryp, sapak bermäge durdular. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, mejlisi we Ysraýyl ogullarynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar; onsoň resullary getirmäge tussaghana adam ýolladylar. Emma gullukçylar olary zyndandan tapman, gelip: «Tussaghananyň mäkäm ýapykdygyny, garawullaryň hem gapylaryň agzynda duranyny gördük, ýöne açanymyzda içerden hiç kimi tapmadyk» diýip habar berdiler. Ybadathananyň serkerdesi, baş ruhanylar bu sözleri eşidenlerinde: «Bu näme boldugyka?» diýşip, aljyraňňy ýagdaýa düşdüler. Emma biri gelip, olara: «Ine, zyndana salan adamlaryňyz ybadathanada halka sapak berip dur» diýip habar berdi. Şeýlelikde, gullukçylar bilen gidip, serkerde olary güýç ulanmazdan getirdi, çünki olar halkyň özlerini daşlamagyndan gorkýardylar. Olary getirip, mejlisiň öňünde duruzdylar. Baş ruhany olary soraga çekip: «Şu at bilen sapak bermäň diýip, biz size berk tabşyryk berdik, emma siz öz taglymatyňyz bilen Iýerusalimi doldurdyňyz, bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi. Petrusdyr resullar gaýtargy berip, şeýle diýdiler: «Adama garanda, Hudaýa boýun bolmak artykmaç bolmalydyr. Ata -babalarymyzyň Hudaýy siziň agaçdan asyp öldüren Isaňyzy direltdi. Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Başlyk hem Halasgär edip, Öz sagyna galdyrdy. Biz bu babatda Oňa şaýatdyrys; Hudaýyň Özüne boýun bolanlara beren Mukaddes Ruhy hem bu babatda Oňa şaýatdyr». Muny eşidenler gahar-gazaba münüp, olary öldürmegiň küýüne düşdüler. Ine, şonda mejlisde Mukaddes Kanun mugallymy we bütin halk ýanynda hormatlanýan Gamaliýel atly bir fariseý turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy. Soňra ol şeýle diýdi: «Eý, Ysraýyl adamlary! Bu adamlar babatda etjek bolýan işiňizde seresap boluň. Sebäbi bu günlerden ozal özüni uly adam saýýan Teudas çykdy, dört ýüze golaý adam onuň yzyna düşüpdi. Ol öldürildi, yzyna eýerenleriň hemmesi hem dagap gitdi. Mundan soň ilat ýazuwy günlerinde jelileli Iuda çykyp, köp adamy öz yzyna düşürse-de, heläk bolup, yzyna eýerenleriň bary dagady. Indi, bu adamlardan el çekiň, olary goýberiň, sebäbi bu iş ynsandan bolsa, onda öz-özünden ýok bolup gider. Eger Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz, tersine, Hudaýyň garşysyna söweşýänler bolup çykaýmaň». Ine, şonda olar onuň bilen ylalaşdylar. Ýöne resullary çagyryp, ýençdirdiler. Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar. Resullar mejlisiň öňünden şadyýan gitdiler, çünki Reb Isanyň ady üçin masgaraçylyk çekmäge mynasyp bolupdylar. Olar her gün ybadathanada we öýden-öýe sapak bermegiň, Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmediler. Bu şägirtleriň sanynyň barha artýan günlerinde grekçe gepleşýän ýehudylar tarapyndan ýerli halka garşy nägilelik döredi, çünki gündelik iýmit paýlaşygynda olaryň dul hatynlary gözden salynýardy. Şeýlelikde, on iki resul ähli şägirtleri ýanlaryna çagyryp, olara şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözüni taşlap, saçak başynda hyzmatkärlik etmek bize gelşikli däl. Eý doganlar, öz araňyzdan ýagşy atly, Mukaddes Ruhdan doly we akyl-paýhasly ýedi adamy saýlaň; bu işi şolara tabşyralyň. Biz doga we sözüň gullugyna beriljek». Bu söz bütin jemagata ýarady. Olar imandan hem Mukaddes Ruhdan doly adamlar bolan Stefanusy, Filipusy, Prohorusy, Nikanory, Timony, Parminasy we ýehudy dinine geçen antakiýaly Nikolausy saýladylar-da, bulary resullaryň öňünde duruzdylar. Resullar ellerini olaryň depesinde goýup, olar üçin doga etdiler. Şeýlelikde, Hudaýyň sözi ýaýylyp, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Ruhanylaryň uly topary-da imana uýýardylar. Iman we güýç bilen doly bolan Stefanus halk arasynda uly gudratlar, alamatlar görkezýärdi. Şol aralykda libertinler, kirneliler, isgenderiýalylar diýip atlandyrylan sinagogadan, şeýle hem, Kilikiýadan we Aziýadan bolan käbir adamlar gelip, Stefanus bilen jedelleşdiler. Ýöne onuň parasatlylygyna we Ruha garşylyk görkezmäge olaryň gurplary çatmady. Şeýlelikde, birnäçe kişini yryp, olara: «Onuň Musa we Hudaýa dil ýetirenini eşitdik» diýdirdiler. Halky, ýaşululary we kanunçylary öjükdirdiler. Baryp, Stefanusy tutdular-da, mejlisiň öňüne getirdiler. Ýalan güwäler goýdular, olar-da: «Bu adam häli-şindi şu mukaddes mekana, Kanuna dil ýetirip ýör. Biz onuň: „Nasyraly Isa bu mekany berbat eder, Musanyň bize beren adatlaryny üýtgeder\ diýenini eşitdik» diýdiler. Mejlisde oturanlaryň bary Stefanusyň ýüzüne seredenlerinde, onuň ýüzüniň bir perişdäniň ýüzüne meňzeýänligini gördüler. Baş ruhany: «Bu zatlar şeýlemidir?» diýip sorady. Stefanus şeýle diýdi: «Eý doganlar, atalar! Gulak asyň, şöhratly Hudaý biziň atamyz Ybraýyma Haranda oturmazyndan öň, Mesopotamiýadaka aýan boldy. Oňa: „Ýurduňdan, kowum-garyndaşyň ýanyndan çyk-da, Meniň saňa görkezjek ýurduma git\ diýdi. Şeýlelikde, ol keldanylar ýurdundan çykyp, Haranda oturdy; atasy ölenden soň bolsa Hudaý ony siziň häzirki oturýan ýurduňyza göçürdi. Hudaý bu ýerden oňa aýak basarlyk-da miras bermedi, ýöne heniz perzendi ýokka, bu ýurdy mülk hökmünde Ybraýyma, ondan soň hem zürýadyna bermegi wada etdi. Hudaý şeýle diýdi: „Seniň zürýadyň bir ýat ýurtda dört ýüz ýyllap mysapyrlyk çeker, olary gul edip gysarlar\. Hudaý: „Men olary gul eden milleti höküm ederin. Onsoň olar çykyp, şu ýerde maňa gulluk ederler\ diýdi. Hudaý Ybraýyma sünnet ähtini berdi. Şeýlelikde, ondan Yshak önende, sekizinji güni ony sünnetledi. Yshakdan bolsa Ýakup, Ýakupdan-da on iki uly ata öndi. Uly atalar Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satdylar; ýöne Hudaý onuň bilendi. Ol Ýusuby ähli muşakgatlaryndan halas etdi, Fyrownyň ― Müsür patyşasynyň huzurynda oňa mähir, akyldarlyk berdi. Fyrown ony Müsüriň we tutuş köşgüň häkimi edip goýdy. Ine, bütin Müsür we Kengan ýurduna açlyk hem uly muşakgat indi. Atalarymyz hem iýmit tapmadylar. Ýakup Müsürde galla barlygyny eşidip, atalarymyzy ilkinji gezek ol ýere ýollady. Ikinji gezekde bolsa Ýusup doganlaryna özüni tanatdy. Şeýlelikde, Ýusubyň asly fyrowna belli boldy. Ýusup adam ýollap, atasy Ýakuby, ýetmiş bäş adamdan ybarat bolan bütin garyndaşlaryny çagyrdy. Şeýlelikde, Ýakup Müsüre gitdi. Ýakupdyr atalarymyz şol ýerde wepat boldular. Olary Şekeme äkidip, Ybraýymyň Şekemde Hamor ogullaryndan pul berip satyn alan mazarynda jaýladylar. Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň wagty golaýladygyça, halkymyzyň sany hem Müsürde barha köpelýärdi. Şeýlelikde, Ýusuby tanamaýan başga bir patyşa tagta çykdy. Bu urugymyza hilegärlik etdi, atalarymyzy gysyp başlady, çagalaryny diri galmaz ýaly, daşary taşlamaga mejbur etdi. Şol wagt Musa eneden doguldy. Hudaý ony eý görýärdi. Musa üç aý atasynyň öýünde eklendi. Ýöne daşary taşlanandan soň, fyrownyň gyzy ony alyp, özüne ogul edindi, ekledi. Musa müsürlileriň ähli bilimlerinden sapak berildi, ol sözlerinde, işlerinde güýçlüdi. Kyrk ýaşyna ýetenden soň, Musa doganlaryny, Ysraýyl ogullaryny sorap-idemegi ýüregine düwdi. Biriniň adalatsyzlyga sezewar edilenini görüp, oňa arka çykdy, ýaňky müsürlini öldürip, ezileniň aryny aldy. Musa Hudaýyň öz eli bilen gutulyş berýänligine doganlary düşüner öýdýärdi, ýöne olar muňa düşünmediler. Ertesi gün iki adam dawalaşyp durka, Musa ýanlarynda peýda bolup, olary ýaraşdyrmaga synanyp: „Eý adamlar, siz dogan ahyryn, nämä biri-biriňize adalatsyzlyk edýärsiňiz?\ diýdi. Öz ýakynyna adalatsyzlyk edýän adam ony itekläp şeýle diýdi: „Kim seni bize başlyk ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni-de öldürmekçimisiň?\ Musa bu sözi eşidenden gaçyp, Midiýan ýurdunda mysapyrlyk çekdi. Şol ýerde ondan iki ogul öndi. Kyrk ýyl dolanda, Sina dagynyň töweregindäki çölde lowlap duran bir çalynyň ýalnynda oňa Rebbiň bir perişdesi göründi. Musa bu görnüşi görende geňirgendi. Ol siňe seretjek bolup, ýakynlaşanda, Rebbiň sesi eşidildi: „Men seniň atalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn\. Ine, şonda Musa titräp başlady, seretmäge ýürek etmedi. Reb oňa şeýle diýdi: „Aýaklaryňdan çarygy çykar, çünki üstünde duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr. Men halkymyň Müsürde horlanýanyny gördüm, olaryň nalasyny eşitdim, olary halas etmek üçin aşak indim. Indi, gel, men seni Müsüre iberjek\. Hudaý olaryň: „Kim seni bize başlyk ýa kazy edip goýdy?\ diýip inkär eden bu Musasyny oňa çalyda görnen perişdäniň üsti bilen başlyk we halasgär edip ýollady. Musa Müsür ýurdunda, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap gudratlar hem alamatlar görkezip, olary daşary çykardy. Ysraýyl ogullaryna: „Reb Hudaýyňyz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar, oňa gulak asyň\ diýen Musadyr. Sina dagynda özi bilen gepleşen perişde we atalarymyz bilen çölde toplanan ýygnakda bolan, bize bermek üçin diri sözler alan hem şoldur. Atalarymyz oňa boýun bolman, ony ret edip, ýüreklerini Müsüre tarap öwürdiler. Olar Haruna: „Bize öňümizden ýörär ýaly taňrylar ýasap ber, çünki bizi Müsür ýurdundan çykaran Musa näme bolanyny bilmeýäris\ diýdiler. Şol günlerde bir göle ýasadylar, bu buta gurbanlyk berip, öz elleriniň işlerine guwandylar. Şeýlelikde, Hudaý dönüp, olary Gök goşunyna gulluk etmäge berdi. Ine, pygamberler kitabynda şeýle ýazylgydyr: „Eý, Ysraýyl öýi! Siz kyrk ýyllap çölde maňa gurbanlyklar, sowgatlar berdiňizmi? Siz Molokuň çadyryny, taňryňyz Refanyň ýyldyzyny we sežde etmek üçin ýasan suratlaryňyzy göterdiňiz. Men sizi Babylyň aňyrsyna göçürerin\. Atalarymyzyň çölde mukaddes çadyry bardy. Musa muny özi bilen Gepleşeniň buýruşy ýaly, gören suraty boýunça ýasapdy. Muny atalarymyz nobatma-nobat göterip, Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda Hudaýyň atalarymyzyň öňünden kowup çykaran başga milletleriniň ýurduna getirdiler; ol Dawudyň günlerine çenli şol ýerde galdy. Dawut Hudaýyň mährini gazanansoň, Ýakubyň Hudaýyna bir mesgen salmaga rugsat diledi. Muňa garamazdan, Hudaýa öý salan Süleýman boldy. Ýöne hemmelerden beýik Bolan ynsan eli bilen salnan jaýlarda ýaşamaz. Ine, pygamber şeýle diýýär: „Gök ― Meniň tagtym, Ýer aýaklarymyň basgançagydyr. Siz Maňa nähili öý saljak?\ Reb şeýle diýýär: „Ýa-da haýsy ýer Meniň dynçlyk mekanym bolar? Bularyň baryny Öz elim ýaratmadymy?\ Eý boýnuýogynlar, ýürek we gulaklary sünnetsizler! Siz Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. Atalaryňyzyň edişi ýaly, siz-de şeýle edýärsiňiz. Pygamberleriň haýsysyna atalaryňyz azar bermedi? Olar ol Adylyň geljegini öňünden yglan edenleri öldürdiler. Siz-de, ine, Oňa hyýanat etdiňiz, Ony öldürdiňiz, eý, Mukaddes Kanuny perişdeleriň tertipleşdirişi ýaly alyp-da, ony tutmadyklar!» Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefanusa dişlerini gyjadylar. Mukaddes Ruh bilen doly bolan Stefanus Göge seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany görüp: «Men Gögüň açykdygyny, Ynsan Oglunyň Hudaýyň sagynda durandygyny görýärin» diýdi. Şonda olar batly gygyryşyp, gulaklaryny tutuşyp, hemmesi birden Stefanusyň üstüne topuldylar. Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Güwäler öz geýimlerini Saul atly bir ýaş ýigidiň öňünde goýdular. Olar Stefanusy daşlap durkalar, ol Rebbi çagyryp: «Ýa Reb, Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi. Onsoň dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýazma!» diýdi. Muny aýdandan soň bolsa ol jan berdi. Stefanusyň öldürilmegini Saul hem unady. Şol gün Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahuda, Samariýa ýurtlaryna dagadylar. Emma Stefanusy Hudaýdan gorkýan adamlar jaýlap, oňa uly ýas tutdular. Munuň tersine, Saul öýden-öýe girip, ýygnaga ezet berýärdi, erkekdir aýallary süýräp zyndana salýardy. Dagan imanlylar bolsa aýlanyp, Hudaýyň sözüni yglan edýärdiler. Filipus-da Samariýanyň bir şäherine gelip, olara Mesihi wagyz etdi. Halaýyk Filipusa gulak asdy, onuň eden alamatlaryny eşidip, görüp, aýdanlaryny bir adam ýaly diňlediler. Çünki murdar ruhly adamlaryň köpüsinden ol ruhlar gaty gygyryşyp çykýardylar, ençeme ysmaz hem otura şypa tapýardy. Şeýlelikde, şäherde uly şatlyk döredi. Ozal bu şäherde jadygöýlük bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran, özüni uly adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy. Oňa uly-kiçi hemmeler üns berip: «Hudaýyň uly gudraty, ine, şudur» diýýärdiler. Oňa üns bererdiler, çünki ol öz jadygöýlügi bilen ep-esli wagt olary haýran galdyrypdy. Ýöne Hudaýyň Patyşalygy, Isa Mesihiň ady baradaky Hoş Habary wagyz eden Filipusa ynananlarynda hem erkekler, hem aýallar çokundyryldylar. Simunyň özi-de iman etdi, çokundyrylandan soň bolsa Filipusyň ýanyndan aýrylmady. Ol uly alamatlaryň, gudratlaryň ýüze çykyşyny görüp haýran galýardy. Resullar samariýalylaryň Hudaýyň sözüni kabul edenini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýahýany olaryň ýanyna ýolladylar. Bular hem baryp, Mukaddes Ruhy alsynlar diýip, olar üçin doga etdiler. Sebäbi Ruh entek olaryň hiç biriniň üstüne inmändi, olar diňe Reb Isanyň ady bilen çokundyrylypdy. Şonda resullar ellerini olaryň üstünde goýanlarynda, olar hem Mukaddes Ruhy aldylar. Simun resullaryň elleriniň goýulmagy bilen, Mukaddes Ruhuň berlenini görende, olara pul getirip, şeýle diýdi: «Elimi üstünde goýan adamym Mukaddes Ruhy alar ýaly, maňa-da bu ygtyýary beriň». Ýöne Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile heläk bolsun! Çünki sen Hudaýyň sylagyny pul bilen satyn alaryn öýtdüň. Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiň Hudaýyň öňünde dogry däl. Indi, bu ýaman päliňden gaýt-da, Rebbe ýalbar, belki, Ol seniň bu pikiriňi bagyşlar. Men seniň ajy ötden doludygyňy we erbetlik bilen baglydygyňy görýärin». Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi. Olar Rebbiň sözüne güwä geçip, ony aýdanlaryndan soň, Iýerusalime tarap gaýdyp, Samariýanyň ençeme obasynda Hoş Habary wagyz etdiler. Rebbiň bir perişdesi Filipusa: «Tur, günorta bakan Iýerusalimden Gaza gidýän ýola rowana bol, ol çoladyr» diýdi. Ol hem turup, ýola rowana boldy. Gidip barýarka, Hebeşistanyň aýal patyşasy Kandakynyň wezirleriniň biri, onuň gaznaçysy bolan bir agta duşdy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip, indi hem yzyna dolanyp barýardy. Ol öz arabasynyň üstünde Işaýa pygamberiň kitabyny okap otyrdy. Ruh Filipusa: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi. Filipus ylgady-da, onuň Işaýa pygamberiň kitabyndan okaýan sözlerini eşidip: «Okaýan zatlaryňa düşünýärsiňmi?» diýdi. Ol: «Biri ýol görkezmese, nähili düşüneýin?» diýdi. Onsoň araba münüp, ýanynda oturmagy Filipusdan haýyş etdi. Onuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri şudy: «Goýun kimin öldürilmäge äkidildi, gyrkymçysynyň öňünde sem bolan guzy ýaly agzyny açmaýar. Onuň kemsidilişinde adalat inkär edildi. Kim Onuň nesli hakynda gürrüň eder? Çünki Onuň ömür tanapy üzülendir». Wezir Filipusa ýüzlenip: «Aýtsaňyzlaň, pygamber muny kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa-da başga biri hakda?» diýdi. Filipus şu ýazgydan söze başlap, Isanyň Hoş Habaryny oňa wagyz etdi. Olar ýoldan barýarkalar, bir suwa geldiler. Wezir: «Ynha suw, meniň çokundyrylmagyma näme päsgel berýär?» diýdi. Filipus oňa: «Bütin ýüregiň bilen iman edýän bolsaň, muňa rugsatdyr» diýdi. Ol: «Isa Mesihiň Hudaýyň Ogludygyna iman edýärin» diýdi. Onsoň arabany saklatdy. Filipus bilen wezir bilelikde suwa girdiler; Filipus ony çokundyrdy. Olar suwdan çykanlarynda, weziriň üstüne Mukaddes Ruh indi, Rebbiň bir perişdesi bolsa Filipusy göterip äkitdi. Wezir ony soň görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi. Filipus Azotosda peýda boldy. Ol Kaýsariýa çenli aýlanyp, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi. Saul Rebbiň şägirtlerine heniz hem ölüm howpuny salyp, baş ruhanynyň ýanyna bardy. Bu ýola uýanlary tapsa, erkek diýmän, aýal diýmän, tutup Iýerusalime getirer ýaly, özüne ondan Şamdaky sinagogalar üçin hatlar diledi. Ol Şama ýetip barýarka, birdenkä Gökden bir nur onuň daş-töweregini ýagtyltdy. Saul ýere ýykyldy. Şonda oňun gulagyna: «Saul! Saul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen ses geldi. Ol: «Ýa Reb, Sen kim?» diýip sorady. Reb: «Men seniň azar berýän Isaň. Çişe depmek saňa kyndyr» diýdi. Saul titräp, aljyrap: «Ýa Reb, meniň näme etmegimi isleýärsiň?» diýdi. Reb oňa: «Tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa aýdylar» diýdi. Onuň bilen bile barýan adamlar ol ýerde doňup durdylar, çünki sesi eşitseler-de, hiç kimi görmeýärdiler. Saul ýerden turdy, ýöne gözüni açanda hiç kimi görmedi. Ony elinden tutup idip, Şama getirdiler. Ol üç günläp görüp bilmedi, iýmedi we içmedi. Şamda Hananýa atly bir şägirt bardy. Reb onuň gözüne görnüp: «Eý Hananýa!» diýdi. Ol hem: «Lepbeý, Ýa Reb!» diýip jogap berdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Tur, Dogry diýen köçä bar-da, Iudanyň öýünden tarsusly Saul atly adamy sora; ine, ol doga edýär. Ol bir görnüşde Hananýa atly bir adamyň içeri girip, gözi gaýtadan görer ýaly, elini öz üstünde goýanyny gördi». Hananýa şeýle jogap berdi: «Ýa Reb! Men bu adam barada, onuň Iýerusalimde Seniň mukaddesleriňe näçe ýamanlyk edenini köp kişilerden eşitdim. Seniň adyňy agzanlaryň baryny tutup daňmaga onuň bu ýerde-de baş ruhanylardan ygtyýary bar». Reb oňa şeýle diýdi: «Bar, çünki bu adam milletleriň, patyşalaryň we Ysraýyl ogullarynyň öňünde Meniň adymy götermek üçin saýlanan guraldyr. Çünki Meniň adym ugrunda bu adamyň näçe görgi görmelidigini Men oňa görkezmekçi». Şeýlelikde, Hananýa baryp, ýaňky öýe girdi, ellerini Saulyň üstünde goýup, şeýle diýdi: «Saul dogan! Gelýän ýoluňda saňa görnen Reb Isa seniň gözüň açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni iberdi». Şol bada-da gözünden barda aýrylan ýaly bolup, Sauluň gözi açyldy. Ol ýokary turup çokundyryldy. Nahar iýip, gaýtadan kuwwata geldi. Ol bir näçe günläp Şamda şägirtleriň ýanynda galyp, derrew hem Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada sinagogalarda wagyz etmäge başlady. Muny eşidenleriň bary geňirgenişip: «Iýerusalimde şu Ady tutanlary ýere ýegsan eden bu dälmidi? Ol bu ýere olary tutup, baş ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?» diýişýärdiler. Saul bolsa barha güýçlenýärdi. Ol: «Bu Mesihdir» diýip subut etmek bilen, Şamda oturan ýehudylaryň başyny çaşyrdy. Ençeme gün geçenden soň, ýehudylar ony öldürmegiň maslahatyny etdiler. Ýöne olaryň dildüwşügi Saula belli boldy. Olar ony öldürmek niýeti bilen gije-gündiz derwezeleri hem saklaýardylar. Şägirtler bolsa gijäniň birwagty ony sebediň içine salyp, şäheriň diwaryndan sallap düşürdiler. Saul Iýerusalime gelip, şägirtlere goşulmaga synanyşdy, ýöne hemmeler ondan gorkýardylar, çünki onuň şägirtdigine ynam etmeýärdiler. Onsoň Barnabas Sauly alyp, resullaryň ýanyna getirdi, olara ýolda onuň nähililik bilen Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini hem-de onuň Şamda Isanyň ady bilen gaýratly gepländigini gürrüň berdi. Saul Iýerusalimde Rebbiň ady bilen gaýratly gepläp, olar bilen bilelikde girip-çykýardy. Ol grekçe gepleşýän ýehudylar bilen gürleşip çekişýärdi; ýöne olar Sauly öldürmegiň kastyna düşdüler. Doganlar mundan habarly bolanlarynda, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar. Şeýlelikde, ýygnaklar bütin Ýahudada, Jelilede we Samariýada parahat ýaşaýardy, abatlanyp, Reb gorkusynda gezip, Mukaddes Ruhuň göwünlik bermegi bilen köpelýärdi. Petrus hemme ýere aýlanyp ýörşüne Liddada oturan imanlylaryň ýanyna geldi. Petrus ol ýerde sekiz ýyl bäri düşekde ysmaz bolup ýatan Eneas atly bir adamy görüp: «Eneas, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýokaryk tur-da, ýorgan-düşegiňi düzet!» diýdi. Ol hem şobada ýokary turdy. Lidda we Şaronda oturanlaryň bary ony görüp, Rebbe tarap öwrüldiler. Ýafada Tabita atly (grekçe terjimesi Dorkas) bir zenan şägirt bardy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi. Şol günlerde ol syrkawlap öldi, ony ýuwup, balahanada goýdular. Lidda Ýafa ýakyn bolansoň, şägirtler Petrusyň şol ýerdedigini eşidenlerinde, oňa iki adamy ýollap: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel!» diýip haýyş etdiler. Petrus turup, olar bilen gitdi. Gelende, ony balahana eltdiler. Ähli dul hatynlar Petrusyň ýanyna ýygnandylar we aglaşyp, Dorkasyň heniz olaryň ýanyndaka tiken ähli köýnekdir lybaslaryny oňa görkezdiler. Petrus hemmeleri daşary çykardy-da, dyza çöküp doga etdi we jesede ýüzlenip şeýle diýdi: «Tabita, tur!» Aýal gözüni açyp, Petrusy görende, galyp oturdy. Petrus elini berip, ony turuzdy. Onsoň mukaddesleri we dul hatynlary çagyryp, ony olara diri tabşyrdy. Bu habar bütin Ýafa ýaýrap, köp adamlar Rebbe iman etdiler. Petrus Ýafada Simun atly bir eýleýjiniňkide ençeme günläp galdy. Kaýsariýada italiýaly diýen goşun bölüminiň ýüzbaşysy bolan Kornelius atly bir adam bardy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýdan gorkýan, takwa adamdy, ýehudy halkyna köp sadakalar berip, Hudaýa mydama doga ederdi. Kornelius öýlän sagat üçlerde Hudaýyň bir perişdesiniň: «Eý Kornelius!» diýip, ýanyna içerik girenini bir görnüşde aýdyň gördi. Kornelius gorky içinde oňa gözlerini dikip: «Ýa Reb, näme?» diýdi. Perişde oňa jogap berdi: «Seniň okan dogalaryňy, beren sadakalaryňy Hudaý ýatlap kabul etdi. Indi Ýafa birnäçe adam ýolla-da, lakamy Petrus bolan Simuny getirt. Bu adam Simun atly bir eýleýjiniňkide myhmandyr, onuň öýi bolsa deňziň ýakasyndadyr. Petrus seni we içeriňi gutarjak sözler aýdar». Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Kornelius hyzmatçylaryndan ikisini we hemişe öz töwereginde bolýanlardan bir takwa esgeri çagyrdy. Ähli zady aýdyp, olary Ýafa ýollady. Şol günüň ertesi olar ýoldakalar, şähere golaýlanlarynda, günortan ýakyn Petrus doga etmek üçin üçege çykdy. Ol ajykdy we naharlanmak isledi. Nahar taýýarlanyp ýörkä, özüni ýitirme ýagdaýyna geldi. Ol Gögüň açylyp, dört burçundan baglanan saçak ýaly bir uly zadyň Ýere sallanyp, öz üstüne inip gelýänini gördi. Onuň içinde bolsa Ýeriň ähli dört aýaklylaryndan, wagşy haýwanlaryndan, süýrenijilerinden hem-de Gögüň guşlaryndan bardy. Bir ses oňa gygyryp: «Petrus tur, damaklaryny çal-da, iý!» diýdi. Petrus: «Ýok, ýa Reb, men asla hapa, haram zat iýen däldirin» diýdi. Ses ýene ikinji gezek oňa: «Hudaýyň tämiz eden zatlaryna hapa diýme» diýdi. Bu üç gezek gaýtalanyp, saçak tiz Göge alyndy. Petrus bu gören görnüşiniň nämedigi hakynda oýlanyp durka, ine, Korneliusyň ýollan adamlary Simunyň öýüni sorap, gapa gelip durdular. Olar gygyryp: «Petrus lakamly Simun şu ýere myhmanmydyr?» diýip soradylar. Petrus bu görnüş barada oýlanyp durka, Ruh oňa şeýle diýdi: «Ine, üç adam seni gözläp ýör. Tur, aşak düş, ikirjiňlenme-de, olar bilen git, çünki olary Men ýolladym». Adamlaryň ýanyna gelen Petrus: «Ine, gözleýän adamyňyz men. Näme üçin geldiňiz?» diýdi. Olar şeýle diýdiler: «Ýüzbaşy Kornelius dogry, Hudaýdan gorkýan adam, ýehudy halkynyň ýanynda at-abraýy bar. Ol bir mukaddes perişdeden seni öýüne getirmek hem-de seniň aýtjak sözleriňi diňlemek barada buýruk alypdyr». Petrus olary içerik çagyryp, myhman aldy. Şol günüň ertesi Petrus turup, olar bilen ýola düşdi. Ýafaly doganlaryň -da käbiri onuň bilen bile gitdi. Ertesi gün olar Kaýsariýa bardylar. Kornelius hem dogan-garyndaşlaryny, ýakyn dostlaryny bir ýere çagyryp, olara garaşyp otyrdy. Petrus içerik girende, Kornelius ony garşylap, aýagyna ýykyldy, oňa sežde etdi. Emma Petrus ony galdyryp: «Tur! Men hem adam» diýdi. Onsoň onuň bilen gürrüňleşip, içerik girende, köp adamlaryň ýygnanandygyny gördi. Olara şeýle diýdi: «Bir ýehudy üçin başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagyň ýa onuň ýanyna gitmegiň nähili ýerliksizdigini özüňiz bilýänsiňiz, ýöne Hudaý maňa hiç bir adama hapa ýa haram diýmeli däldigimi görkezdi. Şonuň üçin hem, çagyrylanymda, gürrüňsiz geldim. Indi bolsa soraýaryn: näme sebäpden meni çagyrdyňyz?» Kornelius şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlarda agzym orazady. Öýlän sagat üçlerde öýümde doga edip otyrdym. Ine, bir parlak egin-eşikli adam garşymda durup, maňa şeýle diýdi: „Kornelius, seniň dogaň eşidildi, sadakalaryňy Hudaý ýatlady. Ýafa adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny çagyr. Ol deňiz ýakasyndaky Simun eýleýjiniň öýüne myhmandyr. Ol gelip, saňa bir söz aýdar\. Men derrew saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaý tarapyndan saňa tabşyrylan ähli zady eşitmek üçin, Onuň huzurynda häzir bolup otyrys». Şonda Petrus söze başlap şeýle diýdi: «Men, dogrudan-da, Hudaýyň hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigine göz ýetirdim. Onuň barçanyň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly parahatlyk yglan edip, Ysraýyl ogullaryna ýollan sözi şudur: Ýahýanyň wagyz eden çokundyrmasyndan soň, Jelileden başlap, bütin Ýahudada ýüze çykanlary, Hudaýyň Mukaddes Ruh we gudrat berip, Nasyraly Isany wezipä bellänini, Onuň hem aýlanyp, ýagşylyk edip, iblisiň golastynda ezilenleriň baryna şypa berenini siz bilýänsiňiz, çünki Hudaý Onuň bilendi. Biz Onuň Ýahudada, Iýerusalimde edenleriniň baryna şaýatdyrys. Ony agaçdan asyp öldürdiler. Hudaý üçünji gün Isany direldip, bütin halka däl-de, diňe Hudaýyň öňden saýlan şaýatlaryna, ýagny ölümden direleninden soň, Onuň bilen bile iýip-içenler bolan bize açykdan-açyk görkezdi. Ol Özüniň dirileriň hem ölüleriň Hudaý tarapyndan bellenen Kazysydygyny halka wagyz edip, güwä geçmegimizi bize tabşyrdy. Isa iman eden her kesiň Onuň ady bilen günäsiniň ötüljegine ähli pygamberler güwä geçýär». Petrus bu sözleri aýdyp durka, sözi eşidenleriň barynyň üstüne Mukaddes Ruh indi. Petrus bilen gelen sünnetli imanlylar Mukaddes Ruh sylagynyň başga milletleriň üstüne-de dökülenine geňirgendiler, çünki olaryň başga dillerde gepläp, Hudaýy öwgi bilen beýgeldişini eşitdiler. Şonda Petrus: «Biziň ýaly Mukaddes Ruhy alan bu adamlaryň suw bilen çokundyrylmagyny kim gadagan edip biler?» diýdi. Onsoň Petrus olary Isa Mesihiň ady bilen çokundyrmagy buýurdy. Soňra olar Petrusdan birnäçe günläp galmagy haýyş etdiler. Ýahudada bolýan resullar, doganlar başga milletleriň -de Hudaýyň sözüni kabul edenini eşitdiler. Petrus Iýerusalime gelende, sünnetliler onuň bilen dawalaşyp: «Sen sünnetsiz adamlaryň ýanyna barypsyň, olar bilen nahar iýipsiň» diýdiler. Petrus hem söze başlap, bolan wakany olara birin-birin aýdyp berdi: «Ýafa şäherinde doga edip otyrkam, özümi ýitiren ýagdaýymda bir görnüş gördüm. Uly saçaga meňzeş bir zat dört burçundan Gökden Ýere sallanyp, meniň ýanyma çenli inip geldi. Onuň içine bakyp synlanymda, Ýeriň dört aýakly haýwanlaryny, ýabany hem süýreniji haýwanlaryny, Gögüň guşlaryny gördüm. Onsoň bir ses eşitdim, ol maňa: „Petrus, tur, damaklaryny çal-da, iý!\ diýdi. Men: „Ýok, ýa Reb! Hapa, haram zat meniň agzyma asla giren däldir\ diýdim. Emma ses Gökden ikinji gezek maňa: „Hudaýyň tämiz eden zatlaryna hapa diýme!\ diýdi. Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokaryk Göge çekildi. Ine, şol pursatda üç adam meniň bolýan öýümiň öňüne gelip durdular. Olar meniň ýanyma Kaýsariýadan ýollanan eken. Onsoň Ruh maňa hiç ikirjiňlenmän, olar bilen bile rowana bolmalydygymy aýtdy. Bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk. Ol hem bize perişdäni görendigini, onuň öýünde durup: „Ýafa adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt. Ol saňa birnäçe söz aýdar. Şol sözler arkaly sen tutuş içeriň bilen gutularsyň\ diýenini aýtdy. Men söze başlanymda, ozal biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem Mukaddes Ruh indi. Şonda Rebbiň: „Ýahýa suw bilen çokundyrypdy, ýöne siz Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz\ diýip aýdan sözi ýadyma düşdi. Şeýlelikde, Reb Isa Mesihe iman edenlerinden soň, Hudaý bize berşi ýaly, olara-da şol sylagy beren bolsa, Hudaýa garşy durup biler ýaly, men kim bolupdyryn?» Olar muny eşidenlerinde köşeşdiler, Hudaýy şöhratlandyryp: «Onda, Hudaý ýaşaýyş getirýän tobany özge milletlere-de beripdir» diýişdiler. Stefanus bilen baglanyşykly bolan yzarlamalar netijesinde dargadylanlar Finikiýa, Kipr we Antakiýa çenli aýlandylar. Olar sözi ýehudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler. Olaryň arasynda birnäçe kiprli we kireneli adamlar bardy. Olar Antakiýa gelenlerinde, Reb Isanyň Hoş Habaryny wagyz edip, greklere-de aýtdylar. Rebbiň eli olar bilendi. Şeýlelikde, köp adamlar iman getirip, Rebbe tarap öwrüldiler. Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnanyşyga gelip ýetdi. Olar Barnabasy Antakiýa ýolladylar. Ol gelende, Hudaýyň merhemetini görüp şat boldy, gaýduwsyz ýürek bilen Rebbe ýapyşar ýaly, hemmelere öwüt-nesihat etdi. Çünki ol oňat adamdy, Mukaddes Ruhdan, imandan doludy. Şeýlelikde, köp adamlar Rebbe goşuldylar. Onsoň Barnabas Sauly idäp, Tarsusa gitdi. Ony tapyp, Antakiýa getirdi. Olar bütin bir ýyllap ýygnakda toplanyp, köp adamlara sapak berdiler. Şägirtleriň mesihi adyny almagy ilki bilen Antakiýada ýüze çykdy. Şol günlerde Antakiýa Iýerusalimden birnäçe pygamber geldi. Bulardan Agabus atly biri galyp, bütin dünýäniň başyna uly açlyk gelmelidigini Ruh arkaly habar berdi. (Bu kaýsar Klaudiusyň zamanynda boldy.) Şonda Ýahudada ýaşaýan doganlara goldaw üçin, şägirtleriň her biri gurbunyň çatdygyndan olara pul ýollamagy karar etdiler. Puly Barnabas we Sauluň eli bilen ýygnak ýolbaşçylaryna ibermek bilen, bu karary ýerine ýetirdiler. Şol wagtlar Hirodes patyşa ýygnaga degişli bolanlaryň käbirini sütem etmek maksady bilen tutdy. Ýahýanyň dogany Ýakuby gylyç bilen öldürtdi. Ol munuň ýehudylaryň göwnüne ýaranyny görüp, soňra Petrusy-da tutdy. Petir baýramy günleridi. Hirodes Petrusy ele salyp, Pesahdan soň halk öňüne çykarmak niýeti bilen zyndana saldy-da, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýmagy tabşyrdy. Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, ýöne ýygnak onuň üçin Hudaýa jan çekip doga edýärdi. Hirodesiň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy, garawullar-da gapynyň agzynda zyndana garawulçylyk edýärdiler. Birdenkä Rebbiň bir perişdesi görnüp, türmede nur ýalpyldady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz tur!» diýdi. Şobada-da Petrusyň zynjyrlary elinden ýere gaçdy. Perişde oňa: «Guşagyňy guşan-da, çaryklaryňy bagla!» diýdi. Ol şeýle hem etdi. Perişde oňa: «Geýimiňi geý-de, meniň yzyma düş!» diýdi. Petrus daşary çykyp, onuň yzyna düşdi. Ol perişde arkaly bolanlaryň çynlygyny bilmän, gözüne görünýändir öýdýärdi. Olar birinji, ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezä geldiler. Derweze olara öz-özünden açyldy. Olar daşary çykyp, bir köçäni ilerligine geçdiler welin, perişde birdenkä gaýyp boldy. Ine, şonda Petrus aýňalyp: «Rebbiň perişdesini ýollap, Hirodesiň elinden, ýehudy halkynyň garaşan ähli zatlaryndan meni halas edendigine, hakykatdan hem, indi göz ýetirýärin» diýdi. Muny aňlanyndan soň, ol Markus lakamly Ýahýanyň ejesi Meremiň öýüne gitdi. Ol ýerde köp adam üýşüp, doga edip otyrdy. Petrus howlynyň gapysyny kakanda, gapyny Roda atly bir keniz açmaga geldi. Ol Petrusyň sesini saýgaranda, begenjinden ýaňa gapyny açman, içerik ylgap, Petrusyň howlynyň gapysynda duranyny habar berdi. Öýdäkiler oňa: «Sen akylyňdan azaşypsyň» diýdiler. Ýöne ol öz gepini berk nygtanynda olar: «Ol Onuň perişdesidir» diýdiler. Emma Petrus birsyhly gapyny kakyp durdy. Gapyny açanlarynda, ony görüp haýran galdylar. Seslerini çykarmazlyklary üçin, Petrus olara eli bilen yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan çykaranyny olara gürrüň berip: «Muny Ýakuba hem doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi. Gün doganda, Petrusa näme bolduka diýip, esgerleriň arasyna uly galmagal düşdi. Hirodes Petrusy agtardy. Ol ony tapmansoň bolsa garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy. Şondan soň Hirodes Ýahudadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy. Hirodes Sire we sidonlylara garşy dişini gyjaýardy. Olar hem birleşip, Hirodesiň ýanyna geldiler-de, patyşanyň ýatak jaýynyň başlygy Wlastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler; çünki olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy. Ine, bellenen günde Hirodes patyşalyk lybasyny geýip, kürsüde oturdy-da, halka söz sözledi. Halk hem: «Bu bir taňry sesi, ynsan sesi däl!» diýip gygyryşýardy. Şol bada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi urdy, çünki ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýlelikde, ol endam-jany gurtlap öldi. Hudaýyň sözi bolsa pajarlap ösýärdi. Barnabas bilen Saul hem ýumşy bitirip, yzlaryna gaýtdylar. Olar Markus lakamly Ýahýany-da ýanlaryna alyp, Iýerusalimden yzlaryna öwrüldiler. Antakiýadaky ýygnakda birnäçe pygamber we mugallym bardy: Barnabas, Niger diýen Simun, kireneli Lukius, ýurduň dörtden birine höküm sürýän bilen bile ulalan Manean we Saul. Bular Rebbe ybadat edip, oraza tutup ýörkäler, Mukaddes Ruh: «Meniň çagyran işim üçin, Barnabas bilen Sauly Maňa aýryp goýuň!» diýdi. Şonda oraza tutup, doga etdiler-de, ellerini olaryň üstüne goýup, Barnabas bilen Sauly ýola saldylar. Şeýlelikde, Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnabas bilen Saul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipre geçdiler. Onsoň Salamise gelip, ýehudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň sözüni wagyz etdiler. Ýahýa hem olara ýardam edýärdi. Olar bütin adany aýlanyp, Pafosa geldiler. Ol ýerde Bareşu atly bir jadygöý hem ýalan ýehudy pygambere sataşdylar. Bareşu paýhasly adam bolan häkim Serjius Pawlusyň ýanynda bolardy. Häkim Barnabas bilen Sauly çagyryp, olardan Hudaýyň sözüni eşitmek isledi. Emma Elimas jadygöý (onuň ady şeýle terjime edilýär) olara garşy çykyp, häkimi imandan dändirjek boldy. Şeýlelikde, Saul, ýagny Pawlus Mukaddes Ruhdan dolup, oňa seretdi we şeýle diýdi: «Eý, ähli kezzaplykdan we ähli galplykdan doly adam, iblis ogly, ähli dogrulygyň duşmany! Sen Rebbiň dogry ýollaryny egreltmegi bes etjek dälmi? Indi, ine, Rebbiň eli üstüňe gelýär, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli güneşi görmersiň». Şobada-da onuň üstüne tümlük, garaňkylyk indi. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam agtaryp başlady. Häkim ýüze çykan wakany görüp iman etdi, çünki ol Rebbiň taglymatyna haýran galypdy. Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýa Pergasyna geldiler. Şol ýerde Ýahýa olardan aýrylyp, Iýerusalime gaýtdy. Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýa Antakiýasyna geçdiler. Sabat güni sinagoga baryp oturdylar. Mukaddes Kanundan we pygamberler ýazgysyndan okalandan soň, sinagoga başlyklary olara adam ýollap: «Doganlar, halka öwüt-ündewli sözüňiz bar bolsa aýdyň» diýdiler. Şeýlelikde, Pawlus turup, eli bilen yşarat edip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýylly adamlar, Hudaýdan gorkýanlar, diňläň! Bu Ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň atalarymyzy saýlady, halky Müsür ýurdunda oturan mahaly beýgeldip, güýçli gol bilen ol ýerden çykardy. Olary kyrk ýyl çemesi çölde ekledi. Kengan ýurdunda ýedi milleti heläkläp, ýurtlaryny olara miras berdi. Onsoň olara dört ýüz elli ýyl çemesi ― Samuýel pygambere çenli kazylar berdi. Ine, şondan başlap, olar bir patyşa talap etdiler. Hudaý olara kyrk ýyllap benýamyn taýpasyndan bir adamy, ýagny Kişiň ogly Sauly berdi. Ony tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi. Ol hakda güwä hem geçip: „Göwnüme jaý bir adamy, Ýessäniň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder\ diýdi. Şeýlelikde, Hudaý Öz wadasyna görä, onuň neslinden Ysraýyl üçin Isany halasgär edip çykardy. Ol gelmezden öň bolsa Ýahýa bütin Ysraýyl halkyna toba etmegi wagyz edip, olary çokundyrylmaga çagyrdy. Ýahýa işini bitirmäge golaýlan wagty şeýle diýdi: „Meni kimdir öýdýärsiňiz? Men ― Ol däl. Ine, meniň yzymdan Biri geler, men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin\. Doganlar, eý, Ybraýym nesliniň ogullary we araňyzdaky Hudaýdan gorkýanlar! Bu gutulyş sözi size iberildi. Çünki Iýerusalim ilaty we olaryň başlyklary Ony tanamadylar. Ony höküm etmek bilen, her sabat güni okalýan pygamberler sözlerini berjaý etdiler. Ölüm jezasyna hiç bir sebäp tapmasalar-da, Pilatusdan Onuň öldürilmegini haýyş etdiler. Ol hakda ýazylanlaryň baryny bitirenlerinden soň bolsa Ony agaçdan aşak düşürip, bir mazarda goýdular. Emma Hudaý Ony direltdi. Ol Özi bilen Jelileden Iýerusalime gelenlere köp günleriň dowamynda göründi. Şindi bu adamlar halkyň öňünde Onuň güwäleridir. Biz atalara berlen wadanyň hoş habaryny size wagyz edýäris. Hudaý Isany direltmek bilen, olaryň oglanlary bolan biziň üçin şol wadany ýerine ýetirdi. Ikinji mezmurda hem şeýle ýazylypdyr: „Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seni öndürdim\. Asla çüýretmezlik üçin, Ony ölümden direldişi hakda hem şeýle diýdi: „Men size Dawuda wada eden mukaddes hem ygtybarly bereketlerimi bererin\. Munuň üçin başga bir ýerde-de: „Sen Öz Mukaddesiňiň çüýremegine razy bolmarsyň\ diýýär. Çünki Dawut Hudaýyň islegi boýunça öz nesline gulluk edenden soň öldi. Ol atalarynyň ýanynda jaýlandy; onuň bedeni çüýredi. Ýöne Hudaýyň Direldeni çüýremedi. Biliň, eý doganlar, günäleriň bagyşlanmagy bu Adam arkaly size wagyz edilýär. Musanyň kanunynda aklanyp bilmedik bütin zatlaryňyzda iman eden her kes bu Adam arkaly aklanar. Indi sak boluň, pygamberler kitabynda aýdylanlar başyňyza geläýmesin: „Serediň, eý masgaralaýjylar, haýran galyň, heläk boluň; çünki Men siziň günleriňizde şeýle bir iş ederin welin, ony size biri beýan etse, asla ynanmarsyňyz\». Olar ýehudylaryň sinagogasyndan çykyp barýarkalar, ýehudy däller bu sözleriň geljek sabat güni-de özlerine wagyz edilmegini olardan haýyş etdiler. Sinagogadaky halaýyk daganynda, ýehudylaryň we ýehudy dinine geçip, Hudaýa ybadat edýänleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabasyň yzyna düşdüler. Bular hem gürrüň berip, Hudaýyň merhemetinde erjellik etmekleri üçin, olara nesihat etdiler. Soňky sabat güni bolsa Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, bütin şäher diýen ýaly ýygnandy. Ýehudylar halaýygy görenlerinde göripçilikden dolup, Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, dil ýetirdiler. Pawlus bilen Barnabas hem gaýratlylyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözi ilki size wagyz edilmelidi. Ýöne siz ony ret etdiňiz, özüňizi ebedi ýaşaýşa mynasyp görmediňiz. Şonuň üçin, ine, biz özge milletlere tarap ýüzlenýäris. Çünki Reb bize şeýle tabşyrdy: „Ýeriň ujuna çenli gutulyş daşamagyň üçin, Men Seni milletlere nur etdim\». Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň sözüni şöhratlandyrdylar. Şeýlelikde, ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň bary iman etdi. Rebbiň sözi ýurduň hemme ýerine ýaýraýardy. Ýehudylar dindar, sylanýan aýallary we şäheriň abraýly adamlaryny öjükdirdiler. Şeýlelikde, Pawlus bilen Barnabasy kowalap, serhetlerinden çykardylar. Pawlus bilen Barnabas aýaklarynyň tozuny olara garşy kakyp, Konýa gitdiler. Şägirtler bolsa şatlyk we Mukaddes Ruh bilen doludylar. Konýada bilelikde ýehudylaryň sinagogasyna bardylar; olaryň gürrüň berişi hem ýehudylardan, hem greklerden uly toparyň iman getirmegine sebäp boldy. Ýöne iman etmedik ýehudylar özge milletleri küşgürip, olaryň aňyny doganlara garşy garaladylar. Esli wagt ol ýerde bolan Pawlus bilen Barnabas Reb üçin gaýratly wagyz edýärdiler. Reb hem olaryň elleri bilen alamatlar, gudratlar görkezip, Öz merhemeti baradaky söz üçin güwä geçýärdi. Şäher halky iki bölünip, bir bölegi ýehudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi. Ýöne milletler hem-de ýehudylar we olaryň başlyklary tarapyndan resullary ryswa etmek, daşlamak üçin bir hüjüm ýüze çykanda, mundan habarly bolan resullar Likaoniýanyň şäherleri bolan Listra, Derbä we şol etraplara gaçyp baryp, ol ýerlerde-de Hoş Habary wagyz etdiler. Listrada aýaklary ysgynsyz bir adam ýaşaýardy, ol eneden dogma otura bolup, hiç wagt ýöremändi. Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňledi; Pawlus hem oňa göz dikdi, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny görüp, gaty ses bilen: «Aýagyň üstünde dik dur!» diýdi. Ol hem ýokary towsup, ýöräp başlady. Halaýyk Pawlusyň eden işini görende seslerini gataldyp, likaoniýa dilinde: «Taňrylar ynsan keşbine girip, biziň ýanymyza inipdir!» diýişdiler. Barnabasa Zews, Pawlusa-da söz sözleýän bolany üçin Hermes diýdiler. Şäheriň daşynda ýerleşen Zews ybadathanasynyň ruhanysy derwezeleriň agzyna öküzler, wenoklar getirip, halk bilen birlikde gurbanlyk berjek boldy. Emma resullar, ýagny Barnabas, Pawlus muny eşidenlerinde, öz egin-eşiklerini ýyrtyp, halkyň ortasyna zyňyldylar, gygyryp, şeýle diýdiler: «Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz-de duýgulary size meňzeş ynsanlardyrys we sizi bu boş zatlardan dönüp, Gögi, Ýeri, deňzi we olaryň içindäki ähli zatlary ýaradan diri Hudaýa tarap öwrülmäge çagyrýarys. Ol geçen nesillerde bütin milletlere öz ýollary bilen ýöremäge rugsat etdi. Muňa garamazdan, ýagşylyk etmek, size Gökden ýagmyr hem hasylly möwsümler bermek, ýüregiňizi iýmit hem şatlykdan doldurmak bilen, Özüni güwäsiz goýmady». Bu sözler bilen halky özlerine gurban kesmekden zordan dändirdiler. Hemmesini öz öýüne iberdiler. Olar ol ýerde galyp, ders berip ýörkäler, Antakiýadan, Konýadan ýehudylar geldi; olar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar, ony ölendir öýdüp, şäherden daşary süýrediler. Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ör turup, şähere gaýtdy. Şol günüň ertesi hem Barnabas bilen Derbä tarap ýola düşdi. Olar bu şähere Hoş Habary wagyz edip, köpleri şägirt edenlerinden soň, Listra, Konýa we Antakiýa gaýdyp geldiler. Şägirtleriň janlaryna kuwwat berip, olara imanda berk durmagy ündäp: «Biz Hudaýyň patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýýärdiler. Pawlus bilen Barnabas her ýygnakda olara ýolbaşçylar saýlap, orazaly doga edip, olary iman eden Reblerine tabşyrdylar. Onsoň Pisidiýanyň içinden geçip, Pamfiliýa geldiler. Pergada Rebbiň sözüni wagyz edip, Attaliýa indiler. Ol ýerden hem öz bitiren işleri üçin Hudaýyň merhemetine tabşyrylan ýerleri bolan Antakiýa gämili gaýtdylar. Gelip, ýygnagy üýşürdiler, Hudaýyň özleri arkaly ähli edenlerini, ýehudy dällere iman gapysyny açanyny gürrüň berdiler, köp wagtlap şägirtleriň ýanynda boldular. Ýahudadan gelen käbir adamlar doganlara sapak berip: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, gutulyp bilmersiňiz» diýýärdiler. Pawlus bilen Barnabas bu adamlar bilen kän çekişip, jedelleşdiler. Onsoň bu meseläniň çözgüdi üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde Pawlus bilen Barnabas resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna, Iýerusalime gitmeli diýen karara gelindi. Şeýlelikde, ýygnak tarapyndan ýola salnanlar Finikiýanyň, Samariýanyň içinden geçdiler, milletleriň Rebbe tarap öwrülendigini aýdyp, doganlara uly şatlyk berdiler. Iýerusalime gelenlerinde bolsa ýygnak, resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilip, Hudaýyň özleri arkaly eden ähli zadyny habar berdiler. Emma fariseýler mezhebinden iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Beýleki milletlerden bolanlary sünnetlemeli, Musanyň kanunyny saklamagy tabşyrmaly» diýdiler. Onsoň resullar, ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmak üçin ýygnandylar. Gürrüň uzaga çekende, Petrus ýokary turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Öz bilşiňiz ýaly, milletleriň Hoş Habar sözüni meniň agzymdan eşidip, iman etmelidigi üçin, Hudaý köp wagt mundan ozal aramyzdan meni saýlady. Ýürekleri bilýän Hudaý bize berşi ýaly, özge milletlere-de Mudakkes Ruhy bermek bilen, olara güwä geçdi. Ýüreklerini iman arkaly tämizledi, biz bilen olaryň arasynda hiç bir parh goýmady. Indi, näme üçin atalarymyzyň, özümiziň dakynyp bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna saljak bolup, Hudaýy synaýarsyňyz? Biz Reb Isanyň merhemeti bilen gutulandygymyza ynanýarys, olar hem şeýle». Onsoň bütin jemagat dymyp, Hudaýyň özleri arkaly milletler arasynda görkezen uly alamatlaryny, gudratlaryny aýdyp beren Barnabas bilen Pawlusy diňledi. Olar gürrüňlerini gutaranyndan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň! Özge milletlerden Öz adyna bir halk almak üçin Hudaýyň ilki bilen olara nähili ideg edenini Simon aýdyp berdi. Pygamberleriň sözleri-de munuň bilen utgaşýar; ine, şeýle ýazylypdyr: Onsoň yzyma dolanyp, Dawudyň ýykylan çadyryny gaýtadan bina ederin, onuň harabalaryny gaýtadan bina ederin. Galan adamlar, Meniň adym dakylan bütin milletler Rebbi agtarar ýaly, ony gaýtadan dikelderin. Bularyň baryny eden Reb şeýle diýýär\. Hudaý Öz ähli işlerini ezelden bilýändir. Munuň üçin, meniň pikirimçe, özge milletlerden Hudaýa tarap öwrülenlere kynçylyk döretmeli däl. Ýöne olara butlaryň nejisliginden, zynadan, boglan haýwanlaryň etinden we gandan gaça durmagy, özlerine edilmegini islemeýän zatlaryny başgalara etmezligi ýazmaly. Çünki Musanyň sözleri her sabat güni sinagogalarda okalýar, gadym zamanlardan bäri her şäherde wagyz edilýär». Şeýlelikde, resullardyr ýolbaşçylar bütin ýygnak bilen birlikde özlerinden birnäçe adamy, ýagny doganlaryň arasynda ýolbaşçylyk edýän Barsaba lakamly Iuda bilen Silasy saýlap, Pawlus we Barnabas bilen birlikde Antakiýa ýollamaly diýen karara geldiler. Onsoň şu haty ýazyp, olardan iberdiler: «Resullar, ýolbaşçylar we doganlar Antakiýadaky, Siriýadaky, Kilikiýadaky milletlerden bolan doganlara salam aýdýar. Bizden bolan käbirleriniň öz sözleri bilen sizi ynjydyp, sünnetleniň, Mukaddes Kanuny berjaý ediň diýip, aňyňyzy bulaşdyranyny eşitdik; muny biz olara tabşyrmandyk. Munuň üçin hem birnäçe adamy saýlap, eziz doganlarymyz Barnabas we Pawlus bilen birlikde size ýollamagy bir agyzdan makulladyk. Bular Rebbimiz Isa Mesihiň ady ugrunda janlaryny orta goýan adamlardyr. Biz Iuda bilen Silasy ýolladyk, olaryň özi hem muny dilden habar bererler. Çünki Mukaddes Ruh we biz şu wajyp zatlardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi unadyk: butlara gurban edilen iýmitlerden, gandan, boglan haýwanlaryň etinden, zynadan gaça duruň, özüňize edilmegini islemeýän zatlaryňyzy başgalara etmäň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy edersiňiz. Saglykda boluň!» Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antakiýa gelip, jemagaty üýşürdiler-de, haty berdiler. Olar muny okap, bu öwüt-nesihat hakda begenişdiler. Onsoň özleri hem pygamber bolan Iuda bilen Silas doganlara köp öwüt-nesihat berip, olary güýçlendirdiler. Birnäçe wagt ol ýerde galanlaryndan soň bolsa, doganlar olary sag-aman resullara ugratdylar. Silas ol ýerde galmagy ýagşy görensoň, Iýerusalime Iudanyň ýeke özi gaýtdy. Pawlus bilen Barnabas hem Antakiýada galdylar. Olar başga-da birentek adamlar bilen sapak berip, Rebbiň sözüniň Hoş Habaryny yglan etdiler. Birnäçe günden soň, Pawlus Barnabasa: «Indi yzymyza dolanyp, Rebbiň sözüni yglan eden her şäherimizde doganlara görme-görşe baryp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi. Barnabas Markus diýen Ýahýany-da äkitmegiň pikirindedi. Ýöne Pawlus özleri bilen bile işe gitmän, olary Pamfiliýada terk eden adamy äkitmegi makul bilmedi. Şeýlelikde, aralaryna agzalalyk düşüp, olar biri-birlerinden aýryldylar; Barnabas Markusy ýanyna alyp, gämi bilen Kipre gitdi. Pawlus hem Silasy saýlady, doganlar tarapyndan Hudaýyň merhemetine tabşyrylyp ýola düşdi. Ol Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary güýçlendirdi. Pawlus Derbe we Listra-da geldi; ine, ol ýerde ejesi imanly ýehudy we kakasy grek bolan Timoteus atly bir şägirt bardy. Onuň Listradaky we Konýadaky doganlaryň arasynda ýagşy ady bardy. Pawlus Timoteusy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ol etrapdaky ýehudylar sebäpli ony alyp, sünnetledi, çünki hemmeler Timoteusyň kakasynyň grekdigini bilýärdi. Olar şäherleriň içinden geçip, Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi doganlara tabşyrýardylar. Şeýlelikde, ýygnaklaryň imany berkeşýärdi, sanlary gün-günden artýardy. Sözi Aziýada wagyz etmeleri Mukaddes Ruh tarapyndan bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler. Olar Misiýa serhetlerine gelip, Bitiniýa gitjek bolanlarynda, Isanyň Ruhy muňa rugsat etmedi. Onsoň Misiýadan geçip, Troasa indiler. Şol gije Pawlus görnüş gördi: makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup, ýalbaryp: «Makedoniýa gel, bize ýardam et!» diýdi. Pawlus bu görnüşi görenden soň, Reb bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, derrew Makedoniýa gitmek bilen bolduk. Şeýlelikde, Troasdan gämi bilen göni Samotrakiýa, ertesi hem Neapolise, ol ýerden-de Makedoniýa welaýatynyň birinji şäheri hem Rim koloniýasy bolan Filipä gelip ýetdik. Bu şäherde birnäçe günläp galdyk. Sabat güni şäher derwezesinden daşaryk, derýa ýakasyna çykdyk. Bu ýerde adat boýunça doga edilýärdi. Onsoň ýygnanan aýallara oturyp gürrüň berdik. Tiýatira şäherinde gyrmyzy geýim söwdagäri bolan, Hudaýa ybadat edýän Lidiýa atly bir aýal bizi diňledi; Pawlusyň aýdýanlaryna üns bermegi Reb onuň ýüregine guýupdy. Ol aýal öý-içersi bilen çokundyrylandan soň ýalbaryp: «Meni Rebbe wepaly saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip, bizi yrdy. Soňra doga okalýan ýere barýarkak, pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna uly gazanç getirýän, palçy ruhly bir kenize duş geldik. Bu gyz Pawlus dagymyzyň yzymyza düşüp: «Bu adamlar hemmelerden beýik Hudaýyň gullary, olar bize gutulma ýoluny wagyz edýärler!» diýip gygyrýardy. Ol gygyrmasyny ençeme günläp dowam edensoň, Pawlus gaty tolgundy, yzyna öwrülip, ruha: «Onuň içinden çykmagy Isa Mesihiň adyndan saňa buýurýaryn!» diýdi. Ruh şol sagadyň özünde daşary çykdy. Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazara, başlyklaryň öňüne süýrediler. Olary häkimleriň ýanyna getirip, şeýle diýdiler: «Bu adamlar şäherimizi bulam-bujar edýärler, özlerem ýehudy. Biz rimlilere kabul edilmegi, berjaý edilmegi rugsat edilmedik adatlary wagyz edýärler!» Halaýyk hem olara garşy aýaga galdy. Şeýlelikde, häkimler: «Egin-eşiklerini sypyryp, taýak bilen urmaly» diýen buýrugy berdiler. Köp taýaklanlaryndan soň, zyndana saldylar-da, türmeçä olary berk saklamagy buýurdylar. Ol-da şeýle buýruk alansoň, olary içki tussaghana salyp, aýaklaryna künde baglady. Gije ýaryma golaýlanda, Pawlus bilen Silas doga edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi. Birdenkä Ýer güýçli titredi, tussaghananyň binalary sarsyp, birbada ähli gapylar açyldy, hemmäniň zynjyrlary çözüldi. Ukudan oýanan türmeçi zyndanyň gapylarynyň açykdygyny görüp, tussaglar gaçandyr öýtdi-de, özüni öldürjek bolup, gylyjyny syrdy. Emma Pawlus gaty ses bilen: «Özüňe tyg çekme, biziň hemmämiz şu ýerde!» diýip gygyrdy. Türmeçi çyra getirdip, içerik kürsäp girdi-de, sandyrap, Pawlus bilen Silasyň öňünde ýere ýykyldy. Olary daşary çykaryp: «Eý agalar! Men gutulmak üçin näme etmeli?» diýdi. Olar hem: «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň» diýdiler. Şeýlelikde, oňa we öýündäkileriň baryna Rebbiň sözüni aýtdylar. Türmeçi gijäniň şol sagadynda olary alyp, ýaralaryny ýuwdy-da, derrew öý-içersi bilen çokundyryldy. Onsoň olary öýüne äkidip, öňlerine saçak ýazdy, Hudaýa iman getirdik diýip, bütin öý-içersi bilen şatlandy. Gün doganda, häkimler garawullary ýollap: «Hälki adamlary boşat» diýdiler. Türmeçi hem bu sözleri Pawlusa habar berip: «Häkimler sizi boşatmak üçin adam ýollapdyr; indi çykyň-da, sag-aman ýola düşüň» diýdi. Emma Pawlus olara şeýle diýdi: «Olar Rim graždanlary bolan bizi hökümsiz halk öňünde ýençdiler, zyndana taşladylar, indi bolsa ogrynça daşaryk çykarjak bolýarlarmy? Bu bolmaz! Bizi özleri gelip çykarsynlar». Garawullar hem bu sözleri häkimlere habar berdiler. Häkimler olaryň rimlidiklerini eşidenlerinde gorkdular. Gelip ýalbardylar, olary daşary çykaryp, şäherden gitmeklerini haýyş etdiler. Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar, doganlary görüp, olara göwünlik berenlerinden soň ýola düşdüler. Olar Amfipolisiň we Apolloniýanyň içinden geçip, Selanike geldiler. Ol ýerde ýehudylaryň bir sinagogasy bardy. Pawlus öz endigine görä, olaryň arasyna bardy. Üç sabat olara Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berdi. Mesihiň görgi görüp, ölümden direlmeginiň zerur bolandygyny düşündirip görkezdi. «Meniň size wagyz edýän bu Isam Mesihdir» diýdi. Onsoň olaryň birnäçesi, dindar grekleriň uly topary we at-abraýly aýallaryň köpüsi ynanyp, Pawlus bilen Silasa goşuldylar. Ýöne iman etmedik ýehudylar göripçilik etdiler, bazarda boş aýlanyp ýören ýaramaz adamlaryň birnäçesini ýanlaryna alyp, üýşmeleň gurap, şäherde topalaň turuzdylar. Ýasonuň öýüne hüjüm edip, Pawlus bilen Silasy halkyň öňüne çykarjak boldular. Ýöne olary tapman, Ýason bilen birnäçe dogany şäher başlyklarynyň öňüne süýräp: «Bütin dünýäde topalaň turzan bu adamlar bu ýere hem geldiler. Ýason olary öýüne myhman aldy. Bularyň ählisi başga biri, ýagny Isa patyşadyr diýip, kaýsaryň buýruklaryna ters hereket edýärler» diýip gygyrdylar. Şeýdip, olary eşiden halky, şäheriň başlyklaryny howsala saldylar. Ýöne Ýason bilen beýlekileri girew alyp boşatdylar. Doganlar derrew şol gije Pawlus bilen Silasy Weriýa iberdiler. Pawlus bilen Silas Weriýa gelip, ýehudylaryň sinagogasyna bardylar. Bu ýerdäkiler Salonikdäkilerden has asyllydy. «Bu zatlar şeýlemikä?» diýip, her gün Ýazgylary gözleşdirip, sözi bütin göwünjeňlik bilen kabul etdiler. Şeýlelikde, olaryň köpüsi, at-abraýly grek aýallarynyň hem-de erkekleriniň birentegi iman etdi. Ýöne Salonikdäki ýehudylar Hudaýyň sözüniň Pawlus tarapyndan Weriýada-da wagyz edileninden habarly bolanlarynda, bu ýere hem gelip, halaýygy howsala salyp öjükdirdiler. Şeýlelikde, doganlar Pawlusy deňze tarap ýola saldylar, ýöne Silas bilen Timoteus ol ýerde galdy. Pawlusa hemralyk edenler ony Afina eltip, Silas bilen Timoteusa tiz gelsinler diýen buýrugy alyp, yzlaryna gaýtdylar. Pawlus Afinyda Silas bilen Timoteusa garaşyp ýörkä, şäheriň butlardan doludygyny görüp, onuň ýüregi awady. Ol sinagogada ýehudylar, Hudaýdan gorkýan grekler hem-de her gün bazarda sataşan adamlary bilen gürrüň ederdi. Epikurçy we stoik filosoflaryň käbirleri-de oňa garşy çykdylar. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol ýat taňrylaryň wagyzçysyna meňzeýär» diýýärdi. Sebäbi Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişi wagyz edýärdi. Şeýlelikde, ony tutup, Ares depesi mejlisine getirdiler-de, şeýle diýdiler: «Seniň gürrüňini edýän bu täze taglymatyňyň nämedigini bilip bilerismi? Çünki sen biziň gulagymyza käbir ýat zatlary getirýärsiň. Biz indi bu zatlaryň nämedigini bilmek isleýäris». Ähli afinylylar hem ol ýerde ýaşaýan ýatlar täze zat sözlemekden we diňlemekden başga hiç bir zat bilen wagtlaryny ötürmeýärdiler. Pawlus mejlisiň ortasynda durup şeýle diýdi: «Eý afinylylar! Men sizi her babatda gaty dindar görýärin. Çünki aýlanyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirip ýörkäm, depesinde „Nätanyş Taňra\ diýen ýazgyly bir gurbanlyk edilýän ýeri hem gördüm. Men, ine, tanaman, ybadat edýän bu zadyňyzy size wagyz edýärin. Dünýäni, onuň içinde bolan bütin zatlary ýaradan Hudaý Ýeriň-gögüň Rebbi bolup, el bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaz. Şeýle hem, hamala bir zada zar ýaly, Oňa adam eli bilen gulluk edip bolmaz, sebäbi hemmelere dirilik, dem we ähli zady Onuň özi berýär. Ol adamlaryň ähli milletlerini bir gandan ýaradyp, olary bütin ýer ýüzünde ýaşatdy. Hudaýy agtararlar, Ony, belki-de, sermeläp taparlar diýip, olaryň wagtlaryny, mesgen tutjak ýerleriniň çäklerini öňünden belledi. Muňa garamazdan, Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir. Çünki biz Onda ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys. Siziň şahyrlaryňyzyň käbiriniň aýdyşy ýaly, „Biz-de Onuň zürýadydyrys\. Biz indi Hudaýyň zürýadydygymyza görä, Hudaýyň tebigaty adam sungaty we hünäri bilen suratlandyrylan gyzyla, kümşe ýa-da daşa meňzeşdir öýtmeli däldiris. Hudaý nadanlyk döwründen göz ýumup geçensoň, indi hemme ýerde adamlaryň ählisiniň toba etmegini buýurýar. Çünki Hudaý bir güni belledi. Ol Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar. Hudaý bu Adamy ölümden direltmek bilen, hemmelere subutnama berdi». Ölümden direlmegi eşidenlerinde, kimsi güldi, kimsi hem: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdi. Şeýlelikde, Pawlus olaryň arasyndan çykyp gitdi. Ýöne käbir adamlar oňa goşulyp iman etdiler. Olaryň arasynda mejlis agzasy Dionisius, Damaris atly bir aýal we başgalar bardy. Mundan soň Pawlus Afinyny terk edip, Korintosa geldi. Italiýadan ýaňy gelen, asly pontusly Akila atly bir ýehudy bilen onuň aýaly Priskilla sataşyp, şolaryň öýüne gitdi (Klaudius bütin ýehudylar Rimden çykmaly diýen buýrugy beripdi). Kärleri bir bolansoň, Pawlus olaryň ýanynda galyp işledi. Olaryň käri çadyr ýasamakdy. Pawlus her sabat güni sinagogada gürrüň berip, ýehudylary hem grekleri ynandyrýardy. Silas bilen Timoteus Makedoniýadan gelenlerinde, Pawlus ruhunda gysylyp, ýehudylara Isanyň Mesihdigi barada güwä geçdi. Emma olar Pawlusa garşy çykyp sögenlerinde, Pawlus egin-eşigini kakyşdyryp, olara: «Eden işiňiziň jezasyny özüňiz çekiň. Men tämizdirin, mundan beýläk özge milletleriň ýanyna giderin!» Onsoň ol ýerden çykyp, Hudaýa ybadat edýän Ýustus atly bir adamyň öýüne geldi. Onuň öýi sinagoga bilen ýanaşykdy. Sinagoga başlygy Krispus bütin öý-içersi bilen Rebbe iman etdi; korintoslylaryň köpüsi muny eşidip iman etdiler hem çokundyryldylar. Bir gije Reb Pawlusa bir görnüşde diýdi: «Gorkma, geple, dymma! Çünki Men seniň bilendirin, ýamanlyk etjek bolup, hiç kes saňa el uzatmaz, sebäbi bu şäherde Meniň halkym köpdür». Şeýlelikde, Pawlus bir ýarym ýyllap olaryň arasynda galyp, Hudaýyň sözüni öwretdi. Galio Ahaýa häkimlik edýärkä, ýehudylar birleşip, Pawlusa hüjüm etdiler, ony höküm kürsüsiniň garşysyna eltip: «Bu adam Mukaddes Kanuna garşy tärde Hudaýa ybadat etdirjek bolup, halky yrýar» diýdiler. Ýöne Pawlus agzyny açjak bolanda, Galio ýehudylara şeýle diýdi: «Eý ýehudylar, eger bir adalatsyzlyk ýa agyr jenaýat bolan bolsa, size, elbetde, çydardym. Ýöne taglymatlary, atlary we öz kanunyňyza degişli jedelleri özüňiz çözüň, meniň bu zatlar hakda kazylyk edesim gelenok». Şeýlelikde, olary höküm kürsüsinden kowdy. Onsoň olar sinagoganyň başlygy Sostenisi höküm kürsüsiniň öňünde tutup ýençdiler; bularyň hiç biri Galiony ýekeje-de ynjatmady. Pawlus ol ýerde ýene birnäçe günläp galdy. Onsoň doganlar bilen hoşlaşyp, Priskilla we Akila bilen birlikde gämä münüp, Siriýa gitdi. (Ol Hudaýa nezir edeni üçin Kenhreada başyny syrdyrypdy.) Efesosa gelip ýetenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyryp, özi sinagoga bardy-da, ýehudylar bilen gürrüň etdi. Ýöne bu ýerde köpräk galmagyny ondan haýyş edenlerinde razy bolmady. Olar bilen hoşlaşyp: «Ýetip gelýän baýramy, her niçik-de bolsa Iýerusalimde tutmagym gerek, Hudaý oňlasa, ýene siziň ýanyňyza öwrülerin» diýdi. Şeýlelikde, gämi bilen Efesosdan ugrady, ýöne Akila bilen Priskilla Efesosda galdylar. Kaýsariýa gelip, ýygnak bilen salamlaşandan soň, Antakiýa gitdi. Ol ýerde birnäçe wagt galandan soň, ýene ýola düşdi, Galatýa we Frikiýa ülkelerini nobatma-nobat aýlanyp, bütin şägirtlere güýç-kuwwat berdi. Şol wagt asly isgenderiýaly bolan Apollos atly bir dilewar, Mukaddes Ýazgylara ökde ýehudy Efesosa geldi. Reb ýolunda tälim alan bu adam, diňe Ýahýanyň çokundyrmasyny bilmegine garamazdan, ruhy hyjuwly bolup, Reb hakda anyk gürrüňler bilen sapak bererdi. Ol sinagogada gaýratlylyk bilen geplemäge başlady. Akila bilen Priskilla muny eşidenlerinde, Apollosy öz ýanlaryna alyp, oňa Hudaýyň ýoluny has takyk düşündirdiler. Apollos Ahaýa gitmekçi bolanda, doganlar oňa bu işi ündäp, şägirtlere ony kabul etmegi ýazdylar. Ol gelip ýetende, merhemet arkaly iman edenlere köp ýardam etdi. Çünki ol Isanyň Mesihdigini Ýazgylar arkaly subut edip, ýehudylaryň aýdanlaryny halkyň öňünde hyjuw bilen paş edýärdi. Apollos Korintosdaka, Pawlus ülkäniň içki sebitlerine aýlanyp, Efesosa geldi. Ol ýerde birnäçe şägirde sataşyp, olardan: «Iman edeňizde Mukaddes Ruhy aldyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem oňa: «Biz Mukaddes Ruhuň bardygyny hem eşidemizok» diýdiler. Ol: «Onda, näme çokundyrma bilen çokundyryldyňyz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň çokundyrmasy bilen» diýip jogap berdiler. Pawlus: «Ýahýa halka özünden soň Geljege, ýagny Isa iman etmelerini aýdyp, olary toba çokundyrmasy bilen çokundyrypdy» diýdi. Olar muny eşidenlerinde, Reb Isanyň ady bilen çokundyryldylar. Pawlus üstlerine ellerini goýan badyna, Mukaddes Ruh olara inip, olar başga dillerde gepläp, welilik etmäge başladylar. Bu adamlaryň jemi on ikä golaýdy. Soň Pawlus sinagoga bardy. Üç aýlap gürrüň berip, Hudaýyň Patyşalygyna degişli zatlary olara ynandyryp, gaýratly wagyz etdi. Ýöne käbirleri gatap, ynanmazlyk etdiler, Mesihiň ýoluny halk öňünde ýamanladylar. Şeýlelikde, Pawlus olardan çekildi, şägirtleri äkidip, her gün Tirannosyň mekdebinde gürrüň berdi. Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýlelikde, Aziýada ýaşaýanlaryň bary, ýehudylardyr grekler Rebbiň sözüni eşitdiler. Hudaý Pawlusyň eli bilen görlüp-eşidilmedik mugjyzalar etdi. Şeýlelikde, onuň bedenine degen elýaglykdyr guşaklary alyp, syrkawlaryň üstüne örtenlerinde, olaryň dertleri aýrylyp, içlerinden erbet ruhlar çykdy. Aýlanyp ýören ýehudy dogagöýleriň käbiri hem Reb Isanyň adyny tutup, erbet ruhlulara şypa bermäge girişýärdiler. «Pawlusyň wagyz edýän Isasynyň ady bilen size buýruk berýärin!» diýýärdiler. Muny edýänler Skewa atly bir ýehudy baş ruhanysynyň ýedi ogludy. Emma erbet ruh olara gaýtargy berip: «Isany tanaýaryn, Pawlusy-da bilýärin, ýöne siz kim?» diýdi. Onsoň erbet ruhly adam olaryň üstüne topuldy, ählisini basdy. Olar ýeňlip, ýalaňaç hem ýaraly ol öýden gaçyp gitdiler. Bu waka Efesosda ýaşaýan ýehudylaryň, grekleriň gulagyna ýetdi. Hemmesiniň üstüne gorky inip, Reb Isanyň ady beýgeldi. Iman edenleriň köpüsi geldiler, eden etmişlerini aýdyp, boýun aldylar. Jadygöýlük bilen meşgullanýanlaryň bir topary kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdy. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda, elli müň kümüş pula ýetdi. Şeýlelikde, Rebbiň sözi barha ýaýrap güýçlenýärdi. Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýa we Ahaýadan geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Ol: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmelidirin» diýýärdi. Pawlus özüne hyzmat edýänlerden ikisini ― Timoteus we Erastosy Makedoniýa ýollap, özi birnäçe wagtlap Aziýada galdy. Şol wagtlar Mesih ýolundan ötri uly galmagal turdy. Dimitrius atly bir zergär bardy. Ol Artemis ybadathanasynyň kümüş nusgalaryny ýasamak bilen, hünärmentlere köp iş getirerdi. Dimitrius hünärmentler bilen şuňa meňzeş kärleriň işçilerini üýşürip, şeýle diýdi: «Adamlar! Biziň gazanjymyzyň şu işdendigini özüňiz bilýärsiňiz. Bu Pawlusyň hem: „Adam eli bilen ýasalan zat taňry däldir\ diýip, diňe Efesosda däl, eýsem, bütin Aziýada diýen ýaly köp halky ynandyryp azdyrandygyny-da görýärsiňiz hem eşidýärsiňiz. Biziň üçin hatarly bolan diňe bu kesbiň gadyrdan düşmegi däl, eýsem, beýik zenan taňry Artemisiň ybadathanasynyň-da zada saýylman, bütin Aziýa we hatda dünýäniň hormat edýän taňrysynyň şöwketden düşmegidir». Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazapdan dolup: «Efesoslylaryň Artemisi beýikdir!» diýip gygyryşdylar. Şeýlelikde, bütin şäher galagopluga düşdi. Olar Pawlusyň ýoldaşlary, makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhosy tutup, bary birlikde teatra okduryldylar. Ýöne Pawlus halkyň arasyna barjak bolanda, şägirtler ony goýbermediler. Onuň dostlary bolan Aziýa başlyklaryndan käbiri-de Pawlusa habar ýollap, teatra aýak basmazlygyny haýyş etdiler. Indi, biri beýle, beýlekisi eýle diýip gygyrýardy, çünki märeke galagopluga düşüp, olaryň aglabasy näme üçin üýşendiklerini hem bilmeýärdi. Onsoň ýehudylaryň öňe itmegi bilen, märekäniň içinden Isgenderi çekip çykardylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy. Ýöne onuň ýehudydygyny bilenlerinde, hemmeleriň agzyndan bir söz çykdy. Olar iki sagatlap: «Efesoslylaryň Artemisi beýikdir!» diýip gygyryşdylar. Şäher kätibi halaýygy köşeşdirip, şeýle diýdi: «Eý efesoslylar! Efesoslylar şäheriniň beýik Artemis ybadathanasynyň we Gökden inen heýkeliň goragçysydygyny haýsy kişi bilmeýär? Muny inkär edip bolmaz. Şonuň üçin hem köşeşmelisiňiz, hiç zady gyssanmaç etmeli dälsiňiz. Siz ne ybadathana ogrusy bolan, ne-de taňryňyza dil ýetiren bu adamlary bu ýere getirdiňiz. Dimitriusyň ýa-da onuň ýanyndaky hünärmentleriň birine garşy dawalary bar bolsa, diwan gapylary açyk, häkimler bar; goý, biri-biriniň üstünden şikaýat etsinler. Başga bir zady gözleýän bolsaňyz, onda ol resmi ýygnakda çözüler. Sebäbi bu günki wakalar zerarly, topalaňçylykda günäkärlenmek howpy üstümize abanyp dur, hiç bir sebäpsiz edilen bu üýşmeleňi biz aklap bilmeris». Ol şeýle diýip, märekäni dagatdy. Başagaýlyk ýatyşandan soň, Pawlus şägirtleri ýanyna çagyryp, nesihat berdi, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa gitmek üçin ýola düşdi. Ol etraplary aýlanyp, imanlylara köp sözler bilen nesihat edenden soň, Gresiýa geldi. Ol ýerde üç aýlap galdy. Soň gämili Siriýa gitjek bolup ýörkä, ýehudylar tarapyndan özüne garşy dildüwşük guralandygy zerarly, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmaklygy makul bildi. Pirrosyň ogly weriýaly Sopatros, saloniklilerden Aristarhos, Sekundus, derbeli Gaýus Timoteus we aziýaly Tihikus bilen Trofimos ony Aziýa ugratdylar. Bular öňden gidip, Troasda bize garaşdylar. Biz hem Petir baýramy günlerinden soň, Filipiden gämi bilen bäş günde olaryň ýanyna ― Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk. Hepdäniň ilkinji güni çörek bölmek üçin ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçi bolansoň, olara gürrüň berip, sözüni ýarygijä çekdirdi. Ýygnanyşan balahanamyzda köp çyra bardy. Pawlus ýene-de gürrüň berip durka, penjirede oturan Eftihos atly bir ýaş ýigidi agyr uky basdy. Ol ukudaka üçünji gatdan aşak gaçyp, öli halynda galdyryldy. Pawlus aşak düşdi, ýigidiň üstüne egildi-de, ony gujaklap: «Galmagal etmäň, içinde jany bar» diýdi. Onsoň ýokary çykdy, çörek bölüp iýdi. Olar bilen daň atýança, köp söhbet edeninden soň bolsa ýola düşdi. Olar ýaňky oglany öýlerine diri getirip, köp ynjalyk tapdylar. Biz öňden gämä münüp, Pawlusy Asosadan almak üçin, ol ýere ugradyk, çünki ol pyýada gitmek niýeti bilen bize şeýle tabşyrypdy. Pawlus Asosada bize sataşdy. Ony alyp Midillä geldik. Onsoň ol ýerden gämi bilen ýola düşüp, ertesi Hios garşysyna ýetdik. Bir gün soň bolsa Samosa geçip, Trogilliýada galdyk, ertesi hem Militosa geldik. Pawlus Aziýada wagty biderek geçirmezlik üçin, Efesosyň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwüpdi. Ol howlugýardy, sebäbi başartsa, aňrujy Pentikost güni Iýerusalimde bolmakçydy. Pawlus Militosdan Efesosa adam iberip, ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrdy. Gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa gelen ilkinji günümden bäri hemişe siziň ýanyňyzda bolanymy özüňiz bilýänsiňiz. Men bütin pes göwünlilikde, gözýaş we ýehudylaryň dildüwşüklerinden alan tejribelerim bilen Rebbe gulluk etdim. Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrman, hemmesini size wagyz etdim. Hem ýehudylara, hem greklere Hudaýa toba we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmek üçin güwä geçip, aç-açan hem öýme-öý aýlanyp size sapak berdim. Indi hem, ine, ruhumda bent bolup, Iýerusalime barýaryn, ol ýerde başyma näme geljegini bilemok. Ýöne Mukaddes Ruh bentleriň we muşakgatlaryň maňa garaşýanyny şäherme-şäher güwä geçip aýdýar. Men bulary hiç zat hasap etmeýärin, janymy özüm üçin gymmat bilmeýärin; döwrümi, Hudaýyň merhemetiniň Hoş Habaryna güwä geçmek üçin, Reb Isadan alan hyzmatymy bitirsem bolýar. Men araňyzda Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip gezdim, indi bolsa siziň hiç biriňiziň ýüzümi gaýdyp görmejegiňizi bilýärin. Şonuň üçin bu gün size bütin adamlaryň ganyndan tämizdigime güwä geçýärin. Çünki men Hudaýyň bütin islegini wagyz etmegi sizden gaýgyrmadym. Özüňize we Reb Hudaýyň Öz gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň. Men gidenimden soň, azgyn gurtlaryň araňyza girjegini bilýärin, olar sürini aýamaz. Araňyzdan şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar. Şonuň üçin oýa boluň, üç ýyllap gije-gündiz gözýaş bilen siziň her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýatlaň. Indi bolsa sizi Hudaýa, Onuň merhemetiniň sözüne tabşyrýaryn. Ol sizi abatlamagy, size ähli mukaddesleriň arasyndan miras bermegi başarýandyr. Men hiç kimiň kümşüne, gyzylyna ýa eşigine göz diken däldirin. Siz meniň öz zerurlyklaryma we ýanymdakylara bu elleriň hyzmat edenini bilýänsiňiz. Men şeýle işläp, ejizleri goldamalydygyny, Reb Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan bagtlydyr\ diýen sözüni ýatlamalydygyny ähli zatda size görkezdim». Ol muny aýdandan soň dyza çöküp, olaryň bary bilen birlikde doga etdi. Şonda olaryň hemmesi köp agladylar, Pawlusyň boýnundan gujaklap, ony ogşadylar. «Siz meniň ýüzümi gaýdyp görmersiňiz» diýen sözi olary has tukatlandyran zat boldy. Onsoň ony gämä barynça ýola saldylar. Olardan aýrylyp, gämi bilen göni Kosa, ertesi gün Rodosa, ol ýerden hem Patara geldik. Onsoň Finikiýa barýan bir gämi tapyp, şoňa mündük we deňze çykdyk. Kipr görnende, ony çepimizde galdyrdyk-da, Siriýa tarap ýüzüp, Sura bardyk, sebäbi gämi şol ýerde ýüküni düşürmelidi. Surda şägirtleri tapyp, ýedi gün galdyk. Şägirtler Ruh arkaly Pawlusa Iýerusalime gitmezligi aýtdylar. Biz şol günleri geçirdik-de, çykyp, ýene ýola düşdük. Olaryň bary aýallar we oglan-uşaklary bilen şäheriň daşyna çenli bizi ýola saldylar. Onsoň kenarda dyza çöküp, doga etdik. Biri-birimiz bilen hoşlaşanymyzdan soň, gämä mündük, olar hem öýlerine gaýtdylar. Surdan ýolumyzy dowam etdirip, Ptolemaise ýetdik, doganlar bilen salamlaşyp, bir gün olaryň ýanynda galdyk. Ertesi gün biz, ýagny Pawlus we ýanyndakylar ýola düşüp, Kaýsariýa geldik. Ýedileriň biri bolan Hoş Habarçy Filipusyň öýüne baryp, onuň ýanynda galdyk. Onuň welilik edýän çykmadyk dört gyzy bardy. Biz ol ýerde ençeme gün galanymyzda, Ýahudadan Agabus atly pygamber geldi. Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz elini hem aýagyny baglap: «Muny Mukaddes Ruh aýdýar: Iýerusalimdäki ýehudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, milletleriň eline bererler» diýdi. Muny eşidenimizde biz-de, ol ýerde ýaşaýanlar-da Iýerusalime gitmezligi üçin Pawlusa ýalbardyk. Pawlus şeýle jogap berdi: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz, bu edýäniňiz näme? Men Iýerusalimde diňe bendi bolmaga däl, eýsem, Reb Isanyň ady üçin ölmäge-de taýyn». Ony yryp bilmänimizden soň biz: «Rebbiň islegi bolsun!» diýip dymdyk. Şol günlerden soň goşumyzy taýýarlaşdyryp, Iýerusalime gitdik. Kaýsariýada bolýan şägirtleriň hem birnäçesi biz bilen gidip, Minason diýen bir kiprli köne şägirdiň ýanyna eltdiler, biz oňa myhman bolmalydyk. Iýerusalime gelenimizde, doganlar bizi şatlyk bilen garşyladylar. Ertesi Pawlus biz bilen birlikde Ýakubyň ýanyna bardy, ähli ýolbaşçylar-da geldiler. Pawlus olar bilen salamlaşandan soň, Hudaýyň öz hyzmaty arkaly milletler arasynda edenlerini birin-birin aýdyp berdi. Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soň Pawlusa şeýle diýdiler: «Eý dogan! Özüň görýärsiň, ýehudylar arasynda iman eden näçe müň adam bar; hemmesi-de Mukaddes Kanuna yhlasly. Milletler arasyndaky hemme ýehudylara Musadan dönmekligi öwredip, oglanlary sünnetlemeli däl, adatlara görä ýöremeli däl diýýär diýip, olara sen hakda habar berlipdir. Indi näme etmeli? Elbetde, märeke ýygnanar, çünki seniň geleniňi eşiderler. Şonuň üçin biziň şu aýdýanymyzy et: bizde Hudaýa kasam eden dört adam bar. Bu adamlary ýanyňa al-da, olar bilen birlikde täret edip, kellelerini syrdyrma harçlaryny ber. Şeýlelikde, hemmeler sen hakda habar berlen zatlaryň ýerliksizdigini, seniň-de kanuny saklap hereket edýäniňi biler. Iman eden milletler hakda aýdanymyzda bolsa, biz beýle zatlary asla tabşyramyzok, diňe butlara gurban edilen zatlardan, gandan, boglan haýwanlaryň etinden hem-de zynadan gaça durmak baradaky kararymyzy ýazdyk». Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile etdi. Onsoň olaryň her biri üçin gurbanlyk berilýänçä, täret günleriniň haçan doljagyny yglan edip, olar bilen birlikde ybadathana girdi. Bu ýedi gün dolmaga golaýka, aziýaly ýehudylar ony ybadathanada görüp, bütin halky öjükdirdiler, oňa el urup: «Eý, Ysraýyl adamlary, kömek ediň! Şu adam her ýerde, her kese halkymyzyň, Mukaddes Kanunyň we bu ýeriň tersine sapak berýär. Üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri hem haramlady» diýip gygyryşdylar. Çünki olar Pawlusy mundan öňinçä efesosly Trofimos bilen bilelikde şäherde görendikleri üçin, Pawlus ony-da ybadathana getirendir öýdýärdiler. Şeýlelikde, bütin şäher aýaga galyp, halk her tarapdan ylgady. Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýrediler; şol bada-da ybadathananyň gapylary ýapyldy. Pawlusy öldürjek bolup durkalar, esgerleriň müňbaşysyna bütin Iýerusalimiň aýaga galandygy baradaky habar gelip gowuşdy. Ol hem derrew esgerleri, ýüzbaşylary ýanyna alyp, halkyň üstüne eňdi. Olar müňbaşy bilen esgerleri görenlerinde, Pawlusy ýençmegi bes etdiler. Şol wagt müňbaşy golaý geldi-de, Pawlusy tutup, goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Onsoň onuň kimdigini, näme edenini sorady. Ýöne halaýykdan biri beýle, beýlekisi eýle diýip gygyransoň, müňbaşy başagaýlyk zerarly belli bir zat bilip bilmän, Pawlusy gala äkitmegi buýurdy. Pawlus basgançaga gelende, märekäniň dyzamagy sebäpli, esgerler ony göterip äkitmeli boldular. Çünki halkyň bir topary onuň yzyna düşüp: «Ony ýok ediň!» diýip gygyryşýardylar. Pawlus ýaňy galanyň içine getirilmeli bolanda, müňbaşa şeýle diýdi: «Saňa bir zat aýdyp bilerinmi?» Ol hem: «Sen grekçe bilýärsiňmi? Birnäçe wagt mundan öň topalaň turzup, pitneçilerden dört müň adamy çöle çykaran müsürli sen dälmi?» diýdi. Pawlus: «Men bir tarsusly ýehudy, Kilikiýada şöhraty az bolmadyk bir şäheriň ilatyndan. Senden haýyş edýärin, maňa halka söz sözlemäge rugsat et» diýdi. Ol rugsat edende, Pawlus basgançagyň üstünde durup, halka eli bilen yşarat etdi. Çuň ümsümlik aralaşansoň, olara ýewreý dilinde ýüzlenip: «Eý doganlar, atalar! Meniň şindi size sözlejek sözüme gulak asyň!» diýdi. Olar onuň özlerine ýewreý dilinde ýüzlenenini eşidenlerinde, ümsümligi has beter sakladylar. Şonda Pawlus şeýle diýdi: Men Kilikiýanyň Tarsusynda doglan bir ýehudy; ýöne şu şäherde ösdüm, Gamaliýeliň terbiýesi astynda ata -babalarymyzyň kanunynyň berk talap edijiligine görä tälim aldym. Bu gün siziň baryňyzyň bolşuňyz ýaly, men-de Hudaýa yhlaslydym. Men hem erkekleri, hem-de aýallary tutup, zyndanlara tabşyrmak bilen, Mesih ýolundakylary ölüme çenli yzarladym. Bu babatda baş ruhany bilen bütin ýaşulular -da güwä geçerler. Men olardan doganlara hatlar hem alyp, Şamdakylary-da jezalandyrmak üçin baglap, Iýerusalime getirmek maksady bilen Şama tarap ýola düşdüm. Ýol ýöräp, Şama golaýlanymda, günortanlar birdenkä daş-töweregimde Gökden bir güýçli nur ýaldyrady. Men ýere ýykyldym, onsoň bir ses eşitdim, ol maňa: „Saul, Saul, näme üçin Maňa azar berýärsiň?\ diýdi. Men: „Ýa Reb, Sen kim?\ diýdim. Ol maňa: „Men seniň azar berýän Nasyraly Isaň\ diýip jogap berdi. Meniň ýanymdakylar nury görüp gorkdular, ýöne meniň bilen Gepleşeniň sesini eşitmediler. Men: „Ýa Reb! Men näme etmeli?\ diýdim. Reb hem maňa: „Tur, Şama git, etmeli zatlaryň bary şol ýerde saňa aýdylar\ diýdi. Ýaňky nuruň ýalkymy sebäpli görmez bolanym üçin, ýanymdakylar elimden tutup itdiler; şeýlelikde, Şama geldim. Mukaddes Kanun boýunça takwa bolup, Şamda oturan bütin ýehudylar arasynda ýagşy ady bolan Hananýa atly bir adam ýanyma geldi. Ol durup maňa: „Saul dogan! Gözüň açylsyn\ diýdi. Men şol pursatda gözümi açyp, ony gördüm. Hananýa ýene şeýle diýdi: „Ata-babalarymyzyň Hudaýy Öz islegini bilmegiň, Adyly görüp-de, agzyndan bir ses eşitmegiň üçin seni öňünden belläp goýdy. Çünki sen gören, eşiden zatlaryň barada bütin adamlaryň öňünde Oňa güwä geçmelisiň. Indi näme gijikdirýärsiň? Tur, çokundyryl, Ony çagyr-da, günäleriňden saplan\. Men Iýerusalime öwrülip gelip, ybadathanada doga edip otyrkam, özümi ýitirme ýagdaýyna düşdüm. Ony gördüm, Ol maňa: „Tiz bol-da, çalt Iýerusalimden git, çünki olar seniň Men hakda güwäligiňi kabul etmezler\ diýdi. Men şeýle diýdim: „Ýa Reb, olar meniň sinagogadan -sinagoga aýlanyp, Saňa iman edenleri tussaga atyp, ýenjenimi bilýärler. Seniň şaýadyň Stefanusyň gany dökülende, men hem şol ýerde durdum, bu işi oňladym, ony öldürenleriň egin-eşigini sakladym\. Ol maňa: „Bar, Men seni uzakdaky milletlere ýollajak\» diýdi. Olar şu söze deňeç ony diňlediler, onsoň seslerini gataldyp: «Beýle adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Munuň diri galmagy gelşikli däl» diýdiler. Olar şeýle gygyryşyp, egin-eşiklerini zyňyp, howa tozan sowrup durkalar, müňbaşy märekäniň näme üçin Pawlusa gygyryşýandygyny bilmek üçin, onuň gala äkidilip, dürre bilen soraga çekilmegini buýurdy. Ony gaýyş çekiler bilen baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşa: «Rimli hem-de höküm edilmedik bir adamy dürrelemäge hakyňyz barmy?» diýdi. Ýüzbaşy muny eşidende baryp, müňbaşa habar berip: «Bu etjek bolýanyň näme? Bu adam rimli» diýdi. Şonda müňbaşy Pawlusyň ýanyna gelip: «Maňa aýt, sen rimlimi?» diýip, ondan sorady. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi. Müňbaşy: «Men bu hukugy kän pul bilen edindim» diýdi. Pawlus: «Emma men rimli bolup doguldym» diýdi. Şeýlelikde, ony soraga çekjek bolup duranlar derrew ýanyndan çekildiler; müňbaşy hem Pawlusyň rimlidigini bilende gorkdy, çünki ony baglapdy. Ol ertesi gün ýehudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandygyny takyk bilmek üçin, ony çözdi, baş ruhanylar bilen bütin mejlise hem ýygnanmagy buýurdy. Onsoň Pawlusy getirip, olaryň garşysynda duruzdy. Pawlus mejlise nazaryny dikip: «Eý doganlar! Men Hudaýyň öňünde şu güne çenli sap wyždan bilen gezdim» diýdi. Baş ruhany Hananýa ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy. Pawlus oňa şeýle diýdi: «Eý agardylan diwar! Seni Hudaý urar! Meniň üstümden Mukaddes Kanun boýunça höküm çykarmak üçin otyrsyň, özüň bolsaň kanundan çykyp, meni urmagy buýurýarsyň». Baş ruhanynyň ýanynda duranlar: «Näme üçin Hudaýyň baş ruhanysyna sögýärsiň?» diýip, ondan soradylar. Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmeýärdim; çünki: „Öz halkyň baştutanyna hapa söz aýtma\ diýip ýazylgydyr» diýdi. Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýlerden, beýlekisiniň hem fariseýlerdendigini bilip: «Eý doganlar, men fariseý ogly fariseýdirin; meniň üstümden ölüleriň direlme umydy üçin höküm çykarylýar!» diýip, mejlisde gygyrdy. Ol muny aýdanda, fariseýler bilen saddukeýleriň arasyna agzalalyk düşüp, jemagat ikä bölündi. Sebäbi saddukeýler ne direlme, ne perişde, ne-de ruh bar diýýärler, fariseýler bolsa hemmesine ynanýarlar. Şeýlelikde, uly galmagal turdy, fariseýler mezhebinden bolan käbir kanunçylar ýokary turdular-da, dawalaşyp: «Biz bu adamda hiç bir erbetlik görmeýäris. Eger bir ruh ýa bir perişde onuň bilen gepleşen bolsa, onda Hudaýa garşy göreşmäliň» diýdiler. Agzalalyk ula ýazanda, olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder eden müňbaşy esgerlere aşak düşüp, ony olaryň arasyndan zor bilen alyp, gala äkitmegi buýurdy. Şol gije Reb Pawlusyň ýanyna gelip, oňa: «Batyr bol! Çünki sen Men barada Iýerusalimde nähili güwä geçen bolsaň, Rimde-de şeýle güwä geçmelisiň» diýdi. Ertesi gün ýehudylar biri-birleri bilen dil birikdirip: «Pawulsy öldürýänçäk, iýsek, içsek bize lagnat bolsun» diýip kasam etdiler. Bu dildüwşüge gatnaşanlaryň sany kyrkdan hem köpdi. Olar baş ruhanylaryň, ýaşulularyň ýanyna gelip şeýle diýdiler: «Biz Pawlusy öldürýänçäk bir zat datsak, bize lagnat bolsun diýip kasam etdik. Şeýlelikde siz mejlis bilen bilelikde Pawlusyň işine has takyk garamak bahanasy bilen, Pawlusy ýanyňyza getirmegini müňbaşydan haýyş ediň; biz-de gelip ýetmänkä, ony öldürmäge taýyn». Emma Pawlusyň ýegeni olaryň dildüwşük guranyny eşidip, gala bardy-da, muny Pawlusa habar berdi. Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, çünki oňa habar bermeli zady bar» diýdi. Şeýlelikde, ýüzbaşy ony alyp, müňbaşynyň ýanyna getirdi we: «Tussag Pawlus meni ýanyna çagyryp, şu ýigidi saňa getirmegimi haýyş etdi. Onuň saňa aýtjak zady bar eken» diýdi. Müňbaşy ýigidiň elinden tutup, bir gyra çekildi we ondan: «Maňa habar bermeli zadyň näme?» diýip sorady. Ol şeýle jogap berdi: «Ýehudylar Pawlusyň işini has takyk barlamak bahanasy bilen, ony ertir mejlise getirmegi senden haýyş etmek üçin dilleşdiler. Ýöne sen olara gulak asma, çünki olaryň kyrkdan gowrak adamy Pawlusa bukuda garaşýar, olar Pawlusy öldürýänçäk, iýsek, içsek bize lagnat bolsun diýip kasam etdiler. Şindi olar taýýar, seniň razyçylygyňa garaşýarlar». Müňbaşy: «Muny maňa habar bereniňi hiç kime aýtma» diýip tabşyryp, ýigidi ugratdy. Onsoň ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp, şeýle tabşyryk berdi: «Gije sagat üçde Kaýsariýa gitmek üçin iki ýüz esger, ýetmiş atly, iki ýüz naýzadar taýynlaň. Pawlusy mündürip, sag-aman häkim Felikse gowşurar ýaly-da, ulaglar taýýarlaň». Onsoň müňbaşy şeýle hat ýazdy: Klawdius Lisiýas hormatly häkim Felikse salam aýdýar. Ýehudylar bu adamy tutup, öldürjek bolup durkalar, men onuň rimlidigini bilip, esgerlerim bilen ýetişip, ony olaryň elinden halas etdim. Ony nämede aýyplaýanlaryny bilmek isläp, olaryň mejlisiniň öňüne çykardym. Ony öz kanunlary baradaky jedelli pikirler üçin aýyplaýandyklaryny bildim, ýöne ondan ölüme ýa tussaglyga mynasyp bir ýazyk tapmadym. Bu adamyň janyna ýehudylaryň kast etjek bolýandygy maňa habar berlende bolsa, ony derrew saňa ýollap, şikaýatçylara-da şikaýatlaryny seniň huzuryňda aýtmaklaryny buýurdym. Hoş gal». Esgerler özlerine buýrulyşy ýaly, Pawlusy alyp, gije Antipatrise getirdiler. Ertesi gün hem atlylary onuň bilen ugradyp, özleri yzlaryna gala gaýtdylar. Atlylar Kaýsariýa gelip, haty häkime berdiler-de, Pawlusy onuň huzuryna çykardylar. Häkim haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady; onuň Kilikiýadandygyny bilende bolsa: «Seni şikaýatçylaryň gelende diňlärin» diýdi-de, ony Hirodes saraýynda saklamagy buýurdy. Bäş günden soň, baş ruhany Hananýa ýaşulular we Tertullus atly bir garalawjy bilen geldi; bular häkime Pawlus barada şikaýat etdiler. Pawlusy çagyrdylar. Tertullus ony aýyplamaga başlap diýdi: Eý hormatly Feliks, seniň saýaňda uly parahatlyga gowşandygymyzy, seniň aladaň arkaly bu millet üçin çäreleriň görlendigini, biz hemişe we her ýerde uly minnetdarlyk bilen boýun alýarys. Emma seni köp güýmemezlik üçin, özüňe mahsus mylakatlylygyň bilen, bizi sähelçe diňlemegiňi haýyş edýärin. Biz bu adamy başymyza inen bela hem-de Ýer ýüzündäki bütin ýehudylar arasynda topalaňçy we nasyraly mezhebiniň baştutanlarynyň biri diýip bilýäris. Ol ybadathanany -da haramlamaga çalyşdy. Biz ony tutduk. Öz kanunymyz esasynda onuň üstünden höküm çykarmak isledik. Ýöne müňbaşy Lisiýas gelip, uly zorluk bilen ony elimizden aldy. Onuň şikaýatçylaryna seniň huzuryňa gelmegi buýurdy. Seniň özüň hem ony soraga çekip, biziň ony aýyplaýan zatlarymyzyň barynyň anygyna ýetip bilersiň». Ýehudylar hem munuň şeýledigini tassyklap, Pawlusa gönükdirlen bu aýyplamalara goşuldylar. Häkim geple diýip, Pawlusa ümläninde, Pawlus şeýle jogap berdi: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň kazysydygyňy bilýänligim üçin, özümi begenç bilen gorajak. Meniň Iýerusalime ybadat etmäge gidenime on iki günden köp bolmandygyny özüň hem anyklap bilersiň. Olar meniň ne ybadathanada, ne sinagogalarda, ne şäherde biri bilen jedelleşip duranymy, ne-de halky aýaga galdyranymy gördüler. Bular maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler. Ýöne şuny saňa ykrar edýärin: men Mukaddes Kanun esasyndaky her bir zada, pygamberler kitabynda ýazylanlaryň ählisine iman edip, bularyň azgyn mezhep diýýän Ýoly boýunça ata -babalarymyň Hudaýyna hyzmat edýärin. Bularyň özüniň hem kabul edişi ýaly, hem dogrularyň, hem egrileriň ölümden direlmegini Hudaýdan umyt edýärin. Şonuň üçin hem Hudaýyň, hem-de adamlaryň öňünde elmydam sap wyždanly bolmaga çalyşýaryn. Men köp ýyldan soň milletime sadaka, gurbanlyk bermäge geldim. Bu zatlar bilen gümra bolup ýörkäm, meni täretli ýagdaýda ybadathanada gördüler; ne üýşmeleň, ne-de başagaýlyk bardy. Ýöne ol ýerde Aziýadan bolan käbir ýehudylar bardy. Olaryň-da maňa garşy bir zatlary bolan bolsa, şu ýerde seniň huzuryňda durup, meni aýyplamaklary gerekdi. Mejlisiň öňünde duranymda, menden näme ýazyk tapan bolsalar, goý, bularyň özleri aýtsyn. Şeýle bolsa, olaryň ortasynda durkam: „Bu gün ölüleriň direlmegi hakda siziň huzuryňyzda meniň üstümden höküm çykarylýar\ diýip aýdan şu ýekeje sözüm üçindir». Mesih ýoly hakda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelende karar çykararyn» diýdi. Onsoň ýüzbaşa Pawlusy saklap, oňa ýeňillik bermegi, oňa garaşyk etmekleri üçin, dostlarynyň ýanyna gelmegini bökdemezligi buýurdy. Birnäçe günden soň bolsa Feliks öz ýehudy aýaly Deusilla bilen geldi-de, Pawlusy getirdip, onuň Mesihe iman hakda aýdýan gürrüňlerini diňledi. Pawlus dogrulyk, nebsiňe buýurma hem geljek höküm hakda gürrüň berende, Feliks gorkup: «Häzirlikçe git, pursat tapan mahalym seni çagyrdaryn» diýdi. Şol bir wagtda-da boşadylmagy üçin Pawlus özüne pul berer diýip umyt edýärdi. Şonuň üçin hem Pawlusy ýygy-ýygydan çagyryp, onuň bilen söhbet edýärdi. Şeýlelikde, iki ýyl geçip, Feliksiň ýerine Porkius Festus geldi. Feliks ýehudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy zyndanda galdyryp gitdi. Festus welaýata gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi. Baş ruhanylar bilen ýehudylaryň ululary oňa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler. Ondan haraý isläp, Pawlusy Iýerusalime getirtmegi haýyş etdiler. Olar buky gurap, Pawlusy ýolda öldürmegiň niýetindediler. Festus Pawlusyň Kaýsariýada zyndandadygyny, özüniň bolsa basym ol ýere gitjekdigini aýtdy. Onsoň: «Araňyzdaky sözi ötýän adamlar meniň bilen gelip, ol adamyň ýazykly ýeri bar bolsa, ony aýyplasynlar» diýdi. Ol olaryň arasynda sekiz-on günden artyk galman, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy. Pawlus gelende, Iýerusalimden baran ýehudylar onuň daşyny alyp, oňa subut edip bilmedik köp hem agyr aýyplaryny ýöňkediler. Pawlus özüni gorap: «Men ne ýehudylaryň kanunyna, ne ybadathana, ne-de kaýsara garşy günä etdim» diýdi. Festus ýehudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusa: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda üstüňden höküm çykarmagymy isleýärsiňmi?» diýdi. Emma Pawlus şeýle diýdi: «Men kaýsaryň höküm kürsüsi öňünde durun, meniň üstümden şu ýerde höküm çykarylmalydyr; men ýehudylara hiç bir ýamanlyk edemok, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň. Men ýamanlyk eden bolsam ýa ölüme mynasyp etmiş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn; bularyň maňa ýöňkeýän aýyplary esassyz bolsa, onda hiç kim meni bularyň eline berip bilmez. Men dawamy kaýsara arz edýärin». Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaňy kaýsara arz etdiň, kaýsara-da gidersiň» diýdi. Birnäçe gün geçenden soň, Agrippa patyşa bilen Beriniki Kaýsariýa, Festusa salama geldiler. Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berip, şeýle diýdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar. Men Iýerusalimdekäm, ýehudylaryň baş ruhanylary, ýaşululary oňa garşy höküm sorap, onuň üstünden şikaýat etdiler. Men olara: „Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirmän, oňa ýöňkelýän aýyp barada özüni goramaga pursat bermän, höküm etmek rimlileriň adaty däldir\ diýip jogap berdim. Olar bu ýere üýşenlerinde bolsa eglemän, ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, ol adamyň getirilmegini buýurdym. Ýöne şikaýatçylar galanlarynda, meniň oslan aýyplarymyň hiç birini ýöňkemediler. Olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölen, ýöne Pawlusyň diri diýýän şahsy hakda käbir jedelleri bar eken. Men bu zatlar baradaky jedelden aljyrap, ondan: „Iýerusalime gidip, ol ýerde bu zatlar babatda özüňe höküm edilmegini isleýärsiňmi?\ diýip soradym. Ýöne Pawlus dawasyny Awgustusyň hökümine saklamagy haýyş edensoň, kaýsara ýollaýançam, ony tussaglykda saklamagy buýurdym». Agrippa Festusa: «Men hem şol adamyň gürrüňini diňlemek isleýärin» diýdi. Ol-da: «Ertir ony diňlärsiň» diýdi. Ertesi gün Agrippa, Berniki uly dabarada gelip, müňbaşylar, şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde zala girenlerinde, Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler. Festus şeýle diýdi: «Eý, Agrippa patyşa we şu ýerdäki ähli adamlar! Siz bu adamy görýärsiňiz; hem Iýerusalimde, hem-de şu ýerde ähli ýehudy jemagaty maňa ondan şikaýat edip: „Ol mundan artyk diri galmaly däl!\ diýip gygyryşdylar. Emma men onuň ölüme mynasyp iş edenini tapmanym üçin, özüniň hem dawasyny Awgustusa arz edeni üçin, ony ýollamagy karar etdim. Ol hakda tagsyra ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de derňew geçirilenden soň, ýazmaga bir zadym bolsun diýip, ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý Agrippa patyşa, seniň huzuryňa çykardym. Sebäbi, bir tussagy ýollap, oňa ýöňkelýän aýyplary bildirmezlik maňa manysyz görünýär». Agrippa patyşa Pawlusa: «Saňa özüňi gorap geplemäge rugsatdyr» diýdi. Ine, şonda Pawlus elini uzadyp, özüni goramaga durdy: Eý Agrippa patyşa! Ýehudylaryň meni aýyplaýan bütin zatlary babatda özümi bu gün seniň öňüňde goramalydygym üçin men özümi bagtly saýýaryn. Çünki, ýehudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden seniň habaryň bar. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin. Meniň öz milletimiň arasynda, Iýerusalimde geçen durmuşymy başlangyçdan, ýaşlygymdan bäri bütin ýehudylar bilýärler. Güwä geçmek isleýän bolsalar, meni köp wagtdan bäri tanaýarlar. Men dinimiziň iň berk mezhebi boýunça fariseý bolup ýaşadym. Şindi hem Hudaý tarapyndan ata -babalarymyza berlen wada umyt baglanym üçin diwan öňünde durun. Halkymyzyň on iki taýpasy gije-gündiz Hudaýa yhlasly gulluk edip, bu wada ýetmegi umyt edýär. Eý patyşa, men şu umyt üçin ýehudylar tarapyndan aýyplanýaryn. Hudaýyň ölüleri direltmegi näme üçin sizde bolmajak zat saýylýar? Dogrusy, Nasyraly Isanyň adyna garşy köp zatlary etmegi men öz ýanymdan wajyp bilýärdim. Muny-da Iýerusalimde etdim; baş ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndanlara saldym, öldürilmeli bolanlarynda ses berdim. Olary bütin sinagogalarda öwran-öwran jezalandyryp, Isa dil ýetirmäge mejbur etdim. Olara garşy çendenaşa guduzlap, olary hatda ýat şäherlere çenli yzarladym. Munuň üçin baş ruhanylaryň ygtyýary we ýumşy bilen Şama barýarkam, Eý patyşa, günortanlar ýolda Gökden meniň we meniň bilen barýanlaryň daş-töweregini ýagtyldan, Günüň şöhlesinden hem güýçli bir nur gördüm. Barymyz ýere ýykylanymyzda, bir ses eşitdim. Ol maňa ýewreý dilinde: „Saul, Saul, näme üçin Maňa azar berýärsiň? Çişe depmek saňa kyndyr\ diýdi. Men: „Ýa Reb, Sen kimsiň?\ diýdim. Reb şeýle diýdi: „Men seniň azar berýän Isaň. Hany, dikel-de, aýak üstüne gal; çünki Men saňa gören zatlaryňa hem-de içinde aýan boljak zatlaryma hyzmatkär hem güwä edip bellemek üçin göründim. Men seni öz halkyň we başga milletleriň içinden çykaryp halas ederin. Olar tümlükden nura, şeýtanyň gol astyndan Hudaýa döner ýaly, şeýle hem Maňa bolan iman bilen günäleri bagyşlanyp, mukaddeslenenleriň arasyndan miras alar ýaly, gözlerini açmak üçin, seni olara ýollaýaryn\. Eý Agrippa patyşa, şonuň üçin hem men Gökden gelen görnüşe gulak asmazlyk etmedim. Ilki Şamdakylary, Iýerusalimde we bütin Ýahuda ýurdundakylary hem-de başga milletleri toba edip, Hudaýa dönmäge, toba mynasyp iş bitirmäge çagyrdym. Şonuň üçin ýehudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular. Indi maňa Hudaýyň hemaýaty nesip bolany üçin, men hem kiçä, hem ula şu güne çenli güwä geçip ýörün. Men pygamberler bilen Musanyň boljagyny aýdan zatlaryndan, ýagny Mesihiň görgi görmeli bolandygyndan, ölümden ilkinji direlen hökmünde hem öz halkymyza hem özge milletlere nury yglan etmelidiginden başga hiç zady aýdamok». Ol şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: «Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni dälilige eltipdir» diýdi. Pawlus oňa şeýle jogap berdi: «Eý, hormatly Festus, men dälirämok, diňe hakykat we sagdyn paýhas sözlerini aýdýaryn. Meniň huzurynda gaýratlylyk bilen gürleýän patyşam bu zatlardan habarlydyr. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine ynanýaryn, sebäbi bular bir künjekde ýüze çykan zatlar däl. Agrippa patyşa! Sen pygamberlere iman edýärsiňmi? Iman edýäniňi bilýärin». Agrippa Pawlusa: «Meni az salymyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi. Pawlus oňa: «Men, az bolsun, köp bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary hem şu zynjyrlarsyz meniň ýaly bolardylar diýip, Hudaýdan dileýärin» diýdi. Patyşa, häkim, Berniki we olar bilen oturanlar bu sözleri eşidenlerinde, ýerlerinden galdylar. Olar daşaryk çykanlarynda özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga mynasyp bir iş etmändir» diýişdiler. Agrippa Festusa: «Ol dawasyny kaýsara arz etmedik bolsady, ony boşatmak bolardy» diýdi. Gämä münüp, Italiýa gitmegimiz karar edilende, Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Awgustus goşunyndan bolan Ýulius atly ýüzbaşa tabşyrdylar. Şeýlelikde, Aziýa welaýatynyň kenarlaryndaky ýerlere barýan Edremit gämisine münüp ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikden bolan makedoniýaly Aristarhos hem bardy. Ertesi gün Saýda gelip ýetdik; Pawlusa ynsanperwerlik eden Ýulius oňa öz dostlary garaşyk etsin diýip, olaryň ýanyna gitmegine rugsat etdi. Ol ýerden ýola düşüp, Kipriň ygyndan geçdik, çünki ýel garşymyzdandy. Kilikiýa we Pamfiliýanyň garşysyndaky deňizden geçip, Likiýanyň Mira şäherine geldik. Ýüzbaşy şol ýerde Italiýa gitjek bolup duran bir Isgenderiýa gämisini tapyp, bizi oňa mündürdi. Ençeme günläp assa gidip, zordan Knidosyň deňine baranymyzda, ýel oňaýsyz bolany üçin, Giridiň ygy bilen Salmonäniň deňinden geçdik. Kenara golaý ýüzüp, Owadan duralgalar diýen ýere zordan geldik. Onuň golaýynda Lasea şäheri bardy. Köp wagt ötüpdi. Hatda oraza hem geçip, indi ýola düşmek hatarly bolany üçin, Pawlus olara nesihat berip: «Adamlar! Görýän welin, ýola düşmek diňe ýüke, gämä däl, eýsem, janlarymyza-da azaply, köp zyýanly boljak» diýdi. Emma ýüzbaşy Pawlusyň aýdanyna gulak asman, gämiçi bilen gäminiň hojaýynyna ynandy. Ýöne duralga gyşlamaga ýaramly bolmany üçin, adamlaryň köpüsi, başartsa, bu ýerden gidip, Giridiň demirgazyk-günbatara we günorta-günbatara bakyp duran duralgasy bolan Fenikse baryp gyşlamagy maslahat bildiler. Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, öz maksatlaryna ýetendirler öýdüp, labyry çekdiler-de, Giridiň golaýy bilen ýola düşdüler. Ýöne kän wagt geçmänkä, ada tarapdan Ewroklidon diýilýän güýçli ýel turdy. Ýel gämä urup, onuň öňünde durmak başartmansoň, ondan el üzüp, şol ugra kowuldyk. Klawda diýen bir kiçijik adanyň yk tarapyna ýetenimizde, gaýyga erk etmegi zordan başardyk. Gaýygy ýokary çekip, gämini daşyndan tanap bilen berk bagladylar-da, Sirtiň daşly saýlaryna düşmekden gorkup, ýelkeni inderdiler. Şeýdip, ýeliň ugruna kowuldyk. Gaýdan ýaňa agyr horluk çekenimiz üçin, ertesi gün gämiden ýük zyňmaga başladylar. Üçünji gün gäminiň şaýlaryny-da öz elleri bilen zyňdylar. Ençeme günläp Gün, ýyldyz görünmänsoň, güýçli tupan sowulmansoň, iň soňunda gutulma umydymyzy bütinleý ýitirdik. Köp wagtlap naharsyz galnansoň, Pawlus gämidäkileriň ortasynda durup, şeýle diýdi: «Eý adamlar! Meniň aýdanlaryma gulak asyp, Giritden aýrylman, bu azapdyr zyýany çekmeli däldik. Ýöne size aýdýaryn, arkaýyn boluň, çünki siziň araňyzda heläk boljak adam ýok, diňe gämi dargajak. Sebäbi Özüniňki bolup, Özüne gulluk edýän Hudaýymyň bir perişdesi öten agşam ýanymda durup: „Gorkma, Pawlus. Sen kaýsaryň öňünde durmalysyň. Hudaý seniň bilen barýanlaryň baryny, ine, saňa bagyşlady\ diýdi. Şonuň üçin, adamlar, arkaýyn boluň, özüme aýdylyşy ýaly boljakdygyna meniň Hudaýa ynamym bar. Ýöne biz bir ada düşmelidiris». On dördünji gije gelende, biz Adriatik deňzinde her ýana kowlup ýörkäk, ýarygije töwerekleri deňizçiler gury ýeriň ýakynlaşýandygyny çakladylar. Çuňlugy ölçänlerinde, ýigrimi gulaç çykdy; biraz ilerlänlerinden soň, ýene ölçänlerinde, on bäş gulaç çykdy. Gaýalyga düşmekden gorkup, arka tarapdan dört labyr atdylar-da, gündiz bolsun diýip doga etdiler. Deňizçiler gämiden gaçjak bolup, öň tarapdan labyr atmak bahanasy bilen, gaýygy deňze inderenlerinde, Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz gutulyp bilmersiňiz» diýdi. Şeýlelikde, esgerler gaýygyň tanaplaryny kesip, ony aşak gaçyrdylar. Daň saz berip barýarka, Pawlus naharlanmaklary üçin, hemmelere ýalbaryp, şeýle diýdi: «Hiç zat iýmän, garaşyp, naharsyz galanyňyza şu gün on dört gün boldy. Munuň üçin, haýyş edýärin, naharlanyň. Bu siziň gutulmagyňyz üçindir, çünki hiç biriňiziň başyňyzdan bir tüý-de kemelmez». Ol muny aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady. Şeýlelikde, hemmeler arkaýynlaşyp, naharlandylar. Gämide biziň jemimiz iki ýüz ýetmiş alty adamdy. Nahardan doýanlaryndan soň, bugdaýy deňze döküp, gämini ýeňletdiler. Gün doganda, ol ýeri tanamadylar; onsoň kenary çägelik bir aýlag görüp, başartsa, gämini şol ýere sürmeli diýen karara geldiler. Labyrlary kesip, deňze goýberen batlaryna, ruluň tanaplaryny çözdüler-de, öňdäki ýelkeni ýele galdyryp, göni kenara ugradylar. Onsoň bir burna düşüp, gämini saýa çykardylar. Gäminiň başy batyp, gymyldysyz galdy, arka tarapy bolsa gomlaryň zoruna dargap başlady. Tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, esgerler olary öldürmegiň niýetindediler. Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary niýetlerinden dändirdi. Onsoň ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar, galanlary hem käsi tagtalar, käsi-de gäminiň döwükleri bilen gury ýere çyksynlar diýip buýruk berdi. Şeýlelikde, ählisi gury ýere çykyp gutuldylar. Halas bolanymyzdan soň, adanyň adynyň Maltadygyny bildik. Ýerli halk bize adatdan daşary ynsanperwerlik görkezdi; ýagyş ýagyp, sowuk bolansoň, ot ýakyp, hemmämizi myhman aldylar. Pawlus bir üýşmek çöpleme çöpläp, oduň üstüne goýanda, bir zäherli ýylan oduň howrundan gaçyp, onuň eline ýapyşdy. Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende: «Her niçik-de bolsa, bu adam ganhordyr. Deňizden gutulan hem bolsa, Adalat taňrysy ony ýaşatmady» diýişdiler. Ýöne Pawlus elini silkip, ýylany oduň içine zyňdy, hiç bir zyýan hem görmedi. Olar onuň çişmegine ýa-da birden ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Köp garaşyp, oňa zelelli hiç zadyň bolmanyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol bir taňry!» diýişdiler. Ol ýeriň golaýynda adanyň Publius atly başlygynyň emlägi bardy. Ol bizi myhman alyp, üç gün hezzet-hormat etdi. Şol wagt Publiusyň atasyny ysytma, ganly içgeçme tutup ýatyrdy. Pawlus onuň ýanyna baryp, doga etdi-de, ellerini onuň üstüne goýup, ony sagaltdy. Bu wakadan soň, adadaky beýleki syrkawlar-da gelip şypa tapdylar. Bular hem bizi köp sylaglar bilen hormatladylar, ýola düşüp barýarkak, gerek-ýaraklarymyzy gämä ýüklediler. Biz üç aýdan soň, Isgenderiýanyň şol adada gyşlan Ekizler belgili gämisi bilen ýola düşdük. Sirakusa baryp, üç gün galdyk. Ol ýerden aýlanyp, Regiuma gelip ýetdik. Bir günden soň, günorta ýeli turany üçin, ikinji güni Puteola geldik. Ol ýerde birnäçe dogany tapdyk. Olar bizden ýedi günläp ýanlarynda galmagymyzy haýyş etdiler. Şeýlelik bilen, Rime geldik. Rimdäki doganlar bizden habarly bolanlarynda, ol ýerden Appius Forumyna we Üç Myhmanhana çenli bizi garşylamaga geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür etdi, gaýratlandy. Rime baranymyzda, ýüzbaşy tussaglary serkerdä tabşyrdy, Pawlusa bolsa özüne gözegçilik edýän esger bilen birlikde, özbaşdak galmaga rugsat etdiler. Üç günden soň Pawlus ýehudylaryň ulularyny çagyrdy. Üýşenlerinde, olara şeýle diýdi: «Eý doganlar! Men halkyň garşysyna, ata -baba adatlarynyň garşysyna hiç zat etmesem hem, tussag edilip, Iýerusalimden rimlileriň eline berildim. Olar meni soraga çekenlerinden soň, boşatjak boldular, çünki meni öldürmäge hiç bir esas ýokdy. Emma ýehudylar garşy çykanlarynda, men kaýsara arz etmäge mejbur boldum, ýöne öz milletimden nägileligim ýok. Men sizi şu babatda görüşmek, gepleşmek üçin çagyrdym, sebäbi men Ysraýylyň umydy üçin bu zynjyr bilen bagly». Olar-da oňa diýdiler: «Bize sen hakda Ýahudadan ne hatlar gowuşdy, ne-de doganlardan biri gelip, sen hakda habar berdi ýa-da erbet zat aýtdy. Ýöne seniň nähili düşünjeleriň bardygyny özüňden eşidesimiz gelýär, çünki her ýerde bu mezhebiň ýamanlanýandygy bize mälim». Şeýlelikde, bir güni belläp, köp adamlar onuň ýanyna, bolýan ýerine geldiler. Ol hem Hudaýyň Patyşalygyna güwä geçmek bilen, olara hakykaty düşündirdi. Ir ertirden giç agşama çenli Musanyň kanunyna, pygamberler ýazgysyna salgylanyp, olary Isa ynandyrmaga çalyşdy. Aýdylan zatlara käbiri ynandy, käbiri ynanmady. Olar özara ylalaşman, Pawlus bu soňky sözi aýdandan soň gitdiler: «Mukaddes Ruh Işaýa pygamber arkaly atalarymyza gürrüň berip, gowy aýdypdyr: Bar, bu halka aýt: Eşidýän gulaklar bilen eşidip, düşünmersiňiz; Görýän gözler bilen görüp, seljermersiňiz; Çünki bu halkyň ýüregi gatady, gulaklary agraldy, gözlerini-de ýumdular. Beýle bolmasa, gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidip, ýürekleri bilen düşünip, Maňa tarap öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim\. Şeýlelikde, Hudaýyň bu gutulyşynyň ýehudy dällere iberilendigini indi biliň, olar diňlär». Pawlus muny aýdandan soň, ýehudylar öz aralarynda köp jedelleşip gitdiler. Şeýlelikde, Pawlus tutuş iki ýyllap öz kireýine tutan jaýynda bolup, ýanyna gelenleriň baryny kabul etdi. Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, Reb Isa Mesihe degişli zatlary bütin gaýratlylyk bilen bökdençsiz öwretdi. Isa Mesihiň guly, resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryna saýlanan men Pawlusdan salam! Hudaýyň pygamberleri arkaly Mukaddes Ýazgylarda öňden wada eden ol Hoş Habary Ten boýunça Dawudyň tohumyndan bolup, mukaddeslik ruhy boýunça ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Ogludygy gudrat bilen subut bolan Öz Ogly, Rebbimiz Isa Mesih hakdadyr. Biz Onuň adynyň hatyrasyna bütin milletlerde imana tabynlyk oýarmak üçin Ol arkaly merhemet we resullyk aldyk. Siz hem Isa Mesih tarapyndan çagyrylanlar hökmünde şol milletler arasyndasyňyz. Hudaýyň Rimdäki ähli eý görýänleri we mukaddeslige çagyrylan size Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesih merhemet etsin, parahatlyk bersin. Ilki bilen, imanyňyzyň bütin dünýäde yglan edilýänligi sebäpli, baryňyz üçin Isa Mesih arkaly Hudaýyma şükür edýärin. Çünki Hudaýyň islegi bilen ahyrsoňy indi hoşbagtlyk tapyp, bir tär bilen size gelmezmikäm diýip ýalbaryp, elmydam dogalarymda sizi birsyhly ýatlaýanyma Oglunyň Hoş Habarynda ruhum bilen gullugyny edýän Hudaýym güwämdir. Çünki men, berkitjek bir ruhy sylaga ýetirmek üçin, sizi görmegi gaty küýseýärin. Islegim özüm araňyzdakam sizde we mende, biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapmagymyzdyr. Eý doganlar, men beýleki milletler arasynda bolşy ýaly, siziň araňyzda-da hasylym bolsun diýip, ýanyňyza gelmegi telim gezek ýüregime düwenimiň, ýöne şu wagta çenli päsgelçilige gabat gelenimiň size nämälim bolup galmagyny islemeýärin. Men greklere hem warwarlara, akyldarlara hem nadanlara borçludyryn. Şeýlelikde, elimden geleni aýaman, siz Rimdäkilere-de Hoş Habary wagyz etmäge taýyn. Çünki men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene, ilki bilen ýehudylara we soňra greklere Hudaýyň gutulma güýjüdir. Çünki: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýip ýazylyşy ýaly, Hoş Habarda Hudaýyň dogrulygy imandan imana aýan bolýar. Sebäbi Hudaýyň hakykaty nädogrulykda saklaýan adamlaryň bütin hudaýsyzlyk we nädogrulygyna edýän gahar-gazaby Gökden aýan bolýandyr. Çünki Hudaý hakdaky mälim zatlar olara bellidir, muny Hudaý olara belli edendir. Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär. Ýöne olar Hudaýy tanasalar-da, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrman, Oňa şükür etmän, öz düşünjelerinde batyl boldular, pähimsiz ýürekleri garaňkylykda galdy. Özlerini akyldar saýyp, akmak boldular. Pany däl Hudaýyň şöhratyny pany adamyň, guşlaryň, dört aýaklylaryň we süýreniji haýwanlaryň suratyna meňzeş zatlara öwürdiler. Şonuň üçin, tenleri öz aralarynda betnam bolsun diýip, Hudaý olary ýürekleriniň haram keýpi içinde pislige tabşyrdy. Olar Hudaýyň hakykatyny galplyga çalşyp, ýaradylana Ýaradandan zyýada hormat hem gulluk etdiler. Ol bolsa baky mübärekdir. Omyn. Şu sebäpden Hudaý olary wejera hyjuwlara tabşyrdy, çünki olaryň aýallary hem teniň tebigy ulanylyşyny tebigy däl ulanyşa öwürdiler. Şonuň ýaly-da, erkekleri aýalyň tebigy ulanylyşyny terk edip, hyjuwlarynda biri-birleri bilen gyzyklandylar. Erkekler erkekler bilen ryswalyk edip, öz azgynçylyklaryna laýyk haklaryny hem aldylar. Olaryň öz paýhaslarynda Hudaýy tanamak islemeýişi ýaly, Hudaý hem olary ýerliksiz işleri etmekleri üçin ýaramaz pikirde taşlady. Olar bütin nädogrulyk, zyna, erbetlik, betnebislik, ýamanlyk bilen doly bolup, içigaraçylyk, adam öldürmek, jedel, mekirlik, bethäsiýetlikden doly, gepçi, töhmetçi, Hudaýy ýigrenýän, tekepbir, öwünjeň, erbet zatlary oýlap tapyjy, ata -enä etagatsyz, pähimsiz, wepasyz, tebigy söýgüsiz we rehimsizdir. Olar Hudaýyň beýle işleri edýänler ölüme mynasypdyr diýen adyl hökümini bilseler-de, bu işleri diňe bir etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary edýänleri-de halaýarlar. Şonuň üçin, eý, höküm edýän adam, sen ötünçsizsiň, çünki başga birini höküm edýän zadyňda özüňe iş kesýänsiň, çünki, eý, höküm edýän, sen şol zatlaryň özüni edýänsiň. Biz bolsak Hudaýyň höküminiň beýle zatlary edýänler barada hakykat esasyndadygyny bilýäris. Eý, beýle işleri edenleri höküm edip-de, özi bu işleri edýän adam, sen Hudaýyň höküminden gaçyp syparyn öýdýärsiňmi? Ýa-da Hudaýyň ýagşylygynyň özüňi toba eltýänini bilmän, Onuň ýagşylygynyň, sabrynyň, çydamynyň baýlygyny äsgermezlik edýärsiňmi? Sen keçjallygyňa, toba gelmez ýüregiňe görä, gazap güni üçin Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak güni üçin, özüňe gazap ýygnaýarsyň. Hudaý her kişä öz eden işine görä hak berer: ýagşy işde çydamlylyk görkezip, şöhrat, hormat we çüýremezligi agtarýanlara ebedi ýaşaýyş; igenjeň, hakykata boýun bolman, nädogrulyga boýun bolanlara bolsa gazap hem gahar, ilki bilen ýehudylara, soňra greklere, ýamanlyk eden her adama muşakgat we gaýgy; ýagşylyk eden adama hem, ilki bilen ýehudylara, soňra greklere şöhrat, hormat we parahatlyk berer. Sebäbi Hudaýyň ýüz görmesi ýokdur. Mukaddes Kanuny bolman günä edenler bikanun hem heläk bolar. Kanun astynda günä edenler kanun boýunça höküm ediler. Çünki Hudaýyň huzurynda aklanjaklar kanuny diňleýänler däl-de, kanuny berjaý edýänlerdir. Sebäbi kanuny ýok milletler häsiýetlerine görä kanuna laýyk işleri berjaý edýän bolsa, onda bu kanuny ýoklaryň özi bir kanundyr. Ynsaplary olar bilen birlikde güwä geçmek, pikirleri öz aralarynda olary kä aýyplap, kä-de ýuwmarlamak bilen, kanuna laýyk işleriň olaryň ýüreginde ýazylgydygyny görkezýändir. Meniň Hoş Habaryma görä, Hudaýyň Isa Mesih arkaly adamlaryň ýaşyryn işleriniň üstünden höküm çykarjak gününde şu zatlar bolar. Ine, sen ýehudy adyny alyp-da, kanuna guwanýan, Hudaýa buýsanýan bolsaň, kanundan tälim almak bilen, Onuň islegini bilip, iň ýagşy zatlary saýgarýan bolsaň, kanunda bilim we hakykatyň esasyna eýe bolup, körleriň ýol görkezýäni, tümlükdäkileriň yşygy, nadanlaryň terbiýeçisi, ýaşy ýetmedikleriň mugallymydygyňa öz ynamyň bar bolsa, onda başgasyna tälim berýän sen indi özüňe tälim bermeýärsiňmi? Ogrulyk etmeli däl diýip wagyz edýän sen ogrulyk edýärsiňmi? Zyna etmeli däl diýýän sen zyna edýärsiňmi? Butlary ýigrenji saýýan sen ybadathanany ýarýarsyňmy? Kanuna buýsanýan sen kanuna garşy çykmak bilen, Hudaýa hormatsyzlyk edýärsiňmi? Çünki ýazylyşy ýaly, milletler arasynda Hudaýyň adyna siz zerarly dil ýetirilýär. Kanuny berjaý etseň, sünnetlilik peýdalydyr, eger-de kanuna garşy çyksaň, onda sünnetliligiň eýýäm sünnetsizlige öwrülendir. Şeýle hem bir sünnetsiz kanunyň adyl hökümlerini saklaýan bolsa, onuň sünnetsizligi sünnetlilik hasaplanmazmy? Ten boýunça sünnetsiz bolsa-da, kanuny ýerine ýetirýän adam Ýazga we sünnetlilige eýe bolup, kanuna garşy çykýan seni höküm etmezmi? Sebäbi daşy ýehudy entek ýehudy däl, daşy, teni sünnetli hem entek sünnetli däldir, diňe içi ýehudy ýehudydyr, ýazgyda däl-de, ýüregiň ruhdaky sünnetliligi hakyky sünnetlilikdir. Munuň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr. Şeýlelikde, ýehudynyň näme artykmaçlygy bar? Sünnetliligiň peýdasy näme? Ähli babatda köp. Çünki Hudaýyň sözleri ilki ýehudylara ynanyldy. Onda näme? Käbirleri iman etmände, olaryň imansyzlygy Hudaýyň ynamdarlygyny ýok edermi? Asla etmez! Ýöne: «Sen Öz sözleriňde dogry çykyp, üstüňden höküm çykarylanda, ýeňer ýaly» diýip ýazylyşy kimin, bütin adamlar ýalançy bolsa-da, Hudaý dogruçyldyr. Biziň nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny görkezýän bolsa, onda näme diýeris? Adamlaryň pikir edişine görä aýdýaryn, gazap edýän Hudaý adalatsyzmydyr? Ýok! Beýle bolsa, Hudaý dünýäniň üstünden nähili höküm çykaryp biler? Sebäbi meniň ýalanym bilen Hudaýyň hakykaty Onuň şöhratyny artdyrýan bolsa, näme üçin ýene men günäli hökmünde höküm edilýärin? Käbirleriniň bize töhmet atyp, şeýle gürleýşimizi aýdyşy ýaly, näme üçin: «Ýagşylyk geler ýaly, ýamanlyk edeliň» diýmäli? Olaryň hökümi dogrudyr. Indi näme? Biziň artykmaçlygymyz barmy? Asla ýokdur, çünki biz bary günä astyndadyr diýip, öň hem ýehudylary, hem-de grekleri günäkär etdik. Hiç dogry adam ýok, biri-de ýok. Düşünýän ýok, Hudaýy agtarýan ýok. Hemmesi ýoldan çykdy, olaryň ählisi dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok. Olaryň bogazy açyk gabyrdyr. Olar dilleri bilen aldaýarlar, dodaklarynda gömülgeniň zäheri bar. Olaryň agzy gargyşdan, ajylykdan doludyr. Olaryň aýagy gan dökmäge ýorga. Olaryň ugran ugry weýrançylyk bilen zorlukdyr. Olar parahatlyk ýoluny bilmediler, gözleriniň öňünde Hudaýdan gorkma ýok» diýlip ýazylandyr. Ýöne her agyz baglanyp, bütin dünýä Hudaýyň hökümine sezewar bolar ýaly, Mukaddes Kanunyň aýdýanlarynyň baryny kanun astyndakylara aýdýandygyny bilýäris. Munuň üçin, Onuň huzurynda hiç kim kanun işlerini etmek bilen aklanmaz, çünki günäni bilmek kanun arkaly döreýändir. Kanun we pygamberler tarapyndan güwä geçilen Hudaýyň dogrulygy, ýagny Isa Mesihe iman arkaly iman edenleriň ählisine we ählisiniň üstünde bolan Hudaýyň dogrulygy şu wagt kanunsyz aýan boldy. Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy. Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň merhemeti bilen mugt aklanar. Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin, Özi adyl bolup, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi. Onda öwünme nirede? Ol daşarda. Haýsy kanun bilen? Işleriňki bilenmi? Ýok, iman kanuny bilen. Çünki biz adam kanun işlerinden üzňelikde, iman arkaly aklanar diýip hasap edýäris. Eýsem, Hudaý diňe ýehudylaryň Hudaýymy? Özge milletleriňki hem dälmi? Ol, elbetde, olaryň hem Hudaýy. Sebäbi sünnetlileri -de öz imanlary arkaly, sünnetsizleri -de öz imanlary arkaly aklajak Hudaý ýalňyz Hudaýdyr. Onda biz iman arkaly kanuny ýatyrýarysmy? Ýok, ony berkarar edýäris. Onda, ten boýunça atamyz bolan Ybraýym näme tapdy diýeli? Ybraýym iş bilen aklanan bolsa, onda onuň öwünmäge haky bar, ýöne Hudaýyň öňünde däl. Ýazgy näme diýýär? «Ybraýym Hudaýa iman etdi, bu oňa dogrulyk saýyldy». Buýrugy berjaý edene sylag merhemete görä däl, borja görä saýylýandyr. Emma buýrugy berjaý etmän, hudaýsyzy aklana iman edeniň imany oňa aklanma saýylýandyr. Dawut hem Hudaýyň işine garaman aklan adamynyň bagtyýarlygyndan gürrüň berende şeýle diýýär: Kanunsyzlyklary bagyşlananlar, günäleriniň üsti örtülenler nähili bagtly! Rebbiň günäli saýmaýan adamy nähili bagtly!» Bu bagtlylyk diňe sünnetlilere degişlimi? Ýa sünnetsizlere -de degişlimi? Çünki biz iman Ybraýyma dogrulyk saýyldy diýýäris. Eýle bolsa, haçan saýyldy? Sünnetlilikdemi ýa sünnetsizlikde? Sünnetlilikde däl, ol sünnetsizlikde aklandy. Ybraýym sünnetsizlikde iman edýänleriň barynyň atasy bolup, olara dogrulyk saýylar ýaly, ol sünnetsizlikdekä özünde bolan iman arkaly gazanan dogrulygynyň möhri hökmünde sünnetlilik tagmasyny aldy. Ol diňe bir sünnetli bolanlaryň däl, eýsem, sünnetsizlikdekä atamyz Ybraýymda bolan imanyň yzyna eýerýänleriň hem sünnet atasydyr. Çünki dünýä mirasçysy bolmak wadasy Ybraýyma, onuň nesline kanun arkaly däl, eýsem, iman bilen gazanylan dogrulyk arkaly berildi. Çünki kanuna daýanýanlar mirasçy bolsa, onda iman boşap, wada ýatyrylandyr. Sebäbi kanun gahar getirýändir, kanunyň ýok ýerinde jenaýat hem ýokdur. Şeýlelikde, wada merhemete görä bolup, bütin nesil barada, diňe kanuna daýanan däl, eýsem, Ybraýymyň imanyna eýe bolan barada-da ýörgünli bolmagy üçin imandandyr. «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýip ýazylyşy ýaly, Ybraýym özüniň iman eden Hudaýynyň, ölä jan beren, ýoklary barlyga çagyran Hudaýynyň öňünde biziň hemmämiziň atamyzdyr. Ol «Seniň nesliň şeýle bolar» diýip aýdylyşyna görä, umytsyzlykda umyt bilen iman edip, köp milletleriň atasy boldy. Ol imanynda gowşaman, tas ýüz ýaşynda bolsa-da, bedeni ölüdir, Saranyň ýatgysy ölüdir öýtmedi. Hudaýyň wadasyna imansyzlyk bilen şübhelenmän, gaýtam, Hudaýy şöhratlandyryp imanda güýjedi. Onuň beren wadasyny ýerine ýetirmegi başarýanlygyna doly ynandy. Şonuň üçin hem imany oňa dogrulyk saýyldy. Dogrulyk saýylandygy diňe ol babatda däl, eýsem Rebbimiz Isany Direldene iman eden we dogry saýyljaklar bolan biz babatda hem ýazylandyr. Isa biziň günä-tagsyrymyz üçin ölüme berlip, biziň aklanmagymyz üçin hem direldildi. Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr. Biz içinde duran bu merhemetimize girmegi-de Ol arkaly iman bilen gazandyk. Hudaýyň şöhratyna şärik bolmak umydy bilen magtanýarys. Diňe munuň bilen hem däl, eýsem, muşakgatlar bilen-de magtanýarys, çünki muşakgatyň çydamy, çydamyň tejribäni, tejribäniň hem umydy emele getirýändigini bilýäris. Umyt bolsa utandyrmaz, çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr. Hawa, biz entek güýçsüzkäk, Mesih belli wagtda hudaýsyzlar ugrunda öldi. Bir dogry adam ugrunda biriniň ölmegi müşgüldir, ýöne bir oňat adam ugrunda, belki, biri ölmäge ýürek eder. Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi. Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr. Sebäbi duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, ýaraşyk edenimizden soň, Onuň ömri bilen gutuljagymyz has anykdyr. Diňe bu hem däl, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen-de magtanýarys. Biz ýaraşygy Mesih arkaly aldyk. Şeýlelikde, bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň peýda bolşy ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki olaryň hemmesi günä etdi. Kanun berilmezden öň hem dünýäde günä bardy, ýöne kanun bolmasa, günä hasaba alynmaz. Emma Adamatadan Musa çenli Geljegiň nusgasy Adamatanyň jenaýatyna meňzeş günä etmedikleriň hem üstünden ölüm höküm sürdi. Ýöne merhemet sylagy tagsyr ýaly däldir. Sebäbi biriniň tagsyry arkaly köp adamlar ölen bolsa, onda Hudaýyň merhemeti we bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly bolan merhemetdäki sylag köpler üçin has-da artandyr. Sylag bir adamyň gazanan günäsiniň netijesi ýaly däldir. Sebäbi bir günäden bolan höküm iş kesmek, ýöne köp günäden bolan merhemet sylagy aklanmak üçin berilýändir. Çünki biriniň günäsi bilen ölüm biri arkaly höküm süren bolsa, onda, merhemet we aklanma sylagynyň bollugyny alanlar hem Biri, ýagny Isa Mesih arkaly ýaşaýyşda has beter höküm sürer. Bir günä arkaly bütin adamlara iş kesilişi ýaly, bir dogrulyk arkaly-da bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi. Sebäbi bir adamyň boýun bolmazlygy üçin köpleriň günäkär ornunda oturdylyşy ýaly, Biriniň boýun bolmagy bilen-de köp adamlar dogry ornunda oturdylar. Kanun günäniň köpelmegi üçin ara girdi. Emma günäniň ölümde höküm sürşi ýaly, merhemet hem Rebbimiz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýyş üçin dogrulyk bilen höküm sürsün diýip, günäniň köpelen ýerinde merhemet has-da artdy. Indi näme diýeliň? Merhemet köpelsin diýip, günäde galalyňmy? Ýok! Günä etmeklige ölen biz indi onda gaýtadan nähili ýaşarys? Ýa-da Mesih Isa çokundyrylanlarymyzyň barynyň Onuň ölümine çokundyrylandygyny bilmeýärsiňizmi? Atanyň şöhraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi kimin, biz hem täzelenen ýaşaýyşda gezer ýaly, çokunma arkaly Onuň bilen bile ölüme gömlendiris. Onuň ölümine meňzeşlikde Onuň bilen birleşen bolsak, direlmegine meňzeşlikde-de birleşeris. Çünki günä jesedi ýogalyp, biz mundan beýläk günä gulluk etmez ýaly, köne adamymyzyň Onuň bilen birlikde haça çüýlenendigini bilýäris. Çünki kim ölen bolsa, ol günäden aklanandyr. Biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajagymyza hem ynanýarys. Sebäbi biz Mesihiň direlendigini, indi ölmejekdigini, indi ölümiň Oňa agalyk etmejekdigini bilýäris. Çünki Ol ölen ölümini günä üçin bir gezek öldi, ýöne ýaşaýan ýaşaýşyny Hudaý üçin ýaşaýandyr. Şonuň ýaly, siz-de özüňizi günä etmeklige öli, ýöne Rebbimiz Mesih Isada Hudaýa diri saýyň. Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin. Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip, Hudaýa tabşyryň. Günä size agalyk etmez. Çünki siz kanun astynda däl, merhemet astyndasyňyz. Ýene näme? Kanun astynda bolman, merhemet astyndadygymyz üçin günä edeliňmi? Ýok! Boýun bolmak üçin özüňizi gul hökmünde kime tabşyrsaňyz, kime boýun bolsaňyz onuň, ölüm üçin günäniň ýa dogrulyk üçin tabynlygyň gullarydygyňyzy bilmeýärsiňizmi? Ýöne Hudaýa şükür, siz günäniň gullarykaňyz, tabşyrylan taglymatyňyzyň mazmunyna ýürekden boýun bolduňyz. Şeýle, günäden azat edilip, dogrulyk gullary bolduňyz. Teniňiziň ejizligi üçin, men adamlaryň pikir edişine görä gepleýärin. Çünki synalaryňyzy hapalyga, kanunsyzlyk üçin kanunsyzlygyň gullugyna tabşyryşyňyz ýaly, indi synalaryňyzy mukaddeslik üçin dogrulygyň gullugyna tabşyryň. Siz günäniň gullarykaňyz dogrulykdan azatdyňyz. Häzirki utanýan zatlaryňyzdan şol wagt näme hasylyňyz bardy? Çünki ol zatlaryň soňy ölümdir. Ýöne indi günäden dynyp, Hudaýyň gullary bolduňyz, mukaddeslik üçin hasylyňyz bar, munuň soňy bolsa ebedi ýaşaýyşdyr. Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr. Eý doganlar, (kanuny bilýänlere gürrüň berýärin) siz adam dirikä kanunyň oňa agalyk edýänini bilmeýärsiňizmi? Ärli aýal diri ärine kanun arkaly baglydyr, äri ölse welin, nika kanunyndan boşaýar. Şoňa görä-de, aýal äri dirikä başga äre barsa, oňa zynahor diýler, ýöne äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir. Eý doganlar, siz hem şonuň ýaly başga Biriniňki, ýagny Direleniňki bolmak üçin, Hudaýa hasyl getirer ýaly, Mesihiň bedeni arkaly kanuna öldüňiz. Sebäbi biz teniň hökümi astyndakak, kanun arkaly oýarylan günä höwesleri ölüm hasylyny getirmek üçin, synalarymyzda işleýärdi. Emma indi, ýazgy köneliginde däl, ruhuň täzeliginde gulluk eder ýaly, tutulanymyza ölenimiz üçin, kanundan boşadylandyrys. Indi näme diýeliň? Kanun günämidir? Ýok! Ýöne kanun ara düşmedik bolsa, günäni tanamazdym, kanun: «Açgöz bolma» diýmedik bolsa, açgözlükden hem hiç zat bilmezdim. Emma günä bu buýruk arkaly bahana tapyp, içimde her hili açgözlügi döretdi, çünki günä kanundan üzňelikde ölüdir. Men bir wagtlar kanundan üzňelikde diridim, ýöne buýruk gelende, günä janlandy. Men hem öldüm. Şeýlelikde, ýaşaýyş üçin berlen buýrugyň özi maňa ölüm üçin bolup çykdy. Sebäbi günä buýruk arkaly bahana tapyp, meni aldawa saldy, ol arkaly öldürdi. Şoňa görä-de, kanun mukaddes, buýruk hem mukaddes, adalatly we oňatdyr. Şeýlelikde, oňat bolan zat maňa ölüm boldumy? Ýok! Ýöne günä buýruk arkaly çendenaşa günäli bolar ýaly, günä ― günä bolup görünsin diýip, oňat zat arkaly maňa ölüm hasyl etdi. Kanunyň ruhudygyny bilýäris, ýöne men tene degişli bolup, günäniň guly hökmünde satylandyryn. Sebäbi men näme edýänimi bilmeýärin, ýagny islän zadymy etmän, ýigrenen zadymy edýärin. Eger-de islemeýän zadymy edýän bolsam, onda kanunyň oňatdygyny tassyklaýandyryn. Ýöne ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir. Çünki mende, ýagny tenimde ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny bilýärin, sebäbi mende gowulyk islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn. Çünki isleýän ýagşy işimi edemok-da, islemeýän erbet işimi edýärin. Men islemeýänimi edýän bolsam, onda ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir. Şeýlelikde, men bu kanuny tapýaryn, ýagşylyk etjek bolamda, mende erbetlik häzir bolýar. Hudaýyň kanunyndan içki tebigatyma görä lezzet tapmaýaryn. Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär. Ne biçäre adam men! Bu ölüm teninden meni kim halas eder? Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin. Men indi pikir bilen Hudaýyň kanunyna, ýöne ten bilen günä kanunyna gulluk edýärin. Şeýlelik bilen, Mesih Isada bolanlara, ten bilen däl-de, Ruh bilen gezýänlere häzir hiç hili iş kesme ýokdur. Çünki Mesih Isadaky ýaşaýyş Ruhunyň kanuny meni günä hem ölüm kanunyndan azat edendir. Çünki teniň güýçsüzligi zerarly, kanuna mümkin bolmadyk zady Hudaý etdi. Ol kanunyň talap edýän dogrulygy tene görä däl, Ruha görä gezýän bizde ýerine ýeter ýaly, Öz Ogluny günä teni meňzeşliginde günä üçin ýollap, tende günä iş kesdi. Çünki tene görä bolanlar tene degişli işlere, Ruha görä bolanlar hem Ruha degişli işlere pikir edýändir. Çünki tene daýanýan pikir ölüm, Ruha daýanýan pikir ýaşaýyşdyr, parahatlykdyr. Sebäbi tene daýanýan pikir Hudaýa duşmançylykdyr, Hudaýyň kanunyna tabyn bolýan däldir, muny başarýan hem däldir. Şonuň üçin teniň hökümi astyndakylar Hudaýyň göwnünden turmagy başarmaz. Hudaýyň Ruhy sizde mesgen tutan bolsa, onda siz tende däl, Ruhdasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy ýok bolsa, ol Onuňky däldir. Mesih sizde bolsa, onda ten günä üçin öli, ruh hem aklanma üçin diridir. Isany Direldeniň Ruhy sizde mesgen tutýan bolsa, onda Mesihi ölümden Direlden sizde mesgen tutan Ruhy üçin ölümli bedeniňize-de ýaşaýyş berer. Eý doganlar, biz borçludyrys, ýöne tene görä ýaşamak üçin tene borçly däldiris. Tene görä ýaşasaňyz, ölersiňiz, ýöne beden işlerini Ruh bilen öldürseňiz, ýaşarsyňyz. Çünki Hudaýyň Ruhy arkaly ideklenýänleriň bary Hudaýyň ogludyr. Çünki siz ýene-de gorky üçin gulluk ruhuny däl-de, ogullyk ruhuny alansyňyz. Biz şol ruh bilen: «Abba, Ata» diýip seslenýäris. Biziň Hudaýyň perzendidigimize şol ruhuň özi ruhumyz bilen güwä geçýär. Perzent bolan bolsak, onda hem mirasçydyrys ― Hudaýyň mirasçylary, Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Isa bilen bile görgi görýän bolsak, bile şöhratlanmagymyz üçindir. Meniň pikirimçe, şu wagtky görgüler bize aýan boljak geljekki şöhrat bilen deňeşdirer ýaly däl. Çünki ýaradylyş Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyna küýseg bilen garaşýar. Sebäbi ýaradylyş öz islegi bilen däl-de, ony tabyn Etdireniň islegi bilen puçluga tabyn boldy. Munda ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar diýen umyt bardy. Çünki biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris. Diňe bir ýaradylyş hem däl, eýsem, Ruhuň ilkinji miwesini alan biziň özümiz hem ogullyga alynmagymyza, ýagny tenimiziň halas bolmagyna garaşyp, içimizden ah çekýäris. Çünki biz bu umyt bilen halas bolandyrys. Ýöne görünýän umyt umyt däldir, görýän zadyna kim umyt baglar? Ýöne görmedik zadymyza umyt baglasak, şonda sabyrly garaşarys. Ruh hem ejizligimizde bize kömek berer, çünki biz nähili doga etmelidigimizi bilmeýäris, ýöne Ruhuň Özi aýdyp bolmaz iňňildiler bilen biziň üçin töwella eder. Emma ýürekleri Derňeýän Ruhuň pikiriniň nämedigini bilýändir, çünki Ruh mukaddesler üçin Hudaýyň islegine görä töwella edýändir. Biz ähli zatlaryň Hudaýy söýýänleriň, Onuň maksadyna görä çagyrylanlaryň bähbidi üçin birlikde işleýändigini bilýäris. Sebäbi köp doganlaryň arasynda Öz Oglunyň ilkinji doglan bolmagy üçin, Hudaý öňden tanaýan adamlaryny Oglunyň keşbine dönmek üçin öňden belläp goýdy. Ol öňden bellänlerini-de çagyrdy, çagyranlaryny-da aklady, aklanlaryny-da şöhratlandyrdy. Ýeri, muňa näme diýersiň? Hudaý bizlik bolsa, onda kim bize garşy? Öz Ogluny gaýgyrman, biziň hemmämiz üçin ölüme beren Hudaý Onuň bilen bile bize bar zady nähili bagyşlamaz? Hudaýyň saýlanlaryny kim aýyplar? Olary aklaýan Hudaýdyr. Kim iş keser? Biziň üçin töwella edýän ölen, ondan hem beter direlip, Hudaýyň sagynda oturan Mesih Isadyr. Mesihiň söýgüsinden bizi kim aýrar? Muşakgatmy, gaýgymy, azarmy, açlykmy, ýalaňaçlykmy, howpmy ýa gylyçmy? «Seniň ugruňda bizi her gün öldürýärler, bizi goýun hasaplaýarlar» diýip ýazylypdyr. Emma biz özümizi Söýýän arkaly bularyň baryny ýeňenlerden üstündiris. Sebäbi, men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne hökümdarlaryň, ne-de gudratlaryň, ne şu wagtyň, ne-de geljegiň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň ne-de başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajakdygyna ynanýaryn. Men Mesihde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlämok. Ynsabym hem aýdýanlaryma Mukaddes Ruhda güwä geçýär. Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Men doganlarym, ten boýunça garyndaşlarym bolan ysraýyllylar üçin gargyşa galyp, Mesihden aýra düşmäge razy bolardym. Ogullyk, şöhrat, ähtler we kanunyň berilmesi, hakyky ybadat we wadalar olaryňkydyr. Atalar hem olaryňky, Mesih hem ten boýunça olardandyr. Ol barçanyň baky mübärek Hudaýydyr. Omyn. Emma bu Hudaýyň sözi ýalana çykdy diýmek däldir. Sebäbi Ysraýyldan bolanlaryň bary ysraýylly däldir. Ybraýymyň neslinden bolsalar-da, hemmesi onuň perzendi däldir, ýöne: «Seniň nesliň Yshakda dowam eder» diýlendir. Ýagny ten boýunça Ybraýymyň perzendi bolanlar Hudaýyň perzendi däl, eýsem, wada arkaly perzent bolanlar nesil diýip hasaplanýandyr. Berlen wada bolsa: «Bellenen wagtda gelerin, Saranyň bir ogly bolar» diýen sözdür. Diňe bu hem däl, eýsem, Rebeka-da bir erkekden, atamyz Yshakdan göwreli bolanda, hatda oglanlar entek dogulmankalar, ýagşylyk ýa ýamanlyk etmänkäler, Hudaýyň maksady işlerden däl-de, eýsem, Çagyrandan bolup, saýlawa görä durar ýaly, Rebeka: «Ulusy kiçisine gulluk eder» diýildi. Şonuň ýaly-da: «Ýakuby söýdüm, Ysuwy ýigrendim» diýip ýazylgydyr. Indi näme diýeliň? Eýsem Hudaýyň ýanynda adalatsyzlyk barmy? Ýokdur! Çünki Ol Musa: «Merhemet edenime merhemet ederin, rehim edenime rehim ederin» diýýär. Şeýlelik bilen, saýlanma adamyň islegine ýa tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr. Hudaý Mukaddes Ýazgyda fyrowna şeýle diýýär: «Men gudratymy sende görkezip, adym bütin ýer ýüzünde yglan edilsin diýip, seni galdyrdym». Şeýlelikde, Hudaý islänine merhemet edýändir, isläniniň ýüregini gataldýandyr. Sen maňa: «Ýene näme üçin ýazgarýar? Kim Onuň islegine garşy durup biler?» diýersiň. Ýeri, eý adam, Hudaýa ters jogap gaýtarar ýaly, sen kim bolupsyň? Şekil berlen bir zat şekil berene: «Meni näme üçin beýle ýasadyň» diýermi? Ýa küýzegäriň şol bir üýşmek toýundan bir gaby hormatlylyk we beýlekisini hormatsyzlyk üçin ýasamaga ygtyýary ýokmy? Hudaý gazabyny görkezmek, Öz gudratyny bildirmek isläp, heläkçilik üçin taýýarlanyp, gazaba sezewar bolanlara uly sabyr-takat bilen döz gelen bolsa näme? Ol muny Öz şöhratynyň baýlygyny Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine bildirjek bolup eden bolsa näme? Hudaýyň diňe ýehudylardan däl-de, özge milletlerden hem çagyran bu adamlary bizdiris. Hoşeanyň kitabynda-da diýýär: «Men halkym däle halkym, söýülmeýäne söýgüli diýerin». «Bu olara: Siz Meniň halkym däl diýlen ýerde ýüze çykar, şol ýerde-de olara diri Hudaýyň ogullary diýler». Işaýa bolsa Ysraýyl hakda şeýle gygyrýar: «Ysraýyl ogullarynyň sany deňziň çägesi ýaly bolsa-da, diňe galany gutular. Reb işini bitirer, ony tiz ýerine ýetirer, çünki Ol işini ýer ýüzünde tiz amala aşyrar». Işaýanyň öňünden aýdyşy ýaly: «Goşunlar Rebbi bize bir tohum galdyrmadyk bolsa, onda Sodom ýaly bolardyk, Gomorra meňzärdik». Ýene näme diýeliň? Dogrulyga kowalaşmadyk milletler dogrulyga, imandan gelen dogrulyga ýetdiler. Ýöne Ysraýyl dogrulyk kanunyna kowalaşyp, bu kanuna ýetmedi. Näme üçin? Sebäbi iman bilen däl-de, Kanunyň amallary bilen bolýan ýaly edip ýortdy. «Ine, Sionda bir büdreme daşyny, böwet gaýasyny goýýaryn, oňa iman eden utandyrylmaz» diýip ýazylyşy ýaly, büdreme daşyna büdrediler. Eý doganlar, meniň göwün arzuwym, ysraýyllylar hakda Hudaýa ýalbarmagym olaryň gutulmagy üçindir. Men olaryň Hudaýa yhlaslarynyň barlygyna güwä geçýärin, ýöne bu aňly-düşünjeli yhlas däl. Çünki olar Hudaýyň dogrulygyny bilmän, özleriniňkini gurjak bolup, Onuň dogrulygyna tabyn bolmadylar. Çünki Mesih iman eden her bir adamyň aklanmagy üçin kanunyň soňudyr. Çünki Musa kanundan bolan dogrulyk hakda şeýle ýazýar: «Bu zatlary berjaý eden adam olar arkaly ýaşar». Imandan bolan dogrulyk bolsa şeýle diýýär: «Öz içiňden: Mesihi düşürmek üçin Göge kim çykar? Ýa-da: Mesihi ölümden çykarmak üçin çuňluga kim iner diýme». Gör, näme diýýär? «Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir», ýagny wagyz edýän iman sözümiz. Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Çünki Mukaddes Ýazgy: «Oňa iman eden kişi utandyrylmaz» diýýär. Ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýokdur, sebäbi barynyň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr. Çünki: «Rebbi çagyran adam gutular». Olar öz iman etmediklerini nähili çagyrarlar? Eşitmediklerine nähili iman ederler? Wagyzçysyz nähili eşiderler? Iberilmeseler, nähili wagyz ederler? Şeýle hem ýazylgydyr: «Parahatlyk hoş habaryny, ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýänleriň aýaklary ne ajap!» Ýöne Hoş Habara hemme kişi gulak asmady. Çünki Işaýa: «Ýa Reb, kim bizden eşiden habaryna iman etdi?» diýýär. Şeýlelik bilen, iman eşitmek arkaly, eşitmek hem Hudaýyň sözi arkaly bolýandyr. Ýöne men diýýärin: olar eşitmedimi? Elbetde, eşitdi. «Olaryň sesi bütin dünýä, sözleri Ýeriň uçlaryna ýetdi». Emma men diýýärin: Ysraýyl bilmedimi? Ilki bilen Musa diýýär: «Men bir millet bolmadyk halk arkaly siziň gabanjaňlygyňyzy oýandyraryn, bir pähimsiz millet arkaly sizi gaharlandyraryn». Işaýa batyrgaýlyk bilen: «Men özümi agtarmaýanlara tapdyrdym, meni soramaýanlara göründim» diýýär. Ysraýyl hakda bolsa: «Söze gulak asmaz keçjal halka günuzyn ellerimi uzatdym» diýýär. Men şuny soraýaryn: Hudaý öz halkyny ret etdimi? Ýok! Çünki men-de Ybraýymyň neslinden, benýamyn taýpasyndan bolan bir ysraýylly. Hudaý Özüniň öňden tanan halkyny ret edenok. Mukaddes Ýazgynyň Ylýas hakdaky bölümde näme diýýänini bilmeýärsiňizmi? Ol Ysraýyl babatda Hudaýa şikaýat edip, şeýle diýýär: «Ýa Reb! Pygamberleriňi öldürdiler, gurbanlyk edilýän ýerleriňi ýykdylar, diňe men galdym. Olar meniň hem janymyň kastynda». Hudaýyň oňa beren jogaby näme? «Men Baal öňünde dyz epmedik ýedi müň adamy Özüme aýryp goýdum». Şonuň ýaly häzirki wagtda hem merhemet bilen saýlanan bir galyndy bar. Ýöne merhemet bilen bolsa, onda işe görä däldir. Ýogsa, merhemet merhemet bolmazdy. Işe görä bolsa, onda ol eýýäm merhemetden däldir, ýogsa, iş eýýäm iş bolmazdy. Indi näme? Ysraýyl agtaranyna ýetmedi, ýöne saýlananlar ýetdiler, beýlekiler hem, «Hudaý olara ukuçyllyk ruhuny berdi, şu gün hem gözleri görmeýär, gulaklary eşitmeýär» diýip ýazylyşy ýaly gatadylar. Dawut: «Saçaklary olara kement, duzak, böwet we jeza bolsun! Gözleri görmez ýaly, garaňkyrasyn, billeri hemişe bükük bolsun!» diýýär. Men diýýärin: olar ýykylmaly bolup büdredimi? Ýok! Ýöne gabanjaňlygyny oýandyrmak üçin olaryň, ýazyklary sebäpli özge milletlere gutulyş berildi. Olaryň ýazygy dünýäniň baýlygy, olaryň zyýany milletleriň baýlygy bolsa, olaryň tamamlanmagy has uly baýlyk getirer. Men siz ýehudy dällere aýdýaryn. Özge milletleriň resulydygym üçin, öz hyzmatymy şöhratlandyrýaryn. Belki, şeýdip, öz halkymdan bolanlaryň gabanjaňlygyny oýandyryp, olaryň käbirlerini halas etmegi başararyn. Çünki olaryň ret edilişi dünýäniň ýaraşygy bolsa, olaryň kabul edilişi ölümden ýaşaýşa gowuşmakdan başga näme bolar? Hamyryň ilkinji bölegi mukaddes bolsa, onda bütin hamyr hem şeýledir, kök mukaddes bolsa, baldaklar-da şeýledir. Ýöne baldaklaryň käbiri döwlen bolsa, sen ýabany zeýtun agajykaň, olara sapylyp, zeýtun agajynyň dok köküne, suwuna şärik bolan bolsaň, onda baldaklaryň öňünde magtanma. Magtanýan hem bolsaň, sen köki götermän, eýsem, köküň seni göterýändigini bilip goý. Sen: «Baldaklar meniň sapylmagym üçin döwüldi» diýjeksiň. Dogry, olar imansyzdyklary zerarly döwüldi, ýöne sen iman arkaly dursuň. Tekepbirlik etme-de, gaýtam, gork. Sebäbi Hudaý tebigy baldaklary gaýgyrmadyk bolsa, seni-de gaýgyrmaz. Indi Hudaýyň ýagşylygyny, gatylygyny gör, Ol ýykylanlara gaty, saňa bolsa, eger Hudaýyň ýagşylygynda galsaň, ýagşy bolar, ýogsa, sen hem kesilersiň. Olar hem imansyzlykda galmasalar, täzeden sapylarlar, çünki Hudaý olary sapmagy başarýandyr. Çünki sen tebigaty boýunça ýabany zeýtun agajyndan kesilip, tebigatyň tersine, oňat zeýtun agajyna sapylan bolsaň, bu tebigy baldaklar öz zeýtun agaçlaryna has gowy sapylar! Çünki, eý doganlar, özüňizi dana saýmaz ýaly, men siziň bu syrdan habarsyz galmagyňyzy islemeýärin: milletleriň sany tamamlanýança, Ysraýyl bölekleýin gatap galar. Şeýle: «Siondan Halasgär geler, Ol hudaýsyzlygy Ýakupdan sowar. Günälerini geçjek wagtym olar bilen etjek ähtim şudur» diýip ýazylyşy ýaly, tutuş Ysraýyl gutular. Hoş Habar babatda olar siziň hatyraňyza Hudaýa duşman boldular, ýöne saýlaw babatda atalaryň hatyrasyna ezizdirler. Sebäbi Hudaýyň sylaglary, çakylygy yzyna alynmaz. Siziň bir wagtlar Hudaýa boýun bolman, ýöne häzir bularyň boýun bolmazlygy arkaly merhemet astyna gelşiňiz ýaly, bular-da siziň ýeten merhemetiňiz bilen merhemete ýetjek bolup, şindi boýun bolmadylar. Çünki Hudaý baryna merhemet etmek üçin, hemmesini boýun bolmazlykda tussag etdi. Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir! Çünki Rebbiň pikirini kim bildi? Kim Oňa geňeşdar boldy? Ol bergili bolar ýaly, kim Oňa öňinçä bir zat berdi? Sebäbi ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir. Oňa baky şöhrat bolsun! Omyn. Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr. Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň. Men özüme berlen merhemet arkaly siziň hemmäňize diýýärin: öz baraňyzda gereginden artyk oýlanman, Hudaýyň her kime beren imanynyň möçberine görä, salykatlylyk bilen oýlanyň. Çünki biziň bir tenimiz we köp agzamyz bolup, bütin agzalaryň işiniň bolsa bir bolmaýşy ýaly, köp bolan biz-de Mesihde bir ten we biri-birimiziň agzalarydyrys. Biziň özümize berlen merhemet boýunça, aýry-aýry sylaglarymyz bardyr. Bu welilik etmek bolsa, iman möçberine görä welilik edeliň. Hyzmat bolsa, hyzmat edeliň. Biri öwrediji bolsa öwretsin. Biri nesihatçy bolsa nesihat etsin. Haýyr-yhsan edýän muny sahylyk bilen etsin, baştutanlyk edýän gaýrat bilen, rehimdarlyk edýän begenç bilen etsin. Söýgi ikiýüzli bolmasyn. Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň. Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn. Gaýratyňyz gowşamasyn. Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň. Umytda şatlanyň. Muşakgatda çydamly boluň. Dogada erjellik ediň. Mätäçlik çekýän mukaddeslere ýardam ediň. Myhmansöýer bolmaga dyrjaşyň. Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň, gargamaň. Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň. Özara pikirdeş boluň. Özüňizi ýokary tutman, orny aşaklar bilen dost boluň. Akyllysyramaň. Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň. Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň. Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň. Eý, söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin». «Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, susan bolsa gandyr, sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň» diýip ýazylgydyr. Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň. Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun, çünki Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur, bu barlar Hudaý tarapyndan gurlandyr. Munuň üçin kim häkimiýete garşy bolýan bolsa, Hudaýyň guranyna garşy bolýandyr, garşy bolýanlar özlerini höküm edýändir. Çünki başlyklar ýagşy iş edýän üçin däl-de, ýaman iş edýän üçin gorkunçdyr. Häkimiýetden gorkmazlyk isleýärsiňmi? Onda ýagşy iş et, ol seni taryplar. Sebäbi başlyk seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, onda gork, çünki ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Sebäbi ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýamanlyk edenden jeza berip, öç alýandyr. Şonuň üçin diňe jeza zerarly däl-de, ynsap sebäpli hem häkimiýetlere tabyn bolmak zerurdyr. Siz salgytlary hem munuň üçin töleýärsiňiz. Olar mydama şu iş bilen meşguldygy sebäpli Hudaýyň hyzmatkäridir. Her kişä bermelisini beriň: salgyt bolsa, salgydy; gümrük bolsa, gümrügi; gorky bolsa, gorkyny; hormat bolsa, hormaty. Biri-biriňizi söýmekden başga hiç kime bergili bolmaň, sebäbi kim başgany söýýän bolsa, kanuny berjaý edýändir. Çünki: «Zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, açgöz bolma» we ýene-de buýruk bar bolsa, ol hem şu sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý». Söýgi goňşa hiç hili ýamanlyk etmez. Söýgi kanunyň berjaý edilişidir. Muny häzirki zamana düşünip ediň. Biziň ukudan oýanmaly sagadymyz eýýäm geldi, çünki şu wagt gutulyşymyz iman eden wagtymyzdakydan ýakyndyr. Gije geçip, gündiz golaýlady. Indi garaňkylyk işlerini egnimizden çykaryp, nur ýaraglaryny dakynalyň. Aýşy-eşret, serhoşluk, azgynlyk, ahlaksyzlyk, dawa, içigaraçylyk bilen däl-de, gündizki ýaly sypaýy gezeliň. Reb Isa Mesihi geýniň, teniň höweslerini kanagatlandyrmak üçin alada etmäň. Imany gowşagy kabul ediň, ýöne pikirleri hakda onuň bilen jedelleşmäň. Bir kişi ähli zady iýip bilýänine imany bardyr, ýöne imany gowşak adam diňe gök iýýändir. Kim iýýän bolsa, iýmeýäni äsgermezlik etmesin. Kim iýmeýän bolsa, iýýäni ýazgarmasyn, çünki Hudaý ony kabul edendir. Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarýan sen kim? Ol öz hojaýynynyň öňünde durar ýa ýykylar, ýöne dikeler, çünki Hudaý ony dikeltmegi başarýandyr. Biri bir güne beýlekiden parh goýýandyr; başga biri bolsa, ähli günleri deň görýändir. Ýöne her kesiň öz garaýşyna ynamy bolsun. Kim güni sylaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýandyr. Kim güni sylamaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýan däldir. Kim iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, çünki Hudaýa şükür edýändir. Kim iýmeýän bolsa, Reb üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir. Sebäbi hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç kim hem özi üçin ölýän däldir. Sebäbi ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de Rebbiňkidiris. Sebäbi Mesih hem ölüleriň, hem dirileriň Rebbi bolmak üçin, hem öldi, hem direldi, hem-de ýaşaýşa gowuşdy. Emma sen näme üçin doganyňy ýazgarýarsyň? Ýa-da sen näme üçin doganyňy äsgermezlik edýärsiň? Çünki biziň barymyz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde durmalydyrys. «Reb diýýär: Öz diriligimden kasam, her dyz öňümde epiler, her dil Hudaýy ykrar eder» diýip ýazylgydyr. Şeýlelikde, her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer. Munuň üçin biri-birimizi ýazgarman, gowusy, bir doganyň öňüne büdreme, taýma daşyny goýmazlygyň pikirini edeliň. Men hiç bir zadyň öz-özünden murdar däldigini bilýärin, muňa Reb Mesihde ynamym bar. Ýöne biri bir zady murdar saýýan bolsa, oňa murdardyr. Çünki doganyň iýýän damagyň üçin gam çekýän bolsa, onda sen entek söýgi ýolundan ýöreýän dälsiň. Damagyň bilen hiç kişini heläk etme, Mesih şolaryň ugrunda janyny pida etdi. Ýagşylygyňyzy ýamanlatmaň. Çünki Hudaýyň patyşalygy iýmek, içmek däl-de, dogrulyk, parahatlyk we Mukaddes Ruhda şatlykdyr. Kim Mesihe şeýle gulluk edýän bolsa, Hudaýyň pisindiniň oturýany we adamlaryň halany şoldur. Şeýlelikde, parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň. Damak üçin Hudaýyň işini bozma. Hemme zat tämiz, ýöne biriniň büdremegine sebäp bolup iýýän adama erbetdir. Et iýmezlige, şerap içmezlige hem-de doganyňyň büdremegine, günä itilmegine ýa ejizlemegine sebäp bolýan zady etmezlik ýagşydyr. Imanyň barmy? Ony Hudaýyň huzurynda özüň üçin sakla. Gowy görýän zadynda özüni höküm etmeýän bagtlydyr. Emma şübhe edýän iýse, ol höküm ediler, sebäbi ol muny iman bilen edýän däldir. Imansyz edilen zat günädir. Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma we Isa Mesihiň wagzyna görä, gadym döwürlerden bäri ýaşyryn galan, ýöne indi aýan bolup, ebedi Hudaýyň buýrugy bilen pygamberleriň ýazgylary arkaly bütin milletlere imana boýun bolmak üçin bildirilen syryň aýan bolmagyna görä sizi berkitmegi başarýan, ýalňyz akyldar Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şöhrat bolsun! Omyn. Ýöne biz güýçlüler ejizleriň ejizliklerini götermelidiris, öz göwnümizden turmaly däldiris. Her kişi abatlyk üçin, ýagşylyk üçin goňşusynyň göwnünden turmalydyr. Çünki: «Seni kemsidýänleriň kemsitmesine men duçar boldum» diýip ýazylyşy ýaly, Mesih hem Öz göwnünden turmady. Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize tälim üçin ýazylandyr. Siz ýürekdeş bolup, Hudaýy, ýagny Rebbimiz Isa Mesihiň Atasyny biragyzdan şöhratlandyrar ýaly, çydam hem teselli Hudaýy Isa Mesihe görä, size özara pikirdeşlik bersin. Bu sebäpden, Hudaýyň şöhraty üçin Mesihiň sizi kabul edişi ýaly, siz-de biri-biriňizi kabul ediň. Çünki men aýdýaryn: «Munuň üçin milletler arasynda Seni ykrar edip, adyňa nagma aýdaryn» diýip ýazylyşy ýaly, özge milletler Hudaýy merhemeti üçin şöhratlandyrsyn diýip, Mesih atalara berlen wadany tassyklajak bolup, Hudaýyň hakykaty üçin sünnetlileriň hyzmatkäri boldy. Ýene diýýär: «Eý milletler, Onuň halky bilen birlikde şatlanyň». Ýene: «Eý bütin milletler, Hudaýa alkyş okaň, bütin halklar Oňa öwgi aýtsyn». Ýene Işaýa diýýär: «Milletlere höküm etmek üçin Galan, Ýessäniň Köki geler, milletler Oňa umyt baglar». Mukaddes Ruhuň gudraty bilen umytda artar ýaly, umyt Hudaýy sizi imanda bütin şatlyk we parahatlyk bilen doly etsin. Eý doganlar, men siziň hem ýagşylykdan doludygyňyza, bütin bilim bilen dolup, özara nesihat bermegi başarýandygyňyza ynanýaryn. Eý doganlar, ýöne men Hudaýyň özüme beren merhemetine görä, siziň ýadyňyza salmak üçin, käbir zatlary batyrgaýlyk bilen ýazdym. Maňa bu merhemet milletleriň sowgady Mukaddes Ruh arkaly mukaddes edilip, kabul bolar ýaly, Hudaýyň Hoş Habary ugrunda ruhanylyk kärini ýerine ýetirmegim, milletlere Mesih Isanyň hyzmatkäri bolmagym üçin berildi. Şeýlelikde, Mesih Isa degişli biri hökmünde Hudaýa edýän hyzmatym bilen magtansam ýerliklidir. Sebäbi men özge milletleriň boýun bolmagy üçin, Mesihiň men arkaly sözde hem işde, alamatlar, gudratlar arkaly, Mukaddes Ruh arkaly edenlerinden başga zatlary aýtmaga het etmerin. Şeýlelikde, men Iýerusalimden başlap, Illiriýa çenli aýlanyp, Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratdym. Başga biriniň binasynyň üstünden gurmaýyn diýip: «Ondan habarsyz bolanlar görer, eşitmedikler düşüner» diýip ýazylyşy ýaly, Mesihiň ady eşidilmedik ýerlerde Hoş Habary wagyz etmäge yhlas etdim. Meniň siziň ýanyňyza gelmegime-de ençeme gezek päsgel beren şu boldy. Indi bolsa bu ýurtlarda maňa edere iş ýoklugy we köp ýyllardan bäri ýanyňyza gelmegi küýseýänligim üçin, Ispaniýa barýarkam, ýanyňyza degerin. Sebäbi geçip barýarkam, sizi görüp, didaryňyzdan biraz doýanymdan soň, siz meni ol ýere ugradarsyňyz diýen umydym bar. Häzir bolsa mukaddeslere gulluk etmek üçin, Iýerusalime barýaryn. Çünki Makedoniýa we Ahaýa ilaty Iýerusalimde bolan mukaddesler arasyndaky mätäçlere sadaka ibermegi maslahat bildiler. Olar maslahat bildiler, aslynda, olara borçludyrlar. Çünki özge milletler olaryň ruhy bereketlerine şärik bolandyklaryna görä, maddy zatlarda olara hyzmat etmäge borçludyrlar. Men şuny bitirenimden, bu hasyly olara gowşuranymdan soň, siziň üstüňiz bilen Ispaniýa gitmekçi. Siziň ýanyňyza baranymda, Mesih baradaky Hoş Habaryň berekediniň bollugy bilen geljekdigimi bilýärin. Eý doganlar, men Ýahudadaky imansyzlardan gutular ýaly we Iýerusalim üçin edýän hyzmatymy hudaýhonlar kabul eder ýaly, meniň üçin Hudaýa doga edip, meniň bilen birlikde göreşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň we Ruhuň söýgüsi hatyrasyna sizden haýyş edýärin. Onsoň Hudaýyň islegi bilen şatlyk içinde siziň ýanyňyza gelip, siz bilen ynjalaryn. Parahatlyk Hudaýy siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn. Kenreadaky ýygnagyň gullukçysy aýal doganymyz Fibini size tabşyrýaryn. Ony mukaddeslere mynasyp ýagdaýda Rebde kabul edip, size mätäç zatlarynda kömek beriň, çünki ol köplere, meniň özüme-de kömekçi boldy. Mesih Isa ýolunda işdeşlerim Priskilla bilen Akila salam aýdyň. Olar meniň janym üçin öz janlaryny howp astyna saldylar, olara diňe men däl, milletleriň ähli ýygnaklary hem minnetdar. Olaryň öýündäki ýygnaga-da salam aýdyň. Mesih üçin Aziýanyň ilkinji miwesi eziz dostum Epenetosa salam aýdyň. Siziň üçin köp zähmet çeken Mereme salam aýdyň. Resullar arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman eden garyndaşlarym, tussagdaşlarym Andronikosa bilen Ýuniasa salam aýdyň. Rebde eziz dostum Ampliýatusa salam aýdyň. Mesihde işdeşimiz Urbanusa, eziz dostum Stahise salam aýdyň. Mesihde synagdan geçen Apellise salam aýdyň. Aristobulosyň içersine salam aýdyň. Garyndaşym Hirodiona salam aýdyň. Narkissisiň içersinden Rebde bolanlara salam aýdyň. Rebde zähmet çekýän Trifena, Trifosa salam aýdyň. Rebde köp zähmet çeken söýgüli Persise salam aýdyň. Rebde saýlanan Rufusa we maňa hem enelik eden onuň enesine salam aýdyň. Asinkritosa, Flegona, Ermise, Patrobasa, Ermasa we olaryň ýanyndaky doganlara salam aýdyň. Filologosa we Ýuliýa, Nereusa hem-de onuň aýal doganyna, Olimpasa we olaryň ýanyndaky ähli mukaddeslere salam aýdyň. Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Mesihiň hemme ýygnaklary size salam gönderýär. Eý doganlar, öwrenen taglymatyňyza garşy gidip, bölünme we böwetlere sebäp bolýanlardan ägä bolmagy sizden haýyş edýärin, olardan daşda duruň. Çünki beýle adamlar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz garynlaryna gulluk edýändir, süýji söz sözläp, owadan gürläp, ýönekeý adamlaryň ýüreklerini aldawa salýandyr. Siziň boýun bolanlygyňyz hemmäniň gulagyna ýetdi. Men munuň üçin hem begenýärin, ýöne siziň ýagşylykda akyldar, erbetlikde ýöntem bolmagyňyzy isleýärin. Parahatlyk Hudaýy haý diýmän, şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun! Işdeşim Timoteos, garyndaşlarym Lukius, Ýason we Sosipatros size salam gönderýär. Bu haty ýazan men Tertius size Rebde salam aýdýaryn. Meni hem bütin ýygnagy myhman alan Gaýus size salam gönderýär. Şäheriň hazynaçysy Erastos we doganymyz Kuwartos size salam gönderýär. Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň hemmäňiz bilen bolsun! Omyn. Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolmaga çagyrylan Pawlusdan we Sostenis dogandan, Hudaýyň mukaddeslige çagyrylyp, Mesih Isada mukaddes edilen Korintosdaky ýygnagyna we her ýerde hem olaryň, hem-de biziň Rebbimiz Isa Mesihiň adyny tutýanlaryň barysyna salam! Atamyz Hudaýdan, Reb Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun! Men Mesih Isada size berlen Hudaýyň merhemeti üçin, siz barada elmydam Hudaýa şükür edýärin. Çünki siz Onda her zada, her söze we her bilime baý bolduňyz. Biziň Mesih hakdaky güwäligimiz sizde berkedi. Şonuň üçin hem siz Rebbimiz Isa Mesihiň aýan bolmagyna garaşyp, hiç bir sylagda ýetmezçiligiňiz ýokdur. Ol sizi Rebbimiz Isa Mesihiň gününde müýnsüz bolar ýaly, soňa deňeç berkider. Sizi Öz Ogly, biziň Rebbimiz Isa Mesih bilen şärikçilige çagyran Hudaý ynamdardyr. Eý doganlar, hemmäňiziň diliňiz bir bolup, araňyzda bölünişik bolman, bir pikirde we bir islegde birleşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen sizden haýyş edýärin. Çünki, eý doganlar, siziň araňyza dawa düşenligi hakda Kloiniň öýündäkiler maňa habar berdi. Meniň aýtjak bolýan zadym şu: siziň her biriňiz «Men Pawlusyňky», «Men Apollosyňky», «Men Kifasyňky», «men Mesihiňki» diýýärsiňiz. Mesih bölündimi? Pawlus siziň üçin haça çüýlendimi? Ýa siz Pawlusyň adyna çokundyryldyňyzmy? Hiç kim maňa öz adyna çokundyrdy diýmez ýaly, Men Krispus we Gaýusdan başga siziň hiç biriňizi çokundyrmanyma Hudaýa şükür edýärin. Şeýle hem men Stefanyň içersini-de çokundyrdym, başga çokundyranym ýadyma düşmeýär. Çünki Mesih meni çokundyrmak üçin däl-de, Hoş Habary yglan etmek üçin ýollady, ýöne Mesihiň haçy biderek bolmaz ýaly, muny söz akyldarlygynda etmeli däldim. Çünki haçyň sözi heläk bolanlar üçin akmaklyk, biz ― gutulanlar üçin bolsa Hudaýyň gudratydyr. Çünki: «Men akyldarlaryň akyldarlygyny weýran ederin, düşünjelileriň düşünjesini güýçden düşürerin» diýip ýazylgydyr. Akyldar hany? Kanunçy hany? Bu döwrüň alymy hany? Hudaý bu dünýäniň akyldarlygyny akmaklyga öwürmedimi? Çünki dünýäniň Hudaýyň akyldarlygynda öz akyldarlygy bilen Hudaýy tanamadygyna görä, Hudaý iman edenleri wagyz akmaklygy arkaly gutarmagy unady. Çünki ýehudylar gudrat görkezmegi talap edýär, grekler akyldarlygy gözleýär. Biz bolsak haça çüýlenen Mesihi ýehudylar üçin büdremäge sebäp, grekler üçin-de akmaklyk bolan, ýöne çagyrylanlara, hem ýehudylara, hem greklere Hudaýyň gudraty we Hudaýyň akyldarlygy bolan Mesihi wagyz edýäris. Çünki Hudaýyň «akmaklygy» adam akylyndan üstün, Hudaýyň «ejizligi» adam güýjünden güýçlüdir. Çünki, eý doganlar, çagyrylyşyňyza serediň. Adam ölçegi boýunça köpiňiz akyldar, güýçli, asylzada däldiňiz. Ýöne Hudaý akyldarlary utandyrmak üçin, dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Hudaý güýçlüleri utandyrmak üçin, dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. Hudaý ähmiýetli zatlary ýatyrmak üçin, bu dünýäniň asylzada dällerini, äsgerilmeýänlerini we ähmiýetsizlerini saýlady. Ol muny hiç bir adam Hudaýyň huzurynda magtanmasyn diýip etdi. Ýöne: «Magtanan Reb bilen magtansyn» diýip ýazylyşy ýaly, siz Hudaýyň saýasynda Mesih Isadasyňyz. Ol biziň üçin Hudaýyň akyldarlygy we dogrulygy, mukaddesligi we gutaryşy boldy. Eý doganlar, men size Hudaýyň güwäligini wagyz etmäge gelenimde, söz we akyl artyklygy bilen gelemok. Çünki siziň araňyzdakam, Isa Mesihden, Onuň haça çüýlenmeginden başga hiç bir zady bilmezligi ýüregime düwdüm. Men size ejizlik we gorky içinde geldim, gaty-da sandyraýardym. Sözüm hem wagzym ynsan akyldarlygynyň ynandyryjy sözlerine däl-de, siziň imanyňyz ynsan akyldarlygynda durman, Hudaýyň güýjünde durar ýaly, Ruhuň we Onuň güýjüniň görkezilmegine daýanýardy. Biz akyldarlygy kämiller arasynda sözleýäris. Biziň sözleýän bu akyldarlygymyz bu döwrüňki, bu döwrüň geçiji hökümdarlarynyňky däl-de, Hudaýyň zaman başlamazdan öň biziň şöhratymyz üçin bellän gizlin, syrly akyldarlygydyr. Bu akyldarlyga bu döwrüň hökümdarlarynyň hiç biri düşünmedi, çünki düşünen bolsalar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler. Emma ýazylyşy ýaly: «Hudaýyň Özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir». Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly aýan etdi, sebäbi, Ruh ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlaýandyr. Çünki adamda näme barlygyny adamyň özünde bolan ruhundan başga kim biler? Şeýle hem Hudaýda näme barlygyny Hudaýyň Ruhundan başga hiç kim bilýän däldir. Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň özümize beren bereketlerini biler ýaly, Hudaýdan gelen Ruhy aldyk. Biz bulary adam akyldarlygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, ruhy zatlary ruhy sözler bilen sözläp, Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Tebigy adam Hudaýyň Ruhuna degişli zatlary unamaz, çünki bular onuň üçin akmaklykdyr, bulary bilip bilmez, sebäbi bulara ruh boýunça düşünilýändir. Ruha uýan adam ähli zady saýgarar, ýöne ony hiç kim saýgarmaz. Çünki, «Rebbe öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?» Ýöne bizde Mesihiň pikiri bardyr. Eý doganlar, men size Ruha uýanlara däl-de, tebigy adamlara, Mesihdäki çagalara gürrüň berşim ýaly gürrüň berdim. Size gaty-guty däl-de, süýt berdim, çünki siz gaty-guty iýmegi başarmaýardyňyz, muny häzir hem başarmaýarsyňyz. Çünki siz entek tebigy adamlarsyňyz. Sebäbi araňyzda içigaraçylyk, çekişme we dawanyň barlygyna görä, siz tebigy adamlar dälmi? Adam adaty boýunça gezmeýärsiňizmi? Çünki biri «Men Pawlusyňky», ýene biri «Men Apollosyňky» diýýän bolsa, tebigy adamlar dälsiňizmi? Pawlus kim? Apollos kim? Olar hyzmatçy, siz hem Rebbiň her birine berşine görä, olar arkaly iman etdiňiz. Men ekdim, Apollos suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr. Şoňa görä, eken-de, suwaran-da hiçdir, diňe ösdürýän Hudaý ähmiýetlidir. Eken bilen suwaran birdir, ýöne her biri öz zähmetine görä sylagyny alar. Biz Hudaýyň işdeşleridiris, siz bolsaňyz, Hudaýyň ekin meýdany, Hudaýyň ymaratysyňyz. Hudaýyň özüme berlen merhemetine görä, men akyldar ussa kimin binanyň düýbüni tutdum. Başga biri bolsa, onuň üstüni gurýandyr, ýöne her kişi nähili salşyna dykgat etsin. Sebäbi hiç kim tutulan düýpden, ýagny Isa Mesihden başga düýbi tutup bilmez. Bu düýbüň üstünde gyzyldan, kümüşden, gymmatbaha daşlardan, agaçdan, otdan, samandan, ymarat salan her kişiniň işi belli bolar, çünki Rebbiň güni ony aýan eder, sebäbi otda belli bolar, her biriniň işiniň nähilidigini ot synar. Kimiň bina edeni oda çydasa, şol sylag alar. Kimiň işi ýansa, ol zyýan çeker, ýöne özi ot içinden geçen ýaly bolup gutular. Siz Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, Hudaýyň Ruhunyň sizde ýaşaýanyny bilmeýärsiňizmi? Biri Hudaýyň ybadathanasyny ýyksa, Hudaý hem ony ýykar, çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir. Ine, şol ybadathana sizsiňiz. Hiç kim özüni aldamasyn. Siziň araňyzdan biri şu dünýäde özüni akyldar saýýan bolsa, onda ol akyldar bolmak üçin akmak bolsun. Çünki bu dünýäniň akyldarlygy Hudaýyň ýanynda akmaklykdyr, sebäbi: «Ol akyldarlary öz hilelerinde tutýandyr» diýip ýazylgydyr. Ýene-de: «Reb akyldarlaryň pikirleriniň boşdugyny bilýändir» diýip ýazylgydyr. Şoňa görä, hiç kim adam bilen magtanmasyn, çünki hemme zat siziňkidir: Pawlus, Apollos ýa Kifas bolsun, dünýä, ýaşaýyş, ölüm bolsun, häzirki ýa geljekki zatlar bolsun ― hemmesi siziňkidir. Siz Mesihiňkisiňiz, Mesih-de Hudaýyňkydyr. Şeýlelikde, adamlar bizi Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlarynyň wekilleri hasap etmelidir. Wekilleriň her birinden bolsa sadyklyk talap edilýär. Siziň ýa-da adamlaryň diwanynyň üstümden höküm çykarmagy meniň üçin möhüm zat däl, ýöne özüm hem öz üstümden höküm çykarmaýaryn. Çünki men özümde bir aýyp görmeýärin, ýöne munuň bilen özümi aklamaýaryn. Meniň üstümden höküm çykarýan Rebdir. Şonuň üçin Reb gelýänçä, wagtyndan öň hiç bir zadyň üstünden höküm çykarmaň. Ol garaňkylygyň gizlin zatlaryny ýagtyldar, ýürekleriň niýetlerini aýan eder, şol wagt her kes Hudaýdan özüne laýyk tarypyny alar. Eý doganlar, siz ýazylanlardan artyk pikir etmezligi bizden öwrenip, hiç biriňiz beýlekiniň öňünde gabarmaz ýaly, men bu zatlary siz sebäpli özüme hem Apollosa tymsal edip aýtdym. Çünki kim seni beýlekilerden parhly edýär? Almadyk nämäň bar? Alan bolsaň, almadyk ýaly, öwünmäň näme? Siz eýýäm doýup, eýýäm baýadyňyz, bizsiz höküm sürdüňiz. Dogrudan hem, biz-de siz bilen höküm sürer ýaly, käşgä höküm sürsediňiz! Çünki Hudaý biz resullary ölüme bellenenler ýaly soňkular hökmünde orta çykarandyr öýdýärin, sebäbi biz dünýä, perişdelere we adamlara tomaşa bolduk. Biz Mesihiň hatyrasyna akmakdyrys, ýöne siz Mesihde akyllysyňyz. Biz ejiz, siz güýçli, siz şöhratly, biz äsgerilmedikdiris. Biz şu çaka çenli açlyga, suwsuzlyga, ýalaňaçlyga, ýenjilmäge, sergezdanlyga döz gelip ýörendiris. Öz ellerimiz bilen işläp, zähmet çekýäris, sögülenimizde, haýyr-doga edýäris, azar berlende çydaýarys. Myjabat ýapylanda, mylaýym jogap berýäris. Şu çaka çenli dünýäniň syr-süplügi, hemmäniň zir-zibili bolduk. Men bu zatlary sizi utandyrmak üçin ýazamok, size söýgüli balalarym hökmünde nesihat berýärin. Mesihde on müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, köp ataňyz ýokdur, sebäbi Mesih Isada Hoş Habar arkaly men siziň ataňyz boldum. Şoňa görä-de, maňa öýküniň diýip, sizden haýyş edýärin. Rebbe sadyk bolan söýgüli oglum Timoteosy şu maksat bilen size iberýärin. Ol meniň Mesih Isadaky ýollarymy her ýerde, her ýygnakda öwredişim ýaly, siziň ýadyňyza salar. Hamala, men size gelmejek ýaly, käbirleri gabarýan eken. Reb islese, basym size gelip, gabarýanlaryň sözüni däl-de, güýjüni görerin. Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy sözde däl-de güýçdedir. Siz näme isleýärsiňiz? Ýanyňyza taýak bilen baraýynmy ýa-da söýgüdir ýumşaklyk ruhy bilen? Siziň araňyzda butparazlar arasynda-da görülmedik ahlaksyzlygyň barlygy eşidilýär: biri öz atasynyň aýalyny alanmyş. Siz bolsa bu işi eden araňyzdan aýrylar ýaly, ýas tutman, gaýtam, gabarýarsyňyz. Men ten bilen siziň ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siz bilendirin. Siziň ýanyňyzda ýaly, bu işi eden adamy men eýýäm höküm etdim. Ruhum araňyzda bolup, Rebbimiz Isa Mesihiň gudraty bilen bir ýere üýşen mahalyňyz, teni heläk bolup, ruhy Reb Isanyň gününde gutular ýaly, bu adamy şeýtana tabşyryň. Magtanmagyňyz dogry däldir. Azajyk hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýanyny siz bilmeýärsiňizmi? Hamyrmaýa täze hamyr bolar ýaly, köne hamyrmaýany aýyryň. Çünki biziň Pesahlyk guzymyz Mesih-de gurban edilendir. Şonuň üçin köne hamyrmaýa bilen, ýamanlyk we erbetlik hamyrmaýasy bilen däl-de, ak ýürekliligiň, hakykatyň petiri bilen baýram edeliň. Men size hatymda ahlaksyzlar bilen gatnaşyk etmäň diýip ýazdym. Bu dünýäniň, umuman, ahlaksyzlary, açgözleri, talaňçylary ýa butparazlary bilen diýemok, ýogsam, siz bu dünýäden çykmaly bolardyňyz. Ýöne men size dogan diýilýäniň biri ahlaksyz, açgöz, butparaz, agzy paýyş, arakkeş ýa talaňçy bolsa, onuň bilen gatnaşmazlygy, beýle adam bilen nahar hem iýmezligi ýazýaryn. Çünki meniň daşardakylaryň üstünden höküm çykarmaga näme hakym bar? Siz içerdäkileriň üstünden höküm çykarmaly dälmi? Daşardakylaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Siz ýamany öz araňyzdan çykaryň. Başga biri bilen dawasy bolan siziň biriňiz mukaddesler huzurynda däl-de, imansyzlaryň öňünde üstünden höküm çykarylmagyna ýürek edermi? Ýa-da siz mukaddesleriň dünýäniň üstünden höküm çykarjagyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň üstünden höküm çykarjak bolsaňyz, onda kiçi dawalaryň üstünden höküm çykarmaga siz mynasyp dälmi? Bu ýaşaýşyň işleri beýlede dursun, siz biziň perişdeleriň-de üstünden höküm çykarjakdygymyzy bilmeýärsiňizmi? Bu ýaşaýşyň işlerini höküm etmeli bolsaňyz, onda ýygnakda sylanmaýan adamlary bu işe goýýarsyňyz. Muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn: öz doganlarynyň arasynda höküm etmegi başarýan ýekeje-de akyldar adam araňyzda ýokmy? Gaýtam, dogan-dogan bilen diwana gidişýär, özem imansyzlaryň öňünde. Dogrudan-da, araňyzda diwana gidişmeleriň barlygynyň özi siziň üçin bütinleý bir şowsuzlykdyr. Adalatsyzlyk çekmek siziň üçin has gowy dälmi? Talaňa döz gelmek siziň üçin has gowy dälmi? Emma siziň özüňiz adalatsyzlyk edýärsiňiz, talaýarsyňyz, özem doganlaryňyzy. Ýa-da adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar. Siziň hem käbirleriňiz şeýlediňiz, ýöne ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen, Hudaýymyzyň Ruhy arkaly aklandyňyz. Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hiç zat maňa agalyk etmeli däldir. Iýmit garyn üçin, garyn-da iýmit üçindir, ýöne Hudaý ikisini-de ýok eder. Ten bolsa ahlaksyzlyk üçin däl-de, Reb üçindir, Reb-de ten üçindir. Hudaý Öz gudraty bilen Rebbi direltdi, bizi-de direlder. Siz teniňiziň Mesihiň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Men Mesihiň agzasyny alyp, bir kemçiniň agzasy edeýinmi? Etmen! Ýa-da bir kemçin bilen birleşeniň onuň bilen bir ten bolýanyny bilmeýärsiňizmi? Sebäbi: «Ikisi bir ten bolar» diýlendir. Emma Reb bilen birleşen Onuň bilen bir ruhdur. Ahlaksyzlykdan gaçyň! Adamyň edýän her bir günäsi teniň daşyndadyr, ýöne ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir. Ýa-da teniňiziň sizde ýaşaýan we siziň Hudaýdan alan Mukaddes Ruhuňyzyň ybadathanasydygyny, siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi? Çünki siz bir baha alyndyňyz. Munuň üçin, Hudaýyňky bolan teniňiz we ruhuňyz bilen Hudaýy şöhratlandyryň. Indi siziň ýazan zatlaryňyz hakda: bir adama aýala el degirmezlik ýagşydyr. Ýöne ahlaksyzlykdan saklanmak üçin, her kişiniň öz aýaly we her aýalyň öz äri bolsun. Är aýalyna, şeýle hem aýal ärine mähribanlyk borjuny berjaý etsin. Aýalyň öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar äriňkidir we şonuň ýaly, äriň-de öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar aýalyňkydyr. Diňe oraza we doga bilen meşgul bolar ýaly, ylalaşyga görä, wagtlaýynça bolmasa, biri-biriňizi är-aýallyk hakyndan mahrum etmäň. Wagtlaýyn aýrylsaňyz-da, şeýtan nebsiňize buýurmak babatda sizi synaga salmaz ýaly, ýene-de birleşiň. Emma muny buýruk däl-de, rugsat hökmünde aýdýaryn. Men ähli adamlaryň özüm ýaly bolmagyny arzuw edýärin, ýöne her kişiniň Hudaýdan öz sylagy bardyr; biriniňki bir hili, başga biriniňki başga hilidir. Emma öýlenmediklere, dul hatynlara, meniň ýaly galsalar, olar üçin ýagşydyr diýýärin. Nebislerine buýrup bilmeýän bolsalar, onda öýlensinler, sebäbi öýlenmek yşk oduna ýanmakdan gowudyr. Öýlenenlere bolsa men däl-de, Reb: «Aýal ärinden aýrylmasyn» diýip, buýruk beripdir. Eger-de aýrylan bolsa, ärsiz galsyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn. Är-de aýalynyň talagyny bermesin. Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, ol onuň talagyny bermesin. Bir aýalyň iman etmedik äri bar bolsa, äri hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda ol ärinden aýrylmasyn. Çünki iman etmedik är imanly aýaly arkaly mukaddes edilendir, iman etmedik aýal hem imanly är arkaly mukaddes edilendir, ýogsa, çagalaryňyz hapa bolardy, ýöne häzir mukaddesdir. Ýöne iman etmedik aýrylsa, goý aýrylsyn. Dogan ýa-da aýal dogan beýle ýagdaýlarda bagly däldir. Hudaý bizi parahat ýaşamaga çagyrandyr. Çünki, eý aýal, sen äriňi halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň? Eý är, sen aýalyňy halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň? Ýöne Reb her kesi nähili bellän bolsa, Hudaý kimi nähili çagyran bolsa, ol şeýle gezsin. Men bu buýrugy ähli ýygnaklara berýärin. Kim sünnetlikä çagyrylan bolsa, sünnetsiz bolmasyn. Kim sünnetsizkä çagyrylan bolsa, sünnetlenmesin. Sünnetlilik-de hiçdir, sünnetsizlik-de hiçdir, iň möhümi Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekdir. Kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, şonda galsyn. Gulkaň çagyrylan bolsaň, gaýgy etme, ýöne azat bolmagy başarsaň, pursatdan peýdalan. Çünki gulka Reb tarapyndan çagyrylan adam Rebbiň erkin adamydyr, şonuň ýaly, erkinlikde çagyrylan-da Mesihiň guludyr. Siz bir baha satyn alyndyňyz, adamyň guly bolmaň. Doganlar, kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, şol ýagdaýda Hudaýyň huzurynda galsyn. Gyzlar hakda Rebden buýrugym ýok; ýöne Rebbiň merhemeti saýasynda sadyk kişi hökmünde maslahat berýärin. Meniň pikirimçe, häzirki aladaly ýagdaý zerarly, adama öz bolşy ýaly galmak ýagşydyr. Bir aýala baglymysyň? Onda, aýryljak bolma. Aýaldan aýryldyňmy? Onda, aýal gözleme. Ýöne öýlenseň hem günä eden dälsiň, gyz-da äre çyksa, günä eden däldir. Emma öýlenenleriň ýaşaýyşda muşakgaty bolar, men size dözemok. Ýöne, eý doganlar, size aýdýaryn: wagt gysgadyr. Mundan beýläk aýaly barlar aýaly ýoklar ýaly, aglaýanlar hem aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar hem şatlanmaýanlar ýaly, mal alanlar hem maly ýoklar ýaly, dünýäden peýdalanýanlar hem peýdalanmaýanlar ýaly bolsun, sebäbi dünýäniň häzirki ýagdaýy geçegçidir. Men siziň gaýgysyz bolmagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik kişi Rebbi hoşnut etjek bolup, Onuň işleriniň aladasyny edýändir. Ýöne öýlenen aýalyny hoşnut etjek bolup, dünýä işleriniň aladasyny edýändir. Ärli aýal bilen gyzyň arasynda-da parh bardyr. Ärsiz aýal hem tende, hem-de ruhda mukaddes bolar ýaly, Rebbiň işleriniň aladasyny edýändir, ýöne ärli aýal ärini hoşnut etjek bolup, dünýä işleriniň aladasyny edýändir. Men muny siziň boýnuňyza syrtmak salmak üçin däl-de, eýsem, edepli bolup, pikiriňizi dagatman, Rebbe berler ýaly, öz peýdaňyz üçin aýdýaryn. Emma biri öz gelinligi bilen gelşiksiz iş edýändir öýtse, gyzyň hem ýaşy geçen bolup, öýlenmek zerur bolsa, ol halanyny etsin, günä edýän däldir. Olar öýlensin. Emma kim niýetinde berk durup, mätäçlik çekmän, nebsine buýrup, gelinligi bilen öýlenmezligi ýüregine düwen bolsa, onda ol gowy edýär. Şeýle, adaglysy bilen öýlenen gowy edýär, ýöne öýlenmedik ondan-da gowy edýär. Aýal, äri ölýänçä, oňa baglydyr. Eger-de äri ölse, öz islänine barmaga azatdyr, ýöne Rebde bolmalydyr. Eger-de ol ärsiz galsa, meniň pikirimçe, has hem bagtyýardyr. Mende-de Hudaýyň Ruhy bardyr diýip pikir edýärin. Butlara berilýän gurbanlar hakda hemmämiziň bilimimiziň barlygyny bilýäris. Bilim tekepbir edýändir, ýöne söýgi abatlaýandyr. Kim bir zady bilýändirin öýdýän bolsa, onda ol entek bilmelisi ýaly bilýän däldir. Ýöne kim Hudaýy söýýän bolsa, Hudaý hem ony tanaýandyr. Butlara berlen gurbanlaryň etinden iýilmegi barada bolsa, butuň dünýäde hiçdigini, bir Hudaýdan başga hudaýyň ýokdugyny bilýäris. Çünki Ýerde bolsun, Gökde bolsun, «taňry» diýilýänler näçe bolsa-da, ençeme «taňrylaryň» we ençeme «rebleriň» bolşy ýaly, biziň bir Ata Hudaýymyz bardyr. Hemme zat Ondandyr, biz Onuň üçin ýaşaýandyrys we bir Rebbimiz Isa Mesih bardyr, hemme zat Ol arkaly bolandyr, biz Ol arkaly ýaşaýandyrys. Emma hemmelerde bu bilim ýok, käbirleri butuň pikirinde bolup, eti entek-de buta berlen gurban ýaly iýýär. Onsoň ejizlikleri zerarly, olaryň ynsaby tegmiltli bolýar. Damak bizi Hudaýa ýakyn edýän däldir. Iýmesek-de kemligimiz bolmaz, iýsek-de artykmaçlygymyz bolmaz. Emma welin bu azatlygyňyzyň ejizleriň büdremegine sebäp bolaýmagyndan habardar boluň. Çünki biri bilimli bolan seniň buthanada saçak başynda oturanyňy görse, ejizligi zerarly, onuň ynsaby butlara berlen gurbanlardan iýmäge meýillenmezmi? Onsoň seniň bilimiň zerarly, bu ejiz dogan heläk bolar, Mesih bolsa onuň ugrunda öldi. Şeýlelikde, siz doganlaryňyza garşy günä edip, olaryň ejiz ynsaplaryny ýaralamak bilen, Mesihe garşy günä edýärsiňiz. Şonuň üçin, damak doganymyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, onda men doganymy büdretmez ýaly, asla et iýmerin. Men erkin dälmi? Men resul dälmi? Men Rebbimiz Mesihi görmedimmi? Siz Rebde meniň zähmetimiň netijesi dälmisiňiz? Men başgalara resul bolmasam-da, size resuldyryn; siz Reb ýolunda meniň resullygymyň möhrüsiňiz. Özümi soraga çekýänleriň garşysynda men şeýle goranýaryn. Biziň iýmäge, içmäge hakymyz ýokmy? Beýleki resullar, Rebbiň doganlary we Kifas ýaly, imanly bir aýaly ýanymyzda gezdirmäge hakymyz ýokmy? Ýa-da işlemezlige diňe men bilen Barnabasyň haky ýokmy? Kim öz harjy bilen esgerlik edýär? Kim üzüm agajyny ekip-de, onuň miwesinden iýmeýär? Ýa-da kim sürini bakyp-da, onuň süýdünden içmeýär? Men muny adamlaryň pikir edişine görä aýdýarynmy? Kanun -da şuny aýtmaýarmy? Çünki Musanyň kanunynda: «Harman döwen öküziň agzyny baglama» diýip ýazylgydyr. Hudaý öküzleriň aladasyny edýärmi? Bulary bütinleý biziň üçin aýtmaýarmy? Hawa, bu biziň üçin ýazylandyr. Şeýle, ýer süren umyt bilen sürmelidir, harman döwen hem harmana şärik bolmak umydy bilen döwmelidir. Biz sizde ruhy zatlary ekip, sizden maddy zatlary orsak, bu bir uly zatmydyr? Başgalaryň sizden muny islemäge haky bar bolsa, biziň muňa olardan köp hakymyz ýokmudyr? Ýöne biz bu hakdan peýdalanman, Mesihiň Hoş Habarynyň öňüni bökdemezlik üçin, her zada döz gelýäris. Siz mukaddes zatlar bilen meşgullanýanlaryň ybadathanadan iýýänini, gurbanlyk edilýän ýeri saklaýanlaryň gurbanlyk edilýän ýerden paýlaryny alýanyny bilmeýärsiňizmi? Şeýle, Reb hem Hoş Habary wagyz edýänleriň Hoş Habardan ýaşamagyny buýurdy. Men bu zatlaryň hiç birinden peýdalanamok, şu zatlar maňa şeýle edilsin diýip hem ýazamok, sebäbi bu buýsanjymy biriniň biderek edeninden ölenim gowudyr. Çünki Hoş Habary wagyz edýän bolsam, öwünmäge hakym ýokdur, sebäbi bu maňa wajypdyr. Eger Hoş Habary wagyz etmesem, waý meniň halyma! Çünki muny meýletin etsem, sylagym bolar. Meýletin etmesem-de, diňe özüme tabşyrylan wezipäni berjaý etdigimdir. Ýeri, sylagym näme? Hoş Habardaky hakymdan doly peýdalanmaz ýaly, Hoş Habary wagyz edip, Hoş Habary mugt bermegim. Çünki men her kesden azat bolsam-da, köp adamlary gazanjak bolup, özümi hemmelere gul etdim. Men ýehudylary gazanjak bolup, ýehudylara ýehudy boldum. Kanun astyndakylary gazanjak bolup, kanun astynda bolmasam-da, kanun astyndakylara kanun astyndaky ýaly boldum. Hudaýyň garşysynda kanunsyz bolman, Mesihiň Kanuny astynda bolsam-da, kanuny ýoklary gazanjak bolup, kanuny ýoklara kanuny ýok kimin boldum. Ejizleri gazanjak bolup, ejizlere bir ežiz ýaly boldum. Her niçik-de bolsa, käbirlerini halas etjek bolup, her kese her zat boldum. Men bulary Hoş Habarda paýym bolsun diýip, Hoş Habar üçin edýärin. Siz ylgaw meýdanynda ylgaýanlaryň hemmesiniň ylgap, ýöne baýragy biriniň alýanyny bilmeýärsiňizmi? Baýrak alar ýaly ylgaň. Göreşýän adam ähli zatda öz nebsine buýurýandyr. Olar muny pany täji almak üçin, biz hem baky täji almak üçin edýäris. Şonuň üçin, men maksatsyz ylgaýan ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan ýaly ýumruklamaýaryn. Ýöne beýlekilere wagyz edenimden soň, özüm mahrum galmaz ýaly, tenimi horlap, ony gul edýärin. Eý doganlar, atalarymyzyň barynyň bulut astynda bolanyndan, barynyň deňizden geçeninden habarly bolmagyňyzy isleýärin. Bary bulutda hem deňizde Musa çokundyryldy. Bary şol bir ruhy iýmiti iýdi. Bary şol bir ruhy içgini içdi, sebäbi olar özlerine hemralyk eden ruhy gaýadan içýärdi. Ol gaýa bolsa Mesihdi. Emma Hudaý olaryň köpüsinden razy däldi. Çölde olaryň jesetleri serlip galdy. Ýöne olaryň höweslenişi kimin, biz-de ýamana höweslenmez ýaly, bu wakalar bize mysal hökmünde ýüze çykdy. «Halk iýip-içmek üçin aşak oturdy we oýnamak üçin ýokary galdy» diýip ýazylyşy ýaly, olaryň käbirleri kimin siz hem butparaz bolmaň. Zyna etmäliň, çünki olaryň käbirleri zyna edip, bir günde ýigrimi üç müň adam öldi. Rebbi synamalyň, çünki olaryň käbirleri Ony synap, ýylanlardan heläk boldular. Käýinmäň, çünki olaryň käbirleri käýinip, ölüm perişdesiniň elinden heläk boldular. Ýöne bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy. Şonuň üçin men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun. Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar. Şonuň üçin, eý, eziz doganlarym, butparazlykdan gaçyň. Men düşünjeli adamlara gürrüň berýärin. Aýdýanlaryma özüňiz baha beriň. Biziň şükür edýän şükür käsämiz Mesihiň ganyna şärikçilik dälmi? Biziň bölýän çöregimiz Mesihiň tenine şärikçilik dälmi? Çöregiň bir bolşy ýaly, köp bolan biz hem bir tendiris, sebäbi biziň hemmämiziň şol bir çörekde paýymyz bardyr. Ysraýyl halkyna serediň, gurbanlyklary iýýänler gurbanlyk edilýän ýer bilen şärikçilik edýänler dälmi? Men näme diýýärin? Buta berlen gurban bir zatmydyr? Ýa-da but bir zatmydyr? Ýok, ýöne butparazlar berýän gurbanyny Hudaýa däl-de, jynlara berýär diýýärin. Men siziň jynlar bilen şärikçilik etmegiňizi islämok. Siz hem Rebbiň käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz. Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarýarysmy? Biz Ondan güýçlümi? Maňa ähli zada rugsat edilendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa ähli zada rugsat edilendir, ýöne hemme zat abatlaýan däldir. Hiç kim öz peýdasyny gözlemesin, başganyň peýdasyny gözlesin. Et bazarynda näme satylýan bolsa, ynsap hatyrasy üçin, hiç bir zady seljermän iýiň. Çünki Ýer we onuň ýüzündäki ähli zat Rebbiňkidir. Iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyryp-da, siz hem gitmek isleseňiz, öňüňizde näme goýulsa, ynsap hatyrasy üçin, her bir zady seljermän iýiň. Emma biri size: «Bu butlara berlen gurbanyň etidir» diýse, ýaňky habar bereniň hatyrasy üçin we ynsap hatyrasy üçin iýmäň, çünki Ýer we onuň içindäkileriň bary Rebbiňkidir. Men ynsap diýip, seniň özüňkä däl-de, beýlekiniňkä diýýärin, sebäbi näme üçin meniň azatlygymyň üstünden beýlekiniň ynsaby höküm çykarýar? Men şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän zadym üçin maňa käýelýär? Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. Ýehudylara, greklere we Hudaýyň ýygnagyna büdremäge sebäp bolmaň. Çünki men hem her zatda her kesi razy etmäge çalyşýaryn. Men muny öz bähbidim üçin edemok, gutulsynlar diýip, köp adamlaryň bähbidi üçin edýärin. Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň. Eý doganlar, her zatda meni ýada salýanlygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýanlygyňyz üçin, men sizi taryplaýaryn. Siziň muny-da bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr. Başyna zat geýip, doga ýa pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir. Başy açyk doga ýa pygamberlik edýän aýal kişi hem öz başyny biabraý edýändir, çünki bu saçy syrylmak bilen birdir. Çünki aýal başyny örtmeýän bolsa, onda saçyny-da kesdirsin. Aýal saçynyň kesilmeginden ýa-da syrylmagyndan utanýan bolsa, onda başyny örtsün. Çünki erkek Hudaýyň suraty hem şöhratydygy üçin başyny örtmeli däldir, ýöne aýal erkegiň şöhratydyr. Çünki erkek aýaldan däl-de, aýal erkekdendir. Sebäbi erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradyldy. Şonuň üçin, perişdeleriň hatyrasyna aýalyň başynda onuň ygtyýar astyndadygyny görkezýän belgi bolmalydyr. Ýöne welin Rebde ne aýal erkeksiz, ne-de erkek aýalsyzdyr. Çünki aýalyň erkekden bolşy ýaly, erkek hem aýal arkaly dünýä inendir, ýöne hemme zady Hudaý ýaradandyr. Siziň özüňiz baha beriň: aýalyň başy açyk Hudaýa doga etmegi ýaraşyklymydyr? Erkegiň saçy uzyn bolsa, bu onuň üçin biabraýçylykdygyny, ýöne aýalyň saçy uzyn bolsa, bu onuň üçin abraýdygyny tebigatyň özi öwretmeýärmi? Çünki saç aýala bürenjek ýerine berlendir. Ýöne biriniň jedel edesi gelýän bolsa, biziň hem, Hudaýyň ýygnaklarynyň hem beýle endigi ýok. Emma bu taglymatda sizi taryplamaýaryn, çünki siziň üýşmeleriňiz peýdaly däl, zyýanlydyr. Çünki, birinjiden, haçan ýygnakda üýşüşeniňizde, araňyzda bölünişigiň bolýanyny eşidýärin, muňa az-kem ynanýarynam. Çünki araňyzdaky Hudaýyň tassyklan adamlary belli bolar ýaly, araňyzda bölünişigiň bolmagy zerurdyr. Siz bir ýere üýşüşeniňizde, Rebbiň naharyny iýmek üçin üýşmeýärsiňiz. Çünki nahar iýeniňizde, her kim öz naharyny beýlekilerden öňürti alýar, biri aç galýar, ýene biri serhoş bolýar. Siziň iýmäge, içmäge öýüňiz ýokmy? Ýa-da Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, ýoksullary utandyrýarsyňyzmy? Men size näme diýeýin? Sizi taryplaýynmy? Bu zatda sizi taryplamaryn. Çünki men Rebden alanymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüniň tutulyp berlen gijesi çörek alyp, şükür edeninden soň, ony bölüp: «Alyň, iýiň, bu meniň siziň üçin döwlen bedenimdir, muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Şonuň ýaly-da, nahardan soň käsäni alyp: «Bu käse meniň ganym bilen berkidilen täze ähtdir, her gezek içeniňizde, meni ýada salmak üçin muny berjaý ediň» diýdi. Çünki siz bu çöregi her gezek iýeniňizde, käseden her gezek içeniňizde, tä Özi gelýänçä, Rebbiň ölümini yglan edýänsiňiz. Şonuň üçin her kim mynasyp bolmadyk tärde Rebbiň bu çöregini iýse ýa bu käseden içse, Onuň teni we gany babatda ýazykly bolar. Adam özüni synap görensoň, bu çörekden iýmeli, bu käseden hem içmelidir. Çünki kim Rebbiň tenini saýgarman, gelşiksiz tärde iýse, içse, özüne garşy höküm iýýändir we içýändir. Şonuň üçin siziň araňyzda köpleri ejiz, hassa, ölenleriň hem sany az däl. Öz-özümizi synan bolsak, höküme duçar bolmazdyk. Üstümizden höküm çykarylanda, bize dünýä bilen bilelikde iş kesilmez ýaly, Reb bizi terbiýeleýär. Eý doganlar, nahar iýmek üçin üýşüşeniňizde, biri-biriňize garaşyň. Siz höküm üçin üýşüşmez ýaly, kim aç bolsa, öz öýünde iýsin. Galan zatlary bolsa özüm baramda düzederin. Eý doganlar, men ruhy sylaglar barada-da, siziň bihabar galmagyňyzy islemeýärin. Butparazkaňyz, biri sizi çekýän ýaly, dilsiz butlaryň yzyna eýerýärdiňiz. Şonuň üçin size aýdýaryn: Hudaýyň Ruhy bilen gepleýän kişi: «Isa lagnat!» diýmez, hiç kim hem Mukaddes Ruh bilen bolmasa: «Isa Rebdir!» diýip bilmez. Sylaglar dürli-dürli, ýöne Ruh şol bir Ruhdur. Gulluklar-da dürli-dürli, ýöne Reb şol bir Rebdir. Amallar dürli-dürli, ýöne hemmede her zady emele getirýän Hudaý şol bir Hudaýdyr. Ýöne her kişä Ruhuň aýan bolmagy hemmäniň peýdalanmagy üçin berilýär. Çünki Ruh arkaly birine akyldarlyk sözi, ýene birine şol Ruh arkaly bilim sözi, başga birine şol Ruh arkaly iman, beýlekä şol Ruh arkaly şypa sylaglary, birine gudrat görkezme, ýene birine pygamberlik, başga birine ruhlary saýgarma, beýleki birine dürli diller, ýene birine bolsa dilleri düşündirme berilýär. Bularyň hemmesini bolsa şol bir Ruh emele getirýär. Ol her birine Öz halaýşyna görä, aýry-aýry bölüp berýär. Ýöne teniň bir we agzasynyň köp bolşy ýaly, teniň agzasy köp bolsa-da, bir tendir, Mesih -de şeýledir. Çünki ýehudy bolsun ýa grek bolsun, gul bolsun ýa azat bolsun ― biziň hemmämiz bir Ruh arkaly bir tene çokundyryldyk, hemmämize bir Ruhdan içirildi. Ten hem bir agzadan däl-de, köp agzadan ybaratdyr. Aýak: «Men el däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez. Gulak: «Men göz däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez. Tutuş ten göz bolan bolsa, onda eşidiş nirede bolardy? Bary eşidiş bolan bolsa, onda ysgaýyş nirede bolardy? Emma Hudaý agzanyň her birini tende Öz isleýşine görä goýdy. Hemmesi bir agza bolan bolsa, onda ten nirede bolardy? Şeýlelikde, agza köp, ýöne ten bir. Göz ele: «Sen maňa gerek däl» diýip bilmez. Kelle aýaklara: «Siz maňa gerek däl» diýip bilmez. Tersine, teniň ejiz görünýän agzalary has köp gereklidir. Biz teniň hormatsyzrak görünýän agzasyna has köp hormat goýýarys, owadan däl agzalarymyzyň has köp görki bardyr. Ýöne görkli agzalarymyz muňa mätäç däldir. Emma Hudaý tende hiçbir bölünişik bolman, agzalar deňlik bilen biri-biriniň aladasyny etsin diýip, teni guranda, ähmiýetsiz agzalary has köp hormatlady. Bir agza horluk çekse, ähli agzalar bilelikde horluk çeker. Bir agza şöhratlansa, ähli agzalar bilelikde şatlanar. Siz Mesihiň teni, aýry-aýry agzalarysyňyz. Hudaý ýygnakda birinjileri resul, ikinjileri pygamber, üçünjileri öwrediji edip oturtdy. Ondan soň gudrat görkezmeleri, soňra şypa sylaglaryny, ýardamlary, edaralary, dürli dilleri berdi. Hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir? Hemmeleriň şypa sylagy barmy? Hemmeler dürli dillerde gepleýärmi? Hemmeler dilleri manylandyrýarmy? Siz ulurak sylaglara yhlas ediň, men ýene size mundan hem gowy ýoly görkezeýin. Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbalydyryn. Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin. Ähli zadymy paýlap, ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur. Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir. Adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr. Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez. Pygamberlikler bolsa aýrylar, diller dymar, bilim ýoga çykar. Çünki biz bölekleýin bilip, bölekleýin pygamberlik edýäris. Ýöne kämil bolan gelende, bölekleýin bolan aradan aýrylar. Men çagakam, çaga ýaly gepläp, çaga ýaly oýlanyp, çaga ýaly paýhas ederdim, ulalanymda, çaga gylyklarymy goýdum. Şindi her zady aýnadaky ýaly ümüzli görýäris, ýöne şol wagt ýüzbe-ýüz göreris. Häzir men bölekleýin bilýärin, ýöne şol wagt öz bilinişim ýaly bilerin. Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir. Söýginiň yzynda boluň hem-de ruhy sylaglara, has-da pygamberlik etmäge yhlas ediň. Çünki bilinmeýän dilde gepleýän, adam bilen däl-de, Hudaý bilen gepleşýändir, çünki oňa hiç kim düşünýän däldir, ol syrlary ruh bilen aýdýandyr. Pygamberlik edýän kişi adamlary abatlamak, nesihat we göwünlik bermek üçin gepleýändir. Başga dilde gepleýän özüni abatlaýandyr, ýöne pygamberlik edýän ýygnagy abatlaýandyr. Men siziň hemmäňiziň başga dillerde geplemegiňizi, has-da pygamberlik etmegiňizi arzuw edýärin. Bu dillerde gepleýän ýygnagyň abatlanmagy üçin düşündirmeýän bolsa, onda pygamberlik edýän ondan gowudyr. Eý doganlar, men siziň ýanyňyza baryp, başga dillerde geplesem, ýöne ylham, bilim, pygamberlik ýa taglymatdan gürrüň bermesem, size näme haýrym deger? Ses çykarýan jansyz zatlar, meselem, tüýdük ýa gusli biri-birinden parhly ses çykarmasa, tüýdük ýa gusli bilen näme çalynýandygy nähili bilner? Çünki surnaý hem näbelli ses çykarsa, urşa kim taýýarlanar? Şeýlelikde, siz hem dil arkaly düşnükli gürrüň bermeseňiz, näme aýdýanyňyz nähili bilner? Çünki bu howa gürrüň berdigimiz bolar. Dünýäde dürli-dürli dilleriň bardygy, olaryň hiç biriniň-de manysyz däldigi gürrüňsizdir. Ýöne aýdylana düşünmesem, onda men gepleýäne bigäne, ol hem maňa bigäne bolar. Şeýlelikde, siz hem ruhy sylaglara yhlas edişiňize görä, ýygnagy abatlamak üçin, sylaglara baý bolmaga çalşyň. Şonuň üçin bilinmeýän dilde gepleýän adam ony manylandyrar ýaly doga etsin. Çünki men başga bir dilde doga edýän bolsam, ruhum doga edýändir, ýöne akylym miwesizdir. Näme etmeli? Men ruh bilen doga etjek, ýöne akyl bilen hem doga etjek. Ruh bilen nagma aýtjak, ýöne akyl bilen hem nagma aýtjak. Sebäbi sen ruh bilen alkyş aýtsaň, bilimsiz adamlar seniň şüküriňe nähili «omyn» diýsin? Sebäbi ol seniň näme aýdýanyňa düşünýän däldir. Dogry, sen gowy şükür edýärsiň, ýöne beýleki abatlanmaýar. Men dillerde hemmäňizden köp gepleýänime Hudaýa şükür edýärin. Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwreder ýaly, akylym bilen bäş söz aýtmagy başga dilde on müň söz aýtmakdan gowy görýärin. Doganlar, akylda çaga ýaly bolman, ýamanlykda çaga ýaly bolup, akylda kämil boluň. Reb şeýle diýýär: «Men bu halka başga diller bilen, ýatlaryň agzy bilen gürrüň bererin, şonda-da Meni diňlemezler» diýip Kanunda ýazylgydyr. Şeýlelikde, diller iman edenlere däl-de, iman etmediklere, pygamberlik hem iman etmediklere däl-de, iman edenlere alamatdyr. Bütin ýygnak bir ýere üýşüp, ählisi başga dillerde geplese we bilimsizler ýa-da iman etmedikler içeri girse, olar: «Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz» diýmezmi? Emma hemmeler pygamberlik etse we bir iman etmedik ýa bir bilimsiz içeri girse, hemmeler tarapyndan ýazgarylyp, hemmeler tarapyndan höküm ediler. Ýüreginiň gizlin syrlary aýan bolup, ýüzin ýykylar, «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda» diýip, Hudaýa sežde eder. Doganlar, indi näme? Bir ýere üýşüşeniňizde, siziň her biriňizde mezmur, tälim, dil, ylham ýa dilleri düşündirme bardyr ― ählisi abatlama üçin bolsun. Kimdir biri bilinmeýän dilde gepleýän bolsa, onda iki ýa-da iň ýokarsy üç adam nobatma-nobat gepläp, biri-de manylandyrsyn. Düşündirýän ýok bolsa, onda ol adam ýygnakda dymyp, özüne we Hudaýa gürrüň bersin. Pygamberleriň hem ikisi ýa üçüsi gürrüň berip, beýlekiler saýgarsynlar. Oturanlardan birine ylham gelse, onda ilkinji dymsyn. Çünki hemmeler öwrenip, hemmeler öwüt alar ýaly, hemmäňiz biri-biriňiziň yzyndan pygamberlik edip bilersiňiz. Pygamberleriň ruhlary pygamberlere tabyndyr. Çünki Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, mukaddesler ýygnaklarynyň hemmesinde bolşy ýaly, parahatlyk Hudaýydyr. Ýygnaklarda aýallaryňyz geplemesin, çünki olara geplemäge rugsat edilen däldir. Olar, kanunyň hem aýdyşy ýaly, tabyn bolmalydyrlar. Olar bir zady öwrenjek bolsalar, öýde öz ärlerinden sorasynlar, çünki aýala ýygnakda geplemek aýypdyr. Hudaýyň sözi, eýsem, sizden çykdymy? Ýa diňe size ýetdimi? Özüni pygamber ýa ruhda kämil saýýan adam size ýazýanlarymyň Rebbiň buýrugydygyny aňlasyn. Biri nadanlyk etse, goý, nadanlyk etsin. Şonuň üçin, eý doganlar, pygamberlik etmäge yhlas ediň, başga dillerde geplemegi-de gadagan etmäň. Ýöne herki zat sypaýyçylyk hem tertip bilen bolsun. Eý doganlar, size Hoş Habary ýatladýaryn. Men ony size wagyz etdim, siz hem ony unap, oňa bagly galdyňyz. Size wagyz eden sözümi tutsaňyz, eden imanyňyz biderek bolmaz, ol arkaly gutularsyňyz. Çünki men alanymy öňürti size tabşyrdym. Mesih Ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi. Jaýlandy we Ýazgylara görä, ölenden üç günden soň direldi. Onsoň Kifasa, soň-da Onkilere göründi. Ondan soň bäş ýüzden köp dogana birden göründi. Bu doganlaryň köpüsi häzir hem diri, käbirleri bolsa öldi. Ondan soň Ýakuba, soň hem bütin resullara göründi. Iň soňunda hem biwagt doglan çaga ýaly bolan maňa göründi. Çünki men resullaryň iň kiçisi, resul adyny almaga hem mynasyp däldirin, sebäbi men Hudaýyň ýygnagyna azar berdim. Ýöne näme bolsam, Hudaýyň merhemeti arkaly boldum, Onuň maňa görkezen merhemeti biderek bolman, olaryň hemmesinden köp zähmet çekdim. Muny men däl-de, meniň bilen bolan Hudaýyň merhemeti etdi. Indi men bolaýyn, olar bolsun, biz şeýle wagyz edýäris, siz hem şeýle iman getirdiňiz. Mesih direldi diýip wagyz edilýän bolsa, onda siziň araňyzdan käbirleri näme üçin ölüler direlmez diýýär? Ölüler direlmeýän bolsa, onda Mesih hem direlen däldir. Mesih direlmedik bolsa, onda biziň wagyz etmegimiz biderek, siziň hem imanyňyz biderekdir. Şeýlelikde, biz Hudaý hakda ýalançy şaýatlar bolarys, çünki biz Hudaý Mesihi direltdi diýip güwä geçdik. Eger ölüler direlmeýän bolsa, Ony-da direlden däldir. Çünki ölüler direlmeýän bolsa, Mesih hem direlen däldir. Mesih direlmedik bolsa, onda siziň imanyňyz hem puç bolup, siz entek öz günäleriňiziň içindesiňiz. Şeýle hem Mesihde imanly bolup ölenler-de heläk bolandyr. Biz diňe bu ýaşaýyşda Mesihe umyt baglan bolsak, onda bütin ynsanlaryň iň bagtygarasydyrys. Emma Mesih ölüleriň ilkinji miwesi bolup ölümden direldi. Çünki ölümiň ynsan arkaly gelşi ýaly, ölüleriň direlişi-de ynsan arkaly geldi. Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter. Ýöne her kes öz nobatyna görä: ilkinji miwe bolan Mesih, Ol gelensoň hem Mesihiňkiler. Soňra Ol her hili baştutanlygy, her hili häkimiýeti hem gudraty ýok edip, Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyranda, ahyrzaman bolar. Çünki Ol bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir. Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir. Çünki hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edendir. Ýöne ähli zat Oňa tabyn edildi diýlende, her zady Oňa tabyn etdiren Hudaýyň aýratynlyk gazanýanlygy äşgärdir. Emma ähli zat Oňa tabyn bolanda, Ogluň özi hem, Hudaý hem ähli zatda höküm sürer ýaly, Oňa ähli zady tabyn etdirene tabyn bolar. Ýogsa, ölüler üçin çokundyrylanlar näme eder? Ölüler asla direlmeýän bolsa, onda nämä olar üçin çokundyrylýarlar? Nämä biz häli-şindi howp astyna girýäris? Eý doganlar, siz barada Rebbimiz Mesih Isada bolan magtanjyma kasam, men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn. Eger bir adam ýaly oýlanyp, Efesosda ýabany haýwanlar bilen uruş eden bolsam, maňa näme peýdasy bar? Ölüler direlmeýän bolsa, onda iýeliň, içeliň, çünki ertir öleris. Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr. Dogrulyk bilen hüşgär boluň, günä etmäň, çünki siziň käbirleriňiz Hudaýy tanamaýar. Men muny siziň utanmagyňyz üçin aýdýaryn. Emma biriniň: «Ölüler nähili direler? Haýsy ten bilen geler?» diýmegi mümkindir. Eý akmak! Seniň ekýän zadyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz. Sen ekeňde gögermeli bütin ösümligi däl-de, diňe tohumyny, bugdaý ýa başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň. Ýöne Hudaý oňa Öz isleýşi ýaly, bir ten, her tohumyň öz tenini berýär. Hemme et bir et däldir, ynsan eti başga, haýwan eti başga, guşlaryň eti başga, balyklaryň eti bir başgadyr. Asmana degişli tenler hem dünewi tenler bardyr, ýöne asmana degişlileriň şöhraty başga, dünewileriňki başgadyr. Günüň şöhraty başga, Aýyň şöhraty başga we ýyldyzlaryň şöhraty başgadyr, çünki şöhratda ýyldyz hem ýyldyzdan parhlydyr. Ölüleriň direlmegi-de şeýledir. Ten çüýremede ekilip, çüýremezlikde galýandyr; harlykda ekilip, şöhratda galýandyr, ejizlikde ekilip, kuwwatda galýandyr; tebigy ten ekilip, ruhy ten galýandyr. Tebigy ten bar bolsa, ruhy ten hem bardyr. Şeýle-de ýazylgydyr: «Ilkinji ynsan Adam ýaşaýan jan boldy», ýöne soňky Adam ýaşaýyş berýän ruh boldy. Emma ruhy bolan däl-de, tebigy bolan ilkinjidir, ruhy bolan soň gelendir. Ilkinji adam ýerden, toprakdandyr, ikinji adam bolsa Gökden inen Rebdir. Toprakdan bolan adam nähili bolsa, topraga degişliler hem şeýledir. Gökden inen nähili bolsa, Göge degişliler hem şeýledir. Biz toprakdan bolanyň keşbini nähili göteren bolsak, Gökden ineniň keşbini hem şeýle götereris. Ýöne, eý doganlar, men et bilen ganyň Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilmeýänini, şeýle hem çüýreýäniň-de çüýremezlikden paý alyp bilmeýänini aýdýaryn. Ine, size bir syry paş edeýin. Biziň hemmämiz öljek däl, soňky surnaý çalnanda, birden göz açyp-ýumasy salymda üýtgediljekdiris. Çünki surnaý çalynjak, ölüler çüýremez bolup, direljek, biz üýtgediljekdiris. Sebäbi bu çüýreýän çüýremezlik donuny geýmelidir, bu ölümli ölmezlik donuny geýmelidir. Bu çüýreýän çüýremezlik, bu ölümli ölmezlik donuny geýende, «ölüm ýeňişde ýuwduldy» diýen söz ýerine ýeter. «Eý ölüm, hany seniň tikeniň? Eý, ölüler diýary, hany seniň ýeňşiň?» Ölümiň tikeni günädir, günäniň güýji bolsa kanundyr. Emma Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňşi yhsan eden Hudaýa şükür! Şonuň üçin, eý söýgüli doganlar, elmydam berk, durnukly bolup, Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň, çünki zähmetiňiziň Rebde boş däldigini bilýänsiňiz. Mukaddesler üçin kömek ýygnama hakda, siz hem Galatýa ýygnaklaryna tabşyryşym ýaly ediň. Men baranymda, ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, siziň her biriňiz hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä, bir mukdar pul süýşürip, ýanynda saklasyn. Baranymda bolsa mynasyp gören adamlaryňyzy siziň gatanjyňyzy Iýerusalime gowşurar ýaly, hatlar bilen ýollaryn. Meniň gitmegim hem ýaraşykly bolsa, onda olar meniň bilen gider. Makedoniýadan geçenimden soň, siziň ýanyňyza-da bararyn, sebäbi men Makedoniýadan geçmekçi. Meni gitjek ýerime ugratmagyňyz üçin, belki, siziň ýanyňyzda bir mütdet galaryn ýa gyşy-da geçirerin. Çünki sizi häzir ýol ugrunda göresim gelenok. Reb rugsat etse, birnäçe wagtlap ýanyňyzda bolaýsam diýen umydym bar. Men Hasyl baýramyna çenli Efesosda bolaryn. Çünki maňa uly, iş bitiriji bir gapy açyldy, garşy çykýanlar hem köp. Timoteos baranda, ýanyňyzda gorkusyz bolar ýaly, göz-gulak boluň, sebäbi ol hem meniň ýaly Rebbiň işini edýär. Ony hiç kim äsgermezlik etmesin. Meniň ýanyma geler ýaly, ony sag-salamat ýola salyň. Çünki men oňa doganlar bilen bilelikde garaşýaryn. Dogan Apollos hakda aýdanymda bolsa, men doganlar bilen bilelikde siziň ýanyňyza gitmegini ondan köp haýyş etdim, emma onuň şu wagt gelmäge meýli ýok; amatly pursat tapanda geler. Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gujurly boluň! Edýän ähli zadyňyz söýgi bilen bolsun. Doganlar, sizden şuny haýyş edýärin, siz Stefanyň içersini tanaýansyňyz, olaryň Ahaýada ilkinji mesihilerdigini we mukaddesleriň gullugyna berlendiklerini bilýänsiňiz. Siz hem şeýle adamlara, olar bilen işläp, zähmet çekýänleriň hemmesine baş egiň. Men Stefanyň, Fortunatusyň we Ahaýakusyň gelenine begenýärin, sebäbi olar maňa siziň ýoklugyňyzy bildirmeýärler. Çünki olar meniň ruhuma-da siziňkä berişleri ýaly ynjalyk berdi. Şeýle adamlaryň gadyryny biliň. Aziýanyň ýygnaklary size salam aýdýar. Akila we Priskilla öýlerindäki ýygnak bilen birlikde size Rebde köp salam aýdýar. Doganlaryň bary size salam aýdýarlar. Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Men Pawlus öz salamymy öz elim bilen ýazýaryn. Reb Isa Mesihi söýmeýäne lagnat bolsun. Eý Rebbimiz, gel! Reb Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun! Meniň söýgim Mesih Isada siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn. Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly bolan Pawlusdan we dogan Timoteosdan bütin Ahaýadaky mukaddesleriň baryna, Hudaýyň Korintosdaky ýygnaklaryna salam! Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin! Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş! Ol rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýydyr. Hudaýyň bize berýän tesellisi bilen biz-de her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär. Çünki Mesihiň görgüleriniň bizde artyşy ýaly, biziň tesellimiz hem Mesih arkaly artýar. Muşakgat çekýän bolsak, bu siziň teselli tapyp, gutulmagyňyz üçindir. Bu gutulyş biziň hem görýän görgülerimize döz gelmegiňiz bilen emele gelýändir. Bize teselli berilýän bolsa, bu siziň teselli tapmagyňyz, gutulmagyňyz üçindir. Biziň siz hakdaky umydymyz berkdir, çünki görgülerimize şärik bolşuňyz ýaly, ruhlanmamyza-da şärikdigiňizi bilýäris. Çünki, eý doganlar, Aziýada biziň başymyza gelen muşakgatlardan siziň habarsyz bolmagyňyzy islemeýäris. Biz çendenaşa, çydardan agyr kynçylyga düşüp, diri galmakdan hem umydymyzy üzdük. Ölüm jezasyny içimizde duýduk. Bu özümize däl-de, ölüleri direlden Hudaýa bil baglamagymyz üçin boldy. Ol bizi şeýle uly ölümden gutardy we gutarýar. Biziň üçin edýän dogalaryňyzyň kömegi bilen Onuň bizi ýene-de gutarjagyna umyt baglaýarys. Şeýlelikde, köp adamlaryň dogasy netijesinde, bize berlen merhemetden ötri köpler biz babatda Hudaýa şükür eder. Çünki biziň buýsanjymyz bu dünýäde, ylaýta-da, siziň bilen bolan gatnaşygymyzda tebigy akyldarlyk bilen däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen, Hudaýdan bolan mukaddeslik we janypkeşlik bilen gezenligimize ynsabymyzyň güwäligidir. Çünki biz size okaýanlaryňyzdan, düşünýänleriňizden başga hiç bir zady ýazmaýarys. Bölekleýin düşünişiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň gününde biziň buýsanjymyz bolşuňyz ýaly, biziň hem siziň buýsanjyňyz bolmagymyz üçin, muňa soňuna çenli düşünersiňiz diýen umydym bar. Bu ynam bilen, bähbidiňiz iki esse bolar ýaly, öňürti size barsam, siziň üstüňiz bilen Makedoniýa geçip, Makedoniýadan ýene size gelip, Ýahuda siz ýola salarsyňyz diýen niýetim bardy. Men şeýle niýet edip, durnuksyzlyk etdimmi? Ýa mende hem «hawa, hawa» hem-de «ýok, ýok» bolar ýaly, niýet edýänlerimi adam pikiri boýunça niýet edýärinmi? Biziň size gowşuran sözümiziň hem «hawa», hem «ýok» däldigine Hudaýyň ynamdarlygyndan ant içýärin. Çünki Silwanus we Timoteos dagymyz tarapdan siziň araňyzda wagyz edilen Hudaýyň Ogly Isa Mesih «hawa» we «ýok» bolman, Onda hemişe «hawa» bolandyr. Hudaýyň ähli wadalary Mesihde «hawadyr». Şonuň üçin, biz arkaly Hudaýa şöhrat bolar ýaly, omyn Ol arkaly aýdylýandyr. Bizi siz bilen birlikde Mesihde berkiden, wezipä bellän Hudaýdyr. Ol bize möhür basyp, Mukaddes Ruhy ýüreklerimizde girew goýdy. Hudaýy janyma güwä tutýaryn, şu çaka çenli Korintosa gelmedigimiň sebäbi sizi aýamakdy. Bu biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürýäris diýmek däldir, biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris. Çünki siz imanda berk dursuňyz. Men siziň ýanyňyza ikilenç gaýgy bilen gelmezligi ýüregime düwdüm. Çünki sizi gaýgylandyrsam, gaýgylandyran adamym bolmasa, meni şatlandyrjak kim? Muny gelemde şatlanmaly adamlarymdan gaýgylanmaýyn diýip ýazdym. Çünki meniň şatlygymyň hemmäňiziň şatlygydygyna ynanýaryn. Men size agyr muşakgat we ýürek gorkusy zerarly köp gözýaş döküp, siziň gaýgylanmagyňyz üçin däl-de, meniň özüňize bolan bol söýgimi bilmegiňiz üçin ýazdym. Biri gaýgylandyran bolsa, ol meni däl-de, ulaltmaýyn welin, belli bir derejede siziň hemmäňizi gaýgylandyrandyr. Şeýle adama köplügiň beren şol jezasy ýeterlikdir. Beýle adam çendenaşa gaýga batmaz ýaly, ony bagyşlamalysyňyz, ruhlandyrmalysyňyz. Şonuň üçin oňa bolan söýgiňizi tassyklamagyňyzy sizden haýyş edýärin. Şoňa görä-de, men siziň her zatda boýun bolýanlygyňyzy synagda biljek bolup ýazdym. Siz kimi bir zatda bagyşlasaňyz, men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir zatda bagyşlan bolsam, bagyşlanymy siziň üçin Mesihiň huzurynda bagyşladym. Muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim, çünki biz onuň ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris. Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troasa baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açylanda, ruhumda ynjalygym ýokdy, çünki doganym Titusy tapman, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa gitdim. Emma bizi Mesihiň yzyndan elmydam ýeňişli ýollardan ýöredýän, biz arkaly her ýerde Özüni tanamaklygyň atyr ysyny saçýan Hudaýa şükür! Çünki biz hem gutulanlaryň, hem-de heläk bolanlaryň arasynda Hudaý üçin Mesihiň atyr ysydyrys. Biz birine ölüm getirýän ölüm ysy, beýlekä bolsa ýaşaýyş getirýän ýaşaýyş ysydyrys. Kim bu zatlara mynasyp? Çünki biz, köp adamlar ýaly, Hudaýyň sözüni alyş-çalyş etmän, eýsem, Hudaýdan bolup, Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda janypkeşlik bilen gepleýäris. Biz ýene-de özümize maslahat bermäge başlaýarysmy? Bize käbirleri ýaly sizden ýa-da size maslahat hatlary gerekmi? Siz biziň ýüregimizde ýazylan, ähli adamlar tarapyndan tanalan, okalan hatymyzsyňyz. Hyzmatymyzyň netijesi hökmünde syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhy bilen, daş sahypalaryň ýüzünde däl-de, ýüregiň et sahypalarynyň ýüzünde ýazylan Mesihiň hatydygyňyz äşgärdir. Biziň Mesih arkaly Hudaýa bolan ynamymyz şeýledir. Bir zady hamala özümizden ýaly saýmaga biziň özümiz ukyply däl-de, eýsem, ukybymyz Hudaýdandyr. Ol bize harp däl-de, ruh esasyndaky Täze Ähtiň gullukçylary bolmak ukybyny berdi, sebäbi harp öldürýär, ýöne ruh ýaşadýar. Ölüm gullugy daşlaryň ýüzüne oýulyp ýazylan harplar bilen şöhratda gelip, Ysraýyl ogullary Musanyň ýüzündäki geçip barýan şöhrat üçin onuň ýüzüne gözlerini sowman bakyp bilmedik bolsa, Onda Ruh gullugy has şöhratda bolmazmy? Çünki iş kesme gullugy şöhratly bolsa, onda dogrulyk hyzmaty has hem şöhratlydyr. Çünki öňki şöhratlanan soňkynyň artyk şöhratyna garanda, şöhratlanan däldir. Çünki geçip barýan şöhratly bolan bolsa, onda galyjy has hem şöhratlydyr. Şeýle umydymyzyň barlygyna görä, uly gaýratymyz hem bardyr. Biz Musa ýaly däldiris. Ol, Ysraýyl ogullary geçip barýan şöhratyň soňuny görmesin diýip, öz ýüzüni perdeläpdi. Ýöne olaryň akyllary küteldi, sebäbi şu güne çenli Köne Äht okalanda, şol perde syrylman galyp, diňe Mesihde aradan aýrylýar. Musa okalanda, perde şu güne çenli olaryň ýüregini büreýär. Ýöne biri Rebbe tarap öwrülende, ol perde aýrylýar. Reb Ruhdur. Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir. Emma biziň hemmämiz perdesi aýrylan ýüz bilen Rebbiň şöhratyny görüp, şöhrat üstüne şöhrat bilen şol keşbe dönderilýändiris. Bu hem Ruh bolan Mesih tarapyndyr. Şonuň üçin özümize görkezilen merhemet saýasynda bu hyzmata ýetenimiz üçin, biz ruhdan düşmeýäris. Gizlin, utançly ýollary ret etdik. Biz hile bilen gezmän, Hudaýyň sözüniň saplygyny bozman, hakykaty aýan edip, özümizi Hudaýyň huzurynda ähli adam ynsabyna maslahat berýäris. Biziň Hoş Habarymyz perdeli-de bolsa, heläk bolanlar üçin perdelidir. Hudaýyň keşbi bolan Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nury olary ýagtylandyrmasyn diýip, bu dünýäniň taňrysy imansyzlaryň akyllaryny küteldendir. Çünki biz özümizi däl-de, Mesih Isany Reb diýip, özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip yglan edýäris. Çünki «Tümlükden nur parlasyn» diýen Hudaý Mesihiň ýüzünde Hudaýyň şöhratyny tanamak nuruny bermek üçin biziň ýüregimizi ýagtylandyrdy. Ýöne iň üstün gudratyň bize däl-de, Hudaýa degişlidigi bilinsin diýip, bu genji toprak gaplarda saklap ýörüs. Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys. Biz çäresiz ýagdaýdadyrys, ýöne çykalgasyz däldiris. Kowalanýandyrys, ýöne terk edilen däldiris. Ýere urlandyrys, ýöne ölen däldiris. Isanyň ýaşaýşy tenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini hemişe tenimizde göterýäris. Çünki biziň ölümli tenimizde Isanyň ýaşaýşy hem aýan bolsun diýip, biz ― ýaşaýanlar Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrylýarys. Şeýlelikde, ölüm bizde, ýaşaýyş bolsa sizde işleýär. «Iman etdim, şonuň üçin gepledim» diýip ýazylyşyna görä, biz-de bu iman ruhuna eýe bolup iman edýäris, şonuň üçin-de gepleýäris. Çünki Reb Isany Direldeniň bizi hem Isa arkaly direldip, siz bilen birlikde Öz öňünde duruzjagyny bilýäris. Sebäbi Hudaýyň merhemeti kän adamlar arkaly köpelip, Hudaýyň şöhratyna şüküri artdyrar ýaly, ähli zat siziň üçindir. Munuň üçin, biz ruhdan düşmeýäris, gaýtam, daşky adamymyz bozulsa-da, içki adamymyz günbe-günden täzelenýär. Sebäbi wagtlaýyn, ýeňil muşakgat biziň üçin juda artykmaç şöhratyň ebedi agramyny emele getirýär. Sebäbi biz görünýän zatlara däl-de, görünmeýänlere seredýäris, çünki görünýänler wagtlaýyn, görünmeýänler ebedidir. Çünki biziň bu dünewi öýümiz, bu çadyr weýran bolsa, Gökde Hudaýdan bir ymaratymyzyň, el bilen ýasalmadyk ebedi öýümiziň bardygyny bilýäris. Sebäbi Gökdäki mesgenimizi geýinmegi küýsäp, munda ah çekýäris. Ýöne geýinsek, ýalaňaç görünmeris. Çünki bu çadyrda bolýan biz ýük astynda ah çekýäris, sebäbi pany bolanlary ýaşaýyş ýuwutsyn diýip, ýalaňaçlanmak däl-de, geýinmek isleýäris. Hudaý bizi şunuň özi üçin taýýarlap, bize Ruhy hem girew berdi. Şeýlelikde, hemişe gaýratly bolup, tende mesgen tutýan wagtymyz Rebden uzakdadygymyzy bilýäris ― çünki biz didar arkaly däl-de, iman arkaly gezýäris. Gaýratly bolup, tenden aýrylmagy, Rebbiň ýanynda mesgen tutmagy gowy görýäris. Şonuň üçin bu tende ýaşasak-da, aýrylsak-da, Onuň pisindi oturjak adamlary bolmaga yhlas edýäris. Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, bedendekäk öz edenlerimize laýyk almytymyzy almak üçin, hemmämiz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde häzir bolmalydyrys. Şeýlelikde, biz Rebden gorkmagyň nämedigini bilýändigimiz üçin adamlary ynandyrýarys, ýöne Hudaýa aýandyrys, siziň ynsabyňyza-da aýandyrys diýen umydym bar. Biz ýene-de özümizi size maslahat bermeýäris, ýöne ýürek bilen däl-de, daşky görnüş bilen magtanýanlara aýdara gepiňiz bolar ýaly, size biziň bilen magtanmaga esas berýäris. Biz akylymyzy ýitiren bolsak, bu Hudaý üçindir, eger-de akylymyz başymyzda bolsa, siziň üçindir. Çünki Mesihiň söýgüsi bizi mejbur edýär, sebäbi biri hemmäniň ugrunda öldi, eýle bolsa, hemmesi ölendir diýip hasap edýäris. Ol ýaşaýanlar artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi. Şonuň üçin biz mundan beýläk hiç kimi adam ölçeglerine görä tanamaýarys. Mesihi şeýle tanan hem bolsak, indi beýle tanamaýarys. Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr. Herki zat Hudaýdandyr. Ol bizi Mesih arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy, bize ýaraşdyrma gullugyny berdi. Ýagny Hudaý dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy, ýazyklaryny hasaba alman, bize ýaraşdyrma sözüni berdi. Şeýlelikde, indi hamala Hudaý biz arkaly haýyş edýän ýaly, biz Mesihiň ilçileridiris. Mesih tarapyndan ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň! Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi. Biz Onuň bilen işdeşlik edip, Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň diýip ýalbarýarys. Çünki Ol: «Amatly wagtda saňa gulak asdym, gutulyş gününde saňa ýardam etdim» diýýär. Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir. Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolman, her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat berýäris: agyr çydamlarda, muşakgatlarda, mätäçliklerde, çykgynsyz ýagdaýlarda, taýaklanmalarda, tussaglarda, aýaga galmalarda, azaplarda, ukusyzlyklarda, orazalarda; tämizlikde, bilimde, sabyrda, ýagşylykda, Mukaddes Ruhda, hilesiz söýgüde, Hakykat sözünde, Hudaýyň güýjünde, sagda hem çepde dogrulyk ýaraglary bilen, abraý we biabraýçylykda, betnamlyk we tarypda özümizi Hudaýyň gullukçylary hökmünde maslahat berýäris. Biz ýalançy hasaplansak-da, hakykaty sözleýändiris. Nätanyş ýaly bolsak-da meşhurdyrys; öli ýaly bolsak-da diridiris; jeza çeksek-de, öldürilen däldiris. Gaýgyly bolsak-da, hemişe şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zady ýok ýaly bolsak-da, ähli zada eýediris. Eý korintoslylar, biziň sözümiz size açyk, göwnümiz giňdir. Sizden öz mährini aýaýan biz däl-de, bizden mährini aýaýan sizsiňiz. Muňa derek size öz balalarym hökmünde aýdýaryn, siz hem göwnüňizi giň tutuň. Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Çünki dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar? Mesihiň Belial bilen näme agzybirligi bar? Ýa-da imanlynyň imansyz bilen näme paýdaşlygy bar? Hudaýyň ybadathanasynyň butlar bilen näme ylalaşygy bar? Çünki siz diri Hudaýyň ybadathanasysyňyz; Hudaý bolsa: «Olaryň arasynda mekan tutup gezerin, Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar» diýipdir. Reb şeýle diýýär: «Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin». Her zady başarýan Reb: «Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul -gyzlarym bolarsyňyz» diýýär. Eý, söýgüli doganlar, bu wadalarymyzyň barlygyna görä, her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň. Bize ýüregiňizden ýer beriň. Biz hiç kimi ynjadan däldiris, hiç kimi azdyran däldiris, hiç kimi ezen däldiris. Muny sizi ýazgarmak üçin aýtmaýaryn. Sebäbi bile ölüp, bile ýaşar ýaly, biziň ýüregimizdedigiňizi men ozal aýtdym. Size biçak ynanýaryn, size biçak guwanýaryn. Men teselliden doly, muşakgatymyz arasynda begenjim çäksiz. Çünki Makedoniýa gelenimizde-de, göwnümiziň ynjalygy bolman, her tarapdan gysylýardyk. Daşarda uruşlar, içimizde gorkular bardy. Emma pes göwünlileri ruhlandyrýan Hudaý Titusyň gelmegi bilen bize teselli berdi. Diňe onuň gelmegi bilen hem däl, siziň oňa eden teselliňiz bilen hem teselli tapdyk. Ol siziň küýsegiňizi, ýasyňyzy, maňa bolan yhlasyňyzy habar berende, has hem begendim. Çünki hatym bilen sizi gaýgylandyran bolsam hem ökünmeýärin. Ökünen bolsam-da ― çünki ol hatyň az wagt hem bolsa, sizi gaýgylandyranyny görýärin ― indi begenýärin. Gaýgylananyňyza däl-de, toba üçin gaýgylananyňyza begenýärin. Çünki siz bizden hiç bir zyýan görmän, Hudaýyň islegi boýunça gaýgylandyňyz. Çünki Hudaýyň islegi boýunça gaýgylanmaklyk gutulyş üçin ökünçsiz tobany emele getirýändir. Dünýäniň gaýgylary bolsa, ölümi emele getirýändir. Bu gaýgyňyzyň Hudaýyň islegine görä bolmagy, gör, sizde nähili gaýrat, nähili ökünç, nähili gahar, nähili gorky, nähili küýseg, nähili yhlas, nähili adalata ymtylyş döretdi! Siz bu işde her taýdan tämizdigiňizi görkezdiňiz. Şeýlelikde, size ýazan hem bolsam, muny ynjydan üçin ýa-da ynjan üçin däl-de, bize bolan gaýratyňyzyň Hudaýyň huzurynda özüňize aýan bolmagy üçin ýazdym. Bular bize teselli berýär. Ýöne öz tesellimizden köp Titusyň şatlygyna begendik, çünki siziň baryňyz onuň göwnüni ynjaldypsyňyz. Çünki onuň ýanynda siz barada bir zat diýip öwünen bolsam hem, meni utandyrmadyňyz, gaýtam, biziň size hemme zady hakykatda aýdyşymyz ýaly, Titusyň garşysyndaky magtanjymyz hem hakykat boldy. Ol hemmäňiziň boýun bolanyny, ony gorky hem titreme bilen garşylanyňyzy ýatlanda, size bolan söýgüsi has-da artýar. Men her zatda size bil baglap biljegime begenýärin. Eý doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemetini size bildirýäris. Uly muşakgat synagynda olaryň şatlygynyň bollugy aýan boldy, olaryň aşa garyplygy sahylyklarynda çäksiz baýlyga öwrüldi. Olaryň öz ýagdaýlaryna görä hem-de ýagdaýlaryndan aşa sahylyk edenlerine men güwä geçýärin. Olar bu haýyr işe, mukaddeslere gulluk etmäge özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, bizden haýyş etdiler. Hatda umyt edişimizden-de ýokary bolup, olar özlerini ilki Rebbe, soň-da Hudaýyň islegi bilen bize peşgeş etdiler. Şonuň üçin bu haýyr işi ozal nähili başlan bolsa, şeýle hem araňyzda bitirmegini biz Titusdan haýyş etdik. Imanda, sözde, bilimde, her hili gaýratda, bize bolan söýgiňizde, ähli zatda bolşuňyz ýaly, bu haýyr işde-de üstün boluň. Muny buýruk hökmünde däl-de, beýlekileriň gaýraty arkaly söýgiňiziň hakykylygyny synap aýdýaryn. Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýänsiňiz. Garyplygy bilen siz baýar ýaly, Ol baýka garyp boldy. Bu hakda men öz pikirimi aýdaýyn. Çünki bu siziň üçin peýdalydyr. Siz öten ýyldan bäri diňe etmekde däl-de, muny arzuwlamakda hem ilkinjilerdiňiz. Indi arzuwlamaga göwünjeň bolşuňyz ýaly, başardygyňyzdan, bu işiň bitmegi üçin, ony soňuna çenli alyp baryň. Çünki göwünjeňlik bar bolsa, adamyň ýoguna görä däl, baryna görä bermegi makuldyr. Biz başgalaryna ýeňil, size agyr bolmagyny islämzok, deňligi isleýäris. Olaryň hem artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar ýaly, şu wagt siziň artykmaç zadyňyz olaryň ýetmezini doldursyn. Şeýle, «Köp ýygnanyň artygy, az ýygnanyň hem kem zady bolmady» diýip ýazylyşy ýaly, deňlik bolar. Siz babatdaky şeýle yhlasy Titusyň ýüregine guýýan Hudaýa şükür! Çünki ol biziň haýyşymyza gulak asyp, köp yhlasly bolany üçin, öz islegi bilen siziň ýanyňyza gitdi. Biz Hoş Habarda bütin ýygnaklar tarapyndan taryplanýan dogany hem onuň bilen bile ýolladyk. Mundan başga-da ol dogan Rebbiň şöhraty üçin we biziň öz göwünjeňligimizi görkezmek üçin ýerine ýetirýän bu haýyr işimizde ýygnaklar tarapyndan bize ýoldaşlyk etmäge saýlandy. Biz gullugymyz bilen gazanylan bu gatanç hakda hiç kim bize garalyk ýapmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris. Çünki biz diňe bir Reb huzurynda däl, eýsem, adamlar huzurynda-da ýagşy işiň aladasyny edýäris. Yhlaslydygyny köp zatlarda telim gezek synan, indi hem size bolan uly ynamy arkaly has-da yhlasly bolan doganymyzy hem olar bilen ýolladyk. Titus hem meniň şägirdim, siziň araňyzdaky işdeşimdir. Doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň ilçileri, Mesihiň şöhratydyr. Indi söýgiňizi, siz hakdaky magtanjymyzy ýygnaklaryň gözüniň alnynda olara subut ediň. Mukaddeslere gulluk etmek barada meniň size ýazmagymyň geregi ýok. Çünki ýardama bolan meýliňizi bilýärin, Ahaýa öten ýyldan bäri taýýar dur diýip, makedoniýalylaryň ýanynda siz hakda öwünýärin. Siziň yhlasyňyz köpleri höweslendirdi. Biziň bu babatda siz hakda öwünmämiz biderek bolman, aýdyşym ýaly, taýýarlykly bolmagyňyz üçin, doganlary ýanyňyza iberýärin. Çünki makedoniýalylar meniň bilen gelip-de, siziň taýýar däldigiňizi görseler, biz ― siz diýmeýäris ― beýle ynamlylyk üçin utanja galarys. Şoňa görä hem menden öň ýanyňyza baryp, wada edilen peşgeşleriňizi öňden taýýarlamaklaryny doganlardan haýyş etmegi zerur bildim. Şeýlelikde, ol borçlulyk bilen däl-de, bir hakyky peşgeş hökmünde taýýarlanar. Şuny biliň: az eken az orar, köp eken köp orar. Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir. Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, her ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size her nygmaty boldan bermegi başarýandyr. Şonuň ýaly hem: «Paýlap, garyplara berdi, Onuň dogrulygy baky galar» diýip ýazylgydyr. Ekýäne tohum, iýmäge çörek berýän Hudaý ekeniňizi hem boladyp artdyrar, dogrulygyňyzyň hasylyny ösdürer. Siz her hili jomartlyk etmek üçin, hemme zada baýarsyňyz. Bu-da biz arkaly Hudaýa şükür döreder. Çünki bu hyzmaty ýerine ýetirmek diňe mukaddesleriň ýetmezini doldurman, eýsem, Hudaýa edilýän şükürleri hem köpelder. Bu gulluk netijesinde, olar siziň Mesihiň Hoş Habaryna bolan ykraryňyza baglydygyňyz üçin, olar bilen we hemmeler bilen malyňyzy paýlaşmakda görkezýän jomartlygyňyz üçin, Hudaýy şöhratlandyrar. Hudaýyň üstüňizdäki bol merhemeti üçin siz babatda doga edip, sizi küýsär. Çendenaşa sylagy üçin Hudaýa şükür! Araňyzdakam kiçigöwünli, gaýybana bolsa size garşy batyr bolan Pawlus Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen sizden haýyş edýärin. Gelenimde, bizi dünýä ýollary boýunça gezýändir öýdýänleriň käbirlerine garşy oýlanýan niýetimde batyrlyk ulanmaly bolmaýyn diýip ýalbarýaryn. Çünki biz dünýäde gezýän hem bolsak, dünýä ýollary boýunça söweşýän däldiris. Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir. Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris. Mesihe bütinleý boýun bolan mahalyňyz, her bir boýun bolmazlygy jezalandyrmaga taýýardyrys. Göz öňündäkilere serediň. Kim özüniň Mesihiňkidigine ynamy bar bolsa, biziň hem özi ýaly Mesihiňkidigimiz hakda öz ýanyndan oýlansyn. Men Rebbiň bize sizi weýran etmek üçin däl-de, abat etmek üçin beren ygtyýaryna has köpräk öwünýän hem bolsam utanmaýaryn. Muny sizi öz hatlary bilen gorkuzjak bolýar diýmäň diýip edýärin. «Ol hatlarynda ýowuz hem güýçli, ýöne şahsy huzury ejiz, sözi dereksiz» diýýärler. Beýle adam muny bilsin: biz ýokkak hat arkaly sözde nähili bolsak, barkak amalda hem şeýlediris. Çünki biz özlerini maslahat berýänleriň käbirleri bilen özümizi bir tutmaga ýa-da deňemäge het edip bilmeýäris. Olar özlerini özleri bilen ölçäp, özlerini özleri bilen deňäp, pähimsiz bolýarlar. Emma biz hetdenaşa däl-de, siziň hetdiňize ýeter ýaly, Hudaýyň bize bellän iş meýdanynyň çägine görä magtanýarys. Siziň hetdiňize ýetmedik ýaly, öz hetdimizden aşmaýarys, çünki biz Mesihiň Hoş Habary bilen size-de ýetdik. Biz başganyň zähmeti bilen hetdenaşa magtanmaýarys. Emma Hoş Habary sizden aňyrrak-da wagyz edip, başganyň meýdanynda taýýar işler bilen magtanmaz ýaly, siziň imanyňyz ösdügiçe, biziň-de iş meýdanymyz has köp giňär diýen umydymyz bar. Ýöne magtanýan Reb bilen magtansyn. Çünki özüni maslahat berýän arzyly däl-de, Rebbiň maslahat berýäni arzylydyr. Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem çydasadyňyz! Ýöne siz maňa çydaman hem durmaýarsyňyz. Çünki men size Hudaýyň yhlasy bilen yhlas edýärin, sebäbi men sizi päk gyz hökmünde Mesihe hödürlemek üçin diňe bir äre niýetledim. Emma ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz bozulyp, Mesihde bolan sadalykdan aýrylarmykan diýip gorkýaryn. Çünki biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edip-de, alanyňyzdan başga ruhy alsaňyz ýa kabul edeniňizden başga Hoş Habary kabul etseňiz, muňa gowy çydarsyňyz. Çünki men hiç zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin diýip güman edýärin. Söz sözlemekde ökde däl hem bolsam, bilimde ökdedirin. Biz muny size her ýolda, her zatda görkezendiris. Ýa-da sizi beýgeltmek üçin özümi peseltmek bilen günä etdimmi? Çünki men Hudaýyň Hoş Habaryny size mugt wagyz etdim. Size gulluk etmek üçin, beýleki ýygnaklardan muzd alyp, olara harç çekdirdim. Araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, hiç kime ýük bolmadym, sebäbi Makedoniýadan gelen doganlar meniň ýetmezimi ýetirdiler. Hiç bir zatda size agram salman, özümi sakladym, şeýle-de saklaryn. Mesihiň mendäki hakykaty bilen aýdýaryn: Ahaýa etrabynda hiç kim meni bu magtançdan mahrum edip bilmez. Näme üçin? Sizi söýmeýänim üçinmi? Muny Hudaý bilýändir. Ýöne magtanýan zatlarynda biziň bilen deň saýylmak üçin pursat gözleýänlere pursat bermejek bolup, edenimi ýene-de ederin. Çünki beýle adamlar galp resullar, Mesihiň resullarynyň keşbine girýän aldawçy işgärlerdir. Bu geň zat däl, sebäbi, şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär. Şonuň üçin onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylarynyň keşbine girse, bu uly bir zat däldir, olaryň soňy işlerine görä bolar. Ýene-de diýýärin: hiç kim meni akylsyzdyr öýtmesin. Ýöne şeýle bolsa, men hem biraz magtanar ýaly, siz meni bir akylsyz hökmünde kabul ediň. Men bu aýdýanlarymy Rebbe görä däl-de, akylsyz ýaly magtanma ynamy bilen aýdýaryn. Köpleriň dünýä ýollaryna görä magtanyşy ýaly, men-de şeýle magtanýaryn. Çünki siz akylly bolup, ýene akylsyzlara höwes bilen çydaýarsyňyz. Çünki biri sizi gul etse, biri sizi iýse, biri sizi talasa, biri özüni ýokary tutsa, biri siziň ýaňagyňyza şapbatlasa, siz oňa çydaýarsyňyz. Biziň muňa güýjümiz ýetmänsoň, utanyp gepleýärin. Biri näme zada ýürek edýän bolsa, akylsyzlyk bilen aýdýaryn, men hem ýürek edýändirin. Olar ýewreými? Men-de. Ysraýyllymy? Men-de. Ybraýymyň neslimi? Men-de. Olar Mesihiň gullukçylarymy? (Däli ýaly aýdýaryn.) Men olardan artyk: zähmetde artyk, tussaglarda artyk, ýenjilmekde ― hetdenaşa, ölümli hatarlarda ― ençeme gezek. Ýehudylardan bäş gezek kyrkdan bir kem şallak iýdim; üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämim gark bolup, bir gije-gündizi deňizde geçirdim. Ençeme gezek ýolagçylyk etdim, derýalarda hem garakçylar arasynda, öz halkym hem özge milletler arasynda howp-hatara uçradym. Şäherde, çölde, deňizde, galp doganlar arasynda howp-hatarda boldum. Zähmet hem zorlukda, köp gezek ukusyzlykda, açlyk hem suwsuzlykda, köp gezek orazalarda, sowukda hem ýalaňaçlykda boldum. Bulardan başga-da her gün meni basmarlaýan ähli ýygnaklar baradaky aladadyr. Kim ejizläp, men ejizlemeýärin? Kim büdräp, men ýanmaýaryn? Magtanmaly bolsa, men öz ejizligimi görkezýän zatlar bilen magtanjak. Meniň ýalan sözlemeýänimi baky mübärek Rebbimiz Isanyň Hudaýy hem Atasy bilýändir. Şamda Aret patyşanyň welaýat häkimi meni tutjak bolup, şamlylaryň şäherini saklaýardy. Şonda meni sebede salyp, şäher diwarynyň penjiresinden aşak düşürdiler, şeýdip, ondan sypdym. Magtanmagym, dogrudan-da, peýdaly zat däl, çünki Rebden gelen görnüşlere, ylhamlara gelýärin. Men Mesihde bir adamy tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär) üçünji Göge äkidildi. Bu adam barada şuny bilýärin (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär), ol behişde äkidildi. Ol ýerde adamzada sözlemäge rugsat edilmedik, aýdyp bolmajak sözleri eşitdi. Men şeýle adam hakda magtanýaryn, ýöne ejizligim bolaýmasa, özüm hakda magtanara zadym ýok. Çünki magtanjak bolsam, akylsyz bolmaryn, sebäbi men hakykaty aýdaryn. Ýöne biri meni göreninden ýa eşideninden ýokary biläýmesin diýip, magtanmakdan saklanýaryn. Ylhamlaryň bollugyndan ýaňa özümi ýokary tutmaz ýaly, tenimde tiken, ýagny özümi ýokary tutmaz ýaly, meni ýumruklamagy üçin, maňa bir şeýtan perişdesi berildi. Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym. Ol maňa: «Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir, çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi. Şunuň üçin Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn. Şu sebäpden men Mesih ugrundaky ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, azarlara, kynçylyklara razy, sebäbi men ejizkäm güýçlüdirin. Men bir akylsyz boldum, muňa siz meni mejbur etdiňiz. Aslynda, siz meni öwmelidiňiz, sebäbi hiç hem bolsam, hiç bir zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin. Resullyk alamatlarym siziň araňyzda uly sabyr bilen alamatlarda, mugjyzalarda, gudratlarda görkezildi. Çünki meniň size ýük bolmaýşymdan başga siziň beýleki ýygnaklardan näme pesligiňiz bar? Meniň bu adalatsyzlygymy bagyşlaň. Ine, bu siziň ýanyňyza gitmäge üçünji gezek taýýarlanyşym, ýöne size ýük bolmaryn, sebäbi men siziň zatlaryňyzy däl-de, özüňizi küýseýärin. Çünki oglanlar ene- ata däl-de, ene-ata çagalar üçin mal-mülk ýygnamalydyr. Men siziň janyňyz ugrunda barymy höwes bilen harçlap, bütinleý harçlanaryn. Sizi köpräk söýsem, siz meni azrak söýermisiňiz? Goý, şeýle bolsun, emma men size ýük bolmandyryn, ýöne mekir bolanym üçin sizi hile bilen tutanmyşym! Ýanyňyza iberen adamlarymyň biri arkaly sizi ezdimmi? Men Titusdan haýyş etdim, dogany onuň bilen ýolladym. Titus sizi ezdimi? Biz şol bir ruhda gezmedikmi? Şol bir yzy yzarlamadykmy? Siz ýene biz özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýärsiňizmi? Biz Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda gepleýäris, ýöne, eý söýgüli doganlar, munuň bary siziň abatlanmagyňyz üçindir. Çünki ýanyňyza gelip-de, sizi isleýşim ýaly, siz hem meni isleýşiňiz ýaly görmezmikäňiz diýip gorkýaryn. Dawa, içigaralyk, gahar, jenjel, töhmet, gybat, gabarma we tertipsizlik bardyr öýdüp gorkýaryn. Ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni ýanyňyzda pese düşürip, ozaldan günä batyp, eden murdarlyklaryndan, zyna we ahlaksyzlyklaryndan toba etmedik köp adamlar üçin ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn. Bu üçünji gezek ýanyňyza barşymdyr. Her söz iki ýa üç güwäniň agzy bilen tassyklanar. Men ikinji gezek ýanyňyzdakam, öňünden aýdyşym ýaly, şindi-de ýokkam ozaldan günä edenlere hem-de beýlekileriň baryna öňünden ýazýaryn: ýene ýanyňyza baraýsam, gaýgyrmaryn. Çünki siz Mesihiň men arkaly gepleýänine subutnama agtarýarsyňyz. Ol size garşy ejiz däl-de, siziň araňyzda güýçlüdir. Sebäbi Ol ejizlikde haça çüýlenen hem bolsa, Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýar. Biz-de Onda ejizdiris, ýöne Hudaýyň size bolan gudraty arkaly Onuň bilen ýaşarys. Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň. Ýa-da Mesihiň sizdedigini özüňiz hem bilmeýärsiňizmi? Beýle bolmasa, synagdan ýykylardyňyz. Ýöne biziň synagdan ýykylmandygymyzy bilýänsiňiz diýip umyt edýäris. Biz siziň asla erbet iş etmezligiňiz üçin Hudaýa doga edýäris. Bu synagdan geçen ýaly bolup görünmegimiz üçin däl-de, biz synagda ýykylan ýaly bolup, siziň ýagşy iş etmegiňiz üçindir. Çünki biz hakykata garşy hiç bir iş edip bilmän, diňe hakykat ugrunda bir iş edip bilýäris. Biz özümiz ejiz-de, siz güýçlükäňiz begenýäris. Munuň üçin, ýagny siziň kämilleşmegiňiz üçin hem doga edýäris. Rebbiň maňa ýykmak üçin däl-de, abatlamak üçin beren ygtyýary boýunça, özüm barkam sizi gaty tutmaýyn diýip, bu zatlary araňyzda ýokkam ýazýaryn. Eý doganlar, mahlasy, şatlykda boluň! Kämil boluň, aýdýanlaryma gulak asyň, pikirdeş boluň, parahat ýaşaň, söýgi hem parahatlyk Hudaýy siziň bilen bolar. Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Bütin mukaddesler size salam aýdýar. Reb Isa Mesihiň merhemeti, Hudaýyň söýgüsi, Mukaddes Ruha şäriklik siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn. Adamlar tarapyndan we adamzat arkaly däl-de, eýsem, Isa Mesih we Ony ölülerden direlden Ata Hudaý arkaly resul bolan Pawlus we meniň bilen bilelikdäki bütin doganlardan Galatýadaky ýygnaklara salam! Atamyz Hudaý, Rebbimiz Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin. Atamyz hem Hudaýymyzyň islegine görä, bizi häzirki ýaman çagdan gutarjak bolup, Ol Özüni biziň günälerimiz üçin pida etdi. Hudaýa ebedilik şöhrat bolsun! Omyn. Men siziň Mesihiň merhemeti arkaly özüňizi Çagyrany beýle tiz taşlap, başga Hoş Habara öwrülişiňize haýran galýaryn. Dogrudan-da başga Hoş Habar ýok, ýöne sizi bulaşdyrjak, Mesihiň Hoş Habaryny ýoýjak bolýan käbir adamlar bar. Emma biz ýa Gökden inen bir perişde hem size wagyz edenimizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun! Öň aýdyşymyz ýaly, ýene-de aýdýaryn: biri size kabul edeniňizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun! Indi men adamlaryň razyçylygyny gözleýärinmi ýa Hudaýyň razyçylygyny? Ýa-da adamlara ýaranjak bolýarynmy? Men heniz hem adamlara ýaranýan bolsam, Mesihiň guly bolmadygymdyr. Eý doganlar, meniň wagyz eden Hoş Habarymyň adamdan däldigini size aýdýaryn. Çünki men ony bir adamdan alman, bir adamdan öwrenmän, Isa Mesihiň ylhamy arkaly aldym. Çünki siz meniň ýehudylykda geçen ýaşaýşymy eşidensiňiz. Men Hudaýyň ýygnagyna çendenaşa azar berip, ony weýran etdim. Atalarymyň däp-dessuryna biçak yhlasly bolup, halkymda bolan ýaşdaşlarymyň köpüsinden ýehudylykda ozdum. Emma enemiň garnyndakam, meni seçip, Öz merhemeti bilen çagyran Hudaý, milletler arasynda Ony wagyz eder ýaly, Öz Ogluny mende aýan etmäge razy bolanda, men derrew et we gan bilen maslahatlaşman, Iýerusalime menden öň resul bolanlaryň ýanyna gitmän, Arabystana gitdim, soň hem Şama öwrüldim. Üç ýyldan soň Petrus bilen tanyşmak üçin, Iýerusalime baryp, on bäş gün onuň ýanynda boldum. Ýöne Rebbiň dogany Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim. Size näme ýazsam, ine Hudaýyň huzurynda ýalan sözlemeýärin. Onsoň Siriýa we Kilikiýa etrabyna gitdim. Emma Ýahudanyň Mesihdäki ýygnaklary meniň özümi tanaman, diňe: «Bize ozallar azar beren adam indi bir wagtlar özüniň weýran eden imanyny wagyz edýär» diýşip, men sebäpli Hudaýy şöhratlandyrýardylar. Onsoň on dört ýyldan soň, Titusy hem ýanyma alyp, Barnabas bilen ýene Iýerusalime rowana boldum. Men ylham bilen gitdim, biderek ýere ýortmaýyn ýa ýortan bolaýmaýyn diýip, olara, ylaýta-da, at-abraýlylara milletler arasynda wagyz eden Hoş Habarymy beýan etdim. Ýanymdaky Titus hem grekdigine garamazdan, sünnetlenmäge mejbur edilmedi. Bu ýagdaý bizi gul etjek bolup, Mesih Isadaky azatlygymyzy bilmek üçin ogrynça aramyza giren galp doganlar sebäpli ýüze çykdy. Hoş Habaryň hakykaty diňe siziň ýanyňyzda galsyn diýip, biz birsalym hem olara tabyn bolup baş egmedik. Emma at-abraýlylar ― näme-de bolan bolsalar, maňa parhy ýok, çünki Hudaý adamyň daş görnüşine bakmaýar ― bu at-abraýlylar meniň aýdanlaryma hiç bir zat goşmadylar. Gaýtam tersine, Hoş Habary sünnetlilere wagyz etme işiniň Petrusa berlişi ýaly, sünnetsizlere wagyz etme işiniň-de maňa berlenini gördüler. Sebäbi sünnetlilere resullyk etmegi üçin Petrusda işlän Hudaý ýehudy dällere resullyk etmek üçin hem mende işledi. Ýygnagyň diregleri hasaplanan Ýakup, Kifas we Ýahýa maňa berlen merhemeti aňanlarynda, şärikçiligimiz üçin maňa we Barnabasa sag ellerini berdiler. Şeýdibem, biz özge milletler arasyna gitdik, olar hem sünnetlileriň arasyna gitmeli boldular. Olar diňe garyplary ýatlamagymyzy islediler, men hem edil şony etmäge gaýrat edýärdim. Emma Petrus Antakiýa gelende, günäli bolany üçin, men oňa aç-açan garşy çykdym. Çünki Ýakubyň ýanyndan käbir adamlar gelmezden öň, ol özge milletlerden bolanlar bilen nahar iýýärdi, ýöne ol adamlar gelenlerinde, Petrus gorkup, sünnetlilerden çekilip aýryldy. Onuň bilen birlikde beýleki ýehudylar hem ikiýüzlülik etdiler. Barnabas hem olaryň ikiýüzlüligine goşuldy. Men olaryň Hoş Habaryň hakykatyna görä dogry ýol bilen ýöremeýänlerini göremde, hemmeleriň öňünde Petrusa şeýle diýdim: «Sen ýehudy bolup, ýehudy ýaly däl-de, özge milletlerden biri ýaly ýaşaýan bolsaň, onda näme üçin özge milletleri ýehudy bolmaklyga mejbur edýärsiň?» Biz doga ýehudydyrys, özge milletlerden bolan günäkärler däldiris. Biz adamyň Mukaddes Kanunyň işlerini berjaý etmek bilen däl-de, diňe Isa Mesihe bolan iman bilen aklanýandygyny bilýäris. Şonuň üçin biz hem Kanun işlerini berjaý etmek bilen däl-de, Mesihe bolan iman bilen aklanar ýaly, Mesih Isa iman etdik. Sebäbi hiç kim diňe kanun işlerini berjaý etmek bilen aklanmaz. Mesihde aklanmak isläp, özümiz hem günäkär bolup çyksak, Mesih günäniň gullukçysy bolýarmy? Ýok! Çünki ýykan zatlarymy gaýtadan diksem, özümi kanundan çykyjy edýärin. Sebäbi men Hudaý üçin ýaşar ýaly, kanun arkaly kanuna öldüm. Mesih bilen birlikde haça çüýlendim. Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söýen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna bolan iman bilen geçirýärin. Men Hudaýyň merhemetini ýatyramok, çünki aklanma kanun arkaly gazanylýan bolsa, onda Mesih biderek ýere ölendir. Eý, akmak galatýalylar! Hakykata boýun bolmaz ýaly, sizi kim jadylady? Isa Mesih haça çüýlenen hökmünde gözüňiziň öňünde suratlandyrylmadymy? Men sizden diňe şuny biljek bolýaryn: siz Mukaddes Ruhy Mukaddes Kanunyň işlerini berjaý etmek bilen aldyňyzmy ýa-da eşidenleriňize iman etmek bilen? Siz beýle akmakmysyňyz? Ruh bilen başlap-da, indi adam güýji bilen soňlajak bolýarsyňyzmy? Siz beýle görgüleri biderek ýere gördüňizmi? Dogrudan-da biderekmidi? Size Ruhy beren, araňyzda gudratlar görkezen muny kanun işlerini berjaý edeniňiz üçin, eşidenleriňize iman edeniňiz üçin edýärmi? Meselem, «Ybraýym Hudaýa iman etdi, bu oňa dogrulyk saýyldy». Şeýlelikde, şuny bilip goýuň: Ybraýymyň çyn ogullary iman getirenlerdir. Mukaddes Ýazgy Hudaýyň milletleri imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp, Ybraýyma: «Bütin milletlere sen arkaly bereket iner» diýip öňünden buşlady. Şeýle, iman edenler iman eden Ybraýym bilen bilelikde bereket taparlar. Kanun işlerine umyt baglaýanlaryň ählisi gargyş astyndadyr, çünki: «Kanun kitabynda ýazylgy zatlary yzygiderli berjaý etmeýän adam lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr. Hudaýyň öňünde bolsa hiç kimiň kanun bilen aklanmaýanlygy aýdyňdyr, çünki «dogry adam iman bilen ýaşar». Emma kanun imandan däl, eýsem, «kim bu zatlary berjaý etse, olar arkaly ýaşar». Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly, Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi. Çünki: «Dar agaçdan asylan kişi lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr. Doganlar, adamlaryň oýlanyşyna görä aýdýaryn, hiç kim tassyklanan bir ähti, adamyňky hem bolsa, güýçden düşürip bilmez ýa oňa bir zat goşup bilmez. Wadalar Ybraýyma, onuň nesline berildi. Hudaý köplerine wada berýän ýaly, «nesillere» däl, eýsem, birine wada berip, «seniň nesliňe» diýýär. Bu-da Mesihdir. Meniň aýtjak bolýanym şu: dört ýüz otuz ýyl soňra gelen Mukaddes Kanun Hudaýyň öňden Mesihe tassyklan ähtini güýçden düşürip, berlen wadany ortadan aýyrmaz. Çünki miras kanuna bagly bolsa, onda wada bagly däldir. Emma Hudaý mirasy beren wadasy bilen Ybraýyma berdi. Onda Kanun nämä gerek boldy? Kanun özüne wada edilen, Ybraýymyň neslinden bolan Mesih gelýänçä, perişdeler arkaly araçynyň eli bilen düzgünleşdirilip, jenaýatlar sebäpli ähte goşuldy. Araçy diňe bir tarapa degişli däldir, Hudaý bolsa birdir. Kanun Hudaýyň beren wadalaryna garşymydyr? Ýok! Çünki ýaşaýyş bermegi başarýan bir kanun berlen bolsa, onda, dogrudan-da, dogrulyk kanuna bagly bolardy. Emma Isa Mesihe bolan iman arkaly berlen wada iman getirenlere bolar ýaly, Mukaddes Ýazgy bütin dünýäni günäniň ýesiri etdi. Biz bu iman gelmezden öň kanun astynda saklanyp, geljekki iman aýan bolýança, ýesir edilipdik. Şeýlelikde, biz iman bilen aklanar ýaly, kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy. Iman geleni üçin, biz indi terbiýeçiniň gol astynda däldiris. Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz. Sebäbi Mesihe çokundyrylanlaryňyzyň bary Mesihi geýindi. Ýehudy, grek, gul, azat, erkek ýa aýal ýok, siziň baryňyz Mesih Isada birsiňiz. Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz. Emma şuny aýdaýyn: mirasçy hemmäniň agasy hem bolsa, ýaşka guldan parhy ýokdur. Ol atasynyň bellän wagtyna çenli, hossarlarynyň, wekilleriniň gol astynda bolýandyr. Biz hem, şonuň ýaly, çagakak dünýäniň ýöntem ýörelgeleriniň guludyk. Ýöne wagty dolanda, biz ogulluk hakyny alar ýaly, Mukaddes Kanun astyndakylary azatlyga ýetirsin diýip, Hudaý kanun astynda aýaldan doglan Ogluny ýollady. Ogullardygyňyz üçin hem Hudaý Öz Oglunyň, «Abba, Ata!» diýip seslenýän Ruhuny siziň ýüregiňize gönderdi. Şeýlelikde, sen indi gul däl-de, ogulsyň. Ogul bolsaň, onda Isa Mesih arkaly Hudaýyň hem mirasçysysyň. Ýöne welin, ozal Hudaýy tanamaýarkaňyz öz tebigatlary boýunça Hudaý dällere gulluk etdiňiz. Indi bolsa Hudaýy tanap, has hem Hudaý tarapyndan tanalyp-da, nähili bu ejiz, dereksiz ýörelgelere ýüzlenýärsiňiz? Bulara täzeden gulluk etjek bolýarsyňyzmy? Aýratyn günler, aýlar, pasyllar we ýyllar belleýärsiňiz. Men siz hakda biderek ýere zähmet çeken bolaýmaýyn diýip, siziň üçin gorkýaryn. Eý doganlar, size ýalbarýaryn, meniň ýaly boluň. Çünki men hem siziň ýaly boldum, siz maňa hiç bir erbetlik etmediňiz. Hoş Habary size ilkinji gezek ten ejizligi sebäpli wagyz edenimi bilýänsiňiz. Siz tendäki synagymy äsgermezlik etmän, ýigrenji görmän, meni Hudaýyň bir perişdesi ýaly, Mesih Isa ýaly kabul etdiňiz. Indi siziň şol bagtyýarlygyňyza näme boldy? Çünki men siziň üçin güwä geçýärin: eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa bererdiňiz. Şeýlelikde, gepiň dogrusyny aýtmak bilen, men siziň duşmanyňyz boldummy? Ol adamlar size ýagşy niýet bilen yhlas etmän, eýsem, siz özlerine yhlas eder ýaly, bizden aýyrjak bolýarlar. Niýet ýagşy bolsa, diňe meniň ýanyňyzda bolan wagtym däl-de, hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr. Balalarym, Mesih sizde şekillenýänçä, men siziň üçin ýene dogurma agyrysyny çekýärin. Şu wagt ýanyňyzda bolup, sesimi bir gataldyp bilsedim! Çünki size näme etjegimi bilmeýärin. Kanun astynda bolmak isleýän siz maňa aýdyň: kanuna gulak asmaýarsyňyzmy? Çünki: «Ybraýymyň biri gyrnakdan, ýene biri azat aýalyndan bolan iki ogly bardy» diýip ýazylgydyr. Gyrnakdan bolan ogul tene görä, azat aýaldan bolan ogul hem berlen wada görä doglupdy. Bu ýerde bir meňzetme bardyr. Sebäbi bu aýallar iki ähtdir: biri Sina dagyndan bolup, gulluk üçin ogul dogran Hajardyr. Hajar Arabystanda bolan Sina dagydyr, häzirki Iýerusalime meňzeşdir, çünki ol ogullary bilen gulçulyk edýär. Ýöne ýokarky Iýerusalim azatdyr, hemmämiziň enemiz oldur. Sebäbi: «Şatlan, eý önelgesiz aýal, dogurma agyrysyny bilmeýän, batly seslen, gygyr! Çünki taşlanan aýalyň çagalary ärli aýalyňkydan köpdür» diýip ýazylgydyr. Doganlar, biz hem Yshak ýaly berlen wadanyň perzentleridiris. Şol wagt tene görä doglan Ruha görä doglana nähili azar beren bolsa, şu wagt hem şeýle. Emma Mukaddes Ýazgy, gör, näme diýýär: «Gyrnagy hem onuň ogluny taşla, çünki gyrnagyň ogly azat aýalyň ogly bilen bile miras almaz». Eý doganlar, biz gyrnagyň däl-de, azat aýalyň oglanlarydyrys. Şeýlelikde, Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň. Ine, men Pawlus size diýýärin, sünnetlenseňiz, Mesihiň size hiç bir peýdasy degmez. Men ýene-de sünnetlenen her bir adamyň Mukaddes Kanuny bütinleý berjaý etmäge borçludygyna güwä geçýärin. Kanun bilen aklanjak bolýan siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz. Çünki biz aklanma umydyna iman bilen Ruh arkaly garaşýarys. Çünki Mesih Isada sünnetli ýa sünnetsiz bolmak hiç bir zady başarýan däldir, diňe söýgi bilen işleýän iman ähmiýetlidir. Siz oňat ylgaýardyňyz, hakykata bagly galmagyňyza kim päsgel berdi? Nähili aldawa düşdüňiz? Bu sizi çagyran Hudaý tarapyndan bolan däldir. Bir bölek hamyrmaýa bütin hamyry turşadýandyr. Başga hili oýlanmajagyňyza meniň Rebde ynamym bar. Akylyňyzy çaşyran kim bolsa bolsun, jezasyny çeker. Eý doganlar, men heniz hem sünnetliligi wagyz edýän bolsam, onda näme häzir-de kowalanýaryn? Beýle bolsa, haç böwedi aradan aýrylardy! Sizi biynjalyk edenler özlerini agta etsin! Eý doganlar, siz azatlyga çagyryldyňyz, ýöne bu azatlygy günäli teniň nepi üçin ulanman, biri-biriňize söýgi bilen gulluk ediň. Çünki bütin kanun şu ýeke sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý!» Biri-biriňizi çeýnäp, iýýän bolsaňyz, onda biri-biriňizi ýok etmegiňizden habardar boluň. Ine, men diýýärin, Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz. Çünki ten Ruha garşy bolana, Ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly, bular bir-birlerine garşydyr. Ruh size ýol görkezýän bolsa, onda kanun astynda dälsiňiz. Ten işleri bellidir. Olar zynahorlyk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlük, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardyr. Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ýene-de aýdýaryn. Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur. Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir. Ruha görä ýaşaýan bolsak, onda Ruha görä-de gezeliň. Biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk edip, şöhratparaz bolmalyň. Eý doganlar, bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň. Sen hem synalmaz ýaly, özüňe seret. Birek-biregiň ýüküni göterip, Mesihiň kanunyny berjaý ediň. Çünki bir adam hiçkä özüni bir zatdyr öýtse, öz-özüni aldaýandyr. Her kişi öz işini derňesin. Onsoň onuň başga biri hakda däl-de, özi hakda magtanjy bolar. Sebäbi her kim öz ýüküni özi götermelidir. Hudaýyň sözüni öwrenen öwreden bilen ähli ýagşylyklary paýlaşsyn. Aldanmaň, Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse, şony orar. Çünki öz günäli teninde ekin eken tenden çüýreme orar, Ruhda eken bolsa Ruhdan ebedi ýaşaýyş orar. Ýagşylyk etmekden ýadamalyň, çünki gowşamasak, wagtynda orarys. Şeýlelikde, wagt barka hemmelere, ylaýta-da imanlylar içersine ýagşylyk edeliň. Ine, men öz elim bilen size nähili uly harplar bilen ýazýaryn! Tende gowy görnesi gelýänler diňe Mesihiň haçy üçin azar görmez ýaly, sizi sünnetlenmäge mejbur edýändir. Çünki sünnetlileriň özi-de kanuny berjaý etmän, eýsem, siziň teniňiz bilen magtanmak üçin sünnetlenmegiňizi isleýärler. Men hiç haçan Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga bir zat bilen magtanmaryn. Ol haç arkaly dünýä maňa haça çüýlenendir, men hem dünýä haça çüýlenendirin. Çünki Mesih Isada sünnetlilik ýa sünnetsizlik möhüm däl, diňe täzeden ýaradylyş möhümdir. Bu kada uýanlaryň baryna, Hudaýyň Ysraýylyna parahatlyk we rehim bolsun! Mundan beýläk hiç kim maňa zähmet bermesin! Çünki men Reb Isanyň ýaralarynyň yzlaryny tenimde göterýärin. Eý doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun! Omyn. Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki mukaddeslere, Mesih Isa imany bolanlara salam! Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin! Bize Mesihde her hili ruhy pata bilen Gökdäki älemlerde pata beren Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş bolsun! Ol Öz öňünde söýgüde mukaddes, müýnsüz bolmagymyz üçin, dünýä gurulmazdan öň bizi Mesihde saýlady. Söýgüli Oglunda bize beren şöhratly merhemetiniň öwgüsi üçin, bizi Öz ýagşy niýetli islegine görä, Mesih arkaly öňünden Özi üçin ogullyga belledi. Onuň bütin akyldarlyk we düşünje bilen üstümize bolelin ýagdyran merhemetiniň baýlygy saýasynda, biz Mesihde Onuň gany arkaly gutulyşa, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýediris. Ol Mesihde öňden bellän ýagşy niýetine görä, Öz isleginiň syryny açdy. Bu taslama görä, wagty dolanda, Hudaý Gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer. Herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele getiren Hudaýyň maksadyna görä öňünden bellenip, Mesihe öňden umyt baglan biz Onuň şöhratynyň tarypy üçin ýaşar ýaly, Onda saýlandyk. Siz hem hakykat sözüni, gutulyşyňyzyň Hoş Habaryny eşidip, Oňa iman getireniňizde, wada edilen Mukaddes Ruh bilen Onda möhürlendiňiz. Hudaýyň şöhratynyň öwgüsi üçin Oňa degişli bolanlar gutulýança, Ruh biziň mirasymyzyň girewidir. Munuň üçin, Reb Isa bolan imanyňyzy, ähli mukaddeslere bolan söýgüňizi eşidelim bäri, siziň üçin dyngysyz şükür edip, sizi dogalarymda ýatlaýaryn. Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy, şöhratly Ata Özüni tanamakda size akyldarlyk hem ylham ruhuny bersin diýip doga edýärin. Onuň çakylygynyň beren umydyny, mukaddeslerdäki mirasynyň şöhratly baýlygyny, biz iman edenlerde bolan güýjüniň biçak uludygyny biler ýaly, ýüregiňiziň gözleri aýdyňlansyn diýip doga edýärin. Bu güýç Mesihi ölümden direldip, Gökdäki älemlerde Öz sagynda oturdanynda Hudaýyň Onda işleden güýçli gudratynyň işleýşine meňzeşdir. Mesih her hökümdarlykdan, ygtyýarlylykdan, gudrat we häkimiýetden, diňe bir şu döwürde däl, eýsem, geljek döwürde-de tutuljak her atdan has belentdir. Hudaý bar zady Onuň aýaklary astyna tabyn edip, Ony bütin zatlara baş bolar ýaly, imanlylar ýygnagyna berdi. Ýygnak Onuň tenidir, her zady her taýdan dolduranyň dolulygydyr. [1-2] Siz bir wagtlar içinde gezýän ýazyk we günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň hökümdaryna uýardyňyz. *** Bir wagtlar biziň hemmämiz günäli teniň, akylyň islegini kanagatlandyryp, tenimiziň höweslerine görä olaryň arasynda ýaşapdyk, tebigatymyz boýunça beýlekiler ýaly, gahar-gazaba sezewar bolan adamlardyk. Emma rehime baý Hudaý bizi çäksiz söýgi bilen söýýänligi üçin, ýazyklarymyz zerarly öli hem bolsak, Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Onuň merhemeti bilen gutuldyňyz. Hudaý Mesih Isada bize bolan mähribanlygyndaky merhemetiniň çäksiz baýlygyny geljek döwürlerde görkezmek üçin, Mesih Isada bizi Onuň bilen direldip, Gökdäki älemlerde oturtdy. Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr. Hiç kim magtanmaz ýaly, oňat işlere-de bagly däldir. Çünki biz Hudaýyň öňden taýýarlan oňat işlerinde gezer ýaly, Onuň Mesih Isada ýaradylan eseridiris. Şonuň üçin bir wagtlar özge milletlerden dogan, tende adam eli bilen emele gelen sünnetlilik bilen sünnetli diýip atlandyrylanlar tarapyndan sünnetsiz diýlen siz, şol wagtlar Mesihsiz, Ysraýyla raýatlykdan mahrum, wadanyň ähtlerine ýat, umytsyz, dünýäde Hudaýsyz bolandygyňyzy ýada salyň. Bir wagtlar Hudaýdan daş bolan siz indi Mesih Isada, Mesihiň gany saýasynda Oňa ýakyn bolduňyz. Çünki Ol biziň parahatlygymyzdyr. Ol iki tarapy birleşdirip, aradaky diwary, duşmançylygy Öz teni bilen ýykdy. Tabşyryklardan ybarat buýruklar kanunyny ýatyrdy. Ol muny Özünde ikisinden bir täze adam ýaradyp, parahatlygy berkarar etmek, duşmançylygy haçda öldürip, haç arkaly bir tende ikisini Hudaý bilen ýaraşdyrmak üçin etdi. Mesih gelip, daşdaky size hem ýakyndakylara parahatlygy yglan etdi. Çünki biziň ikimiziň bir Ruhda Ol arkaly Atanyň huzuryna çykara ýolumyz açykdyr. Şeýlelikde, siz indi ýat, mysapyr däl-de, mukaddesleriň watandaşy bolup, Hudaýyň maşgalasyna degişlisiňiz. Isa Mesihiň Özi burç daşy bolup, siz resullaryň, pygamberleriň düýp-teýkarynda bina edildiňiz. Bütin ymarat Rebde bir mukaddes ybadathana bolsun diýip, Onda örülýär, beýgelýär. Siz hem Ruhda Hudaýyň mesgeni bolmak üçin, bilelikde Mesihde bina edilýärsiňiz. Şu sebäpli, siz özge milletler ugrunda Mesih Isanyň bendisi bolan men Pawlus siziň üçin doga edýärin. Hudaýyň siziň üçin maňa beren merhemetiniň wekilliginden siziň habaryňyz bardyr. Ozal hem size gysgaça ýazyşym ýaly, Mesihiň syry maňa ylham arkaly aýan boldy. Bu haty okanyňyzda, meniň bu syra düşünýänligimi aňarsyňyz. Ine, Hudaýyň mukaddes resullaryna, pygamberlerine Ruh arkaly aýan edilişi ýaly, öňki nesillere bildirilmedik bu syr şeýle: özge milletler hem mirasa şärikdir, olar hem bir teniň agzalary bolup, Hoş Habar arkaly Mesih Isada berlen wada şärikdir. Men Hudaýyň güýjüniň işleýşi boýunça özüme berlen merhemetiniň sylagy saýasynda şol Hoş Habaryň gullukçysy boldum. Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny milletlere wagyz etme, bar zatlary Isa Mesih arkaly ýaradan Hudaýdaky ezelden gizlin syryň nähili düzgünleşdirilişini ähli adamlara aýdyňlaşdyrma merhemeti ähli mukaddesleriň iň ähmiýetsizi bolan maňa berildi. Bu ― Hudaýyň köp taraply akyldarlygy, Onuň başlangyçdan Rebbimiz Isa Mesihde edinen maksadyna görä, imanlylar ýygnagy arkaly asmandaky älemde bolan hökümdarlara, ygtyýarlara bildiriljek bolup edildi. Biz Mesihe bolan imanymyz arkaly Ondan gaýrat alyp, Hudaýa ýakynlaşmaga ynamlydyrys. Şonuň üçin siziň ugruňyzda görýän muşakgatlarym zerarly ruhdan düşmäň diýip, sizden haýyş edýärin. Meniň muşakgatlarym size şöhrat gazandyrar. [14-15] Şoňa görä-de, Ýerde-Gökde her maşgalanyň adyny Özünden alan Rebbimiz Isa Mesihiň Atasynyň öňünde dyza çöküp, *** Mesih iman arkaly ýürekleriňizde ýaşar ýaly, Ol şöhratynyň baýlygyna görä, Öz Ruhy arkaly sizi içki häsiýetiňizde gudrat bilen güýçlendirsin diýip dileg edýärin. Şeýlelikde, Hudaýyň bütin dolulygy bilen dolar ýaly, söýgüde kök urup, düýp tutup, hemme mukaddesler bilen bilelikde Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna düşünmegi, bilimden ýokary çykan bu söýgini tanamagy başarmagyňyz üçin dileg edýärin. Bizde işleýän gudratyna görä, her haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan has ýokary zatlary etmegi başarýan Hudaýa, imanlylar ýygnagynda, Mesih Isada bütin nesillerden nesillere ebedilik şöhrat bolsun! Omyn. Şeýlelikde, Reb ugrunda bendi bolan men sizden çagyrylyşyňyza mynasyp gezmegi haýyş edýärin. Pes göwünlilik, ýumşaklyk bilen, sabyr hem söýgi bilen birek-birege sabyr-takatly boluň. Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat ediň. Çagyrylanyňyzda bir umyda çagyrylyşyňyz ýaly, ten bir, Ruh bir, Reb bir, iman bir, çokundyryş birdir. Hemme zadyň üstünde, hemme zat arkaly we hemmäňizde bolan hemmäniň Hudaýy hem Atasy birdir. Biziň her birimize Mesihiň sylagynyň ölçegine görä merhemet berildi. Munuň üçin: «Belentlige çykyp, tussaglary yzyna tirkedi. Adamlara sylaglar berdi» diýilýär. Ine, bu «çykdy» sözi, Mesih öňürti aşak, ýer ýüzüne indi diýmek däl-mi, näme? Inen-de, ähli zady doldurmak üçin bütin Gögüň depesine çykan-da birdir. Biziň hemmämiz imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetýänçäk, mukaddeslere gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin, Ol käbirleri resul, käbirleri pygamber, käbirleri Hoş Habarçy, käbirleri çopan, käbirleri öwrediji edip belledi. Ol muny biz mundan beýläk adamlaryň aldawçylygy, azaşdyryjy hileler gurmakdaky ökdeligi arkaly her taglymatyň ýeli bilen kowulýan, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar bolman, eýsem hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesihe baka her ugurdan ösmegimiz üçin etdi. Bütin beden her bognuň kömegi bilen baglanyp birikdirilýär, her agzanyň kadaly işleýşi bilen Onuň saýasynda söýgüde ösüp, abatlanýar. Munuň üçin men muny aýdyp, Rebbiň adyndan size duýduryş berýärin: mundan beýläk, özge milletleriň gezişi ýaly, olaryň boş pikirlerine eýerip gezmäň. Olar ýürekleriniň gatylygy zerarly, içlerindäki nadanlyk üçin Hudaýyň ýaşaýşyna ýat boldular, aň-düşünjeleri garaňkyrady. Bütin duýgularyny ýitirip, açgözlük bilen her hili hapa işi ýerine ýetirip, özlerini ahlaksyzlyga berdiler. Emma siz Mesihi beýle öwrenen dälsiňiz. Siz, elbetde, Isa hakda eşidensiňiz, Ondaky hakykat boýunça Onuň ýolunda tälim alansyňyz. Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň. Pikirleriňiziň ruhunda täzeleniň. Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýniň. Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz goňşyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys. Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň. Ogrulyk eden indi ogrulyk etmän, gaýtam, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, öz eli bilen zähmet çekip, oňat iş etsin. Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman, gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň. Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Siz gutulyş güni üçin, ol Ruh bilen möhürlenensiňiz. Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun. Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň. Şeýlelikde, söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň. Mesih bizi nähili söýen bolsa, Özüni biziň üçin atyr ysly sowgat, gurban hökmünde Hudaýa hödürlän bolsa, onda siz hem söýgüde geziň. Zynanyň, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn. Beýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir. Araňyzda edepsizlik, ýaňralyk, ýakymsyz ýaňsy bolmasyn. Bular ýaraşykly däldir. Munuň deregine şükür edilsin. Şuny bilip goýuň, hiç bir ahlaksyzyň, hapanyň ýa-da butparaz açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygynda mirasy ýokdur. Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn, çünki Hudaýyň gazaby söz diňlemeýänleriň başyna şu zatlar zerarly gelýändir. Şonuň üçin olar bilen gatnaşyk etmäň. Siz bir wagtlar garaňkylykdyňyz, ýöne indi Rebde yşyksyňyz. Yşyga degişli ynsanlar bolup geziň. Çünki Ruhuň miwesi her hili ýagşylykdan, dogrulykdan we hakykatdan ybaratdyr. Rebbiň pisindi oturjak zady aňlajak boluň. Garaňkylygyň miwesiz işlerine gatyşmaň, gaýtam, olary paş ediň. Garaňkylykdakylaryň ogrynça edýän zatlaryny aýtmak aýypdyr. Ýöne yşygyň paş eden ähli zady görner. Çünki ähli zady äşgär edýän yşykdyr. Şonuň üçin: «Oýan, eý uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa yşyk saçar» diýilýär. Şeýlelikde, akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň. Pursatdan peýdalanyň, çünki günler ýamandyr. Munuň üçin akmak bolman, Rebbiň isleginiň nämedigine düşüniň. Şerapdan serhoş bolmaň, onda edepsizlik bardyr, Ruhdan doly boluň. Biri-biriňize mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyň, tüýs ýürekden Rebbe sazlar çalyp, nagmalar düzüň. Hemişe ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Ata Hudaýa şükür edip, Mesihe bolan uly hormatyňyz bilen birek-birege tabyn boluň. Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň. Çünki Mesihiň bedeniň Halasgäri bolup, imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr. Imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da herki zatda öz ärine tabyn bolsun. Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň. Mesih imanlylar ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp, mukaddes etmek üçin, ony Özüne tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa-da şoňa meňzeş zatlarsyz şöhratda hödürlemek üçin, ýygnagyň mukaddes hem müýnsüz bolmagy üçin onuň ugrunda Özüni pida etdi. Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr. Çünki biz Onuň etinden, süňkünden bolup, Onuň bedeniniň agzalarydyrys. «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar». Bu syr uly, ýöne men Mesih barada, imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin. Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn. Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr. «Ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla». Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur. Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň. Eý gullar, dünýädäki hojaýynyňyzyň sözüne, Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky, titreme we akýüreklilik bilen gulak asyň. Adama ýaranjak bolýanlar ýaly, göze hoş görünsin diýip, iş bitirmän, eýsem, Mesihiň gullary hökmünde Hudaýyň islegini ýürekden berjaý ediň. Adamlara däl-de, Rebbe gulluk edýän ýaly, ýagşy niýet bilen gulluk ediň. Çünki gul bolsun, azat bolsun, her kimiň eden her ýagşylygynyň Rebden gaýtjagyny bilýänsiňiz. Eý hojaýynlar, siz hem gullaryňyza şeýle ediň, olara gorky salmaň. Çünki olaryň hem öz Rebbiňiziň Gökdedigini, Onuň tarapgöýlik etmeýänini bilýänsiňiz. Mahlasy, Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň. Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr. Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň. Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowudyny geýip, aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň. Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň. Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň. Ugrunda zynjyr bilen bagly bolup, ilçilik edýän Hoş Habarymyň syryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin, agzymy her açanymda gerekli sözler berler ýaly, meniň üçin hem doga ediň. Hoş Habary bolmalysy ýaly batyrgaýlyk bilen bildirmegim üçin doga ediň. Meniň nähilidigimi, näme edýänimi siz biler ýaly, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihikus size bar zady aýdar. Ine, şunuň üçin hal-ýagdaýymyzy biliň, ol ýüregiňize teselli bersin diýip, Tihikusy size ýolladym. Ata Hudaýdan, Reb Isa Mesihden doganlara parahatlyk, iman, söýgi dileg edýärin. Hudaýyň merhemeti Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň bary bilen bolsun! Omyn. Mesih Isanyň guly men Pawlus we Timoteosdan Filipidäki gözegçiler hem hyzmatçylar bilen bilelikde Mesih Isada bolan ähli mukaddeslere salam! Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin! Men sizi her gezek ýatlanymda, Hudaýyma şükür edip, ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda eden hyzmatdaşlygyňyz sebäpli, hemişe, her dogamda baryňyz üçin şatlyk bilen dileg edýärin. Sizde oňat işe başlan Hudaýyň Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjekdigine ynamym bar. Siziň baryňyz hakda şeýle oýlanmagym hakdyr, çünki siz meniň ýüregimdesiňiz. Zynjyrlar bilen bagly bolsam-da, Hoş Habary gorap, tassyklasam-da, siziň baryňyz Hudaýyň merhemetine meniň bilen paýdaşsyňyz. Mesih Isanyň söýgüsi bilen hemmäňizi nähili küýseýänligime Hudaý güwämdir. Siz Hudaýyň şöhraty hem öwgüsi üçin, Isa Mesihden gelen dogrulygyň miwesinden dolup, Mesih Isanyň gününe çenli sap, müýnsüz bolar ýaly, iň ýokary zatlara göz ýetirmegiňiz üçin, söýgiňiz bilim hem düşünjede barha artsyn diýip doga edýärin. Eý doganlar, meniň başdan geçirenlerimiň Hoş Habaryň ýaýramagyna ýarandygyny bilmegiňizi isleýärin. Çünki kaýsaryň tutuş köşgüni saklaýan esgerlere we beýlekilere meniň Mesih ugrunda zynjyrlar bilen baglydygym şonuň netijesinde mälim boldy. Doganlaryň aglabasy meniň zynjyrlar bilen baglydygym üçin Rebbe ynanyp, Hudaýyň sözüni gorkusyz sözlemekde öňküsinden hem köp batyrlyk görkezýärler. Käbirleri bahyllyk hem jedel bilen, käbirleri ýagşy niýet bilen Mesihi wagyz edýär. Olar meniň Hoş Habaryň goragçysy edip oturdylandygymy bilip, muny söýgi bilen edýär. Emma beýlekiler ýürek saplygy bilen däl-de, bendiligimde maňa muşakgat ýetirjek bolup, Mesihi igenjeňlik bilen wagyz edýär. Edilende näme? Isle bahana bilen, isle hakykat bilen, garaz, her ýol bilen Mesih wagyz edilýär. Men muňa şatlanýaryn we şatlanaryn. Çünki munuň siziň dogalaryňyz arkaly hem-de Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly meniň gutulmagyma sebäp boljagyny bilýärin. Men hiç bir zatda utanjym bolman ýaşasam hem, ölsem hem, hemişekisi ýaly, Mesihiň häzir hem bedenimde öwgi bilen beýgeldilmegi üçin, doly gaýrat etmäge uly umyt bilen garaşýaryn. Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesih, ölüm hem gazançdyr. Bedende ýaşajak bolsam, bu maňa hasylly zähmet çekmäge pursat bolar. Şeýlelikde, haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin. Her iki tarapa-da çekilýärin. Men aýrylmagy, Mesih bilen bolmagy arzuw edýärin, bu has gowudyr. Ýöne meniň bedende galmagym siziň üçin has gerekli. Men galjagymy açyk bilýärin. Ýene ýanyňyzda bolmagym bilen, men sebäpli Mesih Isada bolan magtanjyňyz artar ýaly, imanda ilerlemegiňiz, şatlanmagyňyz üçin, baryňyz bilen galaryn. Diňe gezişiňiz Mesihiň Hoş Habaryna mynasyp bolsun. Şeýlelikde, gelip, sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, hal-ýagdaýyňyzy eşitsem-de, siziň bir ruhda berk duranyňyzy, Hoş Habara bolan iman üçin bir jan bolup göreşýäniňizi, özüňize garşy çykýanlardan hiç zatda gorkmaýanyňyzy bileýin. Bu bolsa olara heläk boljaklaryny, size-de gutuljagyňyzy görkezýän belgidir. Bular hem Hudaý tarapyndyr. Çünki Mesihiň hatyrasyna Oňa diňe iman getirmek däl, eýsem, Onuň ugrunda görgi görmek hem size berlendir. Siziň alyp barýan göreşiňiz menden gören we häzir hem alyp barýanymy eşiden göreşiňizdir. Şeýlelik bilen, Mesihde bolmakda teselli, söýgüden dogan göwünlik, Ruha şäriklik bar bolsa, ýürekden bir duýgy we rehimdarlyk bar bolsa, onda bir pikir hem söýgüde, ruhda hem maksatda birleşip, begenjimi dolduryň. Hiç bir zady igenjeňlik, şöhratparazlyk bilen etmän, eýsem, kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özüňizden üstün saýyp ediň. Her kim diňe öz peýdasyny däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlesin. Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän, gaýtam, gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi. Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi. Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi. Ol muny Gökdäkileriň, Ýerdäkileriň we Ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi. Eý, söýgüli doganlar, şonuň üçin, mydama söze gulak asyşyňyz ýaly, diňe meniň barlygymda däl, has-da beter şu wagt ýoklugymda gorky hem titreme bilen öz gutulyşyňyzy amala aşyryň. Çünki Öz halaýşyna görä, sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýän Hudaýdyr. Dünýäde yşyk kimin ýalpyldaýan egri hem azgyn nesliňiziň ortasynda aýypsyz, sap, Hudaýyň müýnsüz çagalary bolmak üçin, ähli zady hüňürdisiz, jedelsiz ediň. Men biderek ýere ýortmanlygym, biderek ýere zähmet çekmänligim üçin, Mesihiň gününde magtanar ýaly, ýaşaýyş sözüni gaýym tutuň. Siziň imanyňyzyň gurbany we gullugy üstüne ganym Hudaýa hödürlenen şerap ýaly dökülse-de, men şatlanaryn, hemmäňiziň şatlygyňyza şärik bolaryn. Şeýlelikde, siz hem şatlanyň, şatlygyma şärik boluň. Men siziň hal-ýagdaýyňyzdan habarly bolup, göwnümi ynjaldaýyn diýip, size basym Timoteosy ýollamagy Reb Isada umyt edýärin. Çünki siziň ýagdaýyňyz barada onuň ýaly oýlanyp, ýürekden aladalanjak başga adamym ýok. Sebäbi hemmeler Isa Mesihiňkini däl-de, öz peýdasyny gözleýär. Timoteosyň bolsa, atasynyň ýanynda işleýän oglan ýaly meniň bilen birlikde Hoş Habaryň ýaýramagyna hyzmat etmek bilen, öz gadyr-gymmatyny subut edenini siz bilýänsiňiz. Men ýagdaýymyň nähili boljagyny bilen badyma, ony ýollaryn diýip umyt edýärin. Özümiň hem basym barjagyma Rebde ynamym bar. Emma siz tarapdan iberilen, mätäçligimde maňa gulluk eden doganym, işdeşim hem söweşdeş ýoldaşym Epafroditi size ýollamagy zerur bildim. Çünki ol hemmäňizi küýsäp, özüniň hassadygyny eşideniňiz üçin gaty gussa çekýärdi. Dogrudan-da, ol ölüm ýassygynda ýatdy, ýöne Hudaý oňa, diňe oňa däl, eýsem, gaýgy üstüne gaýgy çekmez ýaly, maňa-da rehim etdi. Şeýlelikde, siz ony gaýtadan görüp begenersiňiz, onsoň meniň hem gaýgylarym ýeňlär diýip, ony howlukmaç ýollaýaryn. Bütin şatlyk bilen ony Rebde garşylaň, onuň ýaly adamlary hormatlaň. Çünki ol siziň maňa bolan gullugyňyzyň ýetmezini doldurjak bolup, janyny howp astyna sokup, Mesihiň işi ugrunda tas ölüpdi. Eý doganlar, mahlasy, Rebde şatlanyň. Size bir zady gaýtalap ýazyp oturmagyň maňa zähmeti ýok, ýöne bu siziň howpsuz bolmagyňyz üçindir. Ýamanlyk edýän adamlardan, ol itlerden ägä boluň. Ýalan sünnetden ägä boluň. Çünki çyn sünnetliler, Hudaýa Ruhda gulluk edýän, Mesih Isa bilen magtanýan, bedene ynam etmeýän bizdiris. Aslyýetinde, meniň bedene-de ynam etmäge tutarygym bar. Başga biri tene ynam etmegi pikir edýän bolsa, meniň onuňkydan hem köp tutarygym bar. Men dogulmagymyň sekizinji gününde sünnetlendim. Ysraýyl urugyndan, Benýamyn taýpasyndan, ýewreýlerden bir ýewreý bolup, Mukaddes Kanun boýunça fariseýdirin. Yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim, Kanundaky dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym. Maňa gazanç bolan her zady Mesihiň hatyrasyna zyýan saýdym. Hawa, ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn. Muny Mukaddes Kanundan gelen öz dogrulygyma däl, eýsem, Mesihe bolan iman arkaly berlen, iman saýasynda Hudaýdan gelen dogrulyga eýe bolup, Mesihde boljak bolup edýärin. Ölüminde Oňa meňzäp, Ony tanamak, direlişiniň güýjüni, görgülerine şärikligiň nähilidigini bilmek, garaz, ölümden direlişe ýetmek isleýärin. Pellehana tarap ylgalyň. Men häzirden bulara ýetenimi ýa kämilleşenimi aýtmaýaryn, ýöne Mesihiň meni gazanmakdaky maksadyny gazanjak bolup jan çekýärin. Doganlar, men özümi muny gazanan hasap etmeýärin. Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap bolan çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn. Şeýlelik bilen biz, kämiller, barymyz şu pikirde bolalyň. Siz bir zatda başga hili pikirde bolsaňyz, onda Hudaý muny-da size açyk görkezer. Ýöne nämä ýeten bolsak, şol düzgüne laýyk gezip, şol pikirde bolalyň. Doganlar, menden görelde almakda birleşiň. Bizden alan göreldäňize görä gezýänlere serediň. Çünki size ençeme gezek aýdyşym ýaly, häzir-de aglap aýdýaryn, köp adamlar Mesihiň haçyna duşman bolup gezýär. Olaryň soňy heläkçilikdir. Taňrysy garynlarydyr. Olar öz aýyplary bilen magtanyp, diňe bu dünýäniň pikirini edýär. Biziň watanymyz Gökdedir. Şol ýerden hem Halasgäre, Reb Isa Mesihe garaşýandyrys. Ol her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji bilen biziň ujypsyz bedenimizi üýtgedip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Munuň üçin, eý, meniň küýseýän söýgüli doganlarym, guwanjym we başymyň täji, Rebde berk duruň, eý söýgüliler. Men Ewodiýa we Sintihä ýalbarýaryn, Rebde pikirdeş bolsunlar. Hawa, eý, çyn işdeşim, senden-de bu aýallara garaşyk etmegi haýyş edýärin, çünki bular meniň bilen, Klement we atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylan beýleki işdeşlerim bilen Hoş Habary ýaýratmak ugrunda göreşdiler. Rebde hemişe şatlanyň, ýene-de aýdýaryn: şatlanyň. Siziň ýumşaklygyňyz bütin ynsanlara belli bolsun. Rebbiň gelmeli wagty golaýdyr. Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar. Mahlasy, eý doganlar, dogry, hormatly, adalatly, tämiz, ýakymly, taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň. Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy ediň, onsoň parahatlyk beren Hudaý siziň bilen bolar. Ahyrsoňy, men hakdaky aladaňyzy täzeleýändigiňiz üçin, Rebde gaty şatlanýaryn. Aslyýetinde, aladalanýardyňyz, ýöne pursat ýokdy. Bulary ýetmezçiligimiň barlygy zerarly diýmeýärin, çünki her hili ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrendim. Mätäçlik çekmegi-de, bolelin ýaşamagy-da bilýärin. Her hili ýagdaýda hem doklugyň, hem açlygyň, hem bolelin ýaşamagyň hem-de mätäçlikde bolmagyň syryny öwrendim. Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn. Ýöne siz meniň muşakgatlaryma şärik bolup gowy etdiňiz. Hoş Habaryň ýaňy ýaýramaga başlan wagtlarynda, men Makedoniýadan ýola düşenimde, özüňizden başga hiç bir ýygnagyň alyş-beriş işinde maňa goşulmandygyny, eý filipililer, siz-de bilýänsiňiz. Men Selanikdekäm hem siz bir-iki gezek hajatlarym üçin maňa kömegiňizi ýetirdiňiz. Men sylag ugrunda däl, diňe siziň hasabyňyza köpeljek miweleri gözleýärin. Ähli zadym bar, artygy bilen bar. Sizden gelen sowgatlary Epafroditden alanym üçin, kem zadym galmady. Bular: hoşboý ys, Hudaýyň halajak gurbanlary. Meniň Hudaýym ähli hajatyňyzy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar. Atamyz Hudaýa ebedilik şöhrat! Omyn. Bütin mukaddeslere Mesih Isada salam aýdyň. Meniň ýanymdaky doganlar size salam aýdýar. Bütin mukaddesler, ylaýta-da, kaýsaryň içersi salam aýdýar. Reb Mesihiň merhemeti siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn. Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan, doganymyz Timoteosdan, Kolosedäki mukaddes hem imanly doganlara salam! Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin. Biz mydama siziň üçin doga edip, Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa şükür edýäris. Çünki size gelip gowşan Hoş Habaryň hak sözüni öňden eşiden we siziň üçin Gökde saklanan umydyňyz üçin, siziň Mesih Isa bolan imanyňyzy, bütin mukaddeslere bolan söýgiňizi eşitdik. Bu Hoş Habar, ony eşidip, Hudaýyň merhemetine hakykatdan göz ýetiren günüňizden bäri, siziň araňyzda bolşy ýaly, bütin dünýäde -de miwe berip, ösüp gelýär. Muny-da biziň üçin Mesihiň sadyk hyzmatkäri söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz. Siziň Ruhdaky söýgiňizi-de bize ol habar berdi. Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga etmegiň, bütin akyldarlyk we ruhy düşünjede Hudaýyň isleginiň bilimi bilen dolmagyňyzy dilemegiň yzyny üzmeýäris. Rebbe mynasyp ýagdaýda gezip, Ony her babatda hoşnut etmegiňiz, her oňat işde miwe berip, Hudaýy tanamakda ösmegiňiz, Onuň şöhratly gudratyna görä, bütin sabyr, çydam üçin, her hili güýç bilen güýçlenmegiňiz üçin dileg edýäris. Mukaddesleriň nurdaky mirasyndan paý almaga size başarnyk beren Hudaýa, Ata begenç bilen şükür etmegiňiz üçin doga edýäris. Ol bizi garaňkylyk häkimliginden gutaryp, Öz söýgüli Oglunyň Patyşalygyna göçürdi. Biz Onda gutulyşa, günäleriň ötülmegine eýediris. Görünmez Hudaýyň keşbi, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur. Sebäbi Gökdäki we ýerdäki görünýän hem görünmeýän zatlary, tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlyklardyr ygtyýarlary ― baryny Şol ýaratdy. Her zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy. Her zatdan ozal bar Oldur, bütin zatlar Ol arkaly ýerbe-ýerdir. Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Her zatda Özi birinji bolar ýaly, başlangyç, ölülerden ilkinji doglan-da Oldur. Çünki Hudaý bütin dolulygynyň Onda bolmagyna, Onuň haçda dökülen gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, ýerdäki zatlar bolsun, Gökdäki zatlar bolsun ― baryny Özi bilen ýaraşdyrmaga razy boldy. Bir wagtlar erbet işler üçin pikiriňizde Hudaýa ýat hem duşman bolan sizi-de, indi Mesih Öz ynsanlyk bedeniniň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşdyrdy. Özüňiziň eşiden, Gök astyndaky bütin ýaradylyşda wagyz edilen, men Pawlusyň-da hyzmatkäri bolan Hoş Habarymyň umydyndan gymyldaman, imanda esasly berk dursaňyz, Hudaý sizi mukaddes, çirksiz we müýnsüz edip, Öz öňünde goýar. Men siziň ugruňyzda gören görgülerime indi guwanýaryn, Mesihiň teni bolan imanlylar ýygnagy ugrundaky muşakgatlaryň ýetmezleriniň üstüni öz tenimde doldurýaryn. Men, Hudaýyň sözüni, geçen döwürlerden, nesillerden ýaşyrylan syry bütinleý bildirmek üçin, Hudaýyň siziň peýdaňyza maňa beren wezipesine görä, imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Indi bolsa syr Onuň mukaddeslerine aýan boldy. Hudaý olara milletler arasynda bu syryň şöhratly baýlygynyň nämedigini, ýagny şöhrat umydy bolan Mesihiň içiňizdedigini bildirmek isledi. Biz ähli adamy Mesihde Hudaýa kämil hödürlär ýaly, her kime öwüt-ündew edip, ähli kişä bütin akyldarlyk bilen tälim berip, Mesihi wagyz edýäris. Şoňa görä-de, men Onuň gudrat bilen özümde işleýän güýjüne daýanyp, göreşip zähmet çekýärin. Men siziň üçin, Laodikiýadakylar we meni görmedikleriň ählisi üçin, nähili uly göreş alyp barýandygymy siziň bilmegiňizi isleýärin. Ata Hudaýyň syryny, ýagny akyldarlygyň hem bilimiň bütin hazynalarynyň gizlenen Mesihini tanamaklary üçin, düşünjeden ugur alan doly ynamyň baýlygyna gowuşmaklary üçin, söýgüde birigip, ýürekleriniň teselli tapmagyny isleýärin. Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn. Çünki beden boýunça özüm araňyzda ýok hem bolsam, düzgünliligiňizi, Mesihe bolan imanyňyzyň berkligini görüp, ruh boýunça şatlyk bilen siziň ýanyňyzdadyryn. Reb Mesih Isany nähili kabul eden bolsaňyz, Onda şeýle hem geziň. Size öwredilişi ýaly, Onda kök urup abatlanyp, imanda berkäp, köp şükürler ediň. Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin! Çünki hudaýlygyň bütin dolulygy beden şekilinde Mesihde ýaşaýandyr. Siz hem ähli hökümdarlyk, ähli häkimiýetler başy bolan Mesihde kämillige gowşansyňyz. Siz Onuň sünneti bilen, günäli tebigaty çykaryp, adam eli bilen edilmedik sünnet bilen Onda sünnetlendiňiz. Çokundyryşda Onuň bilen birlikde gömlüp, Ony ölümden direlden Hudaýyň güýjüne iman edip, Onuň bilen birlikde direldiňiz. Günäliligiňiz bilen, günäli tebigatyňyzyň sünnetsizligi bilen ölükäňiz, Hudaý sizi Onuň bilen birlikde janlandyrdy. Ähli günälerimizi geçdi. Biziň tersimize, kada-kanunlary bilen bize garşy bolan borçnamany öçürdi, ony haça çüýläp, aradan aýyrdy. Hökümdarlaryň, häkimiýetleriň elinden erkini aldy, olary haçda ýeňip, açykdan-açyk paş etdi. Şonuň üçin, hiç kim sizi iýmit we içgi, baýram, täze aý ýa sabat güni hakda höküm etmesin. Bular geljekki zatlaryň kölegesidir, göwre bolsa Mesihdir. Ýalan kiçigöwünlilikden, perişdelere ybadat etmekden lezzet alýan, görmedik zatlaryna garyşýan, tebigy akylynda boş ýere paňkarýan, Başa berk ýapyşmaýanyň biri sizi sylagyňyzdan mahrum etmesin. Bütin beden bogunlaryň hem baglaryň kömegi bilen bu Başdan iýmitlenip, bitewileşip, Hudaýyň beren ösüşi bilen ösýändir. Mesih bilen bilelikde dünýäniň elementlerine ölen bolsaňyz, näme üçin dünýäde ýaşaýanlar ýaly, «Galtaşma, datma, el degirme» ýaly kada-kanunlara uýýarsyňyz? Bularyň hemmesi ulanylma arkaly ýogalmak üçin bellenen, adamlaryň buýruk hem taglymatlaryna daýanýan zatlardyr. Hawa, bu kada-kanunlaryň galp dindarlykda, kiçigöwünlilik we bedeni horlamada akyldarlyk görnüşi bardyr, ýöne günäli tebigaty kanagatlandyrmanyň öňüni almakda peýdasy ýokdur. Şunlukda, Mesih bilen bile direlendigiňize görä, Gökdäki zatlary, Mesihiň Hudaýyň sagynda oturan ýerindäki zatlary küýsäň. Ünsüňizi Ýerdäki däl-de, Gökdäki zatlara gönükdiriň. Çünki siz ölensiňiz, ýaşaýşyňyz Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir. Biziň ýaşaýşymyz bolan Mesih aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz. Şonuň üçin ýerdäki tebigatyňyza mahsus bolan zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyga barabar bolan husytlyk ýaly islegleriňizi öldüriň. Hudaýyň gahar-gazaby Onuň sözüne gulak asmaýanlaryň üstüne şu zatlar üçin inýär. Ozallar şeýle gezen wagtyňyz bu ýollardan siz hem ýörediňiz. Indi bolsa beýle zatlaryň ählisini: gahary, gazaby, ýamanlygy, sögünji we agzyňyzdan çykýan hapa sözleri taşlaň. Öňki ýaradylyşy erbet işleri bilen bile egniňizden çykaryp, Ýaradanyň keşbine görä, Hudaýy tanamagyňyz üçin, täzelenen täze ýaradylyşy geýnenligiňiz sebäpli, biri-biriňize ýalan söz aýtmaň. Bu täzelikde grek we ýehudy, sünnetlilik we sünnetsizlik, warwar, skif, gul we azat arasynda parh ýok, ýöne Mesih her zatdyr, her zatdadyr. Şeýlelik bilen, Hudaýyň mukaddes hem söýgüli saýlananlary hökmünde rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýniň. Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň. Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýiň. Ýüregiňizde Mesihiň parahatçylygy höküm sürsün. Siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Minnetdar hem boluň. Mesihiň sözi bütin baýlygy bilen ýüregiňizde ýaşasyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize öwrediň, öwüt beriň, mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, şükür bilen ýüregiňizden Rebbe nagma okaň. Söz bilen ýa iş bilen näme etseňiz, baryny Reb Isanyň ady bilen, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür edip berjaý ediň. Eý aýallar, Rebde ýaraşykly bolşy ýaly, äriňize tabyn boluň. Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň. Eý çagalar, ähli zatda ata-eneňiziň sözüne gulak asyň. Çünki bu Rebbiň halaýanydyr. Eý atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, olar ruhdan düşmesin. Eý gullar, ähli zatda dünýädäki hojaýynyňyzyň sözlerine gulak asyň. Muny göze ýakymly görünýän hyzmatlar bilen adama ýaranmak isleýänler ýaly etmän, eýsem, ýürek sadalygy bilen, Rebden gorkup ýerine ýetiriň. Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilip, her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb üçin ýürekden işläň. Siz Reb Mesihe gulluk edýänsiňiz. Ýamanlyk eden öz eden ýamanlygynyň almytyny alar. Onda ýüz görme ýokdur. Eý hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň. Özüňiziň hem Gökde Hojaýynyňyzyň barlygyny biliň. Dogada erjellik ediň, şükür edip ägä boluň. Şonuň bilen birlikde Hudaýyň sözüni ýaýradyp, ugrunda meniň bendi bolan Mesihimiň syryny aýan eder ýaly, Hudaý bize bir gapy açsyn diýip, biziň üçin hem doga ediň. Şeýlelikde, sözi edilmelisi ýaly aýan edeýin. Pursatdan peýdalanyp, özüňizden bolmadyklar bilen paýhasly boluň. Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun. Rebde işdeşim, sadyk hyzmatkär, söýgüli doganymyz Tihikus men hakda size ähli zady habar berer. Ol siziň hal-ýagdaýyňyzy bilip, ýüregiňize teselli berer ýaly, ýörite şonuň üçin, sizden bolan sadyk we söýgüli doganymyz Onesimus bilen bile ony size ýolladym. Olar bu ýerde bolup geçýän zatlaryň hemmesini size aýdarlar. Tussagda meniň bilen bile bolýan ýoldaşym Aristarkus bilen Barnabasyň ýegeni Markus size salam aýdýar. Markus baradaky buýruklary alansyňyz, barsa, ony kabul ediň. Ýustus lakamly Ýeşu hem size salam aýdýar. Hudaýyň Patyşalygy üçin zähmet çekýän işdeşlerim bolan sünnetliler diňe şulardyr. Bular maňa teselli berdiler. Özüňizden bolan, Mesih Isanyň guly Epafra size salam aýdýar. Ol Hudaýyň her isleginde kämil bolup, doly ynam bilen duruň diýip, dogalarynda hemişe siziň üçin göreş edýär. Men onuň siz barada we Laodikiýa bilen Iýerapolisdäkiler barada gaty yhlaslydygyna güwä geçýärin. Söýgüli tebip Luka bilen Dima size salam aýdýar. Laodikiýadaky doganlara, Nimfasa we onuň öýündäki imanlylar ýygnagyna salam aýdyň. Şu hat araňyzda okalandan soň, ony laodikiýaly imanlylar ýygnagyna hem okadyň. Siz hem Laokdikiýadan gelen haty okaň. Arhipusa: «Dykgat et, Rebde alan hyzmatyňy bitirjek bol» diýip aýdyň. Men Pawlus öz elim bilen bu salam hatyny ýazýaryn. Zynjyrlar bilen baglydygymy ýada salyň. Hudaýyň merhemeti siz bilen bolsun! Omyn. Ata Hudaý we Reb Isa Mesihde bolan selanikli imanlylar ýygnagyna Pawlusdan, Silwanusdan we Timoteosdan salam! Atamyz Hudaýdan, Reb Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun! Biz sizi dogalarymyzda ýatlap, elmydama baryňyz üçin Hudaýa şükür edýäris. Imanyň hasyly bolan işiňizi, söýgüden emele gelen zähmetiňizi, Rebbimiz Isa Mesihe baglan umydyňyzdan dörän çydamyňyzy Hudaýymyz hem Atamyz öňünde dyngysyz ýatlaýarys. Eý, Hudaý tarapyndan söýülýän doganlarym! Biz Onuň sizi saýlanyny bilýäris. Çünki biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe bir söz bilen däl-de, gudrat bilen, Mukaddes Ruh bilen, uly ynam bilen gelip gowuşdy. Biz araňyzdakak siziň peýdaňyz üçin nähili ýaşandygymyzy özüňiz bilýänsiňiz. Siz agyr muşakgatlara garamazdan, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen sözi kabul edip, bizden we Rebden görelde aldyňyz. Şeýdip hem Makedoniýa bilen Ahaýadaky bütin imanlylara görelde bolduňyz. Çünki Rebbiň sözi sizden eşidilip ugrady. Hudaýa bolan imanyňyzyň habary diňe Makedoniýa, Ahaýa däl-de, hemme ýere ýaýrady. Şoňa görä-de, bize gürrüň berere zat galmady. Sebäbi olaryň özleri bizi nähili garşylandygyňyzy aýdyp, diri, hakyky Hudaýa gulluk etjek bolup, Onuň ölümden direlden, bizi geljekki gazapdan halas eden Ogly Isanyň Gökden gelmegine garaşmak üçin butlardan Hudaýa tarap öwrülendigiňizi gürrüň edýärler. Doganlar, siziň ýanyňyza gelmegimiz ýöne ýere däldi, muny özüňiz bilýänsiňiz. Bilşiňiz ýaly, biz öň Filipide horluk çekip, kemsidilmelere sezewar bolduk, ýöne uly garşylyk bolsa-da, Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi. Çünki haýyşymyz aldawa, hapalyga, hilä daýanman, eýsem Hudaýyň bizi mynasyp görüp, Hoş Habary tabşyranyna görä, biz adamlary däl-de, ýüregimizi synaýan Hudaýy hoşnut etjek bolup gepleýäris. Çünki bilşiňiz ýaly, ýanyňyzda ýalynjaňlyk bilen gepläp, ýakymly sözleri açgözlülige asla perde edinen däldiris. Muňa Hudaý şaýatdyr. Biz hiç kimden, sizden hem beýlekilerden hormat hantama bolmadyk. Mesihiň resullary hökmünde size agram salyp hem bilerdik, ýöne biz öz çagalaryny bagryna basýan ene ýaly siziň araňyzda mylakatly gezdik. Sizi şeýle küýseýän biz size diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl-de, öz janymyzy-da bermäge razydyk. Çünki bize gaty eziz bolduňyz. Doganlar, özüňiz zähmetimizi, çeken azabymyzy ýada salaýansyňyz: biz Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz edenimizde hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik. Iman eden siz babatda özümizi nähili mukaddes, dogry we müýnsüz alyp baranymyza özüňiz şaýatsyňyz, Hudaý-da şaýatdyr. Bilşiňiz ýaly, bir atanyň çagalaryna edişi ýaly, biz hem siziň baryňyzy ruhlandyryp, size göwünlik berdik, Patyşalygyna, şöhratyna çagyran Hudaýa mynasyp gezmegiňizi tabşyrdyk. Şonuň üçin hem Hudaýa dyngysyz şükür edýäris. Çünki siz Hudaýyň sözüni bizden eşidip kabul edeniňizde, muny adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Siz imanlylarda işleýän söz budur. Sebäbi, eý doganlar, siz Hudaýyň Ýahudada Mesih Isa degişli bolan ýygnaklaryny görelde edindiňiz. Olaryň ýehudylardan çeken şol jebirlerini öz ildeşleriňizden çekdiňiz. Hem Reb Isany, hem-de öz pygamberlerini öldüren, bizi hem kowalan ýehudylardyr. Olar özge milletlerden bolanlara gürrüň bermegimize, şeýdip hem olaryň gutulmagyna ýol bermezlik bilen, Hudaýyň halamaýan zadyny edýärler, bütin adamlara duşman bolýarlar. Şeýlelikde, öz günä gaplaryny hemişe püre-pür edýärler. Emma Hudaýyň gazaby ahyrsoňy olaryň başyndan indi. Eý doganlar, biz ýürek däl-de, didar boýunça az wagt sizden aýra düşsek-de, çuň küýseg bilen didaryňyzy görmäge köpräk gaýrat etdik. Çünki ýanyňyza barasymyz gelýärdi. Men Pawlus muny ençeme gezek isledim, ýöne şeýtan bize päsgel berdi. Biziň umydymyz, şatlygymyz, Rebbimiz Isa gelende, Onuň öňünde guwanjak täjimiz näme? Siz dälmi? Hawa, biziň magtanjymyz hem, şatlygymyz hem sizsiňiz. Şonuň üçin, mundan artyk çydamaga halymyz galmansoň, Afinyda ýeke galmaga razy bolduk. Sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin, Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmakda işdeşimiz, Hudaýyň hyzmatkäri bolan doganymyz Timoteosy ýanyňyza iberdik. Muny bu muşakgatlar zerarly hiç kim gowşamasyn diýip etdik. Sebäbi biziň munuň üçin oturdylandygymyzy özüňiz bilýänsiňiz. Siziň ýanyňyzdakak hem muşakgat çekjegimizi öňünden aýdypdyk. Bilşiňiz ýaly, şeýle hem boldy. Şonuň üçin hem, men mundan artyk çydap bilmän, azdyryjy şeýtan sizi azdyryp, zähmetimiz biderek bolaýmasyn diýip, imanyňyzyň ýagdaýyny bilmek üçin, doganymyzy iberdim. Emma ýanyňyzdan ýaňy gelen Timoteos siziň imanyňyz, söýgiňiz hakda bize oňat habarlar getirdi. Bizi hemişe gowulyk bilen ýatlaýandygyňyzy, biziň sizi göresimiz gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi aýtdy. Şu sebäpden, eý doganlar, biz bütin kynçylykdyr muşakgatlarymyz içinde imanyňyz üçin sizden teselli tapdyk. Indi siz Rebde berk dursaňyz, biz ýaşarys. Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli duýan bütin şatlygymyzyň öwezini siziň üçin Hudaýa nähili şükür etme bilen dolduryp bileris? Biz, ýüzüňizi görmek, imanyňyzyň ýetmezini doldurmak üçin, gije-gündiz tüýs ýürekden doga edýäris. Atamyz Hudaýyň Özi we Rebbimiz Isa ýolumyzy size tarap göneltsin. Reb biziň size bolan söýgimiz ýaly biri-biriňize we bütin adamlara bolan söýgiňizi artdyrsyn. Rebbimiz Isa bütin mukaddesleri bilen gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde mukaddeslikde müýnsüz bolar ýaly, ýüregiňizi berkitsin. Mahlasy, eý doganlar, nähili gezmelidigi, Hudaýy nähili hoşnut etmelidigi barada bizden öwrenişiňiz ýaly, şoňa görä-de gezişiňiz ýaly, bu işde has köp ilerlemegiňizi Reb Isanyň ady bilen sizden haýyş edip ýalbarýarys. Biziň Reb Isadan gelen haýsy buýruklary size berenimizi bilýänsiňiz. Hudaýyň isleýäni, mukaddes bolmagyňyz üçin, zynadan saklanmagyňyz, her kişiniň Hudaýy tanamaýan milletler ýaly haram keýp bilen däl-de, öz bedenine mukaddeslik we hormat bilen eýelik etmegi, bu zatda hetdinden aşman, öz doganynyň hakyny iýmezligidir. Çünki ozal size aýdyp güwä geçişimiz ýaly, bütin bu zatlar üçin Reb adamlary jezalandyrar. Sebäbi Hudaý bizi hapalyga däl-de, mukaddeslige çagyrdy. Bu çakylygy ret edýän adam, ynsany däl-de, size Öz Mukaddes Ruhuny beren Hudaýy ret edýändir. Dogan söýgüsi hakda bolsa, size ýazmagymyzyň geregi ýok, çünki Hudaý birek-biregi söýmegi size öwredendir. Aslyýetinde, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlary-da söýýärsiňiz. Doganlar, biz sizden bu söýgiňizi has köp artdyrmagyňyzy haýyş edýäris. Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz gezmek, öz işiňize gydyrdap, öz elleriňiz bilen işlemek üçin yhlasly boluň. Şeýlelikde, keseki adamlaryň öňünde hormat bilen gezersiňiz, hiç bir zada zar bolmarsyňyz. Doganlar, beýleki umytsyzlar ýaly gaýgy çekmezligiňiz üçin, ölen imanlylar hakda siziň maglumatsyz bolmagyňyzy islemeýäris. Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Ine, şeýle-de, Hudaý Isa bagly bolup ölenleri hem Onuň bilen bile yzlaryna getirer. Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz diriler, Rebbiň gelmegine çenli galanlar, ölen imanlylardan asla öňe çykmarys. Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler. Ondan soňra biz, galan diriler olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris. Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys. Ine, şu sözler bilen biri-biriňize göwünlik beriň. Eý doganlar, bu wakalaryň wagt hem möwsümleri hakda size ýazmagyň geregi ýok. Çünki Rebbiň gününiň bir ogrynyň gije gelşi ýaly bolup geljegini özüňiz oňat bilýänsiňiz. Adamlar: «Her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy ýaly, birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner, gaçyp bilmezler. Emma, doganlar, ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz. Çünki baryňyz nura, gündize degişli adamlarsyňyz. Biz gijä ýa garaňkylyga degişli däldiris. Şeýlelikde, beýlekiler ýaly uklaman, oýa, hüşgär bolalyň. Çünki uklaýanlar gije uklaýandyr, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyr. Gündize degişli bolan biz bolsa, iman, söýgi sowudyny geýip, kellämize tuwulga hökmünde, gutulyş umydyny geýnip, hüşgär bolalyň. Çünki Hudaý bizi gazaba sezewar bolmak üçin däl-de, Rebbimiz Isa Mesih arkaly gutulyşa gowuşmak üçin belledi. Biz oýa bolsak-da, ukuda bolsak-da, Onuň bilen ýaşar ýaly, Mesih biziň üçin öldi. Şonuň üçin, şu wagt hem edişiňiz ýaly, biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň. Eý doganlar, araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edip öwüt berýänleriň gadyryny bilmegi sizden haýyş edýäris. Edýän işleriniň hatyrasyna olara çäksiz söýgi bilen hormat goýuň. Özara parahatçylykda ýaşaň. Doganlar, size ýalbarýarys, boş gezýänlere öwüt-ündew ediň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler barada sabyrly boluň. Habardar boluň, hiç kim ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermesin. Gaýtam biri-biriňize, ähli adamlara ýagşylyk etjek bolup hemişe tagalla ediň. Hemişe şatlyk ediň. Dyngysyz doga ediň. Ähli ýagdaýda şükür ediň. Çünki Hudaýyň Mesih Isada siz baradaky islegi şudur. Ruhy söndürmäň. Pygamberlik sözlerini äsgermezlik etmäň. Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň. Her hili erbetlikden gaça duruň. Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaýyň Özi sizi bütinleý mukaddes etsin. Ruhuňyz, janyňyz we teniňiz saklanyp, Rebbimiz Isa Mesih gelende nogsansyz hem müýnsüz bolsun. Sizi çagyran Hudaý ynamdardyr, Ol muny başarar. Doganlar, biziň üçin doga ediň. Bütin doganlara mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Bu hatyň bütin mukaddes doganlara okalmagyny Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn. Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun! Omyn. Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesihde bolan selanikli imanlylar ýygnagyna Pawlusdan, Silwanusdan we Timoteosdan salam! Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin! Eý doganlar, biz siz babatda elmydama Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Beýle etmegimiz ýaraşyklydyr. Çünki siziň imanyňyz gitdigiçe ösýär, her biriňiziň beýlekä bolan söýgüsi artýar. Şeýlelik bilen, biz çekýän azaryňyzda, muşakgatyňyzda görkezýän çydam hem imanyňyz üçin, Hudaýyň ýygnaklary arasynda siziň bilen magtanýarys. Bularyň bary Hudaýyň adalatly höküminiň belgisidir. Şonuň netijesinde, siz ugrunda görgi görýän Hudaýyňyzyň Patyşalygyna mynasyp saýylarsyňyz. Çünki size muşakgat çekdirenlere Hudaýyň muşakgat bilen gaýtargy bermegi, muşakgat çeken sizi-de biziň bilen bile ynjaltmagy Onuň adyllygyna ýaraşyklydyr. Bu zatlar Reb Isa oduň ýalnynda güýçli perişdeleri bilen Gökden gelip görnen mahaly ýüze çykar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlary jezalar. Bular Onuň huzuryndan, güýjüniň şöhratyndan daş bolup, ebedi heläkçilik jezasyny çekerler. Ol günde Reb Öz mukaddeslerinde şöhratlanmak, bütin iman edenleri täsin galdyrmak üçin şol gün gelende, şeýle bolar. Siz hem iman edenlerdensiňiz, çünki siz özüňize beren güwäligimize ynandyňyz. Şonuň üçin Hudaýymyz sizi Öz çakylygyna mynasyp saýsyn, ýagşylyga bolan ähli arzuwyňyzy, imandan ugur alan ähli işiňizi gudrat bilen amala aşyrsyn diýip, hemişe siziň üçin doga edýäris. Biz muny Hudaýymyzyň we Reb Isa Mesihiň merhemetine görä, Rebbimiz Isanyň ady sizde şöhratlansyn, siz hem Onda şöhratlanyň diýip edýäris. Rebbimiz Isa Mesihiň gelmegi we Onuň bilen bilelikde bolmak üçin ýygnanyşmagymyz hakda, eý doganlar, sizden haýyş edýäris: Rebbiň gününiň gelip ýetenligini aýdýan bir ruh, bir söz ýa bizden baran ýaly edip görkezilen bir hat siziň pikiriňizi haýdan-haý sarsdyrmasyn, gorka salmasyn. Özüňizi hiç kime hiç bir ýol bilen aldatmaň. Çünki imandan dönme gelýänçä, bikanun adam, heläkçilik ogly peýda bolýança, ol gün gelmez. Bu adam Hudaý diýilýän ýa-da çokunylýan her zada garşy durup, özüni hemmeden ýokary tutar, hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder. Men heniz siziň ýanyňyzdakam, bulary size aýdanym ýadyňyza düşmeýärmi? Öz wagtynda peýda bolar ýaly, indi bu adamy nämäniň bökdeýänini özüňiz bilýänsiňiz. Çünki bikanunlyk syry şu wagt hem hereketde, ýöne ony bökdeýän aradan aýrylýança, öz işini dowam etdirer. Şonda şol bikanun adam peýda bolar, ony Reb Isa agzynyň demi bilen öldürer, gelmeginiň haýbaty bilen ýok eder. Ol adam şeýtanyň güýji boýunça, her hili ýalan gudrat, alamat we mugjyza bilen, heläk bolýanlary aldawa salýan her hili ýamanlyk bilen geler. Olar hakykaty söýmegi, şeýdip hem gutulmagy ret edendikleri üçin heläk bolar. Ine, şu sebäpden hem ýalana ynansynlar diýip, Hudaý olara bir aldawçy güýç ýollaýar. Ol muny hakykata ynanman, ýamanlygy halaýanlaryň bary höküm edilsin diýip edýär. Emma biz, eý, Reb tarapyndan söýülýän doganlar, siz üçin hemişe Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Çünki Hudaý sizi Ruh arkaly mukaddes edilip, hakykata ynanmak bilen gutulmagyňyz üçin başlangyçdan saýlady. Ol Rebbimiz Isa Mesihiň şöhratyna gowuşmagyňyz üçin, biziň wagyz edýän Hoş Habarymyz arkaly sizi muňa çagyrdy. Eý doganlar, şoňa görä indi berk duruň! Bizden söz bilen ýa hat arkaly öwrenen taglymatyňyza ýapyşyň. Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we bizi söýüp, merhemeti bilen bize baky teselli, ýagşy umyt beren Atamyz Hudaý, siziň ýüregiňize teselli bersin, sizi her oňat işde hem sözde berkitsin. Mahlasy, doganlar, Rebbiň sözüniň, siziň araňyzda bolşy ýaly, çaltlyk bilen ýaýrap, şöhratlanmagy üçin, biz barada doga ediň. Erbet, ýaman adamlardan gutulmagymyz üçin doga ediň. Çünki hemmesi iman getiren däldir. Emma Reb ynamdardyr. Ol sizi berkider, iblisden gorar. Biziň buýranlarymyzy hem edýänligiňize, hem-de etjekdigiňize Rebde size ynamymyz bar. Reb ýüregiňizi Hudaýyň söýgüsine, Mesihiň sabryna gönükdirsin. Doganlar, bizden alan taglymatyňyza uýmaýan, boş gezýän her bir dogandan daş durmagyňyzy Reb Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys. Çünki bizi nähili görelde edinmelidigiňizi özüňiz bilýänsiňiz. Sebäbi biz siziň araňyzda boş gezmedik. Hiç kimiň çöregini hem mugt iýmän, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, zähmet çekip gije-gündiz azap bilen işledik. Biz muny sizden ýardam almaga hakymyzyň bolmanlygy üçin däl, eýsem, bizden görelde alar ýaly, size nusga bolmak üçin etdik. Biz ýanyňyzdakak hem size: «Kim işlemek islemeýän bolsa, onda ol damak-da iýmesin» diýen buýrugy berdik. Çünki siziň araňyzda käbir adamlaryň boş gezýänini, hiç bir iş etmän, beýlekileriň işine gatyşýanyny eşidýäris. Beýle adamlara gep-gürrüňsiz işläp, öz çöreklerini gazanmagy Reb Isa Mesihiň adyndan buýrup, nesihat berýäris. Emma siz doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň. Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony belgä alyň. Onuň bilen gatnaşyk etmän, utandyryň. Ony duşman hökmünde görmän, ýöne bir dogan hökmünde oňa öwüt beriň. Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyz bilen bolsun! Men Pawlus bu salamy size öz elim bilen ýazýandyryn. Meniň her hatymdaky belgim şudur, şeýle ýazýaryn. Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun! Halasgärimiz Hudaýyň, umydymyz Mesih Isanyň buýrugy bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan, imanda oglum Timoteosa salam! Ata Hudaý, Rebbimiz Mesih Isa saňa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin! Makedoniýa barýarkam senden haýyş edişim ýaly, sen özge taglymatlary ýaýratmazlygy käbir adamlara tabşyrmak üçin Efesde gal. Olar ertekilerden, tükeniksiz nesil şejerelerinden el götersin. Bu zatlar Hudaýyň imana daýanan işine peýda bermekden köp, jedellere sebäp bolýandyr. Bu buýrugyň maksady sap ýürekden, dogry ynsapdan, hilesiz imandan ugur alan söýgüdir. Käbir adamlar bu zatlardan azaşyp, boş geplere ýykgyn etdiler. Olar Mukaddes Kanunyň öwredijileri bolmak isleýär, ýöne ne öz aýdýan zatlaryna, ne-de nygtap tassyklaýan zatlaryna düşünýär. Biz Kanunyň ony kanuna laýyklykda ulanýan adam üçin oňatdygyny bilýäris. Ýene-de Kanunyň dogry adam üçin däl-de, kanunsyzlar we agyzzyryksyzlar, hudaýsyzlar we günäkärler, mukaddes däller we mukaddesi sylamaýanlar, ata-enesini öldürýänler, ganhorlar, zynagärler, beçebazlar, gul satýanlar, ýalançylar, ýalan ýere ant içýänler we sag taglymata garşy başga näme bar bolsa, bular üçin goýlandygyny biz bilýäris. Mübärek Hudaýyň maňa ynanylyp berlen şöhratly Hoş Habary boýunça bu şeýledir. Maňa kuwwat berýän Rebbimiz Mesih Isa şükür edýärin. Sebäbi Ol meni sadyk saýyp, Öz gullugyna belledi. Ozallar Oňa dil ýetiren, azar berip, zorluk eden hem bolsam, Ol maňa rehim etdi. Çünki men edenlerimi nadanlykdan, imansyzlykdan edipdim. Ýöne iman, Mesih Isada bolan söýgi bilen birlikde Rebbimiziň merhemeti meniň üstüme bolluk bilen ýagdy. «Mesih Isa günäkärleri gutarmak üçin dünýä geldi» diýen söz takyk, her taýdan kabula laýyk sözdür. Ol günäkärleriň iň erbedi mendirin. Emma Mesih Isa Özüne iman edip, ebedi ýaşaýşa gowuşjaklara görelde hökmünde, Öz çäksiz sabryny günäkärleriň iň erbedi bolan mende görkezsin diýip, maňa rehim edildi. Bütin döwürleriň Patyşasy, ölmez hem görünmez ýalňyz akyldar Hudaýa ebedilik hormat, şöhrat bolsun! Omyn. Eý oglum, Timoteos, sen özüň hakdaky ozalky pygamberliklere daýanyp, söweşiň iň oňadyny alyp barar ýaly, men şol pygamberliklere laýyklykda şu buýrugy saňa ynanýaryn. Imany, dogry ynsaby sakla. Käbir adamlar dogry ynsaby bir ýana itip, iman babatda batdylar. Imeneýus we Isgender bulardandyr. Men küpür etmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym. Her zatdan öň şuny ündeýärin: biz takwa hem agras, aram we gep-gürrüňsiz ýaşar ýaly, bütin adamlar, patyşalar we häkimiýet eýeleriniň bary üçin dilegler, dogalar, ýalbaryşlar hem şükürler edilsin. Çünki bu oňat we Halasgärimiz Hudaýyň halaýan zadydyr. Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändir. Çünki Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeke-täk Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan, Özüni hemmeler üçin töleg hökmünde hödürlän Mesih Isadyr. Muňa-da öz wagtynda güwä geçilendir. Şu maksat bilen jarçy, resul hökmünde Mesihde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlemeýärin ― men ýehudy dällere imany hem hakykaty öwrediji bolup bellendim. Erkekleriň gaharlanyp jedelleşmän, her ýerde mukaddes eller galdyryp doga etmegini isleýärin. Aýallaryň hem saç örümleri, gyzyllar, hünjüler we gymmatbaha eşikler bilen däl-de, eýsem, ýaraşykly egin-eşikler, haýa we salykatlylyk bilen, Hudaý ýolunda gezýändiklerini ykrar edýän aýallara ýaraşýan ýagşy işler bilen özlerini bezemeklerini isleýärin. Aýal sessizlik, tutuşlygyna tabynlyk içinde öwrensin. Aýalyň sapak bermegine, erkege agalyk etmegine rugsat etmeýärin, ol sessiz-üýnsüz bolsun. Çünki öňürti Adam, onsoň Howa ýaradyldy. Aldanan hem Adam däldi, aýal aldanyp, ýazykly boldy. Ýöne aýal salykatlylyk bilen, imanda, söýgüde we mukaddeslikde bolup, çaga dogurmak bilen gutular. Ine, bir dogry söz: kim gözegçi bolmaga jan çekýän bolsa, onda ol oňat işi arzuw edýär. Şoňa görä-de, gözegçi müýnsüz, diňe bir aýalyň äri, hüşgär, sagdyn düşünjeli, gepi-sözi ýerlikli, myhmansöýer, öwretmäge ukyply, şeraba höwesjeň däl, igenjeň däl, ýumşak, uruşdan gaçýan, haram gazanç etmeýän bolmalydyr. Öz öýüni oňat dolandyrmaly, doly agraslyk bilen çagalaryna diýenini etdirmelidir. Kim öz öýüni dolandyryp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny nähili eder? Gözegçi ýaňy iman getireniň biri bolmaly däl, ýogsa, tekepbirlik edip, iblisiň sezewar bolan hökmüne sezewar bolmagy mümkin. Aýyplanjak ýagdaýa, iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndakylar tarapyndan-da oňat diýip güwä geçilýän adam bolmalydyr. Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem hormatly, ikidilli däl, köp şeraba höwessiz, haram gazanç etmeýän, sap wyždan bilen imanyň syryny saklaýan adamlar bolmalydyr. Bular hem öňürti synalsyn, onsoň, müýnsüz bolsalar hyzmat etsinler. Şonuň ýaly-da, aýallary hem hormatly, myjabatçy däl, hüşgär, her zatda wepaly bolmalydyr. Hyzmatçylar diňe bir aýalyň äri, çagalaryny, öz öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsun. Çünki hyzmatlaryny oňat berjaý edýänler özlerine oňat dereje, Mesih Isa iman etmekde uly gaýrat gazanýandyr. Men az wagtdan seniň ýanyňa barmagy umyt edýärin. Ýöne bulary saňa men gijä galsam, Hudaýyň maşgalasy, ýagny hakykatyň diregi hem daýanjy bolan diri Hudaýyň ýygnagy arasynda özüňi nähili alyp barmagy bilmegiň üçin ýazýaryn. Hudaýyň ýolunyň syry uludyr, muny hiç kim inkär edip bilmez. Hudaý bedende aýan boldy, Ruhda tassyklandy, perişdeler tarapyndan görüldi, milletlere wagyz edildi, dünýäde Oňa iman getirildi, şöhrat içinde ýokary alyndy. Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner. Ynsaplaryna dag basylan ýalançylaryň ikiýüzlüligi zerarly aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar. Bu ýalançylar öýlenmegi gadagan eder, iman edip, hakykaty bilýänleriň şükür bilen iýmeleri üçin, Hudaýyň ýaradan tagamlaryndan gaça durmagy buýrar. Hudaýyň ýaradan bar zady gowudyr, şükür bilen kabul edilse, hiç bir zat ret edilmeli däldir. Çünki bar zat Hudaýyň sözi we doga arkaly mukaddes edilýändir. Sen bulary doganlaryň ýadyna salsaň, imanyň, eýeren oňat taglymatyň sözleri bilen ýetişdirilip, Mesih Isanyň oňat hyzmatkäri bolarsyň. Ýaramaz hekaýalary, kempirleriň ertekilerini ret edip, özüňi Hudaýyň ýolunda werdiş et. Beden maşkynyň peýdasy azdyr, ýöne häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasyna eýe bolan takwalyk her ugurdan peýdalydyr. Bu söz dogry sözdür, her jähetden makullanmaga laýykdyr. Biz munuň üçin zähmet çekýäris, sögünç eşidýäris. Çünki umydymyzy ähli adamlaryň, ylaýta-da, iman edenleriň Halasgäri diri Hudaýa bagladyk. Bu zatlary buýur, öwret. Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gep-gürrüňde, ýaşaýyşda, söýgüde, Ruhda imanda we tämiz ahlakda iman getirenlere görelde bol. Men barýançam, Mukaddes Ýazgylary ýygnaga okamak, öwüt-ündew etmek, öwretmek bilen meşgul bol. Pygamberlik sözi arkaly we ýaşulular guramasynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen ruhy sylagy gözden salma. Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin, bular bilen meşgullan. Özüňe hem taglymata dykgat et, bu işleri dowam etdir. Sebäbi muny etmek bilen, sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas edersiň. Garry adamy ynjatma, oňa öz ataň ýaly, öwüt-ündew ber. Ýaş ýigitlere öz doganlaryň ýaly, garry aýallara öz eneň ýaly, ýaş aýallara hem öz aýal doganlaryň ýaly, tämiz ahlak bilen öwüt-ündew et. Dul hatynlary, çyndan dul bolsalar syla. Bir dul hatynyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, onda olar öňürti öz maşgalalaryna ýardam etmek bilen, Hudaý ýolunda gezmegi, öz ulularyna bolan borçlaryny ödemegi öwrensinler. Çünki bu Hudaýyň halanydyr. Çyn dul bolup, ýeke galan hatyn umydyny Hudaýa baglaýandyr. Gije-gündiz dileglerde, dogalarda erjellik edýändir. Emma aýşy-eşretde ýaşaýan dul hatyn dirilikde ölüdir. Müýnsüz bolmagy üçin, bu zatlary olara buýur. Biri öz ýakynlarynyň, ylaýta-da, öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, onda ol imany inkär edip, imansyzdan beter bolandyr. Ýagşy işlerde güwä geçilýän, diňe bir äre aýal bolup, altmyş ýaşdan aşak bolmadyk dul hatyn, oglan-uşak ýetişdiren bolsa, ýatlary myhman alan bolsa, mukaddesleriň aýaklaryny ýuwan bolsa, muşakgat çekýänlere ýardam eden bolsa, her bir oňat işiň yzynda ylgan bolsa, ady dullar depderine ýazylsyn. Ýaş dul hatynlaryň atlaryny ýazmagy ret et. Çünki olar höwese düşüp, Mesihden uzaklaşanlarynda, äre barjak bolar. Şeýlelikde, öňki imany taşlandyklary zerarly, jeza sezewar bolarlar. Mundan başga-da, öýin-öýin aýlanyp, ýaltalyga öwrenişerler. Diňe ýaltalyga öwrenişmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaraşyksyz gepleri agza alyp, beýlekileriň işlerine garyşýan gepçiler bolar. Şonuň üçin, men ýaş dul hatynlaryň äre barmaklaryny, çaga dogurmaklaryny, hojalygy dolandyrmaklaryny, duşmana hiç bir myjabat üçin bahana bermezliklerini isleýärin. Çünki käbirleri azyp, eýýäm şeýtanyň yzyna eýerdi. Iman eden bir erkegiň ýa aýalyň dul galan dogan-garyndaşlary bar bolsa, olary goldasyn, imanlylar ýygnagyna agram düşmesin. Şeýle, ýygnak çyn dul hatynlary goldap biler. Ýygnagy oňat dolandyrýan ýaşulular, ylaýta-da, Hudaýyň sözüni ýaýratmakda, öwretmekde zähmet çekýänler iki esse hormata laýyk görülsin. Çünki Mukaddes Ýazgy: «Harman döwýän öküziň agzyny baglama», «Işçi öz hakyna mynasypdyr» diýýär. Iki ýa üç şaýat bolmasa, bir ýaşuly hakdaky aýyplamany kabul etme. Beýlekiler hem gorkar ýaly, günä edýänlere hemmeleriň öňünde temmi ber. Öňünden höküm etmän, hiç zatda birinden ýüz görmän, bu ýazanlarymy goramagyňy Hudaýyň, Mesih Isanyň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn. Biriniň depesine el goýmakda howlukma, başga kişileriň günälerine şärik bolma. Özüňi tämiz sakla. Diňe suw içmän, aşgazanyň we ýygy-ýygydan bolýan nähoşlugyň üçin az-kem şerap iç. Käbir adamlaryň günäleri bellidir, höküme olardan öň ýetýändir. Käbirleriniňki bolsa soň aýan bolýandyr. Şonuň ýaly, oňat işler-de bellidir, belli däller-de ýaşyryn galyp bilmez. Gulluk boýuntyrygy astyndakylaryň hemmesi Hudaýyň adyna, taglymatyna dil ýetmez ýaly, öz hojaýynlaryny sylag-hormata mynasyp bilsin. Hojaýynlary iman getiren gullar bolsa dogan bolandyklary üçin, olary äsgermezlik etmän, gaýtam, has beter hyzmat etsin. Çünki bu oňat hyzmatdan peýdalanýanlar imanly hem söýgülidir. Bulary öwret, ünde. Kim-de kim başga taglymaty ýaýradyp, sagdyn sözleri, Rebbimiz Isa Mesihiň sözlerini we Hudaýyň ýoluna degişli taglymaty oňlamaýan bolsa, onda ol tekepbirdir, hiç zady bilýän däldir, jedel, söz dawalarynyň hassasydyr. Göripçilik, çekişme, ýamanlama, erbet şübheler, pikirleri zaýalanyp, Hudaýyň ýoluny gazanç ýoly hasaplap, hakykatdan mahrum bolan adamlaryň üznüksiz jedelleri şu zatlardan ugur alýandyr. Beýle adamlardan gaça duruň. Baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr. Çünki biz dünýä hiç bir zat getirmedik, hiç bir zat hem äkidip bilmejegimiz bellidir. Iýmäge, geýmäge zadymyz bar bolsa, bulara kaýyldyrys. Baýajak bolýanlar bolsa synaglaryň duzagyna düşüp, adamlary çöküşe, heläkçilige sokýan ençeme düşnüksiz hem zyýanly höweslere ýolukýandyr. Çünki her hili erbetligiň bir köki pul söýgüsidir. Käbir adamlar munuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, köp sanjylar bilen özlerini gynadylar. Emma sen, eý Hudaý adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulygyň, Hudaýyň ýolunyň, imanyň, söýginiň, sabyr hem ýumşaklygyň yzynda ylga. Imanyň oňat göreşini alyp bar. Ebedi ýaşaýşa ýapyş. Sen muňa çagyrylyp, ençeme şaýadyň öňünde imany oňat ykrar edensiň. Bar zada ýaşaýyş beren Hudaýyň we Pontius Pilatusyň garşysynda oňat ykrar eden Mesih Isanyň huzurynda saňa tabşyrýaryn, Rebbimiz Isa Mesih gelýänçä, Hudaýyň buýrugyny çirksiz we müýnsüz sakla. Mübärek, täk Hökümdar, patyşalar Patyşasy, rebler Rebbi, ölümsizligiň ýeke-täk eýesi, ýetdirmez nurda ýaşaýan, hiç bir ynsanyň görmedik hem görüp bilmejek Hudaýy Mesihi öz wagtynda görkezer. Hormat hem gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn. Häzirki döwürdäki baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Wepasyz baýlyga däl-de, lezzet almagymyz üçin, her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglasynlar. Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy, sahylygy, jomartlygy tabşyr. Soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özlerine berk bina boljak hazynany birikdirsinler. Eý Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Ýaramaz, boş sözlerden, ýalan ýere bilim diýilýän gapma-garşylyklardan ýüz dönder. Bu ýalan bilimi ykrar edip, käbir adamlar imandan azaşdylar. Hudaýyň merhemeti seniň bilen bolsun! Omyn. Mesih Isadaky ýaşaýyş wadasy boýunça Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan, söýgüli oglum Timoteosa salam! Ata Hudaý, Rebbimiz Mesih Isa saňa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin. Men gije-gündiz edýän dogalarymda seni dyngysyz ýatlap, atalarym ýaly sap wyždandan hyzmat edýän Hudaýyma şükür edýärin. Gözýaşlaryňy ýada salyp, şatlykdan dolmak üçin seni göresim gelýär. Ozal mamaň Loisde we eneň Ewnikide bolan hilesiz imany ýatlaýaryn, onuň sende-de bardygyna doly ynanýaryn. Şu sebäpden, ellerimi üstüňe goýmagym arkaly Hudaýyň saňa beren sylagyny lowurdatmagyňy ýadyňa salýaryn. Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir. Şoňa görä, Rebbimiz hakda güwälik etmäge, Onuň ugrunda bendi bolan maňa utanman, Hudaýyň beren kuwwaty bilen Hoş Habaryň ugrunda meniň bilen bile görgi gör. Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, maksat hem merhemetine görä gutaryp, mukaddes ýaşaýşa çagyrdy. Bu merhemet bize ezelden Mesih Isada berlip, indi bolsa, ölümi aradan aýran, ýaşaýyş hem ölmezligi Hoş Habar arkaly yşyga çykaran Halasgärimiz Mesih Isanyň gelmegi bilen aýan edildi. Men hem bu Hoş Habaryň jarçysy, resuly we milletleriň öwredijisi edilip bellendim. Şu görgüleri görmegimiň sebäbi hem şudur. Emma men utanmaýaryn, çünki Kime iman edenimi bilýärin, Onuň maňa tabşyran zadyny şol güne çenli saklamagy başarjakdygyna doly ynamym bar. Menden eşiden sagdyn sözleriňiň nusgasyny iman, Mesih Isa bolan söýgi bilen gaýym sakla. Özüňe ynanylyp berlen oňat taglymaty içimizde ýaşaýan Mukaddes Ruh arkaly gora. Aziýa ilindäkileriň hemmesiniň, şol sanda Figelus hem Ermogenis dagynyň menden arany açanyny bilýänsiň. Reb Onisiforyň içersine rehimdarlyk etsin. Çünki ol ençeme gezek janyma jan goşdy, zynjyrlar bilen baglydygyma utanman, Rimdekä meni gaýrat edip gözläp tapdy. Ol günde Rebden rehimdarlyk tapmagy Reb oňa yhsan etsin! Onuň Efesde näçe hyzmat edenini seniň özüň gaty oňat bilýänsiň. Şeýlelikde, oglum, Mesih Isadaky merhemet bilen güýçlen. Birtopar şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek adamlara tabşyr. Mesih Isanyň oňat esgeri bolup, meniň bilen bilelikde görgi gör. Esgerlik edýän adam özüni esgerlige çagyrany hoşnut etjek bolup, gündelik ýaşaýyş işlerine garyşýan däldir. Ýaryşa gatnaşýan adam ýaryşyň şertlerini berjaý etmese, baýrak almaz. Zähmet çeken daýhan, hasylyndan ilkinji paýy özi almalydyr. Aýdýanlarym hakda oýlan. Reb saňa her zatda aň-düşünje berer. Meniň ýaýradýan Hoş Habaryma görä, Dawudyň neslinden bolup, ölümden direlen Isa Mesihi ýada sal. Men bu Hoş Habar ugrunda, jenaýatçy ýaly, zynjyrlar bilen baglanyp görgi görýärin. Ýöne Hudaýyň sözi baglanan däldir. Şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Mesih Isadaky gutulyşa gowşar ýaly, olaryň hatyrasyna her zada döz gelýärin. Bu bir dogry sözdür: Onuň bilen bile ölen bolsak, Onuň bilen bile-de ýaşarys. Çydasak, Onuň bilen bile höküm süreris. Ony inkär etsek, Ol hem bizi inkär eder. Biz wepaly galmasak hem, Ol wepaly bolar. Çünki Ol Özüni inkär edip bilmez. Bu zatlary olaryň ýadyna sal. Eşidýänleri heläkçilige eltmekden başga hiç bir zada peýda bermeýän söz dawalaryny çykarmazlygy Rebbiň huzurynda olara berk tabşyr. Hakykat sözüni dogry ulanyp, özüňi gowy görülýän, utanmajak işçi hökmünde Hudaýa hödürlejek bolup gaýrat et. Ýaramaz, boş sözlerden gaça dur. Çünki bulara baş goşýanlar hudaýsyzlykda mundan beýläk-de ilerlärler. Olaryň sözleri rak kimin ýaýrar. Imeneýus bilen Filitus bulardandyr. Olar direlişiň eýýäm bolup geçendigini aýtmak bilen, hakykatdan azaşdylar, indi bolsa käbir adamlaryň imanyny dargadýarlar. Emma Hudaýyň berk binasy durandyr. Ol «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýen sözler bilen möhürlidir. Bir uly öýde diňe gyzyl, kümüş gaplar däl, eýsem, agaç we toprakdan ýasalan gaplar-da bardyr. Olaryň käbiri abraýly, käbiri bolsa abraýsyz iş üçindir. Şeýlelikde, eger biri özüni bu abraýsyz işlerden tämizlese, onda ol hormatly maksatlara ýaraşykly, mukaddes edilen, hojaýynyna peýdaly we her bir oňat işe taýýar gap bolar. Ýaşlyk höweslerinden gaç. Sap ýürek bilen Rebbi çagyrýanlaryň ählisi bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk yzyna eýer. Samsyk hem düşnüksiz jedellerden çekil. Çünki dawalaryň bulardan turýandygyny bilýänsiň. Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyrly bolmalydyr. Özüne garşy bolanlary ýumşaklyk bilen ýola getirmelidir. Hakykatyň bilimine ýeter ýaly, Hudaý olara, belki, bir toba ýoluny açar. Şeýdip, olar aýylyp, islegini ýerine ýetirmekleri üçin özlerini tussag eden iblisiň duzagyndan gutular. Şuny bil, soňky günlerde kyn pursatlar bolar. Çünki adamlar özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene- ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum, doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşylyga duşman bolar. Dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy, lezzeti Hudaýdan köp söýýän, Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler çykar. Beýle adamlardan arany aç. Çünki ogrynça öýlere girip, günäler bilen ýükli, dürli höwesler bilen äkidilýän, hemişe öwrenip-de, hiç haçan hakykat bilimine ýetip bilmeýän gowşak aýallary tussag edýän adamlar bulardandyr. Ýannis bilen Ýambris Musa nähili garşy duran bolsa, bular-da, şonuň ýaly, hakykata garşy durýar. Olar pikirleri zaýalanan, imanda ret edilen adamlardyr. Emma ýene ilerläp bilmezler. Çünki öňküler ýaly bularyň-da akylsyzlygy hemmelere belli bolar. Sen bolsa meniň taglymatymy, özümi alyp barşymy, maksadymy, imanymy, sabrymy, söýgimi, çydamymy, gören azardyr görgülerimi, meselem, Antakiýa, Konýa we Listrada başymdan geçenleri berk yzarladyň. Men nähili azarlara döz geldim! Reb meni hemmesinden gutardy. Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker. Emma erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär. Sen bolsa kimlerden öwrenendigiňi bilýänligiň üçin, öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal. Sen Mesih Isa bolan iman arkaly gutulyş üçin özüňi akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri bilýärsiň. Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr. Hudaýyň öňünde, dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarjak Mesih Isanyň öňünde Onuň gelmeginiň, Patyşalygynyň haky üçin saňa ündeýärin: Hudaýyň sözüni wagyz et. Pursat amatly bolsun, bolmasyn, taýýar bol. Ynsanlara doly sabyr, taglymat bilen käýe, ýola getir, öwüt-ündew et. Çünki şeýle bir zamana bolar, adamlar sagdyn taglymata çydaman, gulaklaryna ýakýan sözleri diňlejek bolup, öz höweslerine ýaraşykly mugallymlar üýşürer. Gulaklaryny hakykatdan sowup, ertekilere tarap öwrüler. Ýöne sen her ýagdaýda hüşgär bol, görgi gör, bir Hoş Habarçy bolup işläp, hyzmatyňy bitir. Çünki men eýýäm Hudaýa hödürlenen şerap kimin dökülip durun, meniň bu dünýäden ötmeli wagtym geldi. Men oňat söweş alyp bardym, ýaryşy bitirdim, imany goradym. Mundan beýläk, dogrulyk täji meniň üçin taýýar durandyr. Adyl kazy Reb ol günde ony maňa, diňe maňa däl, eýsem, Onuň gelmegini söýýänleriň baryna-da berer. Meniň ýanyma basym geljek bolup gaýrat et. Çünki Dima häzirki dünýäni söýýänligi üçin, meni taşlap Selanige gitdi. Kiriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi. Ýanymda diňe Luka bar. Markusy alyp gaýt. Hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger. Tihikusy Efese ýolladym. Geleňde Troasda Karpyň ýanynda goýup gaýdan donumy, kitaplary, ylaýta-da, gaýyş kitaplary getir. Demirçi Isgender maňa kän ýamanlyk etdi. Reb oňa edenlerine görä almytyny berer. Sen hem ondan ägä bol. Çünki ol biziň sözlerimize gaty garşy durdy. Ilkinji goranmamda tarapymy tutan bolmady, gaýtam, hemmeler meni taşlap gitdiler. Munuň hasaby olardan soralmasyn. Ýöne Hudaýyň wagzy men arkaly doly yglan bolup, bütin milletler ony eşider ýaly, Reb ýanymda durup, meni güýçlendirdi, şeýlelikde, arslanyň agzyndan gutuldym. Reb hem meni ähli ýamanlykdan gutaryp, Gökdäki Patyşalygynda saklar. Ebedi şöhrat Onuňky bolsun! Omyn. Priskilla, Akila we Onisiforyň içersine salam aýt. Erastus Korintosda galdy. Trofimusy hassaka Militosda goýup gaýtdym. Gyşdan öň geljek bolup gaýrat et. Ewulus, Pudens, Linus, Klawdiýa we bütin doganlar saňa salam aýdýar. Reb Isa Mesih seniň ruhuň bilen bolsun! Hudaýyň merhemeti siz bilen bolsun! Omyn. Hudaýyň saýlanlarynyň imanyna görä, Hudaý ýoluna ýaraşykly bolan hakykat bilimine görä Hudaýyň guly, Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan salam! Meniň bu resullygym ýalan sözlemeýän Hudaýyň ezelden wada eden baky ýaşaýşynyň umydyna daýanýar. Halasgärimiz Hudaýyň buýrugy boýunça maňa tabşyrylan wagyzda Hudaý Öz sözüni amatly wagtynda aýan etdi. Ortak imanymyza görä, hakyky oglum Titusa Ata Hudaý, Halasgärimiz Mesih Isa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin! Yza galan işleri düzeltmegiň, saňa buýruşym ýaly, her şäherde ýaşulular bellemegiň üçin, ine, şu sebäpden men seni Giritde goýup gaýtdym. Kim müýnsüz, diňe bir aýalyň äri bolsa, iman eden, edepsizlikde aýyplanmadyk bolsa, terbiýeli çagalary bar bolsa, şony belle. Çünki gözegçi, Hudaýyň öýüniň wekilidigi üçin, müýnsüz bolmalydyr. Başyna giden, gyzma, şeraba höwesjeň, uruşgan, haram gazanjyň yzynda ylgap ýörmän, eýsem, myhmansöýer, ýagşylyk söýer, sagdyn düşünjeli, adalatly, takwa we nebsine buýrup bilýän kişi bolmalydyr. Hem beýlekilere sagdyn taglymat bilen öwüt-ündew berip hem-de garşy çykanlary dymdyrar ýaly, öwredilişi ýaly, ynamly söze ýapyşmalydyr. Çünki pitneçi, ýaňra we aldawçy köp adamlar bardyr. Ylaýta-da, sünnetlilikden bolanlar bulardandyr. Olaryň agzyny baglamak gerek. Olar haksyz gazanç üçin, öwredilmesiz zatlary öwredip, öýleri bütinleý ýykýarlar. Aralaryndan biri, olaryň öz pygamberleriniň biri: «Giritliler hemişe ýalançy, ýaman haýwan, ýalta hajymelikdir» diýipdir. Bu güwälik hakdyr. Şol sebäpli ýehudy ertekilerine, hakykatdan azaşan adamlaryň buýruklaryna gulak asma, gaýtam, imanda sagdyn bolmaklary üçin olara berk käýe. Çünki tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir, olaryň aň-düşünjeleri, ynsaplary-da çirklenendir. Olar Hudaýy tanaýandyklaryny sözläp, edýän işleri bilen Ony inkär edýär. Olar ýigrenji, söze gulak asmaz bolup, hiç bir oňat işe ýararly däldir. Emma sen sagdyn taglymata ýaraşykly bolany öwret. Garry adamlara hüşgär, agras, sagdyn düşünjeli, imanda, söýgüde hem sabyrda sagdyn bolmalydyklaryny aýt. Şonuň ýaly, garry aýallar hem myjabatçy, köp şerap guly däl-de, eýsem, ýaşaýyşlarynda sylaga mynasyp, ýagşylygy öwredýänler bolsun. Onsoň olar Hudaýyň sözüne dil ýetirmez ýaly, ýaş gelin-gyzlary öz ärlerini, çagalaryny söýýän, sagdyn düşünjeli, päk, öýünde işeňňir, oňat we öz ärlerine tabyn bolmagy üçin ýetişdirip bilerler. Şonuň ýaly-da, ýaş ýigitlere hem sagdyn düşünjeli bolmagy ünde. Özüň oňat işler edip, olara her zatda görelde görkez. Bize garşy bolanlar biz hakda aýdara hiç bir ýaman gep tapman utanar ýaly, taglymatyňda sap, agras bolup, hiç kimiň aýyplap bilmejek sagdyn sözlerini aýt. Gullara halasgär Hudaýymyzyň taglymaty her babatda bezär ýaly, hojaýynlaryna tabyn bolmagy, jogap gaýtarman, ogurlaman, bütinleý sadyklyk görkezip, hojaýynlaryny her zatda hoşnut etmegi ünde. Çünki Hudaýyň hemme ynsanlara gutulyş getiren merhemeti äşgär boldy. Bu merhemet bize, hudaýsyzlygy, dünewi höwesleri ret edip, mübärek umydymyz bolan beýik Hudaý we halasgärimiz Mesih Isanyň şöhrat içinde gelmegine garaşyp, häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamagymyzy öwredýär. Mesih hemme ýazykdan gutulyp, Özüne degişli, ýagşylyk etmäge yhlasly halk bolmagymyz üçin, bizi tämizlejek bolup, Özüni biziň ugrumyzda pida etdi. Bulary aýdyp, diňleýänlere doly ygtyýar bilen öwüt-ündew et hem-de käýe. Hiç kim seni äsgermezlik etmesin. Hökümdarlara we häkimlere tabyn bolmagy, söze gulak asmagy, her bir oňat işe taýýar durmagy, hiç kimi ýamanlamazlygy, igenjeň bolman, mylaýym bolup, ähli adamlara ýumşaklyk görkezmegi imanlylaryň ýadyna sal. Çünki bir wagtlar biz hem aň-düşünjesiz, söze gulak asmaz, ýolundan azaşan, dürli höweslere hem-de keýplere bakna, ýamanlyk hem göriplikde ýaşap, ýigrenji, biri-birlerini ýigrenýän adamlardyk. Ýöne halasgärimiz Hudaýyň ýagşylygy, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda, Ol bizi dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutardy. Biz Onuň merhemeti bilen aklanyp, baky ýaşaýşyň umydy içinde Onuň mirasçylary bolar ýaly, täzeden dogma ýuwşy bilen halasgärimiz Isa Mesihiň saýasynda üstümize bolelin döken Mukaddes Ruhunyň täzelemegi arkaly Ol bizi halas etdi. Bu bir dogry sözdür. Hudaýa iman edenler ýagşy işleri ýerine ýetirmek üçin alada eder ýaly, men seniň bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bular ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr. Boş jedellerden, nesil şejereleri we Mukaddes Kanun hakdaky çekişmelerden hem-de dawalardan çekil. Çünki bular peýdasyz, biderek zatlardyr. Ara bölünişik salýan adamdan birinji we ikinji ündewden soň gaça dur. Beýle adamyň ýoldan azaşyp, günä edip, öz-özüne iş kesýänligini bilýänsiň. Artemasy ýa-da Tihikusy seniň ýanyňa ýollamda, Nikopolise ― meniň ýanyma geljek bolup gaýrat et. Çünki gyşy ol ýerde geçirmegi ýüregime düwdüm. Kanunçy Zenas bilen Apollosy ýola salaňda, hiç bir ýetmezçilikleri bolmaz ýaly, olaryň gamlaryny iý. Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, gerekli zerurlyklara kömek üçin oňat işleri ýerine ýetirmegi öwrensinler. Meniň ýanymdakylaryň hemmesi saňa salam aýdýar. Imanda bizi söýýänlere salam aýt. Hudaýyň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn. Mesih Isanyň ugrunda bendi bolan men, Pawlusdan, Timoteos dogandan, söýgüli işdeşimiz bolan sen Filimuna, aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipusa we seniň öýüňdäki imanlylar ýygnagyna salam! Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin. Şükür we doga seniň Reb Isa bolan imanyňy, bütin mukaddeslere bolan söýgiňi eşidip, Hudaýyma şükür edýärin. Seni dogalarymda elmydama ýatlaýaryn. Mesihde özüňize degişli bütin ýagşy zatlary biler ýaly, özüňdäki imany beýlekiler bilen paýlaşmakda täsirli bolmagyň üçin doga edýärin. Sebäbi men seniň söýgiň arkaly uly şatlyk hem teselli tapdym, çünki, eý dogan, seniň saýaňda bütin mukaddesleriň ýüregine ynjalyk berildi. Pawlusyň Onesimus baradaky haýyşy şu sebäpden gerekli bolanyny saňa buýurmaga Mesihde uly batyrlygym bolsa-da, men, garry Pawlus, şu wagt hem Mesih Isanyň ugrunda bendiniň biri hökmünde söýginiň hatyrasyna senden haýyş etmegi eý görýärin. Men tussagdakam özüne atalyk eden, bir wagtlar saňa peýdasyz, ýöne şindi hem saňa, hem maňa peýdasy degýän oglum Onesimus üçin senden haýyş edýärin. Ony, ýagny ýürejigimi yzyna saňa ýollaýaryn, ony kabul et. Hoş Habaryň ugrunda tussagdakam, seniň ýeriňe maňa hyzmat etmegi üçin, ony öz ýanymda alyp galmak isleýärdim, ýöne etjek ýagşylygyň mejbury ýaly däl-de, meýletin bolar ýaly, senden soragsyz hiç bir zady etmek islemedim. Belki-de, onuň wagtlaýynça senden aýrylmagy, ony hemişelik yzyna almagyň üçin bolandyr. Ony indi bir gul däl-de, guldan artykmaç söýgüli dogan hökmünde yzyna alarsyň. Ol ylaýta-da meniň üçin, has-da seniň üçin hem bedende, hem-de Rebde bir söýgüli dogandyr. Şoňa görä, meni öz ýoldaşyň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et. Ol saňa her hili erbetlik eden bolsa ýa-da bir borjy bar bolsa, muny maňa ýaz. Men Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn, özüm bererin. Seniň hem öz ýaşaýşyň bilen maňa borçludygyňy aýtmagymyň geregi ýok. Hawa, dogan, Rebde maňa bir peýdaň degsin, Mesihde ýüregime ynjalyk ber. Sözüme gulak asjagyňa ynam edip, aýdanlarymdan hem känräk etjegiňi bilip saňa ýazýaryn. Şonuň bilen birlikde, maňa-da galara ýer taýynla. Çünki dogalaryňyz arkaly size bagyşlanaryn diýen umydym bar. Mesih Isa ugrunda meniň bilen tussagda bile bolýan Epafra, işdeşlerim Markus, Aristarkus, Dima we Luka saňa salam aýdýarlar. Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun! Omyn. Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir. Ol soňky wagtlarda hem bar zadyň mirasçysy edip belläni we Ol arkaly älemi ýaradan Oglunda biziň bilen gepleşdi. Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymy, Onuň barlygynyň keşbi bolup, bar zady gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden tämizländen soň, Gökde Şöhratlynyň sagynda oturdy. Ol perişdelerden näçe üstün ady miras alan bolsa, şonça-da olardan üstün boldy. Çünki Hudaý heý-de perişdeleriň birine: «Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seniň Ataň boldum», «Men Oňa Ata, Ol-da Maňa Ogul bolar» diýipmi? Ýene Hudaý Özüniň ilkinji doglan Ogluny dünýä iberende: «Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsin» diýýär. Perişdeler hakda: «Ol perişdelerini ýel, hyzmatkärlerini ot ýalny edýändir» diýýän bolsa, Ogly hakda: «Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr, dogrulyk hasasy Seniň Patyşalygyň hasasydyr» diýýär. «Sen dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigrendiň. Munuň üçin Hudaý ― Seniň Hudaýyň Seni şatlyk ýagy bilen ýoldaşlaryňdan artyk mesh etdi». Ýa Reb, başlangyçda Ýeriň düýbüni Sen tutduň. Gök hem Seniň elleriňiň işidir. Olar ýogalar, diňe Sen galarsyň. Hemmesi bir eşik ýaly köneler. Olary bir geýim ýaly düýrersiň, olar üýtgär. Emma Sen şol durşuňa durarsyň, Seniň ýyllaryň tükenmez». Hudaý perişdeleriň birine heý: «Duşmanlaryňy aýaklaryň astyna basgançak edýänçäm, Meniň sagymda otur» diýipmi? Perişdeleriň ählisi gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlar dälmi näme? Şonuň üçin eşidenlerimizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelidiris. Çünki perişdeler arkaly aýdylan söz berk bolup, her bir jenaýat, söze gulak asmazlyk öz adalatly almytyny alan bolsa, Onda şeýle uly gutulyşy görmezlige salsak, biz nähili gaçyp bileris? Bu gutulyşy ozal başda Reb yglan etdi, Ondan eşidenler bolsa ony bize tassykladylar. Hudaý hem muňa alamatlar, mugjyzalar, dürli gudratlar, Öz islegi boýunça paýlan Mukaddes Ruh sylaglary bilen güwälik etdi. Ol biziň gürrüňini edýän geljekki dünýämizi perişdelere tabyn edenok. Ýöne biri bir ýerde şeýle güwä geçip diýdi: «Sen ony ýatlar ýaly, ynsan näme? Oňa üns berer ýaly, ynsan ogly näme? Ony perişdelerden az-kem pes tutduň. Şöhrat hem hormat täjini Oňa geýdirip, Öz elleriň işleriniň üstünde Ony oturtdyň. Bar zady Onuň aýaklarynyň astynda goýduň». Hudaý bar zady Oňa tabyn etdi, Oňa bagly däl zat goýmady. Ýöne welin hemme zadyň Oňa baglydygyny biz entek görmeýäris. Emma perişdelerden az-kem pes tutulan Isa Hudaýyň merhemeti bilen her ynsan üçin ölümi dadar ýaly, gören ölüm görgüsi üçin şöhrat hem hormat täjiniň geýdirilenini görýäris. Ençeme ogullary şöhrata ýetirýärkä, olaryň gutulyşynyň Öňbaşçysyny görgüler arkaly kämillige ýetirmek hemme zadyň Özi üçin we Özi arkaly bar bolan Hudaýa ýaraşyklydy. Çünki mukaddes eden bilen mukaddes edilenleriň hemmesi bir Atadandyr. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar. Şeýle diýýär: «Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, ýygnagyň ortarasynda Saňa öwgüli nagmalar aýdaryn». Ýene: «Men Oňa ynam ederin», «Ine, Men we Hudaýyň Maňa beren çagalary» diýýär. Çagalaryň et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak, ömürboýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini erkinlige ýetirjek bolup etdi. Çünki Ol, elbetde, perişdelere ýardam etmän, Ybraýymyň neslinden bolanlara ýardam edýär. Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar. Şonuň üçin, eý, asmandan gelen çakylyga şärik bolan mukaddes doganlar, biziň ykrar eden imanymyzyň Resuly hem Baş Ruhanysy Isa serediň. Ol Musanyň, Hudaýyň tutuş öýünde sadyk galyşy ýaly, Özüni belläne wepadar galdy. Öýi ýasanyň öýden kän hormat görşi ýaly, Isa-da Musanyňkydan beýik şöhrata mynasyp görüldi. Çünki her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr. Musa geljekde sözlenjek sözlere güwä geçmek üçin, Hudaýyň bütin öýünde bir hyzmatkär bolup sadyk galdy. Emma Mesih Onuň öýüne jogapkär Ogul hökmünde sadykdyr. Batyrlygymyzy, magtanýan umydymyzy soňuna çenli berk saklasak, Onuň öýi bizdiris. Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, çölde synalan günüňizdäki pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň. Atalaryňyz ol ýerde Meni barlap synadylar, kyrk ýyllap Meniň edýänlerimi görüp gezdiler. Şonuň üçin Men bu nesle gaharlanyp: olar elmydam ýüreklerinde azaşýar, Meniň ýollarymy bilmediler diýdim. Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmez! diýip ant içdim». Eý doganlar, habardar boluň, siziň biriňizde diri Hudaýdan daşlaşan imansyzlygyň erbet ýüregi bolaýmasyn. Siziň hiç biriňiziň ýüregiňiz günäniň aldawçylygy bilen gatamaz ýaly, «gün şu gündür» diýilýärkä, her gün biri-biriňizi ruhlandyryň. Çünki başlangyçdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, bu Mesihe şärik boldugymyzdyr. Ozal aýdylyşy ýaly, «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň». Onuň sesini eşidip hem pitne turzanlar kimlerdi? Musa arkaly Müsürden çykarylanlaryň hemmesi dälmidi? Hudaý kyrk ýyllap kime gaharlandy? Günä edip, maslyklary çölde serlip galanlara dälmi? Sözüne gulak asmaýanlardan başga Öz dynçlyk ülkesine kimler girmez diýip ant içdi? Biz, imansyzlyk edendikleri üçin, olaryň girip bilmändiklerini görýäris. Şonuň üçin Onuň dynçlyk ülkesine girme wadasy heniz ýerindeligine görä, sizden biri muňa ýetmän galaýmasyn diýip gorkuda bolalyň. Çünki Hoş Habar bize wagyz edilişi ýaly, olara-da wagyz edildi, ýöne eşiden sözlerini iman bilen utgaşdyrmandyklary üçin, onuň olara peýdasy bolmady. Dünýäniň ýaradylyşynyň başynda işlerini tamamlan Hudaýyň: «Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmezler diýip ant içdim» diýşi ýaly, biz iman getirenler bu dynçlyga gireris. Çünki bir ýerde ýedinji gün hakda: «Ýedilenji gün Hudaý ähli işini tamamlady we şol gün dynç aldy» diýipdir. Ýene-de şol ýerde: «Olar dynçlyk ülkäme girmez» diýýär. Şeýlelikde, Hoş Habary ilki eşidenler söze gulak asmandyklary üçin, ol dynçlyga girip bilmediler, ýöne käbir girjekler bar. Şonuň üçin Hudaý köp wagtdan soň, Dawut arkaly aýdylyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, ýüregiňizi gatatmaň» diýende, «bu gün» diýmek bilen ýene bir güni belleýär. Çünki Ýeşu olary dynçlyga ýetiren bolsa, onda Hudaý mundan soň başga günüň gürrüňini etmezdi. Şeýlelikde, Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar. Hudaý Öz işlerinden nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlygyna giren hem öz işlerinden şeýle dynç alandyr. Şeýlelikde, hiç kim olaryň pitnesinden görelde alyp ýykylmaz ýaly, ol dynçlyga girmek üçin gaýrat edeliň. Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir. Hudaýdan gizlin hiç bir mahluk ýokdur, hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zat ýalaňaç hem açykdyr. Gökden geçen uly Baş Ruhanymyz, Hudaýyň Ogly Isamyzyň barlygyna görä, ykrar eden imanymyzy berk tutalyň. Çünki biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem, her zatda biziň ýaly synalyp, günä etmedik bir Baş Ruhanymyz bardyr. Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşalyň. Her bir baş ruhany, günäleriň tölegine sylaglar hem gurbanlar hödürlär ýaly, adamlar arasyndan saýlanyp, Hudaýa degişli zatlarda olara wekillik etmek üçin bellenýär. Nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak bolmagy başarýar, çünki özüniň hem ejizlikleri bar. Ol şu sebäpli halk üçin bolşy ýaly, öz günäleri üçin hem gurban bermäge borçludyr. Adam baş ruhany bolma hormatyny öz-özüne berip bilenok. Ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylyp alýar. Şonuň ýaly, Mesih hem baş ruhany bolmak üçin öz-özüni şöhratlandyranok, Ony «Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seniň Ataň boldum» diýen şöhratlandyrdy. Başga bir ýerde-de diýýär: «Melkisedek düzgüni boýunça, Sen hemişelik ruhanysyň». Mesih ýer ýüzünde bolan günlerinde Özüni ölümden gutarmagy başarýan Hudaýa uly perýat, gözýaşlar bilen dogalar hem ýalbaryşlar hödürläp, takwalygy üçin eşidildi. Ol Ogul hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi. Kämilleşdirilip, Hudaý tarapyndan Melkisedek düzgüni boýunça Baş Ruhany adyny aldy. Sözüne gulak asanlaryň hemmesi üçin baky gutulyş çeşmesi boldy. Bu barada berjek köp gürrüňimiz bar, ýöne siziň eşitmäge islegsizligiňiz üçin, düşündirmek kyn. Öwrediji bolmaly wagtyňyz gelip ýeten hem bolsa, siz biriniň Hudaýyň sözüniň ilkinji esaslaryny gaýtadan özüňize öwretmegine mätäç. Size agyr damak däl-de, süýt gerek. Kim süýt emýän bolsa, ol çaga, dogrulyk sözünde tejribesizdir. Agyr damak kemala gelenlere, ýagny saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýe edilenlere berilýändir. Şonuň üçin Mesih baradaky başlangyç tälimi yzda galdyryp, ölüm getirýän işlerden toba etmäniň, Hudaýa imanyň, çokundyrmalar, el goýmalar, ölüleriň direlişi we ebedi höküm baradaky taglymatyň düýbüni ýaňadandan tutman, kämillige tarap ilerläliň. Hawa, Hudaý rugsat berse, muny edeliň. Çünki bir gezek ýagtyldyp, asman sylagyny dadyp, Mukaddes Ruha şärik edilip, Hudaýyň oňat sözüni, geljekki döwrüň güýçli işlerini dadanyndan soň, ýoldan çykanlary toba üçin ýaňadandan täzelemek mümkin däl. Sebäbi olar Hudaýyň Ogluny özleri üçin gaýtadan haça çüýläp, biabraý edýärler. Üstüne ýygy-ýygydan düşen ýagyşdan içýän, özüni bejerene peýdaly ösümlikler bitirýän ýere Hudaý bereket inderýär. Emma tikendir gyzgany bitirýän ýer dereksizdir, gargyşa golaýdyr, soňy ýanmakdyr. Eý söýgüli doganlar, biz beýle geplesek-de, siziň gutulyş babatda has oňat zatlara eýedigiňize ynanýarys. Hudaý siziň işiňizi, mukaddeslere hyzmat edip hem-de hyzmat etmegi dowam etdirmek bilen, Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir. Biz, siz ýalta bolman, gaýtam, wada edilenleri iman hem sabyr arkaly miras alanlardan görelde alar ýaly, umydyňyzdan doly arkaýyn bolmak üçin, her biriňiziň şol gaýraty soňuna çenli görkezmegiňizi isleýäris. Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden uly bolan biriniň adyndan ant içip bilmäni üçin, Öz adyndan ant içip: «Hakykatdan-da, saňa berekedi boldan bererin, seniň zürýadyňy gaty köpelderin» diýdi. Şeýlelikde, sabyrly garaşan Ybraýym wada ýetdi. Adamlar özünden ulynyň adyndan ant içýär. Olar üçin ant aýdylany tassyklap, hemme jedelleri soňlaýar. Şonuň üçin Hudaý-da Öz maksadynyň üýtgewsizligini wadanyň mirasçylaryna has anyk görkezjek bolup, wadany ant bilen tassyklady. Ol muny öňümizde goýlan umyda ýapyşjak bolup gaçan biziň Hudaýyň ýalan sözlemegi mümkin bolmadyk iki üýtgewsiz zady arkaly uly teselli tapmagymyz üçin etdi. Biziň jan labyry ýaly ynamly hem berk bolan bu umydymyz tutynyň aňrysyna geçýändir. Isa Melkisedek düzgüni boýunça ebedi Baş Ruhany bolup, öňbaşçymyz hökmünde biziň üçin ol ýere girdi. Bu Melkisedek Salem patyşasy hem-de beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ol patyşalary derbi-dagyn edip gelýän Ybraýymy garşylap, oňa ak pata berdi. Ybraýym hem oňa bar zadyň ondan birini berdi. «Melkisedek» ozal adynyň manysy boýunça «dogrulyk patyşasydyr», soň hem «Salem patyşasy», ýagny parahatlyk patyşasydyr. Onuň atasy, enesi, nesil şejeresi belli däl. Günleriniň ne başy, ne-de ömrüniň soňy bar. Ýöne Hudaýyň Ogluna meňzedilip, mydamlyk ruhany bolup galýar. Biziň uly atamyz Ybraýymyň alan oljalaryndan ondan birini beren bu adamy, görüň, nähili uly! Lewi ogullaryndan bolup, ruhanylyk wezipesini alanlaryň halkdan, ýagny Ybraýymyň tohumyndan hem bolsalar, öz doganlaryndan Mukaddes Kanun boýunça ondan birini almaly diýen buýruklary bardy. Emma Melkisedek Lewi neslinden bolmasa-da, wadalary alan Ybraýymdan ondan birini alyp, oňa ak pata beripdir. Kiçiniň ak patany özünden uludan alýandygy gürrüňsizdir. Bu ýerde ölümli adamlar ondan birini alýar, ýöne ol ýerde ýaşaýanlygyna güwälik berilýän alýar. Hatda ondan birini alan Lewi hem Ybraýym arkaly ondan bir beripdir diýseň boljak. Çünki Melkisedek Ybraýymy garşylan mahaly Lewi entek atasynyň bilindedi. Şeýlelikde, kämillige lewili ruhanylyk arkaly ýetilýän bolsady ― çünki halk bu ruhanylyk astynda Mukaddes Kanuna gowuşdy ― onda Harun düzgüni boýunça däl-de, Melkisedek düzgüni boýunça başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi? Çünki ruhanylyk üýtgände, Kanunyň hem üýtgemegi zerurdyr. Beýle gürrüňi edilýän adam başga taýpadan. Bu taýpadan hiç kim gurbanlyk edilýän ýerde hyzmat etmändir. Rebbimiziň Iuda taýpasyndandygy aýdyň. Musa bu taýpadan gürrüň edende, ruhanylar hakda hiç bir zat aýtmandy. Melkisedege meňzeş başga bir ruhanynyň ýüze çykmagy bu aýdanymyzy öňküsinden hem aýdyňrak görkezýär. Ol, Kanunyň ata -baba baradaky şertine görä däl-de, tükenmez ýaşaýşyň güýjüne görä ruhany bolupdyr. Çünki «Melkisedek düzgüni boýunça, sen hemişelik ruhanysyň» diýip güwä geçilýär. Ozalky buýruk gowşaklygy hem peýdasyzdygy zerarly ýatyryldy. Çünki Kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Munuň ýerine bizi Hudaýa ýakynladýan öňküden oňat bir umyt berildi. Bu antsyz bolmady. Beýlekiler bolsa antsyz ruhany bolupdylar. Emma Ol özüne: «Reb ant içdi, Ol dänmez. Sen mydamlyk ruhanysyň» diýeniň anty arkaly ruhany boldy. Isa bu ant bilen has oňat ähtiň kepili boldy. Ozalky ruhanylar köpdüler. Çünki ölüm olaryň wezipede galmagyny bökdeýärdi. Emma Isanyň, baky galýanlygy üçin, üýtgewsiz ruhanylygy bardyr. Şu sebäpden Ol Özi arkaly Hudaýa ýakynlaýanlary bütinleý gutarmagy başarýar. Çünki olara töwella etmek üçin hemişe diri. Bize şeýle, mukaddes, ýazyksyz, çirksiz, günäkärlerden arany açan we Gökden ýokary çykarylan Baş Ruhany gerekdi. Ol beýleki ruhanylar ýaly, her gün öňürti öz günäleri, soňra-da halkyň günäleri üçin gurban hödürlemäge mejbur däl. Çünki Ol Özüni hödürlemek bilen, muny bir gezekde bitirdi. Mukaddes Kanun ejiz adamlary baş ruhany edip belleýär, kanundan soň gelen ant sözi bolsa Hudaýyň hemişelik kämilleşdirilen Ogluny Baş Ruhany edip goýdy. Aýdanlarymyzyň özeni şunda: biziň Gökde, hemmeden Ulynyň tagtynyň sagynda oturyp, Mukaddes ýeriň, ýagny ynsanyň däl-de, Rebbiň guran hakyky çadyrynyň hyzmatyny edýän bir Baş Ruhanymyz bar. Her bir baş ruhany sylaglar hem gurbanlar hödürlemek üçin bellenýär. Bu sebäpden biziň Baş Ruhanymyzyň hem hödürläre bir zady bolmaly. Özi ýer ýüzünde bolan bolsa, Mukaddes Kanun boýunça sylaglary hödürleýänleriň barlygy üçin Ol ruhany bolmazdy. Bular Musa berlen görkezmä görä, asmana degişli zatlaryň nusgasy hem kölegesine hyzmat edýärler. Çünki Musa çadyry gurajak bolup ýörkä, Hudaý oňa: «Ähli zady dagda saňa görkezilen nusga görä etjek bol» diýipdi. Indi bolsa Isa has oňat wadalar üstünde guralan has oňat ähtiň töwellaçysy bolşy ýaly, şonça-da uly gulluga eýe boldy. Ilkinji äht müýnsüz bolan bolsady, onda ikinji gerekli bolmazdy. Çünki Hudaý Öz halkyny müýnli görüp, şeýle diýýär: «Ine Ysraýyl halky bilen, Ýahuda halky bilen täze äht baglaşjak günlerim gelýär. Reb şeýle diýýär. Bu olaryň atalaryny Müsür ýurdundan çykarjak bolup, ellerinden tutan günüm olar bilen baglan ähtim ýaly bolmaz. Çünki olar ähtime bagly bolup galmadylar, Men hem olary indemedim, Reb diýýär. Ol günlerden soň, Reb diýýär, Ysraýyl halky bilen baglajak ähtim ine, şu: Öz kanunlarymy olaryň aňyna berip, bulary ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar. Indi hiç kim öz goňşusyna, hiç kim öz doganyna: Rebbi tanaň diýip öwretmez. Çünki kiçisinden ulusyna çenli, olaryň bary Meni tanar. Olaryň nädogrulyklaryna rehimli bolaryn, günälerini hiç haçan ýada salmaryn». Hudaý «täze äht» diýmek bilen, ilkinjiniň könelendigini görkezýär. Wagty geçen, könelen zat bolsa ýogalmaga golaýdyr. Ilkinji ähtiň hem ybadat dessurlary, dünewi ybadathanasy bardy. Bir çadyr gurlupdy. Mukaddes Jaý diýilýän birinji bölümde şemdan, saçak, Hudaýa hödürlenip goýlan çörekler bolardy. Ikinji tutynyň aňyrsynda Iň Mukaddes Jaý diýilýän içki bölüm bardy. Altyn buhurdan, bütinleý gyzyl bilen gaplanan äht sandygy bu ýerdedi. Sandygyň içinde gyzyldan ýasalan manna gaby, Harunyň güllän hasasy, ýüzi ýazgyly daş sahypalar bardy. Sandygyň üstünde günäleriň ötülýän ýerine kölege salyp duran şöhrat kerubileri bolardy. Ýöne entek bulardan birin-birin gürrüň edip bilmeýäris. Şeýle gurluşda ruhanylar mydama çadyryň ilkinji bölümine girip, Hudaýa hyzmatlaryny berjaý edýär. Emma içki bölüme ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýär. Ol hem özi üçin, halkyň nadanlykdan eden ýazyklary üçin hödürlän gurbanynyň gany bolmasa, girip bilmez. Şeýlelikde, Mukaddes Ruh çadyryň ilkinji bölümi barka, mukaddes ýere gidýän ýoluň heniz belli däldigini görkezýär. Bu-da häzirki zaman üçin bir mysal bolup, hödürlenen sylaglar hem gurbanlaryň ybadat eden adamyň wyždanyny kämilleşdirmegi başarmanlygyny görkezýär. Bular diňe iýme, içme we dürli dini ýuwunmalara degişli bolup, täze düzgüniň başlangyjyna çenli goýlan beden baradaky dessurlardyr. Emma Mesih geljekki oňat işleriň baş ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen ýasalmadyk, ýagny bu ýaradylyşdan bolmadyk has uly, has kämil çadyrdan geçip, Mukaddes ýere girip, erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen bir gezekde ebedi gutulyşy gazandy. Çünki erkeçler bilen öküzleriň gany, hapalaryň tämizligi üçin göläniň olaryň üstüne sepilýän küli olary mukaddes edýän bolsa, onda Özüni ebedi Ruh arkaly Hudaýa müýnsüz hödürlän Mesihiň gany diri Hudaýa ybadat etmegimiz üçin biziň ynsabymyzy ölüm getirýän işlerden näçe artykmaç tämizlär! Şu sebäpli hem, Mesih birinji äht astynda edilen jenaýatlary bagyşlatjak bolup, gutulyş gazandyrýan gurban hökmünde öldi, çagyrylanlar ebedi mirasy alsynlar diýip, täze ähtiň töwellaçysy boldy. Çünki wesetnamanyň bar ýerinde weset edeniň ölenini subut etmek gerekdir. Çünki wesetnama diňe biri ölenden soň kanunydyr. Weset eden şindi dirikä, wesetnamanyň asla güýji bolmaz. Şu sebäpli birinji äht hem gansyz berkarar edilmedi. Musa Mukaddes Kanunyň her buýrugyny bütin halka bildirenden soň, gyp-gyzyl ýüňi, zufa otuny, suw bilen göleleriň hem-de erkeçleriň ganyny alyp, kitabyň, bütin halkyň üstüne sepip: «Bu Hudaýyň size buýran ähtiniň ganydyr» diýdi. Şeýle hem, çadyryň, ybadatda ulanylýan ähli gaplaryň üstüne-de gan sepdi. Mukaddes Kanun boýunça zatlaryň hemmesi diýen ýaly gan bilen tämizlenýär. Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz. Şeýlelikde, Gökde bolan zatlaryň nusgalaryny bu gurbanlar bilen, ýöne Gökdäki asyllaryny bulardan gowy gurbanlar bilen tämizlemek gerekdi. Çünki Mesih aslyň nusgasy bolup, ynsan eli bilen ýasalan mukaddes ýere däl-de, biziň üçin Hudaýyň öňünde görünjek bolup, asyl Göge girdi. Ol baş ruhanynyň ýylyň-ýylyna kesekiniň gany bilen Iň Mukaddes Jaýa girişiniň tersine, Özüni öwran-öwran hödürlemek üçin hem Göge girmedi. Beýle bolsa, Ol dünýäniň gurluşyndan bäri öwran-öwran ölmeli bolardy. Emma indi bir gezekde Özüni gurban etmek bilen, günäni aradan aýyrmak üçin döwürleriň ahyrynda göründi. Bir gezek ölüp hem ondan soň höküm edilmek ynsanlaryň ýazgydynda nähili bar bolsa, şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini götermek üçin, bir gezek gurban edildi. Emma ol ikinji gezek günäni götermek üçin däl-de, Özüne garaşýanlara gutulyş getirmek üçin görner. Mukaddes Kanun geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir. Şu sebäpli her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlar bilen Hudaýa ýakynlanlary hiç haçan kämillige ýetirip bilmez. Ýetirip bilsedi, onda gurban hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki ybadat edenlerde bir gezek günäden tämizlenenden soň, indi günä aňy galmazdy. Emma ol gurbanlar günäleriň barlygyny her ýyl ýada salýar. Çünki öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleriň aýrylmagy mümkin däldir. Munuň üçin Mesih dünýä gelýärkä diýýär: «Gurban, sowgat islemän, Maňa bir beden taýýarladyň. Ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary halamadyň. Şonda Men diýdim: Kanun kitabynda Men hakda ýazylyşy ýaly, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, Eý Hudaýym, ine, Men geldim». Ozal Kanuna görä hödürlenenler hakda «gurbanlary, sowgatlary, ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary islemediň, halamadyň» diýdi. Soňra-da «Eý Hudaý, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, ine, Men geldim» diýdi. Şeýdip, Mesih ikinjini berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar. Biz bu isleg boýunça Isa Mesihiň bedeniniň bir gezek hödürlenmegi bilen mukaddes edildik. Her bir ruhany bolsa günuzyn durup, gulluk edip, günäleri asla ýuwup bilmeýän şol bir gurbanlary öwran-öwran hödürleýär. Emma Mesih günäleriň deregine hemişelik üçin diňe bir gurban hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy. Şondan bäri hem duşmanlarynyň Öz aýaklarynyň astyna basgançak edilmegine garaşýar. Çünki mukaddes edilenleri diňe bir gurban bilen hemişelik kämillige ýetirdi. Mukaddes Ruh hem bu hakda bize güwä geçýär. Ilki: «Reb: Ol günlerden soň olar bilen baglajak ähtim budur diýýär: Kanunlarymy olaryň ýüregine goýup, bulary aňlaryna ýazaryn» diýýär. Onsoň: «Indi olaryň günälerini, kanunsyzlyklaryny ýada salmaryn» diýýär. Bularyň bagyşlanan ýerinde, indi günä üçin gurban bolmaz. Şoňa görä, eý doganlar, Isanyň gany bilen tutudan geçmäge, ýagny Öz bedeninden bize açan täze hem diri ýolundan mukaddes ýere girmäge bizde gaýrat bardyr. Hudaýyň öýüne jogapkär uly Ruhanymyz hem bardyr. Şoňa görä, ýüregimiz erbet ynsapdan tämizlenip, bedenlerimiz tämiz suw bilen ýuwlup, imanyň beren ynamy bilen çyn ýürekden Hudaýa ýakynlaşalyň. Umydymyzyň ykraryny berk saklalyň. Çünki wadany beren Hudaý ynamdardyr. Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň. Çünki hakykaty bilenimizden soň, bilgeşleýin günä etsek, günäler üçin indi gurban galman, diňe garaşylan hökümiň howpy, duşmanlary ýuwutjak gyzgyn ot galar. Musanyň kanunyny ret eden adam, iki ýa üç güwäniň sözi bilen rehimsiz ölýär. Hudaýyň Ogluny basalan, özüni mukaddes eden ähtiň ganyny mukaddes hasaplamadyk, merhemet Ruhuny ryswa eden adam mundan näçe agyr jeza sezewar bolar öýdýärsiňiz? Çünki biz, «Öç Meniňkidir, almytyny Men berjek», ýene-de «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar» Diýeni tanaýarys. Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir! Siz bolsa ýagtylyga çykanyňyzdan soň, görgüler bilen uly göreşe döz gelen ilki günleriňizi ýada salyň. Siz bir tarapdan aç-açan sütemler hem muşakgatlara sezewar edildiňiz, bir tarapdan hem şeýle ýagdaýlara uçranlara ýoldaş bolduňyz. Çünki siz hem tussaglykda çeken dertlerime şärik bolduňyz, hem-de özüňiziň oňat, durumly malyňyzyň barlygyny bilip, mallaryňyzyň talanmagyny begenç bilen unadyňyz. Şeýlelikde, gaýratyňyzy elden bermäň, onuň sylagy uludyr. Çünki Hudaýyň islegini berjaý edeňizden soň wada gowşar ýaly, sabyr size gereklidir. Çünki az salymdan soň: «Geljek geler, gijä galmaz. Meniň dogry adamym iman bilen ýaşar. Eger-de yza çekilse, Men ony halamaryn». Biz yza çekilip, heläklenýänlerden däl-de, iman edip gutulýanlardandyrys. Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr. Atalarymyz Hudaýyň berekellasyny şunuň bilen gazandylar. Biz älemiň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris. Habylyň Hudaýa Kabylyňkydan gowy gurban hödürlemegi iman arkaly boldy. Ol iman bilen dogry adam bolup, Hudaýyň berekellasyny gazandy. Çünki Hudaý onuň hödürlän sylaglaryny kabul etdi. Şeýlelikde, Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzir-de gepleýär. Hanok ölümi görmez ýaly, iman arkaly ýokary alyndy, hiç kim ony tapyp bilmedi. Çünki Hudaý ony ýokary alypdy. Ýokary alynmazyndan ozal, onuň Hudaý tarapyndan halanýanlygyna güwä geçildi. Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir. Iman arkaly Nuh entek görülmedik wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Hudaýdan gorkup, içersiniň gutulmagy üçin bir gämi ýasady. Şonuň bilen dünýä höküm etdi, imana daýanan dogrulygyň mirasdary boldy. Ybraýym iman arkaly miras alan ýurduna gitmäge çagyrylanda, bu söze gulak asyp, nirä barýanyny bilmän ýola düşdi. Ol iman arkaly bir ýat adam hökmünde wada edilen ýurtda ornaşdy. Şol wada şärik mirasdarlar bolan Yshak we Ýakup bilen bile çadyrlarda ýaşady. Çünki ol ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy. Sara, ýaşy öten hem bolsa, göwreli bolmaga iman arkaly kuwwat tapdy, çünki ol wada beren Hudaýy ynamdar saýdy. Şeýdip hem täk bir adamdan, özem öli ýaly birinden köplükde Gökdäki ýyldyzlar ýaly, deňiz kenaryndaky çägeler ýaly sansyz-sajaksyz zürýat öndi. Bu adamlaryň bary ölýänçä imandan dänmedi. Wada edilenlere gowuşman, olary uzakdan görüp, hoş garşylap, özleriniň ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun aldylar. Beýle gepleýänler özleriniň bir watan agtarýandygyny açyk görkezýärler. Aslynda olar çykyp gaýdan ýurtlaryny ýatlaýan bolsalar, onda yzlaryna dönmäge pursatlary bolardy. Emma olar has gowusyny, ýagny asmandaky watany arzuwlaýardylar. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Çünki olar üçin bir şäher taýýarlady. Ybraýym synalanda, iman arkaly Yshagy gurban hökmünde hödürledi. Wadalary alan, hakynda «seniň nesliň Yshak bilen dowam eder» diýlen şol ýalňyz ogluny hödürledi. Ybraýym Hudaýyň ölüleri hem direltmegi başarjagyna pikir etdi, şoňa görä hem alamat şekilinde Yshagy ölümden alyp galdy. Iman arkaly Yshak hem geljek zatlar hakda Ýakup we Ysuwa ak pata berdi. Ýakup ölüp barýarka Ýusubyň ogullarynyň ikisine-de iman arkaly ak pata berdi, hasasynyň başyna söýenip, Hudaýa sežde etdi. Ýusup hem ölüp barýarka, Ysraýyl ogullarynyň Müsürden çykjagyny iman arkaly agzap, öz süňkleri hakda buýruk berdi. Musa doglanda, ene-atasy ony iman arkaly üç aýlap gizlin sakladylar, olar oglanyň görmegeýdigini görüp, patyşanyň permanyndan gorkmadylar. Musa ulalanda, Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy. Ol az salym günäniň sapasyny sürmekden, Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi. Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy. Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy. Patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Görünmezi göreni üçin berk durdy. Ilkinji doglanlary öldürýän perişdäniň ysraýyllylara el degirmezligi üçin, Musa iman arkaly Pesah gurbanynyň öldürilmegini, gapylara gan sepilmegini buýurdy. Ysraýyllylar iman arkaly Gyzyl deňizden gurak ýerden geçýän ýaly geçdiler. Müsürliler hem muňa synanyşyp gark boldular. Ysraýyllylar ýedi günläp Erihanyň daşyndan aýlananlaryndan soň, imanlary arkaly diwarlar ýykyldy. Rahaw kemçin içalylary imany arkaly dostlukly garşylany üçin, iman getirmedikler bilen bile heläk bolmady. Başga näme aýdaýyn? Çünki Gideon, Barak, Şimşon, Ýeftah, Dawut, Samuýel we pygamberler hakdakylary aýtmaga wagtym ýeterlik däl. Olar iman arkaly ençeme patyşalygy ýeňdiler, adalaty emele getirdiler, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar. Oduň güýjüni söndürdiler, gylyjyň ýitiliginden gaçyp gutuldylar, ejizlikden güýç aldylar, söweşde kuwwatlanyp, ýat goşunlary derbi-dagyn etdiler. Aýallar direlen ölülerini yzyna aldylar. Beýlekiler bolsa has oňat direlişe ýetjek bolup, boşadylmagy kabul etmän gynaldylar. Birtoparlary hem kemsitmelere, gamçylanmalara sezewar boldy, beýlekiler hem zynjyrlar bilen baglanyp tussag edildi. Olar daşlandylar, byçgylandylar, gynaldylar, gylyçdan geçirilip öldürildiler. Goýun derisini, geçi hamyny geýip sergezdançylyk çekdiler, mätäçlik, muşakgat, horluk gördüler. Dünýä olara laýyk däldi. Olar çöllerde, daglarda, gowaklarda, Ýeriň köweklerinde awara bolup gezdiler. Olaryň bary iman arkaly Hudaýyň berekellasyny gazanan hem bolsa, wada edilen zada gowuşmady. Çünki olar bizden aýry kämillige ýetmez ýaly, Hudaý biziň üçin bir has gowy zady taýýarlapdy. Ine, bizi gurşap alan şeýle uly güwäler buludynyň barlygyna görä, her hili ýüki, bizi aňsatlyk bilen bürän günäleri taşlap, öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgalyň. Gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol öňüne goýlan begenç ugrunda utanjy äsgermän, haçdaky ölüme döz gelip, Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy. Aryp, ruhdan düşmez ýaly, günäkärleriň beýle uly garşy durmalaryna çydan Isa hakda oýlanyň. Günä garşy söweşiňizde siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz. Ogullara: «Oglum, Rebbiň terbiýe berşini äsgermezlik etme, Ol saňa käýände ruhdan düşme!» diýip aýdylyşy ýaly, özüňize berlen bu öwüdi-de unutdyňyz. «Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, Ogullyga kabul edenini çalýandyr». Terbiýelenmek ugrunda kynçylyklara çydaýarsyňyz. Hudaý sizi Öz ogly kimin tutýar. Çünki haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär? Eger-de her kesiň alýan terbiýesi sizde ýok bolsa, onda siz ogul däl-de, nikasyz doglan oglanlarsyňyz. Mundan başga-da bize terbiýe beren dünewi atalarymyz bardy, biz olary syladyk. Şeýle bolsa, onda ruhlar Atasyna köpräk tabyn bolup ýaşamaly dälmi? Atalarymyz bizi öz oňlaýyşlaryna görä, az salymlyk terbiýelärdiler, ýöne Hudaý Öz mukaddesligine şärik bolmagymyz üçin, biziň haýrymyza terbiýe berýär. Her hili terbiýe berilmek öňürti şatlykly zat däl-de, gaýgyly zat bolup görünýändir. Ýöne bu soňra şeýle ýetişdirilenler üçin dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýändir. Şonuň üçin gowşak elleriňizi galdyryň, epilen dyzlaryňyzy ýazyň! Agsak aýak ýoldan çykman, şypa tapar ýaly, aýaklaryňyz üçin göni ýollar ýasaň. Hemmeler bilen parahatçylykda ýaşamak, mukaddes bolmak üçin tagalla ediň. Mukaddes bolman, hiç kim Rebbi görüp bilmez. Dykgat ediň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum galmasyn. Bir ajy kök gögerip, sizi ynjalyksyz etmesin, köp adamlar munuň bilen hapalanmasyn. Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir tabak aşa satan Ysuw ýaly Hudaýa hormatsyz bolmasyn. Siz bilýänsiňiz, ol soňra hem ak patany miras almak isledi, ýöne ret edildi. Ak pata almak üçin gözýaş dökse-de, Onuň kararyny üýtgedip bilmedi. Siz otlar içinde ýanýan, ýöne el degrip bolýan daga, garaňkylyga, tümlüge, harasada, çakylyk surnaýynyň owazyna, söz sözleýän sese golaýlaşan dälsiňiz. Ol sesi eşidenler özlerine ikilenç söz aýdylmasyn diýip ýalbardylar. Çünki daga bir haýwan hem galtaşsa, daşlansyn diýen buýruga çydap bilmediler. Görnüş şeýle gorkunçdy welin, Musa: «Men gaty gorkýaryn, sandyraýaryn» diýipdi. [22-24] Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan asmana degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňdäki on müňlerçe perişdä, atlary Gökde ýazylan nowbaharlaryň ýygnagyna golaýlaşdyňyz. Hemmäniň kazysy Hudaýa, kämillige ýeten dogry adamlaryň ruhlaryna, täze ähtiň töwellaçysy Isa, Habylyňkydan oňat gepleýän sepiliş ganyna golaýlaşdyňyz. *** *** Bulary aýdýany ret etmejek boluň. Çünki olar özlerine ýer ýüzünde duýduryş bereni ret edenlerinde, nähili gaçyp gutulyp bilmedik bolsa, Gökden duýduryş berenden ýüz döndersek, biziň gaçyp gutulmajagymyz has hem aýdyňdyr. Şol wagtlar Onuň sesi Ýeri titredipdi, ýöne Ol indi, «Ýene bir gezek diňe bir Ýeri däl, Gögi-de titrederin» diýip söz berdi. «Ýene bir gezek» diýen söz titremez zatlaryň galmagy üçin, titreýänleriň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljagyny aňladýar. Şeýlelik bilen, yranmaz patyşalyga gowşanlygymyz üçin şükür edeliň. Şeýdip, Hudaýyň halajak ýoly bilen, takwalyk hem gorky bilen Oňa gulluk edeliň. Çünki Hudaýymyz iýiji otdur. Dogan söýgüsi yzygiderli bolsun. Myhmansöýerligi unutmaň. Çünki myhmansöýerlik bilen, perişdedigini bilmän, käbir adamlar perişdeleri myhman aldylar. Tussagdakylary, özüňiz hem olar bilen bile tussagda ýaly ýada salyň. Horluk çekýänleri, özüňiz horlanýan ýaly ýada salyň. Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder. Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzak bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň. Çünki Hudaý: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýendir. Şoňa görä hem biz batyrlyk bilen şeýle diýýäris: «Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?» Hudaýyň sözüni özüňize aýdan ýolbaşçylaryňyzy ýatlaň. Olaryň ýaşaýşynyň hasylyna seredip, imanlaryndan görelde alyň. Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik hem üýtgewsizdir. Saýry, özge taglymatlara özüňizi süýretmäň. Çünki ýüregiň naharlar bilen däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen berkidilmegi oňatdyr. Nahara daýananlar hiç bir haýyr gören däldir. Biziň bir gurbanlyk edilýän ýerimiz bardyr, ýöne ybadat çadyryna hyzmat edýänleriň ondan iýmäge haky ýokdur. Baş ruhany haýwanlaryň ganyny günä üçin hödürlenen gurban hökmünde Iň Mukaddes Jaýa getirýär, ýöne olaryň maslygy düşelgeden daşarda ýakylýar. Şoňa görä, Isa hem halky Öz gany bilen mukaddes etjek bolup, şäher derwezesinden daşarda öldi. Şonuň üçin biz hem Onuň ugrunda sütemlere döz gelip, düşelgeden daşary Onuň ýanyna gideliň. Çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýok, biz geljekkini agtarýarys. Şu sebäpli Isa arkaly Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň. Ýagşylyk etmegi, baryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmagy unutmaň. Çünki Hudaý şu hili gurbanlary halaýandyr. Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de, ― munuň size haýry bolmaz ― eýsem, şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň. Biziň üçin doga ediň. Biz özümiziň sap ynsaply, her babatda oňat gezmegi isleýändigimizi bilýäris. Meniň siziň ýanyňyza tiz öwrülmegim üçin doga etmegiňizi aýratyn haýyş edýärin. Goýunlaryň uly Çopany bolan Rebbimiz Isany ebedi ähtiň gany bilen ölümden direlden parahatlyk Hudaýy, Öz halanyny Isa Mesih arkaly sizde amala aşyryp, Öz islegini ýerine ýetirmegiňiz üçin, sizi ähli oňat işde kämilleşdirsin. Mesihe ebedilik şöhrat bolsun! Doganlar, sizden haýyş edýärin, meniň bu öwüdimi kyn görmäň, çünki size diňe bir gysga hat ýazdym. Doganymyz Timoteosyň boşadylanyndan habaryňyz bolsun. Gelen badyna, men onuň bilen bile sizi görmäge bararyn. Ýolbaşçylaryňyzyň hemmesine, bütin mukaddeslere salam aýdyň. Italiýalylar size salam aýdýar. Hudaýyň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn. Hudaýyň hem-de Reb Isa Mesihiň guly bolan meniň tarapymdan, ýagny Ýakubyň tarapyndan dagynyk on iki taýpa dogaýy salam bolsun. Eý doganlar, dürli synaglara uçranyňyzda, muny uly begenç saýyň, çünki imanyňyzyň barlanmagynyň çydam döredýänligini bilýänsiňiz. Kämil hem doly bolup, hiç bir ýetmeziňiz bolmaz ýaly, çydam işiňi kämil etmelidir. Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler. Ol iman bilen dilesin, hiç hili şübhe etmesin, sebäbi şübhe edýän adam ýel bilen çaýkalyp, eýläk-beýläk kowlup ýören deňiz tolkuny ýalydyr. Çünki bu adam Rebden bir zat alaryn diýip pikir etmesin. Ol bütin ýollarynda durnuksyz ikigöwünli adamdyr. Pes dogan öz belentligi bilen, döwletli hem öz pesligi bilen magtansyn, çünki baýlyk otuň güli ýaly geçip gider. Sebäbi Gün jöwza bilen dogup, oty guradar, onuň güli dökülip, görki gaçar. Döwletli-de şeýdip öz ugruna solup geçer. Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, Rebbiň Özüni söýenlere wada eden ýaşaýyş täjini alar. Synalanda hiç kim: «Men Hudaý tarapyn synalýaryn» diýmesin, çünki Hudaý erbetlik bilen synalýan däldir. Onuň özi hem hiç kimi synaýan däldir. Ýöne her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr. Onsoň höwes bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr. Eý, söýgüli doganlarym, aldanmaň! Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändir. Onda ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesi bardyr. Onuň mahluklarynyň ilkinji miwesi bolmagymyz üçin, Ol bizi Öz islegine görä, hakykat sözi bilen ýaratdy. Eý, söýgüli doganlarym, şoňa görä, her adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda assa bolsun. Sebäbi adamyň gahary Hudaýyň talap edýän dogrulygyny emele getirmez. Şoňa görä hem her hili hapalygy, her hili ýamanlygyň galyndysyny taşlap, özüňizde ekilen, janyňyzy gutarmaklygy başarýan sözi ýumşaklyk bilen kabul ediň. Ýöne diňe özüni aldaýan diňleýji däl-de, sözi ýerine ýetiriji boluň. Çünki kim sözi diňläp, ony ýerine ýetirmese, ol öz tebigy keşbini aýnada synlaýan adama meňzeşdir: ol öz-özüni synlap gidýär-de, nähilidigini şobada unudýar. Emma kim kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seretse, huşsuz diňleýji bolman, işe amal ediji bolup, onda dursa, ol öz edenlerinde bagtly bolar. Kimdir biri özüni dindar saýyp, dilini saklaman, göwnüni aldaýan bolsa, onuň dindarlygy biderekdir. Ata Hudaýyň ýanynda sap, tegmiltsiz dindarlyk budur: ýetimleri, dul hatynlary muşakgatlarynda idemek, özüňi dünýäden çirksiz saklamak. Eý doganlar! Rebbimiz Isa Mesihiň ― şöhrat Rebbiniň imanyny ýüz görme bilen saklamaň. Sebäbi üýşen ýeriňize bir adam altyn ýüzük, nepis eşik bilen gelse, bir garyp hem kirli eşik bilen gelse, siz nepis eşik geýnen adama seredip: «Sen bu ýerde rahat otur», garyba bolsa: «Sen ol ýerde dur» ýa-da: «Bu ýerde aýak astymda otur» diýseňiz, Onda öz araňyzda parh goýmaýarsyňyzmy? Erbet pikirli höküm çykaryjylar bolmaýarsyňyzmy? Eý, söýgüli doganlarym, gulak asyň, Hudaý dünýä garyplaryny imana baý bolmaklyga, Özüni söýenlere wada eden Patyşalygynyň mirasdarlygyna saýlamadymy? Emma siz garyplary äsgermezlik etdiňiz. Baýlar size sütem etmeýärmi? Sizi diwanlar öňüne süýremeýärmi? Size dakylan ýagşy ada dil ýetirmeýärmi? Patyşalyk kanunyny «Goňşyňy özüň ýaly söý» diýen Ýazga görä çyndan ýerine ýetirseňiz, ýagşy edersiňiz. Eger-de ýüz görseňiz, günä edersiňiz, kanun sizi jenaýatçy hökmünde ýazgarar. Çünki kim tutuş kanuny berjaý edip-de, diňe bir zatda büdrese, ol hemmesinde ýazykly bolar. Çünki «Zyna etme» diýen «Adam öldürme» hem diýendir. Indi sen zyna etmän, ýöne adam öldürseň, onda kanuna garşy jenaýatçy bolarsyň. Üstlerinden azatlyk kanuny boýunça höküm çykaryljaklar ýaly şeýle sözläp, şeýle ediň. Çünki rehim etmedige höküm rehim etmez. Rehim höküme garşy magtanýandyr. Eý doganlar, biriniň amallary ýokka, imanym bar diýmeginiň näme peýdasy bar? Ony ol iman saklap bilermi? Bir erkek dogan ýa bir aýal dogan ýalaňaç, gündelik iýmite zarka, siziň biriňiz olara: «Asuda gidiň-de, ýylynyň, doýuň» diýse, ýöne bedene gerekli zatlary bermeseňiz, näme peýdasy bar? Şeýle, iman-da amallary ýok bolsa, öz-özünden ölüdir. Biri diýer: «Seniň imanyň bar, meniň amallarym bar. Sen imanyňy amalsyz maňa görkez, men-de saňa imanymy amallarym bilen görkezeýin». Sen Hudaýyň birligine ynanýarsyň; ýagşy edýärsiň; jynlar hem ynanýar, sandyraşýar. Eý, akylsyz adam, amalsyz imanyň ölüdigini bilmek isleýärsiňmi? Atamyz Ybraýym ogly Yshagy gurbanlyk edilýän ýerde bagyş edip, amallary bilen aklanmadymy? Ana, görýärsiň, iman onuň amallary bilen işledi, iman onuň amallary arkaly kämilleşdi. Şeýlelik bilen, «Ybraýym Hudaýa iman getirdi, bu oňa dogrulyk saýyldy» diýen Ýazgy-da ýerine ýetip, oňa Hudaýyň dosty diýildi. Ine, görýärsiňiz, adam diňe bir iman bilen däl, amallary bilen aklanýar. Kemçin Rahaw-da çaparlary myhman alyp, olary başga ýoldan iberip, amallary bilen aklanmadymy? Sebäbi bedeniň ruhsuz öli bolşy ýaly, iman hem amallar bolmasa ölüdir. Eý doganlar! Köpüňiz mugallym bolmaň, çünki biziň örän agyr höküm aljakdygymyzy bilýänsiňiz. Sebäbi hemmämiz köp büdreýäris. Kim gepinde büdremese, kämil adam bolup, bütin bedeni-de jylawlamagy başarar. Bize atlaryň boýun bolmagy üçin, agzyna agyzzyryk salyp, olaryň bütin göwresini dolandyrýarys. Ine, şeýle uly hem güýçli ýeller bilen kowulýan gämiler-de, bir iňňän kiçi rul bilen gämiçiniň islän ugruna öwrülýär. Dil hem bir kiçijik agza bolup, uly zatlar bilen öwünýändir. Kiçijik uçgun nähili uly jeňňeli tutaşdyryp goýberýär! Dil otdur, azgynçylyk dünýäsidir. Dil agzalarymyzyň arasynda tutuş bedeni kirledýändir, dowzahdan lowurdap, tebigatyň gidişini lowurdadýandyr. Çünki her bir tebigat, hem haýwanlaryňky, hem guşlaryňky, hem süýrenijileriňki, hem deňiz haýwanlarynyňky adamzat tebigaty arkaly eldeki edilendir we edilýändir. Dile bolsa adamlaryň hiç biri erk edip bilýän däldir. Ol durnuksyz erbetlikdir, öldüriji awudan doludyr. Biz onuň bilen Ata Hudaýa alkyş okaýarys, onuň bilen Hudaý keşbine görä ýaradylan adamlara-da gargaýarys. Alkyş, gargyş bir agyzdan çykýar. Eý doganlar, bu beýle bolmaly däldir. Çeşme ajy hem süýji suwy bir gözden çykarýarmy? Eý doganlar, injir agajy zeýtun ýa bir üzüm şahasy injir berip bilermi? Bir çeşme hem şor, hem süýji suw berip bilmez. Siziň araňyzda akyldar, düşünjeli kim? Ol öz amallaryny oňat ýaşama bilen akyldarlykdan gelen ýumşaklykda görkezsin. Eger-de ýüregiňizde ajy içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, onda magtanmaň, hakykata garşy ýalan sözlemäň. Bu ýokardan inen akyldarlyk däl-de, dünýä, tebigata, iblise degişli akyldarlykdyr. Çünki nirede içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, ol ýerde başbozarlyk, her hili erbet iş hem bardyr. Emma Gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym, diýenediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr. Parahatlyk döredýänler dogrulyk miwesini parahatlykda ekýändir. Araňyza uruşlar, dawalar nireden girýär? Agzalaryňyzda uruşýan höweslerden dälmi? Siz isleýärsiňiz, ýöne gazanmaýarsyňyz; öldürýärsiňiz, içigaralyk edýärsiňiz, ýöne hiç bir zada ýetip bilmeýärsiňiz; dawalaşýarsyňyz, uruşýarsyňyz; gazanmaýarsyňyz, çünki dilemeýärsiňiz. Dileýärsiňiz, ýöne hiç zat almaýarsyňyz, çünki höwesleriňize sarp etmek üçin erbet dileýärsiňiz. Eý zynahorlar, dünýä dostlugynyň Hudaýa duşmançylykdygyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir. Ýa-da: «Bizde mesgen tutan Ruh gabanjaňlyk bilen küýseýändir» diýen Ýazgy ýöne ýerden aýdýandyr öýdýärsiňizmi? Ol iňňän uly merhemet berýändir. Şonuň üçin hem: «Hudaý tekepbirlere garşy durýandyr, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir» diýýär. Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar. Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý günäkärler, eliňizi arassalaň, eý ikigöwünliler, ýüregiňizi saplaň. Gussa çekiň, ýas tutup aglaň; gülkiňiz ýasa, şatlygyňyz gaýga öwrülsin. Rebbiň huzurynda peseliň, Ol sizi beýgelder. Eý doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa doganyna höküm edýän bolsa, ol kanuny ýamanlaýandyr, Mukaddes Kanuna höküm edýändir. Sen kanuna höküm etseň, onda kanuny berjaý edýän däl, oňa höküm edýänsiň. Kanun çykaryjy, höküm ediji birdir, Ol gutarmagy hem heläk etmegi başarýandyr. Başga adamlara höküm eder ýaly, sen kim? Hany indi: «Bu gün ýa ertir pylan şähere gitjek, bir ýyly ol ýerde geçirjek, alyş-beriş etjek, pul gazanjak» diýýänler. Eý, ertirki günüň näme getirjegini bilmeýänler, ýaşaýşyňyz näme? Ol bir az wagt görnüp, ondan soň ýitirim bolýan bugdur. Munuň deregine: «Reb islese, ýaşarys, muny ýa ony ederis» diýmelisiňiz. Emma siz öz öwünjeňligiňiz bilen magtanýarsyňyz. Beýle magtanmalaryň bary erbetdir. Kim ýagşylyk etmegi bilip-de, etmeýän bolsa, ol günäkärdir. Eý döwletliler, başyňyza geljek kynçylyklar üçin aglaň, perýat ediň! Baýlygyňyz çüýräp, eşikleriňizi güýe iýendir. Altynyňyz, kümşüňiz poslandyr, olaryň posy size garşy güwä geçip, etiňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde hazyna ýygnadyňyz. Ine, ekinleriňizi oran işçilere bermän saklan hakyňyz gygyrýar, orakçylaryň perýatlary Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi. Siz ýer ýüzünde bolçulykda ýaşap, keýp çekdiňiz, damak çalynýan gün üçin ýüregiňizi semretdiňiz. Size garşy durmasa-da, dogry adamy höküm edip öldürdiňiz. Eý doganlar, Reb gelýänçä, sabyrly boluň. Ine, daýhan irki we soňky ýagşy alýança, ýeriň gymmatly hasyly üçin sabyrly garaşýar. Siz hem sabyrly boluň, ýüregiňizi berkidiň, çünki Rebbiň geler wagty golaýdyr. Eý doganlar, özüňiz höküm edilmez ýaly, biri-biriňizden şikaýat etmäň. Ine, höküm ediji gapynyň agzynda dur. Eý doganlar, görgüde hem sabyrda Rebbiň adyndan geplän pygamberleri görelde ediniň. Biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz, Rebbiň işiniň soňuny-da gördüňiz, çünki Reb köp şepagatly hem rehimdardyr. Eý doganlar, her zatdan öň, höküm astyna düşmez ýaly, Gökden, Ýerden ýa başga zatdan kasam içmäň; diňe «hawaňyz» hawa, «ýoguňyz» ýok bolsun. Araňyzda biri görgi görýärmi? Ol doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Mezmur okasyn. Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin. Iman dogasy syrkawa şypa berer; Reb ony dikelder. Eger ol günä eden bolsa bagyşlanar. Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanyňyzda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga ediň. Dogry adamyň yhlasly dogasy gaty güýçlüdir. Ylýas biziňki ýaly duýgulary bolan bir adamdy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, çyndan doga etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady. Ol ýene doga etdi ― Gök ýagyş berdi, Ýer öz miwesini getirdi. Eý doganlar, araňyzdan biri hakykatdan azaşsa, biri ony öwürse, onda ol muny bilsin: bir günäkäri ýalňyş ýolundan öwren bir jany ölümden gutaryp, köp günäleriň üstüni basyrar. Isa Mesihiň resuly Petrusdan Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitinýadaky ýaýran Ata Hudaýyň öňden bilşine görä, Ruhuň mukaddes etmegi bilen Oňa gulak asyň we Isa Mesihiň ganynyň sepilmegi üçin saýlanan garyplara salam! Size merhemet, parahatlyk eçilsin! Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler! Ol Öz uly rehimdarlygy bilen Isa Mesihiň ölülerden direlmegi arkaly diri umyda gowuşmak üçin, size Gökde saklanan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy almak üçin, biziň gaýtadan dogulmagymyzy üpjün etdi. Siz ahyrky wagtda aýan bolmaga taýýar duran gutulyş üçin, Hudaýyň güýji bilen iman arkaly goralýarsyňyz. Häzir gerek bolan dürli synaglar üçin gysga wagtlaýyn gaýgyly bolýan siz muňa begeniň. Çünki ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatly bolan imanyňyzyň synalmagy Isa Mesih görnende öwgä, şöhrata hem hormata öwrüler. Siz görmedik hem bolsaňyz, Ony söýýärsiňiz; häzir Ony görmeseňiz hem, Oňa iman getirip, imanyňyzyň netijesinde janlaryňyzyň gutulyşyna ýetip, aýdyp bolmaz, şöhratly begenç bilen şatlanýarsyňyz. Size bolan bu merhemeti welilik edip aýdan pygamberler bu gutulyş hakda gözleg, barlag geçirdiler. Olar özlerindäki Mesihiň Ruhy Mesihiň görgülerine we ondan soňky şöhratlara öňünden güwälik berende, haýsy ýa-da nähili wagty görkezýänini barladylar. Ine şonda, Gökden iberilen Mukaddes Ruh arkaly Hoş Habary wagyz edýänler tarapyndan häzir size yglan edilýän zatlar bilen özlerine däl-de, size hyzmat edýändikleri olara äşgär boldy. Bu zatlara perişdeleriň nazar salasy gelýär. Munuň üçin pikiriňiziň bilini guşap, hüşgär bolup, Isa Mesihiň görünmegi bilen özüňize getiriljek merhemete baş-bitin umyt baglaň. Diýen ediji çagalar ýaly nadanlygyňyzdaky ozalky höwesleriňize uýman, eýsem, sizi çagyranyň mukaddes bolşy ýaly, ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň. Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýip ýazylgydyr. Ýüz görmän, her kimiň üstünden öz etmişine görä höküm çykarýany «Ata» diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki mysapyrlyk çagyňyzy gorky bilen geçiriň. Ata-babadan galan biderek ýaşaýşyňyzdan altyn ýa kümüş ýaly pany zatlar bilen däl-de, eýsem, müýnsüz, tegmiltsiz guzy ýaly, Mesihiň gymmatly gany bilen satyn alnandygyňyzy biliň. Ol dünýä gurulmazyndan öň bellense-de, siziň üçin zamanlaryň ahyrynda aýan boldy. Siz Ony ölümden direldip, Oňa şöhrat beren Hudaýa Ol arkaly iman edýärsiňiz, şeýle, iman hem umydyňyz Hudaýa baglydyr. Ruh arkaly hakykata boýun bolmak bilen, janlaryňyzy hilesiz dogan söýgüsi üçin tämizläniňizden soň, birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň. Sebäbi, siz pany tohumdan däl-de, Hudaýyň diri, müdimi galýan sözi arkaly pany bolmadykdan gaýtadan doglansyňyz. Çünki: «Bütin adamzat ot ýaly we ynsanyň bütin şöhraty otuň güli ýalydyr. Ot gurar, güli hem döküler. Emma Rebbiň sözi ebedi galar». Size wagyz edilen söz budur. Şeýlelikde, ähli erbetligi, ähli aldawy, ikiýüzlüligi, içigaralygy, her hili gep-gybaty goýup, gutulyş üçin ol arkaly öser ýaly, ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsäň. Sebäbi, siz Rebbiň mährini dadansyňyz. Oňa, ynsanlar tarapyndan taşlanan, Hudaýyň ýanynda bolsa saýlanan, gymmatly diri Daşa ýakynlap, siz-de Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlaryny hödürlemek üçin, diri daşlar kimin ruhy öý, mukaddes ruhanylyk hökmünde bina edilýärsiňiz. Çünki Mukaddes Ýazgyda: «Ine, Sionda saýlantgy, gymmatly burç daşyny goýýaryn, Oňa iman eden asla utandyrylmaz» diýilýär. Bu gymmat zat siz ― iman edenler üçindir, ýöne iman etmedikler üçin «Ussalaryň taşlan daşy burç daşy», «Büdreme daşy, taýma gaýasy boldy». Olar söze boýun bolman büdreýärler; olar munuň üçin hem niýetlenendir. Emma siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz; rehime gowuşmandyňyz, ýöne şindi gowuşdyňyz. Eý söýgüliler, sizden haýyş edýärin, jana garşy söweş edýän günäli höweslerden garyplar, mysapyrlar hökmünde gaça duruň. Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň. Baş häkim bolany üçin patyşa bolsun, ýa onuň bet iş edýänleri jezalandyrmaga, ýagşylyk edýänleri öwmäge iberen häkimleri bolsun, Rebbiň hatyrasyna, bütin adamzat düzgünine tabyn boluň. Çünki Hudaýyň islegi siziň ýagşylyk edip, pähimsiz adamlaryň nadanlygyny bes etdirmegiňizdir. Azatlar ýaly, öz azatlygyny erbetlige örtgi edinenler ýaly däl-de, Hudaýyň bendeleri ýaly geziň. Hemmeleri sylaň, doganlary söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň. Eý hyzmatçylar! Diňe bir ýagşy we mylaýym baýarlaryňyza däl, eýsem, hyrsyzlara-da bütin gorky bilen boýun boluň. Çünki kim nähak görgi görüp, Hudaýyň öňündäki wyždanyndan ötri azaplara döz gelýän bolsa, bu sogapdyr. Çünki günä edip-de, ýenjileniňiz-de çydaýan bolsaňyz, bu size nähili abraý bolar? Emma ýagşylyk edip, görgi görüp, çydam etseňiz, bu Hudaýyň ýanynda sogapdyr. Çünki siz şeýle bolmaga çagyryldyňyz, sebäbi Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy. Ol günä etmedi, agzyndan hileli söz çykmady. Sögülende sögmän, görgi görende gorky salman, Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy. Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz. Siz goýunlar kimin azaşypdyňyz, ýöne şindi janlaryňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine tarap yza öwrüldiňiz. Eý hatynlar, siz-de şonuň ýaly öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn. Bezegiňiz saç örmek, altynlar dakynmak ýa esbaplar geýmek bilen, daşky görnüş däl-de, Hudaýyň ýanynda has gymmatly bolan ýumşak, ýuwaş ruhuň bozulmaz bezegi, ýüregiň gizlin ynsany bolsun. Çünki bir wagtlar Hudaýa umyt baglan mukaddes hatynlar-da, öz ärlerine tabyn bolup, özlerini şeýle bezeýärdiler. Mysal üçin, Sara Ybraýyma: «Baýar» diýip boýun boldy. Siz hem hiç bir howpdan gorkman, ýagşylyk etseňiz, onuň perzentleri bolarsyňyz. Eý ärler, aýallaryňyzyň özüňizden ejizdigini biliň, olary sylaň. Olar hem siz ýaly Hudaýdan ýaşaýyş sylagyny alýarlar. Dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin şeýle ediň. Mahlasy, baryňyz pikirdeş, dertdeş, dogansöýer, rehimdar, kiçigöwünli boluň. Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, haýyrdoga ediň; çünki siz bereketiň mirasçysy bolmak üçin muňa çagyrylansyňyz. Çünki: «Kimiň ýaşaýşy söýüp, ýagşy günler göresi gelýän bolsa, dilini ýamanlykdan, dodaklaryny hileli gepden saklasyn. Ýamanlykdan ýüz döndersin, ýagşylyk etsin, parahatlygy agtaryp, şonuň ugrunda gezsin. Çünki Rebbiň gözleri dogrulara tarap, gulagy olaryň ýalbaryşlaryna gerlendir. Rebbiň ýüzi ýaman iş edýänlere garşydyr». Ýagşylyk etmek üçin gaýrat etseňiz, size kim ýamanlyk etjek? Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, aljyramaň. Ýöne ýüregiňizde Reb Hudaýy mukaddes ediň. Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň. Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň. Mesihdäki ýagşy ýaşaýşyňyzy ýamanlaýanlar erbet iş edýänler hökmünde size garşy geplänlerinde utandyrylar ýaly, ynsabyňyz päk bolsun. Sebäbi Hudaýyň islegi şeýle bolsa, onda ýagşylyk edip görgi görmek ýamanlyk edip görgi görmekden gowudyr. Çünki bizi Hudaýyň ýanyna eltmek üçin, ten boýunça öldürilip, ruh boýunça direlmek bilen, dogry bolan Mesih-de dogry däller ugrunda günäler üçin bir gezek öldi. Ol Ruh bilen hem gidip, tussagdaky ruhlara wagyz etdi. Olar bir wagtlar, Nuhuň günlerinde gämi ýasalyp ýörkä, Hudaýyň sabyrly garaşýan wagty pitneçi bolupdylar. Ol gämide bolsa az, ýagny sekiz adam suw bilen gutuldy. Bu wakanyň nusgasyna görä, bedeniň kiriniň ýuwulmasy däl, eýsem, Hudaýyň huzuryna päk ynsap talaby bolan çokunmaklyk hem indi sizi Isa Mesihiň direlmegi arkaly gutarýar. Ol Göge çykdy, Hudaýyň sagynda, perişdeler, hökümdarlar we gudratlar Oňa tabyn. Mesihiň biziň hatyramyza tende görgi görşi ýaly, siz hem şol pikir bilen ýaraglanyň, çünki kim tende görgi görýän bolsa, ol tende galan wagtyny adam höwesine görä däl-de, Hudaý islegine görä ýaşamak üçin günäden el çekendir. Çünki ahlaksyzlykda, erbet höweslerde, serhoşlukda, aýşy-eşretde, içgi meýlislerinde we ýigrenji butparazlykda gezip, geçen wagtda milletleriň halaýan zatlaryny ýerine ýetireniňiz size ýeterlikdir. Olar özleri bilen birlikde şol çendenaşa ahlaksyzlygyň yzynda däldigiňizi geň görüp, size sögýärler. Olar dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarmaga taýýar duran Hudaýa hasabat bererler. Çünki tende ynsanlara görä üstlerinden höküm çykarylmagy, ýöne ruhda Hudaýa görä ýaşamaklary üçin, Hoş Habar ölülere-de yglan edildi. Ähli zatlaryň soňy ýakynlady. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen doga ediň. Her zatdan öň birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun, sebäbi, söýgi köp günäleri basyrýandyr. Birek-birege hüňürdisiz myhmansöýer boluň. Hudaýyň dürli merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin. Biri geplese, Hudaýyň sözlerini aýdyp geplesin; biri hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Şeýdip, Isa Mesih arkaly Hudaý hemme zatda şöhratlansyn. Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňkydyr. Omyn. Eý, söýgüli doganlar, sizi synamak üçin araňyzda ýüze çykýan ot azaryny, geň zada sataşan ýaly, geň görmän, eýsem, Mesihiň şöhraty görnende, uly begenç bilen şatlanar ýaly, Onuň görgülerine şärikdeş bolan derejede şatlanyň. Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, çünki Hudaýyň şöhratly Ruhy siziň üstüňizde bolýandyr. Olar Oňa dil ýetirýär, siz bolsa Ony şöhratlandyrýarsyňyz. Ýöne sizden hiç kim ganhor ýa ogry, jenaýatçy ýa şugul bolup görgi görmesin. Kim mesihi bolup görgi görýän bolsa utanmasyn. Ol bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn. Çünki hökümiň Hudaýyň içersinden başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna boýun bolmaýanlaryň soňy näme bolar? Dogry adam zordan gutulýan bolsa, Onda hudaýsyza, günäkäre näme bolar? Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen görgi görýänler hem ýagşylyk edip, janlaryny dogruçyl Ýaradana tabşyrmalydyr. Özleri ýaly ýaşuly, Mesihiň görgüleriniň güwäsi, görünjek şöhratyň şärigi bolan men araňyzdaky ýaşululardan şulary haýyş edýärin: araňyzdaky Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl-de, isleg bilen, özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly däl-de, sürä görelde bolup, Hudaýyň isleýän ýolunda otladyň. Şeýlelikde, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz. Siz ýaşlar hem, şonuň ýaly, ýaşululara tabyn boluň. Baryňyz biri-biriňize garşy kiçigöwünliligi geýniň, çünki Hudaý tekepbirlere garşy gidýändir, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir. Hudaý sizi öz wagtynda beýgelder ýaly, Onuň güýçli elleri astynda pälleriňizi pes tutuň. Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr. Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir. Dünýädäki doganlaryňyza -da şeýle görgüleriň sataşýanyny bilýäniňiz üçin, oňa garşy imanda berk duruň. Mesihde Öz ebedi şöhratyna çagyran bütin merhemetler Hudaýy az wagtlaýyn görgi göreniňizden soň, sizi kämilleşdirer, berkider, güýçlendirer we gurar. Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun. Omyn. Meniň pikirimçe sadyk dogan bolan Silwanusyň üsti bilen size az ýazdym, sizi ündäp, siziň içinde duranyňyzyň Hudaýyň hakyky merhemetidigine güwä geçdim. Babylda siziň bilen bilelikde saýlanan ýygnak we oglum Markus size salam aýdýar. Biri-biriňize söýgi ogşugy bilen salam aýdyň. Mesihde bolan siziň baryňyza parahatlyk bolsun! Omyn. Isa Mesihiň guly, resuly Simun Petrusdan Hudaýymyzyň, halasgär Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziňki bilen bahadaş imana gowşanlara salam! Hudaýy, Rebbimiz Isany tanamakda size merhemet, parahatlyk eçilsin! Onuň Hudaýlyk güýji özümizi şöhrat hem artyklyk bilen çagyran Hudaýy tanamagymyz arkaly ýaşaýşa, takwalyga degişli ähli zady bize bagyş etdi. Şular arkaly bize juda gymmatly, uly wadalar berdi. Şeýle, siziň ýaman höwesler sebäpli dünýäde bolan bozuklykdan gaçyp, şular arkaly Hudaýlyk tebigata şärik bolmagyňyz göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin bütin gaýraty sarp edip, imanyňyzda artyklygy, artyklykda bilimi, bilimde nebsiňize buýurmagy, nebsiňize buýurmakda sabry, sabyrda takwalygy, takwalykda dogan söýgüsini, dogan söýgüsinde hem Hudaýyň söýgüsini köpeldiň. Şu zatlar sizde bar bolsa, köpelse, sizi Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem miwesiz goýmaz. Kimde bu zatlar ýok bolsa, ol kördür, uzagy görýän däldir, öňki günälerinden tämizlenendigini unudandyr. Şonuň üçin, eý doganlar, çagyrylmagyňyzy, saýlanmagyňyzy berkitmek üçin, köpräk gaýrat ediň. Şeýle etseňiz, asla büdremersiňiz. Şeýlelik bilen, Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girme size boldan berler. Şonuň üçin bu zatlary bilip, özüňizdäki hakykata nähili berkidilen hem bolsaňyz, men bulary size ýatladyp durmagy asla bes etmerin. Men bu çadyrdan gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak arkaly, sizi oýarmagy dogry bilýärin. Çünki Rebbimiz Isa Mesihiň-de maňa bildirişi ýaly, basym çadyrymyň çözülmelidigini bilýärin. Göçenimden soň-da, hemişe şu zatlary ýada salyp bilmegiňiz üçin şindi gaýrat edýärin. Çünki size Rebbimiz Isa Mesihiň güýjüni, gelenini aýdanymyzda, ýasama ertekilere eýermedik, biz Onuň uly şöhratyny öz gözümiz bilen gördük. Çünki, iň şöhratly Hudaýdan Oňa: «Meniň Söýgüli Oglum Budur, Ondan razydyryn» diýen ses gelende, Ol Ata Hudaýdan hormat, şöhrat aldy. Biz Onuň bilen mukaddes dagdakak, bu sesiň Gökden gelenini eşitdik. Şeýle, pygamberlik sözi biziň üçin has berkedi. Gün agaryp, daň ýyldyzy ýüregiňizde dogýança, garaňky ýerde nur saçýan çyra ýaly bu söze üns berseňiz, ýagşy edersiňiz. Ozaly bilen, Mukaddes Ýazgynyň pygamberlik sözleriniň hiç biriniň öz-özüňden many çykarma däldigini bilmelisiňiz. Çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir. Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler. Halk arasynda ýalan pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da ýalan mugallymlar bolar. Olar heläkleýji, bozuk taglymatlar girizmek bilen, özlerini satyn alan Baýary-da inkär edip, öz başlaryna tiz bela getirerler. Köp adamlar olaryň azgynçylygyna eýerer, olar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler. Açgözlülikden ýaňa ýalan sözler bilen sizi ezerler. Olar üçin ozaldan bar bolan höküm gijikmez, olaryň heläkçiligi irkilmez. Çünki Hudaý günä eden perişdelere rehim etmän, höküm üçin saklansynlar diýip, olary dowzaha taşlap, tümlük zynjyrlaryna tabşyran bolsa, gadym dünýä rehim etmän, hudaýsyzlar dünýäsiniň başyna tupan turzanda, dogrulyk wagyzçysy Nuhy beýleki ýedi adam bilen saklan bolsa, Sodom we Gomorra şäherlerini kül edip, üstlerinden weýrançylyk hökümini çykarmak bilen, olary hudaýsyz ýaşajaklara nusga eden bolsa, azgynlaryň ahlaksyzlyk içindäki ýaşaýyşyndan jebir çeken, ýöne dogry bolan Luty gutaran bolsa (olaryň arasynda ýaşan bu dogry adam olaryň nähak işlerini görmek, eşitmek bilen, öz dogry janyna günsaýyn jebir ederdi), [9-10] hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini, dogry dälleri, aýratyn-da, ten isleglerine kowalaşyp, häkimiýeti äsgermeýänleri höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny Reb bilýär. Bular ― batyrsyraýanlar, tekepbirler Gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar. *** Perişdeler güýç we gudratda uly hem bolsalar, bulary garalamak üçin Rebbiň huzuryna höküm getirmeýär. Bular bolsa tutulmak, heläk edilmek üçin doglan pähimsiz ýabany haýwanlar ýaly, bilmeýän zatlaryna dil ýetirip, öz heläkçiliklerinde heläk bolarlar. Eden ýamanlyklarynyň almytyny alarlar. Tegmilt we biabraý bolan bular gündiz aýşy-eşret sürmegi şatlyk saýýandyr, siziň bilen iýip-içýän wagtlary öz hileleri bilen keýp çekýändir. Olaryň zynadan doly, günäden gaýtmaz gözleri bolup, durnuksyz janlary duzaklaýandyrlar; ýürekleri açgözlülige öwrenişen gargyş siňen perzentlerdir. Olar Beor ogly Balamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip, azaşdylar. Balam hem adalatsyzlyk hakyny söýerdi. Ýöne ol öz tagsyrlary üçin käýinç gördi, bir dilsiz-agyzsyz eşek adam sesinde gürläp, pygamberiň däliligini bökdedi. Olar suwsuz çeşme, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; garaňky tümlük olar üçin saklanýar. Çünki hatada gezýänlerden zordan gaçanlary gopbamsy, boş sözler aýdyp, ahlaksyzlyklar bilen beden höweslerinde duzaklaýarlar. Olara azatlygy wada edýärler, özleri bolsa bozuklygyň gullarydyr. Sebäbi adam birinden ýeňilse, oňa gul kimin tabyndyr. Çünki olar Reb hem halasgär Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçansoňlar, ýene-de bulara garyşyp, ýeňlen bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňküden erbetdir. Çünki olar üçin dogrulyk ýoluny bilmezlik, ony bilip-de, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrukdan ýüz döndermekden gowy bolardy. Olaryň başyna bu hakyky nakylda aýdylanlar geldi: «It öz gusugyna gaýdyp geldi, ýuwnan doňuz batgada togalanmaga». Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. Bularyň ikisinde-de mukaddes pygamberleriň öňden aýdan sözlerini, Reb hem Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmak üçin, sap pikirleriňizi ýatlatma arkaly oýarýaryn. Ozaly bilen, biliň, ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen gelip: «Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» diýer. Çünki olar Gögüň Hudaýyň sözi arkaly gadymdan bäri bardygyndan, ýeriň suw arkaly suwdan döräninden bihabarsyran boldular. Ýöne ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi. Ýöne welin, häzirki Gök, Ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp, höküm gününe, hudaýsyz adamlaryň heläk boljak gününe çenli saklanýar. Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň ýanynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bir gün ýalydyr. Käbirleriniň gijikme hasap edişi ýaly, Reb Öz wadasyny ýerine ýetirmegi gijikdirýän däldir. Ol biziň üçin sabyr edýändir, çünki Ol hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýär. Emma Rebbiň güni bir ogry kimin geler. Şonda Gök uly güpürdi bilen geçer, elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar. Bularyň ählisi şeýle dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz. Şol gün zerarly Gök ot alyp dargar, elementler ýanyp erär. Biz Onuň wadasyna görä täze Göge, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer. Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygymyz üçin, Hudaýyň ýanynda parahatlykda tegmiltsiz, müýnsüz boljak bolup gaýrat ediň. Söýgüli doganymyz Pawlusyň hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size ýazyşy ýaly, Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň. Ol bu zatlardan gürrüň berende, bütin hatlarynda şeýle ýazýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirlerine düşünmek kyndyr, nadan hem durnuksyz adamlar bolsa beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýuşlary ýaly, bulary-da öz heläkçilikleri üçin ýoýýarlar. Indi, eý, söýgüli doganlar, azgynlaryň hatalaryna çekilip, berkligiňizde gowşamaz ýaly, bu zatlary öňünden biliň, özüňizi goraň. Rebbimiz hem halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde, biliminde ösüň. Şöhrat häzir we mydamalyk Onuňky bolsun! Omyn. Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris. Ýaşaýyş aýan boldy, biz ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris. Siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görenimizi, eşidenimizi size aýdýarys. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir. Şatlygyňyz kämil bolar ýaly, şulary size ýazýarys. Ondan eşiden we size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç hili garaňkylyk ýokdur. Biz Onuň bilen şärikçiligimiziň barlygyny aýdyp-da, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris. Onuň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen şärikçiligimiz bardyr, Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir. Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur. Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar. Günä eden däldiris diýsek, Ony ýalançy edýändiris, bizde Onuň sözi ýokdur. Eý balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardyr. Ol günälerimize, diňe bir biziňkä däl-de, eýsem, bütin dünýäniň günälerine hem bagyşlanma gazandyran gurbandyr. Onuň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, bu Ony tanaýandygymyzy bildirýändir. Kim «Ony tanaýaryn» diýip-de, buýruklaryny berjaý etmeýän bolsa, ýalançydyr, onda hakykat ýokdur. Ýöne kim Onuň sözüni berjaý edýän bolsa, dogrudan-da, onda Hudaýyň söýgüsi kämilleşendir. Ondadygymyzy şundan bilýäris. Ol nähili gezen bolsa, Onda galýanyny sözleýäniň özi-de şonuň ýaly gezmäge borçludyr. Eý, söýgüli doganlar, men bir täze buýruk däl-de, ozal-başda alan gadymky buýrugyňyzy ýazýaryn. Gadymky buýruk siziň ozal-başda eşiden sözüňizdir. Size ýene-de bir täze buýruk ýazýaryn. Ol sizde-de, Mesihde-de hakdyr, çünki garaňkylyk ötýändir, hakyky nur bolsa eýýäm ýalkym saçyp durandyr. Kim özüniň nurdadygyny sözläp-de, doganyny ýigrenýän bolsa, ol entek garaňkylykdadyr. Doganyny söýýän her kes nurda galýandyr, onda büdreme sebäbi ýokdur. Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol garaňkylykdadyr. Garaňkylykda gezip, ol nirä barýanyny bilýän däldir, çünki garaňkylyk onuň gözlerini kör edendir. Eý balalar, size ýazýaryn, çünki günäleriňiz Onuň hatyrasyna bagyşlandy. Eý atalar, size ýazýaryn, çünki siz ezelden bar Bolany tanaýarsyňyz. Eý ýaşlar, size ýazýaryn, çünki siz iblisi ýeňdiňiz. Eý balalar, size ýazdym, çünki siz Atany tanaýarsyňyz. Eý atalar, size ýazdym, çünki siz ezelden bar Bolany tanaýarsyňyz. Eý ýaşlar, size ýazdym, çünki siz güýçlüsiňiz, Hudaýyň sözi sizde galýar, siz iblisi ýeňdiňiz. Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. Çünki dünýäde bolan ähli zatlary: ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir. Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar. Eý balalar, bu soňky sagatdyr, Mesihe garşy göreşiji gelýär diýip eşidişiňiz ýaly, şu wagt hem ençeme Mesihe garşy göreşiji çykypdyr. Biz soňky sagatdygyny şundan bilýäris. Olar bizden çykdylar, ýöne bizden däldiler, çünki bizden bolan bolsalar, biziň aramyzda galardylar. Ýöne olaryň barynyň bizden däldigi aýan bolar ýaly çykdylar. Siz bolsa mukaddes Bolandan Mukaddes Ruhy alansyňyz, hemme zady bilýänsiňiz. Men size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de, eýsem, ony we hiç bir ýalanyň hakykatdan däldigini bilýändigiňiz üçin ýazdym. Isanyň Mesihdigini inkär edýän ýalançy däl bolsa, onda kim ýalançy? Atany, Ogly inkär edýän, ine, Mesihe garşy göreşijidir. Ogly inkär edýän adamda Ata hem ýokdur. Ogly ykrar edýän adamda Ata hem bardyr. Ozal-başdan eşideniňiz sizde galsyn. Ozal-başdan eşideniňiz sizde galsa, siz hem Ogulda, hem Atada galarsyňyz. Onuň bize beren wadasy ebedi ýaşaýyşdyr. Bu zatlary sizi azdyrýanlar barada ýazdym. Ýöne siziň Ondan alan Mukaddes Ruhuňyz sizde galýandyr, size biriniň öwretmeginiň geregi bolman, eýsem, Onuň şol Ruhy ähli zatlar hakda size nähili öwredýän bolsa, ol hem ýalan däl-de, hakykat bolsa, size öwredişi ýaly, Onda galarsyňyz. Indi, eý balalar, Ol aýan bolanda, gaýratly bolar ýaly, gelende, huzurynda utançsyz durar ýaly, Onda galyň. Onuň dogrudygyny bilýän bolsaňyz, dogrulygy berjaý edýän her kişiniň hem Ondan dogandygyny biliň. Biziň Hudaýyň balalary adyny almagymyz üçin, Ata bize, gör, nähili söýgi beripdir! Şonuň üçin-de dünýä bizi tanamaýar, çünki Ony tanamady. Eý, söýgüli doganlar, biz şindi Hudaýyň balalarydyrys. Biziň näme boljakdygymyz entek aýan bolanok. Ýöne Mesih aýan bolanda, Onuň ýaly boljakdygymyzy bilýäris, çünki Ony bolşy ýaly göreris. Oňa umyt baglan her kes Onuň sap bolşy ýaly, özüni saplar. Günä edýän kişi kanunsyzlyk hem edýändir, çünki günä kanunsyzlykdyr. Siz Onuň biziň günälerimizi Öz üstüne almak üçin aýan bolanyny bilýänsiňiz. Onda günä ýokdur. Onda galýan hiç kim günä etmez. Günä edýän kişi Ony ne görendir, ne-de tanandyr. Eý balalar! Hiç kime özüňizi azdyrtmaň! Kim dogrulygy ýerine ýetirýän bolsa, Onuň dogry bolşy ýaly dogrudyr. Günä edýän iblisdendir, çünki iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär. Muňa görä-de, Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin aýan boldy. Hudaýdan dogan adam günä etmez, çünki Hudaýyň tohumy onda galýandyr. Ol günä edip bilmez, çünki ol Hudaýdan doglandyr. Hudaýyň balalary bilen iblisiň balalary şundan bellidir: dogrulygy ýerine ýetirmeýän, doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir. Çünki siziň ozal-başdan eşiden habaryňyz şudur: biri-birimizi söýeliň. Iblisden bolan, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Ol ony näme üçin öldürdi? Çünki öz işleri erbet, doganynyňky dogrudy. Eý doganlar, dünýä sizi ýigrenýän bolsa, geňirgenmäň. Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa geçendigimizi bilýäris, sebäbi, biz doganlary söýýäris. Ýöne doganyny söýmeýän ölümde galýandyr. Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr, siz hiç bir ganhorda ebedi ýaşaýşyň galmaýanyny bilýänsiňiz. Biz söýgini Onuň Öz janyny biziň üçin pida edeninden tanadyk; biz-de doganlar üçin janymyzy pida etmäge borçludyrys. Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregiýukalyk etmeýän kişide Hudaýyň söýgüsi nähili galar? Eý balalar, diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýeliň. Hakykatdandygymyzy şeýle bilip, Onuň garşysynda ýüregimize ynjalyk bereliň. Çünki ýüregimiz bizi ýazgarýan bolsa-da, Hudaý ýüregimizden uludyr, hemme zady bilýändir. Eý, söýgüli doganlar, eger ýüregimiz bizi ýazgarmaýan bolsa, onda Hudaýyň huzurynda gaýratymyz bolar. Näme dilesek, Ondan alarys, çünki Onuň buýruklaryny berjaý edip, Onuň halanyny edýändiris. Onuň buýrugy bolsa Ogly Isa Mesihiň adyna iman etmegimiz, Onuň bize buýruşy ýaly, biri-birimizi söýmegimizdir. Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr. Onuň bizde galýanyny şundan, ýagny Onuň bize beren Ruhundan bilýäris. Eý, söýgüli doganlar, her bir ruha ynanmaň. Ruhlaryň Hudaýdandygyny bilmek üçin olary synap görüň, çünki dünýä köp ýalan pygamberler çykdy. Hudaýyň Ruhuny şundan tanarsyňyz: Isa Mesihiň ten bilen gelenini ykrar edýän her bir ruh Hudaýdandyr. Isa Mesihiň ten bilen gelenini ykrar etmedik her bir ruh Hudaýdan däldir. Bu Mesihe garşy göreşijiniň ruhudyr. Siz onuň gelýänini eşitdiňiz, ol şu wagt hem eýýäm dünýädedir. Eý balalar, siz Hudaýdansyňyz, ýalan pygamberleri ýeňensiňiz, çünki sizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr. Olar dünýädendir; şu sebäpden hem olar dünýäniň nukdaýnazaryndan gürleýär, dünýä olary diňleýär. Biz Hudaýdandyrys; kim Hudaýy tanaýan bolsa, bizi diňlär; kim Hudaýdan däl bolsa, bizi diňlemez. Biz hakykat ruhy bilen aldaw ruhuny şundan tanaýandyrys. Eý, söýgüli doganlar, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr, her kim söýýän bolsa, Hudaýdan dogandyr, Hudaýy tanaýandyr. Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanan däldir, çünki Hudaý söýgüdir. Bize Hudaýyň söýgüsi şeýle aýan boldy: biziň Ol arkaly ýaşamagymyz üçin, Hudaý Özüniň ýalňyz Ogluny dünýä iberdi. Biz Hudaýy däl, eýsem, Ol bizi söýüp, Öz Ogluny günälerimize bagyşlanma gazandyrýan gurban edip iberdi. Ine, söýgi şudur. Eý, söýgüli doganlar, Hudaý bizi şeýle söýen bolsa, onda biz-de biri-birimizi söýmäge borçludyrys. Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Biz biri-birimizi söýýän bolsak, onda Hudaý bizde galýandyr, Onuň söýgüsi bizde kämilleşendir. Biziň Onda, Onuň hem bizde galýanyny Onuň Öz Ruhundan bize bereninden bilýäris. Biz synladyk, Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberenine güwä geçýäris. Kim Isanyň Hudaýyň Ogludygyny ykrar edýän bolsa, Hudaý onda, ol hem Hudaýda galýandyr. Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr. Höküm gününde gaýratymyz bolar ýaly, söýgi bizde şeýle kämilleşendir, çünki Ol nähili bolsa, biz hem bu dünýäde şeýlediris. Söýgüde gorky ýokdur. Kämilleşen söýgi gorkyny kowup çykarýandyr, çünki gorkuda sütem bardyr. Kim gorkýan bolsa, ol söýgüde kämilleşen däldir. Biz Ony söýýäris, çünki öňinçä Ol bizi söýdi. Kim: «Hudaýy söýýärin» diýip-de, öz doganyny ýigrenýän bolsa, onda ol ýalançydyr. Çünki özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez. Bizde Onuň: «Hudaýy söýýän öz doganyny-da söýmelidir» diýen buýrugy bardyr. Isanyň Mesihdigine iman edýän kişi Hudaýdan doglandyr. Atany söýýän kişi Ondan dogany-da söýýändir. Hudaýyň balalaryny söýýändigimizi Hudaýy söýüp, Onuň buýruklaryny berjaý edişimizden bilýäris. Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir. Çünki Hudaýdan dogan kişi dünýäni ýeňýändir, dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr. Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanýan, dünýäni ýeňýän dälmi näme?! Suw, gan arkaly gelen Isa Mesihdir. Ol diňe bir suw arkaly däl-de, suw hem gan arkaly gelendir. Şeýle, Gökde güwälik berýän üçdür: Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bularyň üçüsi hem birdir. Güwälik berýän-de Ruhdur, çünki Ruh hakykatdyr. Şeýle güwälik berýän üçdür: Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsiniň hem güwäligi bir çykýar. Biz adamlaryň güwäligini kabul edýän bolsak, Hudaýyň güwäligi ondan uludyr, çünki bu Hudaýyň Öz Ogly hakynda beren güwäligidir. Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň güwäligi bardyr. Hudaýa iman etmeýän bolsa, Ony ýalançy edendir, çünki Hudaýyň Öz Ogly hakda beren güwäligine iman eden däldir. Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr. Kimde Ogul bar bolsa, onda ýaşaýyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur. Men muny size ― Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenlere ýazdym. Şeýle, siz Hudaýyň oglunyň adyna iman edenler ebedi ýaşaýşyňyzyň barlygyny biliň. Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider. Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris. Biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, doga etmelidir, Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän bir günä bardyr; men munuň üçin doga etsin diýmeýärin. Her bir ýamanlyk günädir, ýöne ölüme eltmeýän günä-de bardyr. Biz Hudaýdan dogan her bir kişiniň günä etmeýänini bilýäris. Hudaýdan dogan özüni saklaýandyr, iblis oňa el gatmaz. Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa iblisiň goly astyndadygyny bilýäris. Biz hak Hudaýy tanar ýaly, Hudaýyň Oglunyň gelip, bize pähim berenini bilýäris. Biz hak Bolanda, ýagny Onuň Ogly Isa Mesihdediris. Ol hak Hudaýdyr, ebedi ýaşaýyşdyr. Eý balalar, özüňizi butlardan goraň! Omyn. Hudaýyň saýlany, meniň hakykatda söýýän hanymyma, onuň çagalaryna ýaşuludan salam! Sizi diňe men däl, eýsem, hakykaty tanaýanlaryň hemmesi-de söýýändir. Çünki hakykat bizde galýar, ol baky biziň bilen galar. Ata Hudaýdan, Atanyň Ogly Reb Isa Mesihden hakykat, söýgüde merhemet, rehim we parahatlyk biziň bilen bolar. Men seniň oglanlaryň käbirleriniň Atadan alan buýrugyňyz boýunça hakykatda gezýänini görenime gaty şat boldum. Häzir, eý hanym, saňa bir täze buýruk däl-de, ozal-başdan bizde bolany ýazyp, senden birek-biregi söýmegi haýyş edýärin. Söýgi Hudaýyň buýrugyna görä gezmegimizden ybaratdyr. Onuň buýrugy ozal-başdan eşidişiňiz ýaly, söýgüde gezmegiňizdir. Sebäbi dünýä ençeme aldawçy geldi. Olar Isa Mesihiň bedende gelenini ykrar etmeýär. Beýle adam aldawçy, Mesihe garşy göreşijidir. Biz gazananlarymyzy ýitirmän, doly muzdy alar ýaly, özüňizden habardar boluň. Mesihiň taglymatyndan arany açan, onda galmaýan adamda Hudaý ýokdur. Kim taglymatda galýan bolsa, onda hem Ata, hem-de Ogul bardyr. Biri gelip-de, bu taglymaty getirmese, ony içeri salmaň, oňa salam bermäň. Çünki oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr. Size ýazmaly köp zatlarym bar, ýöne kagyz, syýa bilen ýazasym gelenok. Emma şatlygyňyz kämil bolar ýaly, ýanyňyza gelip, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. Saýlanan uýam oglanlary saňa salam aýdýar. Omyn. Meniň hakykatda söýýän söýgüli doganym Gaýusa ýaşuludan salam! Eý, söýgüli doganym, janyň üstünlikli bolşy ýaly, seniň hemme zatda üstünlik gazanyp, saglykda bolmagyň üçin doga edýärin. Çünki käbir doganlar gelip, seniň hakykatda gezişiň ýaly, hakykata baglydygyňa güwä geçenlerinde, men gaty şat boldum. Meniň oglanlarymyň hakykatda gezýändiklerini eşitmekden uly şatlygym ýok. Eý, söýgüli doganym, sen ýat hem bolsalar, doganlara edýän ähli zatlaryňda sadyksyň. Olar ýygnagyň huzurynda seniň söýgiň barada güwä geçdiler. Olary Hudaýa mynasyp tärde ýola salsaň, ýagşy edersiň. Çünki olar iman etmediklerden hiç bir zat alman, Isanyň adynyň hatyrasyna ýola çykdylar. Biz hakykat ugrunda işdeş bolar ýaly, şeýle adamlary kabul etmäge borçludyrys. Men ýygnaga ýazdym, ýöne olaryň arasynda başlyk bolmagy söýýän Diotrefis bizi kabul etmeýär. Munuň üstesine, ol doganlary-da kabul etmeýär, muny etjek bolýanlara hem päsgel berip, olary ýygnakdan kowýar. Şoňa görä-de, eger baraýsam, bize erbet sözler aýdyp, eden işlerini ýadyna salaryn. Eý, söýgüli doganym, erbede däl, ýagşa öýkün. Ýagşylyk edýän Hudaýdandyr, erbetlik edýän Hudaýy gören däldir. Dimitriosa hemmeler, hakykatyň özi güwä geçýär. Biz hem güwä geçýäris; güwäligimiziň hakdygyny bolsa sen bilýänsiň. Saňa ýazmaly köp zatlarym bar, ýöne syýa, galam bilen ýazasym gelenok. Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. Saňa parahatlyk bolsun! Dostlar saňa salam aýdýarlar. Ol ýerdäki dostlara atma-at salam ýetir. Omyn. Isa Mesihiň guly, Ýakubyň dogany Ýahudadan Ata Hudaý tarapyndan mukaddes edilip, Isa Mesihde saklanýan çagyrylanlara salam! Size rehim, parahatlyk, söýgi eçilsin! Eý, söýgüli doganlar, men size ortak gutulyşymyz hakda ýazmak üçin bütin gaýratymy sarp edip, mukaddeslere bir gezek tabşyrylan iman ugrunda göreşiň diýip ýazmaga, nesihat bermäge mejbur boldum. Çünki Hudaýymyzyň merhemetini ahlaksyzlyga öwren, ýalňyz Baýarymyz Hudaýy we Rebbimiz Isa Mesihi inkär edýän hudaýsyzlar, gadymdan şu höküm üçin bellenen käbir adamlar ogrynça araňyza sokuldylar. Ýöne muny ozal bilýän hem bolsaňyz, Rebbiň Müsür diýaryndan halky bir gezek gutarandan soň, ikinji gezek iman etmedikleri heläk edenligini size ýatladasym gelýär. Ol öz mertebelerini saklaman, mesgenlerini terk eden perişdeleri hem ebedi zynjyrlar bilen baglap, tümlük astynda magşar günüň hökümine saklady. Şeýle, Sodom, Gomorra we olaryň töweregindäki şäherler hem zynahorluga berlip, jyns azgynlygyna eýerip, ebedi ot jezasyny çekmek bilen göreldä goýuldy. Şonuň ýaly, bu düýş görüjiler hem teni nejisleýär, häkimiýeti äsgermeýär, şöhratly güýçlere sögýär. Baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekişip, jedelleşende oňa sögmän, bir höküm getirmäge-de ýürek etmän, diňe: «Saňa Reb käýesin!» diýdi. Emma bular bilmeýän zatlaryna sögýärler; pähimsiz haýwanlar ýaly tebigatyna görä düşünýän zatlary olary heläk edýär. Waý, olaryň halyna! Çünki olar Kabylyň ýoluny tutdular, muzd üçin özlerini Balamyň hatasyna tabşyrdylar, Korahyň topalaňynda heläk boldular. Bular siz bilen gorkusyz iýip-içip, diňe özlerini bakan mahallary siziň muhabbet zyýapatlaryňyza tegmilt bolýarlar. Ýel bilen kowlan suwsuz bulutlar, iki gezek ölen, kökünden goparylan miwesiz güýz agaçlary, öz biabraýçylygynyň köpügini saçýan ýowuz deňiz tolkunlary, sergezdan ýyldyzlardyrlar. Baky garaňky tümlük olar üçin saklanandyr. Adamdan soňra ýedinji bolan Hanok hem bular hakda welilik edip, şeýle diýipdir: «Hudaýsyzlyk bilen eden bütin hudaýsyz işleri zerarly, hudaýsyz günäkärleriň Oňa aýdan ähli paýyş sözleri zerarly, hemmeleriň üstünden höküm çykarmaga, bütin hudaýsyzlary höküm etmäge Reb, ine, müňlerçe mukaddesi bilen geldi». Bular hüňürdeýän, öz bijelerinden närazy, erbet höweslerinde gezýänlerdir. Olaryň agzy gopbamsy sözler aýdýandyr, nep üçin ikiýüzlülik edýändirler. Emma siz, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňünden aýdan sözlerini ýada salyň. Olar size: «Soňky wagtlarda öz hudaýsyzlyklarynyň höweslerine görä gezýän ýaňsylaýjylar bolar» diýip aýdardylar. Bular aýralyk salýan, Mukaddes Ruhdan mahrum tebigy adamlardyr. Eý, söýgüli doganlar, siz özüňizi iň mukaddes imanyňyzyň üstünde gurup, Mukaddes Ruhda doga edip, ebedi ýaşaýyş üçin Rebbimiz Isa Mesihiň rehimine garaşyň, özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň. Şübhe içinde bolan käbirlerine rehimdar boluň. Käbirlerini gorky bilen, otdan çekip gutaryň. Käbirlerine bolsa günäli ten bilen hapalanan lybasy-da ýigrenip, rehimdar boluň. Halasgärimiz ýalňyz Hudaý sizi büdremekden goramagy, şöhratynyň huzurynda uly şatlyk bilen tegmiltsiz duruzmagy başarýandyr. Şöhrat, ululyk, gudrat we häkimiýet Rebbimiz Isa Mesih arkaly ähli döwürlerden öň, häzir we ähli döwürleriň dowamynda Hudaýyňky bolsun! Omyn. Bu Hudaýyň, ýakyn wagtda bolmaly zatlary bendelerine görkezmek üçin Isa Mesihe beren ylhamydyr. Hudaý perişdesini iberip, muny guly Ýahýa aýan etdi. Ol hem gören zatlarynyň baryna, Hudaýyň sözüne, Isa Mesihiň şaýatlygyna güwälik edýär. Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr, çünki garaşylan wagt ýakyndyr! [4-6] Men Ýahýadan Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga salam! Häzir bar Bolan, geçmişde bar Bolan we Geljekden, Onuň tagtynyň öňündäki ýedi ruhdan, ölümden ilkinji direlen, bütin dünýä patyşalarynyň hökümdary, dogruçyl güwä Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun! Şöhrat hem gudrat bizi söýýän, Öz gany bilen günälerimizden azat eden, patyşalyga ýetirip, bizi Atasy Hudaýyň hyzmatynda ruhanylar eden Mesihiňki bolsun! Omyn. *** *** Ine, Ol bulutlar bilen gelýär. Her bir göz, Onuň bedenini deşenler hem Ony görer. Ýer ýüzüniň ähli halklary Onuň üçin ýas tutar. Hawa, omyn! Häzir bar bolan, geçmişde bar bolan, geljek we her zada güýji ýetýän Reb Hudaý diýýär: «Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin». Isa degişli biri hökmünde muşakgatda, sabyrda, patyşalykda şärikdeşiňiz bolan men, doganyňyz Ýahýa Hudaýyň Sözi, Isanyň güwäligi sebäpli Patmos diýen adadadym. Rebbiň gününde Ruhdakam ýeňsämden surnaýyňky ýaly gaty bir ses eşitdim. Ol ses: «Görýänleriňi kitaba ýaz-da, ýedi ýygnaga, ýagny Efese, Izmire, Bergama, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi. [12-13] Men özüm bilen gepleşýäni görjek bolup öwrüldim. Öwrülemde ýedi altyn şemdan, şemdanlaryň ortasynda bolsa egnindäki lybasy aýaklaryna ýetip duran, göwsüne gyzyldan guşak baglan ynsan ogluna meňzeş birini gördüm. *** Onuň başy, saçy ýüň ýaly ak, gar ýaly çuw akdy. Gözleri ot ýalny ýalydy. Aýaklary kürede gyzardylan parlak mise meňzeýärdi. Sesi uly suwuň şaggyldysy kimindi. Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy, ýüzi bar güýji bilen ýaldyrap duran Gün ýalydy. Men Ony gören badyma, öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Ol sag elini depäme goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji hem iň soňky Mendirin. Diri bolan Mendirin. Men ölüdim, ýöne, ine, ebedilik diridirin. Ölümiň hem ölüler diýarynyň açary Mendedir. Munuň üçin, gören zatlaryňy, şu wagt bolýan zatlary, mundan beýläk boljaklary ýaz. Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň, ýedi altyn şemdanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdeleri, ýedi şemdan hem ýedi ýygnakdyr». Efesdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: ýedi ýyldyzy sag elinde saklap duran, ýedi altyn şemdanyň arasynda gezýän şeýle diýýär: Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Köp zähmetler çekeniňi, sabyrlydygyňy, ýaman adamlara çydap bilmeýäniňi bilýärin. Sen, resul bolmasalar-da, özlerine resul diýýänleri synadyň, olaryň ýalançydygyna göz ýetirdiň. Seniň sabryň bar. Meniň adym ugrunda dert çekdiň, ýadamadyň. Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen başky söýgiňi taşladyň. Şonuň üçin, nirede ýykylanyňy ýada sal-da, toba et, ozalky edýän işleriňi ýerine ýetir. Toba etmeseň, ýanyňa gelip, şemdanyňy duran ýerinden gozgaryn. Ýene-de seniň peýdaňa bolan bir zat bar. Sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň, Men-de olary ýigrenýärin. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňene Hudaýyň jennetindäki ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýme ygtyýaryny bererin». Izmirdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: Ölen hem Direlen, Birinji hem Iň Soňky şeýle diýýär: Seniň muşakgatlaryňy, garyplygyňy bilýärin. Aslynda, sen baýsyň! Özlerine ýehudy diýýänleriň dil ýetirýäninden hem habarym bar. Olar ýehudy däl-de, şeýtanyň sinagogasydyr. Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, iblis sizi synamak üçin, käbiriňizi tussaga saldyrar, siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölýänçäň, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňen ikinji ölümden zyýan görmez». Bergamadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Iki ýüzli kesgir gylyçly şeýle diýýär: Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň hem tagty şol ýerdedir. Sen Meniň adymy berk saklaýarsyň. Araňyzda şeýtanyň ýaşaýan ýerinde öldürilen sadyk şaýadym Antipas barka-da, sen Maňa bolan imanyňdan dänmändiň. Ýöne sende oňlamaýan birnäçe zadym bar. Ol ýerde Balamyň taglymatyna eýerýänler bar. Buta hödürlenen gurbanlary iýmekleri, zyna etmekleri üçin, Ysraýyl ogullaryna duzak gurmagy Balaka Balam öwretdi. Şonuň ýaly-da araňyzda nikolaçylaryň taglymatyna eýerýänler hem bar. Munuň üçin toba et! Ýogsa tiz ýanyňa gelip, agzymyň gylyjy bilen olara garşy urşaryn. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin. Ýeňene gizlin mannadan bererin. Ýene-de oňa bir ak daş bererin. Bu daşyň ýüzünde täze at ýazylgydyr. Ony daşy alandan başga hiç kim bilýän däldir». Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Gözleri oduň ýalny ýaly, aýaklary gyzardylan parlak mise meňzeş Hudaýyň Ogly şeýle diýýär: Men seniň nämeler edeniňi bilýärin. Söýgiňi, imanyňy, hyzmatyňy, sabryňy, soňra edenleriň ozalky edenleriňden köpdügini bilýärin. Emma sende oňlamaýan bir zadym bar. Sen özüni pygamber diýip yglan eden Izebel atly aýala ýol berýärsiň. Bu aýal Meniň bendelerimi taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorluk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlardan iýdirjek bolýar. Men oňa toba etmäge wagt berdim, emma ol zynahorlukdan toba etmek islemeýär. Gör, ine, Men ony muşakgatdan doly düşekde ýatyraryn, onuň bilen zyna edenleri-de, öz eden işlerinden toba etmeseler, uly muşakgatlaryň içine taşlaryn. Onuň oglanlaryny mergi bilen öldürerin. Şonda bütin ýygnaklar ýürekleri hem göwünleri barlaýanyň Mendigimi biler. Men siziň her biriňize eden işleriňiziň hakyny bererin. Emma size, ýagny Tiýatiradaky beýlekilere, bu taglymata bagly dälleriň baryna, olaryň diýşi ýaly, „Şeýtanyň çuňluklaryny\ bilmeýänleriň baryna aýdýaryn: siziň üstüňize başga zat ýüklemeýärin. Ýöne Men gelýänçäm, özüňizdäkini saklaň. Özümiň Atamdan ygtyýar alşym ýaly, Men-de ýeňene, buýruklarymy soňuna çenli berjaý edene milletler üstünden ygtyýar bererin. Ol hem olary demir taýak bilen bakar, toýundan ýasalan gaplar kimin derbi-dagyn eder. Men oňa daň ýyldyzyny bererin. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin». Sardisdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: Hudaýyň ýedi ruhuna, ýedi ýyldyza eýe Bolan şeýle diýýär: Men seniň edenleriňi bilýärin. Saňa diri diýýärler, ýöne sen ölüsiň. Oýan! Galan we öljek zatlary güýçlendir. Çünki Men Hudaýyň öňünde işleriňi bitirmäniňi gördüm. Munuň üçin, alanyňy, eşideniňi ýada sal-da, berjaý et, toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly gelerin, Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimi-de bilmän galarsyň. Emma Sardisde seniň ýanyňda egin-eşiklerini kirletmedik birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen bile ak lybaslar geýip gezer, sebäbi muňa laýykdyrlar. Ýeňen ak egin-eşikler geýer. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň hem Onuň perişdeleriniň öňünde adyny ykrar ederin. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin». Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Mukaddes hem çyn bolan, Dawut açarynyň eýesi, açanyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapanyny hiç kim açyp bilmeýän şeýle diýýär: Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Ine, öňüňde bir açyk gapy goýdum, hiç kim ony ýapmagy başarmaz. Seniň güýjüň az, muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymy inkär etmediň. Ine, şeýtanyň sinagogasyndan bolanlary, ýehudy bolmasalar-da, ýalan sözläp, özlerine ýehudy diýýänleri gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin. Olar seni söýýändigimi biler. Sözümi berjaý edip, sabyr bilen çydanyň üçin, ýer ýüzünde ýaşaýanlary synama maksady bilen, bütin dünýäniň üstüne injek synag sagadyndan seni goraryn. Men basym gelerin. Täjiňi hiç kime aldyrmajak bolup, baryňy gaýym sakla. Ýeňeni Hudaýymyň ybadathanasyna direg ederin. Ol, artykmaç, ol ýerden daşary çykmaz. Onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny, Hudaýymyň şäheriniň adyny, ýagny Gökden, Hudaýymyň huzuryndan inen täze Iýerusalimiň adyny, Öz täze adymy ýazaryn. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin». Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Omyn, dogruçyl, çyn güwä, Hudaýyň ýaradanlarynyň başy şeýle diýýär: Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgynsyň. Käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň! Ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýylylygyň üçin, Men seni agzymdan gusaryn. Sen: „Men baýdyryn, barlydyryn, zada zar däldirin\ diýip, biçäre, betbagt, garyp, kör hem ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň. Men saňa baýar ýaly, Menden ot bilen saplanan altyn geýnip, ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly ak egin-eşik, görer ýaly, gözleriňe çalar ýaly göz dermanyny satyn almagy maslahat berýärin. Men söýýänlerimiň hemmesine käýäp, terbiýe berýändirin. Şonuň üçin, yhlasly bol-da toba et. Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin. Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile naharlanar. Men ýeňip, atam bilen bile Onuň tagtynda oturan bolsam, ýeňene-de Meniň bilen bile Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin. Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin». Mundan soň seretdim, ine, Gökde açyk duran bir gapy bardy. Meniň bilen gepleşýänini eşiden sesim, ýagny surnaý sesine meňzeş ozalky ses: «Gel, bu ýere çyk, mundan soň bolmaly zatlary saňa görkezeýin» diýdi. Şol pursat birden Ruhdadym. Ine, Gökde bir tagt bardy, tagtyň üstünde biri otyrdy. Oturanyň görnüşi ýaşma, gyrmyzy hakyk daşyna meňzeýärdi, tagtyň töwereginde zümerret görnüşli älemgoşar bardy. Tagtyň daş-töwereginde ýigrimi dört sany başga tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde başlary altyn täçli, ak lybasly ýigrimi dört ýaşuly otyrdy. Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler hem gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýanyp duran ýedi çyra bardy. Bular Hudaýyň ýedi Ruhudyr. Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, göýä çüýşeden ýasalan bir deňiz bar ýalydy. Ortada, tagtyň dört tarapynda öňi hem arka tarapy gözlerden doly dört sany janly mahluk durdy. Birinji mahluk arslana meňzeýärdi, ikinji mahluk öküze, üçünji mahlugyň ýüzi adam ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeşdi. Janly dört mahlugyň her biriniň alty ganaty bardy. Töwerek daşlary, ganatlarynyň aşagy-da gözlerden doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, geçmişde bar bolan, häzir bar bolan we geljek, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý!» diýýärdiler. [9-10] Janly mahluklar tagtyň üstünde Oturana, ebedilik Ýaşaýana şöhrat, hormat hem şükür edenlerinde, ýigrimi dört ýaşuly-da ebedilik diri bolup, tagt üstünde Oturanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňüne zyňyp, şeýle diýýärdiler: *** «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy». Tagtyň üstünde Oturanyň sag elinde içi-daşy ýazgyly, ýedi möhür bilen möhürlenen bir kitap gördüm. «Kitaby açmaga, onuň möhürlerini döwmäge kim mynasyp?» diýip, gaty ses bilen gygyrýan bir güýçli perişdäni hem gördüm. Emma kitaby açyp, onuň içine seretmegi başarjak adam ne Gökde, ne ýer ýüzünde, ne-de ýer astynda bardy. Men köp agladym. Çünki kitaby açmaga, onuň içine seretmäge mynasyp hiç kim tapylmady. Şonda ýaşululardan biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda taýpasyndan, Dawudyň kökünden bolan Arslan ýeňdi. Ol kitaby we kitabyň ýedi möhürini açmagy başarar». Men tagtyň ortasynda, janly dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda, damagy çalnana meňzeş bir Guzy gördüm. Guzynyň ýedi şahy hem ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr. Guzy geldi-de, tagtyň üstünde Oturanyň sag elinden kitaby aldy. Ol kitaby alanda, janly dört mahluk, ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýere ýykyldylar. Olaryň her biriniň bir arfasy we mukaddesleriň dogalary bolan buhurlardan doly altyn käseleri bardy. Olar bir täze aýdym aýdýardylar: «Sen kitaby almaga, kitabyň möhürlerini açmaga mynasypsyň. Çünki damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen bizi her taýpadan, her dilden, her halk we her milletden Hudaýa satyn aldyň. Bizi Hudaýymyzyň hyzmatynda patyşalyk ýagdaýyna sokup, ruhany etdiň. Biz dünýä üstünden höküm süreris». Onsoň seretdim, tagtyň, janly mahluklaryň hem ýaşulularyň töwereginde bir topar perişdäniň sesini eşitdim. Olaryň sany müňlerçe müňler, on müňlerçe on müňlerdi. Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji, baýlygy, akyldarlygy, gudraty, hormaty, şöhraty we öwgini almaga mynasypdyr» diýýärdiler. Onsoň Gökdäki, ýer ýüzündäki, ýer astyndaky we deňizdäki her mahlugyň, älemdäki bar zadyň: «Öwgi, hormat, şöhrat we gudrat ebedilik tagt üstünde Oturanyňky hem Guzynyňky bolsun!» diýenini eşitdim. Janly dört mahluk «Omyn» diýýär, ýaşulular-da ýere ýykylyp sežde edýärdi. Onsoň Guzynyň ýedi möhüriň birini açanyny gördüm. Şonda janly dört mahlugyň biriniň gök gürrüldisine meňzeş ses bilen «Gel» diýenini eşitdim. Seretdim, ine, öňümde bir ak at durdy. Atyň üstünde oturanyň ýaýy bardy. Oňa bir täç berildi we ýeňsin diýip, ýeňip çykdy. Guzy ikinji möhüri açanda, ikinji janly mahlugyň «Gel, seret» diýenini eşitdim. Şonda bir başga at, bir çypar at göründi. Onuň üstünde oturana dünýäden parahatçylygy aýyrmaga, adamlara biri-birlerini öldürtmäge rugsat edildi. Oňa bir uly gylyç hem berildi. Guzy üçünji möhüri açanda, üçünji janly mahlugyň «Gel, seret» diýenini eşitdim. Seretdim, öňümde bir gara at durdy. Onuň üstünde oturanyň elinde bir terezi bardy. Janly dört mahlugyň ortasynda göýä bir sesiň: «Bir ölçeg bugdaý bir dinara, üç ölçeg arpa bir dinara, ýöne zeýtun ýagy bilen şeraba zyýan berme!» diýenini eşitdim. Guzy dördünji möhüri açanda, dördünji mahlugyň «Gel, seret» diýenini eşitdim. Seretdim, ine öňümde bir reňki öçük at durdy. Atyň üstünde oturanyň ady ölümdi, ölüler diýary onuň yzyndan gelýärdi. Oňa gylyç bilen, açlyk bilen, mergi bilen, ýer ýüzüniň wagşy haýwanlary bilen ynsanlary öldürmäge ýer ýüzüniň dörtden biri barada ygtyýar berildi. Guzy bäşinji möhüri açanda, gurbanlyk edilýän ýeriň aşagynda Hudaýyň sözi, oňa eden güwälikleri üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm. Olar batly ses bilen gygyryp şeýle diýýärdiler: «Eý mukaddes, hakyky Baýar! Sen haçana çenli ýer ýüzünde ýaşaýanlary höküm edip, biziň ganymyzy olardan aljak däl?» Olaryň her birine bir ak don berlip, özleri kimin öldüriljek ýoldaşlarynyň, doganlarynyň sany tamamlanýança, ýene az salym garaşmagy islendi. Guzy altynjy möhüri açanda, ine, Ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara tüýden edilen jul kimin garalyp, bütin Aý gan ýaly boldy. Bir injir agajynyň güýçli ýel bilen yralyp, çig injirlerini döküşi ýaly, gögüň ýyldyzlary-da ýer ýüzüne gaçdy. Gök hem düýrlenen kagyz kimin gözden ýitdi. Ähli dag, ada ýerinden gozgandy. Dünýäniň patyşalary, ululary, serkerdeleri, baýlary, güýçlüleri, bütin gul we azat adamlary gowaklarda, daglaryň gaýalarynda gizlendiler. Olar daglara hem gaýalara şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagt üstünde Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň. Çünki Onuň gazabynyň uly güni geldi, Onuň öňünde kim durup biler?» Mundan soň, Ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Bular ýer ýüzüne, deňze ýa-da hiç bir agaja öwüsmesin diýip, ýeriň dört ýelini saklap durdylar. Gündogardan ýokary çykyp barýan başga bir perişdäni-de gördüm. Onda diri Hudaýyň möhüri bardy. Ol ýere, deňze zyýan ýetirmäge özlerine rugsat edilen dört perişdä gaty ses bilen gygyryp: «Biz Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak, ýere, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň!» diýdi. Möhürlenenleriň sanyny eşitdim. Ysraýyl ogullarynyň bütin taýpalaryndan ýüz kyrk dört müň adam möhürlenipdi. Ýahuda taýpasyndan on iki müň adam möhürlenipdi, ruben taýpasyndan on iki müň, gad taýpasyndan on iki müň, aşer taýpasyndan on iki müň, naftaly taýpasyndan on iki müň, menaşşe taýpasyndan on iki müň, şimegon taýpasyndan on iki müň, lewi taýpasyndan on iki müň, issahar taýpasyndan on iki müň, zebulun taýpasyndan on iki müň, ýusup taýpasyndan on iki müň, benýamyn taýpasyndan on iki müň adam möhürlenipdi. Mundan soň, her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekesiniň tagtyň hem Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Bular ak don geýnipdi, ellerinde bolsa hurma agajynyň pürleri bardy. Olar batly ses bilen gygyryp şeýle diýýärdiler: «Halas etmek tagt üstünde oturan Hudaýymyza we Guza mahsusdyr!» Hemme perişdeler tagtyň, ýaşulularyň we dört janly mahlugyň daşyny alşyp durdular. Olar tagtyň öňünde ýykylyp, ýüzlerini ýere diräp, Hudaýa sežde edip, şeýle diýýärdiler: «Omyn. Öwgi, şöhrat, akyldarlyk, şükür, hormat, güýç we gudrat ebedilik Hudaýymyzyňky bolsun. Omyn!» Onsoň ýaşululardan biri söze başlap, menden: «Bu ak don geýnenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady. Men: «Muny sen bilýärsiň, agam!» diýdim. Ol maňa şeýle diýdi: «Bular şol agyr muşakgatdan çykyp gelenler. Bular donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler. Munuň üçin olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, Onuň ybadathanasynda Oňa gije-gündiz hyzmat edýärler. Tagtda Oturan bolsa Öz çadyryny olaryň üstüne bürär. Olar indi ajykmaz, suwsamaz. Olaryň üstüne ne gün, ne-de başga bir jöwza düşer. Çünki tagtyň ortasyndaky Guzy olary otarar, ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter. Hudaý olaryň gözlerinden bütin ýaşlaryny süpürer». Guzy ýedinji möhüri açanda, Gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy. Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi. Başga bir perişde gelip, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde durdy. Onuň elinde altyn buhurdan bardy. Oňa tagtyň öňündäki altyn gurbanlyk edilýän ýerde ähli mukaddesleriň dogalary bilen hödürlemegi üçin köp buhur berildi. Mukaddesleriň dogalary bilen birlikde buhuryň tüssesi perişdäniň elinden Hudaýyň huzuryna ýokary göterildi. Perişde buhurdany alyp, gurbanlyk edilýän ýeriň odundan doldurdy. Muny ýeriň ýüzüne zyňanda, Gök gürläp, batly sesler çykdy, ýyldyrymlar çakyp, ýer titredi. Onsoň ýedi perişde ellerindäki ýedi surnaýy çalmaga taýýarlandylar. Birinji perişde surnaý çaldy. Gan gatyşyk doly hem ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, bütin ýaşyl ot ýandy. Ikinji perişde surnaý çaldy. Oduň içinde ýanýan uly dag ýaly bir zat deňze zyňyldy. Deňziň üçden biri gana döndi. Deňizde ýaşaýan janly mahluklaryň üçden biri öldi, gämileriň hem üçden biri weýran boldy. Üçünji perişde surnaý çaldy. Gökden çyra ýaly ýanýan bir uly ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw bulaklarynyň üstüne gaçdy. Bu ýyldyzyň ady Ýowşandyr. Suwlaryň üçden biri ýowşan ýaly ajady. Ajan suwlardan içen birtopar adam öldi. Dördünji perişde surnaý çaldy. Günüň üçden biri, Aýyň üçden biri, ýyldyzlaryň üçden biri garalsyn we gündiz üçden biri, gije-de, şonuň ýaly, üçden biri ýagty salmasyn diýip uruldylar. Onsoň seretdim, Gögüň ortasynda uçup ýören bir perişdäniň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý, waý, waý!» Bäşinji perişde surnaý çaldy. Men Gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza düýpsüz dowzah guýusynyň açary berlipdi. Ol düýpsüz guýyny açanda, guýudan ojagyň tüssesi ýaly tüsse çykdy. Guýynyň tüssesinden Gün hem howa garaldy. Tüsseden ýer ýüzüne çekirtge ýagdy. Olara-da ýer ýüzündäki içýanlara berlişi ýaly, gudrat berlipdi. Olara ýer ýüzüniň otuna, hiç bir gök ösümlige, hiç bir agaja däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy. Olara hiç kimi öldürmän, bu adamlary bäş aýlap gynamaga ygtyýar berildi. Gynaýyşlary bir içýanyň adamy çakanda berýän yzasyna meňzeýärdi. Ol günlerde ynsanlar ölümi agtarar, ýöne ony tapyp bilmezler. Ölümi küýsär, ýöne ölüm olardan gaçar. Çekirtgeleriň görnüşi söweşe taýýarlanan atlaryňka meňzeýärdi. Başlarynda altyn täç ýaly başlyklar bardy, ýüzleri adamyň ýüzüne meňzeşdi. Saçlary aýalyň saçy, dişleri-de arslanyňky ýalydy. Olaryň demir sowutlar ýaly, döş sowutlary bardy. Ganatlarynyň sesi söweşe çapýan köp sanly arabaly atlaryň çykarýan sesine meňzeýärdi. Içýanlaryňka meňzeş guýruklary, iňňeleri bardy. Adama bäş aýlap zyýan ýetirýän gudratlary guýruklaryndady. Olaryň üstünden dowzah guýusynyň perişdesi patyşalyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe Apoliondyr. Birinji «Waý» geçdi, ine, mundan soň ýene iki «Waý» gelýär. Altynjy perişde surnaý çaldy. Men Hudaýyň öňündäki altyndan gurbanlyk edilýän ýeriň dört şahyndan bir ses eşitdim. Ses eli surnaýly altynjy perişdä: «Uly Ýewfrat derýasynyň ýanynda daňylgy duran dört perişdäni goýber!» diýdi. Şeýle, şol sagat, şol gün, şol aý we şol ýyl üçin taýýarlanan dört perişde ynsanlaryň üçden birini öldürsin diýip goýberildi. Bularyň atly goşunynyň sany iki ýüz milliondy; sanlaryny eşitdim. Atlary, olaryň üstündäkileri şeýle görnüşde gördüm: atlylaryň ot, gök ýakut hem kükürt reňkli sowutlary bardy. Atlaryň kellesi arslanyň kellesine meňzeýärdi, agyzlaryndan bolsa ot, tüsse, kükürt çykýardy. Ynsanlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden ― bu üç beladan öldi. Çünki atlaryň gudraty agzynda hem guýrugyndadyr. Sebäbi ýylana meňzeş guýruklarynyň başlary bolup, bular bilen zyýan berýändirler. Galan ynsanlar, ýagny bu belalardan ölmän galanlar jynlara, öz elleri bilen ýasan, görüp, eşidip we ýöräp bilmeýän altyn, kümüş, mis, daş we agaç butlaryna sežde etmekden el çekip toba etmediler. Olar adam öldürmeden, jadygöýlükden we ogrulykdan toba etmediler. Onsoň men Gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, depesinde älemgoşar bardy, ýüzi Güne, aýaklary bolsa ot sütünine meňzeýärdi. Elinde bir açyk kitapça bardy. Ol sag aýagyny deňziň, sol aýagyny-da ýeriň üstünde jaýlaşdyrdy. Arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Ol gygyranda, ýedi gök gürrüldisi öz sesleri bilen gürlediler. Ýedi gök gürrüldisiniň ses berip gürlän wagty men ýazjak boldum, ýöne Gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny möhürle, ýazma!» diýen bir ses eşitdim. Deňziň we ýeriň ýüzünde duranyny gören perişdäm sag elini Göge galdyrdy. Ol Gögi we gökdäkileri, Ýeri we ýerdäkileri, deňzi we deňizdäkileri Ýaradanyň, ebedi Diriniň adyndan ant içip, şeýle diýdi: «Indi gijikme bolmaz! Ýöne ýedinji perişdäniň surnaýyny çaljak günlerinde, Hudaý Öz gullary, ýagny pygamberlere buşlaýşy ýaly, Onuň syry tamamlanar». Gökden eşiden sesim ýene-de meniň bilen gepleşip: «Bar, deňziň we ýeriň ýüzünde duran perişdäniň elindäki açyk kitapçany al!» diýdi. Men perişdäniň ýanyna baryp, kitapçany maňa bermegini haýyş etdim. Ol maňa: «Al, iý! Ol içiňi ajadar, ýöne agzyňda bal ýaly süýji bolar» diýdi. Men kitapçany perişdäniň elinden alyp iýdim. Ol agzymda bal ýaly süýjüdi, ýöne ony iýip bolanymda, içim ajady. Onsoň ol maňa: «Sen birtopar halklar, milletler, diller we patyşalar hakda ýene-de welilik etmelisiň» diýdi. Maňa taýaga meňzeş bir ölçeg agajyny berip, şeýle diýdiler: «Git-de, Hudaýyň ybadathanasyny, gurbanlyk edilýän ýeri ölçe, ol ýerde sežde edýänleri sana. Ýöne ybadathananyň daşky howlusyny taşla, ony ölçeme. Çünki ol ýer mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelejek milletlere berildi. Men iki güwäme güýç bererin, olar jul geýnip, müň iki ýüz altmyş günläp welilik eder». Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki şemdan bulardyr. Biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny iýip soňuna çykar. Olara zelel berjek bolýan adam şeýle öldürilmelidir. Welilik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň Gögi baglamaga ygtyýary bolar. Olar suwlary gana öwürmek, näçe isleseler, şonça-da Ýeri her hili bela bilen urmak ygtyýaryna eýedir. Olar güwäliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan janawar olar bilen urşup, olary ýeňip öldürer. Maslyklary Sodom we Müsür diýilýän uly şäherleriň köçelerinde alamat hökmünde ýatar. Ol ýerde olaryň Rebbi haça çüýlenipdi. Bütin halklardan, taýpalardan, dillerden we milletlerden bolan ynsanlar üç gün ýarym olaryň maslyklaryna serederler, ýöne maslyklarynyň jaýlanmagyna rugsat bermezler. Ýer ýüzünde ýaşaýanlar olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Çünki bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem etdi. Üç gün ýarymdan soň, Hudaýdan gelen ýaşaýyş demi olaryň bedenine girende, olar aýak üstüne galdylar. Olary görenleriň üstüne uly howp abandy. Iki pygamber Gökden: «Ýokary, bu ýere çykyň!» diýen batly sesi eşitdiler, duşmanlarynyň gözüniň alnynda bulutda ýokaryk Göge çykdylar. Şol sagat bir uly ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýykyldy. Ýertitremede ýedi müň adam öldi. Galanlar gaty gorkup, Gökdäki Hudaýy şöhratlandyrdylar. Ikinji «Waý» geçdi. Ine, basym üçünji «Waý» gelýär. Ýedinji perişde surnaý çaldy. Gökden batly sesler çykyp, şeýle diýdi: «Dünýä patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiniňki boldy. Ol hem ebedilik höküm sürer». Hudaýyň öňünde ýykylyp, öz tagtlarynda oturan ýigrimi dört ýaşuly ýüzlerini ýere berdiler-de, Hudaýa sežde edip diýdiler: Eý, hemme zada güýji ýetýän, häzir bar bolan, geçmişde bar bolan we geljek Reb Hudaý! Saňa şükür edýäris. Çünki Sen beýik gudratyňy ele alyp höküm sürmäge başladyň. Milletler gaharlanypdylar. Indi bolsa Seniň gaharyň geldi. Ölüleriň üstünden höküm çykarmak, gullaryň pygamberlere, mukaddeslere, kiçi bolsun, uly bolsun, adyňa hormat goýanlary sylaglamak, ýeri dargadanlary dargatmak wagty geldi». Hudaýyň Gökdäki ybadathanasy açylyp, ybadathanadan Onuň äht sandygy göründi. Şol pursat ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidilip, ýer titräp, güýçli doly tupany turdy. Gökden bir uly alamat göründi. Bu Güni geýnen bir aýaldy. Onuň aýaklarynyň aşagynda Aý, başynda on iki ýyldyzdan ybarat täç bardy. Aýal göwrelidi. Dogurjak bolup, burgusy tutup gygyrýardy. Gökden başga bir alamat göründi. Bu bolsa ýedi başly, on şahly, başlarynda ýedi täji bolan gyzyl reňkli uly aždarhady. Ol Gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen süýräp, ýer ýüzüne zyňdy. Onsoň çaga dogan badyna ony ýuwutmak üçin, çaga dogurjak bolup oturan aýalyň öňünde durdy. Aýal bir ogul ― bütin milletleri demir taýak bilen bakjak bir oglan dogurdy. Onuň çagasyny alyp, Hudaýyň ýanyna, Hudaýyň tagtyna eltdiler. Aýal çöle gaçyp gitdi. Ol ýerde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý tarapyndan onuň üçin taýýarlanan bir ýer bardy. Gökde uruş turdy. Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen gaýtawul berdi. Ýöne ýeňmäge güýji ýetmän, Gökdäki ýerlerini elden berdiler. Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan uly aždarha, bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy. Onsoň men Gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Hudaýymyzyň halas edişi, güýji, patyşalygy we Onuň Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy. Doganlarymyz Guzynyň ganynyň saýasynda, eden güwälikleriniň sözüniň saýasynda ony ýeňdiler, ölüm derejesine çenli jan söýgüsinden el çekdiler. Eý Gök we Gökde ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň! Ýer we deňiz, waý, siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi». Aždarha özüniň ýer ýüzüne zyňlandygyny görende, ýaňky oglan dogran aýaly kowalamaga başlady. Aýala, ýylanyň öňünden çöle ― üç ýarym ýyl iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi. Ýylan aýaly sile äkitdirjek bolup, agzyndan onuň yzyndan derýa ýaly suw akdyrdy. Emma Ýer agzyny açyp, aždarhanyň agzyndan akdyran derýasyny ýuwdup, aýala kömek etdi. Onsoň aždarha aýala gaharlandy. Aýalyň neslinden galan we Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi. Onsoň deňiz kenaryndaky çägeleriň üstünde durkam, on şahly we ýedi başly bir wagşy haýwanyň deňizden çykyp gelýänini gördüm. Onuň şahlarynyň depesinde on täji bardy, başlarynda küpürçilikli atlar ýazylgydy. Gören janawarym barsa meňzeýärdi. Aýaklary aýynyň aýaklary ýaly, agzy bolsa arslanyň agzy ýalydy. Aždarha oňa öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýar berdi. Janawaryň başlarynyň birine öldürýän ýara degene meňzeýärdi. Ýöne bu öldürýän ýara bitdi. Bütin dünýä täsin galyp, janawaryň yzyna düşdi. Ynsanlar janawara ygtyýar beren aždarha sežde etdiler. «Janawara meňzeş kim bar? Onuň bilen söweşmegi kim başarjak?» diýip, janawara-da sežde etdiler. Oňa tekepbir sözler hem küpürçilikli sözler sowurýan bir agyz berildi. Şeýle hem öz ygtyýaryny kyrk iki aýlap ulanma rugsady berildi. Ol Hudaýa sögmek, Onuň adyna, mesgenine, Gökde mesgen tutanlara sögmek üçin agzyny açdy. Oňa mukaddesler bilen söweşip, olary ýeňme rugsady berildi. Her taýpanyň, her halkyň, her diliň we her milletiň üstünden höküm sürme ygtyýary berildi. Ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň bary, damagy çalnan Guzynyň ýaşaýyş kitabynda dünýä gurlaly bäri ady ýazylmadyk her ynsan oňa sežde eder. Gulagy bar adam eşitsin! Birini tussaga salan tussaga gider, gylyç bilen öldüren gylyçdan ölmelidir. Mukaddesleriň çydap, iman etmegi şu ýerde gerekdir. Onsoň ýerden çykyp gelýän bir janawar gördüm. Onuň bir guzy kimin iki şahy bardy, ýöne aždarha ýaly ses edýärdi. Ol öňki janawaryň bütin ygtyýaryny onuň adyndan ulanyp, ýer ýüzüni we onda ýaşaýanlary öldürýän ýarasy biten öňki janawara zor bilen sežde etdirýärdi. Ol uly alamatlar görkezip, ynsanlaryň gözleriniň alnynda Gökden Ýere ot hem ýagdyrýardy. Ol öňki janawaryň adyndan döretmegine rugsat edilen alamatlary bilen ýer ýüzünde ýaşaýanlary azdyrdy. Olara gylyç bilen ýaralanyp-da, sag galan janawaryň suratynda bir but ýasamagy buýurdy. Oňa janawaryň buty geplesin, bu buta sežde etmeýänleriň hemmesi öldürilsin diýip, janawaryň butuna ýaşaýyş demini berme güýji bagyş edildi. Ol kiçi hem ulularyň, baý hem garyplaryň, azat hem gullaryň, ähli ynsanlaryň sag eline ýa maňlaýyna tagma basdyrdy. Bu tagma janawaryň ady ýa adynyň sany özünde bolmadyklara hiç bir zat satyn aldyrmaýardy hem-de satdyrmaýardy. Bu ýerde akyldarlyk gerek. Aňy bar adam janawara degişli sany hasaplasyn, çünki bu ynsan sanydyr. Onuň sany-da alty ýüz altmyş altydyr. Onsoň görsem, Guzy Sion dagynyň üstünde durdy. Onuň ýanynda bolsa maňlaýynda Onuň we Atasynyň ady ýazylgy ýüz kyrk dört müň adam bardy. Gökden uly suwuň şaggyldysy ýaly, gaty gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Eşiden sesim arfa çalýanlaryň çykarýan sesine meňzeýärdi. Ýaňky ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, janly dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Ýer ýüzünden satyn alnan bu adamlardan başga hiç kim ol aýdymy öwrenip bilmeýärdi. Bular özlerini aýallar bilen hapalamadyklardyr, çünki bular päkdir. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna düşýändir. Gutulanlaryň ilkinji miwesi hökmünde Hudaýa we Guza ynsanlar arasyndan satyn alnanlar bulardyr. Bularyň agyzlaryndan ýalan söz çykan däldir, Hudaýyň tagty öňünde müýnsüzdirler. Onsoň Gögüň ortasynda uçup ýören başga bir perişdäni gördüm. Bu perişde ýer ýüzünde ýaşaýanlara, her millete we taýpa, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi. Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, Ýeri, deňzi we suw bulaklaryny Ýaradana sežde ediň!» Onuň yzyndan gelen ikinji perişde: «Ýykyldy! Öz zyna azgynlygynyň şerabyny ähli milletlere içiren uly Babyl ýykyldy!» diýdi. [9-10] Olaryň yzyndan gelen üçünji bir perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Eger biri janawara we onuň suratyndaky buta sežde etse, maňlaýyna ýa eline onuň tagmasyny kabul etse, Hudaýyň gahar käsesinde hiç bir goşantsyz taýýarlanan Hudaý gazabynyň şerabyndan içer. Ol adam mukaddes perişdeleriň, Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar. *** Olaryň gynalmagynyň tüssesi ebedi tütär. Janawara, onuň butuna sežde edenler bilen onuň adynyň tagmasyny kabul edenleriň gije-gündiz ynjalygy bolmaz. Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa sadyk galanlaryň çydamy şu ýerde gerekdir». Gökden eşiden bir sesim: «Muny ýaz: mundan beýläk, Rebbe degişli bolup ölenler bagtlydyr!» diýýärdi. Ruh: «Hawa, olar işlerinden dynç alar. Çünki edenleriniň hasylyny özleri bilen äkiderler» diýýär. Onsoň seredip, öňümde bir ak bulut gördüm. Buludyň üstünde başy altyn täçli, eli kesgir orakly ynsan ogluna meňzeş biri otyrdy. Ybadathanadan çykan başga perişde buludyň üstünde oturana batly ses bilen şeýle diýdi: «Oragyňy uzat-da, or! Orma sagady geldi. Çünki Ýeriň ekini bişipdir». Buludyň üstünde oturan oragyny ýeriň ýüzüne taşlady we Ýeriň ekini oruldy. Gökdäki ybadathanadan başga bir perişde çykdy. Onuň-da kesgir oragy bardy. Oduň üstünden höküm sürýän başga bir perişde-de gurbanlyk edilýän ýerden çykyp gelip, kesgir orakla batly ses bilen: «Sen-de kesgir oragyňy uzat-da, Ýeriň üzüm şahasyndan salkymlaryny ýygna, çünki üzümleri bişipdir» diýdi. Perişde oragyny ýeriň ýüzüne taşlady-da, Ýeriň üzüm şahasynyň hasylyny ýygnap, Hudaý gazabynyň uly gysajyna zyňdy. Gysaçdaky üzümler şäheriň daşynda sykyldy. Üzüm gysajyndan çykan gan müň alty ýüz ok atym aralykda atlaryň uýanyna ýetdi. Men Gökde başga bir uly hem geň alamat gördüm: bu soňky ýedi belany getirýän ýedi perişdedi. Hudaýyň gazaby bu belalar bilen soňlanýardy. Ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Janawary, onuň suratyndaky buty, onuň adynyň sanyny ýeňenler Hudaýyň beren arfalaryny ellerine alyp, çüýşeden deňziň üstünde durdular. Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdyp, şeýle diýýärdiler: «Güýji her zada ýetýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý, milletler patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr! Ýa Reb, Senden gorkman, adyňy Şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mukaddes diňe Sensiň! Bütin milletler gelip, Seniň öňüňde sežde eder. Çünki Seniň adyl işleriň aýan boldy». Mundan soň Gökdäki ybadathananyň, ýagny güwälik çadyrynyň açylanyny gördüm. Ýedi belany getirýän ýedi perişde tämiz, parlak keteni geýnip, gursaklaryna altyn guşak baglap, ybadathanadan çykdylar. Janly dört mahlugyň biri ýedi perişdä ebedilik ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi. Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy gutarýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi. Onsoň ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim. Birinji perişde gidip, käsesini ýer ýüzüne dökdi. Janawaryň tagmasy bolan we onuň suratyndaky buta sežde eden adamlarda erbet hem gaty agyryly ýaralar peýda boldy. Ikinji perişde käsesini deňze dökdi. Deňiz öliniň ganyna meňzeş gana döndi, içindäki bütin jandarlar öldi. Üçünji perişde käsesini derýalara, suw bulaklaryna dökdi. Olar-da gana döndi. Men suwlaryň perişdesiniň şeýle diýenini eşitdim: «Häzir bar bolan hem geçmişde bar bolan mukaddes Hudaý! Sen bu hökümleriňde adylsyň. Çünki Sen şeýle höküm çykardyň. Çünki olar mukaddesleriň hem pygamberleriň ganyny dökdüler. Sen-de olara içmäge gan berdiň. Olaryň almyty budy». Men gurbanlyk edilýän ýerden gelen bir sesiň: «Hawa, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý! Seniň hökümleriň dogry hem adyldyr» diýenini eşitdim. Dördünji perişde käsesini Günüň üstüne dökdi. Güne ynsanlary ot bilen ýakyp-gowurma güýji berildi. Ynsanlar güýçli gyzgyn bilen gowruldylar, ýöne toba edip, bu belalara ygtyýary bolan Hudaýy şöhratlandyrmagyň deregine, Onuň adyna sögdüler. Bäşinji perişde käsesini janawaryň tagtynyň üstüne dökdi. Janawaryň patyşalygy garaňkylykda gömüldi. Ynsanlar dertden ýaňa dillerini dişlediler. Eden işlerine toba etmeýişleri ýaly, dert hem ýaralary üçin, Gökdäki Hudaýa sögdüler. Altynjy perişde käsesini uly Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelen patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady. Onsoň aždarhanyň agzyndan, janawaryň agzyndan we ýalan pygamberiň agzyndan gurbaga meňzeş üç murdar ruhuň çykanyny gördüm. Bular alamatlar döredip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş üçin, bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýar. «Ine, ogry ýaly gelýärin! Ýalaňaç gezip, uýat ýeri görünmez ýaly, oýa bolup, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!» Patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýerde üýşürdiler. Ýedinji perişde käsesini howa dökdi. Ybadathanadaky tagtdan çykan batly ses: «Boldy!» diýdi. Şonda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler çykyp, Gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde bolaly bäri Ýer şeýle gaty titremändi. Uly şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri ýykyldy. Uly Babyl Hudaýyň huzurynda ýatlandy, Hudaýyň otly gazap käsesi oňa berildi. Bütin adalar ýitirim bolup, daglar tapylmaz boldy. Ynsanlaryň üstüne Gökden her damjasynyň agramy bir talanta golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar ol doly belasy sebäpli, Hudaýa sögdüler. Çünki ol bela gaty aýylgançdy. Ýedi käseli ýedi perişdäniň biri gelip, meniň bilen gepleşip, şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň ýüzünde oturan uly kemçiniň jezasyny görkezeýin. Ýer ýüzüniň patyşalary onuň bilen zyna etdi, ýer ýüzünde ýaşaýanlar onuň zyna şerabyndan serhoş boldy». Onsoň perişde meni Ruhda çöle äkitdi. Men ol ýerde ýedi başly, on şahly, endamy küpür atlaryndan doly gyzyl janawaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm. Aýal goňur hem gyrmyzy eşikler geýnip, altyn, gymmatbaha daşlar, dürler bilen bezenipdi. Elinde bolsa ýigrenji zatlardan, zyna çirkinden doly altyn käse bardy. Onuň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä kemçinleriniň we ýigrenjileriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy. Onsoň aýalyň mukaddesleriň, Isa güwälik edenleriň ganyndan serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geňirgendim. Perişde maňa şeýle diýdi: «Nämä geňirgendiň? Aýalyň, ony göterýän ýedi başly, on şahly janawaryň syryny men saňa aýdaýyn. Seniň gören janawaryň bir wagtlar bardy, ýöne indi ýok. Ol dowzahdan çykyp, heläk bolmaga gider. Ýer ýüzünde ýaşaýanlar, ýagny dünýä gurlaly bäri atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylmadyklar janawary görende geňirgener, çünki ol bir wagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler. Bu ýerde düşünmek üçin akyldarlyk gerek. Ýedi baş aýalyň üstünde oturan ýedi dagydyr. Olar hem patyşalardyr. Bularyň bäşisi ýykyldy, indi biri bar, ol biri entek gelenok. Gelende az wagt galmalydyr. Bir wagtlar bar bolup, indi ýok janawar bolsa sekizinjidir. Ol ýedilerden bolup, indi heläk bolmaga barýar. Seniň gören on şahyň entek patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Olara janawar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar berler. Bularyň maksady bir bolar, güýçlerini hem ygtyýarlaryny janawara bererler. Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy rebleriň Rebbi, patyşalaryň Patyşasydyr. Onuň ýanyndakylar çagyrylan, saýlanan we sadyk galanlardyr». Ýene perişde maňa şeýle diýdi: «Şu gören suwlaryň, ýagny kemçiniň oturan suwlary halklar, märekeler, milletler hem dillerdir. Gören janawaryň we on şah kemçini ýigrenip, daşyny çolardyp, ony ýalaňaçlar. Onuň etini iýip, özüni-de otlar. Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrma islegini olaryň ýüregine guýdy. Şeýdip, Hudaýyň sözleri amala aşýança, özleriniň patyşalyk ygtyýaryny janawara bermekde pikirdeş bolarlar. Gören aýalyň dünýä patyşalaryna patyşalyk eden uly şäherdir!» Mundan soň uly ygtyýarly başga bir perişdäniň Gökden aşak inenini gördüm. Onuň dabarasyndan ýer ýüzi ýagtyldy. Perişde güýçli ses bilen gygyryp şeýle diýdi: «Ýykyldy! Uly Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň jaýy, her hili murdar ruhuň mekany, her pis we ýigrenji guşuň penasy boldy. Çünki hemme milletler onuň azgyn zyna şerabyndan içdi. Dünýäniň patyşalary onuň bilen zyna etdi. Dünýäniň täjirleri onuň güýçli aýşy-eşretinden baýady». Men Gökden başga bir ses eşitdim, ses şeýle diýýärdi: «Eý halkym! Onuň günälerine şärik bolup, onuň belalaryna uçramazlyk üçin, ol ýerden çyk. Çünki onuň günäleri küdelenip göge ýetdi, Hudaý onuň günälerini ýatlady. Ol näme beren bolsa, siz hem şonuň öwezini şeýle beriň. Edenleriniň öwezini iki esse edip beriň. Taýýarlan käsesini oňa iki esse dolduryp beriň. Ol özüni näçe şöhratlandyryp, aýşy-eşret eden bolsa, şonça-da oňa dert, gam-gussa beriň. Çünki ol öz ýüreginden: „Men melike bolup otyryn, men dul däl, asla gam-gussa ýüzüni görmerin!\ diýýär. Şonuň üçin, oňa uçrajak belalar: ölüm, gam-gussa, açlyk bir günüň içinde geler, ot ony ýakar. Çünki ony höküm eden Reb Hudaý güýçlüdir. Onuň bilen zyna eden, onuň aýşy-eşretinde ýaşan bu dünýäniň patyşalary ony ýakan oduň tüssesini görenlerinde, oňa aglaşyp, gursaklaryna urarlar. Olar onuň çekýän derdiniň gorkusyndan daşda durup: „Waý, waý! Uly şäher, güýçli şäher Babyl! Seniň hökümiň bir sagadyň içinde geldi!\ diýer. Dünýä täjirleri oňa aglap ýas tutar. Çünki indi olaryň mallaryny satyn aljak ýok. [12-13] Altyny, kümşi, gymmatbaha daşlary, dürleri, nepis ketenini, ýüpek, goňur we gyrmyzy matalary, dürli ysly agajy, pil süňkünden ýasalan dürli gaplary, gymmatbaha agaçlardan, mis, demir we mermerden ýasalan dürli harytlary, dalçyn we beýleki tagamlyklary, buhurlary, ysly ýag, ladan, şerap, zeýtun ýagy, kepeksiz un we bugdaýy, sygyrdyr goýunlary, atlary, arabalary, gullary, ýagny ynsanlaryň janyny satyn aljak indi ýok. *** Olar: „Janyň islän miweleri ýitip gitdi. Bütin bolelinligiň, göz gamaşdyryjylygyň ýom-ýok boldy. Indi asla tapyp bilmersiň\ diýer. Ol şäherde bu mallary satyp baýan täjirler onuň çeken derdinden gorkup, daşda durar, aglap, ýas tutup: Waý, waý nepis keteni, goňur we gyrmyzy geýnen, altyn, gymmatbaha daşlar, dürler bilen bezenen beýik şäher! [17-18] Şeýle uly baýlyk bir sagadyň içinde ýogaldy!\ diýer. Ähli gämiçi, ähli deňiz ýolagçysy, deňizçiler, deňizden gün görýänleriň bary, ony ýakan oduň tüssesini görenlerinde, daşda durup, „Beýik şähere meňzeş şäher barmydy?\ diýip gygyryşdylar. *** Başlaryndan gum sowrup, aglap ýas tutdular. „Waý, waý! Beýik şäher!\ diýip gygyryşdylar we şeýle diýdiler: „Deňizde gämisi bolanyň hemmesi onuň gymmatly mallaryndan baýapdy, ýöne ol bir sagadyň içinde ýogaldy\. Eý Gök we mukaddesler, resullar we pygamberler! Onuň ýagdaýyna begeniň. Çünki Hudaý ony höküm edip siziň hakyňyzy aldy». Onsoň bir güýçli perişde degirmeniň daşy ýaly uly daşy galdyryp, deňze zyňdy we şeýle diýdi: «Beýik şäher Babyl, ine, şunuň ýaly güýç bilen zyňlansoň tapylmaz. Arfaçylaryň, bagşylaryň, tüýdükçi we surnaýçylaryň sesi indi senden eşidilmez. Indi senden hiç bir sungatyň sungatçysy tapylmaz. Senden indi hiç bir degirmeniň sesi eşidilmez. Indi sende bir çyranyň-da yşygy ýagty salmaz, indi senden gelinlerdir ýigitleriň sesi eşidilmez! Seniň täjirleriň dünýäniň ulularydy. Bütin milletler seniň jadyň bilen azaşypdy. Pygamberleriň gany, mukaddesleriň, ýer ýüzünde öldürilenleriň ählisiniň gany senden tapylypdy». Şondan soň Gökden uly bir märekäniň sesine meňzeş batly sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Haleluýa! Halas ediş, şöhrat, güýç Hudaýymyzyňkydyr! Çünki Onuň hökümleri dogry we adyldyr. Ol ýer ýüzüni zynasy bilen azdyran uly kemçini höküm etdi, gullarynyň ganyny ondan aldy». Ikinji gezek şeýle diýdiler: «Haleluýa! Kemçiniň tüssesi ebedilik tütär». Ýigrimi dört ýaşuly we janly dört mahluk ýere ýykylyp, «Omyn! Haleluýa!» diýip, tagt üstünde oturan Hudaýa sežde etdiler. Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli bendeleri! Kiçiler we ulular, Ondan gorkýanlar, Oňa alkyş okaň!» Onsoň men bir uly märekäniň sesine, uly suwuň şaggyldysyna, gaty Gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Haleluýa! Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaýymyz höküm sürýär. Begeneliň, şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Guzynyň toýy başlanýar. Onuň gelni taýýarlandy. Geýsin diýip, oňa parlak, tämiz we nepis keteni berildi». Nepis keteni mukaddesleriň adyl işleridir. Perişde maňa: «Muny ýaz: Guzynyň toý aşyna çagyrylanlar bagtlydyr!» diýdi. Maňa ýene: «Bular çyn sözlerdir, Hudaýyň sözleridir» diýdi. Men oňa sežde etjek bolup aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Beýle zat edäýme! Men seniň we Isa güwälik edýän doganlaryň ýoldaşydyryn, Hudaýa sežde et! Çünki Isa güwälik pygamberlik ruhudyr». Gögüň açylyp, öňümde bir ak atyň duranyny gördüm. Onuň üstünde oturanyň ady Dogruçyl we Çyndyr. Ol adalatly höküm çykaryp söweşýändir. Gözleri oduň ýalny ýalydyr. Başynda birtopar täç bolup, bularyň üstünde ýazylgy adyny Özünden başga hiç kim bilýän däldir. Ol gana batyrylan geýim geýnendir, Oňa «Hudaýyň Sözi» diýen at dakylandyr. Ak, tämiz we nepis keteni geýnen Gökdäki goşunlar ak atlara münüp, Onuň yzyndan gelýärdi. Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir gylyç çykýar. Onuň Özi olary demir taýak bilen bakar, her zada güýji ýetýän Hudaýyň otly gazabynyň şerabyny öndürýän üzüm gysajyny Özi gysar. Onuň geýiminde we budunda «patyşalaryň Patyşasy, rebleriň Rebbi» diýip ýazylan ady bardyr. [17-18] Onsoň Günde duran bir perişde gördüm. Ol batly ses bilen gygyryp, gögüň ortasynda uçup ýören guşlara şeýle diýdi: «Patyşalaryň, serkerdeleriň, güýçli adamlaryň etini, atlaryň, olaryň üstündäkileriň etini, azatlaryň, gullaryň, kiçileriň, ulularyň hemmesiniň etini iýmek üçin üýşüp, Hudaýyň uly zyýapatyna geliň!» *** Men janawary, dünýä patyşalaryny we olaryň goşunlaryny gördüm. Olar atyň üstünde Oturan we Onuň goşunlary bilen söweşjek bolup ýygnanyşan ekenler. Janawar hem-de onuň öňünde alamatlar döredip, janawaryň tagmasyny alyp-da, onuň butuna sežde edenleri bu alamatlar bilen aldaýan ýalan pygamber tutuldy. Olaryň ikisi-de kükürt bilen ýanan ot kölüne zyňyldy. Galanlar atyň üstünde Oturanyň agzyndan çykan gylyç bilen öldürildiler. Bütin guşlar, ine, bularyň etinden doýdy. Onsoň Gökden aşak inen bir perişde gördüm. Onuň elinde dowzahyň açary bilen bir uly zynjyr bardy. Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa şeýtan diýlen ol köne ýylany tutup, müň ýyllygyna baglady. Müň ýyl dolýança, ikilenç milletleri azdyrmasyn diýip, ony dowzaha zyňdy, baglap möhür basdy. Mundan soň ol az wagtlaýyn çözülmelidir. Men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara höküm etme ygtyýary berlipdi. Isa eden güwälikleri sebäpli we Hudaýyň sözi ugrunda başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Bular janawara, onuň butuna sežde etmedik, maňlaýlary we ellerine onuň tagmasyny kabul etmediklerdi. Bular direlip, Mesih bilen bile müň ýyl patyşalyk etdiler. Ilkinji direliş budur. Galan ölüler müň ýyl dolýança direlmedi. Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly, mukaddesdir. Ikinji ölümiň olara güýji ýetmez. Olar Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen bile müň ýyl höküm sürer. Şeýtan ot kölüne zyňylýar Müň ýyl dolansoň, şeýtan tussagdan boşadylar. Ol ýer ýüzüniň dört burçundaky milletleri, äjit-mäjidi azdyrjak, olary söweş üçin üýşürjek bolup, tussagdan çykar. Üýşenleriň sany deňiz çägeleri kimindir. Olar ýer ýüzüniň giňişligine çykyp, mukaddesleriň goşun düşelgesini, söýgüli şäheri gurşadylar. Emma Gökden Hudaý tarapyn ot ýagyp, olary ýakyp kül etdi. Olary azdyran iblis bolsa ot, kükürt kölüne zyňyldy. Janawar bilen ýalan pygamber-de şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik gynalar. Ölüleriň üstünden höküm çykarylýar Men bir uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, Gök Onuň öňünden gaçdy, ýöne gidere ýerleri ýokdy. Tagtyň öňünde duran uly, kiçi ölüleri gördüm. Onsoň käbir kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby diýen ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölüleriň üstünden edenlerine görä höküm çykaryldy. Deňiz özündäki ölüleri, ölüm we ölüler diýary-da özlerindäki ölüleri tabşyrdylar. Her birine etmişine görä höküm çykaryldy. Ölüm we ölüler diýary ot kölüne zyňyldy. Ine, ot köli ikinji ölümdir. Atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylmadyklaryň bary ot kölüne zyňyldy. Mundan soň bir täze Gök bilen bir täze Ýer gördüm. Çünki öňki Gök, öňki Ýer aradan aýrylypdy. Indi deňiz hem ýokdy. Onsoň men öz adamsy üçin taýýarlanan bezegli gelin ýaly, Gökden Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäher täze Iýerusalimi gördüm. Gökden bir batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň çadyry şindi ynsanlaryň arasynda. Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar. Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy». Tagtyň üstünde Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz! Çünki bu sözler ygtybarly, çyndyr» diýdi. Maňa şeýle diýdi: «Boldy! Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň çeşmesinden mugt suw bererin. Ýeňen, ine, bulary miras alar. Men onuň Hudaýy, ol-da Meniň oglum bolar. Emma gorkagyň, imansyzyň, ýigrenjiniň, ganhoryň, zynagäriň, jadygöýüň, butparazyň, bütin ýalançylaryň soňy kükürt bilen ýanýan ot kölüdir. Ikinji ölüm budur». Soňky ýedi bela bilen doly ýedi käseli ýedi perişdäniň biri gelip, meniň bilen gepleşdi: «Gel, men saňa Guza aýal boljak gelni görkezeýin» diýdi. Perişde meni Ruhda bir uly, belent daga äkitdi. Ol ýerden maňa Hudaýyň şöhraty arkaly parlaýan mukaddes şäher Iýerusalimi Gökden Hudaýyň ýanyndan inip gelýärkä görkezdi. Onuň parlaklygy bir juda gymmat daşyň, kristallaşan ýaşma daşynyň parlaklygy kimindi. Uly hem belent diwarlary bardy, on iki derwezesi, derwezeleri saklaýan on iki perişdesi bardy. Derwezeleriň ýüzünde Ysraýyl ogullarynyň on iki taýpasynyň ady ýazylgydy. Gündogarda üç derweze, demirgazykda üç derweze, günortada üç derweze, günbatarda üç derweze bardy. Şäher diwarynyň on iki binasy bolup, ýüzünde Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy. Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, şäheriň derwezeleri bilen diwarlaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg agajy bardy. Şäher dört burçluk bolup, boýy bilen ini deňdi. Perişde şäheri ölçedi, bir ýany on iki müň ok atym çykdy. Boýy, ini, beýikligi deňdi. Perişde diwarlary-da ölçedi. Onuň ulanýan adam ölçegi boýunça beýikligi ýüz kyrk dört arçyn çykdy. Diwarlar ýaşmadan salnypdy. Şäher bolsa sap çüýşä meňzeş sap altyndandy. [19-20] Şäher diwarlarynyň binalary her hili gymmatbaha daşlar bilen bezelipdi. Birinji bina daşy ýaşma, ikinjisi gök ýakut, üçünjisi hakyk, dördünjisi zümerret, bäşinjisi ak hakyk, altynjysy gyrmyzy hakyk, ýedinjisi sary ýakut, sekizinjisi gök zümerret, dokuzynjysy ýaşyl ýakut, onunjysy sary zümerret, on birinjisi Ýemen daşy, on ikinjisi goňur ýakutdy. *** On iki derweze on iki dürdendi, ýagny her derweze bir dürden ýasalypdy. Şäheriň köçesi dury çüýşe ýaly sap altyndandy. Bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr. Şäheriň özüni ýagtylandyrmagy üçin, Günüň ýa-da Aýyň geregi ýok. Çünki Hudaýyň ýalkymy ony ýagtylandyrýar. Guzy hem onuň çyrasydyr. Milletler şäheriň yşygynda gezer. Dünýäniň patyşalary şöhratlaryny bu ýere getirer. Şäheriň derwezeleri günuzyn ýapylmaz. Hawa, ol ýerde gije bolmaz. Milletler şöhrat hem baýlyklary bilen oňa geler. Oňa hiç bir hapa zat, ýigrenji we galp işler edeniň hiç biri girmez, diňe atlary Guzynyň ýaşaýyş kitabynda ýazylanlar girer. Perişde maňa şäher köçesiniň ortasynda Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykýan bulgur ýaly dury ýaşaýyş suwunyň derýasyny görkezdi. Derýanyň iki tarapynda on iki hili miwe öndürýän, her aý miwesini berýän ýaşaýyş agajy bardy. Agajyň ýapraklary milletlere şypady. Indi hiç zat gargyş astynda galmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty şäherde bolar. Bendeleri Oňa gulluk eder. Onuň ýüzüni görer, maňlaýlarynda Onuň ady bolar. Indi gije bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de Günüň nury gerek bolar. Reb Hudaý olara yşyk bolup, olar ebedilik höküm sürer. Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ynamlydyr, çyndyr! Pygamberleriň ruhlarynyň Hudaýy Reb, şu ýakynda boljak wakalary Öz gullaryna bildirjek bolup, perişdesini ýollady». «Ine, basym gelýärin! Bu kitabyň weli sözlerini berjaý eden bagtlydyr!» Bu zatlary eşiden, gören men, Ýahýa. Bulary eşiden, gören mahalym men bulary özüme görkezen perişdä sežde etjek bolup, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Beýle iş etme! Men seniň, seniň pygamber doganlaryň bilen bu kitabyň sözlerini berjaý edýänleriň ýoldaşydyryn. Hudaýa sežde et!» Onsoň maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň weli sözlerini möhürleme. Çünki garaşylan wagt ýakyndyr. Erbetlik eden ýene erbetlik etsin, hapa bolan hapalygynda galsyn. Dogry adam ýene dogrulyk etsin. Mukaddes-de mukaddesligine galsyn». Ine, basym gelýärin! Berjek sylaglarym ýanymdadyr. Her kese etmişine görä hak bererin. Alfa we Omega, ilkinji hem ahyrky, başlangyç we soň Mendirin». Ýaşaýyş agajyndan iýmitlenme hakyny almak, derwezelerden geçip, şähere girmek üçin, Onuň tabşyryklaryny berjaý edenler bagtlydyr! Itler, ýagny jadygöýler, zynagärler, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, işlerini ýalan bilen ýöredenleriň bary daşarda galar. «Men ― Isa, imanlylar ýygnaklaryna degişli bolan bu güwäligi size ýetirsin diýip, Öz perişdämi ýolladym. Men Dawudyň kökünden we neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!» Ruh we gelin: «Gel!» diýýär. Her eşiden «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn. Bu kitabyň weli sözlerini eşiden kişä duýdurýaryn! Biri bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuň jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar. Eger-de biri bu weli kitabyň sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalan ýaşaýyş agajyndan, mukaddes şäherden oňa ýeten paýy yzyna alar. Bularyň ählisine güwälik edýän: «Hawa, basym gelýärin!» diýýär. Omyn! Gel, ýa Reb Isa! Rebbimiz Isanyň merhemeti ähliňiz bilen bolsun. Omyn!